16:06 Gijeki yzlar -2/ powestiň dowamy | |
Indi näme iş etmelidigimizi men kärdeşimiň gözünden okajak bolýardym. Onuň gözleri häzir öňdäki iki garadan başga zady saýgaranokdy.
Detektiw proza
“Gijeki myhmanlaryň” biri motosikleti ýoldan sowdy-da aýagyna diredi. Beýlekisi bolsa elindäki fonaryny ilki motosiklete, soňra hem gonamçylygyň derwezesine tarap tutdy. Şäherli ikimiz çyrany gören dessimize has hem ýapyryldyk. Birdenkä ýiti şöhläniň dili biziň üstümizden düşäýse, kim bilýär, bu zatlaryň näme bilen gutarjagyny! Şeýle dartgynly pursadyň garaşylmadyk ýagdaýda döränligindenmi ýa-da bu iki pyýadanyň bada-bat sustumyzy basjak bolandanmy, garasaý, näme üçindigini-hä bilmedim welin, ýöne Şäherli ikimiziň birbada belli bir karara gelip bilmezligimiz aljyraňňylygyň alamaty ýaly bolup göründi. Her niçik bolsa-da gyssanmadyk, biziň oturan ýerimizden olaryň her bir ädimini ap-aýdyň synlasa boljakdy. Olaryň elindäki çyranyň özleri üçinem-ä az nepi degmese degmez welin, bize-de kemje-kerdem däldi. Olar bizi ýalançy etmejek bolýan ýaly, gös-göni güman edip oturan ýodamyzyň ugruny syryp, gonamçylyga girip gitdiler.Göni çak edilen ýere baryp hem sägindiler. Täze mazaryň agras sudury çyranyň ýagtysyna diňe bir olara däl, bize-de magat saýgardýardy. Çyranyň ýalawy mazaryň üstaşyr çar tarapa emaý bilen süýkenip geçdi. Kä söndi, kä ýandy.Kä eýläk geçdi, kä beýläk.Birdenem...gonamçylygy ozalkysy ýaly, elhenç tümlük gurşap aldy. Näme üçindir, çyra ýanar ýerden ýanmady. Bu näme boldugy?! Olar näme bilen meşgullanýarkalar? Ýa-da...mazary gazmaga oturyberdilermikä? Ellerinde-hä çyradan başga zat görünmedik ýalydy. Indi näme etmeli? Bu sowal Şäherli ikimiziň bir-birege seredişýän howsalaly nazarymyzyň arasynda ör-boýuna galyp, ikimize-de äňedip durdy. Megerem, mundan artyk gizlenip oturmagyň hajaty ýok. Şäherli sapanjasyny eline alyp, ony häzirledi-de ýerinden galdy. Soňra agzyny gulagyma golaýladyp pyşyrdady: -Kuwwat, yzymdan galma-da geliber. Ýöne ýaragyňy ulanjak bolmagyn. Eger-de garpyşmaly bolaýsa, men özüm... Gijäniň içinde gonamçylygyň gapdalyndaky çägeli depäni ýassanyp ýatmak hem-de onuň içinde bolup geçýän zatlary sypdyrman synlamak, dogrusyny aýtsam, aňsat pişe däl. Ýöne, häzir welin, iň bir hatarly pursat gelip ýetdi. Sebäbi, gije ýarymdan agansoň, tümmeklere çyra tutup ýören adamlaryň bu ýere ýönelige gelmejekdigi öz-özünden düşnüklidi. Özlerine tarap ugranymyz duýan ýaly, iki ädip-ätmänkäk olar ýene çyrany ýakdylar. Çyranyň ýagtysyna hälki adamlaryň ozaldan tanyş sudurlary, şeýle hem sowuk mazar ozalkysy ýaly görnüşde peýda boldy. Olar gijäniň tümlügini dilkaw-dilkaw bölüp geçýän şöhläni ýene birlaý şo töwerege aýlansoňlar gelen ýodalary bilen yza olandylar. Bu ýagdaýy gören Şäherli ädimini gowşatdy, ol, megerem, “gijeki myhmanlar” bilen gonamçylygyň daşynda,motosikletiň ýanynda gabatlaşmagy göwnüne düwen bolarly. Ine-de garaşylan jygba-jygly pursat gelip ýetdi,öwlüýäniň haýatynyň daş ýüzünde duran motosikletiň ýanyna aňyrdan iki adam, bärden hem iki adam ýetip barýardy. Aňyrkylar hem tirkeşip gelýärdi, bärkiler hem. Aňyrdan gelýänleriň öňündäkisiniň elinde çyra bardy, bärden barýanlaryň öňündäkisiniň elinde bolsa sapança. Bärkileriň kalbynda gizlin hem syrly ýumaga barýan ähtibarly sapaga el ýetirmek maksady bardy, aňyrkylaryň ýüregindäkini welin Alla bilsin, oňlulykdan başga her zat bolmagy mümkin. Aralyk barha ýygjamlaşýardy. Häzir “gijeki myhmanlaryň” elindäki çyra bärligine tarap tutulaýsa, gijäniň şu zatlary yns-jyns bardyr öýdülmeýän ýerde iki däl-de birbada dört adamyň bardygy mesaňa aýdyň äşgär bolaýmalydy. Ýöne çyra “ýüzüni” ýerden galdyrman, ýiti hem uzyn dili bilen iki kişiniň ýörejek ýodasyny çar tarapa ýalap geçip durdy. Munuň özi duýdansyz boljak duşuşygyň dartymy ýetik kirşini has hem dartdyrýardy... Ümsümlik ýetjek derejesine ýetipdi. Yzlary bilen birgiden syry süýräp gelýän “gijeki myhmanlaryň” kanun goragçylary bilen boljak duşuşygyny ine-gana synlamakçy bolýan ýaly, bütin meýdan demini alman, hüşerilip duran ýalydy. Ýyldyzlar bu pursada has ýakyndan tomaşa etmek üçin aşak, gonamçylya tarap gelipdiler. Göwnüme, olaryň ýylpyldylary-da galypdy, durşuna göze öwrülip, biz tarapa mölerilişip duran ýalydylar. Hemme zat bu garpyşyga sabyrsyzlyk bilen garaşýana çalym edýärdi... Aralyk barha ýygjamlaşýardy. Taranyň mäkisi ýaly,iki ýana at salýan şöhle hiç zatdan bihabar iki adamyny yzyna tirkäp, alyp gelýärdi. Ýene-de sanlyja minutdan boljak duşuşyk barada hatda pikir hem etmeýän bu iki adam bir-biriniň yzyndan ýöräp gelşine, diňe dykgat bilen ýoluna seredýärdi.Soňunyň näme bilen gutarjagyny häzir asla aýdyp bolmajak duşuşyga barýan beýleki iki adamy bolsa ýoly-ýodany saýgarmaýan ädimleriň hörpi däl-de, ýetip gelýän adamlaryň niýeti gyzyklandyrýardy... Aralyk barha ýygjamlaşýardy.Alkyma golaýlan çyra iki adama-da ýol görkezip gelýärdi. Şäherliniň elindäki sapança bolsa hiç birimize ýol görkezmese-de iki ýürege teselli bolup bilýärdi. Gijäniň gara şalyny iki ýana böwsüp gelýän şöhläniň ujy birdenkä göni biziň üstümizden düşdi.Men-ä birbada gözüm baglandymyka diýipdirin. Elimi gözümiň öňüne ýetirenimi duýman galdym. Şäherli welin: -Hany, aýryň çyraňyzy –diýip, azmly gepledi. Olar bu teklibe garşy çykjak bolup durmadylar. Çyrany aşak, ýere tutdular. Ýoldaşym öňki hörpde ýene dowam etdi: -Indem şo duran ýeriňizden butnamaň! Iň gaýym bolmaly pursat gelip ýetipdi. Şäherli tabşyran hem bolsa, sapança el uzadaýanymy kem göremokdym. Her näme-de bolsa garşymyzda duranlar meniň çaklamalarymy ýalana çykardylar. Olar bizi görenlerinden ýa-ha garpyşarlar, ýa-da ökje götererler diýip oýlanýardym, emma, bu adamlar Şäherliniň bir diýenini iki gaýtaladanokdylar. Aralyk dört, bäş metr çemesi bardy. Ortarada gyşaryp duran motosiklet bolsa özboluşly araçäge çalym edýärdi. Ýodaşym bu gezek gürrüňiniň äheňini öňkülerden birjigem gowşatmady: -Siz kim borsuňyz? -A siz özüňiz kim borsuňyz? –diýip, çykan ses süňňümize ornaşyp ugran arkaýynçylygy ýene az-kem gobsundyrdy. Çyranyň ýalawy gözümize düşende gaýdyp hiç zat görünmejek ýalydy welin, az-kem wagtdan soň ýanymyzda duranlary magat saýgardym, olaryň öňündäki, eli çyralysynyň orta boýludygy, yzyndakynyň bolsa tagaşyksyz daýawdygy äşgär bildirýärdi. Hatda olaryň üşerilişýändigi hem bildirip duran ýalydy. Megerem, ýaňky çykan ses daýawyňky bolarly, sebäbi, ol edil turbadan çykan ýaly eşidildi. Ýogsa-da men bu sesi edil birki günlükde bir ýerde-hä eşiden ýalydym. Ýöne nirede eşitdimkäm? -Biz milisiýadan. Hany, dokumentleriňizi görkeziň! – diýip, Şäherli olara has ýakyn bardy. Merdemsilik bilen aýdylan teklip bu iki adamyny geňirgendiren bolarly, olar bir-birleriniň ýüzlerine seredişdiler. -Dokument ýok. Näme, bu ýer serhetmi, dokumentleşip ýörer ýaly –diýip, hälki ýogyn sesli jogap gaýtardy. Soňra: - Siziň, milisedigiňiz näme,maňlaýyňyza ýazylgymy? –diýip, gürrüňiniň üstüni ýetirdi. Şäherli elindäki ýalaňaç sapançany assyrynlyk bilen maňa uzatdy-da, jübüsinden şahadatnamasyny çykardy. -Maňlaýa däl, ine, şu ýere ýazylgy.Hany, bärik tutuň –diýip, ol şahadatnamasyny açdy-da, olaryň eli çyralysyna ýüzlendi. Çyraly ýigit şöhläniň ýagtysyna ýalpyldap duran şahadatnamanyň ýüzüne göwünli-göwünsiz seretdi-de, bada-bat nazaryny daýawa dikdi. Daýaw bolsa, Şäherliniň göwni üçin hem dokumente seretmedi. Megerem, ol ýanyndakynyň seredeni bilen ylalaşan bolarly. -Ýeri, bolanyňyzda näme milise? –diýip, ol ýene-de gödeňsi sesi bilen bize ýüzlendi. -Ýok, indi siz ynandyňyz dälmi? –diýip, Şäherli hem özüniňkini tekrarlamaga durdy. -Hawa ynandyk, ynananymyzda näme? -Ynanan bolsaňyz, hany, siziňem dokumentleriňizi göreli. -Bizde hiç hili dokument ýok –diýip, daýaw göwni bir ýaly jogap gaýtardy. -O nähili hiç hili dokument ýok. Belki iň bolmanda motosikletçiniň prawasy bardyr? -O-da ýok. -Beýle bolsa, onda ýigitler, milisiýa bölümine gitmeli bolarys. --Näme üçin? -Gije öwlüýäniň içinde näme işläp ýörendigiňizi şol ýerde düşündirmeli bolarsyňyz. -Onuň üçin milisiýa gidip oturmak nämä gerek?! Biz ony şu ýerde-de düşündirip bileris –diýip, bu gezek eli çyraly ýigit gürrüňe goşuldy. -Hany, onda aýdyň, näme işläp ýörsüňiz? –diýip, Şäherli olaryň ikisiniň hem ýüzüne taýly gezek seretdi. -Biz täzelikde şu ýerde inimizi jaýladyk –diýip, ol bu gezek öňkä görä pessaý ses bilen aýtdy. – Şonuň mazaryny gömmäge geldik. - Gijäniň içindemi? –diýip, ol oňaýsyz ýagdaýda jogap gaýtardy. Daýawa onuň bu aýdýanynyň yzyny ýetirdi. --Düýn gelip görenimizde onuň gubry ellenen ýaly eken. Onsoň, mal-gara, bir zat degäýýämikä diýip, aýlanyp gaýdybereli diýdik. Daýawyň bu gürrüňlerinden soň, men bu sesi nirede eşidendigimi hakydama getirdim. Ol Myşy mugallymyň uly ogullarynyň biri bolmaly.Esger ýigit jaýlanan wagty Ymamguly aga ondan bir zatlar soraşdyryp otyrdy ahyryn! Men onuň şo ýigitdigine magat göz ýetirsemem, muny ýene bir gezek anyklanymy kem görmedim. -Siz kimiň ogly bolarsyňyz? -Myşy mugallymyň. -Iniňiz şol esger ýigitmi? -Hawa –diýip, olar zordan jogap gaýtardylar-da başlaryny salladylar. Diňe şundan soň hemme zat aýan boldy, Şäherli hem goňşularyny tanap galdy, olar hem. Megerem, bu duşuşygyň öňüsyrasyndaky dartgynlyk ýetjek derejesine ýeten bolarly. Ýogsam, heý-de goňşular biri-birini tanamazmydy diýsene! Biz bu garaşylmadyk duşuşygyň imi-salalyk bilen başlanyşy ýaly, şeýle hem gutarandygyna az begenmedik. Olara turuwbaşdan gaty-gaýrym zat diýilmändigi hem gowy zat. Myşy mugallymyň ogullary motosiklete artlaşyp, oba tarap ýüzlenenlerinden soň biz ýene-de hälki bukymyza baryp ýerleşdik. Gezekleşip, ýene-de nobatçylygy dowam etdirdik. Ýöne her näçe dykgat bilen syn etsek hem, ertire çenli bizi gyzyklandyryp biläýjek hiç hili zat ýüze çykmady. *** Ertesi gün işe gelip naçalnigimiň gapysyny açdym. Adatdakylardan sähelçe gijräk gelenimden soň, häzir ol ýerde Şäherli öten agşamky wakany jikme-jik gürrüň berip oturandyr diýip oýladym. Ymamguly aga hakykatdan hem gürrüň diňläp oturan eken. Ýöne onuň garşysyndaky Şäherli däldi-de, orta ýaşdan agan bir aýaldy. Naçalnik meniň salamymy aldy-da, oturmaga ýer görkezdi. Şobada hem gürrüňiň yzyny diňlemäge häzirdigini mälim edýän terzde bütin düýrmegi bilen myhmanyna tarap öwrüldi. Myhman gürrüňini dowam etdi: - Hawa, janym, nämede galdym men? Hä, hawa, oglumyň bolgusyz nökeri köpelipdir diýdim. Ynha, Mämmetje diýip birini tapypdyr, ho-ol ilerki obadaky Porsyň ogly. Ýeri, näme diýip, näme aýtjak?! Il-ä şolar ýalylardan daşrak boljak bolup, ýurduny täzeleýär, o bolsa nirede bir ýaňky ýaly ýelem-ýüwlet bar bolsa, daşyna ýygnaýar. Onuň beýleki hemşerileri hem Porsuň oglundan idili däl. Onsoň ertiri ýok, agşamy ýok, haçan görseň öýde şolar bilen kampan gurşan bolup otyr. Özem, hamala diýersiň, allanäme teleke edýän kişi ýaly, aýyn bolmasa: “Heleý, ony getir,heleý muny getir!” diýen bolup, gelnine arlap başlaýar. Wah, şindem şol gelin çydaýar oňa! Hernä, maňa Hudaý beräýipdir şo ýuwaşja gelni. Onuň ile-güne bir ses çykarman, daşyny dolap oturanyndan, diýmäýin diýsem, ol boýnysogrulanyň habary ýok-da. Wah, o deýýus maňa-ha bir hezil bermez welin, gelindir agtykdanam dyndararmyka diýýän. Näme diýseň, ol beýdip durjak bolsa, gelin pahyryňam ahyry, bbir gün bolmasa, ýene bir gün sabyr käsesiniň doljakdygy görnüp dur. Ýogsa, öýüň ähli keşiginni çekýän şo ýumruk ýaly gelin. Şo gidäýdigi bagtynyň ýatjakdygyndan habary ýok-da, ulalyp oňalman geçeniň!.. Wah, käşgä elinden bir zat gelýän bolsa, onda owarram, käte arryldysyny çekäýse-de bolar, ýöne ýatan çöpi galdyrmagy hyllalla bilýär-ä ol deýýus! Iliň muň ýalysy bilýärmiň nämeler edinip ýör?! Şarňyldap duran köşk ýaly plan jaý diýermiň, gala ýaly howly diýermiň, mal-gara diýermiň... garaz, tüweleme, iliň ýerden ýöräni seňkiden gowy bolaýýar. Bilmedim, kime çekip beýle boldy, ýöne, deýýus, il masgarasy-ha etdi-dä. Oglundan ýaňa agzyndan ot sowurýan enäniň gürrüňi şu ýerde az-kem gowşan ýaly boldy. Şol ikarada Ymamguly aga oňa sowal bermäge ýetişdi: -Daýza, men bir zada düşünmedim-le... -Wiý, muny nätdiň, jigi. Men-ä häliden bäri saky-saky edip, düşündirýärmikäm diýip otyryn. -Onyňyz dogry. Hemme aýdanyňyza düşündim, ýöne, ahyrky maksadyňyzy aňlabilmän otyryn... -Wah-heý, men-ä şu ýerde bir saňa gürrüňimi düşündirerin diýip gelipdim welin, “Hydyr diýeniň hyrs” bolup çykjag-ow. -Wah, daýza jan, biziň işimiz jenaýatçyny gözlemek bilen bagly-da. -Eýse, jenaýatyň bosagasynda duran adama “haýt” diýäýmek siziň üçin aýyp bor-ow onda. --Aýyp bolmaz –diýip, Ymamguly aga dyňzap gelen gülküsini saklap bilmedi-de ýylgyryp goýberdi. – Aýyp bolmaz, onam oňararys. Ýöne bizde ýörite “haýt” diýýänlerem bar –diýip, soňra ol daýzanyň öz äheňine kybapdaş hörpde jogap gaýtardy. -Bolsa bardyr, ýöne men, jigi, sen diýip gelipdim-dä. –O näme üçin ala-böle men diýip tekrarlap dursuňyz? –diýip, Ymamguly aga ahyrsoňy gümürtik gürrüňini anyklamakçy boldy. -Üç ýyl mundan öň sen oglumy tussag etmek üçin iki sany millisgäniň öňüne düşüp, öýümize gelipdiň. Şonda ene ýüregimi paralap galanymda seň aýdan sözleriň ýüregime teselli bolupdy. “Aglama, ene, ogluňa döw çalasy ýok, az-kem akylyna aýlanar, geler, hiç zat bolmaz” diýipdiň. Onsoňam: “Ogluň bolşy şu bolsa saňa-da abraý gelmez, bize-de” diýipdiň. Weli ekeniň, janym, şol aýdanlaryň aňry ýany bilen dogry eken... Ynha,bolup ýörşi şo bolsa ýene bir zadyň üstünden barjak ol. Meniň-ä, deýýus, bilimi bükdi.Atasy pahyr diri gezip ýören-de, belki, edil beýle bolmasa-da bolmazdy. Özem ýeke bolansoň, çagalykdan depäme çykdy-da. Ýeke bolansoň, läliksiretmäýin diýseňem bolmaz eken. Ynha, indem maňlaýyňdan diremeli wagty, ile ryswa etdi. Öňküleriň aýtmadygy ýok: “Dokuz aý göterene meňzemen, ýerden göterene meňzärin” diýipdirler. Wah, diýmäýin diýsem, şol ýerden göteren Jeren jerçini ýer çeksin Hudaýym –diýip,ol ýene-de janyýangynly gürrüňleri bilen gyzyp başlady. --Bolýar, daýza, beýle bolsa, biz onuň bilen hökman gürleşip göreris. Sen arkaýyn bolaý. -Ýaşyň uzak bolsun, janym, Taňryýalkasyn. Bir şeýdip gürleşip görüň, belki, akylyna aýlanaýady-da. -Häzir ol nirede işleýär? –diýip, naçalnik Kakajanyň işleýän ýerini belläp almak üçin öňünde ýatan ruçkasyny eline aldy. -Wah, bir ýerde-hä işleýän diýýär welin,men-ä plan diýsem ýalançy. Şonuň işleýşinde-de ugur-utga bardyr öýdemok. Kä wagt-a şo ülpetleri bilen öýden çykanok, käte-de bir gitse ençe wagtlap öýüne köwlenenok. Özüni gürletseňem “işim kemendirowkaly” diýýär. -Şu günler öýdemi? -Ýok, öýden gidenine üç-dört gün boldy,heniz-ä gara berenok. -Haçan gelerin diýipdi? -Wah, onuň agzyndan belli bir gep eşidip bolýarmy näme? -Nirä gidenini bileňzokmy? -Bilinýän däldir. -Onda men häzir öý adresiňiz hem-de beýleki käbir zatlary belleşdirip alaýyn, onsoň, ol öýe gelen güni dessine bize habar ediň. -Wah, men özümjik gelip aýdyp giderin. Ýöne meniň gelip arz edenimi welin duýdurmaweriň, şo peläketden çekinmänem duramok. Onsoň üstüme düw-düw edip durmasyn. Ulalyp-oňalmadykdan her haýsy çykar. -Bolar-bolar,aýtmarys –diýip, Ymamguly aga zerur hasap eden zatlaryny belleşdirmäge oturdy. Men gyňajynyň eteginden görünýän ak saçlary mährem ýüzüne birgeňsi gelşik berip duran bu enäniň gylyksyz ogluny hem-de ilkinji jenaýatçylykly etmişini göz öňüne getirmäge çalyşdym. *** Şol ýylyň ýazy adatdakylardan has ýagynly geldi.Jomart bulutlar öýläne çenli damman garaşyp bilseler zor boldugydy. Gün öýläne sapdygy welin “garry mama sanajyny kakyp” ugraýardy. Ine onsoň, hamala diýersiň, ertirden bäri dammanynyň öwezini doljak bolýan ýaly, lemmer-lemmer bulutlar, aňyrsynda baryny edip, şeýle bir guýup başlaýardy welin, dünýäni suw-sil alaýjakmyka diýdirýärdi. Tebigat özüniň bu gazabyna bir wagtlardan soň, gijäň ýarynda ýa-da daňa golaý höre-köşe edip bilýärdi.Ertirden soň bolsa birgeňsi bolup Gün dogýardy. Ol eýýäm ýüzi agar çäkmen bilen syrylan ýaly bolup duran mawy asmanyň bir çetinden arşa galyp, çygjaryp ýatan bu ene ýeri gollaryna alyp emaý bilen apalaýan ýalydy. Şundan soň zeminiň üstünde gögeren çöp bolsa, barkurar oturardy. Ýöne täsin hem gözel lybasa giren gözel tebigatyň kamaty öýläne çenli saklanaýsa zor boldugydy. Ine, onsoň, ýene-de asmanyň bujagy çözülen ýaly bolar. Şo-ol ýagar gider oturar... Şeýle günleriň birinde, gijara raýon merkeziniň ortarasyndaky awtobus duralgasynda iki sany ýigit peýda boldy. Olar dynman guýýan ýagşa ezilişip gelensoňlar, diňe duralganyň üçeginiň astynda birneme karar tapdylar. Olaryň biri Kakajandy, beýlekisi Aşgabadyň mehanizasiýa tehnikumynda bile okan dosty Meledi. -Sen, dost, gowusy ýatyp gidäýmelidiň-le. Indiden soň awtobusam galmadyk bolaýmasa –diýip, Kakajan myhmanyna mürähet etdi. -Aý, hany, göreli bakaly, awtobus bolmasa, belki, başga bir zat gabat geler. Teý-ahyr zat tapylmasa, şonda-da yza dolanyp bileris ahyryn, şeýle dälmi? –diýip, Mele özüniň gaýdyp biläýerin tamasynyň birneme inçelýändigini syzdyrdy. Soňra ol Kakajanyň elindäki tora siňe-siňe seretdi-de: -Munyň näme-aý? –diýip sorady. -Bu gurt. Şäherde munuň ýaly zady görjek gümanyň bolmaz. Öňräk bir ýerden-ä öýümize ep-eslijesi düşüpdir. Ýaňy turjak bolanymda seniň piwony oňat görýäniň ýadyma düşdi-de, onsoň dolaýdym. -Bä, şorjamy ol? –diýip, Mele gyzyklandy. -Wah, aýdýan-a tüýs piwo bilen içip oturmaly diýip. -Walla, şun-a oňarypsyň-aýt –diýip, Mele tory eline aldy-da, saldarlap görýän ýaly, ony ep-esli wagtlap bir elinden beýleki eline geçirip saklady. Ahyrsoňy ýüregine düşdümi-nämemi, duralganyň bir çetinden ildirdi-de asyp goýdy. Daş-töwerekde ne adam-gara göze ilýärdi, ne-de maşyn beýleki. Çop-çolalykdy. Ýöne welin, çola diýmäge-de diliň öwrülenokdy. Asfalt ýoly, jaýlaryň üçegini ala-zenzele edip, guýup duran ýagşyň galmagaly ýüregiňi gysdyrarly däldi. Diňe duralganyň däl, bütin zeminiň üsti durşuna ala-şapyrdy bolup duran ýalydy. Şol wagt eli saýawanly, ýaşy durugşan bir adam edil ýerden çykan ýaly bolup duralganyň ýanynda peýda boldy. Häliden bäri bu ýerde ellerini jübüsine sokuşyp duran ýigitler hem onuň nireden çykanyny duýman galdylar. Ol adam duralganyň aşagyna girdi-de, saýawanyny aşak goýberdi. Şonda oglanlar onuň döşündäki dört-bäş sany medaly hem goltugyndaky ep-esli bolup duran kagyz gutyny görüp galdylar. Mele bir erninden beýleki ernine geçirip duran ujy çeýnelgi papirosyny gapdala zyňyp goýberdi-de, agzyny Kakajanyň gulagyna ýakyn tutup gürledi: -Magnitofon öýdýän. Kakajan saýawanly gojanyň ilki elindäki guta, soňra ýüzüne dykgat bilen seretdi. Bu iki ýigidiň bilesigelijiligi artdygyça, ýaşulynyň hem ynjalygy gaçyp başlady. Ol oglanlaryň arasyndaky gürrüňiň näme hakdadygyna düşünmese-de,olaryň birek-birege has ýakyn durup gürleşişlerini halamady. Käte olar tarapdan gelýän içginiň agras ysy hem üstesinedi. -Siziň obaňyzdanmy, tanaýaňmy? -Ýok, Aşgabatdan gelen bolaýmasa. -Onda meniň obadaşym-da – diýip, Mele ernini ýyrşartdy. -Ahmal, şeýle ýaly. Duralganyň bir burçunda ýygrylyp oturan saýawanly goja bu gürrüňlere hem düşünmedi. Ýöne şondan soň ol rejäniň geň däldigini aňdymy-nämemi, oglanlar bilen gürrüň açanyny kem görmedi. -Köşekler, maşyna köp wagtdan bäri garaşýaňyzmy? -Ýok. Biperwaý aýdylan bu ýeke söz hernäçe gödek eşidilse-de ýaşuly ýene gürrüňi dowam etdirmekçi boldy: -Hernä iň soňky awtobus geçäýen däldir-le? -Bilemzok. Ýaşuly her näçe jan etse-de gürrüňler ýelim alyp baranokdy.Ol zol sowal ýagdyryp durmagy gelşiksiz hasap etdimi ýa-da mundan artyk näme sorajagyny bilmedimi,şondan soň hem-ä olara gürrüň berýän ýaly, hem-de özbaşyna hümürdeýän ýaly mesaýy gürrüňe geldi. -Frontçy bolsaňam bir ýerde oturdanoklar. Şu obadaky mekdebe çagyrdylar welin, menem gaýdyberdim. Gelmeseňem bir däl.Her kim arzysyny artdyrýandyr diýip pikir edýär. Ýagdaýy ýok bolaýmasyn diýjek adam tapmarsyň. Aslynda-ha çagajyklar bilen duşuşygyň özi nämä degmeýär! Birgeňsi eýjejik çagalar... Olaryň arasyna barsaň hormatyňy hem ýetiribilýärler. Okuwçylaryň gül getirip ýatany haýsy,boýnuňa gyzyl galstuk daňyp durany haýsy...Mugallymlaram “mekdebimizden ýadygärlik bolsun” diýip magnitofon berdiler. Aý, garaz, bol-bol Döwlet mugallym bol... Saýawanly goja gürrüňiniň şu ýerine ýetende, Mele ýoldaşynyň gulagyna agzyny ýetirip pyşyrdady: -Kakow, maňa şu magnitofon gaty zerur gerek. Ýoldaşy agzyny öweldip ugrandan Kakajan ondan gowusynyň çykmajakdygyny aňypdy. Ýöne şonda-da edil şeýle morta bir zadyny ataýar öýtmeýärdi. Ol bu teklibe birbada üşerilip durdy. “Beýdäýsek, soňy nähili borka? Birdenkä ele düşäýsek? “Birdenem ugur tapyjy ülpediniň her bir ýagdaýdan baş alyp çykyp bilýändigi ýadyna düşdi. Şondan soň Kakajan “ýagdaýyňa seret” diýen terzde ýoldaşynyň ýüzüne äňetdi-de, egnini gysdy. Häliden bäri ýüregi atygsap duran Mele üçin bu yşarat “Başlaber” diýlen ýaly bolup göründi. Oglanlar göz astyndan çar töwerege ser saldylar. Ýagşyň şol birsydyrgyn sesinden başga üýtgeşik zat ýok. Mele häliden bäri diliniň hezini görüp oturan garrynyň alkymyna dykylyp bardy. -Hany, kişi, nokgy-nokgyňy goý-da, magnitofony bäri al! Garry bu teklibi eşidenden sowgadyny iki eli bilen özüne ykjam gysyp ýerinden galdy: -Ýok, bu aýdýanyň-a bolmaz, oglum. Ol ýadygärlik diýlip berlen ahyry! -Ýaşuly, men senden ol näme üçin berildi diýip soramok. –Mele şondan soňky sözlerine has hem bat berdi: -Magnitofony bärik al diýýän, ýogsa, aýtdy-aýtmady diýme, özüňe erbet bolar. -Ýok, ýok, beribilmen, utanmadyň nätdiň –diýip, ýaşuly saňňyldap durşuna sowgadyny has hem bagryna ykjam gysdy. Şol bada ýaňlanyp giden şarpyldynyň zarbyna garrynyň gutyny goltuklap duran elleri bialaç ýer sermemeli boldy. Gutyny ýere ýetip-ýetmänkä kakyp alan Mele bir pursat töwerege diň saldy-da, gaçmakçy boldy. Ýöne ol eýýäm duralgadan daşlaşyp ugran ýoldaşynyň yzyndan ilkinji ädimi ädenden gürpüldäp gaýtdy. Garry ýer sermäp ýatan hem bolsa,onuň bir aýagyna elini ýetirmäge ýetişen eken. Mele bada-bat ýerinden galmagyň ebeteýini tapmady. Onuň goltugyndan magnitofon aslyşyp durdy, aýagyndan bolsa garry. Şeýle pursadyň uzaldygyça barha hatarlydygyna diňe Mele däl, Kakajan hem göz ýetirdi. Şonuň üçin ol ýagşyň aşagynda ezilip duran ýerinden yzlygyna tarap eňdi. Gelip eýýäm ikinji elini hem Meläniň aýagyna ýetiren garrynyň böwrüne bat bilen depdi. Garry edil üzüm gurçugy ýaly düýrlenip gitdi. Onuň gataňsy hem damarlak elleri Meläniň aýagyny şo pursatda bialaç öz erkine goýbermeli bolupdy. Indi ol eller mejaly gaçan gojanyň ýüz-gözüni urgudan goramak üçin daldalap durdy. Ol wagtynda goranypdy, ýogsam ýagyşda mazaly agralan botinkanyň garrynyň ýüzünde tagma galdyraýmagy hem daşda däldi. Oglanlar ýarym sagat çemesi mundan ozal oturyp turan ýerlerine – Kakajanlaryň öýüne geldiler. Olar ätiýajy elden bermezlik üçin magnitofony ýerzeminde gizlemegi makul bildiler. Ýöne nädip öýdäkilerden onuň açaryny almaly? Dogrusy, ony almak kyn däl-de, ýöne nämäni bahana etmeli? Kakajan howla girilen dessine gutyny döläniň içinde gizledi. Soňra olar uly otaga geçip, ýene-de ýüzi goşa at suratly çüýşäniň birini orta aldylar. Şol wagt Kakajanyň gelni bilen ejesi peýda boldy. -Wiý, Kakow jan, myhmanyňy ugradyp bilmediňmi? –diýip, ejesi ogluna ýüzlendi. -Ýok, iň soňky awtobusam geçipdir öýdýän, ertir gider-dä...Eje, ýogsa-da ýerzeminiň açaryny ber-le, bir banka hyýar alyp geleýin-le – diýip,Kakajan ýerinden galdy. -Holodilnikde hälki açylandan galany bolmaly –diýip, gelni gürrüňe goşuldy. Ýöne Kakajan oňa diýýäňmem diýmän, ejesiniň gyňajynyň ujundan çözläp beren açaryny aldy-da, daşaryk ýöneldi. -Wah, oglum, hyýar iýýäniňiz-ä gowy welin, şol zährimary halys hünär edinip barýaňmy ýa göwnümemi? –diýip, ene ogluna igenmäge durdy. Ejesiniň igençli gürrüňini eşiden dessine ýigit sägindi-de: -Eje, sen meň kesellänimi isleýäňmi? – diýip, oňa ýüzlendi. -Toba, daş etsin, oglum, agzyň diýýänini gulagyň beri eşidýärmi? Bu sarnap duran zatlaň näme?! -Eje, ýarym sagatlap ýagşyň aşagynda bilýäňmi nähili ezildik. Şu wagt şundan içmesek Meläňem gutardygy, meniňem –diýip, ol ejesiniň üstaşyr dulda gyşaryp ýatan dostuna gözüni gypyp goýberdi. -Daýza, ol dogry aýdýar, Men-ä hiç welin, ogluňa haýpyň gelsin –diýip, Mele hem dostunyň gürrüňiniň üstüni ýetirdi. Aňk-taňk bolan garry näme diýjegini bilmän: -Ýeri, bolýa-la, nätseňiz şony ediň, özüňiz bilýänsiňiz-dä –diýdi-de, otagdan çykyp gitdi... Duralga boş hem bolsa raýon merkezinden Aşgabada gidýän iň soňky awtobus ozalky endigine görä bu ýere gelip sägindi. Hatda gapysyny hem açdy. -Düşjek ýokmy? –diýip, şofýor öňündäki aýnadan salonyň içine göz aýlady-da, ugramakçy boldy. Şol wagt awtobusyň duralga tarapdaky oturgyçlarynyň birinde oturan ýigit: -Dur, şofýor, saklan! –diýip, jynssyz sesi bilen gygyrdy. Diňe şofýor däl, beýleki oturanlar hem allaniçigsi boldular. Hemmeler ýaňky ýigide tarap soragly nazarlaryny dikdiler. Ol bolsa eýýäm ornundan galyp, daşaryk haýdap barşyna: -Göreňzokmy, bu ýerde bir adam süýnüp ýatyr –diýip, ozalkydan pes bolmadyk sesi bilen gygyryp gürledi... Aradan köp wagt geçmänkä “Tiz kömek” saýawanly gojany keselhana alyp gitdi. Milisiýa bölüminiň nobatçysy bolsa bu waka bilen Ymamguly Berdiýewi hem bada-bat habardar etdi. Suw-sil bolup ýatan obanyň içinde yz tapmag-a beýle-de dursun, hatda çen edýän ýerleriňe aýlanmak hem hyllallady. Ýagşyň welin bu zatlar piňine-de däl. Ol şol bir sesini edip guýup durdy. Tejribeli sülçi wakanyň bolan ýerine ikinji gezek dolanyp gelensoň, tutuş duralgany çyra tutup elek-soky etdi. Ine, ol şonda ýatdan çykan içi gurtly toruň üstünden bardy. “Elbetde, hemme kişiniň öýünde-hä munuň ýaly üýşüp ýatan gurt bolmaly däl, ýöne beýle bol gurduň kimiň öýünde bardygyny nädip anyklap bolar?” Ymamguly aga bu sowalyň üstünde kän kelle döwdi. Soňra ol gazetdan ýasalan guýgujy dola-bara edip duran gurdy emaý bilen stoluň üstüne dökdi-de, guýguç ýasalan gazeti söklemäge durdy. Ine, şu ýerde hem birinji tötänligiň yzyndan jenaýatçylary tapmaga uly kömek eden ikinji tötänlik ýüze çykdy. – “Mugallymlar gazetiniň” ýokary başynda galam bilen “Mag. 20” diýlip ýazylgydy. “Bu näme? 20-nji magazinmika? Eýsem näme bolup biler? Ilkinji nobatda şuny anyklamak gerek”. Ol raýon aragatnaşyk bölüminiň naçalniginiň öýüne til kakdy. Ine şonda bu ýazgynyň 20-nji magazine däl-de, Magtymguly köçesiniň 20-nji jaýyna degişlidigi anyklandy. Wakanyň bolan pursadyndan bir sagat geçip-geçmänka talaňçylar ele salyndy. Şonda jenaýaty agtaryş bölüminiň naçalnigi Kakajanyň gelnine şeýle sowal bilen ýüzlendi: - “Mugallymlar gazetini” siziň öýüňizde kim okaýar? -Men. -Siz mugallymmy? -Hawa.Peduçilişäni gutaryp, şu ýerde mugallym bolup işleýän. - “Mugallymlar gazetini” öýe ýazylyp alýaňyz, şeýlemi? -Hawa. -Gaty gowy. Köp sag boluň! – diýip, ol gitmeziniň öňinçäsi oňa ýene bir kerem sag bolsun aýtdy. Gelin bolsa şol minnetdarlygyň sebäbine hernäçe pikirlense-de şol wagt teý düşünip bilmän galdy... Saýawanly goja keselhanada gutulyp çykansoň, oňa sowgady hem gaýtarylyp berildi. Jenaýatçylar bolsa eden etmişleriniň jezasyny çekmeli boldular... Ymamguly aga enäni köşeşdirip ýola saldy-da, meniň ýanyma geçip oturdy. -Hawa, Kuwwat, näme üýtgeşiklik? Men gijeki bolan zatlary başardygymdan bolşy ýaly gürrüň berdim. Ymamguly aga gürrüňi üns berip diňledi. Soňra: - Düşnükli – diýdi-de, köne endigine görä otagyň içini ädimlemäge başlady. Iki-üç ýola öwrüm edenden soň bolsa: - Ýeri, näme düşnükli diýsene – diýip, öz-özüne igendi. Şäherliniň peýda bolmagy hem kabinetiň içinde hiç hili üýtgeşiklik döretmedi. -Salam! -Salam... Naçalnigiň häzirki aladaly hem çynlakaý keşbi haýsydyr bir belli karara geläýerli görünýärdi.Şoňa görä-de Şäherli ikimiz onuň pikirini bölmezlik üçin stoluň gyrasyny dyrmap otyrdyk. -Men şo gubur ellenen bolaýmasyn diýip ilkinji gezek pikir edenimde şeýleräk bir zat göwnüme geldi: megerem, doganlary ony iň soňky gezek görmek isländirler.Dogry, olaryň muny öz erklerine etmezlikleri-de mümkin.Ýöne, eger-de, mysal üçin, aýdaly, ejeleri özelenip haýyş edip duran bolsa, onda näderdiler, çykaryp görmezmidiler? – diýip, Ymamguly aga özüniň ilkinji çaklamasy hakda biziň nä pikirdedigimizi bilmekçi bolýan ýaly, bir Şäherliniň ýüzüne, birem maňa seretdi. -Ymamguly Berdiýewiç, bu aýdýanyňyz-a gaty ynandyryp barýan zat däl – diýip, Şäherli öýkelän oglanyň bolşy ýaly, ýüzüni ýerden galdyrman gürledi. -Ynandyrmaýar diýdiň-ow – diýip, Ymamguly aga indi has ynandyryjy bir zat tapjak bolýan ýaly, ýene ädimläp başlady. -Ynandyrmaýar, ýoldaş naçalnik! – diýip, Şäherli hamala diýersiň öz sözi ýaňsa alynýan ýaly, bu gezek ýüzüni galdyrdy-da, has pert gaýtalady. – Eger-de olar onuň ýüzüni görjek bolsalar, jaýlanmanka hem görüp bilerdiler, ahyryn. -Seniň bu aýdýanyňam nädogry däl.Ýöne duýdansyz başa inen bu hasraty gerdeninde göterip duran adamlaryň muňa birbada akylynyň kesmezligi hem mümkin ahyryn.Ajy habar, onda-da olaryň başyndan inen ýaly ajy habar adam baryny gaty aljyradýar. Ine, onsoň şeýle pikiriň has soň, has gijräk döräýmegi mümkin. Ýa-da beýle dälmi? Ymamguly aga bu gezek meniň pikirimi bilmekçi bolýan ýaly, iki-baka ädimläp ýörşüne deňämde saklandy. -Ýeri, sen nähili pikir edýäň, Kuwwat? -Men-ä bu hakda näme diýjegimi bilemok, ýöne, Ymamguly aga, gowusy, çen edişip durman, muny olaryň özlerinden soraýsak nähili bolarka? -Dogry pikir – diýip, Şäherli bu teklibi orta oklanyp-oklanmanka alyp göterdi. –Beýdip, matal otaryşyp oturmak nämä gerek! Sorarys, aýdarlar, wessalam. -Wessalam diýsene – diýip, Ymamguly aga ýaňky gürrüňi öz eleginde elemäge durdy. Dogrudanam, ony soraýmaga kyn zat däl. Jogabynyňam nagt bolaýmagy mümkin. Ýöne, şonuň peýdasy bilen zyýanynyň arasyndaky tapawut näçeräk – ine, ilki şony kesgitlejek bolmaly. Mysal üçin, ynha, siz-ä bararsyňyz-da sorarsyňyz, olar hem ör gökden gelip jogap beräýseler, şonda nähili bolar? - Hiç hilem bolmaz, gaýdybereris – diýip, Şäherli eýýäm gidip barýan ýaly boldy. -Hawa, siz-ä gaýdarsyňyz welin, ýöne olaryň derdiniň üstüne ýene bir dert goşular öýdeňizokmy? Megerem, Ymamguly aga aýtjak bolýan zadyny nädip düşündirjeginiň ebeteýini tapmady öýdýän, sesini çykarman, birki öwrüm gezmeledi. Soňra, bir zat ýadyna düşen ýaly çala ýylgyrdy-da: -Bilýäňizmi, käwagt nähili bolýar – diýip, gürrüňe başlady. –Haýsy ýyldygy ýadyma düşenok welin, bir wagtlar obada ýaşaýan inim nobaty ýetdi-de maşyn almakçy boldy. Şonda ol puluny toplap, ilki meniň ýanyma geldi. “Sen bir ýola-yza belet adam, ýör şuny kassa tabşyryş” diýip. Aga-ini haýdaşyp bardyk kassa. Nobatymyz ýeten dessine puluň dolangy kagyzyny aýyrdym-da, lükgesi bilen kassiriň öňünde goýdum. Kassir aýal puly howlukman sanady-sanady-da “Şu ýerde jemi näçe bolmaly?” diýip sorady. Men inimiň ýüzüne seretdim. Ol, ýadyma düşenok welin, pylança-ha diýdi. Kassir soňky gezek göni inimiň özüne ýüzlendi: “Puluň dogrumydy?” “Öz-ä dogry bolmaly?” diýip, ol ogurlygyň üstünde tutulan ýaly, müýnürgäp başlady. Şondan soň kassir sesini çykarman, çek ýazdy-da elimize berdi. Başga gepem bolmady, gürrüňem... Ynha, göräýmäge, şu ýerde üýtgeşik bir bolan zadam ýok ýaly. Ýeri, sorasa sorapdyr-da “Puluň dogrumydy?” diýip. Dogry bols, dogry diýersiň wessalam. Ýöne soň-soňlar hem şo gürrüň inimiň içinden çykman eken. “häk şo gezeg-ä pul artyk gitdi öýdýän” diýip, häli-häzir hem ýylgyraýýar. Kim bilýär, belki, ozal ýalňyş sanan bolsa, puluň artyk gidäýen bolmagy hem mümkin. Bu, elbetde, kassiriň ynsabyna bagly. Ýöne şol ýerde hiç bir zadyň ýok bolmagy hem mümkin. Gaty mümkin. Ýerliksiz aýdylan ýeke söz welin, gör, näçe wagtlap bir adamyň içinden çykman ýör... Hiç zat ýok ýerden Myşy mygallymyň hem göwnüne bolgusyz wehim salaýmalyň diýjek bolýan. -Onda näme, şu meseläni goýalyňmy? – diýip, Şäherli naçlanigiň belli bir zat aýdaryna garaşdy. -Ýok, entek gyssanma, şol gonamçylykdaky yzlar her näme diýseňem, böwrüňi diňletmän duranok. Ýöne Myşy mugallymdan sorasak diýýän meseläňizi goý bolsun etseňiz – ynha, bu başga gürrüň. Soramagyň asla geregi ýok. Onsoňam, eger-de gubry olaryň özleri ellän bolsalar beýdip, gije-girimde barlap ýörmeseler gerek. Dogry dälmi? – diýip, Ymamguly Berdiýew Şäherlä ýüzlendi. -Dogry. -Dogry bolsa, geliň, gowusy, şol syrly yzlaryň nireden başlanyp, nirede gutaranyny kesgitlejek bolalyň. Kimde nähili teklip bar? Ymamguly Berdiýew “Hany, haýsyňyz başlajak?” diýýän ýaly, bir meniň ýüzüme, birem Şäherlä seretdi. Iş stajy boýunça-da, ýaşy boýunça-da menden ep-esli tapawutly bolansoň, kärdeşimden öňe düşjek bolup durmadym. Ýöne ol hem howlugyp barmady. Onuň maňa gezek berjek bolup garaşmaýanyna-ha düşünýärdim. Megerem, halypanyň duýdansyz halatda kesgitli sowala geçmegi ony ýaýdandyran bolsa gerek. Şäherli şol ýaýdanyp durşuna hem jogap bermäge synanyşdy. -Ýene-de bir gije gonamçylygy saklap göräýmesek, başga nireden uç gözlejegiňem biler ýaly däl. -Başga aýdyp biljek zadyň ýokmy? -Ýok. -Hawa, Kuwwat, sen näme aýdyp biljek? -Ymamguly Berdiýewiç, siziň öz çaklaýşyňyza görä, şol ýerden nämedir bir agyrlyk göterilip äkidiläýen ýaly. -Hawa, ýöne bu heniz, diňe aýak yzlaryna salgylanýan çaklama. -Elbetde, bu düşnükli zat. Ýöne, öz aýdyşyňyz ýaly, bizi dogry ýola atarýan hem şunuň ýaly çaklamalar ahyryn. Şeýle bolansoň, siziň ilkinji çaklamaňyz ikinji bir çaklamanyň hem peýda bolmagyna getirýär, eger-de agyr zat äkidilse, onda ol uly maşynda äkidiläýmeli. Uly maşyn bolsa, bilşimiz ýaly, esasan, raýonyň awtotransport kärhanasynda bar. Mümkin, bu işde şol edaradaky maşynlaryň birinden peýdalanylandyr. -Aý, munyň-a yrga-la –diýip, Şäherli meniň pikirimi üns bilen diňläp duran naçalnikden öňürdip, öz pikirini aýtdy. -Seniň pikiriňçe, onda yrga däl wariant haýsy, ýene gije gonamçylyk saklamakmy? – diýip, Ymamguly aga Şäherliniň bolşundan onçakly razy däldigini magat bildirdi. Ýöne, her näme-de bolsa, işgäriniň göwnüne degmek wehimi ony soňky teýeneli gürrüňlerden saklan bolarly. Ol gürrüňiniň soňuny sypaýyçylykly äheňe syrykdyrdy. – Şäherli, öten agşam Kuwwat bilen gonamçylygy saklap, uly iş bitirdiňiz. Munuň üçin köp sag bol. Elbetde, şol işiň garaşylan netijäni bermezligi siziň günäňiz däl. Ýöne siz özüňize tabşyrylan işi ak ýürek bilen berjaý etdiňiz. Şonuň özi hem esasy zatlaryň biri. Onsoňam, gerek bolsa, bassyr ikinji gije hem şol gözegçiligi dowam etdirmäge taýýardygyňy bildirdiň, munuň üçin ýene bir gezek sag bol. Ýöne biz o ýerini alyp ýatanymyz bilen heý bir zat bilip bilermikäk?! Megerem, häzir şofýorlardan ýuwaşlyk bilen sorag-ideg edip görmek zyýan etmese gerek. Ýöne aslyýetinde welin, oglanlar, biziň hiç zat ýok ýerden basga düşüp ýören bolaýmagymyz hem mümkindir. Şonuň üçinem, eger-de, bardy-geldi bu zatlaryň soňy hiç bir şübhäni tassyklamasa, “Ymamguly aga, sizden boldy-da” diýşip durmaly däldir” diýip, ol özara pikir alyşmanyň soňuny ýarym degişmä ýazdyryp goýberdi. Şol wagt selektordan raýon milisiýasynyň naçalnigi Şukurowyň sesi eşidildi: -Ymamguly! -Diňleýän, ýoldaş podpolkownik! -Meniň ýanyma gelip git! Ymamguly aga çykyp giden dessine Şäherli nägileligini magat bildirip başlady. -Senem, inim, alýaň-da, bir zadyňy aýdýaň oturyberýäň. Ýeri, haýsy samsyk şo ýerden öli alyp gaýtdym diýip boýun alar öýdýäň? -Näme, o ýerden hökman öli alnyp gaýdylmalymy? -Dagy näme, öwlüýäň içinden şetdaly alnyp gidiler öýdýäňmi? Şäherliniň bolşuna näme diýjegimi bilmedim. -Eger meniň teklibim bilen razy bolmasaň şobada aýtmaly ekeniň-dä. -Razy däldigime-hä razy däl, ýöne aýdyp oturmaýyn diýdim. -Hawa, näme üçin razy däldigiňi-hä düşündirdiň, indi näme üçin aýtmandygyňam hem düşündiräýseň? -Men saňa düşündiriş berip oturmaly däldirin-le – diýip, ol dessine özüniň her bir babatda menden ýokardadygyny syzdyrdy. -Onyň-a dogry welin, ýöne, bilsek gowy-da. -Bilesiň gaty gelýärmi? Oňa hatda “Hawa” diýmäge-de ýetişmedim. Ymamguly aga gelip ornuna geçdi-de, elindäki bukjany gyssanmaç açmaga oturdy. Halypanyň ähli ünsüni özünde jemlän bu hat bizi hem az gyzyklandyrmady. Ol muny aňdymy-nämemi: -Myşy mugallymyň oglunyň öýe iň soňky iberen haty bolmaga çemeli – diýip, Ymamguly aga bukjadan haty çykardy-da okamaga oturdy: “Salam haty. Kim men Çarynyň tarapyndan ol ýerde bolan kakama, ejeme, doganlaryma hem-de jigilerime köpden-köp dogaýy salam bolsun. Salamdan soňky sözüm budur ki, eý kaka, men munda sag-gurgun gezip ýörün, siziň hem ol ýerde sag-salamat gezip ýörmegiňizi gije-gündiz dileg edýärin. Men öňki hatymda bir aýlap türgenleşik okuwyna gidýärin diýip ýazypdym. Ynha, şu gün şol okuwdan gaýdyp geldik. Dogry, ol ozalky aýdyşlary ýaly, bir aýlap däl-de, 20 günläp dowam etdi. Ýöne şonda-da ol aňsat düşmedi. Oglanlar diýseň ýadadylar. Häzir men şu haty gije kazarmada ýazyp otyryn. Töweregime seredýän welin durşuna argyn ýigitleriň keşbi gözüme ilýär. Zyýany ýok, ofiserleriň öwredişi ýaly, “türgenleşikde kyn bolsa, söweşde ýeňil düşer”. Biziň okuw geçen ýerlerimiz biçak sowuk eken. Daglar durşuna gara bürenip otyrlar. Şeýle-de bolsa oglanlaryň biri hem ýöwsellemedi. Biziň bölümimiz bolsa tutuş diwiziýa boýunça tapawutlanmagy başardy. Diwiziýanyň komandiri bölümimiziň oglanlarynyň ählisiniň ýekän-ýekän elini gysyp çykdy, berekella diýdi. Biziň muňa depämiz gök diredi, general gelip elimizi gysdy. Her näme-de bolsa şäheriň howasy ganymat eken. Bu ýerde ýaz çykandygy oňat bildirýär. Ýöne daglyk ýerlerde welin heniz hökümi gara gyş sürýär. Türgenleşik okuwynda tapawutlanan biziň bölümimiziň oglanlary üçin ertir uly baýramçylyk. Bizi şähere gezelenje goýberýärler. Hatda tetrda oýun görmek üçin bize eýýäm bilet hem alnypdyr. Umuman ine, häzir-ä ýagdaý şeýle. Ol ýerde nähili, eýýäm yssy günler başlandymy? Megerem, baýryň üsti häzir göm-gök bolup ýatan bolsa gerek. Kaka, öz saglygyň nähili, oňatmy? Pensiýa çykjak diýen ýaly edýärdiň? Ejemiň saglygy oňatmy? Hernä demi gysmasy tutman durýandyr-da? Şunuň bilen gysgajyk hatymy ýazyp gutarýaryn. Hoş sag boluň! Jogabyňyza garaşýaryn. Hat ýazan Çary. 20-nji maý.” Ymamguly aga haty okap gutaran dessine ilki bilen onuň bize ýetiren täsirini aňjak bolýan ýaly, Şäherli ikimize jiňkerilip seretdi. Biz bu garaşylmadyk ýagdaýyň jogabyny onuň öz ýüzünden gözleýärdik. -Hat haçan iberildikä? – diýip, Şäherli bukjanyň daşyndaky möhürlere göz gezdirip başlady. Soňra ol “21, bäşinji aý, segsen üçünji ýyl” diýip, bir möhüriň ortarasyndaky sanlary okady. -Iberilen ýeri hem Frunze şäheri, şeýle dälmi? – diýip, Ymamguly aga çöňňelip ugran gözlerine ynam etmeýän ýaly Şäherliden sorady. -Hawa. -Ony haçan jaýlapdylar? – diýip, soňra naçalnik elindäki bukjadan gözüni aýyrman durşuna dillendi. - Ýigrimi bäşinedi öýdýän – diýip, Şäherli gümütigräk jogap berdi. Ýöne ol meniň anyk ýadymdady. -Hawa, ýigrimi bäşinji maýdady. -Diýmek, ol ýigrimisine hat ýazypdyr, 21-ne hem iberipdir. BU gün bolsa aýyň 28-i dälmi? –diýip, Ymamguly aga hatyň şeýle uzak eglenmegine müňkürlik edýän ýaly boldy. Ýöne ýaňky bukjany ençeme gezek öwrüşdirip synlan Şäherli onuň bu müňkürligini bada-bat puja çykardy. -Bu gün-ä 28-i welin, ýöne, hat 26-syna gelen eken. Ynha, şu möhüriň içinde ýazylgy dur. - Onda, iki günläp ol nirede ýatdyka? – Ymamguly aga şobada ikinji bir müňkürligiň gyrasyndan girdi. -Ony aragatnaşyk bölüminiň naçalniginden sorap göräýmek gerek. Ol meniň bu teklibim bilen bada-bat ylalaşdy. Trubkany göterdi-de aragatnaşyk bölüminiň naçalniginiň nomerini aýlamaga oturdy. Aňyrda peýda bolan ses Şäherli ikimize-de eşidilip gitdi. Aragatnaşyk bölümi. - Sähetli aga, salm. Milisiýadan Ymamguly biynjalyk edýär. - Hä-ä, senmiň asyl, gurgunçylykmydyr, Ymam?! - Şükür, özüňizem gurgunmy? - Aý, bizem, hawa, bir mydar bar öz-ä. - Garrylyk bilen nädýäň, basylaňok gerek? - Özüm-ä ganymat welin, çagalaryň enesi halys otura boljak öýdýän. Haçan görseň “Iki dyzymdan aşagy durşuna zerzaw” diýip, uwlap otyr. - Beýle bolsa ony kurorda-beýlekä äkiderler, belki haýyr tapar – diýip, Ymamguly aga esasy gürrüňe geçmekçi boldy, ýöne Sähetli aga diýilýän adamyň häzirki bolşy edil içini kime dökjegini bilmän garaşyp oturanyňky ýalydy. - Wah, kurorda äkitjek-le, bir günem eglejek däl welin, arman, onuňam derdi kän eken. Bir topar ýerden dogtordan geçmeli diýýärler. - Olam-a şeýledir – diýip, Ymamguly aga şu ýerde ýene bir gezek gürrüňiň ugruny sowmaga synanyşyk etdi: - Düzeler-le... Sähetli aga, bir hat... - Wiý, koneçno, menem bilýän düzeljegini, şony poliklinika ýetirip bolaýsa. Ýöne nädip äkitjek? Öz-ä ýöräp bilenok, süýräp ýörseňem bir däl. Ýaşulynyň häzir gürrüňdeşine çyny bilen ýüregini döküp duran bolmagy hem mümkindi. Onuň şeýle etmäge haky hem ýok däldi. Sebäbi bular duldegşir goňşy bolmasalar hem bir syrgynyň adamlarydy. Ýöne olar toý-tomguda ýa-da beýleki üýşmeleňlerde gabat geläýmeseler, ýörite gatnaşyp ýörenlerden däldiler. Ynha, häzir bolsa Ymamguly Berdiýew bu ýaşulynyň tüýs “wawwaly” ýerinden basypdy. Şonuň üçin hem ol başardygyndan derdini paýlaşjak bolup jan edýän ýalydy. Ýöne, arman, Ymamguly aganyň häzir ine-gana dert paýlaşyp oturmaga ýagdaýy ýokdy. Başga bir wagt bolanda ol ýaşulynyň gürrüňini diňlemäge geregiçe sabyr tapsa-da tapardy, ýöne häzir welin onuň özüni hem bulam-bujar çaklamalardyr gümürtik pikirler alarladyp barýardy. Başgaça aýdanyňda, onuň öz derdi özüne ýetikdi. Munuň şeýledigine onuň bize tarap gözüni agdaryp, trubkadan eşidilýän gyryljyk sesi göwünli-göwünsiz mejbury diňläp oturyşy hem aýdyp durdy. Aragatnaşyk bölüminiň naçalnigi gürrüňi gowşadan dessine Ymamguly aga ýene-de oňa sypaýyçylyk bilen göwünlik berdi: - Düýpli bir zat bolmasa beýdip, alada edip ýörme, Sähetli aga! Guragyryny dogtorlar edil el bilen aýrylan ýaly edip bilýär diýýärler-ä. - Aý, näbileýin-dä, diýilýän gürrüň kän-de boluberýän zat göremok. - Bolar-bolar, giňräk, parhlyrak bol... Sähetli aga diýýän-ä, ýaňy biziň naçalnigimiz maňa bir hat berdi. . . - Nä hat ol? – diýip, ýaşuly onuň gürrüňini böldi-de ozalkysyndan hem gatyrak gygyrdy. - Myşy mugallymyň şo gullukda ýogalan oglunyň ýazan haty. - Hä-ä, ýadyma düşdi. Hawa, men ony özüm başlygyňyza iberipdim. Özüň bilýäň, Ymam, bu wagt şo haty eltip beräýseň, birhili, olaryň sönen oduny ölçeren ýaly boljak. - Ol hat haçan gelipdi? - Birki gün-ä bolandyr, çekmäme atyp goýaýypdym. Onsoň, şu gün “Iň gowusy ony milisiýanyň naçalnigine iberäýeýin, özleri bir alajyny tapyp gowşurarlar-da” diýip pikir etdim. - Diýmek, ol iki günläp özüňde ýatypdyr-da? - Hawa-hawa, mende ýatdy. - Bolýar, Sähetli aga, şony anyklaýaýyn diýdim. Ýagşy, häzirlikçe sag bol - diýip, ol trubkany ýerinde goýdy-da özbaşyna gürledi: - Diýmek, bu ýerde-de hiç hili güman eder ýaly syr ýok. Şeýle dälmi? – diýip, gürrüňiniň soňuny kimdir birine – özünemi ýa-da bize berlen sowal bilen jemledi. - Şeýle – diýip , men häliden bäri böwrüme sanjy bolup duran zady ahyrsoňy aýdanymy kem görmedim. – Ýöne, Ymamguly aga, men başga bir zady siziň ýadyňyza salmak isleýän. Çarynyň jaýlanan güni gonamçylykda onuň dogany bilen gürrüň edeniňiz ýadyňyzdamy? - Hawa, ýeri, näme? - Şonda ol, ýalňyşmaýan bolsam, bu heläkçilik tälim alyş okuwynda bolupdyr diýen ýalydy. Onuň şeýle diýeni siziň ýadyňyza düşenokmy näme? - Dur, dur, şeýleräk bir zad-a diýen ýalydy – diýip, Ymamguly aga şol gürrüňi hakydasyna getirjek boldy. Ýüzüni galdyrman, birsellem oturdy. Ýöne kesgitli bir zat aýdyp bilmedi. - Be-e, öz-ä şoňa meňzeş bir zat aýdan ýalydy. - Ymamguly aga, gowusy şol haty okap göräýsek nädýär? - O nä hat? - Çary neressäni getiren ofiserleriň ýanynda hökman hat bolaýmaly ahyryn. - Çaryň dogany şol hat barada-da aýdypmydy? - Ýok, ol hakda-da zat aýtmandy, ýöne şeýle hat hökman bolaýmaly ýaly. Ymamguly aga köne endigine görä, ýerinden galdy-da, iki diwaryň arasyny ädimlemäge başlady. Ol bu endigini bir-ä çökder pikirleriň girdabyna düşende gaýtalaýardy, birem, nobatdaky işleri kesgitläp, üleşdirjek bolanda. Men onuň bu häsiýetine düşüş bolupdym. Ýöne ony tanamaýan adam üçin tejribeli sülçiniň bu bolup ýörşi hakykatdan hem iki diwaryň arasyny ölçeýäne çalym edýärdi. Bir gezek Aşgabatdan gelen myhmanlaryň biri ondan bu barada hatda sorapdam. Ol kabinetiň içinde ikibaka ýagşy gezmeläp bolandan soň myhmanlaryň biri: “Ýeri, onsoň näçe eken?” diýdi. Ymamguly aga şonda aňk-taňk boldy: “Näme ol, näçe diýýäniň?” Myhmanlar gülüşdiler. Naçalnigem nämäniň nämedigine diňe şondan soň düşünip galdy. Ol ýylgyrdy-da: “Dogrymy aýtsam, şu ikara näçe gatnanymy-ha biljek däl welin, ýöne, ýeke gezegem sanap görmändirin-dä” ... Ynha, häzirem ol ädimine üns bermän, iki ýana gezmeläp ýör. Munuň özi ýene sähel wagtdan ýaňky tabşyryklaryň kesgitlenjekdigini aňladýardy. Ýöne, bu gezekki çaklamam meni az-kem ýalňyşdyrdy. Ol gürrüňe pert-pert tabşyryklardan däl-de, uly ýüküň öňünde ejizlejek bolýan adamyň äheňinde başlady. - Dogrymy aýtsam, men-ä hiç zada düşünýän däldirin...Her hili zat görüljek eken-ow... Ýeri, bolýar, Şäherli, sen häziriň özünde olardan habar tut-da, bil, şeýle hat barmy ýa-da ýok. Eger bar bolsa, onda haýyş et. Meniň adymdan aýdaý. “Näme üçin gerek?” diýseler, “Berdiýew görjek diýdi” diýäý. Kuwwat, sen näme et diýsene – diýip, ol ýene bir zat ýadyna düşen ýaly ýaýdandy. – Ýogsa-da, düýn-öňňinki şu ýerde dyzanaklap ýören oglanam awtoparkda işleýärmi? - Hawa. - Kimdi şoň ady? - Muhat. Annamow Muhat. - Kuwwat, mümkin, şony hem bu işe çekeris. Bilýäňmi, näme, şofýorlaryň seniň ýanyňda hiç zat gürlemezlikleri mümkin. Muhat welin...Şonuň üçin sen ilki bilen şony gör, goý, ol uly maşyn sürýänleriň agzyny ysgap görsün, heý gördüm-bildim diýýäni ýokmuka? Onsoň hem aýt, eger-de bu işde çynyň bilen kömek etseň, günäňem geçeris diý. Şonuň kysmy adamlar günäsiniň geçiljegini bilseler çarp urup ylgarlar. Hawa, onsoň ýaňky gelen daýzalara bar-da, ogly gelen bolsa oňatja gürleş. Ýogsa-da, şony gowusy meniň ýanyma alyp gel, özüm gürleşerin. Ýöne ejesiniň gelenini duýdurmaweri. - Bolýar, Ymamguly Berdiýewiç, aýdyşyňyz ýaly ederin. - Men häzir naçalnigi ýagdaý bilen tanyşdyraýyn, ol näme diýerkä. Ýöne gijä galsak, işiň ahyryna çenli şu ýerde duşuşmalydyrys. Her kim öz etmeli işleriniň aladasyny ýany bilen alyp, kabinetden çykyp gitdi. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |