18:44 Gerekdir | |
GEREKDIR
Goşgular
Gün-günden kalbyňda möwjese söýgi, Dert bolar, ýanyna höwür gerekdir. Çarýana at salýar jylawsyz duýgy, Köşeşewer göwnüm, sabyr gerekdir! Uky ýada düşmez Aýly agşamda, Ýalbyraşýan ak ýyldyzlar nagş onda. Ýürek söýgiň aňzagynda gagşanda, Ony çoýar ýaly howur gerekdir. Eden işiň göwne jaýla, kem etme! Joşly ýürek aýdym aýtsyn, sem etme! Söýmek üçin, köýmek üçin elbetde, Durka sagat ýürek-bagyr gerekdir. Ýeke däl hak aşyk, köp munda Perhat... Kitaplaň içinden tapdym men bir hat, Okadym: “Mertlere şan bilen şöhrat, Ganatly bedewe şöwür gerekdir. Gurbat gerek bu barlygy böwsere, Gidip barýas kä ýegşere-ýegşere. Ýürekleriň hyjuwuny egsere, Şirin tilli, gözel şygyr gerekdir. Wagt eglenmez, hüjüm eder utmaga, Ömür gyssar arzuwlara ýetmäge. Göwnüň bire baglap yňyp gitmäge, Ýüreklere barýan ugur gerekdir. Ýüreklerde arzuwlar bar, isleg bar, Iýen duzuň Hakdan berlen rysgal bor. Öwrümlerde takdyr bizden rüstem ger, Sabyrly-takatly ömür gerekdir. Käteler ýürege düşer bir dowul, Täleý diýer: “Hany, öňümden sowul! Söýseňem, köýseňem bir gep bar ogul – Ähli zada Hakdan emir gerekdir!” | |
|
√ "Zülpükar gylyjy Hezret Alynyň..." / Goşgular - 27.08.2024 |
√ Sokrat / Goşgular - 16.05.2024 |
√ Nätdiñ? / Goşgular - 12.06.2024 |
√ Ballaryň islär / Goşgular - 22.08.2024 |
√ Pyşyrdylar / Goşgular - 07.09.2024 |
√ Wepasy hakda / Goşgular - 27.07.2024 |
√ Garajaoglanyň şygyrlarynyň täsirinden dörän şygyrlar toplumy / Goşgular - 15.10.2024 |
√ Goja söýgi / Goşgular - 23.10.2024 |
√ Köçämize seniň gadamyň düşdi... / Goşgular - 24.08.2024 |
√ "Garrap ýörünmi ýa men..." / Goşgular - 01.01.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |