EDENIÑ ALNYŇA...
Eltisiniñ gudaçylyk gürrüñi gyzza-gyzda gelende Aýsoltan kalbynda saklap ýören maksadynyñ ahyry amala aşjakdygyna begendi. Ýüreginde berç bolup galan ahmyryñ ýeñlejekdigine şükür etdi. Bu bolýan zatlara görsene! Muny edeýin diýbem edip bolmaz. Belki, eltisi ony bilmän edendir, belki-de, bilgeşleýin. Ýeri, şu bolçulykda, aga-ýanylykda öz ýekeje eltiñ şeýdip, arzylyp ýören toýuña güýe degen gyñajy atgulak etse, içiñ ýanmajakmy? Indi bir ar alyşyma seret diýýän ýaly Aýsoltan rahatlyk bilen dem alyp, çäýnegi bir tarapa süýşürdi.
Toýuñ öñüsyrasyndaky atgulak asylýan güni Aýsoltan bolybilenini boldy. On jübüt atgulagy, ýanynyñ halysy bilen öýüň töründen asyp, dürli nygnatdan doly saçagy eltisiniñ öñünde goýdy. Biri-birinden owadan gyñaçlar, zerli parçalar toýa gelenleri haýran galdyrdy. Toýa gelenler ilki bilen Aýsoltanyñ atgulaklaryny synlaýardylar. Olaryñ owadanlygyny görüp, sypap-sypap göýberýärdiler. Öz ýanyndan monça bolup oturan Aýsoltan muña iki bolup bilenokdy. Her gezegem “Ýekeje eltimiñ ilkinjije toýuna men etmesem bolmaz ahyry. Haçandan bäri höwes edip ýörenje zady-da” diýip, eden işini magtaýardy.
Eltisi-de muña çyny bilen begenýärdi. Onuñ toýunda öz eden atgulagyny Aýsoltan ýadyndan çykarandyr, unudandyr öýdýärdi. Dogrusy, Aýsoltan gelin edinende onuñ bary-ýogy şol ýekeje gyñajy bardy. Ençeme ýyl bäri aýap ýören gyñajyna güýe degendir öýdüp, asla pikirem edenokdy. Läle ýaly ýalpyldap duran owadan gyñajy görenler aşyk bolansoñ, ol şol ýekeje baýlygyny eltisiniñ toýuna sowgat edipdi.
Eltisiniñ güýe degen gyñajy atgulak edendigini görende Aýsoltanyñ jany ýanypdy. Şol bada-da onuñam birki ýyldan toý tutjakdygy ýadyna düşdi-de, gyñajy epläp, sandygyñ düýbüne atdy. Şondan bärem onuñ bar arzuwy şol güýe degen gyñajy eltisine gaýtaryp bermekdi. Oña şol gyñajy atgulak edip, ine, meniñ edýänim diýesi gelýärdi. Ýöne Aýsoltan şol gyñajy atgulakda asyp, öz abraýyny gaçyrmak islemän, onuñ gelnini çörege çagyranda bermegi ýüregine berk düwdi.
Toý sowlup, baş salnansoñ, Aýsoltan eltisiniñ gelnini çörege çagyrdy.
Gelin çörege çagyrylýan öý kiçeñräk toý mähellesini ýada salýardy. Her kim uly dabara bilen bellenilen wagtda gelniñ şaññyrdap gapydan girenine garaşýardy.
Ine-de, düwmelerini waññyrdadyp, gelin geldi. Aýdym-sazyñ astynda uly şowhun bilen oturyldy. Gelin gaýtjak wagty Aýsoltan şol owadan gyñajy alyp geldi-de, ony gelniň başyna atdy. Gelin gyñajy usullyk bilen başyndan aýyrdy-da, baldyzynyñ eline tutdyrdy.
Aýsoltan eden işinden göwni hoş bolup, öz ýanyndan dylym-dylym edýärdi. Eltisinden ar alandygyna çyny bilen ynanýardy. Ýöne ertesem, birigünem eltisiniñ gyñaç barada dil ýazdyrmazlygy ony otdan alyp, suwa urdy. Hernäme-de bolsa çydamalydy. Oýnuñ ahyryna garaşmalydy.
Aýsoltan garaşa-garaşa ahyry bu wakany unytdy. Şol öz toýuna atgulak edilen güýe degen owadan gyñajam, ony eltisiniñ gelnini çörege çagyrylanda yzyna salan günem ýatdan çykdy.
Eltisiniñ gelniniñ Aýyñ bölegi ýaly bolup, girip-çykyp ýörmesine Aýsoltan öz ýanyndan guwanýardy. Her gezegem gyñaç ýadyna düşende, onuñ näme bilen gutarandygyny bilesi gelip, içi byjyklap durdy. Onuñ eltisinden soraýmaga-da bogny ysanokdy, asla ony özüne kiçilik bilýärdi.
Ýöne Aýsoltany ynjaldyrýan bir zat bardy. Olam eltisiniñ içinde gep ýatmaýanlygydy. Şonuñ üçünem güýe degen gyñajyñ henizler bir ýerlerde, ýene-de güýä iýmit bolup ýatan bolmagynyñ ahmallygydy.
Aýsoltanyñ eltisi ilkinji agtygynyñ toýuny uludan tutdy. Bagşy-sazandalaryñ şowhuny tutuş oba ýañ saldy. Her kim dünýä täze inen ogul bäbege guwanyp, oña sowgat-salam edýärdi. Aýsoltanam bu şowhundan hem daşda durmady. Eltisiniñ ilkinji agtygyna owadanja çaga arabajygyny sowgat etdi. Toýa baran badyna-da, kiçijik Kuwwaty eline aldy-da, ap-ak düşek bilen bezelen arabajykda ýatyrdy-da:
- Ogul dogran omparar diýipdirler, gelin jan. Señem omparmaga hakyñ bardyr. Ýöne senden oñ gaýyn eneñ omparmalydyr. Şoñ üçünem sen, oña halat ýapmaly. Hany, näme joşýañ gaýyn eneñe.
Gelin ýylgarjaklap ýerinden turdy:
- Gaýyn enemiñ geregi halat bolsun, birini däl, ikisini ýaparyn.
Ol öz otagyndan tiz dolanyp geldi. Onuñ elindäki gyñajy gören Aýsoltanyñ bir dem dili tutulan ýaly boldy. Bir eltisiniñ ýüzüne seretdi, birem eli gyñaçly ýylgyrjyklap gelýän gelniñ. Gelniñ weli, Aýsoltanyñ içki hasratyndan habary ýokdy. Ol ýüzi boz-ýaz bolup oturan gaýyn enesine bir zat bolýandygyny duýdy-da, ylgap diýen ýaly ýanyna bardy.
- Size näme bolýa, enesi. Ýüregiñiz agyrýamy?
Ol elindäki gyñajy beýle tarapa oklap göýberdi. Yglap sowuk suw getirip, gaýyn enesine owurtlatdy. Ol birneme özüni dürsänden soñam, uly hormat bilen gyñajy onuñ başyna atdy.
- Enesi, bu mata agtygyñyzdan size sowgat, bu gyñaç bolsa menden. Ogluñyzyñ sowgadam taýýar.
Ol başyna atylan gyñajy emaý bilen aldy-da:
- Gelin jan, sowgadyñ üçin sag bol, agtygymyñ ýaşy uzyn bolsun. Hernä, Alla jan uzagyndan guwandyrsyn. Ýöne edeniñ alnyña gelýär diýenlerine ine, şu gün göz ýetirdim. Dogrudanam, bu durmuşda bihasap zat ýok eken.
Aýsoltan eltisiniñ näme diýjek bolýandygyna bada-bat düşündi. Indi ony bu wakanyñ näme bilen gutarjakdygy gyzyklandyrýardy.
- Men başga bir ibaly zadym bolmansoñ, şu gyñajy Aýsoltan gelin edinende atgulak asypdym. Bu saña nireden düşdi? Edeniñ ahyry yzyna dolanýar eken-ow!
Gelin göwnüne hiç zat getirmän, bar zady bolşy ýaly gürrüñ berdi.
- Bu owadan gyñajy maña Aýsoltan gelneje çörege çagyranda ýapypdy. Menem ony juda owadan göremsoñ, ýygnap goýaýypdym. Indem iñ gowy gören zadymy size sowgat berýän, atynmak nesip etsin. Bu matanam ýörite size niýetläp aldym. Özümjik tikip, geýdirerin size.
- Wah, gep onda däl-le. Gep meniñ özümde. Şu gyñajy gaýyn enemiz pahyr maña baş salnanda başyma atypdy. Menem muny juda owadan bolansoñ, atynmaga dözmän, epin arasyna bägül sepdim-de, sandygyñ düýbüne ataýdym. Oglum bolansoñ, bu gyñajy gelnime niýetläp saklap başladym. Ogul öýererin, gelin edinerin. Baş salanymyzda şu gyñajy sowgat ederin diýip ýördüm. Menden öñ Aýsoltan gelin edindi. Menem oña atgulak etmek üçin sandygy dördüm. Sandygyñ düýbünde ýatan gyñajy elime alyp, oña begençli seretdim. Özümiñem gelin edinjek günümiñ daşda däldigi, şu arzyly gyñajy gelnimiñ başyna atjakdym meniñ hyýallarymy umma alyp gitdi. Gyñajy sypap-sypap ýerine goýjak bolup durkam, güýe degen ýerine gözüm düşdi. Baý, gynanmak gynandym-a. Tas aglapdym. Niýet edip saklap ýörenje zadym ele gelmez bolaýypdyr. Wah, eli ýukalyk gurasyn. Şol gyñajy aldym-da Aýsoltan eltimiñ toýuna atgulak etdim. Olam, ynha, görşüñ ýaly, ýene özüme dolanyp geldi. Gör ahyry, bu bolýan zatlary. Bu dünýäde hasapsyz zadyñ ýokdugyna, edeniñ özüñe gaýdyp gelýändine indi gözüm ýetdi. Mundan artyk jeza gerek däl eken adama. Soñ ol Aýsoltana ýüzlendi:
- Aýsoltan, öt günämi. Men seniñ öñüñde geçilmejek hata etdim. Şu gyñajyñ deşikdigini bilsemem, seniñ ilkinji-je toýuña atgulak etdim. Bu gyñajyñ owadanlygy, sypaýylygy kiçijik zeperi ýapar öýtdüm. Asyl beýle däl eken.
Aýsoltan bu bolýan zatlara akyl ýetirip bilmän, eltisiniñ diýýänlerini beýnisinde aýlady. Dogrudanam, edeniñ alnyňa gelýäni çynmyka? Eýsem, Aýsoltan eltisiniñ gelnine şol gyñajy sowgat berende munuñ hut şeýle bolmagyny islemänmidi näme? Indi edeni ýerine düşensoñ, eltisinden ar alansoñ, onuñ pikir derýasyna gark bolmasy nämeden? Belki, olam bilgişleýinden, ar almak üçin eden bu biýedepliginiñ özüne dolanyp gelmeginden heder edýändir? Belki-de, şu çaka çenli eden işlerini hakyda-da aýlaýandyr? Kim bilýär?! Ýöne ol eltisiniñ göriplikden ýa-da bahyllykdan güýe degen gyñajy atgulak etmändigine, özüniñ weli, bu işi bilgeşleýin edendigine hut şu wagt göz ýetirdi-de ahmyr derýasyna gark boldy…
Ogulgerek Ussaýewa.
Hekaýalar