Hemdem aga ýekeje sözem ýarym gulaç dagy süýndürdi.
―Lä-ätdiň?
―Başgaladym barsynyň öýüni. He-ersini bir çüňkden çykardym.
―Aý, ýo-oklaý, ors adamsy ýaly bolup seň onyňam däl-laý... ―Hemdem aga süňklek gollaryny howada galgadyp gaty-gaty gürledi. ―Ahyr soňy däninim, haýsam bolsa birini ýanyňda saklamal-a sen olaryň. Şonça çaga kemala getiribem baýguş ýaly ýeke özüň “gugaryp” galaýmaly däl-ä, ýykyk harabaň içinde.
―Ýeke däl-ä sen, heleýiň bar-a gapdalyňda.
―Heleýiň bolanda näme, çagaň bolmasa.
Sähetliýew söhbetdeşiniň ýüzüne gyýalap bakdy-da, okuwçysyna käýeýän mugallym ýaly barmagyny çommaltdy.
―Onda zeýrenme! Ony etdim, muny etdim, oňa ony berdim, muňa muny berdim, diýip diliňe-de çolama. Onsoňam, naçit, sen olara bermän kime berjek o zatlary? Ýa görüňe äkitjekmi? Bar baýlygyňy ýumrugyňa gysýaň, syňrygyňdan syzyp çyksa-ha ýalaýaň, bolmasa-da naçit, özüňe-de rowa görmän, aç entäp ýörsüň, obaň içinde, inegine gurt düşen düýe ýaly.
Hemdem aga ýene-de kemşerdi.
―Biderek gürrüň etme, Öwünýäguny.
―Biderek gürrüň edemok men, bolşuňy aýdýan.
―Bolşuňy aýtýan diýen bolup, aýtjagyňy aýdyp oturmalymy sen ýapa degse degmese?
―Näme, ýalanmy onda meň aýdýanlarym?
―Howwa ýalan! Haçan aç entäpdirin men obaň içinde? Ýa senden bir döwüm nan diläp bardymmy? Ýa pul diledimmi?
Ýa seň özüň az iýdiňmi meň duzumy?
―Ana, ýene-de bildirki beren bir çemçe şurruk çorbaňy diliňe çolap ugradyň... Gaharynyň gelip ugranyny bilensoň Sähetliýew ony hasam gyjady. ―Sen, Hemdem, eýläk ýatsaňam gysyk adam, beýläk ýatsaňam. Iň bärkisi ine, bir süýşe bino almaly bolsaň on kile dagy ýeňleýäň-ä oturan ýeriňde. Anatomiýa sapagynda okuwçylara görkezilýän iskilet ýaly süňkleriňi şakyrdadyp, galpyldap otyrsyň.
―Men Öwünýäguny, gysganç bolaýyn, sahy bolaýyn, ol öz işim. Näme ýygnasamam il üçin ýygnamok-da, öz çagalarym üçin ýygnaýan. Düşdüňmi?
―Berd-ä, onda çagalaryňa, çagalaryň üçin ýygnaýan bolsaň!
―Berýän-ä!
―Bereňok! Berýän bolsaň ýaňky ýaly gürrüňler etmezdiň. Şoň üçinem ýek görünýäň sen çagalaryň-a. ―Haýsydyr bir ýat ýurduň haýwanat bagynda aýlanyp ýörkä üýtgeşik bir jandara duşan ýaly, Sähetliýew Hemdem aganyň kem-kemden salparyp barýan salpy dodaklaryna seredip, ulyili bilen gygyrdy. ―E-eý!!!.. Nokgy-nokgy edişip otyrsyňyz welin, şolaryň sizi öz öýüňizden gysganyp ýörendiklerinden bir habaryňyz bamy, Mämmetýaz ikiňiziň?! Heleýleri bilen oturyp siziň gybatlaryňyzy edýändiklerinden bir habaryňyz bamy? Şulardanam dynmadyk diýşip, hoňňuldaşýandyklaryndan, şol öýden baş alyp gitmekligiň ýollaryny agtaryýandyklaryndan habaryňyz bamy? Birisi bilen öýkeleşen wagtyň beýlekisiniň: häýt, şu indi meňkä geler-ow, diýip düýrükýäninden, birden-kä, päliň azyp baraýsaň dagy: indi gitmez-ow şü, diýip öz etini özüniň iýýäninden habaryňyz bamy?!..
―Aý, lä-ätdiň-aý, Öwünýäguny... ―Hemdem aganyň ullakan gözlerinde çyg göründi. Bokurdagy doldy. Gultyndy. Ysgynsyz nazaryny Sähetliýewe dikdi. ―Edin, gysganýan dä-ändirler-laý... ―Şondan soň ol haraý isleýän ýaly Mämmetýaz aganyň ýüzüne seretdi. ―Ýa şeýnemikän-aý?.. Dogrudanam gysganýalarmykan-aý...
―Muňa seret! Bu işigaýdan henizem “mykada” gezip ýör. ―Sähetliýew Hemdem aganyň bolup oturşyna begenýän ýaly aýaklaryny tapyrdadyp, aýalaryny çarpdy. Hezil edip güldi. ―”Mykan” däl how, ol Hemdem, hakykat!
―Edin beýne dä-ändir-laý...
―Hut, şeýle şol, Hemdem! Sen eýläk ýatsaňam şeýle, beýläk ýatsaňam. ―Sähetliýew kükregini ýelden doldurdy-da, birdenem “pöwhüldedip” goýberdi. ―Baý-ba-a-a!!!..Sen bolsaň olary günde-günaşa salama getirjek bagyşla diýdirjek, halymsyran bolup halyňdan habar aldyrjak...
―Öwülýägulynyň şu diýýänlerine menem goşulýan, Hemdem. Menem hä diýýän şuňa... ―Mämmetýaz aga “şybyrdadyp” erniniň suwuny sordy-da, kiçijik aýasyny Hemdem aganyň ýüz ýaşan ojar ýaly öňe çykyp duran mähnet dyzynyň üstünde goýdy. ―Gaty göresi zat ýok. Barysy dogry. Sebäp diýseň köneler aýdypdyrlar-a, “oglumyň ýanynyň ody ba, gyzymyň ýanynyň ýady ba” diýip. Ogullarymyzyň bizi öz öýümizden gysganmaklaryna günäkär ana, şolar. Gara saçly mollalar! Olaryň okuwlary bolsa güýçli. ―Mämmetýaz aga gurak-gurak ýuwdundy. ―Iň bärkisi agtyklaryň birine sesiňi gatalt-da göräý, ýanlarynda. Ogluň eşitmediksirän bolaýanlygynda-da şonsy oturybilmez. Derrew “tosaň-tosaň” edip tasanjyrap ugrar. Telim günläp agtygyňy ýanyňa-da goýbermez. “Atama gitjek” diýip, aglasa-da goýbermez. Sebäbi, aýry ýaşasy gelip ölüp barýan şol. Şoň üçinem ol her zat etmeli welin, äriniň kalbynda ata-enesine bolan ýigrenç döretmeli. Hossarlaryndan sowaşdyrmaly. Dogan-garyndaşlaryndan daşlaşdyrmaly. Öýüni başgalap, diňe öz tarapynyňkylar bilen gatnaşmaly. Gapyňdan gelen gününden başlap, gelin diýlen jandarlarynyň ýeke-täk arzuwy şoldur, Hemdem. Gaýyn öýüni şolar ýaly derbederlige salybilseler, olar özlerini dünýäde iň bagtly adam hasap edýäler. ―Mämmetýaz aga elini Hemdem aganyň dyzyndan aýryp, arkan çekildi. ―Şu mesele boýunça ýekeje mysal aýdaýyn, Hemdem. Arada uly oglum bilen gyzlarymyň arasyna tow düşdi. Menem olary ýaraşdyrarman boldum. H hemmesini bir saçagayň başyna ýygnap, ýaraşykly gürrüňem orta atdym welin, ynansaň gelnim etegine ot düşen ýaly dazanaklap galyp sen-men ýok, gapa tarap bir eňendir-ow, baý-ba-a-a...Asyl,bosagadan nädip aşanynam bilmän galypdyrys. Gördüňmi?.. Seň öýüňde agzybirlik bolsa şolara ýakanok. Ýogsam oňňam öý-ä şol. Öz biri-biriň ýaly bolup goşulyp-garyşybermel-ä. Dogry, ony etýänlerem bar, ýöne, olar ýaly döwletli gelin hany, hemmä ýetdirip durmy? Käte-käte ogluň seň bilen dikleşen bolup, bu öýden gitjek, başga jaý gözlejek, diýip dyzaberse dagy güni gelýä. Äri aýdyp-aýtmanka düwünçegini düwüp ugraýa. Barara ýerleri bamy üç-dört çaga bilen, ýokmy, oň pikirini edenok. Sebäbi jaý gözlejegem, horlanjagam o däl-de äri. Seň çagaň. Ine, onsoň ýene-de şoňa dözmän höre-köşe edip saklaýaň. Özüm gidäýerin diýýäň, mellegiň aýak ujundan “gyladowkajyk” salynaýaryn, diýýäň, garaz köşeşdirýäň. Ana, şoňňalyda dagy akylly gelin bolanda, “gitjek” diýip äri dyzanda-da ol oturmaly düwdek bolup ortarada. Iň bolmanda: gaýynlarymy närza edip gitjek däl, razylaş, jaý tap, onsoň gideýin, diýmeli...
―Şo gozganman otursa däninim, ognuň giden ýerem bonasy ýok-la...
―Şo-da meňňem aýtýanym, Hemdem! Şolaryň ýüzi hanjak bolsa, ogluňkam şo tarapa bolýa. ―Mämmetýaz aga hamsykdy. ―Biz bolsak olara özümiz entek-enteklerem gerekdiris öýdýäs. Bizsiz olara kyn bolar öýdýäs. Häli-şindi esewan bolup durmasak, gözmiziň alnyndan sypdyrsak, henizem oda-suwa ýykylaýarmykan, kesege büdräp aýaklarynyň başam barmajyklaryny agyrdaýarmykan öýdýäs. Olar bolsa... ―ol penjeginiň jübüsinden elýaglyk hökmünde ulanýan, ep-esli ulylykdaky, gök reňkli çit matasyny çykaryp gözüniň ýaşyny süpürdi. Tarňyldadyp burnuny arçady. “Şi-ip”, etdirip erniniň suwuny çekdi. Ýüregi egsilip, indi birneme özüni dürsändigi üçin öňküsine görä dogumlyrak gepledi. ―Men bir wagtlar Sibirde ölüp gitmeli adam men, Hemdem! Ýöne, ajalym ýetmändir, ölmändirin. Hudaýa şükür, henizem gezip ýörün. Bu maňa Allanyň beren peşgeşi. Şoň üçinem, men ynansaňyz ölümden gorkamok. Şu günüň özünde äkitse-de gynanjak-gä. Ýöne, birden, gije-girim ýatyrkam ölüp galaýsam dagy ertesi irden çagalarymyň biri geläge-de, bolup ýatyşymdan gorkup, ýürejigi tisginäýermikän diýip gorkýan. Birden şeýle bolaýsa dagy şu jelagaýlardan şoň gorkak damaryny tutup beribiljek adam tapylarmyka, diýip gaýgy edýän. Şoň üçinem, her gije ölmän çykýan.
Mämmetýaz aganyň bu sözlerine hemmelerem bozuldy. Menem birhili boldum. Bokurdagym dolup yzly-yzyna ýuwdundym. Hatda Sähetliýewem näme diýjegini bilmän ýüzüni iki-baka sypajaklatdy oturdy. Hemdem aganyň dodaklary çalaja gymyldady:
―Ondanam gorkulýa welin, Mämmetýaz, ýaňky diýşiň ýaly däninim biz bolmasak günlerini görüp bilmezlermikän, horlanaýarlarmykan, eginjikleri gysylaýarmykan diýibem gorkulýa...Olar bolsa bizi ö-öz öýümizden, ö-öz agtyklarymyzdan gysganyp ýören bolsalar... ―Hemdem aga birmeýdan böwrüni diňläp oturdy-da, hereketi haýallan gözlerini iňňän kynlyk bilen Mämetýaz aga tarap gönükdirdi. ―Aý, Mämmetýaz! Çagasyna “häýt” diýneimiz bilen beýle ýigrenerleri ýaly biz olara näme ýamanlyk etdikkäk? Ýa olar üçin biz ýat adammykak? Ýa olaň çagasy biziň çagamyz dälmikä? Şu zatlar barada dagy däninim oturakgetdin pikir edäýenlerinde bolmaýamyka? Ýa göwünlerinde, kellelerinde başga zat barmyka?
―Göwünlerinde näm bardygyny ýaňy Öwülýaguly aýt-da!..
―Näme diýdi?
―Siz indi olara gerek-gä, diýdi. Artykmaç ýük diýdi. Gapdallaryndaky garantgy diýdi, gün görkezmän üstlerine saýa salyp duran... Ýöne, ine iýseler agyzlaryndan, iýmeseler syrtlaryndan dykyp durar ýaly tükeniksiz baýlygyň bolsa-ha beýle-de bolmazdy. Onda olar ýanyňdan öýkeläb-ä däl, kowsaňam gitmezler. “Ýa, kaka, nätdiň-aý”, diýşip, daşyňdan aýlanyşar ýörerler. Sen gepleşmejegem bolsaň diliňden çekip alyp gepleşerler. Üzeňňiňden üç geçerler. Gepiň gysgasy sen bir tapylgysyz ata, gadyrly gaýyn borsuň. Iň bärkisi ine, pensiýäjigiň golaýlaşýandyr welin, “kaka-da-kaka” bolşup, daşyňda jowlap uruşýandyrlar. Halyňy soraşyp, içiňden-bagryňdan geçip barýandyrlar. Sebäbi olara pul gerek şo wagty. Azy-köp, garaz, pul-pul bolýa-da! Möhümleri bitensoň welin edil, jyn dagan ýalydyr. Ýekejesenem görmersiň gapdalyňda.
―Baýramçylykda beýlekide-de däninim, şeýle şolar, - diýip, indi birneme açylyşan Hemdem aga göwresini kem-kemden dikeldip başlady. ―Birinden biri geläge-de:kak, ýör, mal soýdum, nahar iýeli, seň üçin bir şişejik binojagazam alyp goýdum, diýýäýerlermikän, diýýäň welin, gaýtam üýşüp gelýäler-de: hany, iýer-içer ýaly zadyňyz ýokmy, baýramçylygy belläňizokmy, diýşup üstüňe dyzaşýarlar. Işigiňdäki bakyp oturanjaňam soýdurýalar-da, oňňam kelle-aýagyna çenli ütüp, iýip, onsoň gitýäler.
―Iýip-içip sag amanja töwür galdyry-ypjyk turup gigbilýän bolsalar bolýa welin, biziňkiler-ä şonam edibilenoklar. Iýip-içip peýan bolýalar-da uruşýalar...
Häliden bäri sesini çykarman, öz işine gümra bolup oturan Esen köwüşçem ahyry gürrüňe goşuldy.
―Üýşüp özüňi uranoklar dämi?
Mämmetýaz aga başyny ýaýkady.
―Aý, ýok, özüm-ä uranoklar, ýöne, ýaman kyn-a bolýa.
Sähetliýew ony bilgeşleýin gižželedi.
―Hä? Nämesi kyn bolýa?
―Aralamak kyn bolýa. Göwrämem ejizjek bolansoň...
Esen köwüşçi başyny ýaýkady-da, çalarak ýylgyrdy.
―Aý, entek başyň ýaşdyr, Mämmetýaz. Ösersiň, ulalarsyň, ogullaryňy aralamana ýararsyň... Belki oňa çenli olaryň özlerem akyllanýadylar-da...
Sähetliýew şu gezek garaçyny bilen gaharlandy.
―Men bir zada düşünemok, Mämmetýaz Hemdem! Siz, ikiňiz hökman, çagalaryňyz bilen sögüşip, käýinişip gyrda-pyçak bolşup ýaşamalymy-aý? Pedogokikaň kanunlaryna laýyklykda, naçit, hersiniň öz hüý-häsiýetine görä, ugurularyny tapy-ypjyk oňuşyklyja ýaşabereniňizde bolanokmy? Baýarsyran bolup, ertir-agşam herrelişip ýörseňiz ýeňselerini tüňňertmeg-ä däl, ahyr bir gün ýüzüňize-de gelerler. Ýakmasyzlarynam aýdarlar. Ýakaňyzdan tutaýmaklaram mümkin.
―Pedagokaňa gabat gelýämi osoň şo seň?
―Gelmände nätsinler, janlary ýansa.
Hamala, häziriň özünde ýakasyndan tutmak üçin ogullary üýşüp gelýän ýaly, Hemdem aga gözlerini elek-çelek edip gapa garady. Yzyndanam uzyn boýnuny Sähetliýewe tarap süýndürdi.
―Şony etseler bar-a... ―Ol ýuwdunjak bolup tüýküligine düwündi. Garykdy. ―Şony etseler däninim, Öwünýäguny, bir mindiň içinde barsyny bir ýüpe çataga-da, ed-dil, ýeke-ýekeden däninim, damaklaryny tersine çalaýaryn...
Esen köwüşçiniň başyny galdyrman, burnuna salybraga-da:
―Po-ohuňy çalarsyň, - diýenini, dogrusy, menden başga eşidenem bolmady.
―Howwa-da, seňki şo-da, aralyk diýen zat ýok-da, sende. Ýa eýläk, ýa beýläk boluşaýmaly-da, sen... ―Sähetliýew birazajyk bilini ýazmak üçin, oturan ýerinde arkan gaýyşdy. Gerindi. ―Dogry dämi, Esen?
Ine, hut şu ýerde hem meniň köneje köwşümiň ýeňsesine goýlan, iki barmak ýalyjak goňrumtyl gaýyşdan pörsüldäp geçen biziň ujyna ildirilgi ýüplügini öňkülerine görä has batlyrak, birneme silkeläbiräk dartyp oturan Esen köwüşçi öňde-soňda aýtmadygyny aýtdy.
―E-eý, Öwülýäguly! Zeýrenmelimişin diýseler zeýrenjireşen bolup oturandyrlar welin, şularyň hiç haýsynyňam ne oglunyň, ne gyzynyň, ne gelniniň hiç kimiňkiden kemakyl ýa kem edep däldiklerini, ýa ala-böle şularyňkynyň iti kölegeden kowup ýerinde ýatyp ýören ýalta däldiklerini görüp ýörüs-ä! ―Esen köwüşçi janyýangynlyk bilen zeýrenjeňleriň ýüzüne seretdi. ―Ogullaryň ogurlyk – jümrülik edip il içinde ýüzüňi ýere salmasalar, gözden düşmeseler, yzyundan bir dişlem nan eltmek üçin türmeden-türmä gatnap köwşüňi tozdurmaly etmeseler, gyzlaryň haýasyzlyk edip aslyňa ysnat getirmeseler, gelinleriň ýüzüňe seredip: garry köpek ýaly hyňranmasaň günüň geçenok öýdýän, diýmeseler boldugydyr-da! Galan zatlaryna kaýyl bolup, haýsy näme diýse ýüzlerine seredip, ýylgyran bolup oturybermelidir-dä, näme ýaşyň bir çene baransoň.
Hemdem aga bir zatlar diýjek bolup hallan atdy. Ýöne, Mämmetýaz aga ondan öňürtdi.
―Onyň-a dogry, Esen. Ýaňky aýdyşyň ýaly birenteklerini göreniňde-hä edil oňuşmazça-da däl welin, birhili garralýamy, nämemi, zeýreniläýýä-dä...Kelläň gyzgynyna aýdylaýa-da...Içiň ýangyjyna diýilläýýä-dä...
―Diýmäň şony Mämmetýaz! Ine, ýaňy diňläp otyryn welin, daşyňyzdan özüm utanýan. Sebäbi siz hakyt, lezzet alýaňyz şolary ýamanlamakdan. Hamala atamyşyňyzda, olaram henize çenli size aýakbagy bolup ýörenmişler. Siz bolmasaňyz plara kyn boljakmyşyn. Öwülýäguly ýaňy dogry aýtdy, öz etmeli işiňizi edendigiňizden üçin siz kime minnet edýäňiz? Kimden gaýtargy tamakin bolýaňyz. Siziň o-ojagaz diliňize çolaýan nägilelikleriňiz häki bir, durmuşda hökman bolaýmaly zatlar olar. Onsyz hiç ýerde-de ýokdur. Hiç kimiňem çagasy siziňkiden üýtgeşik däldir. Dieli diýsek, ine, Öwülýäguly ikimizem tapybileris siziňki ýaly zeýrençli gürrüňleri. Ýöne, ata-ene diýeniň asylam, oguldan-gyzdan üýtgeşik hözür tama etmeli-em däldir. Her kim öz görjek hözürini ýaşka, öz gezeginde, öz ata-enesinden görýändir. Sizem öz görjek hözüriňizi öz ataňyzdan-eneňizden görensiňiz. Siziň çagalaryňyzam sizden gören hözürini öz çagalaryna görkezip ýörendirler. Guwanaryň, söýüneriň ýaly, öz wagtynda Biribaryň şolary berenine, dünýeden näumyt geçirmedigine şükür ediň. Wagtal-wagtal üstüňize dökülere, kömek sorara, seni käýindirip gidere ogul ýerinde ogluňyz, gyz ýerinde gyzyňyzyň bardygyna şükür ediň. Şolaryň ýekeje dyrnajyklaryna zar bolup ýören bendeler bardyrlar, daş-töweregiňize nazar aýlasaňyz. Siz bolsaňyz atadan geçýä diýdiňiz, eneden geçýä diýdiňiz... ―Esen köwüşçi azajyk sesine bat berdi. ―...Siziň özüňiz eneňizi emmän ulaldyňyzmy? Emen bolsaňyz, onda, ene süýdi bilen geçýän gyňyrlyk sizedem-ä geçendir. Sizem-ä, onda ene tarapyňyza çekensiňiz. Daýyňyza meňzänsiňiz. Ýa siz daýylaryňyza meňzäniňizde är bolýaňyzda, çagalaryňyz daýylaryna çekenlerinde it bolaýýamy? ―Esen köwüşçi Mämmetýaz aga bilen Hemdem aganyň agzyna öýkündi. ―Gädriňi bilenoklar, gädriňi bilenoklar... Iňirdiden başga näme edýäňiz siz olara gadryňyzy biler ýaly. Ýa özüňiz ataňyza-eneňize näme gadyr görkezdiňiz? Haýsy biriňiz şolaryň görüne gümmez galdyrdyňyz? Haýsy biriňiz şulardan öň eşek bolduňyz? ―Esen köwüşçi aşaklyk bilen Hemdem aganyň ýüzüne seretdi. ―Düýnjik dälmidi, “şalk-şalk” edip ataň öýüňden gaçyp ýöreniň. Bir zatlar diýip agzyňdan paýyş-paýyş sözlerem-ä syçradýadyň. Ýa ýadyňdan çykaraýdyňmy eýýäm? ―Ol ýaňy bir “lä-ätdiň-aý, Esen myny” diýip gözlerini tegeläp ugran Hemdem aga gürläre maý bermedi-de, sözüni dowam etdiriberdi. ―Ýaňky öz aýdan sözleriňizi başga birinden eşiden bolsaňyz janyňyza ýakmazdy. Ýaka tutuşaýmagyňyzam ahmal. Iň bärkisi ine, ýaňy Öwülýäguly; Sizi çagalaryň gysganýalar, diýeninde nätdiň? Hä? Hemdem, men senden soraýan. ―Ol çekijiniň sapyny Hemdem aganyň syrtyna degirdi. ―Sesiň-ä ine, şunyň içine gitdi, ýüzüňem agdarlan tezege döndi. Aýna alyňdajyk öňürti öz ýüzüňize serediň, onsoň çagalaryňyz barada sözläň, eger-de sözlemäne hakyňyz bar bolsa. Bolmasa-da oturyň. Sebäbi siziň öz terbiýäňiz ters. Şoňa üns bereňzok-da, çagalaryňyzdan terbiýe talap etjek bolýaňyz. Siz, hiý, ataňyzyň, babaňyzyň arak içenini görüpmidiňiz? Gören dälsiňiz. Biderek iňirdänlerinem gören dälsiňiz. Näme terbiýe berselerem tymsallar arkaly, aýlaw, öwrüm bilen aýdardylar. Käbir sözlerine dagy telim wagtdan soň düşünip galardyk. Häli-häzire çenlem pikir edip aňyrsyna ýetip bilmän ýören sözleriňiz bardyr seredip otursaňyz. Siz bolsaňyz arak içýäňiz, çakyr içýäňiz, çilim çekýäňiz, beň çekýäňiz, aýaklanmadyk köşek ýaly öýüňize patanaklaşyp barýaňyz, çagalaryňyzyň, gelinleriňiziň öňünde “wazzyk-wuzzuk” edişip abraýdan düşýäňiz, üstüňizden güldürýäňiz, uzynly gije ögäp, doňuz ýaly bögürip çykýaňyz, ana, şo bolşuňyz bilenem “willi-wülli’ edişip olara terbiýe berjek bolýaňyz. Agramyňyz ýok, görüm-göreldäňiz ýok, “ata” diýen adyňyzdan başga ýüze tutar ýaly zadyňyz ýok, gury abyr-zabyr bilen öýüňizde öz hökümiňizi ýöretjek bolýaňyz. Sizde: men atamy, hökman aýdanym bolaýmaly, diýen düşünje ba. Emma onyňyz bolaýmaz! Beýle terbiýäni olar alaýmazlar. Alsalaram gözlerine görüp duran gylyklaryňyzy, ýaramaz taraplaryňyzy alarlar. Mysal üçin arakkeşligiňizi!..Ol Hemdem aga tarap gözüniň gytagyny aýlady. Beňkeşligiňizi! Çilimkeşligiňizi! Naskeşligiňizi! Alybam ugrandyrlar asyl. Sebäbi, ýaman zat ýaýragyç bolýa. Köpelegen bolýa. Şuň bilen bagly birje tymsal aýdyp bereýin men size: Geçen döwürlerde uruş bilen gelen duşmanlar türkmeniň içinden dönük tapman kösenýän ekenler. Iň bärkisi ine, düýn-öňňinlikde bolup geçen Gökdepe urşunda-da şeýle bolupdyr. Ýöne, ine, otuz ýedinji ýylyň tutha-tutlygy welin, şolar ýaly merdana halkyňam düýbüni açdy oturyberdi. Goňşy-goňşyny, garyndaş-garyndaşy ýamanlady. Tutdurdy. Basdyrdy. Öç aldy. Iň ýamanam, ýamanlar ýagşylary ýamanlady. Ýagşylar ýamany ýamanlamaga namys etdi. Özüne kemlik, kiçilik bildi. Soňabaka ýagşylar bilen ýamanlaryň aralygynda serimsal bolşup, söweleňleşip ýörenlerem ýamanlara goşuldylar. Sebäbi, olar ýamanlygyň ýol alýanyny gördüler. Ýagşylara goşulsak ýamanlar biziňem ýogumyza ýanarlar öýdüp gorkdular. Şeýdibem, ýagşylar azaldy, ýamanlar köpeldi..! Halys pessaýlanyny aňdymy, nämemi, Esen köwüşçi birden-kä, sesine bat berdi. ―...Bu nämäniň mysaly? Nämäniň alamaty? Bu – ýaňky Mämmetýazyň aýdyşy ýaly Adam ata bilen How eneden geçen şeýtany pyglyň hakykatyndanam adamzadyň ganynda ýatandygynyň, sähelçe maý tapdygy oýanýandygynyň et bilen deriniň arasyndan çykyp, endamyňa dyrmaşýandygynyň, ýörmeläp baryp, beýniňden çakýandygynyň alamaty. Siz şumat ana, şol günäni gazandyňyz. Düýp terbiýäniň köküne palta urduňyz. Ata-baba gelýän ýörelgäni ýoýduňyz. Ýaňky öz aýdyşyňyz ýaly million ýyl bäri bedeniňizde uklap ýatan şeýtany oýardyňyz. Ol eýýäm siziň çagalaryňyzyň endamynda-da müňküldäp ugrady. Siz bu gün olardan zeýranişen bolýaňyz, emma entek ertirki gün şolardan önjeklere-de bir serediň. Ondan soňkularyň düşjek gününi bolsa aýdybam oturmaýyn. Şumat her obada sanlyja adam içýän bolsa, olaryň döwründe uçdantutma öwrüler. Içmeýänden içýän köpeler. Içýän däl-de, içmeýän geň görler. Olar öz barýan girdaplaryna tarap gollaryndan tutup aýal-gyzlaram äkiderler. Olar bilen oturyp arak içerler. Aragyň humary olary ardan, namysdan aýyrar. Asyl-ha, ar, namys diýen söz gülkünç görner. Ýas ýerine-de içgili baryp ugrarlar. Öwülýä-de içgili giderler. Ýöne olar diňe içgi bilenem çäklenmezler. Sebäbi, Şeýtanyň oýny bir ýa iki däldir... ―Esen köwüşçi soňky sözlerini üsgülewügiň arasy bilen üzlem-saplamraga-da zordan aýtdy. ―...Gördüňizmi...Bir zadyň ýelesini, ygyny seljereňzok-da... şo-ol, eňterişip otyrsyňyz... Juda bolarlykly däl bolsa-da, hiç haýsyna janyňyzam ýakmazlar, gören ýerde beýdip gürrüňem edip ýörmezler-de, öz kempirleriňiz bilenji-ik, gümür-ýamyr edişipji-ik, girer-çykar ýörübirler, mellegiň aýak ujyndaky “gyladopkadan”...
―Wah, aýak uçda däl-de, şol içigara, - diýende, Hemdem aganyň hereketleri çuslanyp, gözlerem ýitileşen ýaly boldy.
―Bolmasa geçir! Ýa men geçirip bereýinmi? – Esen köwüşçiniň ozaldanam ýumşaksy sesi hasam pessaý çykdy. ―Aslyýetinde akly bar adam jaý salmazdan öňürti aýak uçdan şony salar. Siz indi näme mähir görseňiz şojagaz “gyladopkaňyz” bilen şojagaz kempiriňizden görersiňiz...
Birhili, ýüki ýeňlän ýaly bolan Hemdem aga:
―O diýýäniňem biçeme-hä däl, Esen. Sebäbi, däninim, çagalr bilen öýkeleşen wagtyň şoňa arzyňy aýdyp, derdiňi egisýäň welin, üstüňden ýük aýrylan ýal-a bolýaň...
Şondan soň gürrüňiň ugry ogul-gyzdan sowuldy-da, özünden-özi durmuşyň ýan-ýoldaşly tarapyna syrykdy.
―Dogrudanam, elin ulag ýaly gowy ýerler-ä kän olaň. Nämüçin diýeňde hem-ä neme bolýa, hemem neme bolýa...ýöne... – diýip, Mämmetýaz aga-da täze temanyň bir çetinden göwünli-göwünsizräge-de girip ugrady. ―Ýöne, dogrusyny aýtsaň-a bar belaň başlygy şolar-laý. Araçy bolup ýaraşdyrmakdan geçen, gaýtam Şeýtan ýaly heşelle kakayşýalar-a çagalaň bilen tersleşäýseň dagy. Şolaryň aňynda: kakam ýaman ýowuz, ejem gowy ejiz, diýen düşünjäni döredibilseler başga armanlary ýok. Atasy öýüne bardyklaram edil, kastlary bar ýaly gürrüňleri sensiň ýa seň dogan-garyndaşlaryňdyr. Oňňam sebäbi bular Adam atanyň çep gapyrgasyndan ýasalan. Syn edýän bolsaňyz her ädimde seň çepiňe gaýtjak bolup durandyrlar. “Çepiňden alnan” diýlip sögülýänem şoň üçin şolara... ―Mämmetýaz aga nämüçindir birden-kä, erbet gyjyndy-da, urara zat gözleýän ýaly dişini gyjap daş-töweregine garanjaklady. ―Wah, ýer ýüzünden ýok et diýsene şolaryň barsyny! Byr ujyndan gyr-da, tohmuny tüket diýsene!..
―Wah, Mämmetýa-a-aaz-z, Mämmetýaz!!..-diýende, Esen köwüşçiniň bokurdagy dolup, gözlerine çyg çaýyldy. Esli mahal kellesini saňňyldadyň, gepläbilmän otyrdy. Çüý kakjak bolup çemelenen çekijini telim gezek dagy urubilmän yzyna gaýtardy. Gepläp başlanda tolgunmakdan ýaňa sesem sandyrady. ―Sen şeý diýýäň welin meň içim ýanýa. Gaharym gelýä. Sebäp diýseň ahyr ýaşda aýalsyz galmak ýaly ýaman zulum ýok ekeni ýeriň ýüzünde. Magtymgulynyň: “Aýalsyza döwran ýokdur, dönse hökmi Süleýmana”, diýşi ýaly, şolar bolmasa hiç zadyň höziri bildirenok ekeni...
Mämmetýaz aga-da aňsat ýeň bermedi.
―Aý, Esen, kim näme diýenem bolsa biziň-ä şolardan üýtgeşik hözür görenimiz ýadymyza düşenok, how! Öz süýekleri özlerine ýük. Myda-ama kesel! Myda-ama gözleri ukuda! Haçan görseň alty aýlyk hassa ýaly ýanbaşlaryny ýere berşip ýatyrlar.
―Hözür görýänsiň,Mämmetýaz, ýöne, bilýän dälsiň. “Işiňden akan çeşmäň gadry bolmaz” diýlişi ýaly gadryny bilýän dälsiň. Şolaryň köneje köwüşlerini çygşyldadypjyk, üpül-süpül gapyňdan girip-çykyp ýörşem her zada degýändir. Howlyň kä o çetinde, kä bu çetinde käte bir gözüňe kaklyşyp gitse-de, käte bir sesi eşidilse-de dünýäň giňeýändir. Iň bolmanda-da, ho-ol, beýleki obalaryň birinde, bir wagtlar aýryp goýberen aýalyň aýak üstünde gezip ýörendigini bilseňem özüňi hossarly ýaly duýarsyň. Göwnüňe şol saňa dözmän dolanyp geläýjek ýaly, ýekeligiň derdini deňje paýlaşaýjak ýaly, ýüregiň içinden geçýän damarjyklaryň haýsydyr biri tamakinçilik bilen şo-ol, tirsildäp durar. Seň bolsa bumat ýüregiň suwlyja, Mämmetýaz. Ýaňky ýaly dökmäde sözleri diýdirýänem şol, saňa. Teýinde zat ýok bolsa diýmezdiň. Onda kibtiň gysyk, göwnüňem çökgünräk, ýetimgurawrak borduň. Iň bärkisi ine, men özümden mysal alaýyn. Meň kem zadym ýok. Häzir ine, agşamara öýe bararyn welin, ogullarymam, gelinlerimem, agtyklarymam daşymda hozanakdyrlar. Gyzlarymam kaka, ýagdaýlaryň gowymy, diýşip gelip-gidip durlar. Hiç haýsynyňam kömekleri degäýmese zyýanlary –ha ýetenok. Hiç haýsyndan nägileligimem ýok. Ertir-agşam oturjak ýerime düşgimem atylgydyr, çaýym-nanym, naharymam taýýardyr. Ýöne, gapdalymda gara ýok. Höwür ýok. Gümür-ýamyr edişere adam ýok...
Mämmetýaz aga “şi-ip” etdirip erniniň suwuny aýasy bilen süpürdi-de, ýüzüni kese sowup, ýene-de şol bir heňine tutdy.
―Aý, bolanlarynda-da gümür-ýamyr edişip hezil berip baranoklar-la, şolar, Esen. Haçan görseň o tamda agtyklarynyň agyzlaryna aňkarşyp otyrlar. Gelip çaý içjekmi, nan iýjekmi diýmänem bilenoklar, iň bärkisi. Ýaňyňa gelmediklerini özlerine gyroýlyk bilýälermi, nämemi...
―Seňki onda henizem gelinsireýändir, göre-gündiz ýanyňa gelmäne ejap edýändir, - diýip, esli wagt bäri gezek alybilmän oturandygy üçin birneme suslanan Sähetliýew “kikir-kikir” etdi. ―Soňabaka ýüzi açylyşar “Aý, oglan”, diýen bolup daşyňdan “pyr-pyr” aýlanar, ine görersiň...
―Ýanyňa gelse-de, gelmese-de, gürleşse-de, gürleşmese-de, men ýene bir gezek aýdýan, garaz, dereginde bir zat bolsa gowudyr, - diýip, entegem öz pikirleriniň täsirinden açylybilmän oturan Esen köwüşçi çalarak hamsykdy. Onsoňam, Mämmetýaz, sen diňe özüňki barada aýdýaň, men bolsam umuman aýdýan. elbetde, seňki ýaltarak, keselbendiräk bolmagy mümkin, ýöne, ýerinde bar zada näşükürlik etmek, küpürlik bor. Gündüz-ä nägerek-eýle, hysyr-pysyr bilen geçýä welin, şü, uzakly gijäni ýekelikde geçirjek bolsaň ýaman kyn bolýa. Edil iýip barýa. Gep oň o tamda ýa seň gapdalyňda ýatanlygynda-da däl-de, teýinde zat ýoklugynda! Şu, giň dünýäniň içinde taýsyz, ýeke galanlygyňda! Şoň üçinem, Mämmetýaz, ikimiziň ýaşymyzdaky adama eýle-beýle diýip ýan ýoldaşyna söz tapmaklyk ýalňyş bor. Sebäp diýseň indi seň üçin bar zat ýekeligiň ýüküne diredi. Şol ýüki çekişip, gapdalyň bilen gyrmyldapjyk gidip oturan bolsa ondan kemçilik gözleme. ―Esen köwüşçi diwardan asylgy duran tegelek, jübi sagadyna tarap eňegini ülňedi. ―Meň iň ýakyn ýoldaşym, Mämmetýaz, ynansaň ine, şu şumat. Her oýananymda şuňa seredip: Hä-ä, daň atyberipdir-ow, ýa-da: be-e, entek daň atmana şunça sagat dagy bar-ow, diýiň, öz-özüm bilen gepleşýän. Şuny şu ýerde galdyryp giden günümiň gijesi ýyla dönýä. Radyýa bir gowy zat welin, o-da on ikiden soň Meskewa berýä. Orsça-da bolsa hiç, diýip, açyp goýýan, ýöne, gije sagat ikide olam gutarýa. Iň soňunda gimn çalýa, ana, şonam diňläp, şondan soň ýapýan. Kä wagt-a ýapmanam goýýan, daňdan altyda başlanda öz-özi gepläberer ýaly. Ana, şol, ikiden alta çenlisi gijäniň iň bir içgysgynç wagty meň üçin. Ynansaňyz, adamlar, ýeriň ýüzünde ümsümligiň zenzelesi ýaly aýylganç zenzele bolmaz ekeni... ―Esen köwüşçi dymdy. Esli wagtlap, dar deşigiň içi bilen hä eýläk, hä beýläk, dyngysyzlyk bilen gatnaýan mumly ýüplügiň “hyzzyldysyndan” başga ses-üýn eşidilmedi. Dymyşlygy bozmana hatda, Sähetliýewem het edip bilmedi. Her kim Esen köwüşçiniň sözüni tamamlaryna garaşdy. Esen köwüşçi uşlybyny iki taraplaýyn dartyp oturşyna Mämmetýaz aga seretdi. ―Kim aýalyndan öň ölse men şony dünýede iň bagtly adam hasap edýän, Mämmetýaz. Şoň üçinem, sen ýaňky aýdyşyň ýaly gyrjagam bolma, tohmunam tüketjek bolma-da, daşyndan guwanypjyk geziber şonyňa. Şondan dynan günüň bujagaz güzeranyňy tapmarsyň... Jan diýlen jöwherleriniň jahan bazarynda nä nyrhdandygyny siz şonda bilersiňiz. Onda siz ýaňky ýaly ogluňyzdan, gyzyňyzdan zeýrenmezdiňiz-de, wagtly-wagtynda çaý-suw içip bilmeýänligiňizden, düşegiňiziň wagtynda salnyp wagtynda ýygnalmaýanlygyndan, ir-ertir, giç agşam hiç kimden “geldiňmi, gitdiňmi, ýatdyňmy, turduňmy”, diýen ýaly ýakymly sözleri eşitmeýänligiňizden zeýrenerdiňiz. Ýetmiş ýaşda ýetimlikden nalardyňyz. Paşşy ýaly garažyň garawulhanasynda ölüp galanyňyzam üç günden soň bilerdiler. Şoň üçinem, ýagşu-ýaman, şonuňyzdan aýyrmasyn. Ýamanam bolsa öz ýamanyňyzdyr şol, ýagşam bolsa öz ýagşyňyzdyr. Çepem bolsa öz çepiňizdir, sagam bolsa öz sagyňyzdyr. Adam atanyň haýsy gapyrgasyndan ýasanam bolsa, Allatagalla şony saňa gerek bolanlygy üçin ýaradandyr. Bumat ýöne, siziň oslugyňyz ýyly ýerden çykýa.
―Onda näme, arada birini alaýamaly ekeniň-dä, diýsek, näme gerek indiden soň, diýen bolýaň? Gerek eken-ä ine, sandan galanyňdan soňam. Gümür-ýamyr üçin alaýaňda-da boljak eken-ä, ―diýip, Sähetliýew Esen köwüşçiniň üstüne süründi.
Esen köwüşçiniň halys sary gaçan ýüreginden syzylyp çykan ses diýseň alysdan eşidildi.
―Men başdaş barada aýdýan, Öwülýäguly! Öňküler aýdypdyrlar-a: Başkym ýazgydym, soňkym görgüdüm”, diýip. Başdaşyňdan galaňsoň, Öwülýäguly, dogrusy, başgasyna ýüregiňem urmaz ekeni. Onda-da orta ýaşdan soň. Alaýanyňda-da öňküňçe bolmajakdygy görnüp dur. Oň bilen welin, näme hakda gürrüň etseňem gelişer durar. Uruşan, sögüşen günleriňem gözüňe yp-yssy görner. Sebäbi sen oň bilen uzak ýol geçdiň, uly ýoluň azabyny deň çekişdiň.
―Çekişen zatlary ýo-ok-laý, - diýip, Mämmetýaz aga ýene-de şol bir heňine tutdy. ―Gaýtam aslyşdylar diýäýmeseň...
―Aslyşsalaram ýene şolar gowudyr... ―Esen köwüşçi ahyram edip oturan işini boldum etdi-de, äýnegini ümezledip gapa seretdi. Maňa gözi düşendenem aşagyna çüý urlan, ýeňsesi nepislik bilen ýamalan bir jübüt köwşi maňa uzatdy. ―Al, köşek! Nesip etsin! Gaýdyp ýyrtylmasyn! Okuwyňam gowuja oka! Kakaň ýaly aýdym aýtmanam öwren!.. ―Şeý diýdi-de, ol hasyr-husur, men gelmezimden öň çüýläp oturan köwşüne ýapyşdy. Eline tutduran üç sany apbasymam içi ozaldanam birgiden şaýylyklardan ýaňa gyrma bolup duran “kambala” gutusynyň içine “şagyrdadyp” guýdy-da, ýygyrt-ýygrt bolup duran ýüzjagazyny çytyp özbaşyna diýen ýaly ýöne, hemşerilerine degişli edip käýinen boldy. ―Hä-äý, ulalyp oňalmadyklar diýsänim!..
Ony şondan artyk ynjydasy gelmedik bor-a çemeli, Sähetliýew gany damaýjak bolup duran ýüzüni bozardyp:
―Ýeri, bolýa-da! Naçit, degişibildik. Hany, gowusy indi bir çüýşejik binojagaz arganyzawaýt” edeliň-le... ―diýdi-de, oturan ýerinde gorsanjyrap başlady. Pižamasynyň jübülerini sermeleşdirdi.
Esen köwüşçiniň:
―Ana, ony aňararsyňyz! Ony siz başararsyňyz! Şony başarjagyňyza men ynanýan, - diýmegi bilen, beýlekilerem “hykda-çok” bolşup, gorsanyşmana başladylar. Ýöne, hemişe bolşy ýaly, “arganyzawaýt” bu gezegem Mämmetýaz aga agyr degdi. Ol ilk-ä köp wagtlap, boýnuny burup, böwrüni diňläp oturdy. Soňam kiçijik aýalaryny her biri ikbaş ýalyjak dyzlaryna diredi-de, çerrelip duran göm-gökje gözlerini gorkuly tegeläp, hemşerileriniň hersiniň ýüzüne bir seredip çykdy. Erniniň suwuny çekdi. “Heý-weý-e-e-eý...” diýip, ýerinden turmana hyýallanandanam Sähetliýewiň: otur, gymyldaýma, diýen manydaky, ýüzi-gözi bilen edýän haýbatly ümlerine gözi düşdi-de, özüni “lampa” aşak goýberdi. Esen köwüşçi hemişekisi ýaly bu gezegem “kambala” gutusyndaky şaýylyklardan birnäçesini çümmükläp aldy-da, gapdalynda galgap oturan Sähetliýewiň gyzyl-ala pižamasynyň jübüsine “jowurdadyp” guýdy. Hemdem aga şol döwrüň ak guýrukly birliginden heniz açylmadyk bir daňysyny gursak jübüsinden kynlyk bilen çykardy-da, içinden birini sogrup aldy. Ýöne, bermäne dözmeýän ýaly guýrugyndan tutup köp oturedy. “Ýa menden aljagam dälmisiňiz, gören bolsaňyz ýygnaýaýyn”, diýýän şekilde her kimiň ýüzüne telim gezek dagy seredip çykdy. Sähetliýew onuň elindäki birligi kakyp aldy-da, öz gysymyndaky birneme sary gaçan birliginiň üstüne goşdy. Esen köwüşçiniň beren şaýylyklarynam jübüsinden çykardy. Sanady. Baý-bo-o-ow, boluberenem ýaly-la”, diýip, diň-gögüne garady. Çakym-çak bolsa, çakyryň her çüýşesiniň bir manat on köpükden bir manat altmyş köpüge çenli bolan şol döwürde, olaryň ýygnan pullaryna ýanynyň bir guty “kambala” ýa “kilkasy” bilen, iki çüýşe dagy düşmelidi. Dogry, şol döwür dükanlarda “Stolowoe” atly turşumtyk, has arzan, ýagny, altmyş köpüklik çakyram bolardy. Ýöne, ony biziň ýaly ýaňy bir päli azyp, ululara öýkünip ugran oglan-uşaklar içäýmeseler, içinden ýalyn geçenleriň-ä oňa tarap nazar aýlaýanlaram ýokdy. Ony hatda piwoça-da görmeýärdiler.
Ol gezek dükana kimiň gidenini, çakyry kimiň getirenini, kimiň näçe içip, kimiň näçe içmännini men bilemok. Içilenden soň gürrüňçiligiň näme hakda gidenindenem habarym ýok. Sebäbi, men ol wagt eýýäm, şahyndan içi ýap-ýaňyja abatlanan köneje köwüşli “garzinka” ildirilgi welosipedimiň badyny artdyrmak üçin pedalyna taýztaýzarla-taýzarla basyp, her basanda-da boýnumy hem öňe, hem ýokary sündüre-süýndüre, kä ýerine çagyl düşelen büdür-südürräk ýol bilen oba tarap haýdap barýardym. Çünki, men barşym ýaly kitap-depderlerimi goltugyma gysyp okuwa gitmeli. Şonuň üçinem howlugýan. “Täze geýen bir gün begener, köne geýen her gün begener” diýlişi ýaly, meni ondan öňem, soňam köp gezekler begendiren köwşümi mekdebe bu günem abatja geýip barjakdygyma bolan begenç duýgusy her gezek kalbyma dolanda topunyň içindäki şarikleri bireýýäm döwülendigi üçin zordan aýlanýan zynjyrly çarhyň pedalyna öňkümdenem dözümli basýan. Durmuşyň çetinden ýaňy girip ugran dyzmaç şahylyň baldyrlarynyň badyna döz gelibilmän mejbury ýagdaýda herekete gelýän çarhyň uzyndan-uzyn, ýüregiňi dilip barýan zaryn “jygyldysy” şonda hasam artýar, ýygjamlaşýar. Ulagyň üsti gitdigiçe howalanyp, ýandakdyr-bozaganyň dymyljak, ýylgynlaryň şorumtyk, ýol ýakasynda biten ýowşandyr garaklaryň bozgunç ysyny özüne siňdiren epgek gatyşykly petiş howa ýüzüme urýar. Çar tarapa gaýmalaklaşyp ýören her dürli kebelekler bolsa hyjuwdan ýaňa dyňzap duran ýaş kalbymy hasam heýjana salýar. Joşdurýar.
Şol wagt meniň hakykatdan-da kakam ýaly aýdym aýdasym, dumly duşumy ýaňlandyrasym geldi. Bir başlan ýalam etdim, ýöne ýekeje aýdymyňam ne heňini, ne sözlerini doly bilmeýändigim üçin hiç haýsynam soňuna çenli dowam etdiribilmän goýbolsun etdim. Bolsa-da, maňa derek aýdymy guşlaryň iň okumyşy hasap edilýän, başy täçli, bir mollatorgaý aýtdy. Onda-da, yhlas bilen aýtdy. Tä oba barýançam “jüýk-jüýp” edip, süýr depämde saýrady gitdi oturdy. Onuň hoş owazy käte welosipedimiň zaryn “jygyldysy” bilen garyşdy, käte aýrylyşdy, käte bolsa öňe düşdi, käte-de az-kem yza galdy-da, soň ýene-de kowup ýetdi. Özüniň süýjümtilden gelen ýakymly owazy bilen güýjüme güýç goşdy. Dünýä, durmuş haýyr hem şer baradaky pikirlenmek ukybymy artdyrdy. Ömürlik ýadymda galan şol, meşhur gürrüňçiligiň many-mazmuny hem hut şol pursat beýnimiň içinde kowsarlap başlady. Ornaşdy. Şeýdibem ömürlik ýadymda galdy.
Ýöne, soňky döwürlerde welin, men näme üçindir şol gürrüňçiligi has ýygy-ýygydan ýatlap başladym.
Onuňam sebäbi megerem, şo-ol, kiçijik ussahnada gyýbatlary gyýlan nesil bilen şu günki ýaşlaryň arasyndaky emele geljek aratapawudy Esen köwüşçiniň baryp-ha şol mahallar aşak bakyp, meniň köneje köşwşüme ýama salyp oturan wagty aýdyp gidendigine juda haýran galandygym bolsa gerek. Çünki, şol döwür bize uly dabara astynda kommunistik terbiýe berdiler, Sähetliýewiň aýdyşy ýalymarksizmiň taglymatlary esasynda okutdylar, kommunizmde ýaşajakdygymyza, emma ahyrsoňunda ol zatlaryň barysy ýalan bolup çykdy. Hatda binýady howaýy şygarlardan, çagyryşlardan tutulan binanyň özem ýykyldy. Esen köwüşçiniň sadalyk bilen aýdan zatlary çyn bolup çykdy. Hemdem agadyr, Mämmetýaz agadan we onuň deň-duşlaryndan önen nesil durmuşyň düýp ýörelgelerinden gaty bir daşlaşmadyk hem bolsalar, atalaryndan miras ýeten araga, şeraba şo lzatlaryň täsiri bilen döreýän gybat-gürrüňlere, ýalançylykdyr-töhmet belasyna ökdelediler. Edil, Esen köwüşçiniň öňünden duýduryp gidişi ýaly az-owlak hem bolsa durmuşyň şeýtany taraplaryna ýan berdiler. Olardan önen nesil welin hasam öte geçdi. Teýi “bir süýşe binodan” tutulan ters terbiýe üçinji arkadan soň özüniň ajy miwelerini görkezip başlady. Arakdyr-şerap bilen kanagatlanmadyk şol nesil neşe bilenem sermenekleşip başlady. Ak gamçysyny bulaýlap, bir ýerlerden duýdansyz gelen “ak ajal” bolsa olary “mele ýorgadanam” düşürdi-de, garbap alyp öz gujagyna gysdy. Ak bizden tikilen ýakasyz-ýeňsiz donunam ellerine tutdurdy. Daşlaryna çalymtyl ak kerep aýlady. Janlaryna dalaş etdi. Öýünden-öwzaryndan, maşgalasyndan aýyrdy. Çagalaryndan jyda düşürdi. Şolaryň derdinden il içnde o zatlardanam müň esse edrenç, ýatsaň-tursaň ýadyňa-oýuňa düşmejek hadysalaram ýüz berip başlady.
Egerde, şol elhençlikleri Hemdem agadyr, Mämmetýaz aga dagy öz gözleri bilen gören bolsadylar, onda olar Esen köwüşçiniň şonça ýyl ozal aýdyp giden zatlarynyň dogry ekendigine düşünerdiler we nähili aýylganç belanyň başyny başlandyklaryny bilerdiler, goýberen ýalňyşl;yklaryna düşünerdiler, puşman ederdiler, gybatlaryny etmeg-ä däl, gaýtam, öz ogul-gyzlaryny baryp ýüzlerine sylardylar.
Men elbetde, şol nesliň hemmesi şol güne düşdi, diýip biljek däl, ýöne, ýaman zat ýaýragyç bolýar. Sebäbi, ol şeýtany. Şeýtanyň bolsa owalebetden belli bolşy ýaly azdyrany özüniňki. Şonuň üçinem sähelçejigem bolsa onuň ugruna gidenlerem basym şeýtana öwrülýärler we öz gezeklerinde olaram azdyrar ýaly adam gözläp ugraýarlar.
Men ine, şondan gorkýan. Soňky wagtlarda Esen agany küýsäp daş-töweregime garanýanymam, şo-ol, bir wagtlarky gürrüňçilikleri ýygy-ýygydan ýatlaýanymam megerem şonuň üçin bolsa gerek.
Ýogsam bolmasa bu günki gün etrabymyzda Esen aganyň bir wagtlarky köneje dükanjygyna düýbünden meňzemeýän owadanja ussahanalar bir ýa iki däl. Içi dürli-dümen harytlardan doly naşyja dükanjyklaryňam hetdi-hasaby ýok. Ýöne, hiç biriniňem içinde deň-duşlaryny daşyna üýşürip, özem bilmezden geler-geldejini bolar-boldajyny aýdyp oturan Esen aga görnenok.
Juma HUDAÝGULYÝEW.
Powestler