18:16 Durnalary hemdem bolar hemişe... | |
DURNALARY HEMDEM BOLAR HEMIŞE...
Edebiýaty öwreniş
Türkmeniň nusgawy edebiýatynda durna bilen baglanyşykly gyzykly hem täsin wakalara köp duş gelinýär. Türkmen dessanlarynda, ertekilerinde «gök üstünden habar getirýän guş» hekaýatyň soňunyň gowulyk bilen gutarmagyna oňaýly täsir edýär. Ýa-da olar arzyly salamlary adamlara gowşurýar. Durnalar bilen baglanyşykly, türkmen halk aýdymlary ýüregiňe aram, köňüllere joşgun berýär. Halk arasynda durna köplenç, «köňüllere ylham berýän guş», «ýazyň, güýzüň-jarçy», «ilçi guş» diýen ýaly atlar berilýär. Kellesi, ganatlarynyň ujy, boýnunyň bir bölegi gara reňkde bolan bu guşuň başyndaky uzyn jygasy, telleri oňa hasam gelişik berýär. Onuň ganatlarynda gözegelüwli mawy, gyrmyzy, ýaşyl reňkli perleri bardyr. Ol ýylda bir gezek 3 iki sany ýumurtga basýar. Ata-babalarymyzyň irki medeni durmuşynda, ruhy ynançlarynda öküz, at, möjek, keýik, goýun ýaly haýwanlar, bürgüt, humaý, bilbil, gögerçin, leglek ýaly guşlar uly orun alypdyr. Şol janly-jandarlaryň arasynda durnalaryň özboluşly tutýan orny bardyr. Durnanyň türkmen nusgawy edebiýatynda çeper-bezegi amaly-haşam sungatynda türkmen ýer-ýurt atlarynda hem orun alandygyny aýtmalydyrys. Dilçi alym S.Atanyýazow «Türkmenistanyň, toponimik sözlügi» atly kitabynda Baýramaly etrabynda «Durnaly» atly bir galanyň bardygyny, galanyň töweregindäki suwa durnanyň köp geleni üçin, onuň seýle at alandygyny ýazypdyr. Şeýle hem ol özüniň. «Türkmen diliniň sözköki sözlügi» atly kitabynda «durna» sözüniň özenine anyklama berýär: «Durna – batgaly, suwly ýerlerde ýaşaýan bu guşuň ady türki we mongol dillerinde şeýle görnüşlerdedir: durna (türkmen, azerb.), turna (garaçaý, gumuk, nogoý, türk, uýgur, özbek, hakas), torna (tatar), turuna (gyrgyz), tyrna (garagalpak), durýana (tywa), turag (mongol), turug (galmyk), turuja (tungus, manjur) we ş. m. Guşuň bu atlary onuň çykarýan sesi bilen baglydyr. Bu sese garagalpaklar «tyrry-tyrryý», tatarlar «toryýk-toryýk» ýaly terzde öýkünýärler. Guşlara degişli ylmy çeşmelerde bolsa, durnanyň saýraýşy «tür-türrr» ses meňzetmesi arkaly berilýär». Anadoly türkmenleriniň arasynda durna bilen baglanyşykly obalaryň, kölleriň atlaryna köp duş gelinýär. Käbir türkmen haly-kilimlerinde bolsa, «durna aýak», «durna göz», «gaz aýak», «ak guw», «ak nagyş» ýaly nagyşlara duş gelinýär. Taryhy maglumatlara görä, Altaýda Noinulin depesinde gazuw-agtaryş işleri geçirilende tapylan bir oguz-hun halyçasynda dürli guşlaryň şekili çekilipdir. Hunlaryň gadymy keçe halyçasynyň gyrasynda şekillendirilen guşlar olaryň ýaşaýyş-durmuşyndan habar berýär. Taryhy ýazuw çeşmelerde ýazylyşyna görä, durna köplenç «Taňry habarçysy» diýlip, oňa belli bir döwürde keramatly guş hökmünde garalypdyr. Şeýle hem bedeni terk eden ruhy gaçyryp, oňa uçmaga hemaýat eden guşa oguzlarda «Taňry guşy» diýipdir. Yslam dinine çenli ynançlarda ölümden soňky ruh bir päk guşuň (humaý, durna) ganatlaryna ýüklenýärmişin. «Gorkut ata» eserinde hem janalgyç Ezraýyl al ganatly suratlandyrylýar. (Däli Domrul aýdar: – Mere al ganatly Ezraýyl senmi sen? – diýdi). Ibn Fadlan hem öz ýazgylarynda Gurhanyň Gök Taňrynyň töweregindäki bir ylahy guşdugyny belleýär. Gadymy ynançlarda «erbet ruhlardan goraýan mukaddes guş» diýlip düşünilen durnanyň perleri, ýelekleri şamanlyk, alplyk, döwletlilik, kuwwatlylyk, gyz gözelligi, niýet hökmünde giňden ulanylypdyr. Mysal üçin, Altaý türklerinde öz milli egin-eşiklerine durnanyň ýeleklerini dakmak däbi saklanyp galypdyr. Mahmyt Kaşgarly uýgur hökümdarlarynyň tuwulgalaryna bürgüt ýeleklerini dakýandyklaryny öz-eserinde ýazypdyr. Käbir ýazuw çeşmelerinde ýazylyşyna görä, yslam dininiň ýaýrap başlan döwürlerinde hem günbatarda ýaşaýan türki halklar başgaplarynda altyn suwy çaýylan durna we bügüt guşlarynyň perlerini mukaddeslik hökmünde dakynypdyrlar. Durna edebiýat meýdanynda köplenç, gyz gözelliginiň nyşany, ynsanlaryň ruhlaryny şatlyk bilen täzeleýän guş, aşyk-magşuklara kömege ýetişýän hökmünde suratlandyrylýar. Ýokarda belleýşimiz ýaly, guş ýelegi hökümdarlyk nyşany hökmünde hem giňden ulanylypdyr. Hindistanly türkmen şahyry we alymy Emir Hysrow Dehlewiniň (1253-nji ýyllar) «Togalaknama» atly eserinde ýazyşyna görä, türkmenleriň Deli soltanlygynyň baýdaklaryna tawus guşuň ýelegi dakylypdyr. Mahmyt Gaznalynyň döreden Gaznaly türkmen döwletini baýdagynda hem tawus guşunyň, Seljuk türkmenleriň baýdagynda bolsa goşa kelleli bürgüt guşunyň şekili bardyr. Taryhda belli bolşuna görä, meşhur türkmen şahsyýetleriniň arasynda Seljuk türkmenleriniň serkerdeleri Togrul we Çagry begiň we Osman türkmenleriniň döwletiniň düýbüni tutan Ärtogrul begiň ady hem bir guş adydyr. Türk taryhçysy Bahaeddin Ögeliň «Türk mifologiýasy» atly kitabynda ýazyp beýan edişine görä, Ýakudystan türklerinde guş ýelekli eşigi geýen şaman adatdan daşary bir ruhy güýje eýe bolýarmyş. Oguz türkmenleriniň irki ynançlarynda durmuşa çykýan gyzyň kellesine (gupbasyna) ýedi reňkden ybarat tawus guşunyň ýa-da ýaşylbaş ördegiň ýelegi dakylypdyr. Şol ýelekler gyzy bela-beterden, gözden-dilden gorasyn, durmuşa çykjak gyzyň alyn-bagty açyk bolsun diýen ýaly yrymlar bilen dakylypdyr. Mundan başga-da, türkmen ruhunyň daýançlary bolan symrugyň, humaýyň, durnanyň ýelegini dakynan gelin rysgal-berekede eýe bolýarmyş diýilýär. Belki, «tylladan jübüt jyga bardyr başynda», «gulpaklary zerewşandyr» diýen ýaly şahyrana sözlerem şondan gözbaş alyp gaýdýandyr. Halk arasynda durnanyň ter owazam mübärek, onuň köle, suwa inen, gonan ýeri hem mukaddes saýylýar. Amyderýa boýlarynyň adamlarynyň aýtmaklaryna görä, durna ir säherde bir tüýsli, agşamara hem bir tüýsli owaz edýär. Şeýle hem durnalar ir säherde hem-de Gün ýaşyp gelýärkä jübüt-jübüt bolup tans edýärler. Daýhanlaryň düşünjelerine görä, durna gonan bugdaý, arpa ýaly dänelik ekin ýeri bol hasyl eçilýärmiş. Üns berip, syn etseň, durnanyň özüni alyp barşam, gökde akylly-parasatly uçuşam düzgün-tertiplidir. Türkmen halky yrymyna görä, «Dumanyň ýolbaşçysyny atsaň, ýoldaşlary azaşyp ýörermiş. Durna atan adam uly günä gazanar» diýilýär. Şonuň üçin durnany nyşana almagam, ony gezip ýören ýerinden ürküzmegem, oňa duzak gurmagam günä saýylýar. Minaralaryň üstlerinde, jaýyň üçeklerinde höwürtgelän durnalaryň höwürtgelerini bozmak halanmaýar. Durna gökde «kyrruw-kyrruw» edip, hatar gurap uçup barýarka, diňe gowy niýet, dileg edilýär. Biz çagakak her baharda ýa-da güýzde durnalaryň derýa kenarlaryna maýsaly pellere gelerne kän garaşardyk. Olaryň hatar gurup uçup barýanyny görüp: «Durnalar, aýlanyň» diýşip gygyrşardyk. Şonda olar öz dillerindäki nagmalary aýdyp, üstümizden hökman bir öwrüm ederdiler. Biz durnalara garap: arzuwlarymyzy aýdardyk. Halk arasynda aýdylyp gelinýän: «Ak durnam-a ak durnam, Towça gözli gök durnam, Hatam taýa taý durnam-a, Biziň ilde gal durnam-a» diýen sanawajy sanardyk. Ýiti nazarly, synçy ata-babalarymyzyň aýtmagyna görä, bu haýyrly guş diňe sag tarapa öwrüm edýär, olar hiç-haçan çepe öwrüm etmeýärler. Özlerem ýaýaýyş terzi boýunça örän asuda we zyýansyz guş. Türkmende bu guşuň ady bilen baglanyşykly Durna, Durnagül ýaly adam atlaryna köp duş gelinýär. Durna. Edebiýat meýdanynda köplenç gyz gözelliginiň nyşany, ynsanlaryň ruhlaryny şatlyk bilen täzeleýän guş,aşyk-magşuklara kömege ýetişýän jandar hökmünde suratlandyrylýar. Biz muňa mysaly dessanlarymyzdan näçe diýseňem getirip bilerdik. Türki dilli halklaryň folklorynda ýat ýurda düşeni dogduk depesi, garyndaşlary we ýakynlary bilen baglanyşdyrýan habarçy guş – durnalardyr. Türkmen taryhyndan köp zady öz özenine siňdiren «Ýusup-Ahmet» dessanynda durnalaryň hyzmaty örän täsirli ulanylypdyr. Durnalar zyndanda oturan bendileriň ýadyna köp zatlary salmakdan başga-da, Ýusup begiň aýaly Gülhatyjadan hat hem getirýär. Gülhatyja peri öz derdi-halyny hata ýazyp, durnalaryň ganatyna berkidip, Mosul ýurduna Ýusuba salam iberýär. «Saýatly-Hemra» dessanynda Aşyk Ahmet Azerbaýjandaky durnalardan salam gönderýär. Ol: Durnam, gitseň Häzirbeýjan iline, Barsaň, näzli ýara salam diýgeý sen. Ýürek, bagrym bölek-bölek diline, Barsaň, näzli ýara salam diýgeý sen – – diýip, sözüni tamam edende, durnalar onuň üstünde döwre gurap aýlanýarlar. Garawullar bu ahwaly görüp, haýran bolup, biri-birine: «Bu kişi keramatly öwlüýä bolmasyn» diýişýärler. «Durnam gider bolsaň biziň illere» diýen ýaly setirlerde eseriň gahrymanynyň doglan oba-kendine gaýybana syýahat edip bolýar. Mysal üçin, «Görogly» şadessanynda şeýle diýilýär «Görogly eline sazyny alyp, şelpe kakyp başlady. Şol mahal asmandan bäş-alty sany durna göründi. Olar Hüňkaryň galasyndan Çandybile tarap ötüp barýardylar». Şeýle hem şadessanda Göroglynyň öz beglerini durna ýelegini getirmek üçin Bagdada ýa-da Bolu şäherine iberýän, gökden uçan bölek-bölek durnalardan Çandybiline habar ýollaýan pursatlaram gyzyklydyr. Şadessanyň bir ýerinde Öweziň başynda guş ýeleginiň bardygy barada ýa-da Göroglynyň öz elindäki durna peri barada hem çeper beýan berilýär. (Durndan göterdim peri, saňa gurban ýollar, Öwez!). Şu we beýleki edebi çeşmelerde mälim bolşy ýaly, türkmenlerde guş telini, ýelegini götermek däbi diňe bir gyz-gelinlerde bolman eýsem, erkek lybaslaryna – patyşalaryň, soltanlaryň, begleriň, begzadalaryň täçlerine, tuwulgalaryna, sellelerine hem dakylypdyr. Mysal üçin, «Görogly» şadessanynyň Pariž we Anadoly rowaýatynda «Seri durna tellim» ýaly setirlere gabat gelinýär. Mundan başgada XIV–XV asyrlara degişli bolan eserleri okap çeper bezegleri synlap, türkmen esgerleriniň hem jygalarynda guş tellerini göterendiklerini, derwüşleriň guş ýelekli donlary geýip halkyň içine çykandyklary dogrusynada beýanatlar berilýär. Türk taryhçysy A.Gölpinarlynyň «Welaýatnama» diýen eserinde ýazyp beýan edilşine görä, Hoja Ahmet Ýasawy (1105-1166) ýurduna baran ýedi welini durna ýelekli donuny geýip garşylapdyr. «Nejeboglan» dessanynda ýigitleriň kelleleri guş ýelekleri sanjylan altym jygaly gezendikleri dogrusynda birnäçe sahnalara duş gelýäris. Dessanda: «Elbent bagşy jygaly telpegi eline alyp syn etdi görse Nejep oglanyň jygasy ýaly däl». Ýa-da şol ýerde Elbent bagşy Nejebe ýüzlenip: «Seniň jygaň iki başly, Gel jygamyz alyşaly» diýip, bäş keleme söz aýdýar. Mukaddes guş saýylan durna bilen bagly türkmen aýdym-sazlarynyň ençemesi mälimdir. Olar şu günler hem halk arasynda bagşylar tarapyndan ýerine ýetirilýär. «Tilim guş tilidi suratym ynsan» diýýän Hakdan içen şahyrmyz Magtymguly Pyragynyň yşky hyruçlarda püre-pür goşgularynda guşlara köp orun berilýär. Durnalar barada edebi däp Ýunus Emräniň döredijiliginde hem giň orun tutýar. Orta asyr türkmen we Gündogar edebiýatynyň şahyrlarynyň döredijiliginde durna köplenç «guşy mumtaz» – saýlantgy guş hasaplanýar. Durna türkmen folklorynda arassalygyň gözelligiň, söýginiň nyşanyna öwrülipdir. Durna diňe bir aýdym-sazymyzda däl, eýsem, tans sungatynda hem orun alypdyr. Hazar kenarynyň türkmenleriniň käbir tans hereketleri durnalaryň, ganat ýaýyp perwaz urşuna meňzeýär. XIX asyrda Anadolyda ýaşap geçen Seýit Gazy atly bir türkmen şahyry öz goşgusynda şeýle ýazýar: Durnalar geldiler, berdiler salam, Aldym salamyny eýledim kelam. Ylhamy şübhesiz gördüm wessalam, Eglen, durnam eglen, Alymysyň sen! Ýogsa, Hajy Bekdaş welimisiň sen! Baýramgeldi ÇARYÝEW. «Watan» gazeti. 03.04.2008 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |