GARAJAOGLANYŇ ŞYGYRLARYNYŇ TÄSIRINDEN DÖRÄN ŞYGYRLAR TOPLUMY
■ SARGYT
Gara gözlim, saňa bir söz diýeýin:
— Ýörejekmi, ýöri, men taýa ýöri.
Gaýdanyňda, yhlas bilen gaýtgynyň,
Göwnüň iki bölüp ýöräýmäweri!
Barmy ýalan dünýäň ary-namysy? —
Oýnap ýüzdürip ýör ömür gämisin.
Az bolmaýar owadanyň dälisi,
Menden özgä wada beräýmäweri!
Söýülmek mertebe, söýmek permandyr,
Aşyk jany söýgüsine gurbandyr.
Kim seni boýnatsa, şoňa döwrandyr,
Sen ýat bilen döwran süräýmäweri!
Geldiň-de, Ahmedi eýlediň hoşhal,
Göwnüme, sazyma sazyň ulaşýar.
Ýöne sähel zada ýene oňuşman,
Gara gaşlaryňy büräýmäweri!
■ ÝANYŇA
Gara gözlim, saňa bir söz diýeýin:
«Gel» diýseň, bararyn ylgap ýanyňa,
Sebäp meniň üçin seniň her çawyň
Degýändir jahanyň dünýä malyna.
Bilmeýän ýok, çözmesi kyn matalsyň,
Ýalbardygym saýy, beter gataldyň.
Ýa-da meni ýatlap, aglap ýatansyň,
Barsam, melhem bolaryn men halyňa.
«Gulum» diýgin, guluň bolsam, eger men,
Saçlaryňy darap, örüp berer men,
Çaý-paý içseň, ballar garyp berer men,
Goýber meni läle-reýhan bagyňa.
Bir çak ýag-u-gaýmak sen-u-mençeler,
Ara salym düşse, umyt inçeler,
«Gel» diýseň, Ahmediň göwni ynjalar,
Telwaslanyp çykdym başda ýoluňa.
■ DILBER
Gara gözlim, saňa bir söz diýeýin:
— Özüňmi ýürekleň öwseri, dilber!
Hak-Hudadan başga bir sen hökümli,
Sen muhabbet täji-göwheri, dilber!
Hakana sen, hakana sen, hakana,
Merjen bary düzülipdir ýakaňa.
Haýsy bir san laýyk geler bahaňa,
Ýygnalsa jahanyň jöwheri, dilber?!
«Yşk asmandan gelýär» diýýärler käte,
Göwnüme bolmasa, başgarak kada:
Ilki ýerde, soň ganaty howada —
Sençe ýok mifleriň peýkeri, dilber!
Ýagşynyň-ýamanyň parhlap kelebin,
Eläp dursuň syrly dünýäň elegin.
Ýa, seň eliňdemi çarhypelegiň
Idip äkitmeli owsary, dilber?!
■ GÖRMEGIŇ BILEN
Gara gözlim, saňa bir söz diýeýin:
— Gözlermi oýnatdyň görmegiň bilen.
Belki, başgalaňňam hyýaly sende,
Baýdak deý al öwsüp durmagyň bilen.
Gyzyl köýnek hem don-halatda gördüm,
Lagyl daşlaryny gulakda gördüm,
Üç goşma bilezik — bilekde gördüm,
Dähedem-dessemläp ýörmegiň bilen.
Hiç kim edip bilmez sen bilen bäsi,
Sebäbi sen meniň ýüregmiň şasy.
Sen älem-jahanyň gupbasy-mahy,
Şamar saç, al ýaňak-terleriň bilen.
Elbet, her ki zadyň bolýandyr çeni,
Bir gün bu ahwalyň jemlense jemi,
«Hany yhlasdaryň?» diýseler, meni
«Ynha!» diýip görkez barmagyň bilen.
■ BÄRI GEL
Gara gözlim, saňa bir söz diýeýin:
— Ýaýdanma, gel bäri, bäri gel, bäri.
Açyp goýdum ynha, köňlümiň öýün,
Ýaýdanma, bäri gel, bäri gel, bäri.
Kimdigiň bilemok, sen neneň, nä gül,
Kamarmy, Sähramy, Şirinmi, Bägül,
Aýsoltan ýa Bibi, ýa, meger Şagül —
Ýaýdanma, gel bäri, bäri gel, bäri.
Sensiz maňa dünýä maly gerekmez,
Sensiz maňa Erem bagy gerekmez,
Diňe bir dost — mähir gerek ýürekden,
Ýaýdanma, gel bäri, bäri gel, bäri.
Yşkyň hyýalaty gözlerde hem-de
Yşkyň alamaty jan bilen tende.
Yşkyň adalaty mende hem sende —
Ýaýdanma, gel bäri, bäri gel, bäri.
Ahmet ady golaý bir at Jepbara,
Etmän onuň umydyny setpara,
Hem diýdirmän: «Ýa öldür, ýa çek dara!»
Ur gadam men taýa — bäri gel, bäri.
■ OWADAN BOLUPSYŇ
Gara gözlim, saňa bir söz diýeýin:
—Sen şeýle owadan gelin bolupsyň!
Täze bir jan bolup başdan aýaga,
Sen şeýle owadan gelin bolupsyň!
Arzuw edip her agşam, her sabada,
Kän gezensiň bu günlere tamada.
Gyzlar gezdirip ýör açyk howada,
Sen şeýle owadan gelin bolupsyň!
Näzleriňem indi başgarak bir näz,
Sözleriňem indi has süýji owaz.
Bir ykbal, bir ýürek, täze bir nowa,
Sen şeýle owadan gelin bolupsyň!
Görmäge göz gerek aşyk zaňňary,
Ol ýada salyp dur Babagambary,
Gyrmyzy don geýip çapraz çaňňaly,
Sen şeýle owadan gelin bolupsyň!
■ BÄŞIŇ ÜSTÜNE
Näzli dilber, bu gün keýpiň bäş bolsa,
Ýene-de bir bäş goş bäşiň üstüne.
Sebäb-u-bisebäp bolsaň perişan,
Gel, goş gözýaşyňy ýaşym üstüne.
Düşüner ýaly däl bitaýmy-taýly,
Bu ýürek azarly, hasratly, dagly,
Gaş kaksaň, elbetde, syr bilen bagly,
Men hem gaş goşarmen gaşyň üstüne.
Sen algydar, men dilegdar hökmünde
Seni diýrem, saňa yhlas köp mende,
Yşkdan ýaňa dagdan agyr ýük mende,
Janam, daş goýmaý-da, daşyň üstüne...
■ BILE
Ýok, muny men tapmadym,
Biz muny tapdyk bile.
Yşk ody bir meniň däl,
Ol ody ýakdyk bile.
Tozdy ýollarda köwüş,
Bir-de ýazdy, bir-de gyş,
Bilmedik bu nä boluş?
Bir çen-u-çakdyk bile.
Oýlanyp gezdim telim,
Doluşyp barýa kemim,
Sen meniň, men hem seniň
Ýüregne akdyk bile.
Özüň bilýäň, iştiräk
Maksat saglyk baş diläp,
Ykballary keşdeläp,
Jaýba-jaý sapdyk bile.
Gybat-da bar, töhmet-de,
Söýgi soňy rehnetde,
Ne günä bar Ahmetde
Bir ömri tapdyk bile!
Ahmet MÄMMEDOW.
Goşgular