21:42 Edebiýat daragtynyñ şahalary | |
"EDEBIÝAT DARAGTYNYÑ ŞAHALARY" KITABYNDAN
Edebiýaty öwreniş
(Gysgaldyldy) Haýsydyr bir ýazyjynyñ döredijiligi hakda gürrüñ edenimizde, ol söhbetimizi onuñ eserleriniñ mazmundan üzñe göz öñüne getirip bilemizok. Sebäbi birinjiden, ol öz pikirini nädip beýan etmelidigi hakda ýeterlik aladalanyşy ýaly, öz eserleriniñ temasy, ideýasy, liriki gahrymanlary, obrazlary hakda-da oýlanman bilmez. Ikinjiden, awtoryñ döredijiligine baha berenimizde, ähmiýetini kesgitlänimizdw, biz diñe bir onuñ pikirlerini nähili dilde we nähili aýratynlykda beýan edýänligini däl-de, eýse onuñ şol pikirleriniñ neneñsidigi, näme hakdadygy barada-da gürrüñ edýäris. Egee awtoryñ döredijilik ussatlygyny onuñ kämil stili ýüze çykarýan bolsa, onda stiliñ eserleriniñ mazmunyna-da gatnaşygy bolman bilmez. Onsoñam ýazyjy ýa şahyr ilkinji nobatda, eserlerimiñ mazmuny, pikirleriniñ çuññurlygy boýunça edebiýatda öz yzyny goýýar. Edebiýatçy Ö.Abdyllaýew "Edebiýat teoriýasynyñ esaslary" atly kitabynda "Ýazyjynyñ döredijilik özboluşlylygy onuñ häsiýetine, intellektual derejesine, jemgyýetçilik sypatlaryna hakykaty nähili derejede özüçe görüp, özüçe suratlandyryp bilşine, jemläp aýdanda... onuñ şahsyýetine baglylyk-da emele gelýär. Ýazyjynyn indiwidual döredijilik stili bilen onuñ şahsyýetiniñ şu hili organiki baglanyşyklydygyna düşünmeklik iññän zerurdyr" diýip belläp geçýär. Annasoltan Kekilowanyñ şygyrlarynda peýzaž aşyk-magşugyñ çäksiz söýgüsini açyp görkezmäge hyzmat edýär: Göçüp gitdik ýanyñyzdan ezizim, Gül açanda bagyñyzyñ almasy. Göçüp gitdik ýanyñyzdan ezizim, Eşidilende bilbilleriñ nagmasy. Altyn ýaprak şahalarda seslenip, Güýz gelende gelerin men beslenip. Ýokarky mysallardan görnüşi ýaly, töweregi gurşaýan ähli peýzaž alamatlary, gözel tebigat aşyk-magşuklaryñ içki dünýäsini açyp görkezmäge, goşa ýüregiñ bitewiligine, birligine hyzmat edýär. Aşyk-magşuklaryñ aýra düşen wagtlary bilen baglanyşyklylykda "bagyñ almasynyñ gül açmasynyñ", "bilbilleriñ nagmasynyñ eşidilmeginiñ" ýatlanylmagy, "Altyn ýaprak şahalarda seslenip, Güýz gelende gelerin men beslenip" diýip ýene-de duşuşmagy arzuw etmegi tebigat ahwallarynyñ poeziýa siñdirilmegidir. Şeýle häsiýetli alamatlary şahyryñ "Biz ýöräp barýarys", "Myrat bilen Gülälek", "Dostluk aýdymy", "Üç gün bäri", "Ol tomus günleriñ ak ak gijeleri" ýaly goşgularynda mese-mälim görmek bolýar. Annasoltan Kekilowanyñ poeziýasyna içgin ser salanyñda, tebigatyñ, onuñ hadysalarynyñ, pasyllaryñ, dag-düzleriñ, sähralaryñ, almadyr injir, üzüm, narlaryñ - hemmesiniñ şahyryñ gözündedigine düşünýärsiñ. Gapymyzda ekip giden erigiñ, Boýun alyp her baharda gül açdy. Ol tomus günleriñ ak gijeleri, Bize giñden gujagyny geripdi. Görnüşi ýaly, Annasoltan Kekilowanyñ döredijiliginde tebigat onuñ hemişelik hemrasy. Şonuñ üçin ol öz okyjysyny hem tebigata baglap goýýar. Hatda onuñ setirlerinde ýañy bolan çagajyk hem al-asmana nazaryny dikip dur. Penjireden asman gümmezin gözläp, Ýaşajyk çagañyz gülüp dur ine. Şeýle häsiýetli goşgular Annasoltan Kekilowanyñ poeziýasynyñ aglaba bölegini eýeleýär. Onuñ "Ýañlanan aýdym", "Ýabany akja gül hakynda ballada", "Turdy güýçli harasat", "Aşyk men äleme keşt edip ýörün", "Meniñ topragym", "Myrat we Gülälek", "Giñ asmana al bulutlar düşenip...", "Men köp daglar hakda gürrüñ edemok", "Garşylañ gyzlary", "Göçüp gitdik", "Seniñ suratyñ", "Agaçlara gyraw sepip gijeler", "Tüm gijelik meñzäp gara saçlarma" ýaly onlarça goşgularynyñ tebigat bilen aýrylmaz baglanyşyklydygyny nygtamak gerek. * * * Pikiri obrazly añladyş serişdeleri her bir awtoryñ dil çeperçiligini häsiýetlendirip, onuñ döredijilik özboluşlylygynu emele getirýän elementleriñ biri bolup durýar. Şygyrlary epitetsiz, metaforasyz, meñzetmesiz göz öñüne getirip bolmaýşy ýaly, şahyryñ indiwidual stiliniñ ýüze çykyşyny pikiri obrazly añladyş serişdeleriniñ hyzmaty uludyr. Edebiýatçy Gurbandurdy Geldiýew özüniñ "Poeziýamyzyñ häzirki zaman keşbi" atly kitabynda: "Kämil şahyryñ özboluşlylygy dil baýlygyndan ýerlikli peýdalanşynda, sözleri ulanyşynda, şahyrana diliñ ähli serişdelerinde, çeper leksiki serişdelerinde, obrazly añladyş serişdelerinde, sintaksisinde ýüze çykýar" - diýip, şahyryñ şygyrlarynda obrazly añladyş serişdelerine uly ähmiýet berýär. Epitet sözleriñ diñe bir şygryñ emosionallygyny artdyrmakda däl, eýse beýan edilýän ahwalyñ ýagdaýyny has anyk göz öñüne getirmäge, şeýle hem mazmunyñ täsirli çykmagyna ýardam edýär. "Şahyryñ sungaty sözleri saýlaýşynda...indiwidullyk we gaýtalamazlyk häsiýeti bilen, onuñ öñki aýdylan sözlere nämedir bir zat goşýanlygynda we diliñ manylylygyny artdyryp bilýänliginde ýüze çykýar" - diýip, rus alymy W.M.Žirmunskiý ýerlikli belleýär. Şahyrlaryñ döredijilik özboluşlylygyny olaryñ şygyrlaryndaky epitetleriñ azlygyndadygy ýa-da känligindedigi bilen kesgitlemek mümkin däl. Çünki epitetsiz şygyr ýazýan şahyr ýok diýerlikdir. Bu ýerde esasy aýratynlyk epitetleriñ hilinde we nähili häsiýetde gelýänligindedir. A.Kekilowanyñ şygyrlarynda ulanylýan epitet sözleri örän köpdürlüdir. Ýöne şeýle köpdürlüligiñ içinde onuñ reñk bilen baglanşykly ulanýan epitetleri mese-mälim saýlanýar. Hususan-da onuñ goşgy setirlerinde "gara" epiteti köp gabat gelýär. Gara baglar süýji uka batypdyr, Eşdilenok bilbilleriñ nagmasy. Gara bulut ýaly haýsy asmanda, Señ ýüregñe aralaşdy gaýgy-gam. Şeýle epitetiñ köp ulanylmagyny şahyryñ "gara" sözüne bolan söýgüsinden gelip çykýar diýip düşünsek nädogry bolar. Bu epitet içki dünýäsi açylyp görkezilýän liriki gahrymanyñ nähili gam-gussaly ahwalynyñ bardygy bilen berk baglanyşyklydyr. A.Kekilowanyñ liriki gahrymanynyñ nähili kyn durmuşy başdan geçirýändigini biz ozal belläp geçipdik. Şonuñ üçinem şahyryñ şeýle epitetleri ulanmagy onuñ liriki gahrymanynyñ gussaly köñlüniñ talabyndan, zerurlykdan gelip çykýar. A.Kekilowanyñ şygyrlarynda beýleki reñkler bilen baglanyşykly getirilýän epitet sözler hem köp duşýar. Mysal üçin: Ol tomus günleriñ ak gijeleri, Bize giñden gujagyny geripdi. Güýz gelende al öýmäme syn edip, Gök asmandan ak durnalar ötendir. Birinji mysalda gelýän "ak" epiteti gijeleriñ ajaýyplygyny, arassalygyny açyp görkezse, ikinji mysalda gelýän "al", "gök", "ak" epitetler, eýerip gelýän sözleriniñ hilini, nähilidigini açyp görkezmek bilen birlikde yzygiderli epitetler hataryny emele getirip emosionallygy güýçlendirýär. Şygyr setirlerinde obýekt bolup gelýän predmetleriñ her birine yzygiderlilikde häsiýet bermek we şunuñ bilen birlikde labyzlylygy, emosionallygy gazanmak A.Kekilowanyñ goşgularuna mahsus sypatlaryñ biridir. Tanyş ak gijeler aýdyñ ýyldyzlar, Ir-iýmişli güýzem gunçaly ýazam. Bu ýerde ulanylýan "tanyş ak", "aýdyñ", "ir-iýmişli", "gunçaly" epitetleri setirleriñ täsirliligini artdyrmak bilen bir wagtyñ özünde gijeleriñ, ýyldyzlaryñ, güýzüñ, ýazyñ kartinalaryny çekýär. A.Kekilowanyñ goşgularyndaky epitetleriñ ýene bir özboluşly tarapyny belläp geçmek gerek. Bu hem şol epitetleriñ aglabasynyñ bir sözde, ýagny bir epitetde giden bir wakalar toplumyny özünde jemläp bilýänligindedir. Mysal üçin şahyr öz şygyrlarynda haýsydyr bir anyk wagtda, gije ýa gündiz, tomus ýa-da ýaz bolan wakalary gürrüñ berip, käbir halatlarda şol wakalaryñ özeni bolup biljek bir epiteti getirmek netijesinde gysga sözlüligi gazanmagyñ hem hötdesinden gelýär. Emma men üçin sen şol günki myhman, Gopgunly gijäni edenimde ýat. Bu setirlerde getirilýän "gopgunly" epitetiniñ añyrsynda goşguda gürrüñ berilýän ençeme gahary getiriji dramatiki ahwallar ýatyr. Ýöne bu ýekeje söz şol wakalaryñ hemmesini bir ýere jemläp, gijäniñ neneñ ýakymsyzdygyny açyp görkezýär, şeýle hem bu söz şol ýatlanylmagy islenmeýän wakalaryñ ornuny tutýar. Görnüşi ýaly A.Kekilowanyñ poeziýasynda epitetler gam-gussa, peýzaža, wakalar toplumynyñ bir söze jemlenmegine hyzmat edip gelýärler. Şahyryñ şeýle özboluşlylygyny açyp görkezýän epitetler onuñ "Alysdaky ýarym hakda aýdymlar", "Owadan gyz", "Ajaýyp aýdymlar juwandyr mydam", "Ýabany akja gül hakda ballada", "Düýşümde-de ýañagymdan ogşama", "Akja kebelege ýüzlenme", "Bagt guşum", "Meniñ göreçlemde kakam ýaşaýar" atly goşgularynda hem has köp duş gelýär. Şahyryñ stilini kesgitlemäge mümkinçilik berýän pikiri obrazly añladyş serişdeleriniñ ýene biri hem metaforadyr. Metafora meñzedilýän predmetleriñ biriniñ ady tutulyp, beýlekisiniñ ady agzalmaýar. Metaforalar pikiri çeper beýan etmäge, şahyranalygy güýçlendirmäge, setirleriñ täsirli çykmagyna ýardam berýärler. A.Kekilowanyñ şygyrlarynda kinaýaly setirler köp duş gelýär. Şonuñ üçinem şahyryñ metaforalary adamkärçiliksiz, öz pikirleri bolmadyk adamlaryñ keşbini açyp görkezýär. Oýunjak gurjaklañ açaryn towlap, Perdäñ añyrsyndan dikýäñ gözüñi. Bu ýerde birinji setir tutuşlaýyn metafora bilen baglanşykly. Bu setirden gelip çykýan many metaforalaýyn berilýär. Onsoñam her söz diýen ýaly metaforanyñ ornuny tutup bilýär. Mysal üçin oýunjak - oýnatgyny, gurjaklar - gyzlary, açaryny towlamak - dilini tapmagy añladyp gelýär. A.Kekilowanyñ şeýle ýaýrañ metaforany öz eserlerine siñdirip bilýänligi onuñ poeziýasynyñ özboluşly taraplarynyñ biridir. Liriki gahrymanyñ kalbynda bolup geçýän oýlanmalara laýyklykda, şahyr gam-gussa bilen baglanyşykly metaforalary ulanýar. Är ýigitler heý-de ýaşap bilermi? Taşlap gam deñzine naçar uýasyn. Mysal alnan setirlerde gam-gussalaryñ, çekip-çydardan çökderdigi sebäpli şahyr "deñiz" metaforasynyñ hyzmatyndan peýdalanýar. Eger "deñiz" sözi özbaşyna gelenliginde öz manysyna has ýakyn bolardy. Şonuñ üçinem şahyr ony "gam" sözi bilen utgaşdyrýar. Bulutlañ kerwenem onuñ göwnüne, Çalyp dur çaknyşyp, Ajap bir sazy. Bu setirlerde hem ýokardaky ýaly ýagdaýyñ şaýady bolýarys. "Kerwen" metaforasy "bulutlar" sözi bilen utgaşdyrylyp ulanylýar. Bu ýerde "kerwen" köplük we hatar guramak manysynda gelýär. A.Kekilowanyñ metafora hökmünde gelýän sözleri gürrüñini eden mysallarymyzda öz manysynda gelmedi. Ýöne şahyr kähalatlarda metafora üçin getirilen sözleri iki manyda ulanmagy ussatlyk bilen başarýar. Eger-de meñ boljak bolsa duşmanym, Aždarja dek belent bolsun dünýäde, Kül üstünde oturandan bimaza, Gowudyr özüñi oklanyñ oda. Şahyr "külüñ üstünde oturandan özüñi oda oklanyñ gowudyr" diýen pikiri öñe sürmek bilen, külem, odam öz manylarynda ulanýar. Şeýle hem başky setirlerde liriki gahryman "eger duşmanym bolsa aždarha dek bolsun" diýip, duşmanam bolsa adama mertligiñ gerekdiginu nygtaýar. Şol pikir ösdürilip "kül" we "ot" hakda gürrüñ gidende, şahyryñ ol sözlere metafora häsiýetini berip göçme manyda (kül - namartlyk, ot - mertlik) ulanýandygy goşgy bendiniñ mazmunyndan gelip çykýar. Şeýlelikde, A.Kekilowanyñ şygyrlaryndaky metaforalar kinaýa şekilli köplügiñ, azlygyñ añlatmasy bolup, şol bir wagtda öz manysynda hem göçme manyda getirilmek bilen şahyryñ özboluşlylygyny ýüze çykarýar. Mämmetgurban MÄMMETGURBANOW. # "Edebiýat daragtynyñ şahalary", A., "Magaryf" neşirýaty, 1997 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |