ESEN KÖWÜŞINIÑ USSAHANASYNDA
Ol wagtlar biziň tutuş etrabymyz boýunça köwüş bejerýän ýekeje ussahana bardy. O-da şäherde, etrap merkezinde ýerleşýärdi. Oňa Esen köwüşçiniň ussahanasy diýerdiler. Ol bank bilen ýanaşyk oturan “Promkombinatyň” ýaşyl reňkli derewezesiniň gapdalynda, “raýkomyň” jaýynyň çat maňlaýynda ýerleşýärdi.
Biz, dogrusy, şol döwürler köwüşçi, sertaraş, surat alýan, sagat bejerýän ýa papak tikýän ussalar-a hökman örküçmen burunlarynyň aşagy galam bilen çyzylan ýaly inçejik, garaja murluja, ala gözleri oýnaklap duran, türkmençe çalgyrt gepleýän ermeni ýa häzirbegjan adamsy, tüňçedir – setil düýpleýän, kersendir-çanak çeňkleýän, çäýnekleriň çürnüklerini päýnekleýän, moý açan käselere bilekse goýýan, mis kündükleri kebşirleýän demirçiler bolsa başlary sury ýa çyrazy baganadan tikilen dik, depesi atanakly, il içinde aýdylyşy ýaly “hyrryman” telpekli, aksowult ýüzleri süýnmegrak, ujy towlanan murtjagazlary, gytyk sakgallary gyzgylt, ullakan gözleri ýaşyl ýa gök, eşedişmize görä Dagystan diýilýän uzak bir ýurtdan ýörite gazanç etmäne gelýän lezginler bolmalydyr öýderdik. Ýeke biz däl, ulularam şeýle pikir ederdiler. Sebäbi, biziň-ä şol işleriň başynda görýänimiz şolardy, ulular bolsa ol hünärleriň käbirini türkmen üçin elýetmez hasap etseler, käbiri kiçilik, kemlik diýip bilýärdiler.
Daşyndan seredeniňde saly diýseň gowşak görünýän, çepiksije, elmydama aşak bakyp köwüş çüýläp oturmaga endik edendigi üçin saňňyldap duran başyny ýörände-de aşak egip, derläp duran ýagyrnysyny tüňňerdip, gaşy uzyn sary papagyny bolsa eline alyp haýaljakdan ýöreýän, ussahananyň gapysyndan garanyňdan: “Näme hyzmat, köşek”, diýip, ýüzüňe çiňerilende kösseýşen gözleri sapyna derek bir garyş ýaly inçejik, gara tasma daňylan galyň, tes-tegelek äýneginiň aňyrsyndan hasam bulaşyk gürünýän, aşaky dodagy edil unaş içilýän agaç çemçäniň uç tarapy ýaly ep-esli çürelip duran, düýpleri gap-gara, ýokarsy sargylt, irimçek dişleri mazaly seýreklän, köseleç sakgally, ýetmişden geçeňkirlän, baryp-ha kyrk ýaşlaryndan bäri ýan ýoldaşyny ýitirip ýalňyzlykda ýaşap ýören Esen köwüşçi welin, şol hünärleriň hiç biriniňem türkmen üçin elýetmezem, kemçiligem, kiçiligem däldigini, biziň etrabymyzyň adamlaryna subut edip beren ilkinji adamdy.
Elbetde, soňabaka Berdi aga, Hemra çolak ýaly surat alýanlar, Töre aga ýaly eginleri magnitofonly, elleri bloknotdyr – galamly oba-oba aýlanyp ýöşren habarçylar, Palta sama ýaly baranyň bizar-peteňini çykarýan, köp gepli sertaraşlar, Çary çymçyk ýaly sagatçylar, ençeme demirçiler, agaç ussalary, radio, telewizor, kondisioner, holodilnik bejerýänçileriň ençemesi peýda boldy. Onda-da her obada. Biziň obamyzyň adamlar-a enjamlaryny tapyp berseň maşyndyr-traktory dagy täzeden ýasabam bilýärdiler. Şirek aga ýaly köne şofýorlaryň: gowresi bilen motoryny getiriň samolýodam ýasap bereýin, diýşip, köwelişip ýörüşlerem şu günki ýaly ýadymda. Ýöne, barybir olaryň hiç biriniňem at-owazasy henize bu güne çenli Esen köwüşçiniň gazanan şan-şöhratynyň derejesine ýetip bilenok.
Içki diwarlaryna dürli döwürlerde çykan gazetdir – žurnallardan gyrkylyp alnan, dürli reňkdäki suratlar ýelmengi kiçijik, daşyna solagrak gök reňk urlan agaç ussahanajygyň iňňän dardygyna garamazdan, Esen köwüşçiniň ýanynda hemişe özi ýaly ýaşulylaryň iküç sanysy warsaky urşar oturardylar. Biz ýaly oglanlaryň aşak bakyşyp, gulaklaryny gabardyşyp duranlaryna hem bakman, olar edip oturan gürrüňlerini hiç-hili gypynçsyz dowam etdirerdiler. Esasanam öý-öwzar, maşgala, ogul-gyz, eklenç baradaky durmuşy gürrüňler köp gaýtalanardy. Syýasata degmezdiler. Degjegem bolsalar Esen köwüşçi degdirmezdi. Kiçijik çekijini çüýläp oturan köwşüniň aşagyna üç-dört ýola, öňkülerine görä has batlyrak kakardy-da, ýüzünem küsserdibärge-de birki ýola ysgynsyz, ýöne yzygiderliräk ardynjyrardy welin, şol, etmesiz gürrüňe başlan adam “haňk-huňk” eden bolardy-da, dessine, gürrüňi başga tarapa ugrukdyrmak bilen bolubererdi.
Şol üýşmeleňe gatnaşýan ýaşulylaryň bir-ä ömrüni etrap halk magaryf bölüminde inspektor bolup geçiren, ertir mekdebe Sähetliýew geljekmişin, diýdirip, öz wagtynda mugallym baryny zagyrdykladyp bilen, lopbuş gyzyl ýüzli, garynlak, tap-takyr çürüräk kellesindäki şlýapasy hekgerip ep-esli ýokarda durandygy üçin aksowult ýeňsesi hemişe açyk, öýi golaýjakda bolansoň Esen köwüşçiniň ýanyna egni gyzyl-ala leňkeden tikilen pižamaly, aýagy ýumşajyk, goňrumtyl şypbykly gelýän, sözüniň arasynda “znaçit” sözüni agzyny şapbyldadyp, “naçit” görnüşinde ulanmany, pedogikadan, Makarenkodan, Suhomlinskiden mysallar getirip dabaraly gürlemäni gowy görýän, elmydama özünden göwni hoş, şoh, şadyýan, bir zada keýpi tutup çyn ýürekden gülen wagty çaga ýaly ellerini çarpyp, aýaklaryny tapyrdadyp, ýüzünem diň-gögüne tutaga-da, başyny iki ýana ýaýkalap her penjesini pökgüje garnynyň bir tarapyna goýup, arasynda-da: “waý-waý-e-eý... heý-weý-e-eý...” diýip, tä gözleri ýaşarýança “şyg-şyg” gülýän Öwülýäguly agady.
Ýene birem ýaşynyň bir çene barandygyna garamazdan sakgal-murty yhlas bilen syrylan, çekge süňkleri çykyşyp duran süýnmegräk ýüzli, köşegiňki ýaly ullakan ala gözleri henizem jahylyňky ýaly jalahlap duran, ýognas sesini boguljyradyp, çygyljyrap, irimçek süňklek göwresinem usullyk bilen iki baka yranjyradyp, salpy dodaklaryny biri-birine zordan ýetirip haýaljakdan “lepbil-lüpbil” gürleýän, ömrüniň köpüsini dag ýerinde, serhetçileriň kömekçi hojalyklarynda ferma müdiri bolup geçiren, meniň ýatlap oturan döwürlerimem etrap boýunça iň bir mally-garaly, gurply adam hasap edilýän, tolgunan wagty “l” harpy bilen “n” harpynyň ýerini çalşyp gürleýän Hemdem agady. Onuň egninde tomsuň günem ähli ilikleri ildirilgi, tämiz, gögümtil kiteli, şonuň bilen reňkdeş gyýma balagy, başynda-da dükanlarda satylýan arzan bahaly, tüýi gytygrak, garamtyl gulakjyny bolardy. Boýn-a uzyn, kellesem düýäň kellesi ýaly ullakan bolansoň ol daşyndan seredeniňde iňňän tagaşyksyz görünýärdi. Şol bolşy bilenem ýüregi ýukady, öýkelegräkdi, sähel zadam göwnüne alyp kemşeriliberýärdi.
Üçünjilerine Mämmetýaz aga diýerdiler. Şonuň ýaly göm-gök öwsüp duran gara ýüzli adamy men henize çenli hebeşide bolaýmasa, türkmende-hä göremok. Keýpiniň kök wagty Sähetliýewiň oňa: “Eneň içinde ýene iki gün ýatan bolsaň kömüre dönerdiň” diýip, degäýmesem bardy. Muny Mämmetýaz aganyň özi göwnüne almasa-da: “Lä-ätdiň-aý, Öwünýäguny! Beý diýmeli däl-ä, adamyň synasyny kemsitmeli däl-ä, gelşiksiz-ä seň onyň...”diýip, Hemdem aga garaçyny bilen “hoňňuldardy”.
Mämmetýaz aganyň köp ýyllar MTS-de ammar müdiri bolup işlänini bilýän. Soňky döwürlerde bolsa köne dostlugy üçinmi ýa daşkynrak garyndaşlygynyň hatyrasynamy Sähetliýew ony etrap magaryf bölüminiň hojalyk müdirligi wezipesine ýerleşdirdi. Ol hut şol ýerdenem pensiýa çykdy.
Nämüçindigini bilemok, eşdişime görä ol otuzynjy ýyllaryň ahyrlarynda, onda-da düýbünden nähak ýere, kimdir biri tarapyndan ýamanlanyp, ýedi-sekiz ýyl dagy oturybam gelipdir. Şonuň üçin bolsa gerek, ol kim bilen gürleşse-de, daş – töweregine gorkuly göz aýlap, gürrüňdeşiniň ýüzüne-de çekinibräk seredip, diýseň seresap gürlärdi. Şonda onuň hozuň gabygy ýaly ýygyrt-ýygyrt, tos-togalajyk, kiçijik eňeginiň hamam birsyhly titir-titir eder durardy. Sözüniň arasyny kesip ýerinden turýan, gapydan boýnuny uzadyp eýläk-beýläk garanjaklaýan, diňe şondan soň ýerine geçip sözüni täzeden dowam etdirýän gezeklerem bolýardy. Şolar ýalyda Sähetliýew oňa: “Gorkma, how! Indi Ystalyn ýok. Oň öz külünem asmana sowurdylar-a bir wagt...” diýip, “şyg-şyg’ gülerdi. Haýsydyr bir köne köwşüň aşagyny maýda çüý bilen petir bezän ýaly edip oturan Esen köwüşçi şonda işinden ünsüni sowman, çekijiniň sapy bilen Sähetliýewiň böwrüne symsykladardy. Bu onuň hem-ä: goý, şo gürrüňiň, adamyň derdini gozgama, diýdigidi, hemem: Ystalyny bilenem, beýlekisi bilenem işiň bolmasyn, diýdigidi.
Mämmetýaz aganyň attürşek ýaly kiçijik, süýnmejik kellesinde gyşyn-ýazyn ýüzüniň ýarysyny diýen ýaly ýapyp duran garamtyl gytyk baganadan tikilen tegelegräk tagaşyksyzraga-da hopul-sopulrak telpegi bolardy. Egninde köneje gara penjegi bolup, ýakasy, jübüleriniň gyralary elmydama kirden ýaňa ýalpyldar durardy. Agy sallanyp duran gözüniň reňkine çalymdaş gök, çalymtyl balagynyň gonçlary amanat ýaly ýerden süýrenip, yz tarapy üpürjikläp durardy. Uçgurynyň çüprejik gotazjyklaram asma sagadyň dili ýaly aýagynyň ortarasyndan sallanyp durandyr. Oturan wagtam ujy ýere deger. Megerem, ol balak onuň entek tussag bolmazyndanam öň, otuzynjy ýyllarda tikdiren balaklaryndan galany bolsa gerek, çünki, biziň bu gürrüňini edýän döwürlerimiz uçgurly balak geýmek eýýäm ýeke bir ýaşlaryň däl ýaşulylaryň arasynda-da galyşyberipdi. Rezin ýörgünli bolup ugrapdy. Şonuň üçinem, Sähetliýew ýaly käbir dili ýeňuller onuň uçguryna seredip: “Mämmetýaz, hany seret, sagat näçe boldy, diýşip, gülüşerdiler. O-da gözjagazlaryny jüýjerdip eýlesine-beýlesine garanjaklardy-da: “Ikiň üstünden bir sallanýa, näme göreňzokmy, ýa görkezeýinmi”, diýip, özleriniňkidenem beter ýelhegräk jogap gaýtarardy.
Kellesiniň kiçijik bolşy ýaly, onuň göwresem kiçijikdi. Hatda, Esen köwüşçiniňkidenem kiçijikdi. Ýumruklary dagy edil, çaganyň ýumrugy ýalydy. Hünni gara ýüzüniň üstünde garaňky gijäniň ýyldyzlary ýaly ýaldyrap duran ýap-ýaşyl gözlerini çerreldip, burnunyň ganatlaryny ýellendiribräge-de ýüzüňe seredende dagy edil ete bökjek pişik ýaly eýmendiribererdi. Erniniň her tarapyndanam aşaklygyna, gyýagraga-da bir çyzyjak gaýdýardy-da, içi hemişe suwjarar durardy. Gürlän mahaly şol suwuň has joş berýändigi üçin, iki sözüniň birinde şol suwy hem-ä başam hem süýem barmaklary bilen syrmaly, hemem “şybyrdadyp” yzyna sormaly bolýardy.
Sähetliýewiň teklibi boýunça, öz dilleri bilen aýtsak, olaryň käte “bir süýşejik binojagaz” beýlekem “arganyzawaýt” edäýdiklerem bolýardy. Şonda, Mämmetýaz aganyň beýlekilere görä has pukararakdygy göz-görtele bildirýär. Ýöne, turuberjek boldugy, ýerli-ýerden aslyşyp, hemşerileri ony saklaýarlar. Bu meselede esasanam Sähetliýew erjellik görkezýärdi. Ol Mämmetýaz aganyň çigninden çep eliniň aýasy bilen dözümliräk basardy-da, düýbünden başga tarapa seredip: “Otur!”, diýerdi. Niçikmi, Mämmetýaz aga eýýäm daş çykypmy, onda ol ussahananyň agzyndan boýnuny uzadardy-da: “Gel-aýt, bäri! Dolan yzyňa! Mawa gelen pişik ýaly myýkyldan bolup nirä barýaň”, diýip gygyrardy. Onda-da gaýtmasa yzyndan ýetip dolardy. Onsuzam mürähede mähetdel, göwünli-göwünsiz, käte bir ädimläp barýan Mämmetýaz aga şolar ýalyda zoraýakdan diýen ýaly saklanan bolardy-da: “Aý...ýa...häk...”etdirip, ýaýdanjyrap bir elinem bykynyna urup, iki baka buruljyrap durýardy, daş-töweregine garanjaklardy, ahyram gözlerini çerreldip erniniň suwuny çekerdi-de: “Aý, byrhilidär-aý...her gezek ýemeden bolup ýörmäne utanylýaramdar-aý...Heleýlerdenem byr manat ýonjak bolsaň özüňiz bilýäňiz... Pensiýälerem ýemedar-aý...” diýip, henizem öz üstüne dyzap duran Sähetliýewiň öňüne düşüp yzyna gaýdardy. Gybyrdyklap gelip ussahana girerdi-de, öňküje ýerine geçip oturardy. Minnetdarlykdan ýaňa çygjaran gözlerini hemşerilerine dikip, sähelçe wagtdan aňyrsyna mugt düşjek bir bulgur çakyryň berjek lezzetine öňünden humar bolup, gurak-gurak ýuwdunardy. Çakyr getirilip ýetdik paýyny ýelmänden soň bolsa, Sähetliýewiň özüne ömürboýy hossarlyk edip gelendigini, hatda tussaglykda oturan döwürlerem maşgalasyna garaşyk edendigi barada minnetdarlyk sözlerini aýdardy. Sähetliýew bolsa şol sözleriň özüne hoş ýakýandygyny gizlemek üçin: “Goý how, şo gürrüňleri! Gaýtalama gaýdyp şony”, diýip, birsyhly ellerini daldaladan bolardy. Käseleriň şyňkyldysy artdygysaýy beýlekileriňem eňekleri açylyşardy, gürrüňçilik hasam gyzyşardy, şowhun artardy.
Dogry, Esen köwüşçi içmeýärdi. Ýöne, “arganyzawaýt” edişlik bolanda: “Ala-böle seňňem ýeke özüň behişde barasyň ýok, baribir içiň gysyp biziň ýanymyza gelersiň, şoň üçin senem öz ýetdik paýyňy taşla”, diýip, Sähetliýew oňa-da hökman bir adamlyk pul okladardy.
Agyrrak düşüberse Mämmetýaz aga aglardy. Çerrelişip duran ýap-ýaşylja gözlerinden buldyr-buldyr ýaş döküp bir nokada seredip oturyşyna kaňşyrawygyny awuşadyp bir zatlar diýerdi, ýöne, diňe agzy gymyldardy-da, içinden ses-üýn çykmazdy.
Hemdem aga welin tersine, sag wagty ýukaýürekdigine garamazdan, içdigisaýy gazanlanardy, ýüregi doňardy, şu ýerden bardygy kimdir biriniň damagyny tersine çaljakdygyny aýdyp, oturan ýerinde leňňer atardy.
Sähetliýew bolsa her kime bir zat diýip, üstlerinden gülüp, oýnaklap oturşyna ellerini çarpyp, aýaklaryny tapyrdadyp bolubilenini bolardy.
Ýöne, garrylygam “hä” diýmän öz hökmüni ýöredip başlaýardy. Ikinji ýa üçünji çüýşeden soň hemmesiniňem sesleri haýallaýardy, şowhunlary peselýärdi we biri-birleri bilen hoşlaşmana-da ýaltanyşyp, öýkeli ýaly ýadaw, sus halda, patdyk-sutduk edişip öýli-öýlerine tarap dargaşýardylar.
Hemdem aganyň dagy käte şondan baryp kimdir birini kyhlamaga-ha däl, hatda öz süýegini süýräp ussahanadan çykmaga-da gurbaty çatmaýardy. Şolar ýalyda ony ýa-ha ulag tapyp öýüne ugradýardylar ýa-da Sähetliýew ýaly öýi golaýrakdakylaryň biri ertire çenli eýelik etmeli bolýardy.
Şeýle bulaşyklyk onda esasanam çakyrdan kök bolup, yzyndanam bäş-üç baş meň soran gezekleri bolýardy. Özüniň şolar ýaly ýagdaýyny ol ertesi: “Düýn men paň bolupdyryn” diýip düşündirýärdi. Özem ol beňi etrap merkeziniň montýory Gurban ýaly “Belomorkanala” garyp däl-de şo durşyna gazete orap çekýärdi. Ujundaky közüne söýünçli seredip işdämenlik bilen sorup oturşyna: “Şeýdip çekseň dogramadan doýan ýaly bolaýýaň”, diýip, öz-özünden göwni hoş halda “hüňňüldeýärdi”.
Bir gezek men welosipedimi jygyldadyp gapylaryndan baranymda olar ýaňy bir içip başlan ekenler, şonda Mämmetýaz aga ussahananyň törki çüňküne tarap tiňkesini dikdi-de, zöwwe ýerinden galyp:
―Esen, şonyňy bir ýok etsene how, ýogsam edil Ezraýyl bilen oturan ýaly hiç, içenim inime ýokanok, -diýdi.
Görüp otursalar birgiden gyrkyndy suratlaryň arasynda Staliniň ýa-ha özi, ýa-da şoňa meňzeş biri bar ekeni. Takyklaly diýseler aşagynda hatam ýok. Öçüpdir. Ahyram gapdalynda duranlardan çen tutup ony hakykatdanam Stalin, ýöne, entek ýaş wagty, baryp-ha Sibirde, sürgünde gezip ýörkä özi ýalylar bilen düşen suraty hasap etdiler.
Sähetliýew:
―Gowuja serediň, şolaryň arasynda Mämmetýazyň özem bar bolaýmasam, - diýip, aýaklaryny tapyrdadyp ugradam-da, ýene-de Esen köwüşçiniň ardynjyrap ugranyny aňyp ur-tut gürrüňi başga ýana sowdy. – Aý, ýok, Ystalyn däldir-laý, başga biridir-laý, honha, sakgalam bar-a oň, Ystalynda näme sakgal bamy?
Mämmetýaz aga-da:
―Sürgündekä sakgalam goýberen bolmaly şol doňuz. Ýöne, şol bolsa-da aýryň şony, şol ýerden şol bolmasa-da aýryň. Aýryňam, ýyrtyňam, ýogam ediň. Şu çaka çenli şu ýerde nämüçin ynjalyp bilmeýändigimiň sebäbinem indi bildim. Şu töwerekde şoň sudurynyň bardygyny süňňüm syzan ekeni, –diýip, şo-ol özelendi oturdy. Esen köwüşçi:
―Şu ýerde şoň suratynyň bardygyny şunça ýyllap özümem bilmändirin, - diýdi-de, burça tarap jüýjerildi.
Mämmetýaz aga aşak bakyp, ýüzüni iki ýana sypajakladyp oturşyna bozuk radio ýaly “jygyr-jygyr” etdi.
―Bilib-ä aňyrsyna-da geçýänsiň-de, ýöne ýelmäniňde-hä oň höküminiň ýöreýän döwrüdir, aýrylyşyk bolanda-da ýadyňdan çykaransyň.
―Haý, näbileýin-dä..., - diýip Esen köwüşçi tasma kesýän keseriniň gyýajyk ujy bilen suraty goparyp aýyrdy. ―Ine, Mämmetýaz, haçan ýelmenenem bolsa aýyrdyk şuny. Indi arkaýyn oturyber.
― Beh, şunça suratyň içnden şony tanaýşyny-aý, - diýip, häliden bäri äm-säm bolup oturan Hemdem aga-da başyny ýaýkady.
Ol suratyň haçan kim tarapyndan ýelmenendigi belli bolmasa-da, çeýnelen nan bilen ýelmenendigi belli boldy. Şonuň üçinem, Esen köwüşçi hernäçe jan çekse-de, ony mynjyradyp bilmedi. Gatan hamyrçanyň ýiti gyňaklary aýalaryna çümdi. Agyrtdy. Ahyram ol abat ýeri galmadyk el ýaly suraty maňa berdi-de;
―Al, köşek, şuny bir aýak basylmaz ýalyrak ýere zyň, - diýdi.
Men “raýkomyň” işigindäki hapa taşlanýan guta tarap ugranymdanam goltugynyň aşagyndan eýläk-beýläk howatyrly garanjaklap oturan Mämmetýaz aganyň ýuwaşjadan:
―Gaýtam basgylanar ýalyrak ýere zyňsana şony, tuwalidiň içine taşlasana, - diýen sesi gulagyma geldi. Onuň oýnudygyna ýa çynydygyna düşünibilmän, ýaýdanjyrap durkamam dükanyň içinden Esen köwüşçiniň:
―Haý, köşek beýtmäweri, arkasy durşuna nandyr oň, - diýen, gyryljak sesi eşidildi. Men ýene-de öňki ugruma tarap ýöneldim.
...Ýene bir gezegem men olaryň ýaňy bir “arganyzawaýt” edip, dükana iberere adam tapman, ýaýdanjyraşyp oturan pursatlaryna gabat geldim.
Men elbetde, ýaşulylaryň hyzmatlaryna taýyndym, ýöne, olar içen wagtlary öňküleri ýaly akylly – başly gürrüňler etmezdiler-de, Esen köwüşçiniň janyndan syzdyryp aýdyşy ýaly “şeýtany” gürrüňler edýärdiler. Käbir aýdýan zatlaryny bolsa ýüzüň çydap diňlär ýalam däl. Şonuň üçinem şolar ýalyda Esen köwüşçi: “Baryň köşekler, gidiň, durmaň bularyň ýanynda, dursaňyz düzüwli zat eşitmersiňiz” diýip, biz ýaly gapdalda duran “diňçileri” kowýardy. “Ulyny-kiçini bileňizok, agzyňyza gelenini samahyllaşyp otyrsyňyz”, –diýip ýaşulylara-da käýinýärdi.
Şol gezegem şeýle boldy. Iki çüýşe çakyrlaryny düňküldedip öňlerinde goýanymdan, entek açylmadyk çakyryň süýjümtik ysyna keýpi göterilip ugran Sähetliýew:
―Aý, ýok, Esen, men seň ýaňky diýenleňňe-hä hä diýip biljek-gä, - diýip, meniň dükana giden wagtym gozgalan haýsydyr bir ýelhek gürrüňiň guýrugyndan tutup ýokaryk galdyrdy. – “Gyz bilen duza gytçylyk gelmez” diýlişi ýaly, naçit, aýalyňam gyt döwr-ä bolan bolmaly däl. Sen ýöne özüň gowşagrak deprenen bolaýmasaň.
Tebigatyna görä Esen aga onuň oýnuna-da garaçyny bilen jogap berdi.
―E-eý, Öwülýaguly! Göwnüňedir ol seň bolçulyk diýýäniň. Özem heleýiň bar wagty şeýledir. Öňünden çykan özüňki ýalydyr. Haýsyna ýör diýseň yzyňa düşüp gaýdyberjek ýalydyr. Niçikmi, heleýsiz galarsyňam welin, şol, bol çöpli dünýä düňle çöle döner. Gapyşar. Şondan soň öň salamlaşyp ýören heleýleriňem, tanyş-bilişleriň hatda dogan-garyndaşlaryň maşgalalaram senden sowlup geçerler. Gaçarlar. Sebäbi şondan soň sen olara melamatsyň. Garamatsyň. Golaýlaşdygyň garaň ýokjak ýaly bolup durandyr.
Esen köwüşçiniň keseri bilen bir çüýşäniň başyny aljak bolup oturan Sähetliýew eginlerini ýygryp “kikir-kikir” etdi.
―Ol ýaş wagtyň şeýledir. A indiden soň näme?
―Indiden soň başyma ýapaýynmy men ony?
Sähetliýewiň çym-gyzyl ýüzi birden-kä bozardy.
―Beý, o näme diýdigiň boldy, Esen?
Esen köwüşçi biliner-bilinmez gülümjiräp oturşyna galyň äýneginiň aňyrsyndan dumanlap görünýän gözlerini gürrüňdeşiniň ýazzy maňlaýyna dikdi.
―Özüň heleý bolansoň heleýi başyňa ýapjakmy?
―Aý, on-a diýme, Esen! O zatlar seň ýaşyňa bagly däl, ýüregiňe bagly. ― Gürrüňçiligiň öz eý görýän tarapyna gönügendigine hezil etmekden ýaňa “dylym-dylym’ edip başlan Sähetliýew, sag eliniň aýasy bilen çep gursagyna “pat-pat” kakdy. ―Esasy zat ine, şü! Şu telwas etmeseni goýmasa beýleki gaýrat etýä. Sandygyň açary ine şunda!
―A-aý, po-ohuňy iýmesen-aý...
Kentlewüginden sypyp bizar-peteňyny çykarýan oturtma dişlerini agzynyň içinde dili bilen eýläk-beýlek şakyrdadyp oturan Hemdem aga-da Sähetliýewden bigaýrat görünmezlik üçinmi, nämemi, ýap-ýaňyja syrylan dulyklaryny sypalap:
―Öwünýägunyň diýýäni urgunda ýogam däl haw, Esen, - diýdi. – Ir döwürler däninim, bizem, adam pahyr altmyşda zatda şol işlerden galýamykan öýderdik welin, beýle däl ekeni. Gaýtam o ýaşlar adamda däninim, şo zatlaryň tüýs bir güýz gawuny ýaly süýjäp, biýarasynyňam çetreýän wagty ekeni.
Esen köwüşçi urmak üçin ýokary göteren çekijini dem salym saklady-da, “myssa” ýylgyrdy.
―Sen özüň hakda aýtýaňmy şuny Hemdem, ýa başga biri barada aýtýaňmy?
Bady alnan Hemdem aganyň ýüzi küsserdi. Salpy dodaklary kemşerdi. Gözleri süzüldi. Sesem lükgeligi bilen burnunyň mommaý ýerine gitdi-de, içine ýel düşen ommuk küýze ýaly “hoňňul-hoňňul” etdi.
―Özüm hakda aýtýan...
―Näçe ýaşyňda sen şumat?
―Aý... ―Hemdem aga gözlerini tegeläp her kimiň ýüzüne bir seredip çykdy. ―Ýetmişe-hä baramok.
-Şo ýaşda-da şeýle ekenimi onsoň ýaňky diýýäniň?
―Howwa!
―Onda senem pohuňy iýme!
―Çynym how, Esen meň! Sen däninim ynan şuňa. Bir hendejik görmesek däninim, dogrusy, göwnümiz küýsäp, ernimiziň suwy akyberýä biziň-ä...
― Niräňden nämäniň akýanyny gowy bilýän men, - diýdi-de, Esen köwüşçi Mämmetýaz aganyň ýüzüne seretdi. ―Sen näme sesiňi çykarman otyrsyň? Ýa sende ýokmy olar ýaly gaýrat?
Sähetliýewiň käselere çakyr guýşuny işdä bilen synlap oturan Mämmetýaz aga-da birazajyk oýurganan ýaly etdi-de, ilkä:
―Aý, porsy balaklaryny bulaşyp ýemetjagaý şolaryň...-diýdi. Soňam il bilen ugrybir gopmasa oýundan çykaryljak oýunçy ýaly “şi-ip” etdirip erniniň suwuny sordy-da: ―Aý, howwa-da, garaz...şoňa ýüregiňi dikseň... bulaňkam...ugrunda ýogam däl... – diýip, uzyn-uzyn ardynjyrady, üsgünjiredi, gözüni çakyrly käselerden aýyrman oturşyna hamala hamy süňklerini gysýan ýaly ýüzüni ynjyly çytyp iki-baka towlanjyrady. ―...Mahal-mahal kelleaýgyň çorbajygyny içibilseň, aýda byr gezek, ýarym gezek bolmanam duranok...
Goldaw tapanyna monça bolan Hemdem aga:
―Aý, lä-ätdiň-aý Mämmetýaz myny... – diýup, endigine görä yranjyrap başlady. ― Aýda, bir gezek, ýarym gezek üçin-ä hiç zadam gerek-gä. Ýöne, ine, birneme ýygyrak bolsun diýseň, däninim, hökman kelleaýak däl, ir bilenjik bäşdir-üçdir çig ýumurtgajyk içseňem bolýa. Bir çemçejik ary baly bilen däninim bir düýp sogany ýymyrtga garaga-da, saryýaga göwrup iýibilseň-ä ýarym sagat geçip –geçmänkä gözleriňi jüýjerdip töweregiňe garanjakladyberýä.
Öňki aýdanna-da puşman edýän ýaly ýygryljyrap oturan Mämmetýaz aga:
―Aý, edil oňňal-a bolasy ýok-la, - diýip öňküsindenem beter mygyljyrady.
Oňa çenlem Sähetliýew Esen köwüşçiden başga hersiniň eline içi gan ýaly gyzyl çakyrdan doly käsäni tutdurdy. Agzyny şapbyldadyp owsun atdy.
―Alyň onda, ýigitler! Naçit, saglyk bolsun! ―Biri-birleriniň ýüzlerine mölerilşip käselerini boşadanlaryndan soň, aran ýaly penjelerini somlaşyp “kambala” hüjüm etdiler. Sähetliýewem agzyna bir bölek balyk saldy-da, gürrüňçiligi dowam etdirdi. ―Haýsyňyzkynyň has nemeräkdigin-ä biljek-gä, ýöne, naçit, ortatabarak gazanda öňürt-ä gowy edip gulanyň etini gaýnatmaly, bişensoňam etini aýryp, çorbasyna dag goçunuň etini atmaly, soň keýigiň etini atmaly, bişensoň onam aýyrmaly-da, galanja çorbasyna sülgüniň etini, ondan soň kepderiniň, iň soňunda-da serçäň etini atyp gaýnatmaly. Iň soňunda-da naçit, bir şakäse ýalyrak çorba galýa. Ed-dil, malgam ýaly... ―Ol ellerini owkalaşdyryp diň-gögüne garady. Gözüni ýumup agzyny şapbyldatdy. Kellesini iki baka ýaýkady. ― Ana, şony içseň-ň... Esen-n-n... Baý-ba-a-a...
Esen köwüşçiniň ýüzi üýtgedi. Birhili, göwresem tisginen ýaly boldy. Kellesi öň aşak-ýokary saňňyldaýan bolsa, indi gapdallaýyn ýaýkandy. Aşaky dodagy öňküsindenem beter çüreldi.
―Nätýä onsoň şony içseň? Zigirrigiň tut ýaly bolaýýamy?
―Aý, Esen sen sorama, menem aýtmaýyn o gurbany gitdigimiň oýnuny. ―Sähetliýew Hemdem aga tarap elini uzatdy. ―Bulaňky ýaly aýda bir gezegiň, günde bir gezegiň gürrüňi ýok onda. Özüň ýadap özüň goýaýmasaň, naçit, san-sajak galanok. Hasap ýitýä.
Esen köwüşçi yzly-yzyna ýuwdundy-da, ýeňiljek üsgünjiredi, hiç zat ýok ýerden burunjagazyny çekdi.
―Galhozyň goçy bol-a zaňňar...
―Aý, ýok, şuňky dogrydyr, Esen. Sebäbi bi loňkuldysyny sanaýandyr. Hasaba-da kütegräk bolansoň...- diýip Hemdem aga-da gürrüňiň leňňerine bat berip goýberdi.
Esen köwüşçi esli wagt bäri howada saklap duran çekijini ahyry aşak goýberdi.
―Aý, görýän welin, hiç haýsyňyzam rastyňyzy aýdasyňyz gelip baraýanok ýaly...
Beýlekiler birazajyk müýnürgejek ýaly etselerem, Sähetliýew onuň bu sözlerine hezil edip güldi.
―Rastymyzy aýdanymyzda näme diýmelimişik biz?
―Aý, ony men özüm aýdaýmasam siz aýdybilmiýäňiz.
―Bol, aýt-da onda özüň.
―Aýtsam, öňem özüň ýaly diliniň keýpini görüp ýöreniň biri ýol ugrunda özi ýalynyň birine duşupdyr-da: ―Nähili, bolýamy bu günler bir zat, ýa galdyňmy indi o zatlardan, diýip sorapdyr. O-da: ―Aý, başga zada bolmasa-da gaharym gelen wagty sökmäne, gyssanan wagtym buşukmana-ha bolýa, diýip, gönüsinden geläýipdir. Ol şeý diýensoň: ―Aý, howwa-da, şeýle-dä, biziňkem şol-da, diýip, beýlekem dogrusyny aýdypdyr. Ýogsam bolsa o-da patarraka urjak ekeni siz ýaly... ―Esen köwüşçi az-kem köşeşdi-de, indi ikinji gezek götermek üçin it ýylgyrşyny edişip, biri-birlerine tarap käselerini ülňeşip oturan heserdeşleriniň ýüzüne ynjyly garady. ―Ondan-a ýalan sözlejegem bolmaň, uludan gopjagam bolmaň-da oturyberiň arkaýyn, tapanja zährimaryňyzy bokurdagyňyzdan ötüriňde. Ýa sorag edýän bamy sizi, pylan işi edibilýäňizmi ýa edibilmeýäňizmi, diýip? Süýt edýän bamy? ―Ol maňa tarap baş atdy. – Alnyňyzda bolsa ýaş oglan dur...
Kellesi göçen “ýigitler” welin Esen köwüşçiniň ojagaz duýduryşlaryna dagy diýýämisiňуm diýmediler. Gaýtam öňkülerindenem beter has mojuk gürrüňler tapdylar. Şonuň üçin men Esen köwüşçiniň sypaýyçylyk bilen kowaryna-da garaşman hem-ä wagt geçirmek, hemem suw satýan owadan pars gyzyny synlamak üçin golaýdaky, içi kinoteatrly, tirli, tans meýdançaly baga tarap ugradym.
...Bu zatlary beýle beletlik bilen ýatlap oturmagymyň sebäbi, men tutuş etrap boýunça, Esen köwüşçiniň esasy müşderileriniň biridim. Çünki, maşgalamyz uly bolansoň biziň öýde köwüş köpdi. O-da näme, aýak asty zat bolansoň derrew tozmak bilen bolýa. Häli-şindi täzeläp durmana bolsa ýagdaý ýok. Şonuň üçinem, öýümizde kimiň köwşi ýyrtylsa gözüni tegelärdi-de, meniň ýüzüme seredäýerdi. Ine, onsoň ertesi irden içi köneje köwüşli köneje “garzinkany” köneje welosepediň şahyndan ildirip jünäbermelidirin, nirede Esen köwüşçiniň ussahanasy diýip. Baransoňam şol bir adamlar alawagyrdy bolşup oturandyrlar.
Elbetde, olaryň her gezek baranymdaky urýan warsakylarynyň hemmesini şunça ýyldan soň, ýeke-ýeke ýatlap çykmak mümkin däl. Ýöne, bir gezekki, içgisiz haldakalar, durmuş, maşgala, ogul-gyz, ýan ýoldaş baradaky ýüreklerinden syzdyryp eden gürrüňleri, Esen köwüşçiniňem etmedigini edip olara garaçyny bilen käýişini welin heniz-henizlerem ýadymdan çykanok. Ol söhbetdeşlik meniň beýnimiň içinde ömürboýy şo-ol, kowsarlady durdy, kowsarlady durdy.
Şol söhbetdeşligiň turubbaşdan nämeden başlananyny bilemok, ýöne, ussahananyň işiginde alaşakyrdy bolup welosipedimden düşüşim ýaly Sähetliýewiň:
―Naçit, men Esen, indi durmuşyň bar aladasyndan dynan adam men. Hezil! – diýen jygyrdawuk, emma diýseň joşgunly sesiniň gulagyma ilendigini bilýän. ―...Hudaýa şükür, ýaramaz işgär diýdirmän, ýekeje “wzyskanny” alman, şunça ýyl bir kärde işledik, pensiýä çykdyk, ýaşlara kommunstik ruhda terbiýe berdik, Makarenkonyň, Suhomlinskiýniň taglymatlaryny öwretdik, çagalary öýli-işikli etdik, öýlerini başgaladyk, olaram naçit, öýli-öýlerinde, agzybirje ýaşaşyp ýörler, azarlary ýetenok, meňňem olara azarym ýetenok, kempir ikimiziňem iýmämize içmämize-de... ―Oňa çenlem men welosipedimi ussahananyň böwrüne söýäp, gapynyň agzynda häzir boldum. Derimi çalyp, “has-has” edip durşuma salam berdim. Mämmetýaz aga ýap-ýaşylja gözjagazlaryny jüýjerdip ýüzüme gorkuly garady-da, “şi-ip” etdirip erniniň suwuny sordy. Daş-töweregine göz aýlady. Diňe şondan soň göwresine gelişmeýän warrygrak sesini bokurdagynda gaýnadyp, meýdan kepderisi ýaly “lugur-lugur” etdi. Men şuňa onuň: “gurgunmysyň” diýdigidir, diýip düşündim.
Ene ýabyň boýunda biten hyşagulpak ýaly bir gyrada hellewläp oturan Hemdem aga-da adamçyl erkek ýaly gözlerini agdar-düňder edip ýüzüme ýüzleýräge-de seretdi-de, göwünli-göwünsiz: “Bäneýik” diýdi. Welosipediň şakyrdysy gulagyna ilenden kimiň gelenini aňyp oturan Esen köwüşçi bolsa başynam galdyrman: “gel, köşek”, diýdi-de, maňa tarap elini uzatdy. Men ýeňseleri ýyrtyk, aşagy sallanyp ýatan bir jübüt köwşi “garzinkadan” çykaryp onuň eline tutdurdym. Gürrüňe kellesi gyzan Sähetliýew welin maňa ünsem bermedi, salamymyam almady-da, men gelelim bäri gör näçenji gezekdir, sag eliniň süýem barmagyny bokurdagyna syhap, Esen köwüşçä tarap boýnuny süýndürdi. ―...Kempir ikimiziň iýmämize-içmämize-de naçit, pensiýäjigim, mana, ine, şyndan ýetýä! Onsoňam islän wagtym islän ýerime gidýän, islän wagtym gelýän, boldy-da şol! Başga näme gerek maňa? Hä?!.. Dogry dämi, Esen şü meň aýtýanlarym?!
Eýýämhaçan köwşümiň ýeňsesine goýar ýaly tasma kesip oturan Esen köwüşçi bolsa oňa jogap bermäne derek äýneginiň üstaşyry meniň ýüzüme seretdi.
―Şu ýerde garaşjakmy ýa gyzyl suw içip geljekmi? ― “Kamyr” bolmansoň tigrine iki gat “pokryşka” goýlan welosipedimiň okjagazyndan başga daşynda aýak basara abat ýeri galmadyk, her basanymda jygyldysy şäheriň o çetinden eşidilip duran posluja pedalyna tarap naýynjar garanymdanam ýagdaýyma sessiz-üýnsiz düşündi-de: ―Bor onda, köşek, azajyk garaşaý. Gün gyzmanka oba aşaryň ýaly ine, derrewjik borun men mynyňy. Mazaly okuwyňa-da ýetişersiň, - diýdi.
Men işigiň söýesine egnimi berdim. Öňem telim gezek synlan suratlarymy ýene birlaý synlamak üçin nazarym bilen diwarlary sermeläp ugradym. Goparylan suratyň ýerine hiç zat ýelmenmändir. Üýşüp ýatan köne köwüşler welin köpelipdir. Başga üýtgeşiklik ýok. Şonuň üçinem men nazarymy diwardan aýyrdym-da, ilk-ä usullyk bilen Esen köwüşçiniň aýasy gabarçak-gabarçak bolup duran hor, damarlak ellerine, her ýygyrdyndan joralanyp der akyp duran ýadaw ýüzüne, maňlaýynyň gasynlaryna, torlaryna, sypjyrak-sypjyryklygyndan ýaňa ýerliginiň garadygy zordan bildirýän gaýyş öňlügine, sag gapdalyndaky kiçijik stola söýelgi “demir aýaga”, stoljagazyň üstündäki, ussanyň bir özüne üfläp duran kinniwanja pyrlampaja, içi owunjak çüýjagazlardan, goňur, gara reňkdäki kremlerden doly tes-tegelejik, demir gutyjyklara, ondan soň henizem Esen köwüşçiden jogaba garaşyp, sadylla bolup oturan Sähetliýewe, Sähetliýewiň gapdalynda mawyja gözlerini çerreldip oturan Mämmetýaz aga, ol ikisiniň garşysynda, Esen köwüşçi bilen ýanaşygrak oturan Hemdem aga tarap göz aýladym. Esen köwüşçiden jogap bolmajagyna ahyrsoňy göz ýetiren Sähetliýew “hyrra” çep gapdalyna öwrüldi-de, hamala birinji gezek görýän ýaly henizem maňa tarap ätiýaçly garap, eňeginiň hamyny titredip oturan Mämmetýaz aganyň, soňam ýazzy maňlaýynda ötleli ýaly içini tutup yranjyrap oturan Hemdem aganyň ýüzüne seretdi.
―Hä?!Dogry gerek meň ýaňky aýdýanym?
―Wah, dogrulygyna dogry-y... – diýip, Hemdem aga badyny saklajak bolýan ýaly her eli bilen aşagyndaky oturgyjyň bir tarapyndan ýapyşdy. ―...Ýöne, hany seňki ýaly bagt hemmä ýetidrip durmy? Biziňkiler-ä ine, däninim öý-işik bolanlaryndan soňam azarlary az ýetenok. Durmuşa çykaran gyzlarymyza çenli häli-şindi gelip pul dileşip durlar. Biri pylan zat aljak bolýas diýýä, beýlekisi Aşgabada iş bilen gitjek diýýä, garaz günüňe-hä goýanoklar. Birine berip beýlekisine bermeseňem öýkeleýäler. ―Gyzlarynyň şeýdip ýörendikleri üçin hamala şol günäkär ýaly, Hemdem aga bereketli ýüzüni Sähetliýewiň gany ýere damaýjak bolup duran hyştym – gyzyl ýüzüne golaýlatdy. ―Ahow, men däninim, zikge kakamog-a olaram eklär ýaly! Bäş-üç sany kel toklym bilen iki sany gotur geçim bar diýäýmeseň mende-de artyk-süýşsk zat ýog-a! Bolaýanda-da özümiňkileriň agzyna çalmal-a men o zatlary. Maşgalam diýip aňyrlaryna geçirensoňlar öz eýeleri üpjün etmeli-ä olary! Eklemel-ä! Pulmy, malmy, näme diýseler tapyp bermel-ä zerur zatlaryny. Onsoňam men däninim, onsuzam eltip durun-a olaňka artyk-süýşük zadym bolsa... ―Hemdem aga gargy gamyş ýaly bogun-bogun bolup duran ýogyn, topbak-topbak tüýli barmaklaryny birin-birin büküp başlady. ―Sygrym guzlasa çagalary içer ýaly süýtjagaz eltip berýän, düýäm botlasa çaljagaz berýän, dermanlyk gerek diýseler süýdünem berýän, dowarjyk beýleki öldürsem däninim üstüne bir böwrek bilen bäş-üç sany kelte gapyrga goşup hersine bir satan, ýarym satan etjagaz iberýän. Bondy-da şol!
―Dogry aýtýaň, Hemdem! Gyzam bolsa öz çagaň. Durmuşa çykanam bolsa horlanyp ýörenlerini görseň durup bolonak. Eliň ýene-de şolara tarap uzanyny bilmän galaýýaň... – diýip özüniňem gijeýän ýerini gaşamak üçin häliden bäri pursat peýläp oturan Mämmetýaz aga ara maý düşenden töweregine garanjaklamak endiginem unudyp, ur-tut ara sokuldy. ―Ýöne, juda başyňa çykyberjek bolsalar olara-ha çekiliň, diýäýseňem bolýa welin, ýöne, ogullaňňa gezek gelende onam edip bolanok.
―Ana! Ana... – diýip, Hemdem aga süýeklerini şakyrdadyp öňe omzady. ―Ýaňkyň yzyndan menem hut şuny aýdaýyn diýip otyrdym. Edil, agzymdakyny kakyp aldyň. Sebäbi diýseň, Mämmetýaz olar bilen seň janyň çatyk. Gidere ýeriň ýok. Giýew ýaly keseki, gyzyň ýaly kişi maşgalasy däl. Ana, onsoň o tarapdan näme azar görseňem garagyň akan ýaly çekmeli bolýaň, etmelem bolýaň. Ýöne, içiň ýanýan ýeri üstlerinde hernäçe petek-peýman bolsaňam gadryňy-ha bilenoklar şolar. Pul diýseler pul berersiň, mal diýseler mal tapyp berersiň, özüňe bir zat satyn aldygyň puluň ýele gidäýjek ýaly ýene-de tapanjaňy şolara siňdirjek bolup, gazananjaňy şolara sürtjek bolup, gije-gündiz ugurlarynda ser-sepil bolar ýörersiň welin ahyrsoňunda bahaň bir jinnekdir. Çagam –ow şü, gepimi çeker-ow şü, diýip ýekeje agyz gaty gaýrym aýdyp bilmersiň. Aýdaýdygyň däninim, öýlenýänçäler-ä öýkelärler-de öýden giderler. Telim günläp niredediklerini bilmersiň. Ana, onsoň däninim, bir ýerden başybitin çyksalar kaýyl bolarsyň. Öýlenenlerinden soň welin öýden gitmezler-de, ýeňselerini tüňňerdişip gapdalyňdan turup giderler. Gepleşmelerini goýarlar. Salam – heliklerini keserler. Öýi başgalaryndan-a däninim indi aýyp-synam etmersiň welin, şü, bir öýden girip-çykyp ýörenlerem senden habar tutmalaryny goýarlar. Birküç gün bolýan jaýyňdan çykman oturaýanyňda-da gapyňdan gelip: kaka, keýpine otyrmyň ýa ýaraňokmy, diýmezler. Gaýtam, daşda-içde gabat geläýenlerinde-de ýüzlerini eňşedişip, sowlup geçerler. Garagyň akan ýaly ýene-de özüň lak atyp, özüň ýaraşaýmasaň ýüzüňede seretmezler. Seň bilen ýüzbe-ýüz boluşandan gidip ho-ol, gaýynlary bilen gatnaşanlaryny, bajalary bilen badaşanlaryny gowy görerler.
―Öňkülerimiz: ulaldyp, öý-işik edenimden soň aladalaryndan dynaýarmykak diýersiň welin, aladaň ulusy şondan soň başlanýandyr, diýerdiler. Seredip otursaň şolaryňky çyn ekeni.
―Çyn şol Mämmetýaz çyn! Şularyň däninim, käbirleriniň kemala gelensoň ýuwutdyrýan hunabalaryny din duşmanyňam edibilmez. Özüňe berýän ezýetlerini hasap etmäniňde-de, biri-birleri bilen tersleşip, gatnaşman gezselerem sen gynanarsyň, hor-zar bolsalaram sen gynanarsyň, sähelçe üsgürip-asgyryberselerem ýene sen gynanarsyň, garaz, köňlüňe parahatlyg-a ýokdur, şolardan ýaňa...
―Wah-heý, köneler onam aýdypdyrlar-a, “çaga bir süýjüje duşmandyr” diýip.
―Duşman kemleri-ha ýok, Mämmetýaz şulaň. Duşman bolmasalar däninim, seň ýagşylyk diýip aýdan zadyňa duşmançylyk diýip düşünmezler-ä! Özem şu gylyk dogabitdi döreýä. Şolarda. Ýaňy bir aýak bitenjesine-de oda, suwa golaýlaberse “barma” , “gaýt”, “bişersiň” ýa “akarsyň” diýmek bolanok. Şony diýdigiň dodagyny kemşerder-de, iki gözüň içine seredip zörlediberer. “Nämüçin meň edenime däl diýdiň, nämüçin meň towugyma tok diýdiň”, diýdigi şol şoň. Ana, şo gylygam ömür ýoldaş bolýa. Gany bilen girýä, gany bilenem çykýa. Sen şoňa ýamanlyk däl-de, ýagşylyk etjek bolandygyňy hiç haçan düşündiribilmiýäň.
―Özlerem däninim, Mämmetýaz, şeýle bir ýalta şular, Ynansaň tä, günortana çenli ýatyp bilýäler-dä, bütin maşgalasy bolup.
―Ynanýan, ynanýan. Sebäbi, meň özümde-de bar-a şolar ýalyň bir sürüsi. Görüp ýörün-ä... hemmesem byr-a, bylaryň. Barysy byr sort-a!..
―Ýaman dert, däninim, ýorganlaryndan turanlaryndan soňam gereň bolan ýaly gözlerini süzüşip, irkiljireşip otyrlar. Hi-iç, iş-güýç bilen serleri ýok. Edil, ýata suw ýaly. Bäş – alty ýyllykda däninim täze mellekden jaý salanym-a bilýäňiz. Ana, şonda dagy: kaka näme edeli, näme getireli, niresine kömekleşeli, diýip, gapdalyňda direnişip duraýalarmyka diýýäň welin, ýekejesi görünenog-a, gapdalyňda. Gaýtam kejikdirip zyýan etýäler. Käwagt dagy:bor, bararys, diýibem baranoklar. Günuzyn ýollaryna gara-apjyk geçersiň. Taýynlan ylaýyň dagy saraňgaty bolar gider. Üstüne suw sepe-sepe bizar borsuň. Agşamlyk öýe baransoň: Nämüçin barjak diýibem barmadyňyz, diýýäýseň dagy: aý, men pylankeslere oturyşyga gitmeli boldum diýer. Onda düýn aýtmaly ekeniň-dä, aldamaly däl ekeniň-dä, diýseňem “maňňyl-muňňul” edişip, siltenjireşýäler-de, turýalar ötägitýäler. Abyr-zabyr edip, üstlerine dübläýseň dag-a günleri gelýä. Sebäbi şondan soň gepleşmän gezip bolýa. Gepleşmän gezýän döwürleri bolsa olar işden tekiz boş. Bar diýýän, ýör diýýän ýok, barmadyň, görünmediň, diýýän ýok. Işlemeseňiz ters işläň, gaýdyp baraýmaň şol ýere işlejek diýip, diýseň dagy hasam gowy görýäler...
―...Tüýs bir bidöwletler-dä. Ed-il meňkiler ýaly-da! Be-e-e, bularyň biri-birlerine meňzeýişlerini... ―diýip, Mämmetýaz aga öz-özi bilen gürleşýän ýaly ýuwaşja seslendi. ―Aý, howwa-da, köneler aýdypdyrlar-a, “Döwletliniň çagasy ýorga münüp ýorgalar, bidöwletiň çagasy garkyldadyp gaz oýnar”, diýipdirler-ä! Tüýs şo-da, şularam...
―Özem däninim, Mämmetýaz, men hi-iç, düşündiribilmedim şolara şo jaýyň maňa däl-de özlerine gerekdigini. Erte öýlenersiňiz, heleý alarsyňyz, ine, onsoň bu öý size darlyk eder, heriňize bir jaý gerek bolar, sebäbi bir öýde özüňiz oňuşsaňyzam heleýleriňiz oňuşmaz, ata-baba bilnip, görlüp gelinýän zat şü, diýýän welin, piňlerine-de däl. Oty-yrlar, dommarylyşyp. Maňa aýtýaňmy ýa ýere aýtýaňmam diýenoklar. Gaýtam “heleý” sözüni eşidenlerinden bir-birleriniň ýüzlerine seredişip “ýyrş-ýyrş” edişen bolýarlar. ...Şeýdip ýeke özüm alyp çykdym ahyrsoňam, şo jaýyň gurluşygyny...
―Bilýän-ä men, ýadyma düşýär-ä ýeke özüň batga batyp-çümüp heläk bolup ýörşüň.
―Indem däninim, ho-onha, otyrlar şolaryň hersi şo jaýlaryň birinde. ―Hemdem aga öňküsindenem beter janykdy. ―Hiç, otyrsynlar! Degme otyrsynlar! Bolmanda-da şolar üçin saldym men o jaýlary. Ýöne, içimiň ýanýan ýeri däninim, birinden – biri gelegä-de ýekeje gezek: kaka, biz ýalňyşypdyrys, seni nähak käýindiripdiris, sen dogry aýdan ekeiniň, ähli azaby biziň üçin çeken ekeniň, köp sag bol, özüňem käýindirenimiz üçin bagyşla diýäýerlermikän, diýýäň welin, hiç tamaň çykanok-da! Gaýtam däninim utanman: biziň pulumyza salyndy şu jaý, zähmetinem biz çekdik, diýişýäler. Niräniň zähmeti ol, niräniň puly, nireden tapýalar olar ýaly namart gürrüňleri, biz-ä haýran...
―Ejeleri öwretýä o gürrüňleri olara, Hemdem, ejeleri öwretýä. “Sizem şu howla şoň bilen deň şärik. Puluna-malyna-da şärik. Eýemsiräberjek bolsa süýtleşmäne-de hakyňyz ba, sebäbi “domowoýda” adyňyz ýazylan, kanunam siziň tarapyňyzda”, diýip gije-gündiz oglanlara bat berşip ýören şolar-a! Onsoňam Hemdem, üşük diýlen zat asylam ogla ejeden geçýä. Gyňyrlyklaram, ululmsylyklaram, ýaltalyklaram geçýä. Ýelniňe ýemedeýinleň süýdi bilen geçýä. Seň hernäçe jan çekiber, gylyk-häsiýeti şolaňkydyr. “it ata, är daýa” diýilmegem şoň üçindir.
―Mämmetýaz aga gurt gören şagal ýaly bir düýrmek bolup Hemdem aganyň ýüzüne garady. ―Olara-da bilýäňmi kimden geçen?
Hemdem aga bir zat ýadyna düşen ýaly diňşirgendi-de, diň – gögüne garady.
―Kimden?
―How eneden! Şeýtanyň alyna gidip Adam atany behişden kowduranam şol-a! Sebäbi gyňyrlyk edip tobadan ýüz dönderýä. Şony özüne kiçilik bilýä. Ulumsylyk etýä. Allatagalla-da olar ýaly zady halano-ok. Düşdüň? Ana, onsoň gahary gelýä-de: “Hä-äý, gadyrbilmezler, baryň, şol ýerde görgüňizi görüň, özüňiziňem ömür agyzyňyz birikmesin, tä kyýamat ahyra çenli ömrüňiz duşmançylykda geçsin”, diýýä-de, ikisiniňem aýagyndan tutup zyňyp goýberýä, Ýeriň ýüzüne.
―Ystalynyň seni Sibire sürgün edişi ýalymy.
Sähetliýewiň bu sözüne Mämmetýaz aganyň “girre” gahary geldi.
―Men, Öwülýaguly, Ystalynyň ýalňyş syýasatynyň pidasy boldum, o çyn, meni basdyran Ystalyn däl-de öz obamyzyň adamlary. Öz dostlarym. Olar şumadam gezişip ýörler aramyzda. Aýt diýseň atlarynam aýdaýyn, ýeke-ýeke...
Esen köwüşçi gyňraýlap Sähetliýewiň ýüzüne seretdi. Çekijiniň sapyny onuň otyrýerine tarap öwürdi. Ýöne, dürtüp ýetişmänkä, Sähetliýew eýýäm aýaklaryny tapyrdadyp Mämmetýaz aga tarap ellerini daldalatdy.
―Ýok, ýok! Gerek-gä! Atlaram gursun şolaryň özlerem. Sen gowusy ýaňky ýaly fantastiki gürrüňleriňden aýdyber!
―Pantanysky däl how, o gürrüňler, Öwülýäguly, çyn zat! Kitapda ýazylan zat. Özem ýeke byr musurmanyňkyda däl-de, orsuňkyda-da bar. Sibirde bolamda ýanymyzda byr ors mollasy bardy, “pop” diýip, ana, şondan bildim men myny. Seredip otyrsaň olaňkyňam biziňki bilen meňzeş ýerleri köp ekeni.
―Aý, howwa-da! Ikisem bir erteki-dä! Fantaziýa-da! Marksizmiň, Leninizmiň materialistik taglymatlaryna ters gelýän, idealistik düşünje-dä!
―Ýeri, bonýa-naý, Öwünýäguny! Mugannymnygyňy bindirjek bonup däninim köwenmesen-aý... – diýip, Hemdem aga Sähetliýewiň ýüzüne gelmezlik üçin düýrüle-düýrüle bir gysym bolan Mämmetýaz aganyň arkasyny aldy. ―Gepnemäne bir goý-a, bi bendäni, aýtsyn-a göwnündäkini. ―Soň ol Mämmetýaz aga ýüzlendi. ―A-arkaýyn aýdyber, Mämmetýaz, indi päsgel berse däninim, men özüm gerin muň hötdesinden... ―Ol Sähetliýewe ýalandan haýbat atan boldy. ―Gysyp otur how, Öwünýäguny! Düşdüňmi?
Mämmetýaz aga şondan soňam esli wagtlap öýkelän çaga ýaly aşak bakyp oturdy. Ahyram:
―Aýtsam näme, ýaňky aýdanym-da, -diýip, kynlyk bilen söze başlady. -―Allatagalla Adam ata bilen How enäni şu ýere zyňjak wagty: “Eden işiňize toba eden günüňiz göni geläýiň, kabul ederin”, diýipdir. Nesilleriňize-de sargaň, toba gapym hemişe açykdyr, diýipdir. Emma ine, aýdyşlaryna görä nijembir ýyllar geçipdir welin...
Sähetliýew ýene-de “şyggyldap” başlady.
―Ýüz ýyl dag-a geçendir.
―Aý, lä-ätdiň-aý, Öwünýäguny...
―Hä, näm boldy, Hemdem?..
―Birinjiden-ä şu adamyň sözüni bölme, diýildi saňa. Ikinjidenem mugallym halyňa utanaňokmy şonça ýyla ýüz ýyl diýmäne?
―Şonça bolanda näçe bolýa?
―Aý, men näbileýin, näçe bolýanyny, ýöne, iň bolmanda däninim minýona bardyr...
―Bar, million bolsa million eken-dä!.. ―Sähetliýew çalarak egildi-de, aýasy bilen Mämmetýaz aganyň egnine kakdy. ―Aýdyber, aýdyber. Oýun edýän. Degişýän.
Eýýämhaçan boýnuny sallap, küsserilip ugran Mämmetýaz aga şi-ip” etdirip erniniň suwuny sordy-da:
―Bilýän-laý... – diýip, başyny galdyrdy. Gözjagazlaryny ýyldyrdadyp ilki Sähetliýewiň, soňam Hemdem aganyň ýüzüne seretdi. ―Näçe ýyl geçenem bolsa adamzat henize bu güne çenli düzelib-ä bilenok... Dogry tyhnyka ösýä, ýöne Hudaýa seň tyhnykaň gerek-gä, oň öz tyhnykasy özüne ýetik, oňa arassaçylygyň gerek... ―Mämmetýaz aga ýene bir gezek erniniň suwuny çekdi-de, Hemdem aganyň ýüzüne seretdi. ―Ine, nireden gelýä, biziň çagalarymyzyň gyňyrlygy, Hemdem! How enä Allatagallanyň öňünde toba etdirmedik gyňyrlyk ganlarynda barka, çagalarymyz bizden aňsat-aňsat ötünç soramazlar. Biz şoňa boýun bolsagam bolaýmaly, bolmasagam bolaýmaly. Sebäbi, bu ikarada Allatagallanyň ömürlik dawagäri bolan Şeýtan dur direnip. Öz tarapyna birini çekibildigi ol Allatagallanyň ýanyna baryp heşelle kakýamyşyn, ine, ýene birini seň ýoluňdan azdyryp öz ýoluma saldym, diýip. Ýogsam däninim, bizem käýýäýenimizde-de, gaty- gaýrym aýdaýanymyzda-da şolara bähbitlisi bolsun, peýdalysy bolsun, diýip aýdýas-a...
―Wah, sen däninim, şarpyk çalaýanyňda-da şolara gowusyny etjek bolup çalýaň-a! Onsoňam how, yz ýanyndan däninim, özüňem öler ýaly gynanýaňam-a. Puşmanam edýäň. Ýüregiň dagy süýşe-süýşe ökjäňe barýar-a...
―Howwa-da! Çagaň-da! Dözmeziň-dä! Dözeňok-da!
―Durup bolanok-da!
―Durup bileňok-da!
―Şo-da! Olar bolsa däninim, ur-tut seň bilen dikleşjekler, şol ýeriň özünde jogabyňy berjekler, atam-ow, şü, gel-aý, bir gezejik bir aşak bakyp, sesimi çykarmanjyk diňläp göreýinow, şuny welin diýjekgä-ler. ―Hemdem aga Mämmetýaz aganyň üstüne abanyp “lagyr-lagyr” etdi. ―Kiçijikkäm maňa enem pahyr bir zat aýdardy, Mämmetýaz.
―Näme direrdi?
―O dierdi: Atanyň gahary lowlap gelýän otdur, oglum, ýöne, ýalaňyň odudyr, öňünden sowlubilseň däninim, deňiňden geçer gider-de, ho-ojagaz ýere barybam söner, soň üfläbem tutaşdyrybilmersiň, öňünde duraýsaň welin, ýakar, gitdigiçe-de tutaşar, şoň üçinem, hiç haçan ataň bilen menjeşmegin, sebäbi oň saňa ýamanlygy ýokdur, diýerdi.
Gaňňa münen çaga ýaly oturan ýerinde öňe-yza “gaýkyjaklap” oturan Mämmetýaz aga barmagyny gürrüňdeşiniň gözüne sokaýjak boldy.
―Ana! Ana! Çyn şol! Hakykat şol! Dogry aýdypdyr şo görgüli şony!..
Her kimiň agzyndan çykyp, ussahananyň içinde o ýan, bu ýan uçup ýören gep-gürrüňleri gözi bilen tutjak bolýan ýaly, häliden bäri her kimiň agzyna bir seredip oturan Sähetliýew, elinden aldyran gezegini gaýdyp almak üçin bolsa gerek, ara sähleçejik böwşeňlik düşenden:
―Aho-ow!.. – diýdi-de, aşak ýapyryldy. Oturanlara tarap gezek-gezegine owsun atdy. ―Siz şolary ekläp-sakladyňyz dämi?
Dertdeşleriň ikisem birden dillendi.
―Howwa!..
―Öý-işigem etdiňizmi?
―Howwa...
―Boldy şol! Indiden soň siz olara gerek-gä!
―Aý, lä-ätdiň-aý, myny Öwünýäguny... – diýip, Hemdem aga dim-dik bolup duran daýaw göwresini bir demde iki epledi. ―Lä-ämüçin gerekgämişik biz olara?
―Sebäbi siz indi olar üçin artykmaç ýük! Düşdüňmi? Olaryň indi aýratyn ýaşaslary gelýä. Öz öýlerinden naçit, arkaýyn girip çykaslary gelýä.
―Biz näme, olara arkaýyn girip-çykmaň, diýýäsmi?
―Diýmeseňizem gapdallarynda garalyşyb-a dursuňyz.
―Wiý, biz läme, indi öz öýümizdenem gitmelimi?
―Özüň gitme-de olary gidir! Öýlerini başgala!
―Başgaladyg-a! Birinden başgasynyň däninim, hersini bir köçeden-ä çykardyk. Ondan beter näme gerek?
―Ýanyňdakynam çykar! Ganat beklänsoň ýekejesinem, ýekeje günem saklama gapdalyňda. Sakladygyň özüňe zyýan edersiň. Onsoň olaryň gepem gutarmaz gürrüňem. Ömürboýy öz çagaň gürrüňini eder ýörersiň ýaňkyň ýaly. Şoň üçinem, naçit, ýeke bir öýüni, mellegini, mülküni däl, obasynam başgala! Orsyýede gitjek diýse-de zat diýme! Şonda olar biri-birleri bilenem gadyrly borlar, seň bilenem. Hemem, naçit, pedagogikaň kanunyna laýyklykda öz başlaryny çaramany öwrenerler. Ýogsam, bolsa olar: bular-a henizem bizi eklejek, saklajak bolup heläk bolup ýörler-ow, diýmezler-de, bizi gysaçda saklaýalar, erkinlik berenoklar, diýip düşünerler. Şoň üçinem, ýaňky aýdanym: günübirin aýyrmaly barsyny! Ine, men nätdim?
(Dowamy bar)..
Powestler