DELIDEN AŞGABADA SALAM!
■ SÖÝGI BINALARYNA SEŽDE
Hindistanda söýginiň hatyrasyna bina edilen birnäçe aramgähleriň bardygy okyjylarymyza aýandyr. Haýdarabatda Muhammetguly Kutub şa Türkmeniň öz aýaly, Bagmatynyň hormatyna gurduran Çar minarasy, mogol şa aýaly Hajy Begimiň öz adamsy Humaýunuň şanyna gurduran kümmeti, Agrada Şajahanyň öz söýgüli ýary Mumtaz Mahalyň üstüne guduran Täçmahaly – söýginiň hatyrasyna bina edilen, köşkler hasap, edilýär. Söýginiň hatyrasyna gurlan binalaryň içinde aýalynyň ärine wepalylygynyň subutnamasy hökmünde gurlan – Humaýunuň aramgähi hem özboluşlylygy bilen tapawutlanýar.
Pajygaly ýagdaýda aradan çykmagy bilen, öz maşgalasynyň ýüregine ot beren Humaýuny Deli şäheriniň içinde, Ýamuna derýasynyň kenarynda depin edýärler. Humaýunuň aýaly Hajy Begim öz adamsyna bolan söýgüsiniň hatyrasyna hindileriň keramatly derýasynyň kenarynda bir ajaýyp, mawzoleý gurdurmagy ýüregine düwýär. Onuň bu teklibini özünden soňra tagta çykan mogol hökümdary goldaýar. Munuň üçin Humaýunuň ogly, tagt mirasdary gerek bolan maliýe çykdajylaryny gaýgyrmandyr.
Humaýunuň kümmeti mogollar tarapyndan Hindistanda gurdurulan ilkinji bina hasap edilýär. Taryhy maglumatlaryň söhbetine görä, bu bina 1571-nji ýylda gurlupdyr. Onuň baş binagäri eýranly Mürze Kyýasdyr. Eýranly baş binagär Humaýunyň mawzoleýini guranda Merkezi Aziýa hökümdarlarynyň çarbaglarynyň biçüwi esasynda köşkden, miweli agaçdan, saýaly bagdan (çemenlikden) we gülzarlykdan (bossandan) bolmagyny göwnejaý hasaplapdyr. Hut şol esasda hem Delide Babyryň ýetişdiren Çarbagy aramgähiň guruljak ýeri hökmünde saýlanyp alnypdyr. Binagär arämgähiň umumy görnüşinde we gurluşygynda Gurhanda ýatlanylýan Erem bagyny hyýaly esasda görmek isläpdir. Şonuň üçin bu ýerde baglara, serhowuzlara, güllere aýratyn ähmiýet berlipdir.
Binanyň durky gyzyl we ak mermer daşlardan ýylmanyp gurlupdyr. Ussat binagär mawzoleýiň gurluşygynda ilkinji gezek Merkezi Aziýada häsiýetli bolan iki gat gümmezli gurluşyk däbini ulanypdyr. Ol guburhananyň basgançaklaryny diwara berkidip, aramgähiň аrka tarapy ak mermer bilen jähekläpdir. Ol bolsa merkezi gümmeziň gelişigini hasam artdyrýar. Mawzoleýiň interýeri, aýratyn hem goşa gümmezleriň görnüşi täsindir. Ol ýerdäki biri-biri bilen sazlaşyp gidýän deň agramly geometirik şekiller haýran galdyrýar. Binagärçilik sungatynyň kämil eseri bolan Humaýunyň mowzoleýi häzir jähankeşdeleniň köp gelim-gidimli ýeri.
Kümetiň içinde Babyryň nesillerine degişli başga-da, 11 sany gubur ýerleşdirilipdir. Beşruddin Ahmediň berýän maglumatyna görä, mawzoleýiň içinde Humaýunyň aýallary Hajy Begimiň, Hamyda Banu Begimiň, Şajahanyň ogly Daro Şikonyň, mogollaryň soňky hökümdary Jahandar şanyň, Alamgir II-niň, Bahadyr II-niň hem mazarlary bar bolmaly. Magol nesilşalygynyň iň soňky şasy Bahadyr şa Zafar iňlis aňtawçylaryndan janyny halas etmek üçin, iň soňky demde özini şu kümmetiň içiňe atýar. Hut şol ýerde-mogollaryň iň mukkaddes saýýan ýerinde-de onuň üç sany şazada ogluny asyp öldürýäler. Şunlukda 1857-nji ýylda bu ajaýyp kümmet mogol nesilşalygynyň dargamagynyň gözli şaýady bolýar.
■ ÝEDI GUDRATYŇ BIRI - TÄÇMAHAL!
Özüniň tutýan meýdany, boýunça dünýäde ýedinji, ilat sany boýunça ikinji orny eýeleýän Hindistany bir hepdäniň ýa-da aýyň içinde synlap çykar ýaly däl. Ýurduň çäginde UNESKO tarapyndan ykrar edilen 27 sany dünyä gymmatlyklarynyň hatarynda tanalýan mirashanalar bar. Biz Deli şäherine gezelenjimizden soň, ýurtda iň uly welaýatlaryň biri bolan Uttar Pradeşe tarap ýola düşdük. Häzir biziň ülkämizde gyş paslynyň dowam edýändigine garamazdan Hindistanda ýaz pasly öz hökümini ýöredýän eken. Deliden Agra tarap ugur alan otlynyň içinden daş-töweregi synlap barýarys. Göm-gök öwsüp oturan palma, banan, bambuk agaçlarynyň tokaýlyklarynda, şaly ekilen meýdanlarda gözüň eglenýär. Jepakeş hindi daýhanlary' meýdanlarda gydyrdanyp işleşip ýörler. Kimsi ýer kätmenleýär, kimsi seňňerler tutup şaly ýetişdirýär.
Dünýäde gözelligiň bakydygyny Ýer ýüzüne buşlap oturan birnäçe ajaýyp, kaşaň binalar bar. Ýedi yklyma görk berip, şugla saçýan şol gözellikleriň iň naýbaşylarynyň içinde hindi halky tarapyndan «söýginiň binasy» diýlip atlandyrylan Täçmahala sežde etmek, onuň ak mermere beslenen roýuny synlamak hemmeleriň köňül küýsegi bolsa gerek. Hindistanda 180 ýyllap dowäm eden, türki halklar tarapyndan esaslandyrylan mogollaryň hökümdarlygy döwründe gurlan syrly Täçmahaly wasp edenleriň kimsi oňa «Gündogaryň solmaýan düri» diýse, ýene biri «Söýginiň we hasratyň binasy», ýa-da «Daşlardaky poema» diýip atlandyrypdyr.
Çyn söýginiň hatyrasyna gurlan Täçmahalyň dünýä inmeginiň täsin ykbaly bar. Mogol hökümdarlygynyň ýaş şazadasy Hurram (Şajahanyň oglanlykdaky ady –B.Ç) döwlet işgäriniň gyzy Arjumanad Banu Begim atly gyza aşyk bolýar. Şazada Hurram Aý jemally Arjumanady külli älem gözelliklerinden zyýada görüpdir. Her günde on bäş dürli lagl-merjenli, göwher-dürli, ýüpek-parçaly eşigiň içinde on dokuzyň ýazyny ýazlaýan Arjumand bilen ýaş şazadanyň nika toýunyň dabarasy Hindistandan aşyp, türki, arap, ajam ülkelerine ýaýrapdyr. Ýaş juwanlaryň toý dabarasy wagty Hurramyň kakasy Mogol hökümdary Jahangir öz gelniniň adyny mundan beýläk Mumtaz Mahal (Köşgüň bezegi) diýlen derejäniň berilýändigini yglan edipdir. Şol döwürde Hindistanda 12 ýyllap ýaşan fransuz lukmany, filosof we syýahatçy Fransua Bernýe ýaş çatynjalar barada öz ýazgylarynda «Şajahan öz ýaş gelniMumtaz Mahaly şeýle birgowy görýärdi, ol başga bir zenana ünsem bermeýärdi. Ýogsa onuň Gündogaryň beýleki hökümdarlarynyňky ýaly uly haremhanasy-da bardy» diýip belleýär. Hökümdarlygyň tagtyna geçen Şajahan özüniň çylşyrymly döwlet işlerinde wepaly aýaly Mumtaz Mahalyň goldawyna daýanypdyr. Ömürboýy birek-birekden aýrylyşmazlygy şertleşen Şajahan we Mumtaz Mahal her ädimde bile bolupdyrlar. Hatda käbir taryhy maglumatlarda Mumtaž Mahalyň Şajahan bilen harby ýörişlere-de gatnaşandygy dogrusynda bellenilip geçilýär.
Bir gezek ýurduň Dekkan ülkesiniň emirleri ýaňy tagta çykan Şajahana garşy gozgalaň turuzýarlar. Şajahan agyr goşun çekip, uruş etmeli bolýar. Gandöküşikli uruş uzaga çekip, teý ahyry Şajahan gozgalaňy basyp ýatyrýar. Ýöne Şajahan bu gezek Agra ýeke dolanmaly bolýar. Onuň söýgüli aýaly ýolda on dördünji çagasyny dogrup, Şajahanyň elinde bu pany bilen hoşlaşýar.
Mumtaz Mahal şum ajalyň ýetip gelýänini duýan ýaly, süýji ömrüniň iň soňky pursatlarynda öz ýaryna wesýetlerini aýdyp ýetişipdir. Ol şonda ärine: «Eger maňa bolan söýgiň çyn bolsa, menden başga aýal alma we söýgümiziň şanyna meniň mazarymyň üstüne dünýäde taý tapylmajak owadan aramgäh gurdur!» diýipdir.
Mumtaz Mahalyň aradan çykmagy Şajahana agyr urgy bolupdyr. Ol mährem aýalynyň jesedini ýolda Burhanpur şäheriniň golaýynda jaýlapdyr. Ýöne ýarym ýyl geçenden soň, Mumtaz Mahalyň gubury onuň wesýeti boýunça bina boljak aramgähiň ornuna, Jamna derýasynyň kenaryna göçürilip getirilipdir. Şol wagt Şajahan öz aýalynyň şanyna kaşaň aramgähi gurmakda binagärleriň arasynda bäsleşikyglan edipdir. Bäsleşige biri-birinden kämil, biri-birinden kaşaň ýüzlerçe taslamalar gelip gowşupdyr. Taslamalaryň awtorlarynyň käbiri aramgähi sap agaçdan gurmagy maslahat berse, kimsi diňe gyzyl çaýylan dürli görnüşli gümmezli, birnäçe diňli binalaryň nusgalaryny hödürläpdirler.
Şajahanyň göwnüniň küýsegi boýunça saýlanyp alnan iň ajaýyp taslama Mogollar hökümdarlygynyň gaznasyndan 90 million rupiýany harj etmegi talap edipdir. Taslama bäsleşiginde ussa Isa Hanyň (Ussa Isa Muhammet Ependi) işi üstün çykyp, hut şonuň ýolbaşçylygynda hem alnyp barylypdyr. Käbir taryhy maglumatlarda bolsa, onuň baş ussasy Delide gurlan «Gyzyl gala» köşgüniň awtory Ustad Ahmed Lahory diýip aýdylýar. Onuň gurluşygyna Fransiýadan Ostin de Bordo, Wenesiýadan Wereneo ýaly dünýä belli bezegçiler hem gatnaşypdyr. Özüniň owadan, wepaly aýaly üçin hiç harjy gaýgyrmadyk Şajahan arzuw eden binasynyň boýunyň ýetenini görmek üçin 22 ýyla golaý wagt garaşmaly bolupdyr.
Baýramgeldi ÇARYÝEW.
«Watan» gazeti. 26.01.2008 ý.
№12 (11256)
Ýol ýazgylary