17:58 Gezelençde / hekaýa | |
GEZELENÇDE
Satiriki hekaýalar
Eger-de ýagyş-zat ýagman Gün çykyp dursa, onda sagat ýedileriñ töwereginde telefon jyññyrdamaly. Men Olegden jañ geljegini bilýärin. Trubkany göterýärin. Bu hakykatdanam şol, Oleg. - Witýa, salam! Bu men - Oleg! Nirä ýitirim bolýañ-aý, şepe? - Işim boldy, başagaýrak - diýip, men jogap berdim. - Işem işdir welin - diýip, Oleg sözüni dowam etdirdi. - Ýöne käte dynjam almak gerek. Ýogsam, okuwam halys ýadadar. Bi, şäheriñ daşyna gezelenç edilse, nähili görýäñ? Howa-da gowulandy, kömelek barmyş diýýärler... Ýogsa-da, ynha, Lýolýa-da ýanymda, saña salam aýdýar. Lýolýanyñ şol ýerdedigini men Olegiñ gep salgyndanam añdym. Gezelenje gitmek baradaky teklibem, megerem, şol orta atan bolsa gerek. Teatra bilet tapan däldir, şäherde işsiz söw-söwläp ýörmegem bir gyzyksyz. Onsoñ Lýolýa "Tokaýa gezelenje gidilse nähili oñat boljak. Hany, sen öz Witkaña jañ etsene, goý, ol bizi öz maşyny bilen äkitsin" diýendir. Trubkany golaýrak tutup gürledim: - Oña mendenem salam aýt! Gezelenje gidib-ä bolardy welin... Ýanynda jorasy barmyka? - Oñam bir gürrüñi bolarmy. Hökman. Ynha, Lýolýa maña bir zatlara-ha aýdýar... - Oleg trubkanyñ mikrofonyny eli bilen berk gysýar. Ol Lýolýa bilen gürleşýändir. Men bilýän, häzir ikisiniñ arasynda takmynan şeýleräk gürrüñ bolýan bolmaly. "Ol ýanynda jorasam bolsun diýip haýyş edýär". "Men kime diýeýin?" "Kimem bolsa birine diý-dä, ýogsam, ol bizi äkitmez", "Şol oglanyñam ynjyklygy gutarjak däl-ow! Bolýa-dan bir alajyny ederis..." - Jorasy boljak - diýip, Oleg begençli seslenýär. Üzümiñ suwy ýaly gyz. Özem okumyş... Men minnetdarlyk bildirdim. - Sag boluñ! Sagat näçede? - Ynha, munyñ başga gürrüñ - diýip, Oleg şatlygyny daşyna çykardy. - Sagat on birlerde gitsek señ üçin ir bolmazmy? Diýmek, biz onda saña öýümiziñ ýanynda garaşýas... Ýanyñ bilen ýapynja, çişlik bişirilýän zatlary hem alyşdyraweri... Men trubkany goýup, diwandan turdum. Iñ kyn iş öñdedi, kakamdan neneñsilik bilen "Zaporožesi" diläp almaly. Men goñşy otaga girdim. Kakam gözüni süzgekledip, gazet okap ýatyrdy. - Atam, beýdip gapdalyña ýatyp okamasana. Gözüñ hasam zaýalanar - diýip, men seslendim. Onuñ ýanyna baryp, kellesiniñ aşagyna ýassyk goýdum. Ol minnetdarlyk bilen maña seretdi-de, ýylgyrdy. - Sag bol, Witok! Sen gaty aladaçyl... Ýöne, bilip goý, maşyn bermen. Ertir Liza daýzañ doglan güni, biz şoña gitmeli. - Bu ikara maşynly gürrüñ nirden geldi? Senden maşyn dileýän barmy? - Onda bagyşla, oglum - diýip, kakam mylaýymsyrady. - Göwnüme şeýle ýaly boldy. Ýogsa-da, senem ertir biz bilen daýzañ doglan gününe gitseñ-ä o pahyr monça bolardy... Bu sözleri ol göwünli-göwünsiz aýtdy. Meniñ hiç hili Liza daýzalara gitmejegimi ol oñat bilýärdi. Men häzir ondan boýun towlamak üçin bahana tapmalydym. Dogrusy, men-ä şu garyndaşsumaklardanam ýadapdyryn, bularyñ doglan günem gutaranok, çagyrylan ýere barmasañam gelşiksiz. - Hezil edip giderdim welin, bu gün-erte zaçýotymyz bar. Ertir Oleg bilen duşuşmaly, ol sopromatdan kömek edeýin diýip boýun aldy. Eger ýalñyşmaýan bolsam, Liza daýza Wolkowskiñ ýanlarynda ýaşaýar öýdýän. O ýerik göni metro gidýän bolmaly... - diýip, men kakama seretdim. - Biz ejeñ bilen maşynly gitjek - diýip, kakam kesgitli gürledi. - Maña näme, özüñe zyýan edersiñ. Maşynly gitseñ, bir gramam içip bilmersiñ-dä... - Meniñ ödüm agyrýar, öñi-soñy içip biljek däl... - Onda saña iýmegem bolýan däldir. Beýle bolsa gidip näme işlejek? - Liza daýzany gutlamaly. Näme, ýörite şonuñ üçin gidende gelşiksiz bolar öýdýäñmi? Sopromaty öwrenmek üçin maşynyñ asla gerek ýeri ýok. Ol maña jiñkerilip seretdi. Özüniñ bu gürrüñine gaýtargy tapmaz öýtdi. Onuñ pikiriçw, men muşakgat baryny ýagdyrmalymyşym, olam meniñ kejime gaýtjakmyşyn. Tapdyñ bu ýerde erni suwlyny! - Atam - diýip, men onuñ inçe damaryndan tutdum. - Meniñ aýtjak zadymy üns berip diñle. Hakykatdanam, maña ertir maşyn gerek. Näçe diýseñ häzir ynandyryjy bahanalary tapyp bilerdim, ýöne ýalan sözüñ nämą geregi bar! Men saña dogrymu aýdaýyn, meni bir gyz bilen tanyşdyrdylar, o gyzam göwnüme ýarady. Içigargalmyş ertir öýden maşyn alyp, ähliñizi tokaýa kömelege äkideýin diýip öwnäýdim. Öwünmek gowam däl welin, men şeýtdim-dä. Indi sen maşyn bermeseñ, men bir boş gürläp ýören ýañra ýaly boljak, olaryñ gözüne görünmäge utanaryn. Dogry, bu durmuşda iñ bir aýylganç zat dälse-däldir, ýöne meniñ üçin şeýle bir möhümsizem däl. Ynha, bolany şu! Ýagdaýyña seret-dä... Men penjiräniñ ýanyna baryp, daşaryny synlamaga durdum. Häzir kakamy gyssap, onuñ iki aýagyny bir gonja sokmaly däl, ol oýlanmaly. Kakam ýatan ýerinden galdy-da, otagyñ içinde ikiýana gezmeledi, eli bilen eñegini owkalaşdyrdy. - Me, al! - diýip, ol maña maşynyñ aşaryny uzatdy. - Ýöne birazrak ýag guýmalydyr. - Bilýän, atam. Köp sag bol, minnetdar - diýip, men aýtdym. Kakam ýanyma geldi-de, makullaýjylyk bilen böwrüme symsyklady. - Berekella, Witýa! Dogryñy aýtdyñ. Elmydama şeýdip hakykaty aýtgyn! - Elmydama bolanok-da - diýip, men degişmä saldym. - Hakykat diýilýän zady diñe çykgynsyz günüñe ýygnap goýmaly... Meniñ degişmäm ýerliksiz boldy öýdýän, ol ýylgyrmady. Olaryñ gözi ýoldadyr, maña garaşýandyrlar, gideýin. "Zaporožesim" ýuwaşlyk bilen Olegleriñ howlusyna girýänçä men ol gyzy synlap ýetişerin. Lýolýanyñ özüne görä görmeksizräk birini çagyrjagyny men añýadym, ýöne beýle betnyşan zat bolar öýtmändim. Keltejik, ýüzem ak esgi ýaly, kellesijem ýaglyk bilen dañypdyr. Göräýmäge, sypaty şeýle bir erbedem däl, ýöne egnindäki syrlaşyp duran galyñ neýlon kurtkasy näme diýsene, aýagam rezin ädikli... Elinde bolsa sebedi bar... Ol samsyk, dogrudanam, kömelel çöplemek üçin taýýarlanypdyr öýdýän. - Edil diýen wagty gazykdyr - diýip, Oleg maşyna münüp durşuna meniñ tarypymy ýetirdi. - Tanyş boluñ: bu - Tanýa, bu-da biziñ Wiktorymyz! - Örän gowy - diýip, Tanýa ýyrşardy hem-de meniñ elimi gysdy. Tanýanyñ göreçleri birhili hyýrsyzdy. Ýaşyna görä däldi. Sulhumyz alyşmazmykan öýdýän. Aý, bolýa-la, baramyzsoñ görübereris. - Nirä? - Witýa jan, şol öz ýerimize. Sen bilýäñ ahyryn - diýip, Lýolýa dillendi. Barjak ýerimize çenli bir sagat dagy ýöremelidi. Ilki şosseden, soñra oba arasyndan geçýän gumakly ýola düşmeli, gür tokaýlyga gireniñden soñ welin, tä barýançañ darajyk asfalt köçe bilen gidibermeli. Bu ýeri eýýäm maşyndyr motosikletden dolupdyr. Meýdançañ gutaran ýerini derýa kesip geçýär. Ol ýerde sowukdan ýaña gagşaşyp, suwa düşünip ýören iki-ýeke alasamsyklaram bar. Ýöne adamlaryñ köpüsi saralan otuñ üstüne düşegini ýazyşyp, ýüzüni sowujak güýz güneşine çoýuşyp ýatyr. Oleg maşyndan düşdi-de, arassa howany demine dartyp aldy. - Nähili eşret! - Oleg! Lýolýa! Bärik geliñ! Gördüñmi, haýsydyr bir teatrdan tanyşlar. Dogry, olar Olegiñ dostlary, ýöne aralarynda birlän-ikilän meni tanaýanlaram bar, şonuñ üçinem Tanýanyñ goltugyndan tutup, olaryñ arasyna barmaklygyñ geregi ýok. - Salam! - diýip, Oleg olara gygyrdy. - Biz häzir... Ol iýer-içer ýaly zatlaryny, goş-golamlaryny, magnitofonyny maşyndan düşürişdirdi. Tanýa-da maşyndan çykyp, töweregine garanjaklady. Adamlara gülki bolup durman, elindäki sebedi bir ýok etsedi. - O-how, Ýurka-da gelipdir! - diýip, Lýolýa begençli gygyrdy. - Witýq, sen näme maşyndan düşmän otyrsyñ? - Soñurrajyk bararyn. Maşynyñ motoryna seretmeli ýeri bar - diýip, men bahana gözledim. - Siz kömelek çöplemäge gideliñ diýmediñizmi näme? - diýip, Tanýa aljyraññy hüñürdedi. - Kömelegem çöpläris - diýip, Oleg güldi. - Dostlar bilen tötänden duşduk. Oñat oglanlar! Ýör, men seni olar bilen tanyşdyraýyn. - Ýok - diýip, Tanýa ýygryljyrady. - Gowusy, men tokaýa.. - Şeýlemi, bagty barlap görjek diýsene - diýip, Oleg derrew razylaşdy. - Ýöne soñ biziñ ýanymyza gelgin. Biz onýança çişligi-zady ýola goýuşdyraly. Witýa, sen biz bilenmi ýa Tanýa bilen? - Men maşyn bilen! - diýip, has ynandyryjy bolar ýaly, onuñ kapotyny açdym. Kellämi sokup, Tanýanyñ tä garasy ýitýänçä, maşynyñ motoryna seredişdiren boldum. - Näme, az-kem sypaýyçylyk edip bileñokmy - diýip, Lýolýa kineli gürledi. - Biz-ä gyzy seniñ üçin çagyrdyk, senem oña barmysyñam diýeñok! - Näme üçin? Men onuñ hyzmatynda... Ýöne entek öwrenişmeli, duýgusyny barlap görmeli... - Baş üstüne, ýöne gyşarylma! - diýip, Lýolýa öýkeli hüñürdedi. - Meniñ tanyşlarym göwnüñe ýakmaýan bolsa, onda özüñe gyz gözleniber! Ol mamla. Ýöne edil beýle-de däl, näme, men özüme gyz gözlenmeýändir öýdýäñizmi? Biz öñki oturanlaryñ gapdalynda düşledik. Düşegimizi ýazyşdyryp, olaryñ gürrüñine goşulyşdyk. Bir murtly ýigit (ol birhilu tanyş ýaly welin, ýa telewizorda, ýa-da başga bir ýerde görendirin) "Sowremennik" teatrynyñ aktýorlary hakynda toslama gürrüñleri aýdyp, gyzyl-gyran gülüşdirip otyr. Dogrusy, onuñ aýdýan zatlarynda känbir gülküli zadam ýok, ýöne gürrüñ berşi gaty täsin. Bagtly adamlar bar-la! Aýdan zadyna gülşüp otyrlar. Gyzlar oña şeýle bir hyrydar göz bilen garaýarlar welin, men çagakam maña ejem şeýle seredendir öýdemok... Soñra menem tokaýa gitdim. Keýpine, gezelenje. - E-he-heý, Tanýa! Tanýa, ä-he-heý - diýip, elimi agzyma tutup gygyrdym. Näme üçin şeýdip gygyranymy, dogrusyny aýtsam özümem bilemok. Ol edil öñ ýanymdan, berýoza agajynyñ arkasyndan çykdy. Kellesindäki ýaglygyny aýrypdyr, onuñ asyl goñrasdan açygrak uzyn saçy bar eken. Indi oña öñ tarapynran seretseñem hiç neneñ däl. - Men-ä sizi azaşaýdyñyzmykan öýtdüm. Nähili, kömelek barmy? - diýip, men oñ habar gatdym. - Ynha - diýip, ol sebedini görkezdi. Onuñ içi garamtyl kömelekden doly eken. - Beýle zatlar bardyr diýip kim pikir etjek? Munyñ ýylan kömelegi-hä däldir-dä? - Diýýäniñiz näme! - diýip, ol güldi. - Ynha, bula-ha tüýs gelin kömelek, bularam... - Geñ zat! Şu ýerlerik näçe kömelege geldik welin, beýle-beýle zatlaryñ bu ýerde bitýändigini bilmändiris. Meniñ bu degişmäme ol ýylgyrdy. Diýmek, ol oýna-çyna düşünýär-dä, şoña-da şükür. - Siz meñ bir gören ýüzüm ýaly - diýip, men oña seretdim. - Biz Andreý Woznesenskiniñkide duşuşana-ha däldiris-dä? - Ýok - diýip, ol utanjañlyk bilen ýüzüni aşak saldy. - Onuñ bilen tanyşlygym ýok. Näme, sizem şahyrmy? - Ýok. Men himiýaçy. - Onsoñ nirede işleýäñiz? - Ynha, ony welin soramak bolanok! - Onuñ ýüzüne dikarynlap seretdim. - Gowusy, geliñ, başga zat hakynda gürrüñ edeliñ... Şundan soñ biz kömelek çöpläp başladyk. Keýpine düşünseñ, asyl ol gaty gyzyklu zat bolýan oguşýan. Tanýa uly bir töññäniñ üstünde oturdy-da, ýygnan kömeleklerini saýpallaşdyrdy, olaryñ göbegini goparyşdyrdy. Menem onuñ gapdalynda ýerleşdim. Iñ jogapkärli pursat gelip ýetdi. Biz egin-egne berip otyrys. Ol maña seredenok, bilgeşleýin kömelekli sebedini dörjeşdiren bolýar. Ýöne onuñam häzir dem alşyndan ähli küý-köçesiniñ şol bir zat hakyndadygyny añýaryn. Şular ýaly ýagdaýda käbir bihaýa oglanlar derrew sözden işe geçýärler. Ýöne meniñki häzir ugruna däl, oñly gürläbem bilemok, onsoñ iş nireden bolsun. Häzir özümi dürsemek üçin çilim çekeýin, soñ onuñ egninden gujaklaryn. Bilýän, olam maña "Beýtmesene, gerek däl" diýen bolar. Men ýuwaşlyk bilen agras elimi onuñ egnine atýaryn. Ol maña tarap öwrüldi-de, üýşenip maña seretdi. Soñra ýerinden turdy. - Wiktor, beýtme, gerek däl! - Näme üçin? Şular ýaly pursatda şeýle samsyk sorag bermäýin diýip ýüz gezek özüme söz beripdim welin, her gezek unudaýýan. - Sebäbi gerek däl-dä! - diýip, ol kinaýaly ýylgyrdy. - Dogry aýdýañ, gerek däl! - diýip, menem töññäñ üstünden turdum. - "Gerek däl" diýip siz gaty ýerlikli aýtdyñyz, Tanýa. Menem başda şeýle pikir etdim, soñam birden, aý, gerek bolaýmasyn diýip elimi boýnuña salaýdym-da. Ynha, indi gerek däldigine açyk göz ýetirdim. Men şeýle bir çalt gürleýän. Ol ilki täsin garaýyş bilen maña seretdi, meniñ bu aýdyp duran zatlaryma nähili düşünjegiji bilmedi, soñra başyny ýaýkap güldi. Ýöne bu gezek onuñ gülküsinde kinaýa ýokdy. Meniñ bilen, gowusy, iş salyşmaly däldigine düşündi öýdýän... - Wagt boldy, ýörüñ. Bize bireýýämden garaşýan bolmaklary mümkin... Çişligiñ ysy dumly-duşa ýaýrapdyr. Ýöne bize garaşýan bolaýmasynlar diýip ol ýalñyşypdyr. Biz öwrülip baranymyzda eýýäm getirilen etiñ köpüsini iýipdirler, çakyrlar içilipdir, hälki murtly oglan bolsa entegem gürläp otyr, ähli kişi gyzyl-gyran gülüşýär. Dogrusy, şu ýagdaý maña ýaramanam duranok, hiç kim saña üns berenok. Tanamaýanlaryñ bilen tanyşjak bolup azara galmaly däl, oduñ başyna geç-de, hiç ýerik gitmedik ýaly joñkarda otur. Lýolýa Tanýany ýanynda oturdyp, oña bir bölek çişlik bilen bir bulgur çakyr hödürledi. Menem gyralary ýananrak çişlikden çekelemäge durdum. Gün agaçlaryñ añyrsyna duwlanyp ugransoñ, howa salkynlaşdy. Men ýerimden galyp, töwerege aýlañ-çaýlañ etdim. Iñrik garalyp başlanda-da oduñ başyna öwrülip geldim. Iýlip-içileninden soñ ähli oturylyşyklarda bolşy ýaly, bu ýerde-de adamlar iki-ýekeden bölünişip, özara gürleşip otyrdylar. Ara ümsümlik düşenden: - Nähili, ugramarysmy? - diýip, men Olegden soradym. - Ýok, biz-ä entek oturjak... - Witýa, sen alñasasañ gidiber, bizi oglanlar äkider - diýip, Lýolýa seslendi. Tanýa-da ýerinden turdy. - Gaýdar wagty boldy. - Tanýuşa, men sizi äkideýin - diýip, murtly aladalandy. - Ýok, ýok - diýip, Tanýa kesgitli jogap berdi. - Men Wiktor bilen. Biz şähere gelenimizde eýýäm garañky düşüpdi. Ýolda az gürleşdik. Tanýa yzda otyrdy. - Siz nirede ýaşaýañyz? - diýip, men ondan soradym. - Haýsy metroñ ýanynda düşürseñizem bor, maña tapawudy ýok - diýip, ol biparh jogap berdi. - Şeýle-de bolsa, sizi nirä äkitmeli? - Kyn görmeseñiz, Beskudnikowo. Maña geregem şoldy. Medeniýetlisiräp oturmaýyn. - Beskudnikowo bolsa Beskudnikowo äkidäýeris - diýip, men çilim otlandym. Egnimiñ üstünden oña çilim uzatdym. - Sag boluñ, men çekemok. - Diýmek, siz kömelek boýunça spesialist-dä? - Aýdýanyñyz näme, mendenem bir spesialist bolarmy? Kömelek üçin irräk gitmeli, özem başga ýerik. - Kömelegiñ köp bolýan ýerini bilýäñizmi? - Bilýän. - Belki, meni-de çagyrarsyñyz? - Siz gidermisiñiz? - Näme gitmän! Kömelegiñem özbaşyna keýpi bar eken... - Hakykatdanam, çynyñyz bolsa, gideliñ. - Onda size jañ etmek mümkinmi? Telefonyñyzy ýazyp beriñ. - Bolýa. Ol meniñ jañ etmejekdigimi bilýärdi, onuñ hiç ýerik çagyrmajagyna meniñem akylym çatýardy. Mahlasy, biz Beskudnikowo nähili gelenimizi bilmedik. - Saga - diýip, ol sowulmaly ýerimi salgy berdi. - Ynha, öýümiziñ ýanyna geldik. Köp sag boluñ, minnetdar. Men maşyndan çykyp, oña gapyny açyp berdim, düşmäge kömek etdim. - Ýene bir gezek sag boluñ. - Işigiñize çenli ugradaýyn. - Ýok, ýok, gerek däl... - Onda duşuşýançak... Kömelege gidýänçäk! - Duşuşýançak! - diýip, ol elini uzatdy. Oniñ eli ýyljajykdan mymyjak eken. - Her näme diýseñem-ä men sizi bir ýerde görüpdim öýdýän. - Mümkin, men sizde çyzykly geometriýadan okadýan - diýip, ol ýylgyrdy. Birdenkä-dw üsgülewügim tutdy. Näme üçin men üsgürýäkäm? Onuñ elini bir goýber-dä, samsyk!!! - Ynha... ýañky... işler... - diýip, men üsgülewügiñ arasynda üzlem-saplam gürledim. Näme samahyllaýanymy özümem bilemok. Kurtkamyñ ähli iliklerini ildirip çykdym... Wah, iñ bolmanda, onuñ atasynyñ ady bir ýadyma düşsedi... - Sag boluñ - diýip, ol hoşlaşdy. - Sag boluñ... Ol öwrüldi-de, öýlerine tarap gitdi. Maşynyma böküp mündüm, atylan ok ýaly waz ýasaýdym. Elbetde, ol şo bolmaly... Tatýana... Sergeýewnamy ýa-da Semýonowna, kes-kelläm ýadyma düşenok. Beýleki gruppada okadýar, ýöne bizde-de birki gezek okuw geçipdi. Men oña Olegiñ çyzyp beren epýuryny tabşyrypdym. Maña näme bolýarka? Görsem, maşynyñ spidometri ýüzi görkezýär. Azajyk badymy peseltdim. Bir bagyñ gapdalyna baryp saklandym. Özümi dürsemesem, bir zadyñ üstünden baraýmaýyn. Maşyndan düşdüm. Bu ýeri gaty çola görünýär, uzaklarda saralyp, çyra ýanyp durdy. Şol tarapa eñdim. Ol ýerde telefon budkasy bar eken. Girdim-de, köpük atyp, gerek sanlarymy aýlaşdyrdym. - Alo, diñleýän - diýip, trubkadan sandyrawuk aýal sesi eşidildi. - Alo! Liza daýza! Bu Witýa! - diýip, men gygyrdym. - Kim? - Witýa. Wiktor. Liza daýza, siziñ ýegeniñiz... - Witýa? Wiý, Witýa jan... ezizim, gurgunmyñ? - Daýza, salawmaleýkim. Sizi gutlaýan! - Sag boluñ, ezizim... Gaty minnetdar. - Men häzir size gezmäge barjak, Liza daýza. - Gezmäge barjak? Hawa, geliñ, geliñ... Alo? Witýa, kakañ gürleşjek bolup, trubka ýapyşyp otyr. - Alo, Wiktor - diýip, trubkadan kakamyñ aladaly sesi eşidildi. - Näme boldy? - Hiç zat. - Sen nirede? - O nämä gerek? - Maşyny zaýaladyñmy? - Ýok-laý, kaka, nädýäñ-aý. Maşyn gurat. Ýöne birhili ähliñizi göresim gelýär... - diýip, men jogap berdim. Ara ümsümlik aralaşdy. Kakam ynjalmady. Näme bolanyny biljek boldy. - Alo! Wiktor! Hany, aýtsan-a näme boldy? Alo! Näme gürläñok? Alo!.. Näme boldy diýýän?... O näme beýle gygyrýar-aý? Näme bolanyny men näbileýin... Grigoriý GORIN. Terjime eden: Täçmämmet JÜRDEKOW. * * * ● Grigoriý Izrailýewiç Gorin (hakyky familiýasy Ofşteýn), rus ýazyjysy, dramaturg, senarist, telegepleşikleri alyp baryjy, Russiýa Federasiýasynyñ sungatda at gazanan işgäri (1996), Russiýa Federasiýasynyñ Döwlet baýragynyñ laueraty (2002, aradan çykansoñ). 1940-njy ýylyñ 12-nji martynda Moswada dünýä inen ýazyjy ençeme çeper eserleriñ we publisistik makalalaryñ awtorydyr. G.Gorin Beýik Watançylyk urşy ýyllarynda 150-nji diwiziýanyñ 3-nji söweşjeñ goşun bölüminiñ ştabynyñ başlygy bolan podpolkownik Izrail Abalýewiç Ofşteýniñ (1904, Woloçisk - 2000, San-Fransisko) ogludyr. Geljekki ýazyjy 1963-nji ýylda Moskwanyñ I.M.Seçenow adyndaky 1-nji medisina institutyny tamamlaýar we birnäçe ýyllap "Tiz kömek" gullugynda lukman bolup işleýär. Şeýle-de, G.Goriniñ 1960-njy ýyldan başlap «Литературная газета», «Юность» ýaly gazet-žurnallarda felýetonlary, satiriki hekaýalary çap bolup başlaýar. 1966-njy ýylda onuñ satiriki hekaýalary A.Arkanow, F.Kamow, E.Uspenskiý ýaly ýazyjylar bilen birlikde bir ýygyndyda çap bolup çykýar. 1978-1990-njy ýyllarda G.Gorin «Вокруг смеха» telegepleşigini alyp barýar. Şeýle-de ol, 1995-nji ýylyñ 19-njy iýulynda berlip başlanan «Час пик» telegepleşigini hem taýýarlamaga gatnaşýar. Ömrüniñ soñky ýyllarynda «Белый попугай» telegepleşigini taýýarlamaga işjeñ gatnaşdy. Meşhur satirik ýazyjy G.Gorin 2000-nji ýylyñ 15-nji iýunynda 61 ýaşynyñ içinde aradan çykdy. # www.kitapcylar.ga | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||