08:21 Etrek derýa ylham geldi ýene-de... | |
ETREK DERÝA YLHAM GELDI ÝENE-DE...
Goşgular
Etrek derýa ylham geldi ýene-de, Hyruç alyp şadamar deý hanasy. Ýyllar içre rowaçlyk senede, Şeýle boljak eken Hudaý halasa. Buşluk deýin tiz ýaýrady hoş habar, Ganat ýaýyp iliň-günüň begenji. Kepir, çapaklaryn häzirläp Hazar, Toý lybasyn geýen ýaly bezendi. Etrek derýa bu ýerleriň rysgaly, Baky berekedi gadym topragyň. Dowam bolsa pederleriň dürs ýoly, Ikuçsuzdyr ondan sogap tapmagyň. Türkmenistan — rowaçlygyň Watany Ýylynda, goý, ýetsin onuň tarypy. Ýene adyn buýsanç bilen tutaly, Geçmişinde bezeýşi deý taryhy. «Altyn asyr» türkmen kölünde Göýä togap edip seždä gelipdir, Göý-ä ter duýgulaň akly goýalýar. Kölde öz suratyn gören bulutlar, Oňa maňlaýyny degräýjek bolýar. Bir bölejik ýaz gelen deý Akýaýla, Bu meýdanlar del lybaslar geýinýär. Süýji arzuw aňda suw deý akýa-la, Gözatuwda çöl jereni görünýär. Çöl bilen köl suwun agşam şapagy, Sepini bildirmän surat çekipdir. Görkün synlamaga böken çapagy Özi duýman, kenaryna çykypdyr. Bu ýerlere gelmedige görünmez, Aýdylmadyk aýdymlaryň sözleri. Gökde guş deý ganat açýar göwnümem, Arzuwlary hasyl edýär gözlegi. ■ BAHAR GELDI Garryja mama sanajyn kakyp, Ak gar ýaly pişgesini süýdi-de, Bükdürdi ony. Çeşmä öwürdi, Sähra gelne sary Akdyrdy ony, Ykdyrdy ony. Ol okdurlyp barýar, Bükdürlip barýar, Sähra hala nagyş salýar, Gülleri — keçä. Syn edip guş-gumry Döndi owaza. Öwrüp goýberdiler Gyşy-da ýaza. ■ ÝAZ DUÝGULARY Bu gün ýene tebigata jan girdi, Giň sähra-da açylypdyr gül bolup. Duýgularyň dünýäsine şan berdi. Bilbilleriň owazynda dil bolup. Ol owaza düşünmeseň diňleme, Düşünýärmiň, düşünjege düşündir. Keýpi tutýar şemalyň hem hiňlenip, Gül geýnen baglara syny düşüpdir. Joşundan ýyldyrym çakman bilenok, Hyruçlanýar ol köňlüniň yşkyndan. Otlar hem dürterip çykman bilenok, Bakyp doýmaz bu dünýäniň keşbinden. Bu şygry şäherde ýazyp otyryn, Gelin-gyzlar sähra bolup görünýär. Sebäbi nämeden, syzyp otyryn, Ylham meni açyp berýär irinmän. Ýene bu gün tebigata jan girdi, Giň sähra-da açylypdyr gül bolup. Duýgularyň dünýäsine şan berdi, Bilbilleriň owazynda dil bolup. Seýitmämmet HYDYROW. | |
|
√ Sen bu jahan mülküni Kapdan Kaba tutduň, tut... / Goşgular - 26.09.2024 |
√ Bolarmy / Goşgular - 13.09.2024 |
√ Päliýamanlar / Goşgular - 20.05.2024 |
√ Aman Gulmämmedowa / Goşgular - 03.08.2024 |
√ Sensiz ýola girir isem... / Goşgular - 31.07.2024 |
√ Marguşda / Goşgular - 21.10.2024 |
√ Toba / Goşgular - 10.10.2024 |
√ Patyşahym, sen geçirgil gerçe guldandyr hata / Goşgular - 11.08.2024 |
√ «Превратила всё в шутку сначала…» / Goşgular - 29.02.2024 |
√ Liwanda şu pursat kyýamat gopýar / Goşgular - 11.10.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |