17:54 Çykyp gitdiñ... | |
ÇYKYP GITDIÑ...
Çykyp gitdiñ ykbalymdan sogurlyp, Päk yşgymyñ çamalagyn çaşyrdyñ. Arzuwlarmy umytlarmy depeläp, Durmuşymy, ykbalymy çagşatdyñ. Gitdiñ! Geljegiñe galmady umyt, Emma ham tamalar kalbym gemirýär. Ýeke wagtyñ ýoldaş bolan bu kalbym, Seniñ üçin bir kesege deñmi ýar? "Ýar" diýdim, Diýmeklige hakym ýok indi. (Özgelere berensiñ-le hakymy). Gitdiñ, gelmeklige miltem edäýme. Öz ugruna gitsin durmuş akymy. Gaharjañdyñ! Nädeýin, gaharly gitdiñ. Seret yşgymyzyñ düşen halyna, Söýgümiziñ gülleri süllerip otyr, Arzuwlarmyz boýun egdi salgyma. Hoşlaşdyk! "Hoş" sözün diýdiñ säginmän. Aýrylyşdyk, ýazyñ güni guşlukda. Indi bir-biregi görmedik bolýas, Sebäp ýüreklermiz aradaşlykda. Aýsapar EMELOWA. | |
|
√ Nädip ýaşamaly?! / Goşgular - 13.01.2024 |
√ Soňky sonet / Goşgular - 10.07.2024 |
√ Ajymdan öldüm / Goşgular - 11.06.2024 |
√ Puluň başarnygy barada agymtyl goşgy / Goşgular - 10.01.2024 |
√ Dünýa hakda / Goşgular - 29.06.2024 |
√ Darkaşnama / Goşgular - 28.05.2024 |
√ Ene gudraty / Goşgular - 01.07.2024 |
√ Pilmahmydyň ölümi / Goşgular - 30.05.2024 |
√ Ganyp dolup / Goşgular - 29.05.2024 |
√ Içgepletme / Goşgular - 12.05.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |