* * *
Öz bähbidi üçin dostuny ýüzügara eden adamyň dost bolmaga haky ýok.
* * *
Özi gowy dost bolsa, dostlary hem gowudyr.
* * *
Gul bilen patyşanyň dostlugy gerek däl. Dostluk deňligi halaýar.
* * *
Dostlar ýaly gymmatly zat bolup bilmez. Şoňa görä, oňarsaňyz, dost tutunjak boluň!
* * *
Dostluga agyr ýük ýok. Älem – baky, dostlar bilen duşuşmak – kelte!
* * *
Dostlukdan gymmat zady bilmeýärin, ony ähli zadyň täji hasaplaýaryn. Bir ýola meniňem dostlarymyň biri biwepalyk etdi, ine, şol ýekeje gezeklik zada şu çaka düşünip bilmän gelýärin, ony bagyşlap hem bilemok.
Dostlar wepaly bolsun!
* * *
Dostluk – ömrüň iň uly şatlygy, dostlugyň iň uly şatlyklarynyň biri – öz içki syryny ynanýan dostuň bar!
* * *
Dostuňy ýitirmek kyn, emma ynanyp bolmaýan dostuň bolsa, hasam kyn.
* * *
Arzuwyň hem deň bolsa, ýigrenjiň hem deň bolsa – ine, berk dostlugyň hamyrmaýasy.
* * *
Dostluk – ganatsyz söýgi.
* * *
Erkek kişi bilen aýalyň arasyndaky dostluk garaňky düşdügi şeýle gowşaýar.
* * *
Dostluk – ömrüň şeraby, söýgi – bir bada arak.
* * *
Aýallar dostluga uly ähmiýet berýärler, ýöne bir emmasy bar – ony bahym unudaýýarlar.
Erkekler dostluga ynamsyz seredýärler.
Oýnaşlar dostlugy gabanýarlar.
* * *
Dostluk neme? Boş söz, göwnüňi aldamak, biziň gözümizi-başymyzy aýlaýan hyýalbentlik, bagtyň yzyna düşüp ýören kölege, ol çala bir betbagtçylyk bolsa-da gaýyp bolýar. Ine, saňa dostluk!
* * *
Iň berk dostluk dostlar üçin iň agyr ýyllarda başlanýar.
* * *
Dostluk köplenç dostluk bilenem gutarýar, ýöne söýgi gaty seýrek halatda dostluk bilen gutarýar.
* * *
Dostluk diňe bahasyna ýetip bolmaýan zat däl, üstesine-de, ol ajaýyp gözel zat!
Biz dostlaryny eý görýänleri taryplaýarys, kän dost tutunmak ajaýyp ýaly bolup hem görünýer, käbirleri hatda gowy adam bolmak bilen dostlugy bir zatdyr hem öýdýärler.
* * *
Meni hiç wagt aldamadyk bagt – bu seniň dostlugyň. Meniň isleg-höwesimiň içinde ýalňyz bir üýtgemedigi meniň saňa bolan dostlugym, sebäbi meniň dostlugym – joşgunym meniň!
* * *
Söýgi hemme kişä elýeter, emma dostluk – ýürekleriň sapagydyr.
* * *
Dostlugyň iň ilkinji borçlarynyň biri dostlaryň islegini öňünden aňmakdyr.
* * *
Adama dostluk ýaly ylham berýän, dostluk ýaly kömek edýän özge hiç bir zat ýok.
* * *
Hakyky dostlugyň öz üýtgeşik gözelligi bar, oňa köpler düşünmeýär.
* * *
It bilen pişik käte birden dostlaşýar, bu – aşpeze garşy baglaşylan wagtlaýyn dildüwüşik!
* * *
Dost gatnaşygy baky bolmalydyr.
* * *
Adam ömründe iň gowy zat – beýleki adamlar bilen dost bolmakdyr.
* * *
Diri bolup dostlugy bilmegen adam – pak göwherdir.
* * *
Ýürekdeş dosty ýok adam – hakyky ýalňyz betbagtdyr.
* * *
Dostluk şatlygyňy iki esse artdyrýar, gaýgy-aladaňy iki esse egisýär.
* * *
Bu dünýäniň ähli sylag-hormaty ýekeje dostuma degmeýär.
* * *
Dostluk – edilýän hyzmat däl, dostluk üçin taňryýalkasyn aýdylmaýar.
* * *
Dostlugy bize edermenlikde arkadag bol diýip Taňrynyň özi berdi, nogsanlarda hemra bol diýen däldir!
* * *
Dostluk bar zada razy, bolmalysyny talap etmeýär.
* * *
Hemme kişiniň dosty – hiç kimiň dosty.
* * *
Iki adamdan keseliňi ýaşyrma: lukman bilen dostuňdan.
* * *
Ähli adamlarda-da dostluk duýgusy bar, emma dostlugy saklamak üçin käte kemsidilmä-de duçar bolýarsyň.
* * *
Dostlukda-da, döwlet işinde-de hilegärlik we ýaranjaňlyk bolmaly däldir.
* * *
Gülki – dostlugyň başlangyjy üçin bolýar, ýöne gülki bilen gutaran ýagşy.
* * *
Hakyky dostluk şeýle anyk, şeýle takyk saýlanyp-seçilen garyndaşlykdyr.
* * *
Hakyky söýgi gyt diýýärler, emma hakyky dostluk has hem seýrek.
* * *
Çyn dostluk haýal ýetişýär we adamlar, hakykatdan-da, ony biri-birine subut edenlerinden soň gülleýär.
* * *
Akmaklar we kezzaplar bilen hiç bir halatda dostluk açmajak bol. Aslynda şu töwra adamlar hakynda gürrüň edilýärkä, «dostluk» sözüni agzamak beri bolýarmyka?!
* * *
Hakyky dostlukda bahyllyk bolmaz.
* * *
Hakyky dost gözi seýrek ýalňyşýar.
* * *
Dostluk – näzik güljagaza ogşaýar, ahmal bolsaň, solar gider!
* * *
Dostluga zar wagtyň – dost seni tapýar.
* * *
Başyňa iş düşende, dost özüni tanadýar, başyna iş düşende, duşman hem paş bolýar.
* * *
Akmak dost saňa ýüz duşmanyň edip bilmejek ýamanlygyny edýär.
* * *
Diňe çyn dost öz dostunyň asgyn ýerine çydar.
* * *
Adam ömür ýolunda täze tanyşlar, täze dostlar tapmasa, ol bahym ýalňyz galar.
* * *
Iň erbet jenaýat – dostuň ynamyndan bilkastlaýyn peýdalanmakdyr.
* * *
Şatlykda dostlar bizi tanar, betbagt günde biz olary tanarys.
* * *
Özüňiz hakda hiç wagt ýaman söz aýtmaň; dostlaryňyz siz hakda kemini goýman gürlärler. Şuny bek belläýiň!
* * *
Diňe bir ýagdaýda dostumyzyň göwnüne degmekden gorkmaýarys – ol hem onuň ýüzüne hakykaty aýdyp, oňa özümiziň wepalydygymyzy subut edýän wagtymyz!
* * *
Şu ýalançyda biziň üç hili dostumyz bar: bir hili dostlarymyz bizi eý görýär, beýleki birleri ýigrenýär, üçünji birleri bolsa bizi asla unudypdyrlar hem.
* * *
Hor-zar günüňde dost ýok diýýärler. Tersine, şol biri bilen çala dostluk açdygyň, ol eýýäm elini serip, puljagaz karz sorap durandyr.
* * *
Doganyň dost bolman biler, ýöne dostuň – mydama doganyňdyr!
* * *
Olardan haýyr görýänimiz üçin dost tutunmaýarys-da, eýsem olara hyzmat etmek üçin dost bolýarys.
* * *
Halyňa gynanýan adam dost däl-de, eýsem kömek edýän, goldaw berýän adam dostdur.
* * *
Mydama sap hakykaty aýdýan dostlaryň bolsa, heý, şundan artykmaç hem lezzet bolarmy!
* * *
Ýoldaşyň betbagtçylykda daýanjyň bolsa, lukman ýanyň ýere ýetende ajal bilen ýaka tutuşyp, özüni orta goýýar.
* * *
Öýmüze gelip, öýümi bezeýänler – meniň çyn dostlarym!
* * *
Adam dostlarynyň ýanynda nähili abraýynyň bardygyny gowuja seljerip, olaryň ýanynda has eziz bolmaga çalyşsa gowy bolardy. Şu halatda dostlar oňa kän bir biwepalyk hem etmeseler etmezdiler.
* * *
Dostlukda şonuň özünden gaýry bir hesip-hasabam, başga bir niýetem ýok.
* * *
Iki tende bir ýürek bar bolsa, şolar ýegre dostdur.
* * *
Ýürekden syr açyp bilýän bolsam, şol meniň dostumdyr.
* * *
Özüme dahylly ähli zatlary özümdenem öňürti şoňa ynanýan bolsam, şol meniň hakyky dostumdyr.
* * *
Bir dost mydam gerek. Emma iň gowy dost işdäki kömekçiňdir.
* * *
Ýagşylyk edip dostlaryňy ýanyňa çek. Hakyky dostlugyň manysy şudur.
* * *
«Dost kyn günde tanalýar» diýýärler, ýöne, meniň pikirimçe, olary bagtly günüňde-de tanap bolýar.
* * *
Öýlenjek bolsaň – bir basgançak aşak düş, dostlaşjak bolsaň, bir basgançak ýokary gal.
* * *
Oýnaşy bolup biljekdigine gözi ýetse, hiç bir kişi aýalyň dosty bolmaz.
* * *
Ýalan dostlar häli-häzir güneşde ýöräp ýörkäk kölegämiz misli yzymyza düşüp aýlanyp ýörler, niçikmi kölegä düşsek, şol bada ol zaňňarlar zym-zyýat bolýarlar.
* * *
Hatyrasyna ölmäge taýýar bolmaga degýän dost üçin, janyňy pida etmek o diýen kyn hem däl.
* * *
Her kimiň dost edinesi gelýär, ýöne hiç kimiň dost bolasy gelmeýär.
* * *
Gaty kän dostum bar diýýäniň ýeke dosty hem ýokdur.
* * *
Peýdaly dostlar kimler: peýdaly dostlar şular – gönümel dost, ýürekdeş dost we köp zat eşiden dost.
Ýaman dostlar şular – ikiýüzli dost, ýürekdeş däl dost we ýaňra dost.
* * *
Dostlarymyz hiç wagt bize betbagtlyk dilänoklar, bolsa-da olar bizi şeýle bagtly adam saýýarlar.
* * *
Muny olaryň hiç haýsy boýun almaýan hem bolsa, iki dostuň biri hökman mydama beýlekisiniň guly.
* * *
Dost gözleýän dostluga mynasyp; kimiň dosty ýok bolsa, ol hem gynanyp ýörenok.
* * *
Dost hem gözläp ýörme. Dostum diýip pylanyň adyny hem tutma – begenjiň az bolar, gaýgyň hem egsik!
* * *
Dostuň ýeňsäňden aýdýan gürrüňi bilen deňäňde, ganym duşmanyň ýüzüňe diýýän sözleri hiç zadyň alnyndan-da däl.
* * *
Ýegre dost boljak bolsaň – birek-birege ynanmaly.
* * *
Gorkak dost duşmandan hem aýylganç, sebäbi duşmandan ägä bolýarsyň, dosta umyt baglaýarsyň.
* * *
Dostlary barka ýatlaman, ýok wagtlary ýatlamaly.
* * *
Ýagşy dost toýuňa çagyrsaň geler, dostunyň başyna bir iş düşende welin, ol çagyrylmanka geler.
* * *
Häsiýeti agyr adamyň synagdan geçen dostlary bahym ýiter gider.
* * *
Diňe ile igenip, ile käýýäp ýören adam hiç kim bilen dost bolup bilmez.
* * *
Dost – bagt, baýlyk – bagt däl!
* * *
Batyr – uruşda, dana – gaharda, dost – horlukda belli.
* * *
Sylap bilmejek adamyň bilen hiç wagt dost bolma.
* * *
Danalykdan soňky iň ajap sowgat – dostluk.
* * *
Wyždany çendenaşa maýyşgak adamlardan gaça dur!
* * *
Garyndaşlyk baglanyşygy däl-de, eýsem bähbitleriň meňzeşligi dost edýär.
* * *
Adama dostunyň sanyna garap baha bermäň. Ýadyňyzdamy, Iudanyň nähili gowy dostlary bardy.
* * *
Düşünmezlik duşmançylyga eltýär.
* * *
«Dost gowumy ýa-da dogan?». Ol jogap berdi: «Eger ol dost bolsa, dogan gowy!».
* * *
Wepala wepaly bol!
* * *
Kemçiliksiz dost gözleýän bolsaň, dostuň bolmaz.
* * *
Aşa sypaýyçylyk – dostlugyň gowşadygy.
* * *
Seniň ýalňyşyňy ýaşyrýan dostdan, şolary ýüzüňe aýdýan duşman has peýdalydyr.
* * *
Duşmanyň sowgadyndan ägä bol!
* * *
Ýalňyz duşman – kän, müň dost – az.
* * *
Adam ömrüniň syry kän, söýgi şol syrlaryň içinde iň bir syrlysydyr.
* * *
Söýgi – ömrüň özi, emma ol paýhaslar däl, hupbatly, ömrem kelte, adam ömri bolsa jennet deý datly, tükenmez.
* * *
Söýgi akmaga akyl öwredýänem bolsa, kän akylly kişileri akmak etdi.
* * *
Aýala bolan söýgi – gylyçdan ýiti, ýalyndan gyzgyn. Ol adamyň ýüreginden parran geçýän naýza meňzeş!
* * *
Söýgi hakda pikir ýöretmek – dälilik.
* * *
Wepaly söýgi ähli kynçylygy ýeňip geçmäge kömek edýär.
* * *
Beýik ýürekleri söýgi arşa çykarýar.
* * *
Kyrka çenli söýmedik, söýüşmedik bolsaň, soň oňa garaşma.
* * *
Halamagyň möhleti ýok, ýürek urýarka, her haçan hem söýüp bolar.
* * *
Duşuşmak, aýrylyşmak – ömrüň iň belent pursatlary.
* * *
Ajaýyp ýüz-keşp deý ajaýyp tomaşa ýok, söýgüliň sesi ýaly-da süýji owaz ýok!
* * *
Ýigrenýän aýalyň bilen ömür sürenden söýgüli ýaryňy ah urup ýatlan müň kerem ýagşy.
* * *
Çyn kişiniň söýgüli ýary hem çyn adamdyr.
* * *
Söýgi ýygy-ýygydan akyly baryň akylyny alýar, akyly ýoga-da akyl berýär.
* * *
Söýgi – adamzadyň gowşak damarynyň iň täsini hem iň bagyşlanýany.
* * *
Söýgi, öňi bilen, sežde etmegi öwrenmekdir, sežde etmegem – dymmagy öwrenmek.
* * *
Zora çydaman söýüp bolmaz...
* * *
Söýgi – biziň ikinji gezek dünýe indigimiz.
* * *
Söýgi ähli zady ýeňýär – geliň, bizem oňa boýun bolalyň.
* * *
Söýgini, goý, sen – ol adam hyjuwynyň iň zory, iň güýçlüsi, sebäbi ol bir wagtyň özünde kellämizem alýar, ýüregimizem, tenimizem.
* * *
Söýülmek – baý bolmak diýmekden has artykmaç mana eýe, sebäbi söýülýän adam diýmek bagtly adam diýmegi aňladýar, ýöne ähli baý bolan kişi özüni bagtly saýyp bilýän däldir.
* * *
Söýgi – ýaşamak arzuwy, ömür sürmek arzuwy.
* * *
Çyn söýginiň mizany hem ýok, çägi hem.
* * *
Çuňňur söýmek – özüňi unutmak.
* * *
Öz aňyndaky adam ýigrenýändigi äşgär görnüp duran birini tenha söýüp bilmez.
* * *
Bilebilmedim: söýgi – ýa eşret bolmaly, ýa-da ol ezýet bolmaly. Eger ol eşret bolsa, onda oňa ynanmaly, eger ol ezýet bolsa, onda ondan dynmak gerek.
* * *
Hakykatdan hem mynasyp adam akmak däl-de, eýsem däli-mežnun dek söýüp biler.
* * *
Hakyky söýgi tanapyna zyňyp duran bolmaýar, ýeňilkelle hem däl; ol ejap edýär, utanýar, haýa edýär. Ýygralyk – ägäligiň nyşany: ol elden gidererin öýdüp, kän zatlara dalaş etmäge ýürek etmeýär.
* * *
Diňe aşyk-magşugyň özüne adam diýmäge haky bar.
* * *
Söýüp hem söýlüp görmedik adam – şu dünýäde ýaşamadyk bilen bir hatarda.
* * *
Söýgiň islegi erkin pida bolmak.
* * *
Söýginiň arzuwy – üýtgewsiz söýgi!
* * *
Gorkýanyňy-da, gorkuzýanyňy-da söýüp bilmersiň.
* * *
Söýülýäniňi bilseň, aýralyk azaby ýumşaýar. Iň soňky aýdylan «bagyşla!» sözi hatda ynanç-ökünç manysyny ýitirýär...
* * *
Söýgi hiç wagt talap etmeýär, söýgi mydama eçilýär. Söýgi mydama ejir çekýär, hiç haçan garşylyk görkezmeýär, hiç haçan ar almaýar.
* * *
Söýýän gyzyna arşa göterilmäge kömek edýäne söýýän eken diýip bolar.
* * *
Söýmek diýmek birek-birege garamak däl-de, ikiňiz hem bilelikde bir tarapa äňetmek diýmek.
* * *
Adama peşgeş berlen beýik bagt – söýgi – iň belent, iň adamkärçilikli zatlaryň ählisiniň çeşmesi bolup hyzmat etmelidir.
* * *
Söýgi adamyň gowy sypatlarynyň hemmesini özünde jemleýär.
* * *
Söýgi ýyldyrym deý kuwwatly, ýöne tupansyz içiňden parran geçýär, özem onuň iň güýçli zarbalary jana hoş ýakýar, şypa berýär.
* * *
Yhlas-joşgunymyzyň ýalňyşdyrmaýany ýok hem welin, olaryň iň gülkünçlileri bizi söýmäge mejbur edýär.
* * *
Hormat-hatyraň serhedi bar, söýgiňki – ýok!
* * *
Söýgi – başga biriniň bagtyndan öz bagtyňy tapmak.
* * *
Söýgi – söýýän adamyň ömri bilen badaşmak, şonuň ömri bilen goşulyşyp ýaşamak.
* * *
Aşyk bolmaýan adam – adam hem däldir.
* * *
Söýgi özünden özge lukmany bilmeýärem, ykrar hem etmäýär.
* * *
Söýgi – aýal ömrüniň-ä taryhy, erkek ömrüniňem birje görnüşi.
* * *
Söýgi aýalyň näzikligini gowşadýar, erkegiň näzikliginem artdyrýar.
* * *
Söýginiň oýnuna bakyň – kowalandan-a gaçýar, gaçanyň hem boýnuna towusýar.
* * *
Bir bakyşda söýgini öldürip hem bolýar, bir bakyşda ony direldibem bolýar.
* * *
Söýgi akylyňdan azaşdyrýar, nikada bolsa şoňa göz ýetirýärler.
* * *
«Ýanýan» diýýän – entek gowşajyk otda urunýar!..
* * *
Şatlykdyr bagt – bular söýginiň zürýady, güýç hökmünde söýginiň özi bolsa – sabyr-takat hem dözmezçilik.
* * *
Söýgi keselinden gutulma ýokdur.
* * *
Kalbymyz söýgi-muhabbetden dolup-daşyp, duşuşykdan aýralyga çenli joşgunly urýarka, çalaja yşarat ýeterlik. Eýýäm biri-birimize düşünip oturandyrys.
Ine, söýginiň gudraty!
* * *
Näçe böwet kän bolsa, söýgi şonça güýjeýär.
* * *
Päsgelçilikden gorkýan söýgi – söýgi däldir.
* * *
Aýralyk söýgi oduny söndürmän, ony ölçerýär.
* * *
Aýralyk – söýgi üçin, oda ýel düşen ýaly çala ýylpyldaýan bolsa – sönýär, uly ody hem üfleýär.
* * *
Söýgi iki jynsyň darkaşa başlamagydyr. Aýal öňürti goranmaly, erkek soň goranmaly, kim ýeňilse, onuň dat gününe!
* * *
Söýgi gorky bilen oňuşmaýar.
* * *
Söýgi görk islemez.
* * *
Söýgi äýnekden seredýär: mis altyn bolup görünýär, garyplyk – baýlyk, şully göz – jöwher bolup görünýär.
* * *
Aşyk öz magşugynyň kemini görmez.
* * *
Aýal maşgalanyň mertebesiniň ölçegi onuň söýýän ýigidi bolup biler.
* * *
Söýseň, söýgiňe mynasyby söý.
* * *
Söýülýärkäk – kör bolýarys.
* * *
Gorkak söýgüsini açyp bilmez, söýgi batyryň işi.
* * *
Ilkinji söýgi müşki-anwara ogşaýar, ilkinji söýgi oglan-gyzy unudýar, ol – hyjuw-yhlasyň dostlugy.
* * *
Söýgi jahylyň işi, esgeriň güýmenjesi, patyşanyň büdüräýjek daşy.
* * *
Kalbyňyz päk wagty «zenan» sözi biz üçin iň belent sözdür.
* * *
Söýenkişi bolmak – ikiýüzlülikdir, ol ýigrençden hem erbetdir.
* * *
Erkek adamyň pugta ynamyndan aýal adamyň çaklamasy has anyk bolup görünýer.
* * *
Aýallar adamzat neslinde ilkinji bolup gulçulyga düşen görgülilerdir; olar özleriniň söýülmegini, sylanmagyny talap edýärler.
* * *
Aýallar gorkýarkalar has howpludyr. Şoňa görä-de olar tiz-tizden gorkýarlar.
* * *
Erkek kişiler aýallaryň özlerinden kän zatda asgyndygyny boýun alýarlar, onda-da olaryň elinde gul bolup gezip ýörler.
* * *
Päk, arassa gyzlaryň köpüsi ýapyk huma meňzeş, olaryň henize çenli hem abat durmagyna diňe bir zat sebäp boldy – olary hiç kim gözlemedi, agtarmady.
* * *
Aýal-gyzlardan «Näme üçin aglaýarsyň?» diýip soramak bolar, emma olara «Näme üçin agladyň?» diýen sowaly bermek bolmaýar, sebäbi bu olaryň ýadyna düşmeýär.
* * *
Tanamak üçin öňinçäsi söýmeli aýallar hem bar, adatça bolsa, edil şonuň tersine hereket edýärler.
* * *
Gyz-gelinlere «söýýän» sözüni ýuwaşja, ýönekeýje labyz bilen aýtsaň, ana, şonda oňa ynanýarlar.
* * *
Aýal-gyzlaryň tutuş durky – ýürek, hatda kellelerem!
* * *
Aýal-gyzlar – siziň kölegäňiz: yzyna düşseňiz – gaçýar, ýanyndan gitseňizem – yzyňyzdan ylgaýar.
* * *
Gyz-gelinleriň kellesi mydama ýüregiň tesiri astynda, erkek adamlaryň ýüregi bolsa, mydama kelläniň täsiri astynda.
* * *
Wah, bu gyz-gelinleriň gözýaşyny aýtmasana! Ol gözýaşlar ähli zady ýuwup-syryp taşlady – hany, biziň güýç-kuwwatymyz, hany, biziň dyzmaçlygymyz, hany, biziň gündekije edýän işimiz: ýekejesem galmady!
* * *
Altyny ot bilen barlaýarlar, gyz-gelni – altyn bilen, erkek kişini – gyz-gelin bilen.
* * *
Erkek kişi bilýän zadyny aýdýar, aýal – halaýan zadyny aýdýar. Erkek adama peýdaly zat gerek, aýal adama owadan zat gerek.
* * *
Aýal öz öýlerinde – zaky garga, köpçülik ýerinde – tawus. Ýassykdaşy bilen ikiçäkkä – eýjejik kepderi.
* * *
Erkekler aýallar hakynda agzyna gelenini ýaňraýarlar, aýallar hem erkekleri nädeýin diýseler edýärler.
* * *
Aýallaradyr hyzmatkärlere etjek alajyň ýok: ýakynlaşdyrsaň – gulak asmalaryny goýýarlar, daşlaşdyrsyň hem – ýer depmäge başlaýarlar.
* * *
Tebigat aýallara aýdanmyş: başarsaň, gözel bol, isleseň, dana bol, emma parasatly bolmak hökmany borjuň seniň!
* * *
Aýallar özlerini söýýänleri söýmen, özlerini ýigrenýänleri söýýärler.
* * *
Hiç haçan oýnaşy bolmadyk aýallary tapsa bolar. Emma diňe bir bilen aýal bilen mydar eden erkek kişini tapmak kyn bolaýmasa...
* * *
Aşyk-magşuk oýnunda aýallar edil ajalyň özüne meňzeş: çakylyksyz, duýdurman gelýärler, çagyrsaň hem gelmeýärler.
* * *
Erkek kişiler adalaty halaýar, aýallar – adamlary.
* * *
Erkek kişi iliň syryny öz syryndan-da pugta saklaýar, aýallar welin, tersine, öz syrlaryny iliňkiden berk saklaýarlar.
* * *
Erkekler özleri hakda näme pikir edýändikleri bilen, aýallar bolsa özleri hakda näme gürrüň edýändikleri bilen gyzyklanýarlar.
* * *
Aýallar süýjüje ýalandan püre-pür badany bir demde başlaryna çekýärler-de, ajy hakykaty damjalap dadýarlar.
* * *
Ak sakgal gojadan haçan öljegini sorasaň – aýdar, emma aýallardan haçan doglanyny sorasaň – aýtmaz.
* * *
Durnuksyz, öwsüp duran aýal kim – ol şol, eýýäm söýmeýän aýal; ýeňilkelle aýal kim – ol şol, eýýäm başgany söýýän aýal; kellesinde tüweleý gopýan aýal kim, ol şol, söýýärmi, kimi söýýär, şony hem bilmeýen aýal; biparh aýal kim, ol şol, hiç kimi söýmeýän aýal!
* * *
Her bir aýal – dömen ýara bolup, ömründe diňe ikije sagat hoşuňa gelýär: bir-ä nika agşamy, birem jaýlanýan güni.
* * *
Aýallaryň köpüsinde gylyk, hüý-häsiýet ýok: biri ak mapraç, birem bugdaý reňk, olary şeýdip tanaýmasaň, tanar ýaly hem däl.
* * *
Entek palçyk küýzäň suw saklanyny, galbir elegiň un saklanyny, aýal ýüreginiň hem syr saklanyny gören adam ýok.
* * *
Ýeňilkelle aýal sizi ýeňiljek aldar, agras aýal sizi agyrrajyk aldar.
* * *
Akmak aýal ýaly zulum edip bilýän bolmaz, ýagşy hatyn kibi – eşret!
* * *
Aýallar gözýaş döküp aglasaň, ýer ýumruklap bagyrsaň, iki-ikiň dört bolar diýip pikir edýärler.
* * *
Maşgala her haçan jemgyýetiň sütüni bolar.
* * *
Maşgala – örän kiçijik sypatdaky jemgyýetdir, onuň bitewiligine tutuş uly adamzat jemgyýetiniň howpsuzlygy garaşlydyr.
* * *
Öz höwürtgäňi özüňjik örseň – şonda saýlap ýörmegem gerek bolmaz.
* * *
Gündizine ata-ene özleriniň är-aýaldyklaryny, agşamsyna-da çagalarynyň kakasydyr ejesidigini unutmasalar, ana, şoňa gowy maşgala diýýärler.
* * *
Adama ynam bolmasa, diňe maşgalany ýa-da är-aýallyk gatnaşygyny däl, eýsem tutuş döwleti hem abat saklap bolmaz.
* * *
Maşgalada diňe dönüklik bagyşlanyp bilinmez.
* * *
Kime gowy köreken duşan bolsa, ol ogul edindi, kime akmak giýew duş gelen bolsa, ol gyzyny ýitirdi.
* * *
Ýaşlara ähli zady öwredip bolar, emma är-aýallyk durmuşyny öwretmek mümkin däl – är-aýallyk durmuşyny bilelikde, iki bolup öwrenmeli.
* * *
Nika – ne jennet, ne-de dowzah, bu bir, häki, saplanylýan jaý ýaly bir närse.
* * *
Takwa gyz takwa äre barany bilen takwa maşgala emele gelmeýär.
* * *
Nika hökman tükeniksiz arkalaşykly, özara terbiýe bolmalydyr.
* * *
Nika – är-aýal gatnaşygy bolup, bu ýerde iki tarapyň hem garaşsyzlygy birmeňzeş bolmaly, garaşlylyk hem ikitaraplaýyn bolmaly, borçlar bolsa, ylalaşykly ýerine ýetirilmeli.
* * *
Är-aýal ähli zady demine sorup barýan nägehan bilen dynuwsyz söweş alyp barmalydyr. Ol nägehana endik diýýärler.
* * *
Öňküler şeýle diýer ekenler: nika bir daşy gabawly gala ogşap, galanyň içindäkiler-ä daş çykmagy talwas eder ekenler, daşyndakylar hem içeri girmege howlugýar ekenler.
* * *
Nikanyň üýtgeşik tarapy bar: nika gyýlandan soň, daşa sežd etmek gutarýar. Erkek kişi öz hudaýyny ýakyndan synlap, onuň ýönekeý bir aýaldygyny tanaýar.
* * *
Hiç bir zady borç edinmän öýlenmek – dönüklik.
* * *
Jüpüne düşen nikany örän az görýändigimiz nikanyň gymmatlydygyna, möhümdigine şaýatlyk edýär.
* * *
Kim baýlyga gyzyp öýlenýän bolsa, öz azatlygyny satýandyr.
* * *
Namys – är-aýalyň razyçylygynyň ýüregidir.
* * *
Söýgüsiz nika guýlan ýerde, nikasyz söýgi hem bolar.
* * *
Nikalaşmak kän görgi görkezýär, ýöne nikasyzlykda-da şatlyk ýok.
* * *
Nika, eger dogrusyny aýtsak – sütem, ýöne zerur gerek sütem.
* * *
Nika – hut salgymyň özi: uzakdan äňetseň, mydama ajaýyp bolup görünýär.
* * *
Öýlenmek diýmek – öz hak-hukugyňy ýarpy kemeltmek we öz borjuňy iki esse artdyrmak diýmek.
* * *
Eger är-aýal maşgala gurmaga girişmänkäler biri-biriniň edim-gylymyny, endigini, gylyk-hesiýetini ilik-düwme öwrenmedik bolsa, şol nikanyň bagtly bolmajakdygy äşgärdir.
* * *
Aýallar üçin ýaşlygyň hakyky çeşmesi nikadyr.
* * *
Öýlenmek kyn däl, aýally bolmak kyn.
* * *
Aýally adam – gyrnagyň guly: ol öz aýalyna degişli, ol hem öz gezeginde şöhratparazlyga degişli.
* * *
Eý, Alla! Söýşüp, öý-işik boljak bolup ýörkäler köpler şygryýetde ýaşadylar, nika gyýlyp, öý-işik bolanlaryndan soň hem diňe kyssada ýaşadylar.
* * *
Öýlenmek – akmak üçin akylly zat, akylly üçin hem akmak zat!
* * *
Gadymkylar: «Gorkut atadan näçe ýaşda öýlenmeli?» – diýip sorapdyrlar:
Onda Gorkut ata: «Ýaş wagtyň-a ir bolýar, garraňda-da, eýýäm giç bolýar» diýip jogap beripdir.
* * *
Altmyş ýaşda on alty ýaşlyja gyza öýlenmek öňde bir bisowadyň dostlarym okar-da diýip kitap satyn alşyna çalym edýär.
* * *
Nikalaşýanlar nika çenli gözlerini ginden açyp seredip, soň hem ýarym ýumuk saklamaly.
* * *
Hiç zada seretme-de, öýlen. Bardy-geldi bir gowy gelne duşaýsaň-a, bagtyň getirdigi, ýogsam hem dana bolarsyň.
* * *
Garry gojadan näme üçin öýlenmekçi bolýandygynyň sebäbini soradylar, onda ol özüne eneke gerekdigini çürt-kesik aýtdy.
* * *
Edil tüssäniň ýalnyň yzyndan gidişi dek, nika-da söýginiň yzyna eýerýär.
* * *
Öz öýünde bagtly adam – ähli ýerde-de bagtlydyr.
* * *
Erkekleriň köpüsi aýallaryndan mertebeli bolmagy talap edýärler, şol olaryň özünde ýok bolsa netjäk.
* * *
Öz bagtlylygy üçin hiç kimiň öňünde borçly bolmak islemeýänleriň buýsanjyna näme diýjek?
* * *
Ýaş gelne ülhit garryň gujagynda ýatandan jigerinden otlanlary kem däl.
* * *
Garry ärli aýallar entek ärleri diri gezip ýörkä, kim biziň gözýaşymyzy süpürerkä diýip pikir edýärler.
* * *
Ärini öňe sürmeýän aýal hökman ony yza itekleýän bolmaly.
* * *
Ýagşy aýal – ölümden gutulmak.
* * *
Çaga – geljek.
* * *
Çaga – paýhasly jandar. Ol näme isleýänini bilýär, kynçylygy, päsgelçiligi-de bilýär.
* * *
Çagaňyza gözýaş dökdürmäň, ýogsam şol gözýaşlary siziň tümmegiňiziň üstüne döküp bilmezlikleri ahmal.
* * *
Çaganyň aladasy ýetik, olar her ädimde ýüregimizem ýarýarlar, eýsem-de bolsa olary görüp, ölümden kän bir gorkup hem baramzok.
* * *
Erbet terbiýe alan adamy ýaňadan terbiýeländen kyn iş ýok.
* * *
Uly adamlar çaga gaharlanmaly däldirler, sebäbi gahar düzetmeýär-de, zaýalaýar.
* * *
Gamçy bilen, zorluk bilen, güýç bilen ýetilýän ähli zatlaryň soňy puçdur, nädogrudyr, ýalandyr.
* * *
Iň ilki orunda enäniň terbiýesi durýar, sebäbi ahlaklylyk duýgy hökmünde çaganyň beýnisine guýulmaly.
* * *
Ahlaksyzlyk gatnaşyklarynyň ählisiniň içinde – çaga gul hökmünde garalmagy baryp ýatan ahlaksyzlyk bolup durýar.
* * *
Ýüz halypadan – bir ata ýagşy.
* * *
Tohum döken ata däl, terbiýe beren – ata.
* * *
Her adamyň iki sany terbiýesi bar – biri iliň bereni, beýlekisi, has möhümi – onuň öz-özüne beren terbiýesi.
* * *
Gowy terbiýe alan bolsaňyz, ýaman terbiýe alanlar bilen gatnaşmaň: ýonulmadyk agaç eliňe çümer – awusy gitmez. Terbiýesizler – tikenlidir.
* * *
Terbiýe – rende, ol agajy göneldip biler, emma ojardan dagdan agajyny ýasap bilmez.
* * *
Atanyň akyl-paýhasy – çaga üçin hakyky öwüt-ündewdir.
* * *
Atanyň endigi, erbedem, gowusy hem çaganyň nogsanyna öwrülýär.
* * *
Ýaşlaryň öwrenip biläýjek iň erbet zady – ýeňilkellelik. Çünki ýeňilkellelik ýaman keýplere baş goşdurýar, şeýdip çagalar kerebe çolaşýarlar.
* * *
Ata oglunyň dosty bolmaly, syrdaşy bolmaly, hiç wagt sütemkär bolmaly däl.
* * *
Ata bolup bilýän kişiden atalygy öwren!
* * *
Çagalaryň ýanynda-da dogruçyl bol: wadaňda dur, ýogsam olara ýalançylygy öwredersiň.
* * *
Mydama-da dogruçyl bolmaly, ýöne, ylaýta-da, terbiýede dogruçyllyk gerek, esasy zat şudur.
* * *
Mydama keýpi-sapada, hezillikde gezmek endigi adam ömrüniň iň betbagtçylygydyr. Ol – ömrüne palta urýar, soň ony düzetmek kyn bolýar.
Şoňa görä-de, çaga ýaşlykdan, ýöräp ugrandan işlemegi, işi söýmegi öwretmeli. Şeýle etseňiz, çagaňyzdan bagt taparsyňyz, ýogsam hem olar biliňizden urar!
* * *
Adamy terbiýelemegiň esasy ýoly ynandyrmak, ynandyrmagy diňe ynandyrmak bilen başaryp bolýar.
* * *
Terbiýe iki sütüne daýanýar: ahlaklylyk we paýhas.
Ahlaklylyk – rehimdarlygy goraýar, şoňa hemaýat edýär.
Paýhas – keseki nogsanlardan, ýagny daşdan gelýän bela-beterlerden, ýaramazçylyklardan goraýar, aman saklaýar.
Eger daýanç sütüni diňe ahlaklylyk bolsa, onda biz ýöne agzyny açyp ýören akmajyk adamlary, mydama utulyp, ahmyr edip ýören oglanlary, gyzlary terbiýeläris.
Eger biz diňe çagalara paýhas-akyl terbiýesini bersek, onda biz her ädimde öz peýdasyny araýan, ýagny, utmasa oýnamaýan ogul-gyzlary terbiýeläris.
Her bir jemgyýetiň baş düzgünini her bir adamyň her bir adama adalatly bolmalydygydyr, şol sanda-da, her bir adam öz-özüne-de adalatly bolmalydyr. Ýagny hiç bir adam kesekiniň hasabyna ýaýnamaly däldir. Şu hili niýetiň bolmazlygyny terbiýe öz üstüne almalydyr! Ýogsam oňa terbiýe diýmek bolmaz.
Eger ýakyn adamyňy özüňi gowy görşüň ýaly gowy görseň, özüňi söýşüň ýaly hem ýakyn adam hem seni gowy görer, il hem edil şeýledir.
* * *
Gowy ene öweý çaga öz çagasyndan hem kän köje berer.
* * *
Terbiýe – beýik iş. Ol adamyň ykbalyny kesgitleýär.
* * *
Iň akmak adama-da gowy terbiýe berlen bolsa, ol, hökman, gül ýaly adam bolardy, men şuňa Günüň her gün dogşuna ynanyşym ýaly ynanýaryn!
* * *
Haýran galmaly: beýik adamlaryň köpüsiniň ejesi tapylgysyz eneler eken! Olar ogullaryna atalaryndan-da kän akyl, kän edep beripdirler!
* * *
Şahyr şahyr bolup dogulýar, terbiýeçi hem edil şeýle – terbiýeçi bolup dogulýar.
* * *
Terbiýe – wyždanyň işi.
Bilim – ylmyň işi. Soň-soň, kämil çykan adamda bular biri-biriniň üstüni ýetirýär.
* * *
Erbet terbiýe alan adamy her hili bela-beterden gorandan, gowy terbiýe alan adamy goran müň esse ýeňil!
* * *
Ejem jandan alan terbiýäm – doga sypatym bilen des-deň täleýime täsir etdi, belki, artykdyr hem.
* * *
Gowy terbiýe alan adam diýip saçaga çorba dökmedik adama aýdylmaýar-da, eýsem çorba döken adamy hem, çorba döküleninem görmedik, bilmedik bolýan adama aýdylýar. Ana, şol terbiýeli adam!
* * *
Bizi adam edenler – ata-enemiz, bizi adamkärçilikli eden bolsa – terbiýe!
* * *
Terbiýe bermek diýmek – ukudan oýarmak, doňan ýeriňe gar sürtemek, ýanýan ýeriňi sowatmak.
* * *
Çaga bezzatlygyny ýok etseňiz – hiç wagt hem paýhasly ogul ýetişdirmersiňiz.
* * *
Wah, bu öte aladaçyl terbiýämiziň soňy puç bolaýmasa ýagşy – adamjyklar taýpasyny döredäýmäliň!
* * *
Ata-babalarynyň günäsini nesilleri ýuwýar.
* * *
Düzgüni hem öwretmeli, ýöne endik hem öwretmeli.
* * *
Adamlary üýtgetmek üçin, olary eý görmeli. Olara tesir etmek bilen olary söýmek – des-deňdir.
* * *
Çagaňyzy «bolýaguly» edeýmäň! Ol, ýeri gelende, berk «ýok!» diýmegi-de başarsyn! Ýogsam – betbagt bolar.
* * *
Atanyň bitiren hyzmaty çaga degişli däldir.
* * *
Siziň öz ýüregiňiz, öz endigiňiz, öz ömrüňiz çagaňyza nusga bolup bilmese, onda ähli çeken azabyňyz – puç!
* * *
Akyl hem berseň ber welin, nusga görkez!
* * *
Eger teniňi bekeldip, erkiňi pugtaldyp bilýän bolsaň, ýüregiňi rehimdar, akylyňy giňeldip, paýhasyňy hem gyradeňlep bilýän bolsaň, diýmek, sen eýýäm terbiýeli bolup ýetişipsiň.
* * *
Çaga özbaşdak pikirlenmegi öwretmeli, ine şu bolmasa, terbiýe-de ýok!
* * *
Edil Hudaýdan soň ata gelýär.
* * *
Öz ogluna hiç hili peýdaly iş öwretmeýän adam – ogryny ýallaýaryn diýip düşünäýsin!
* * *
Gowy görelde görkezýän adam iň ýokary derejä ýeten adamdyr.
* * *
Ata-enäni sylamak – rehimdarlygyň hamyrmaýasy.
* * *
Çaga ýigrimi bäşe çenli ata-enesini söýýär, ýigrimi bäşde olary ýazgarýar, soň hem olary bagyşlaýar.
* * *
Aýylganç günä – enäniň göwnüni ýykmak!
Eneniň göwnüne degen adam bagyşlanyp bilinmez.
* * *
Ata-ene öz balasyny howsalaly hemem aýawly söýýär, bu söýgi çagany sandan çykarýar. Ýene bir söýgi bar – ol eserdeň, parahat söýgi. Bu söýgi çaganyň dogruçyl bolmagyny üpjün edýär. Ine, şol atanyň hakyky söýgüsidir.
* * *
Ata-ogul birek-birekden towakga garaşmaly däldir. Olar biri-biriniň küýsegini öňünden duýmalydyrlar we öňünden berjaý etmelidirler. Bu ýerde ata öňürtmelidir.
* * *
Çagalar hezil edip işleýärler, olar birdenkä şowsuzlyga duşaýsalaram, gaty gynanýarlar.
* * *
Umuman, çagalar ata-enä garanda, atasyny, enesini kem söýýärler, çünki olar özbaşdaklyga ymtylýarlar, berkeýärler. Şeýlelik bilen hem ata-enäni yzlarynda galdyrýarlar. Ata-ene bolsa henizem olaryň üstünde kökenek bolup ýör.
* * *
Gep seniň dünýä inmegiňde däl-de, kim bilen tirkeşýäniňde!
* * *
Ogul, elbetde, kime öýlenjekdigini özi kesgitläp biler, ýöne öz bagtyny nesillere peşgeş goýýan atanyň hem bu meselede, iň bolmanda, maslahat bermäge haky bolmaly ahyryn.
* * *
Ägä bol, ata-eneňi sylamaýandygyňy göräýse, ilem gaçar senden! Onsoň dostsuz-gardaşsyz galarsyň, sebäbi ata-ene minnetdar bolmadyk adam iliň ýagşylygynam bilmez diýerler.
* * *
Ata-enä hyzmatda duranyňyzda, mydama mylaýymja höre-köşe ediň. Diýeniňiz edilmese-de, öňküňiz ýaly hormat-sylag ediň. Gaharyňyz geläýse-de, syr bildirmäň, närazyçylyk sözüni diliňize almaň!
* * *
Hiç bir erkek adam öz atasyna düşünmegi öwrenmese, hiç wagt hem gowy ata bolup bilmez.
* * *
Ene söýgüsi, ene mähri – üýtgeşik gudrat, ol ähli zatdan güýçli, ol birinji söýgi, ol taýsyz, ol hantamaçylyksyz. Ene söýgüsi – hiç bir zada bagly däl!
* * *
Ýaşlara ulumsy garamaň. Olaryň uly adam bolup, meşhurlyga ýetmegi mümkin. Diňe kyrk ýa-da elli ýaşda hiç bir pişe etmedikleri sylamaly däl.
* * *
Ruhy taýdan meňzeş adamlaryň bary dogandyr.
* * *
Ata-ene çagasyna öwreden nogsanlyklaryny bagyşlamazak bolýar.
* * *
Ene – dilde we çaga kalbynda Allanyň ady!
* * *
Saglyk lukmana bagly däl-de, endigimize, iýmitimize bagly.
* * *
Şadyýan, ruhubelent adamlar tiz gutulyp, känem ýaşaýarlar.
* * *
Adam – zeminiň iň kämil önümi. Emma tebigatyň hazynasyndan lezzet almak üçin adam sag, ruhubelent, güýçli hem akylly bolmaly.
* * *
Meniň bilýän owadanlyklarymyň içinde iň owadany – saglyk.
* * *
Sagat adamlaryň hemmesi ýaşaýşy halaýar.
* * *
Sag gedaý keselbent patyşadan bagtlydyr.
* * *
Adam keselleýänçä, saglygyň gadyryny bilmeýär.
* * *
Gözellik bilen owadanlygy saglykdan aýryp bolmaz.
* * *
Ömrüň gadyryny bilmeýän adam ömre mynasyp hem däldir.
* * *
Saglygyň adamyň uly baýlykdygyny göz öňünde tutup, adam kesellän mahaly öz-özüne kömek bermelidir.
* * *
Süňňi sag adam yssa-da çydar, sowuga-da. Ruhy sag adam hem gahara-da, gaýgy-alada-da, begenç-şatlyga-da, beýleki duýgulara-da döz geler.
* * *
Lukmanyň nazary laçynyňka, eli gyzyňka, paýhasy ýylanyňka, ýüregi hem ýolbarsyňka meňzemeli.
* * *
Lukman – tebigatyň kömekçisi.
* * *
Lukman peýda edip bilmese, zelel beri etmesin.
* * *
Meniň bilýän lukmanlarymyň içinde iň gowy lukman – umyt!
* * *
Zehinli lukman başgalaryň görmeýän zadyny görýär.
* * *
Öten zamanyň iň belli danalarynyň biri: «Bejerip bolmaýan keseli bejerjek bolup azara galmaň!» diýipdir.
Emma bu tersine edilmelidir – hut bejerip bolmaýan kesel bejerilmelidir. Lukmanyň borjy şol ahyryn. Eger lukman keselli adamyň keselini bejerip bolmaýar diýip hasaplasa, onuň öz borjuny ýerine ýetirmekden çekildigi bolýar, onuň söweşe girmän, elini galdyrdygy bolýar.
* * *
Lukmanyň iň ilkinji borjy öz eli bilen zyýan etmezlikdir, tebigatyň öz tebigy bejeriş usulyna pesgel bermezlikdir.
* * *
Tebigat – keseliň lukmany.
* * *
Lukmanlyk käri – är işidir! Ol janyňy orta goýmagy, päk kalby, niýetiň-päliň gowy bolmagyny talap edýär. Akylyň dury, ahlagyň päk, daş sypatyň hem arassa bolmaly!
* * *
Lukmanyň ýüzüniň nury – keselliniň sagalyp ugramagynyň başlangyjy.
* * *
Sagaljakdygyňa bolan umyt – sagalmagyň gylla ýary.
* * *
Iň täsin lukman – tebigat, sebäbi keseliň dörtden üç bölegini şol bejerýär, özem hiç wagt kerdeşleriniň gybatyny etmeýär.
* * *
Kesele garanda derman haýal täsir edýär.
* * *
Lukman – keseliň atasy, sagyň hem – dosty.
* * *
Diňe göwnaçyk, ruhana, şadyýan adam lukman bolup biler.
* * *
Dermany iň soňky pursatda ulanandan kesel ýaňy başlanda ulanan ýagşy.
* * *
Köp adamlar öz keselinden däl-de, dermandan ölýärler.
* * *
Kalbyňy bejermän, süňňüňi bejerip bilmersiň!
* * *
Kesel hakda asla pikir etmeli däl, pikir edäýseňem gaty seýrek etmeli.
* * *
Bir ýeriň bimaza edende, hiç wagt şol bimaza bolýan ýeriňi ýadyňa salma! Çünki adam hökman ýatlanyny kem görmeýär. Iň gowusy, bimaza edýän zady kelläňden büs-bütin zyňyp taşla-da, başga zatlar hakda pikir et, gürrüň et ýa-da oka!
* * *
Özüni sag diýýän kesellini bejerip bolmaýar.
* * *
Lukmana keseliňi aýtmanam bir gutulyp bolarmy?
* * *
Maslahata gulak asmaýan adama kömek edip bolmaz.
* * *
Keseliň sany ýok.
* * *
Iň erbet kesel ölüm howply kesel däl-de, bejerip bolmaýan kesel.
* * *
Kesel – ir garramak diýmek diýen ýaly bir zat.
* * *
Adamyň özi öz saglygyna äňetse, onda onuň saglygyny şonuň ýaly ökde bilýän başga lukmany tapmak kyn bolar.
* * *
Kesellä mydama umyt goý!
* * *
Adatdan daşary kesele – adatdan daşary em gerek!
* * *
Adam süňňüniň niresinde der bar bolsa, keselem şol ýerdedir.
* * *
Süňňüň gyzýan ýa-da sowaýan ýeri nirede bolsa, kesel şol ýerdedir.
* * *
Ejir, kesel – göreşe çagyryşdyr, howpuň abanyp gelýändigini habar berýän ýaşaýyş sesidir.
* * *
Hakyky kesellerden başga ýalan kesellerem alyp ýatýar.
* * *
Kimde-kim keselden gorkan bolsa, ol eýýäm gorky-ürki keseline duçar bolan bolmaly.
* * *
Kakynyň tutmak – kesel däl-de, hesiýet: bu hesiýetiň esasy sypaty – öz-özüňi ynandyrmak.
* * *
Tutgaý – ähli keselleriň maýmyny!
* * *
Keseli çekenden bejerjek bolup kän görgi görýäris.
* * *
Gutulmagyň bir serişdesi – sagalmak islegi.
* * *
Pasyllar çalşanda, kesel köpelýär, ýöne birden sowap, birden gyzyp dursa-da, beýleki ş.m. üýtgeşmeler-de adama ýaramaz täsir edýär.
* * *
Özüňe buýursaň we kän zähmet çekseň – ine, adamda şu iki lukman bar: zähmet-ä işdäňi açýar, özüňe buýursaň hem işdäňi jylawlaýarsyň.
* * *
Soňundan uruş-sögüşe alyp barýan öte gaharjaňlyk adamyň ömrüni gysgaldýar.
* * *
Keseli anyklamak – bejerişiň ýarysy.
* * *
Adam diri gezip ýörkä, umydy elden bermeli däldir.
* * *
Keseliňi bilip, ony bejermäge taýýar bolmak eýýäm sagalmagyň başlangyjy.
* * *
Ömri gysgaldýan täsirleriň arasynda agdyk orny şular eýeleýär: gorky, wehim, gaýgy-gam, gewniçökgünlik, ünji-alada, ruhdan düşmek, bahyllyk, ýigrenç.
* * *
Iň uly ýeňiş – özüňi ýeňmek!
* * *
Howpdan gorkmak – howpuň özünden on müň esse gorkunç!
* * *
Belent ruh gowşan süňňi halas edýär.
* * *
Akylyňyzy dürs işletjek bolsaňyz, süňňüňize esewan ediň.
* * *
Keseliň erbedi – keseliňe ýapyşyp ýatmak.
* * *
Tyg ýarasy bitýär, söz ýarasy bitmeýär.
* * *
Gizledigiňçe kesel çuňgaşýar, has hem beterleşýär, hasam howply bolýar.
* * *
Şady-horram adamlar çalt sagalýarlar, şadyýan pikirler her hili keselleri ýeňmäge kömek edýär.
* * *
Şatlyk ýaşaýşyň her bir tyrsyldysyny has duýgur edip, süňňümizi pugtaldýar.
* * *
Sag janda sagdyn ruh bolmagy ugrunda çalyşmaly.
* * *
Nerw sistemamyzyň güýç-kuwwatyny we başarnygyny saklamaga hemaýat edýän zatlaryň hemmesi ömrümizi uzaldýar, ony gowşadýan zatlaryň ählisi hem ömrümizi gysgaldýar.
* * *
Fiziki taýdan sagat bolmagyň esasy sypaty ruhy şadyýanlykdyr, Ruhdan düşmek ölüme barabardyr.
Ruhy şadyýanlyk biziň fiziki organizmimize täze ömür goşýar we gan aýlanyşygymyzy kada getirýär.
* * *
Iň sagat, iň görmegeý adamlar – hiç zada gaharlanmaýan ykjam adamlar.
* * *
Süňňi sagatlyk üçin iň zerury ruhuň şadyýanlygydyr, ruhdan düşmezlikdir.
* * *
Pikiriň keselli bolmagy süňňüň keselli bolmagyndan on esse erbetdir, howpludyr.
* * *
Käbir dermanlar keseliň özünden has howpludyr.
* * *
Dana kişi keseliň garşysyna derman gözländen, keselden gaçar.
* * *
Biz nahar iýmek üçin ýaşaman, eýsem ýaşamak üçin nahar iýýäris.
* * *
Hemişe kekirdegiňe gelýänçe doýup ýörenden, wagtal-wagtal doýmanrak goýanyň kem däldir.
* * *
Beýik adamlar mydama doýa iýmändirler.
* * *
Naharda özüňe buýurmazlyk özüňe kast etmegiň başlangyjy. Bu öýüň astyndan akýan göze görünmeýen suw, ol ir-u-giç onuň düýbüni opurýar.
* * *
Iýip-içemizde, güýjümizi dikelder ýaly iýip-içmelidiris, biz bolsa, käte güýjümizi dikeltmek üçin iýip-içýäris.
* * *
Suw aldyrsaň – ekine zyýan, kän iýseň – süňňüňe zyýan!
* * *
Iýeňde, jan binýadyň zelel çekmez ýaly iý!
* * *
Çakyry içdi-içdi, serhoş boldy, şeýdip hem jandan umyt üzdi.
* * *
Çakyr serhoşdan ar alýar.
* * *
Az salymlyk keýpiň uzak ejire getirýän wagtam bolýar.
* * *
Ähli keýpe baş sokup ýörme-de, zyýanlyksyz keýpi edäý!
* * *
Aýrylmasyz keýpden keýp hem bolmaz.
* * *
Gama batyrýan keýpden gaça dur!
* * *
Her hili peýdasyz keýpden boýun gaçyr!
* * *
Keýpiň guly adam – süňňünem, janyny hem zaýalaýar.
* * *
Garyp doýmaz-dolmaz däl, hajymelik – doýmaz-dolmaz. Bar günäni garnyň üstüne atmak – baryp ýatan töhmet. Günä garnyň eýesinde!
* * *
Biziň azyk maddalarymyz bejeriş serişdesi bolmalydyr, biziň bejeriş serişdelerimiz hem azyk maddalarymyz bolmalydyr.
* * *
Artyk iýmegem zelel, artyk içmek hem zelel.
* * *
Herki zadyň öz çägi bar, şondan geçme!
* * *
Duýgudan alýan lezzetimiz ömrümizi gysgaldýar, akyldan alýan lezzetimiz ömrümizi uzaldýar.
* * *
Iň beýik paýhas derwüş bolup, ähli lezzetden daşlaşmak däl-de, iň seýrek duşýan lezzetden ganmakdyr.
* * *
Bolmalysyndan daşa çyksaň, şu ömrüwde ulanýan zatlaryň ählisi saňa peýdaly däl-de, güzaba öwrüler.
* * *
Öte geçseň, iň süýji zadam zähere öwrüler.
* * *
Näçe az lezzet alsaň, şonça-da olar janyňa hoş ýakar.
* * *
Ulanyň, ýöne öte geçmäň, – ine, paýhasyň ýörelgesi. Özüňi aşa örkleme-de, aşa başyňa-da goýberme!
* * *
Günorta nahary az iý, şamlygy ondan hem az, sebäbi tutuş süňňümiziň saglygy biziň böwenimizde bişýär.
* * *
Her bir adam serhoş bolanda, gaharyň guly, akylyň gaçakçysy bolýar.
* * *
Aralykda bolmaly, sebäbi aralyk – tebigatyň gardaşy, saglygyň hem garawuly.
Şoňa görä-de iýýäkäňiz – içýärsiňiz, gymyldaýarsyňyz, hatda söýýäkäňiz hem özüňizi ortaça alyp barýarsyňyz.
* * *
Werdiş etseňiz, ortaça bolmaga çalyşsaňyz, garran wagtyňyz hem şo-ol öňküje güýjüňizi belli bir wagta çenli saklarsyňyz.
* * *
Öte geçmeseňiz, ortaça hereket etseňiz, şonça kän lezzet alarsyňyz!
* * *
Her gün gaýtalanyp dursa, gowy zat hem, iň gowy zat hem ýürege düşýär.
* * *
Lezzetiň jana hoş ýakmagy üçin, ony azaltmaly.
* * *
Mydam lezzet almak – asla lezzet almazlyk!
* * *
Ýeňillik bilen kän lezzet almak – şol adyň özüni aradan aýyrýar; eýýäm ol lezzet hem däl, keýpem däl!
* * *
Bolçulyga kowalaşmak – horluga, zarlyga çapmak diýmekdir.
* * *
Aza näçe öwrenişseň, şonça-da bize zarlyk az howp salar.
* * *
Kimde-kim bolçulykdan boýun gaçyrsa, şol mätäçlikden hökman halas bolar.
* * *
Ýekeje-de artykmaç zat gerek däl. Ir ýatyp, irdenem turmaly – ine, adamy sag edýän, baý hem akylly edýän zat!
* * *
Uky-da, ukysyzlygam – çenden geçse, eýýäm kesel boldugyň!
* * *
Eger tebigatyň ölçeginden daşary çyksaň, uky-da, ukusyzlyk-da – kesele ýolukdygyňdyr!
* * *
Ömri uzaltmagyň ýekeje bir syry bar – onuň tanapyny üzmeli däl.
* * *
Ömrüňi uzaltjak bolsaň, işdäňi kem!
* * *
Nahara atylýan iň gowy tagam – açlyk!
* * *
Her ädimde görşümiz ýaly, gerk-gäbe doýmak – kesele eltýär.
* * *
Hakyky adam bolanda, onuň ýaly ägirt zat ýok! Ähli kişi hakyky adam bolmak üçin çalyşýar. Ýöne bu iň kyn iş. «Jahanda adam bolmak ýaly beýik wezipe ýok». Örän rast aýdylan pikir.
* * *
Adamyň güýçli tarapy-da, gowşak tarapy-da, paýhasly ýerem bar, garagynyň gapyk tarapy hem bar, pes tarapy hem, beýik tarapy hem bar, diýmek – munuň özi ony ýazgarmak däl-de, eýsem onuň düýp manysyny kesgitlemekdir.
* * *
Adam ähli zada öwrenişýär, şoňa görä-de bu meniň pikirimçe, adama berlen iň gowy aýratynlykdyr.
* * *
Özüňden özge ýerden danalyk gözlemekden beter akmaklyk ýokdur.
* * *
Ähli zatdan öňürti adam bolmagy maksat edinýän adam çyn adamdyr.
* * *
Adamyň özüni alyp barşyna syn ediň, onuň edýän-goýýan işlerine düşünjek boluň, dynç alýan wagtyňyz bolşuny synlaň. Şundan soň hem oňa düşünip bilmediňizmi?
Osman ÖDE.
Sözler