16:01 Gijeki yzlar/ detektiw powest | |
GIJEKI YZLAR
Detektiw proza
Sorag edilýän ýigit jenaýaty agtaryş bölüminiň naçalnigi Ymamguly Berdiýewiň işikden ätlärine mähetdel, tutuş göwresini ejizlige salyp, oňa tarap öwrüldi. Birbada näme diýjegini bilmeýän ýaly, naýynjar keşbini naçalnigiň ýüzüne dikdi-de, has hem ejizledi. Soňra amanat ýaly bolup oturan oturgyjyndan ur-tut ýere düşdi-de dyzyna çökdi, iki elini kükreginiň üstüne goýup,özelenip başlady: - Ýoldaş naçalnik, üstümde Hudaý bar, eger men şo tigiri ogurlan bolsam gözüm gapylsyn, ynan sen şuňa! - Muhat, hany tur ýeriňden! Utanaňokmy beýdip oturmaga?! - Utanýan, gaty utanýan. Ýöne utansam nädeýin, başyma ogurlyk atyp barýaňyz ahyryn. - Heniz-ä başyňa ogurlyk atylanok, ýöne atylaýanda-da erkek kişi beýle ejizlemez ahyryn, Muhat han! -Wah, siziň ýeriňizde bolup, şu zatlary düşündirip durmak aňsat-la. Ýöne başyňa töhmet atylyp barýarka nädip ejizläniňem bilip bolanok... Çynymy aýtsam, Ymamguly aga, türmä düşmekden heder edemok-da, töhmetden gorkýan. -Hany, biderek mertsirän bolma-da, bar, birsalym koridorda garaş. Muhat daşaryk çykdy. Ymamguly Berdiýew onuň düşündirişini okamaga başlady: “Men, Annamanow Muhat, şu aşakdakylary ýazmak bilen düşündirýärin, ýagny, men şu ýylyň 24-nji awgustynda, agşamara, işden soň raýon merkezindäki piwohanada boldum. Şol ýerde iki sagat çemesi oturdym, bäş, alty krujka piwo içdim. Gaýtjak bolanymda gapdalymda duran welosipedi özümiňkidir öýdüp alyp gaýtdym. Öýe gelip, welosipedi kümä salanymda, özümiňkiň hem şol ýerde durandygyny görüp galdym. Ýöne şol wagt getiren tigrimi yzyna – piwohana äkitmäge ýagdaýym ýokdy. Şonuň üçin ony ertir irden şol ýere äkiderin, piwoça tabşyraryn diýip pikir etdim. Ertesi dynç alyş güni bolansoň sagat 10-a çenli ýatypdyryn. Turan badyma bolsa bir milisioner bilen welosipediň eýesi özümiňkidir öýdüp alyp gaýdandygymy aýtdym. Men şu düşündirişi ýazmak bilen hem şony aýtmak isleýärin, ýagny men şol welosipedi başga pikir bilen däl-de, diňe özümiňkidir öýdüp, ýalňyşyp alyp gaýdypdyryn. Ýalňyşyma ökünýän, indikide gaýtalaman. Düşündirişi öz elim bilen ýazdym, aşagyna gol çekýärin.” Ymamguly Berdiýew düşündirişi elinde saklap durşuna maňa ýüzlendi: -Ýeri, onsoň, Kuwwat, wakanyň hakykatda bolşy nähili? -Şu bolşy diýsem hem boljak. Üýtgeşik bir zat ýok. Şol wagt gapy açyldy. Işikden boýnuny uzadan Muhat: -Ýoldaş naçalnik, meniň näçe ýyllap drujinaçy bolanymy hem ýatdan çykarmaň-diýip, çekinjeňlik bilen habar berdi. -Çykarmarys, çykarmarys, hany, gapyny ýap. Işik ýapylansoň naçalnik ýene maňa ýüzlendi: -Üýtgeşik zat ýok bolsa dyzanaklap ýörmesin-de, owarra bolsun-la. Onsuzam iş gyt däl. -Menem şeýle pikir edýän, ýoldaş naçalnik, ýöne, Şäherli nämedir bir zatlary anyklajak diýýärdi. -Näme ol anyklajak diýýäni? -Bilmedim. -Hany, onuň özi nirede? -Heniz-ä gelenok. -Şolam birhili adam-aýt –diýip, Ymamguly Berdiýew özbaşyna hüňürdäp durşuna jenaýaty agtaryş bölüminiň inspektory Şäherli Gelenowdan zeýrendi. –Öz-ä dokuza edara adam çagyrýar, özem ýok.Aslyýetinde,adam çagyranyňda-çagyrmanyňda-da näme üçin dokuz nol-nolda iş ýerinde bolmaly dälmiş? Eger-de şol wagt Şäherli gapydan girmedik bolsa, naçalnigiň zeýrenjiniň näçe wagt dowam etjekdigini biljek gümanyň ýok. -Ýoldaş naçalnik, gijä galandygymyň sebäbini düşündirmäge rugsat ediň! Ymamguly aganyň: -Gerek däl – diýip, kesgitli aýdan sözi hem-ä onuň sowalyna jogap boldy, hem-de berk duýduryşyň ornunda ýaňlandy. -Bu ýigidiň nämesini anyklajak bolýaň? -Ýoldaş naçalnik, men oňa iş ýerinden harakteristika getir diýdim.Ol bolsa şonsuz bolanokmy diýip aýagyny depip dur. -Näme üçin? -Sebäbi, maňa barybir işden oňat harakteristika bermezler diýýär.Nämemiş, bu iş hakda onuň işleýän ýerinde-de eşidipmişler. -Ol nirede işleýär? -Awtoparkda. -Näme kärde? -Şofýor. Ymamguly aga şondan soň ýerine geçip oturdy-da, az salym oýlandy. Soňra: -Hany, şony çagyr – diýip, Şäherliniň ýüzüne seretdi. Muhat kabinete giren dessine bir oňat habar eşitjek bolýan ýaly, göni naçalnigiň eňeginiň aşagyna dykylyp bardy. Ymamguly aga oňa oturmaga ýer görkezdi: -Hany, otur bakaly, Muhat. Ýeri, saňa ýaramaz harakteristika berjekmişler, hä? -Ýaramaz harakteristika berýärler diýemok, ýoldaş naçalnik, ýöne edil goýberäýer ýaly oňatjasyny ýazyp bermezlermikä diýýän, men özüm şeýle pikir edýän. -Bir emmajygy bardyr-da. -Emmasy şol - eýýäm ol ýerde Muhat ogurlyk edipmiş diýen gürrüň ýaýrapdyr. -Öňem ogurlyk eden bolaýma? -Ýok-ýok, üstümde Alla bar... -Ýeri, boldy-boldy, üstümde Alla bar – diýip, Ymamguly aga soňky sözleri Muhadyň agzyna öýkünýän ýaly terzde kine bilen gaýtalady. –Iliň welosipediniň şahyndan tutup ugraňda-da ol üstüňdemidi? Muhat bu gezek näme diýjegini bilmän,aşak bakdy. -Ýeri, bolýa, häziriň özinde git-de, iş ýeriňden harakteristika alyp gel. -Ýoldaş naçalnik, garalarlar – diýip, Muhat ýere bakyp oturyşyna dillendi. -Garalap, hüýt-gara edýänem bolsalar getir diýilýär saňa, düşnüklimi? -Düşnükli – diýip, Muhat göwünsizlik bilen gapa ýöneldi. Ol jaýdan çykan dessine Şäherli naçalnige ýüzlendi: -Ymamguly Berdiýewiç, Myşy mugallym-a tanaýansyňyz-la? -Tanaman näme, ol menniň mekdep mugallymym ahyryn. Hawa, näme diýjek bolýaň? -Men onuň bilen täze göçüp baran ýerimde goňşy ýaşaýan. Onuň bir ogly Gyrgyzystanda gullukdady. Iň kiçileri öýdýän, adyna Çary diýýärdiler. Şu gün daňdan şol neressäniň jesedini getiripdirler, demir gapyrjaga salyp. -Sen ony näbilýäň? -Men şu gün daň ataly bäri şo ýerde. Gijä galanym hem şoň üçin – diýip, Şäherli gijä galanynyň sebäbini ahyrsoňy gabadyna getirip aýtmaga maý tapdy. -Ol-a bolmandyr – diýip, Ymamguly aga ýerinden turdy-da, penjiräniň öňüne bardy. Ol hamala öz mugallymynyň ýasa batan öýüni görjek bolýan ýaly, şol duran ýerinde ep-esli wagtlap, uzaklara seredip durdy. Mümkin, bu garaşylmadyk ajy habar ony oýlanmaga mejbur edendir. Belki, ol häzir otuz bäş ýyl mundan ozal özüni okadan mugallymyny göz öňüne getirendir?! Onuň bilim-terbiýe bermek üçin yhlas baryny çekişini ýene bir ýola hakydasynda aýlaýandyr?! A, belki-de ol Myşy mugallymyň mährem keşbiniň häzirki pursatda nähili röwüşdedigini göz öňüne getirjek bolýandyr?! Her haýsy bolaýanda-da çökder oý-hyýallaryň içindedigi aýdyňdy. Ol özüniň şol içgepletmelerdir oýlanmalarynyň yzasyny diňe ýeke söz bilen daşyna çykardy: -Bolmandyr. Ol diňe şondan soň yzyna öwrüldi-de pessaý ses bilen Şäherlä ýüzlendi: -Başga çaga-çugasy bardyr-la? -Bar. Ýogalanyň ady Çarydy-da. -Hä, hawa, Çary diýipdiň-ow. Onda ýagşy-la... – Birden ol gelşiksiz bir zady agzyndan sypdyran ýaly, Şäherli ikimiziň ýüzümize ýaltaklady: - Ýak, menem-ä... Heem ýaňy jahyl çykan ýigit ýogalar-da, olam ýagşy bormy diýsene... Bolmandyr... Myşy mugallym gowy adamdyr, bende... Ýöne gowy bolaňda näme, ölüm seň gowyňa-erbediňe, ýaşyňa seredip durmy näme?... Onsoň ony haýan jaýlajaklarka? - 11-de jykarjak diýdiler. Ymamguly aga sagadyna seretdi. -Beýle bolsa, Şäherli, sen eglenme-de git. Goňşy aralykda ýanraklarynda bolsaň ýagşy. Bizem häzir Kuwwat bilen pikirlenişeris. Şäherli gidensoň, ol maňa ýüzlendi: -Kuwwat, bizem görnäýsek gelişmän durmasa gerek. -Menem gideýinmi? -Hawa, a näme? -Aý, hiç-le... Men heniz beýle ýere baryp görmändim-dä... -Sen, inim, bir zady ýadyňdan çykarma: dünýäň ähli derdeseri jenaýatçy kowalap ýörmekde jemlenýän däldir. Dogry,ol biziň jana-jan borjumyz, ilkinji derejeli işimiz, daýhan hasyl ugrunda nähili alada edýän bolsa, biziňkem şo kysmy bir zat.Netijesi meňzeş bolmasa-da, alada-hysyrdysynda kän parh ýokdur... Ýöne iş-iş bolýar, durmuş bolsa – durmuş. Munuň hiç hili kodekse ýazylmadyk, ýöne daşa ýazylan kanunlary bar. Ol hem bolsa töweregiňdäki adamlaryň, il-günüň begenjine-gynanjyna goşulmagy başarmaly. Il-günüň üýşmeleňinde oňarsaň görünjek bolmaly. Toý bolsa ýene ýagşy, ýöne ýas bolanda asla galmajak bolmaly. Çünki toýy adamlaryň özleri tutsa, ýas olaryň başyndan soraşman inýär. Özem, elmydama duýdansyz şarpyk ýaly bolup gelýär. Şeýle halatda ýasa gelen her bir adam “yzy ýarasyn” ýa-da “öwez ogluny bersin” diýmek bilen, dertliniň derdini paýlaşýar, oňa kyn günde arka durýar, hemaýat-tekge berýär. Ol ýer hemmeler üçin des-deň. Onsoň hem, ýas ýeri adamlaryň özleriniň ilkinji nobatda adamdyklary barada, şeýle pursadyň her bir adamyň başynda-da bardygy hakda oýlanmaga mümkinçilikdir puryja döredýän ýeri. Elbetde, olar muny ýas ýerine barmanlarynda-da bilmän duran däldirler. Ýöne, näme üçindir, bu hakda başga wagt asla pikir etmek islemeýäris...Men bu zatlary sanap oturmak bilen bilýäňmi näme diýjek bolýan? Dürli hünäri edinen dürli kärdäki adamlaryň hemmesiniň ilkinji nobatda Adamdyklaryny unutmaly däl diýjek bolýan.Sen entek başyň ýaş, şonuň üçin hem Ymamguly agaň ýaly öňüňe düşüp ýören halypaň barka şu zatlara-da akyl ýetirjek bolmaly. Bilseň, şu zatlaram durmuşda zerur zatlardyr. Ýeri, nähili, düşündiňmi? -Düşündim. -Düşünen bolsaň, onda giderismi? -Gideris, ýoldaş naçalnik! *** Adamlar howlynyň garşysynda topar-topar bolşup otyrdylar. Men şolaryň ýanyna ýetip-ýetmän saklandym, Ymamguly aga bolsa şol wagt howlynyň gapysynda peýda bolan Myşy mugallymyň ýanyna ýöneldi. Olaryň näme hakda gürrüň edendiklerini eşitmesemem, Ymamguly aganyň aýdan zatlaryna mugallymyň agraslyk bilen taýly gezek baş atanyny görüp galdym. Şol wagt olaryň ýanyna ýene iki adam gelip saklandy. Men trotuarda oturan adamlaryň ýanynda çommaldym. Oturanlaryň arasyndaky kelte boýly, gözleri ýiti adam her näçe jan etse-de ümsüm oturyp bilenokdy. Kimdir biriniň: -O neresse nädip beýle bolupdyr? – diýen sowalyna öz bilýän zatlaryny aýtmaga bada-bat töwekgel boldy. -Dogrumy, nädogrymy, ýöne meň eşidişime-hä türgenleşik geçip ýörkäler, göni minaň üstünden baraýan ýaly. -Türgenleşikde mina näme işlesin. Ýöne gapdalynda snarýad ýarylan ýaly-la. -Mina näme işlesin diýme. Indiki harby türgenleşiklerde adyny tutan zadyň bolýan bolarly.Minaň näme, raketa-da bardyr. Sen häzirki harby okuwlar bilen oýun etme.Men muny häli-şindi gazetlerden okap duramsoň aýdýan. Baý-bow, bu türgenleşiklermi? Biz gulluk eden döwürlerimizde-de ganymat eken. Häzir dagy aýdyşlaryna görä ol duran bir alamat bolmaga çemeli. Neresse, gaty çoçgara çolaşandyr.Ýogsam dagy edil beýle kül-uşak bolaýmaly däl-ä. Daş etsin! -Selim, o näme diýdigiň boldy – kül-uşak? – diýip, oturanlaryň biri ýuwaşlyk bilen sorady. Ol bolsa bu zatlar hakda diňe özüniň şunça zat bilýändigine buýsanýan ýaly, gözüni elek-çelek edip, täzeden bat alyp ugrady. -O neressäniň gapyrjaga salyp alyp gelen iki ofiser bu hakda gürrüň edipdir, olar gowusy gapyrjagy açmaň diýipdirler. Aňyrdan uly komandirleriniň hem sargap goýberişi şeýlemiş. Onsoň hem ony ölenden iki-üç gün soň tapaýanlar ýaly-la. Garaz, aýdyşlaryna görä jeset üýtgän bolmaly, ýogsam açmaly däl diýip, aýak diräp duraslary ýok-la...Neressäň ömri gysga eken-dä, gullugynyň gutarmagyna sähelçe wagt galanda şeýle bolaýşyny diýsene... -Haçan gelmelidi? -Ýene-de aňyrsy iki aýdan boşamalydy-da. Şol wagt Myşy mugallymlaryň howlusyndan haýdap çykan başy kiçijik telpekli, egni çäkmenli adam golaýda oturanlaryň arasyna baryp, bir zatlar diýen ýaly boldy. Şondan soň ýaňy gapa getirilip dökülen çägäni ýerli-ýerden howla daşap başladylar. Sähel salymyň içinde howlynyň bir giden ýeri çäge bilen örtüldi. Şol wagt daşy mäkäm jebislenen demir gapyrjakly tabydy çäge düşelen meýdanyň günbatar çetine getirip goýdular. Onuň üsti dürli öwüşginli matalar bilen örtülensoň, demir gapyrjagyň diňe kä ýerleri ýalpyldap görünýärdi. Köwüşlerini çykaryp, çägäniň üstüne geçen ýaşulular sähel salymyň içinde ellerini ýüzlerine sylyp, gölegçilere rugsat berdiler. Tabyt ýerden saýlanyp saýlanmanka tüwdürilip gelen perişan aýal gujagyny giňden açyp, özüni gapyrjagyň üstüne oklady. -Wah,betbagt ejeňi ýalňyz goýup nirä barýaň, balam!.. Seň ýeriňe özüm gitsem bolmaýarmy, bala-a-a-m, balam!... Garryny öýe salmak üçin onuň goltugyna girdiler, ýöne olara diňe tabydy enäniň giň gujagyndan başartdy. Çägä bagryny oýkap, bagyryp ýatan enäniň ahy-nalasy şo ýerden ep-esli ara açylýança ýaňlandy durdy: -Wah, körpe guzym, Çary jan, seň baharyň sowuldy-la. Eziz bala, gara gözleriňi göribilmän galdym-la, bala-a-a-m,balam!... Gölegçiler öwlüýä gelende, jaý heniz doly gazylyp gutarylman eken.Şeýle-de bolsa tabydy çukuryň gyrasynda – ýerden çykarylan üýşmek gumuň üstünde goýdular. -Içki öýüni birneme çuňrak aljak bolaweriň – diýip, hälki kiçijik telpekli, egni çäkmenli adam çukuryň içini synlady-da, gum çykaryp ýörenlere ýatlatdy. Onuň içki jaýyň agzynyň giňligine-de göwni ýetmedik bolarly, egle-egle seretdi-de, ahyrsoňy çukura girenini kem görmedi. -Osman, ine, şu ýerrägindenem birneme almasaň-a sygmaz, tutuş gapyrjak geçmelidir. -Kän alybermäge-de gorkýan, çökermikä diýýän. -Çöküp durasy ýok-la, her näme-de bolsa, bäş-üç pil al. Soň, aşak düşürenimizden soň sygman dursa onça-da bolmaz. Osman bu pikir bilen ylalaşdy öýdýän, ol piliň sapyndan tutup, ýaňky görkezilen ýeri emaý bilen gyrdamaga durdy, ýagşy göwnüne jaýlansoň “Nädýär?” diýen manyda çukuryň gyrasynda duranlara tarap göz aýlady. -Ynha, indi bolaýsa gerek... Çaklama dogry bolup çykdy, gapyrjak edil ölçelen ýaly, içki öýe laýyk boldy. Omaryň çakgan elleriniň dikligine ören kerpiçleri bolsa ol gapyrjagy töwerekdäki gözlerden müdimilik gizledi. Sähel salym geçip-geçmänkä adamlar nobatma-nobat gelip, iň soňky hormat hökmünde çukura bäş-üç pil gum okladylar. Gezegini geçiren adamlaryň kimsi pili ýerde goýup gitse, kimsi ony yzyndaka berip, bir gapdala çekilýärdi. Nobat maňa-da ýetdi. Öňümde duranyň piline elimi uzadanymda, onuň Muhatdygyny görüp galdym. Ol maňa pili uzadyp bir gapdala çekildi. Ýüzlerçe tümmegi gujagynda saklap oturan gonamçylygyň çetinde ýene-de bir mazar peýda boldy. Özleriniň iň soňky hormatyny berjaý eden adamlar heniz gumunyň çygy gitmedik mazaryň töweregini galdap otyrdylar. Men göz astyndan Ymamguly agany gözledim. Şol wagt bir gapdaldan çykan “Bäri geläý” diýen tanyş ses meni halypamyň ýanyna alyp bardy. Ol gözi gyzaryp, ýüzi ýellenen bir ýigidiň ýanynda otyrdy. Bu nätänyş adam çöp bilen ýer dyrmap oturyşyna käte täze mazara tarap gözüni aýlap, uludan dem alýardy. Şonda men onuň Çarynyň ýakynlaryndan biridigini aňdym. Meniň bu pikirimi Ymamguly aganyň oňa beren sowaly hem tassyklady: -Muny haçanrak getirdiler? -Gije 2-lerde öýdýän. -Bile gulluk edýän oglanlary getirendir-dä? -Ýok, iki sany ofiser.Biri kapitandy, birem leýtenantmydy-nämemidi öýdýän. -Olar häzirem şu ýerdemi? -Ýok, getiren batlaryna gitdiler.Gyssag ekenler. -Näme boldy diýdiler? -Okuw geçilende ahmala galypdyr öýdýän. Top atylmaly ýerden çekilip ýetişmänmi-nämemi, öz-ä gaty zaýa boldy diýdiler. Şol wagt telpekli adam galdawlyk bilen ör turdy-da: -Jemagat, Çary nähili adamdy? – diýip, gygyrdy. Mähelle agraslyk bilen jogap gaýtardy: -Gowy adamdy. Ýaňky sowal ýene iki kerem gaýtalandy, şonça gezek hem onuň jogaby gonamçylygyň zabun keşbine siňip gitdi. Şondan soň ýaşy ortadan agan bir daýanykly adam ör turdy: -Adamlar, dogrudanam Çary gowy ýigitdi, asylly, işeňňir, janypkeş oglandy. Häzir bu hakda nutuk sözläp durulmagyny käbir adamyň gelşiksizräk saýmagy-da mümkin. Men haýyş edýän – geň görmäň, çünki bu ýerde gelşiksiz zat ýok, gelşiksiz zat – ýigidiň biziň aramyzdan şeýle ir gitmegi. Ol şeý diýdi-de bir zat gözleýän ýaly, elini jübüsine sokdy. Men “ol kim?” diýen manyda Ymamguly aganyň ýüzüne seretdim. Ol ýuwaşlyk bilen düşündirdi: -Raýonyň harby komissary. Harby komissar gözleýän kagyzyny eline aldy-da, gürrüňini dowam etdi: -Çarynyň edenli ýigitdigi hakda ynha, şu hatda onuň komandiri hem ýazypdyr... Adamlar meniň aýtjak bolýan zadym – aramyzdan bimahal giden obadaşymyzyň, şeýle ýigidiň gubyrynyň üstüne ýadygärlik galdyrsak nähili bolarka? Adamlar siz bu pikiri unasaňyz bolýar, onuň ähli aladasyny harby komissariat öz üstüne alýar. Ol şeý diýdi-de, daş-töweregine göz aýlady. Hemmeler assyrynlyk bilen mugallyma tarap seretdiler. Harby komissar hem şo tarapa öwrülende, mugallymyň gowuşgynsyzlyk bilen baş atyp oturanyny gördi. Diňe şondan soň ol ýene-de dyzyny epdi. Adamlaryň ünsüni özünde jemlän ýaşuly ýene bir gezek aýat okandan soň, Myşy mugallymyň gyryljyk sesi eşidildi: - Adamlar, Taňryýalkasyn! Hemmeler ýüzlerini sallaşyp, oba tarap ýöneldiler. Bu ýere gaýdylanda, näme üçindir, göwnüme bolmasa, hemmeler biçak gyssanmaç ýalydylar. Häzir bolsa munuň tersine, mähelle edil oba girmekden heder edýän ýaly, şo tarapa göwünli-göwünsiz ädimläp barýardy. *** Ilkinji mugallym ýa-da halypa dogan-garyndaş ýaly, durmuşda iň bir sylanýan adamlar bolýar. Halypa babatda meniňki tüýs çüwdi. Milisiýanyň maýory Ymamguly Berdiýew diňe bir içeri işler bölüminde däl, eýsem, tutuş raýonda hormatlanýan adam. Ol bu hormat-sylagy diňe bir öz kärine ezberligi bilen gazanmandygyna ynanýan. Ýiti duýgurlyk, ýürekdeşlik, kalbby päklik ýaly adamy belent derejede goýýan sypatlar! Hawa, halypa gezek gelende meňki oňdy. Ilkinji mugallymym hem tapylgysyz adamdy. Göwnümize bolmasa, şol wagtlar Geldimyrat mugallym ýaly mugallym hiç ýerde ýok ýalydy. Ýöne bir gün irden mekdep direktory klasa girdi-de: -Çagalar, şu gün sizde okuw boljak däl – diýdi. Boldy bir hezillik! “Ura-da-ura!” Näme üçin okuw bolmajakdygy bilen hiç kimiň işi ýok. Ol wagtlar biziň üçin bir gün okuw bolmasa uly toý ýalydy. Partalaryň şakyrdysy, çagalaryň ala-gykylygy klasy göçürip barýardy. Häliden bäri elini daldaladyp duran direktor bizi zordan köşeşdirdi: -Duruň ahyryn, çagalar! Klasyň içiniň gowry ýatyşan dessine direktor eli bilen Geldimyrat mugallymyň oturýan oturgyjynyň arkasyndan ýapyşdy-da: -Hany, ýuwaş! Çagalar, bilýäňizmi näme üçin bu gün sizde sapak boljak däl?Sebäbi, siziň mugallymyňyz ýogalypdyr . . . – diýdi. Ses-üýn tapba ýatdy.Biz aňk-taňk bolup, biri-birimiziň ýüzümize seredişdik.Sebäp, bu habara biz hiç ynanyp biljek däldik.Ýalandyr! Ol nähili beýle bolýar?! Heem bir mugallym ýogalarmy?! Onda-da biziň mugallymymyz – Geldimyrat mugallym?! Ol bizi ölemen gowy görýärdi ahyryn! Ýa-da bir ýerde biz onuň göwnüne degdikmikäk? Belki biz ony ynjydandyrys? Şol wagtlar gözýetimimiz şondan aňryk geçmänsoň, biz onuň ölümine birbada asla ynanmandyk, ynanaýsagam, bu işde özümizi günäkär ýaly saýýardyk. Şol gynançly günden ýene bir ýadymda galan pursat – oglanlaryň bir topary bolup, köne haýatyň düýbündäki düýbündäki tuduň aşagynda ses edip aglaşdyk . . . Megerem, biz onuň ölümini şonda boýun alaýdyk öýdýän... Halypam Ymamguly aga-da özüniň ilkinji mugallymynyň sarpasyny belent saklaýar diýip düşündim.Şonuň üçin bolsa gerek, ol meni ýoldaş edinip (belki-de ýene bir gezek halypaçylyk borjuny berjaý edip) , Çary neressäniň üçüne görünmegi karar etdi.Ýöne, näme üçindir, adatça barlyşy ýaly, günortan däl-de, eýsem, gijräk baryp gaýtmagy müwessa bildi. Biz baranymyzda Myşy mugallym sekiniň üstünde uly ogullarynyň biri bilen göwünli-göwünsiz çaý owurtlap otyrdy. Ol aýat okady. Biz turup, gapa tarap ýönelenimizde mugallym hem bizi ugratmak üçin ýerinden galdy. Derwezeden çykan dessimize Ymamguly aga: - Galanlaryna kuwwat bersin, mugallym! – diýip, onuň bilen hoşlaşmakçy boldy. Şol wagt mugallym onuň aýdýanyny eşitmedik ýaly, häliden bäri kellesinde aýlap duran pikirini daşyna çykardy: -Ymam diýýän-ä, komissaryň öwlüýäde aýdanyny eşidipmidiň? -Hawa, mugallym, eşidipdim. -Şoňa şol diýýän zatlaryň geregem däl diýip, nädip bir sypaýyçylyk bilen aýdyp bolarka? -On-a men oňararyn welin ýöne, näme üçin beýdiýdiňiz, mugallym, düşünmedim-le?! Oglanyň ady tutuldygy bolardy-da. Myşy mugallymy bary-ýogy iki gezek görenem bolsam, ondaky täsin bir häsiýete göz ýetiripdim.Bu adam gürrüňdeşini diňlände, onuň ýüzüne seretse-de, özi geplände ýüzüni hökman bir gapdala sowýardy. Häzir hem ol, göwnüme bolmasa, meniň aýakgabyma seredip gürläp duran ýalydy. -Onyň-a şeýle-le welin, aý, onda-da gerek dälmikän diýýän şo.Indi bir çaga rahat ýatsyn-da. Ol aşak bakyp durşuna owasyna nem inenini duýdurmajak bolýan ýaly, orta barmagyny gözüne degrip goýberdi. -Düýn oglanlar öwlüýä baryp gaýdypdyrlar.Şonda olar gubruň iki çetinde dikilen kerpiçleriň ikisiniňem sogrulyp taşlanandygyny görüpdirler.Oturyp pikir etdik welin, bu öňde-soňda eşidilen zat däl ýaly.Ýeri, olary aýryp taşlamak kime derkar? Elbetde, muny diňe şol komissaryň işgärleri eden bolmaly. Mümkin daşyna etjek germewleri kiçidir-de, onsoň, ol kerpiçler päsgel berendir. Belki-de olar şol kerpiçler ýadygärligiň görküni gaçyrar diýip hasap edendirler.Garaz özi, şolardan başga adam däldir diýen pikire geldik. -Beýle bolsa men ony hökman aýdaryn, mugallym arkaýyn bolaý, ynha, häzir işe bardygym habarlaşaryn. -Ýöne sypaýyçylyk bilen düşündirjek bolaweri. -Bolar, bolar, özüm oňararyn. Göwnüme bolmasa, Ymamguly Berdiýew iş ýerimize gelýänçäk, böwrüni diňläp gelen ýaly boldy. Gele-gelmäne-de telefon trubkasyna ýapyşdy. -Alýo, komissar, özüňmi? Gurguçylykmy? Bu milisiýadan Berdiýew seni biynjalyk edýär. Naçalnigimiň stolunyň edil alkymynda oturanymdan soň onuň gürrüňdeşiniň sesi maňa hem aýyl-saýyl eşidilip durdy. -Hä-ä, Ymam, senmi asyl, ýeri, özüňiz nähili? -Şükür, bizem ýagşy. . . Komissar, ol ýadygärlik diýýäniňize başladyňyzmy? -O nä ýadygärlik, düşünmedim-le? -Myşy mugallymyň oglunyň ýadygärligi. -Hä-ä, o diýsene, ýok-la, entek dogrusy, zakazam edemizok.Ilki oňat çyzgysyny taslap, onsoň, şo boýunça demirçilere zakaz etmekçi. Ýogsa-da, sen meniň şo pikirimi nähili gördüň? Dogrudanam, ýadygärlige mynasyp oglan ahyryn, şeýle dälmi? -Elbetde, gaty mynasyp. -Meniň teklibimi hernä geňläp duran däldirler-le, hä? Ýa-da gelşiksizräk boldumy? -Gelşiksiz zat ýok, sen ony gaty oňardyň, komissar! . . Diýmek, onda siz entek işe girişmänsiňiz-dä? -Heniz-ä girişemizok, ýöne, Ymam, sen näme muny beýle çintgäp soraýaň, düşünmedim-le? Ymamguly Berdiýew bu sowala birbada näme jogap berjegini bilmedi öýdýän, taýly gezek ardynjyramak bilen, ara sähel salymlyk hem bolsa böwşeňlik salanyny kem görmedi, ýöne şonda-da gürrüňdeşini kangatlandyryp biläýjek jogaby oýlap ýetişmedik bolarly: -Aý, hiç-le, bolýar onda, ýagşy – diýip, ol çaltrak gürrüňi soňlanyny kem görmedi. -Kerpiçleri bularyň aýyrmandyklaryny mugallym şo gürrüňi aýdanda-da aňypdym-la welin... – diýip, naçalnik trubkany goýan hem bolsa, ondan elini aýyrman öz başyna hüňürdedi.Soňra maňa tarap öwrüldi-de: -Sen nähili pikir edýäň, Kuwwat? – diýip, özüniň baş çykaryp bilmeýän sowalyny meniň öňüme keserdip oklady. Bu babatda tejribeli halypa pikirini bir ýere çugdamlap bilmän otyrka, ýeri, men näme diýip biljekdim? -Ymamguly Berdiýewiç, men-ä pylan zat diýip biljek däl. -Bilýäňmi näme, Kuwwat, eger-de şol kerpiçleriň biline daňlan ak mata ýere gaçan bolsa, onda bu hakda pikir edip oturmasa-da bolardy, sebäbi, ony ýeliň ýa-da mal-garanyň gaçyraýmagy-da juda bolup biljek zat.Ýöne ýarysy oňat gömülen kerpiçleriň özem, görýäňmi, iki kerpijiň hem ýerinden sogrulmagy böwrüňi diňletmän duranok. Sebap diýseň, munuň özi diňe dam eli bilen edilendigini aňladýar. Eger-de bu ýerde haýsydyr bir tötänlik bolandyr diýen pikire özümizi ynandyrmaga çalşaýanymyzda hem, şol tötänligiň diňe kerpiçleriň haýsy hem bolsa birinde jemlenjekdigine gözümiz ýetip dur. Şonuň üçin bu işiň diňe kimdir biri tarapyndan edilendigi baradaky pikir bilen islesek-islemesek ylalaşmaly bolarys. Eger-de bardy-geldi başga bir gubur üçin kerpiç ýetmän alnandyr diýsek, o-da däl, sebäp, kerpiçler hiç zat üçin ulanylmandyr-da, mugallymyň aýtmagyna görä, bir gapdala aýrylyp goýlupdyr. Ýa-da munuň özi duşmançylyk nukdaý nazardan edilen zatmyka? Ony diýseň, ýigitden göwni galan adam bardyr öýdemok. . . Öz-ä geň. Henize çenli şeýle ýagdaýyň öwlüýäde ýüze çykany ýadyma düşenok. Göwnüme bolmasa, Ymamguly aga hiç zat ýok ýerden howsala düşüp oturan ýalydy. Bir guburdan iki sany kerpijiň sogrulyp aýrylany bilen, ýeri, bu ýerde şeýdip kelle döwüp oturar ýaly näme bar diýsene! Men özümde dörän bu pikiri naçalnige aýdanymy kem görmedim. -Ymamguly aga, meniň pikirimçe, şol iki kerpiji ýerinde goýup gaýtsak hemme zat ýerbe-ýer bolaýjak ýaly. -Sen, Kuwwat, görýän welin, çözgüdi gaty aňsat ýerden gözleýäň-ow...Hawa, aýdaly, olary ýerinde goýubam gaýtdyk-da, ýöne olar ertir ýene-de bir gapdalda ýatan bolsa näme? -Beýle bolsa, ana, şondan soň bu hakda çynlakaý kelle döwmek gerek bolar. -Be-e, şondan soň diýsene – diýsene, diýip, ol meniň pikirimi sallarlap görýän ýaly, aýdan zatlarymyň käbirini birki ýola öz ýanyndan gaýtalady. -Bolýar, Kuwwat, goý, seniň aýdanyň bolsun.Ýöne, bilýäňmi näme, häzirki ýagdaýda ýaraly göwünleri gozgamanyňdan gowusy ýok.Şoňa görä-de biz bu zatlar barada Myşy mugallyma özi soramasa hiç zat aýtmaly, kerpiçleri ýerinde goýmagy hem öz boýnumyza alaýaly, ýeri nähili görýäň? -Ymamguly Berdiýewiç, ony men özümem oňarardym. -Beýle bolsa has gowy. Eger-de şeýle ýagdaý ikinji gezek hem gaýtalanaýsa welin, onda ikimiz bile gideris. -Gaýtalansa gideris, ýöne indi gaýtalanmasa gerek. -Gaýtalanmasa has gowy. *** Men gonamçylyga girip, täze gubruň deňesine ýetýänçäm, Ymamguly aganyň howsalasyny ýönekeý bir zat hasaplapdym.Eger-de gölegçiler bilen gelenimde mazaryň ýasalyşyndaky iki sany zada üns bermedik bolsam, onda belki, şondan soň hem halypanyň howsalasy babatda öňki pikirimde galsam galardym. Ýöne welin, häzir geňirgendirýän zatlaryň hakykatdanam bardygy baradaky pikir kalbymy gaplap aldy. Men ilkinji gezek gubruň galdyrylyşyny görenimde bir-ä onuň üstüniň piliiň sapy bilen endigan düzlenişini, onsoň hem onuň töweregine suwakar ýasalyşyny haýran galmak bile synlapdym. Ynha, häzir welin täze guburda şol zatlaryň ikisinden-de nam-nyşan ýokdy. Öňümde duran tümmek öňňinki emaý bilen timarlanan gubra däl-de, harsallyk bilen galdyrylan bir üýşmek guma meňzeýärdi. Myşy mugallymyň aýdyşy ýaly, bili ak guşakly kerpiçler hem ýerinden sogrulypdyr. Olar, näme üçindir, göz öňüne getirşim ýaly, hersi bir ýerde däldi-de, ikisi hem bir ýerde, üsti-üstüne ýatyrdy. Diýmek, Ymamguly aga aýtmyşlaýyn, tötänlik diýlen zat aradan aýrylýar. Aslyýetinde, ol diňe bir öz ygtyýary bilen aradan aýrylanok-da, eýsem ony üç sany göze dürtme deliliň özi bir gyra gysyp çykarýar. Kerpiçleriň bir-biriniň üstünde durmagy bolsa muňa asla jinnek ýaly hem yş goýanok. Men daş-töweregime üns bilen göz aýlaýan. Hiç ýerde janly-jemende ýok. Çar tarapym bir meňzeş tümmekler. Ümsümlik,asudalyk. Ýöne näme üçindir, şol asudalygyň özi özge wagtlardakydan has galagoply görünýän ýaly. Bu ümsümlik edil haý diýmän turjak harasadyň öňüsyrasyndaky ümsümlige çalym edýärdi. Men ilki bilen Ymamguly aganyň ýanynda boýun alyp gaýdan işimi berjaý etmek üçin kerpiçleriň birini aldym-da ony gubruň gündogar çetinde oturtmaga synanyşdym. Ýöne bu maňa başartmady. Kerpijiň sogrulan ýerini seljerjek boldum. Bu-da eýgertmedi. Gubruň gumundan ep-esli aýraýmasaň, olary oturdyp bolmajaga meňzeýärdi. Bu iş bolsa,meniň pikirimçe, özüme tabşyrylan ýumşuň çygryndan çykýardy. Mundan hem başga, ýeke özümiň gabryň gumuny galgydyp durmagy başarjagym-başarmajagym-da gümanady. Bardy-geldi ýüregi daşa baglaýanymda-da bu tümmegiň maňa jiç hili galtaşygy ýokdy. Kesekiniň gubruny dörjäp durmak halanjak zada meňzänok. Onuň diňe kerpijiniň sogrulmagy, gör, näçe adamyň başyny agyrtdy. Ýogsa-da, Myşy mugallym düýn oglanlaryň şu ýere gelip gidenini aýdypdy welin, bu işi näme üçin olaryň özleri edäýmedilerkä? Aslyýetinde, olar mazaryň ellenendigini bildilermikä beri? Megerem, bilen däldirler, olar mugallyma diňe kerpiçleriň ýerinde däldigini aýdan ekenler ahyryn. Eger-de olar gubruň ellenendigini bilen bolsalar, bu hakda mugallyma hökman aýdardylar. Diňe bir aýtmak hem däl, eýsem, özlerem gyzyklanyp başlardylar. Diýmek, olar bu zatlardan bihabar diýip düşünmeli. Ýöne meniň häzirki bolup durşum üçin ýagşydan-ýamandan hiç hili dahylly ýeri ýok. Häzir näme işlemeli? Sagadyň dilleri bäşiň bitip barýandygyny görkezýärdi. Häzir Ymamguly aga ýerinde bolmaly. Hökman onuň üstüne eňmeli.Indiki işleriň nireden başlanyp, nirede gutarjagyny diňe şol adam aýdyp biler. Häzirki tapan çykalgama öz-özüm begenip gitdim. Bu zatlaryň aňyrsynda nähili syryň gizlenýändigini anyklamaga ýa-da ol hakda hatda bir zat çaklamaga-da hetdim ýokdy. -Sen-ä bu zatlary has hem çörňeşdirdiň-ow – diýip, Ymamguly aga aýdyp beren gürrüňimden başga-da bir zatlar biljek bolýan ýaly, birsellem göni gözümiň içine seredip oturdy. Soňra edil sorag edýän ýaly, meniň daşyma geçip başlady: -Şol üç zatdan başga ünsi çekip biljek näme bar? -Men-ä başga şübheli zat görmedim. -Töwerege aýlanyp çykdyňmy? -Ýok. Ymamguly Berdiýewiç, men-ä oňa adam eliniň degendigini bilmek üçin şo zatlaryň özi hem ýeterlikmikä diýýärin. -Hm – diýip, naçalnik meniň ýaňky gürrüňimi kine gatyşykly ýylgyryş bilen kabul etdi. – Oňa el degendigi düşnükli diýsene. Kuwwat, ony gubry synlan her kesem bilip biler. “Onda-da mugallymyň ogullary-ha bilmändirler” diýesim geldi-de, halypadan ejap etdim. Ol muny aňan ýaly, özi ýatlatdy: -Başlaryna dag ýaly hasrat inmedik bolsa muny mugallymyň ogullary hem bilseler bilerdiler. Ýöne häzir olaryň gözüne gubruň üstüniň kesegi däl-de, gapyrjakda ýatan jan ýaly inileri görünýändir. Olar ony gözleri bilen däl-de, ýürekleri bilen görüp durandyrlar. Gubarly gözleri bolsa olaryň özlerinden bidin şo tarapa çüýlenen ýalydyr. -Ymaguly Berdiýewiç, men olar hakda hiç zat diýmedim ahyryn. -Diýmeseň, belki diýerdiň. Sebäbi, sen häzir olaryň oýuna-küýüne gelmeýän zadyň üstüni açyp geldiň. Olaryň inisiniň mazary näme üçindir ellenipdir, olar bolsa bu hakda asla pikirem edenoklar...Näme diýsene, Kuwwat, ikimiziň wezipämiz şular ýaly ýerde näme bolandygyny kesgitlemek däl-de, eýsem onuň nädip bolandygyny anyklamak. Şonuň üçin hem bir zady hiç wagt ýadyňdan çykarma: şu alyp gelen habaryň ýaly habardan edil meniň kanagatlanmaýşym ýaly, sen hem hiç wagt kanagat tapmaly dälsiň. Şeýle halatda näçe çalt yz çalynsa, şonça-da peýdadygyny men saňa öwredip durmanymda-da bilýärmikäň diýýän. Ol endigine görä, kabinetiň içide iki ýana gezmeläp başlady. Şol bir wagtyň özünde hem igençli gürrüňini dowam etdi: -Şäherli ikiňiziň käbir bolşuňyza tüýs haýran galaýmaly. “Ymamguly aga bir zada-a bar” diýýäňiz-de göni bärligine eňäýýäňiz. Ymamguly agaňyz näme etsin, iki kendirik uny artyk iýendir diýäýmeseňiz, o-da özüňiz ýaly adamdyr-da. Näme, onuň ýoldaşy bardyr öýdýäňizmi? Garaz, sähelçe üşügiň bar bolsa, düşünmez ýaly-ha etmedi. Ýa-da gelen yzymy ýel çalmanka eňibersemmikäm? Beýle gürrüňleri eşitmeli boljagyny bilen bolsam, gijesi bilenem şol ýerden gelmejek bolup çalşardym. Dogrusy, özümdenem bar-la. Izlewük çaga ýaly, sähel bir zat bolsa, niredesiň Ymamguly aga diýip eňibermelimi diýsene...Onsoňam ýüregiň ýarylyp baranog-a, ýeri, töweregi birlaý gözden geçiräýende-de boljak ahyryn. Ymamguly Berdiýewiçiň sessiz gezmeläp ýörmegi maňa ýörite pikirlenmek üçin döredilen puryja bolmaga çemeli. Ol ýene bir salym şol depgini bilen iki diwaryň arasyny birnäçe gezek ädimläp çykdy. Ahyrsoňy bir karara gelen bolarly: -Hany ýňr onda – diýip, yzyna garaman, gapydan çykdy. Gonamçylyk edil öňküsi ýaly agraslyk bilen dem alyp ýatyrdy. Üýtgän zat ýok, hemmsei öňki-öňkülik. Ymamguly aga haýsydyr bir syrly yzlary görjek bolýan ýaly, töweregi synçy gözlerinden geçirdi. Şol barmana onuň nazary iki-üç sany aýak yzynda eglendi. Göräýmäge adaty yzlardan üýtgeşi ýeri ýok ýaly. Ýöne Ymamguly aganyň şübhesi artdygyça ol yzlar beýlekilerden üýtgeşik ýaly görnüp ugrady. -Kuwwat, şu yzlary görýäňmi? -Hawa. -Bularyň birini ynha, has hem oňat seljermek bolýar, megerem, onuň çep aýagyndaky çepeginiň çekisi tokasyndan geçirilmedik bolarly, sebäbi, onuň her basan ýeriniň gapdalynda birmeňzeş çyzyklar galýar. Onsoň hem, bu yzlaryň öwlüýä girýän suduryndan çykyp gidýäni has magat bildirýär. Munuň sebäbi olaryň ýere agram berip gidendiklerinde. -Ymamguly Berdiýewiç, ýogsa-da gelen yzdan çykyp giden yz oňat bildirmeli bolar, her näme-de bolsa, ol yzlar soň galýar ahyryn. -Onyň dogry, ýöne yzlaryň arasynda birgiden tapawut bolar ýaly, bu ýere bu gün gelip, ertir gidilmeýär. Iki tarapa gidýän yzlaryň arasyna düşýän böwşeňlik köp bolsa birki sagada çeker. Mundan artyk bu ýerde eglenýän adam bolmasa gerek. Men Çarynyň jaýlanan güni öwlüýäniň bir çetindäki telperje kepbäniň ýanyndan birgiden kerpiç getirilenini görüpdim. Diýmek, ol ýerde käte kerpiç guýulýan bolmaly. -Kim bilýär, belki, mysal üçin, kerpiç guýýan adamlar bu ýerde ertirden agşama çenli bolýandyrlar. Naçalnik meniň bu gürrüňime az-kem geňirgense-de ony daşyna çykarmady.Ýöne bu çaklamada hiç hili delil ýokdugyny welin bada-bat delillendirdi. -Ol kepbä barmak üçin öwlüýäni kesip geçip oturmagyň zerurlygy ýok, oňa aňyrdan uly ýol gelýär...Başga? -Başga aýtjak zadym ýok. -Başga aýtjak zadyň ýok bolsa, onda diňle: bu gumak ýerde şular ýaly yzlary diňe gölegçileriň iň öňündäki adamlar-tabydy göterip gelýänler galdyryp biler. Sebäbi, agyr ýüküň agramyna şol yzlar beýlekilere garanda birneme çuňrak bolýar. -Ymamguly aga, siz näme diýjek bolýaňyz? Ol wagt geçdigisaýy syrly bolup görünýän gubry ýiti nazary bilen deşäýerli göründi, nazryny şondan sowman durşuna: - Men-ä näme diýjek bolýanymy özümem bilemok – diýip, misli ugruny ýitiren adamyň hörpünde jogap gaýtardy. – Ýöne bir zada magat göz ýetirýän, bu ýerde haýsy hem bolsa bir syr-a bolmaly,gubur diýilýän zat aňsat-aňsat ellenýän zat däldir...Bilýäňmi, biz oglankak, hatda, öwlüýä tarap barmagymyzy çommaldyp bilmezdik. Tötänlikde şo tarapa barmagyň uzaýdygy soň ony goparara getirip dişlemelidir...Bilmersiň näme üçindigini welin, ynha, indi bu ýerlerini hatda dörjeläp ýörmäge ýürek edýän adamlaram tapylan ýaly...Görle muny, asyl adamlar wagşylaşybam barýarmyka ýa-da göwnümemikä? Göwnümedir diýsemem-ä bu mazary adam elleri söküp, täzeden galdyran bolmaly. Diýmek, isleseň-islemeseň şeýle daş ýürek adamlaryň bardygyna ynanaýmak galýar. Ymamguly aga bu aýdyp duran zatlarynyň käbirini maňa gürrüň berse, käbirini çökder pikirlerini çözlemek üçin öz-öüne aýdyp berýärdi. Ahyrsoňy ol aýgytly keşbe girdi: -Kuwwat, gynansagam gubur açylan bolaýmasa. Bu iş gyssagara, onsoňam mümkingadar gijelikde edilen bolarly. Kerpiçleriň bir gyrada şeýle galdyrylmagyny hem diňe onuň ýatdan çykarylandygy bilen düşündirmek bolar. Ýene bir zadyň bolup biläýmegi mümkin: belki gubry dörüp ýören adamlar heniz içki öýe ýetenem däldirler...Kuwwat, eger-de bu ýerini şu gije gözegçilige alaýsak nähili görýäň? Belki-de biz olary ele salarys? Men bu teklip bilen bada-bat ylalaşsam hem, onuň kynçylygyny birlaý aňymda aýlajak bolup çalyşdym. Birneme hatarlyrak ýaly göründi. Eýsem uzak gijeläp öwlüýäniň içinde oturmaly bolarmyka? Bir özüme-hä eýgertmese gerek diýip çakladym. Her näme-de bolsa gyssanmaly däl, Ymamguly aganyň özi näme diýerkä? Syrly gubur gonamçylygyň gündogar çetine has golaýdy. Gorag üçin aýlanan sim haýatdan bary-ýogy 10-12 metrlikdedi. Haýatyň emelsizje ýasalan derwezesi hem şonuň gabat gündogarsyndadyr. Derwezäniň maşyn salmak üçin oturdylmandygy düşnüklidi, sebäbi öwlüýä giren ýerinden tümmekler başlanýardy. Ymamguly aga şol ikarany ýene bir ýola üns bilen aýlandy. Derwezäniň alkymyna ikinji gezek baranda bolsa: -Kuwwat, hany, bärik gel – diýip, gygyrdy. Onuň synlap duran ýerinde uly maşynyň yzky tigirleriniň yzy bardy. -Ýeri, indi bu nämäni aňladýar? Özem, beýleki ähli yzlardan soň peýda bolan ýaly. -Dogrudanam, yz-a täze ýaly. Ýöne bu ýere günde-günaşa gölegçi gelip dur ahyryn. -Seniň aýdýanyňam-a biçeme däl welin...ynha, bäriňe seret, ýük maşynynyň yzky tigirleri hanha, ho ýerlere gelip saklanypdyr, diýmek onuň yzky nowasy ine, şu ýerräge, edil derwezäniň alkymyna gelip ýeten bolmaly. Edil şu ýerde-de adamlaryň egni agyr ýükli galdyran yzlary peýda bolýar...Sen-ä muňa gölegçilerdir diýersiň şeýle dälmi? -Elbetde. -Goý şeýle bolsun. Eger-de seň aýdýanyň dogry bolsa, onda oňa ýetesi zat ýok, eger çynym, meniňem üýtgeşik zat pikir edesim gelenok.Ýöne şeýle bir zat seni oýlandyrmaýarmy: eger-de bu yzlar tabydy göterenleriňki bolsa, onda, hany beýleki adamlaryň yzlary? Hany? Özem, beýlekiler tabydy göterýänlerden soň geçäýmeli. Bu ýerde bolsa çuň galan yzlaryň üstüni bir zadam basmandyr. Ýeri muňa näme diýersiň? -Ymamguly aga, belki-de kän adam gelen däldir? -Aý, ýok bu aýdýanyňa ynanyp biljek däl. Onsoň hem şol bellikli çepek yzy, ynha, şu ýerde-de bar, täze gubruň ýanynda-da. Kerpiçli kepbäniň ýanynda hysyrdanyp ýören adamyň biziň häliden bäri bolup ýörşümize pisindi oturmadyk bolarly, ol ahyrsoňy özümize tarap gaýtdy. Onuň tümmekleri basmajak bolup, seresaplyk bilen gelşi uzakdan synlanyňda bir zat gözläp ýören adama çalym edýärdi. -Ymamguly aga, biziň bolup ýörşümiz juda gelşiksiz däldir-dä, hernä? -Gelşiksiz bolsa nätjek. Bu edilip ýörlen zatlar has hem gelşiksizräk ýaly-la. -Näme? Ol meni ilkinji gezek görýän ýaly ýüzüme jiňkerildi. -Näme diýip soraýaňmy? Göreňokmy nämedigini – diýdi-de, ýanymyza ýetip gelýän adamyň eşidäýmeginden ätiýaç edýän ýaly, pessaýrakdan azmly gürledi: - Gabyr dörüp ýörmek. Şol wagt kepbeden gaýdan adam ýanymyza gelip saklandy. Gözleri kiçijik köseleç bu ýaşuly biziň bilen elleşip görüşmäge aýgyt etmedi, megerem, biziň eginbaşymyz onuň birneme sussuny basdymyka diýýän. -Amanmysyňyz, oglanlar, aman-saglykmy? – diýip, ol derrewem özüni gyzyklandyrýan sowala geçdi – Näme bir zat boldumy? -Näme, ýaşuly, biziň baran ýerimizde hökman bir zat bolaýmalymydyr – diýip, maýor Berdiýew hoşamaýlyk bilen ýaşulynyň badyny saklady. -Ýok, beýle-hä diýjek bolmandym. Siziň baran ýeriňizde bir zat bolmaly däl-de, bir zat bolan ýerde siz bolmaly. Ymamguly aga ikimiz bir-birimiziň ýüzümize seredenimizi duýman galdyk. “Her ýerde ýeserje pyýadalar bar-ow”. -Ine, munyňyz başga gürrüň. Ýöne, ýaşuly, bu gezek siziň aýdyşyňyz ýaly däl. Öwlüýäniň derwezeleri çagşap ugrapdyr diýip eşidenimizden soň gel bir aýlanyp göräýeli diýip gaýtdyk. Içinde mal-gara ýa-da maşyn beýleki girip ýören bolaýmasyn diýdik. -Muny oňarypsyňyz, oglanlar. Şeýdip, öwlüýä baş galdyrýanlar köpelewersin. -Aý, baş galdyryp-galdyrman, biziňem entek bu ýerde bir zatlar özgerdäýjegimiz gümana-la – diýip, Ymamguly aga indi öňki aýdanyna ökünip başlady. -Zyýany ýok.Esasy zat – niýetiňiz gowy, ana, şol bolýar.Ýogsa, käbir adamlar işleri düşende geläýmese, bu ýerde gonamçylygyň bardygyny hem bilmeýärlermikä diýýän. Hamala diýersiň, bu dünýä baky gelen ýaly. -Aý, ýaşuly, her kimde bir iş bardyr, alada bardyr, aňsadam däldir-how – diýip, Ymamguly aga sypaýyçylygy elden bermedi. Ýöne ýaşuly welin bütin raýona gelýän gaharyny bizden çykarjak bolýan ýaly, barha sürnüp gelýär: - Iş-alada diýilýän, näme, mende ýokdur öýdýäňizmi?Belki, siz pikir edýänsiňiz, men işsizlikden şeýdip ýörendir öýdüp?Eger şeýle pikir edýän bolsaňyz, onda ýalňyşýaňyz, oglanlar...Men raýon bilen garyşyp oturan, ynha, şu kolhozdan. Biz birnäçe adam bolup gezekme-gezegine işden galýas-da, bäş-üç gün şu ýerde işleýäs. Näme iş edýäňiz? – diýip, men bilesigelijiligimi bada-bat daşyma çykaranymy duýman galdym. -Näme iş edýäňiz? – diýip, ýaşuly meniň sowalymy heçjikläp gaýtalady. – Iş edýäs ogul.Şunça giden meýdanyň sim haýatyna häli-şindi aýlanyp göz-gulak bolup durmasaň, üzülen ýerini daňyp, ýykylan dikejini galdyryp ýörmeseň, ol şu durşuna heý durar öýdýäňmi? Ugruna seretmeseň ýeke howly sakladýarmy näme, sähel gözden saldygyň, haraba dönüp barýar. Büý-ä bir giden at gaýtarym meýdan. Onsoň, muňa aýlanyp çykaýjak bolsaň iş kemi ýok. Ynha, häli-şindi onlap kerpiçler ýok bolup dur.Kuluň, kerki, lom, kepje, pil, suw, bedre. Adamlar bu ýerdäki ýaňky zatlara şeýle bir uýgunlaşypdyrlar welin, hamala, ony bu ýerde her kimiň özi goýup giden ýaly...Elbetde, siz başgaça pikir etmäň, men muny minnet bilen aýdamok. Ýok, eger-eger. Ýöne men özümiziň şu ýerde näme işleýänimizi düşündirjek bolýan. Ýaňky zatlaryňam hemmesiniň elmydama dokuzy düzüw bolup durmaly. Ol zatlaryň jogapkärçiligini bolsa raýsobesiň boýun almajakdygy düşnükli ahyryn...Dogry, käbir zatda kolhoz kömek eden bolýar. Ýöne, olam känbir gönendirip baranok. -Ýogsa-da kolhozyň puluna tarhan dökerlik edibermek bolmaz ahyryn. Ony iňňän paýhasly peýdalanmaly. -Siziň pikiriňizçe, gonamçylyk üçin sarp edilýän serişde paýhassyzlykda onda, şeýlemi? “Ölüsini sylamadyk – dirisini sylamaz” diýlenem-ä bir söz bardyr öz-ä. -Ýaşuly, men heniz ol paýhassyzlyk diýemok ahyryn. Men diňe puly ýerini bilip sarp etmeli diýjek bolýan. - Ýerini bilip... – diýdi-de, ol naçalnigimiň gürrüňiniň şo ýerini özüniň indiki aýtjak zatlary üçin bölüp aldy: -Kolhozyň klubynda iň naýbaşy saz gurallaryny çaň basyp ýatyr. Şo zatlaryň haýsynyň ezeneginden tutsaň nyrhy ýüzden aňyrda. Müňlügem bar...Şo zatlaryň puly ýerlikli bolýar-da, öwlüýäňki ýerliksiz bolaýýarmy? Ymamguly aga gürrüňi üýtgedäýmese, bu ýaşulynyň ýeň bermejegini aňdy öýdýän: -Ýogsa-da, sizden bir zat soraýyn-la, şu derwezeleri aslyýetinde kim ýasatdyka? -Şu derwezäniň-ä haçandan bäri duranynam bilemok. Ýöne, ileri başdaky esasy derwezäni geçen ýyl kolhoz gurdurdy. -Görýäňizmi, her näme diýseňizem, kolhoz kömek edýän eken –diýip, Ymamguly aga gürrüňiň ugruny başga tarapa sowjak bolup barşyna, ýene-de öňki söhbetiň üstnden düşenini duýman galdy. Şonuň üçin hem ol bada-bat ýene özi dowam etdi: - Siziň pikiriňizçe, şu derwezäni täzelemek näçeräge düşer? -Gymmat bolsa iki ýüz bor-da. -Sizden ýene bir zat soraýyn, sebäbi, häli-şindi şu ýerde bolaňyzsoň siz beletsiňiz: ýene näçe ýyldan täze öwlüýä gerek bolar öýdýärsiňiz? -Ony, biljek däl. -Bu ýerde her gün diýen ýaly-ha adam jaýlanýandyr, şeýlemi? -Her wagt bir hili. Ýazyň başlarynda bir gezek şu ýere gelenimde birbada üç ýerde jaýyň gazylyp duranyny gördüm. -Şu günler nähili? -Hudaýa şükür, şu güner-ä ýagşy. Tejribeli sülçiniň häzirki sowallary dürek malyny dölä saljak bolýan adamyň emgenişine çalym edýärdi. Ol ýaşulyny özüni gyzyklandyrýan sowalyň üstüne tarap her näçe iteklese-de, ony barybir, dogry eltip bilenokdy. -Şu gün adam getirdilermi? -Ýok, şu gün-ä ümsümlik, Hudaýa şükür, dilimize aldygymyz däl. -A düýn? -Düýnem gelen bolmady. Ýöne öňňin hana, ho ýerde bir soldat ýigidi jaýladylar – diýip, ol ahyrsoňy Ymamguly aganyň häliden bäri garaşyp duran gürrüňleriniň bir çetinden bardy. – Neresse, gaty harap bolan ýaly, Hudaý saklasyn, durşuna, daşynyň ýaşigi bilen ýerläýdiler öýdýän...Özem bir ýumruk ýaly oglan diýýärler...Il-e meňzeş ölümem nesip etmändir-dä çaga. -Haýsy gubur ol? – diýip,sülçi bilgeşleýinden sorady. -Hanha, daşyndanam bildirip durandyr-la täzedigi – diýip, ol bir zada gözi düşen ýaly, şo tarapa ýöneldi.Gubruň ýanyna bardy-da: -Kerpiçleri unudaýypdyrlar öýdýän –diýip, olaryň hersini bir tarapyna söýedi. -Neressäň ýerlenen güni giçlik, gaýtjak bolup durkam kepbä bir oglan, ynha, bolaýsa şularyň ýaşyndaky ýigitdir-dä – diýip, ol meni görkezdi-de, ýene gürrüňini dowam etdi. – “Şu gün şu ýerde bir esger jaýlanan bolmaly, şoň gubruny bileňzokmy?” diýip sorady. “Bilýän, näme etjek?” diýip soradym.Ol ýüzüni sallady-da: “Ol meniň klasdaşym, jaýlananda gelip ýetişmedim” diýdi. Onsoň men oňa şu ýerini salgy berdim. “Aýat okap bereýinmi?” diýsem, “Aý, özüm okaryn-la” diýdi. Näme okajakdygyny-ha bilmedim welin, öz-ä çalt-çalt ýöräp gitdi. Ymamguly Berdiýew şu sözleri eşiden bada birki ädim öňe süýşenini hem duýmady. -Ýeri, onsoň? -Näme onsoň? -Ol ýigit şu ýere gaýtdymy? -Hawa. -Soň? -Men näbileýin onuň soň näme işlänini.Ol-a bärik ýöneldi, menem öýe. -Ol siziň öp gören adamyňyz-a däldir? -Ýok, ilkinji gezek görýän.Kolhozdan-a däl.Raýonda ýaşaýan bolaýmasa. -Başga hiç zat soramadymy? -Ýok. -Ol soň düýnde-şu günde-hä görnen däldir? -Ýok şondan soň görünmedi. -Be-e... –diýip, Ymamguly aga her näçe jan etse-de içki tolgunmasyny doly gizläp bilmedi - Ýaşuly, eger-de siz indi ony göräýseňiz tanarmysyňyz? -Weý, näme tanaman...Ýöne men size düşünmedim-le.Näme, ol beýle gerekli adammydy? -Hawa, gerekli adam, gaty gerekli adam.Siz oňa hiç ýerde gabat gelmediňizmi? -Ýok. -Ýaşuly, adamçylykdyr, eger-de bardy-geldi oňa bir ýerde sataşaýsaňyz, haýdan-haý bize habar edeweriň, gaty haýyş edýän. Soňra ol ätiýaçdan ýaşulynyň öý adresini hem alyp galdy. Biz edara dolanyp gelenimizde, iş wagtynyň tamamlanmagyna sanlyja minut galan eken.Kärdeşim Şäherli Gelenow bizi gören badyna ör turdy-da elindäki kagyzy Berdiýewiň öňüne süýşürdi: -Ýoldaş naçalnik, ynha, Muhat getirip gitdi. -Harakteristikamy? -Hawa. -Hany özi? -Birsalym garaşdy welin, gelmäniňizden soň goýberäýdim. -Soň habar tut diýdiňmi? -Hawa, ertir hökman gelgin diýip goýberdim. -Bolýar – diýip, naçalnik elindäki kagyzy stoluň tahylyna oklady-da, ýene Şäherlä ýüzlendi: -Başga gelip-giden ýokmy? -Bir garry daýza-da gelip gitdi. -Näme üçin gelipdir? -Berdiýewi görjekdim diýdi.Näme etjek diýsemem aýtmady.Özüni görjek diýýär. -Be, sen ony tanamadyňmy? -Ýok, tanab-a tanamadym,ýöne ýadyňyza düşýärmi, Ymamguly aga, üç-dört ýyllykda raýona gelen bir myhmany gijelikde iki sany oglan talapdy.Şol oglanlaryň biri mekdebiň edil ileri ýüzünde ýaşaýardy. Ana,şol oglanyň ejesimikän diýýän. -Hä-ä, ýadyma düşdi, soň oglanlaryň ikisinem öýünden tutupdyk dälmi? -Hawa-hawa. Anyk pylan diýmäýin welin, men-ä şoň ejesimikän öýtdüm. -Bolsa-bolýandyr – diýip, naçalnik egnini gysdy-da ýerinden turdy. – Hiç zat aýtmadymy? -Ýok, ýöne ertirem aýlanaryn diýdi. -Ýeri, bolýar –diýip, Ymamguly aga nämeden başlajagyny bilmeýän ýaly, birsellem böwrüni diňläp durdy. Diňe şondan soň Şäherliniň ýanyna bardy-da, oňa düşündirmäge başlady: -Bilýäňmi näme, şu gün Kuwwat ikiňize kyn bir ýumuş bar. -Men taýyn, ýoldaş naçalnik. -Berekella! Ýöne welin, ahmal bolup, Mürrini tutjak bolanymyzdaky ýaly bulaşdyraýmagyn. Şäherli bu gürrüňi eşiden dessine oňaýsyz ýagdaýa düşen ýaly boldy. Çala ýylgyrdy-da: -Hemişe beýle bolup durasy ýok-la, ýoldaş naçalnik – diýdi. -Wzeipe şeýle: şu gije gonamçylygy saklamaly. Gonamçylygyň gündogarsy giden çägelik. Ilkinji gerşiň aňyrsynda ýatyberseňiz bolsa gerek... Eger-de şu gün gelmeseler, onda hijem gelmezlermikä diýip pikir edýän, diýmek, biziň gijä galdygymyz bolýar. -Gelmeli kim, ýoldaş naçalnik? – diýip, kärdeşim oňa ýüzlendi. -Ony entek bilýän ýok. Näme üçin o ýeriniň saklanýandygyny bolsa Kuwwat jikme-jik düşündirer... *** Gözegçilik etmek üçin amatly bir ýeri peýledik-de, heniz ýylysy gitmedik urgun çägä ýaplandyk. Ymamguly aga, megerem, bu ýerini bilip salgy beripdir. Tüýs amatly ýer. Bütin gonamçylyk eliň aýasynda ýaly. Elbetde, gijäniň garaňkysy öz hökümini arkaýyn ýöredýär. Ýöne gonamçylygyň aňyrsynda bütin raýon merkeziniň çyralary lowurdap duransoň, şonuň gabadynda bir gymyldy bolsa gözden sypmajak ýaly. -Be, öz-ä täsin-aýt –diýip, bu zatlary kellesinde aýlap oturan Şäherli pikirini daşyna çykardy. Bu hakda oňa gürrüň berelim bäri 3 – 4 sagat geçipdi, ol welin henizem şol zatlaryň çözgüdini gözläp ýatan bolarly. -Hawa, täsin kemi ýok. Şondan soň ýene-de her kim syrly waka hakdaky pikirleriň girdabyna çümüp gitdi. Pikir edere zat kändi, öňde ýaňy ujundan girilen bütin bir gije ýatyrdy... - Şäherli, senden bir zat soraýyn-la – diýip, ara düşen dymyşlykdan soň oňa pyşyrdap diýen ýaly ýüzlendim. Onuň sesi meňkä görä dogumlyrak eşidildi: -Sora. -Heý, saňa mundan öň şeýdip gonamçylykda gijäňi geçirmek miýesser edipmidi? -Ýok, miýesser etmändi.Ýeri, sen näme diýjek bolýaň? -Hiç-le.Ýöne soraýdym-da. -Haý, näbileýin welin, ýönelige-hä soramaýamykaň diýýän. Hany, dogrujaňy aýt, gorkjak bolýaňmy? -Aý, ýok. -Inim, Kuwwat, özüm ýanyňdakam hiç zatdan gorkmagyn. -Ruhlardanammy? -O nähili ruhlar? – diýip, döşüni çägä berip ýatan Şäherli gijäniň garaňkysynda onçakly saýgarmasa-da, ýüzüme çiňňerildi. -Garaňky düşensoň öwlüýädäki adamlaryň ruhlary mazardan daşyna çykýarmyş diýip, bir wagtlar enem gürrüň bererdi. -Bä –diýip, ol şo durşuna birsellem gozganmady. Soňra sag elini biline eltip aýyrdy-da, ýene ozalkysy ýaly, çägä ýaplandy. Megerem, sapanjasynyň ýerinde durandygyny anyklansoň birnem ynjaldy öýdýän, gödeňsi sesini basjak hem bolup durman, maňa ýüzlendi: -Haýsy medresäni gutardy? -Kim? -Eneň? Onuň näme diýjek bolýanyna indi düşünip galdym. Ýöne gaty görüp oturanyň peýdasy ýok, sebäbi, ol hiç wagt hem sözüniň nirä baryp degjekdigini ölçerýän adam däl. Ynha, görýäňmi, men-ä oňa öz eşiden zadymy aýdyp berýän, ol bolsa enem pahyryň üstünden güljek bolýar. Her hili adam boljak. Onuň öz gödeňsi gürrüňinden näçeräk keýp tapandygyny bilemok, ýöne şondan soň özüm-ä ümsümligi bozmaga döwtalap bolmadym. Ýoldaşym muny aňmady öýdýän, ol käte bir söze ýarym söz oklap, dürtgüledi durdy. Ahyrsoňy bolsa: -Näme, ýadadyňmy? – diýdi. -Ýok. -Onda näme, içiňde demiň ýok ýaly. Dogrym, ýadan bolsaň-a ýatyber. Men häli gözümiň awusyny aldym. -Ýok, ýatjak däl. -Onda ýalandan-çyndan gürläp otur. “Özüň gürläber” diýesim geldi-de, ýene sesimi çykarmadym... Şol bir tarapa seredip ýatmak ýürege düşjek eken. Onda-da gonamçylyga seredip ýatmak. Şeýle-de bolsa etjek alajyň ýok. Hümürdi ýene-de ýagşy. Ýöne bu adam bilen ine-gana hümürdeşjek gümanyň hem ýok. Sagada seredýän: ýaňy 12-den işleýär. Enteg-ä uzakdyr-ow. Aslyýetinde adam beri gelermikä? Çaltrak geläýse-hä oňat bolardy. Ýa-da gelmese gowumyka? Haýsynyň gowudygyny hem biljek gümanyň ýok. -Irkildiňmi? –diýip, Şäherli tirsegi bilen böwrüme dürtüp goýberdi. -Ýok. -Iş dagy hem däl-aýt, şo-ol öwlüýä seredip oturmaly –diýip, ol soňra özbaşyna hüňürdedi. Şol wagt Ymamguly aganyň “Mürrini tutanymyzdaky ýaly bulaşdyraýmaweri” diýip, Şäherlä sargany ýadyma düşdi. Ýogsa-da ol nädip bulaşdyrdyka? Bilesigelijilik gapdalymy alyp ýatan öýkeden üstün çykdy. -Ýogsa-da Şäherli, Mürrini tutanyňda näme boldy? -Naçalnigiň aýdanyny senem eşiden ekeniň-ow –diýip, ol gonamçylyga tarap seredip ýatyşyny üýtgetmän jogap berdi. Soňra sesimi çykarmasam hem onuň özi şol wakany aýdyp bermäge döwtalap boldy. -Naçalnigiň ol aýdan gürrüňi ep-esli ýyl öňräk bolupdy, gaýraky kolhozlaryň birinde. Meniňem işe täzeräk duran uçurlarymdy. Bir gezek şol Mürri diýilýäniň gözlegine çykmaly bolduk. Ol deýýus öz aýaly bilen gelnejesi ikisini bir ýüpe çatyp, dölä oklapdyr-da, özem çykyp gitse nätjek! Hernä ol bendeleriň bagtyna Mürriniň ýene birki günden komandirowkadan gelmeli agasy geläýipdir. Ýogsa kim bilýär, ol zatlaryň soňy nähili gutarjak? -Näme üçin beýtdikä? -Deýýus alkaş eken.Aýalydyr gelnejesi hem içme diýip ýüregine düşendirler-dä, garaz, çatyp taşlapdyr-da. Hawa, onsoň özem bir ýerlere ýom-ýok bolupdyr. Kimdir biri onuň motosikletine atlanyp,guma tarap barýanyny görüpdir. Egninde-de tüpeňi bar eken.Ine düşdük bir howsala. Onuň nä maksat bilen gidenini kim bilýär?! Şo gijäniň özünde bäş adam bolup, golaýdaky çopan goşlaryna gitmek tabşyryldy. Her çopan goşunda bir adam düşürdik. Dördünji baran ýerimizde Ymamguly aganyň özi galdy. Maňa bolsa şofýor bilen indiki çopan goşuna barmagy tabşyrdy. “Ýöne siz göni goşa barmaň-da, ony gapdaldan bir ýerden garwullaýyň, sebäbi, ol maşyny görse hökman aňar” diýip tabşyrdy. Ine, onsoň biz öz barmaly goşumyzyň çopanyna-da duýdurman, bir ýeri peýledik-de ýatyberdik, edil şu ýatyşymyz ýaly. Ýöne kän wagt geçmänkä çopan goşundan bize tarap bir gara gaýdyberdi. Maşynyň sesini eşiden bolarly. Her näçe jan etsegem gijäniň garaňkylygy onuň ýüz keşbini saýgarmaga päsgel berýärdi. Ýöne ol biziň ýanymyza ýetip-ýetmänkä näme üçindir, ähli şübhämizi pagyş-para etdi: -Näme, oglanlar, maşyn döwüldimi? -Hawa. -Onda ýörüň, goşa baralyň-da, ony ertir bejereris. -Sen kim borsuň? –diýip, her näme-de bolsa men ony has içgin synladym. -Çoluk. -Goşda kim bar? -Häzir-ä hiç kimem ýok. Çopan oba gitdi,daňa golaý geler... Ýörüň, bu ýerde beýdişip ýatmaň. “Ýogsa-da, näme üçin beýlekiler-ä goşda çaý içişip oturmaly, bizem çägä bulaşyp ýatmaly” diýip, pikir etdim. Ine, onsoň biz hem goşa baryp ýaplandyk. Çaý içdik, çörek iýdik, ondan-mundan gürrüň etdik. Gije bir çene baransoň ýaňky çoluk: -Indi gözümiziň awusyny alaýsagam boljak, nähili görýäňiz? –diýip, bize mürähet etdi. Ýoldaşym, şofýor ýigit näme diýjegini bilmän meniň ýüzüme seretdi. Dogrudanam näme diýjek?!Birdenkä kelläme oňat pikir geldi: -Sen dost, eden hyzmatyň üçin köp sag bol. Ýöne biz ukyny maşynyň ýanynda alaýsak gowy boljak. Her näme-de bolsa,döwletiň maşynyny beýdip taşlamaly. Ol biziň bilen bada-bat ylalaşdy. -Şeýlemi?! Görüň-dä, günä özüňizde. Biz ýene-de maşynyň ýanyna gaýdyp bardyk. Ýene-de öňküje ýerimizde gyşardyk. Iki gözümiz goş tarapda. Şeýdip, uzakly gijäni geçirdik. Herimiz gezekleşip ýatan bolsak iki sagat ýatandyrys. Ne gelen gördük,ne-de giden. Daň atyp-atmanka süri hem ördi. Indi bize çopan çatmasy hem, onuň daş-töweregi hem, içi şar-gara bolup ýatan agyl hem, nowa hem, hatda sürini gyssap,ýola salyp ýören iki sany adam hem ap-aýdyň görnüp durdy. Ýogsa-da,goşdaky adamlar nädip bolaýdyka diýen pikir äm-säm bolup duran kellä birdenkä urdy. Ýoldaşymy şol ýerde galdyrdym-da, oýa tarap eňdim. Görsem, bu adamlaryň hiç birem düýnki ýigit däl. Göwnüme bir güman gidendir-dä, ilkinji soragym hem şol boldy: -Hany, agşamky oglan? -Kim, Mürrimi? -Asyl ol Mürrimidi? -Hawa... Bu zatlar nähili bolupdyr diýsene: ol deýýus obadan şo gaýdyşyna ýaňky goşa, öz çopan dostunyňka gelen eken. Onsoň çopandyr çoluga eden işini aýdyp beripdir welin, ýaňky ikisi hem goşy oňa taşlapdyr-da, onuň motosikletini alyp, oba tarap gyp basypdyrlar. Elbetde, onuň aýaly bilen gelnejesine dözen däldirler. Biz goşda çaý-çörek iýip,maşynyň ýanyna ugranymyzdan soň, ol hem pyýadalap gidipdir-de, ep-esli uzaklykda ýoldaşlarynyň öňünden çykypdyr.Şol ýerden hem motosikletine münüp, ilerligine göteriliberse nätjek?! Ine, Ymamguly aganyň hälki ýatlaýany şol. Her näme-de bolsa soň ele saldyk-la –diýip, ol howply jenaýatçyny ele salmakda uly edermenlik görkezen adamyň buýsanjy bilen gürledi... Ilkagşam nirelerdendir bir ýerlerden çyrlap çykan jyzlan sesleri bireýýäm ýatyşypdy. Gije öz ornuna ymykly ornaşdygyça asudalyk artyp gidip otyrdy. Posýologyň çyralarynyň ýagtysyna setanda-seýranda görnüp gidýän iki-ýeke maşyn bolaýmasa gymyldy-hereket galyşdy. Munuň özi gije ýarym aganyndan habar berýärdi. Adaty wagt şeýle asuda hem gözel gijeden birgiden lezzet alyp bolaýjak ýalydy. Şeýle pikiri häzirki dartgynly ýagdaýyň döredýän bolmagy-da mümkin. Kim bilýär. Ýöne, köz dökülen ýaly asmany ünji-aladasyz synlap ýatmak göwnüme bolmasa, häzirkiden-ä müň kerem lezzetli görünýärdi... Posýolok tarapdan görünýän yşyklaryň arasyndan bärligine tarap bölünip gaýdan bir çyra meni pikir derýasynyň arasyndan sogrup aldy. Göwnüme bolmasa, ol çyra göni bizi nazarlap gelýän ýalydy. Biziň goş basyp ýatan ýerimiziň günbatarsyndan, bar-ýogy on, on bäş metr aralykdan gaýralygyna ýol geçip gidýärdi. Megerem, ol haýsydyr bir kolhozyň bölümine ýa-da brigadasyna gidýän bolarly. Sebäbi, ol şeýle bir uly ýol hem däldi, ýöne şonda-da uly maşynlaryň tekeri zerarly gurap galan goşa akara çalym edip giden ýol bu ýerleriniň kän bir çolarmaýandygyndan habar berýärdi. Hälki ýeke çyranyň motosikletdigi ep-esli aralyga gelensoň sesinden hem aňşyrtdy. Onuň çakyr sesi asuda gijäniň mahmal howasyny gödeklik bilen jyýrym-jyýrym edip gelýärdi. Çyra bize tarap golaýlaşdygyça motosikletiň sesi şeýle bir möwjeýärdi welin hatda onuň sesine öwlüýäde ýatanlar bir biynjalyk bolup galaýmasynlar diýip heder etdirýärdi. Ýakymsyz tarryldynyň çaltrak deňämizden geçip gidenini diläp otyrdym. Ýöne ol diýenim bolmady.Motosiklet geldi-geldi-de biziň deňämizde aýak çekdi. Şobada hem onuň çyrasy öçdi. Birbada göräýmäge hemmezat düzelen ýaly boldy. Asuda meýdan “degirmeniň suwy sowlandan” soň uudan bir demini aldy-da, ýene ümsümligiň özboluşly owazyna imrinip, ýaýylyp gitdi. Özümize asudalygyň gaýtarylyp berilmegine az begenmedim. Ýöne indi çakyr tarryldy bolan gahar-gazabyň ornuny motosiklete artlaşyp gelen iki sany pyýada hakdaky şübhe gaplap aldy. Her hal, olar geçip giden bolsalar,häzirki ýaly oňaýsyzlyk döremese-de döremezdi. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |