DELIDEN AŞGABADA SALAM!
DELI HINDISTANYŇ DERWEZESI
– On bäş million töweregi ilaty bolan Deliniň howasyndan dem alyp ýörkäň dünýäniň iň gadymy, taryhy bir şäherine gelip düşendigiňi her ädimde duýmaly bolýarsyň. Bu gadymy şäher dörediji adamlaryň mekany, akyldarlaryň jümmüşi, belli hökümdarlaryňguran şäheri hökmünde täsinlikleri öz gujagyna gysyp otyr. Dogrusy, Hindistanyň taryhy paýtagtynyň goýny türkmen üçiň ýat däl diýen ýaly. Çünki bu şäheriň giň goýny batyrlygyň, döwlete, goşuna, ýolbaşçylyk etmegiň ýokary ussatlygyny görkezen, söweşlerde diňe ýeňiş gazanyp, «Hanlaryň hany» diýen döwlet derejelerini göteren beýik türkmen serkerdeleriniň, ussat şahyrlarynyň, akyldarlarynyň, dilçi alymlarynyň ýaşap öten, tagt diken ýerleri. Bu şäheri binýat etmekde türkrmen ogullarynyň goşantlarynyň, hyzmatlarynyň bimöçber bolandygy, sende buýsanç duýgusyny döredýär.
Taryhçylar Deli şäheriniň 5 müňden gowrak ýaşynyň bardygyny we onuň ýedi şäherden ybaratdygyny ýazýarlar. Onuň iňi gadymy ady «Mahabharata» eposynda «Iridraprastha» diýlip atlandyrylýar. Indraprastha şäheri gadymy Pandaw nesilşalygynyň paýtagty bolupdyr. Baryp daş asyrynda düýbi tutulan şäher öz adyny birnäçe gezek üýtgetmeli bolupdyr. Wagtyň geçmegi bilen bolsa, bu gadymy şäheriň daş-töwereginde rajputlaryň guran döwletiniň Lalkot atly paýtagt şäheri peýda bolýar. Edilşol şäheriň ýerinde, bolsa Kutubuddin Aýbek XII asyryň başlarynda özüniň Kutub (Ýeňiş) minarasyny we Merkezi Aziýa binagärçiligine mahsus bolan beýleki binalaryny gurdurýar. Ana şol ýerden türkmen ýeňijileriniň täsin şäheri gurlup, ÖZ çägini giňeldip başlaýar. Soňra Siri, Togalakabat, Jahanpena, Firuzabat, Şajahanabat ýaly şäherler peýda bolýar. Taryhyň dürli döwürlerinde peýda bolan Togalakabat, Jahanpena, Firuzabat ýaly şäherleriň bolsa türkmenler tarapyndan gurlandygy buýsandyryjydyr. Häzirki döwürde 1 milliard 200 milliona ýakyn ilatly ýurduň paýtagtynyň 1300-den gowrak gadymy ýadygärlikleri, ajaýyp arhitektura eserleri bar diýýärler. Diňe Deli şäheriniň özünde birnäçe türkmen soltanlarynyň mübärek mazarlary, ajaýyp sungat eserlerine öwrülen köşkleri, Iltutmuş soltanyň, onuň gyzy Razyýa hanymyň, onuň şazadaogly Soltan Garynyň, Alauddin Halajynyň, Abdyrahym hanyň we başga-da birnäçe şahsyýetleriň aramgähleri bar.
Türkmen adam şahsyýetini hormatlamagy ýigidiň esasy sypaty hasaplaýar. Hut şundan ugur alybam, biz türkmen şahsyýetleriniň mazarlaryna zyýarata barmakdan başladyk. Magtymguly Pyragynyň:
– Hak söýüpdir Aly deýin welisin,
Gadym setdir yzzat etmek ulusyn–
diýip belleýşi ýaly, welileriň, pakyr-bendeleriň depin edilen ýerlerine zyýarat etmek türkmen adatynyň möhüm talaplarynyň biri. Bu diňe türkmeniň gadymy adatynda däl, eýsem, musulmançylyga görä-de Muhammet pygamberiň gabyrlara zyýarat edenligine görä –sünnet hasaplanypdyr.
Kükregi ýere degmedik türkmen serkerdeleriniň, talantly ussalarynyň, saýrak dilli 3 şahyrlarynyň, möminleriniň sessiz-sedasyz ýatan mazarlarynyň başynda oturylyp, ruhlaryna degsin edip, doga-dilegler edildi. Türkmen mazarynyň başynda aýdylan rähmet senasy bolsa, göwnüňe aram berýär. Ruhuňa ruh goşýar, o dünýe bu dünýe baradaky pikirleriňi saýhallaýar. Dogrusy, sen türkmen bolup, gaýry ýurtda, gaýry topraga duwlanyp ýatan türkmen mazaryna seždä barsaň, üýtgeşik duýgulary başdan geçirýän ekeniň.
Şu ýerde men aýratyn bir zada okyjynyň ünsüni çekesim gelýär. Hindistanda Mogol nesilşalygynyň düýbüni tutan Muhammet Zahyreddin Babyr özüniň «Babyrnama» atly eserinde Deli şäherine baryp, ilki bilen türk asylly pir Nyzamuddin Öwliýäniň mazaryna, Kutubuddin Aýbegiň guran ýädygärliklerine, türkmen soltanlary Kyýasuddin Balabanyň, Alauddin Halajynyň mazarlaryna birin-birin aýlanyp, zyýarat edendigini ýazýar. Muhammet Babyryň özi gaýry milletiň wekili bolsada, ilki döwlet gurmagyň başyny türkmen mazaryna maňlaý diremekden başlandygyny nygtasym gelýär.
Biziň pikirimizçe, öz döwründe bu ýerlere beýik akyldar şahyrymyz Magtymguly hem seýil eden, seždä gelen bolmagy mümkindir. Eger şeýle bolsa, onda ol özüniň:
– Neýleýin sepil gezip, Hlndistanym bar
meniň –
diýen goşgy setirlerini, megerem, hut şu binalardan täsirlenip döredendir.
Delide türkmenler tarapyndan esaslandyrylan Deli soltanlygynyň mimarçylyk sungatynyň ilkinji sungat eserler toplumy Kutub minara we onuň daş-töwereginde gurlan ajaýyp desgalar özboluşlylygy bilen aýratyn tapawutlanýar. Gadymy galanyň derwezesinden ätläniňden seni türkmen ruhy gurşap alýar. Biz ata-bababalarymyzyň guran gadymy binalarynyň, köşgi eýwanlarynyň diline, ruhuna çalt uýgunlaşdyk. «Seljuk däbi esasynda gurlan desga» diýlen ýazgyny okap, diýseň buýsandyk. Mermer daşyň ýüzüne oýulyp ýazylan şol ýazgyny bu ýere gelen her bir kişi okap, taryhda türkmen seljuk gurluşyk däbiniň ýörgünli bolandygyna magat göz ýetirýär. Başlaryny ýaýkaýar. Olardan kimdir biri belent minaranyň uzyn boýuny synlap durşuna «Neneňsiägirt!» diýse, beýleki biri:
–Aperin! Şöhrat seniň ussadyňa!– diýip,daşyndan seslenenini duýman galýar.
Bu ýere gelen türkmen balasy bolsa, ata-babalarynyň mundan ýedi asyrdan öň daşlaryň ýüzünde goýup giden sungat eserlerine siňňin-siňňin seredýär. Elleri bilen sypalaýar. Soňra daşlaryň ýüzünde birwagtky başarjaň binagäriň seljuk däbine eýerip, gudrat görkezip bilendigine buýsanýar, öz ýanyndan «Wagtyň–müňýyllyklaryň yzalaryna döz gelen beýik binany özünden soňky nesillere goýmagy maksat edinen ussada: «Şöhrat seniň aslyňa!» diýýär.
Wagtyňam, weýrançylyklaryňam türkmeniň gurduran minarasynyň belent hem dik başyny peseldip bilmändigine şükür edýär.
Dogrusy, biz Kutub minaranyň we onuň daş-töwereginde gurlan taryhy binalaryň gyzykly söhbedine, ata-babalarymyzyň ruhy we akyl genji-hazynasynyň gatlaryna siňip gidenimizi duýman galdyk. Has owsunjy, has imrindiriji hekaýatlaryň sapagy bolsa şol çöşlenip gidip otyr. Görogly beg türkmeniň Gyraty bilen uçup geçen galasyny ýatladyp duran berk diwarly galanyň içinde üç türkmen soltanynyň guran toplumlaýyn desgalary bolsa çar baglaryň içinde seleňläp dur. Biri-birinden täsirli, teswir edip oturmaly gözel taryhy ýerler.
Ynha-da, milletiniň dertlerine derman, mertebesini belentde saklan, öz döwründe Gur soltanyndan rüstem gelip, Kutbuddin (diniň sütüni) derejesine eýe bolan Aýbegiň gurduran Kutub minarasy! Beýik ýeňşiň hatyrasyna gurlan diň! Orta asyr ussalarynyňHindistandaky gurluşyk sungatynyň iň bir naýbaşy nusgasy bolan minara! Birwagtlar ylmyň we diniň meşhur kişileriniň ençemesiniň ýetişdirilen ýeri Kuwwat ul-Yslam metjidi! Iltutmuşyň baky aram tapan aramgähi! Alaud-din Halajynyň gurduran medresesi! Alymlaryň gyzykly söhbet guran, şahyrlaryň şygyr ýaryşyny geçiren ýerleri. Tutuş Gündogara meşhur bolan Emir Hysrow Dehlewi ýaly şahyrlaryň, pähimli adamlaryň ýetişen ýerleri. Dogrusy, munuň ýaly sungat eseri jemgyýetiň terjimehalydyr. Has takygy, şol döwrüň sungatynyň we ylmynyň ýeten üstünlikleriniň düýp manysydyr. Türkmen medeniýetiniň Hindistana aralaşmagynyň we ýaýrawynyň netijesinde emele gelen şunuň ýaly beýik eseriň öňünde durkaň, seriň asmana ýeten ýaly bolýar eken.
Deli türkmenleriniň soltanlygynyň düýbüni tutujy Kutubuddin Aýbegiň hormatyna atlandyrylan Kutub minaranyň beýikligi ilkibaşda 72,5 metr bolupdyr. Bu minara jemi bäş gatdan ybarat bolup, onuň birinji gaty Aýbegiň döwründe gurlupdyr. Beýleki üç gatynyň gurluşyk işleri bolsa onuň tagt mirasdüşeri, giýewsi Iltutmuşyň döwründe alnyp barlypdyr. Deli soltanlygynyň düýbüni tutuja bu minaranyň boýunyň ýetenini görmek miýesser etmändir. Ol 1210-njy ýylda çowgan oýnuny oýnap ýörkä, atdan ýykylyp aradan çykýar.
Gözellik jähtden, many-mazmun taýdan Hindistanda taý tapylmadyk minaranyň gurluşygyna Şemseddin Iltutmuş Horasandan, Merkezi Aziýadan, Gurdan we Eýrandan mimarçylary, ýerli daş örüjileri, ökde ussalary çagyrypdyr. Beýik medeniýeti gurujy Iltutmuş sungatyň bu özboluşly görnüşine göwünjeňlik bilen howandarlyk edýär. Şunlukda, hindi dünýäsinde yslam medeni ojaklaryň giden bir tapgyry emele gelýär. Bu binagärçilik toplumynda mimarçy ussalaryň uly topary işläp, öz döwürdeşleriniň aklyny haýrana getiren we häzirki döwrüň nesillerini häli bu güne çenli geň galdyryp gelýän eserlerini döredipdirler.
Kutub minaranyň jemi 378 sany içki basgançagy bolup. onuň her gatynyň çykalgasy (balkony) owadan nagyşlar we harplar bilen jäheklenipdir. Minaranyň ýüzüne oýulyp ýazylan ýazgylar häzirki döwürde erbet ýagdaýda bolup, onuň diňe dördünji gatyndaky ýazgylary okamak bolýar.Onda «Bu binanyň gurluşygy Türküstanyň, Arabystanyň we Eýranyň patyşalarynyň patyşasy, beýik şalaryň şasy Iltutmuşyň döwründe alnyp baryldy» diýen ýazgylar bar.
XIII asyryň 80-nji ýyllarynda ýaşan meşhur türkmen şahyry, sopy Emir Hysrow Dehlewi özüniň «Ýyldyzlaryň duşuşygy» diýen taryhy poemasynda bu ajaýyp minaranyň keşbini şeýle suratlandyrýar: «Bu ajaýyp minaranyň iň ýokarky gatynda seždegäh meýdany bolup, onuň üçegi sap gyzyl bilen çaýylypdyr». Ýöne 1378-nji ýylda güýçli ýyldyrym çakmagy zerarly Kutub minaranyň iň ýokarky iki üçegi zyýan çekipdir. Tebigy betbagtçylyk döwründe Deli soltanlygynyň soňraky hökümdary Firuz şa Togalak bu minaranyň käbir zeper ýeten ýerlerini dikeltmek barada alada edipdir.
Kutub minaranyň golaýynda uzynlygy 6 metrlik poslamaýan demir diňi howalanyp dur. Bu demir minarasy 1500 ýyl mundan öň hindi patyşasy Wikramaditin tarapyndan gurlupdyr. Onuň çür başynda bolsa şol wagtky döwletiň baş nyşany lotus gülüniň şekili ýerleşdirilipdir. Demir minarasynyň golaýyna barsaň, üýtgeşik ses eşidilýär.
Deli soltanlygyna 26 ýyl baştutanlyk eden Şemsuddin Iltutmuşyň (1211-1236) «Ahyrýet öýi» Kuwwat ul-Yslam metjidiniň demirgazyk böleginde ýerleşdirilipdir. Kümmetiň süňňüne siňdirilen türkmen halysynyň nagyşlary, dini häsiýetli ýazgylar şu güne çenli saklanyp galypdyr. Guburhananyň gyzyl we ak mermerlerden gurlan içki diwarlarynyň bezeginde türkmen halysynyň nagyşlary bilen dini häsiýetli ýazgylaryň sazlaşygy aklyňy haýran edýär. Durşuna nagyşlar bilen haşamlanan diwaryň ýüzlerini elleseň, ak şirmaýy darak ýaly ýylmanajyk. Gyzyl we ak mermerleriň biri-biri bilen utgaşmagynda emele gelen amaly-haşam sungatynyň gözellik kanunlarynda bolsa seljuk türkmen gurluşyk däpleri höküm sürýär.
Iltutmuş akylly-başly edermen hökümdar bolmak bilen, döwürdeşleriniň arasynda iň hormatlanylýan soltan hökmünde taryha giripdir. Onuň döwründe Deli soltanlygy ösüp barýan begzada gurluşyň şertlerinde «umumy musulman» esasda medeniýet, şeýle hem ýerli esasda özboluşly äheňde täze maddy, çeper we ruhy baýlyklaryň birnäçesi döräpdir. Bu döwürde Deli soltanlygynda özüniň sopuçylyk taglymatlary, şahyrçylyk we ylmy eserleri bilen tanalan, asly türki kowmundan sopular Kutubuddin Bagtyýar Kaky, Nyzamuddin Öwliýa (1236-1325ý.), şahyr Emir Hysrow Dehlewi, taryhçy Nureddin Muhammet Awfy Merwezi (1172-1233ý.) dagylar we başgalar özleriniň daş ýarýan zehinleri bilen tutuş Gündogarda tanymallyga ýetişipdirler.
Baýramgeldi ÇARYÝEW.
«Watan» gazeti. 17.01.2008 ý.
№8 (11252)
Ýol ýazgylary