14:04 Goşa derek... | |
GOŞA DEREK...
Jemgyýetçilik tankydy
Sözbaşymyñ yzyndan köp nokat goýmagymyñ sebäbini turuwbaşdan düşündirmekçi: bu ýerde gozgajak gürrüñimiz diñe bir, iki deregiñ çäklerinden çykýar. Goşa derek baş obýektimiz bolmasa-da, biz tebigat we adam barada, olaryñ özara baglanyşygt hakynda gürrüñ açmakçy bolýarys. Gyrkylyk yzly guba depelere diñe çäge hökmünde garaýan, saryja bilbiliñ owazyna, garaz bir guşuñ jürküldiisi hökmünde garaýan, ýüz ýaşly çynarlara adaty agaç hökmünde garaýan adamlar üçin bu makalada tolgundyryjy zat ýok. Tebigatyñ öz eli bilen döredip bolmajak sungatyñ beýik nusgadydyr. Tebigat gözelliklerden, täsinliklerden doly. Şonuñ üçin-de adama ondan doýma ýok. Ynsan dünýä inip, göz açanda durnagöz asmana, gülälekli meýdana garap añk bolýar. Soñra bu täsin zatlar bilen ömrürboýuna höwrügýär, ol daşyny gurşap alan tebigat bilen badaşýar. Dura-bara adam tebigata akyl ýetirmäge çalyşýar. Gudrata akyl ýetiräýmek bolsa añsat iş däl. Goşa derek... Biri-biri bilen egin deñläp parlap oturan aksowult, syrdam goşa deregi siziñ köp ýerlerde gören bolmagyñyz mümkin. Belkem, siz bu görnüşe otlynyñ ýa-da maşynyñ üstünden sähelçe syn edip geçensiñiz, belki, siz şol derekleriñ astynda durup, olara ine-gana nazar aýlansyñyz. Mümkin, ýol ugrunda tötänden gabat gelen derekler size onçakly täsir edýänem däldir. Derekler biri-birine çalymdaş bolýar. Emma... Emma meniñ goşa deregim welin, bu görünýän dereklerden üýtgeşikdi, enaýydy, kalba ýakyndy... 1941-nji ýylyñ baharynda ýerbentli çarwalar Amyderýanyñ çep kenaryna göçüp bardylar. Biziñ şol mahal "Gyzyl Baýdak" atlandyrylan kolhozymyz öñki Gyzylaýak raýonynyñ, Kerkiniñ şindiki Lenin adyndaky kolhozynyñ territoriýasynda ýurt tutundy. Jeññeliñ, harabalaryñ, düñderilip ýatan daragtlaryñ derdinden goñşy goñşyny görüp bilenokdy. Ýabany doñuzlar bir ujy otlanan hyşalygyñ içinden gündiziñ günortany müñedekleşip derýa boýuna bakan gaçyp giderdiler: owadan sülgünler her ädimden diýen ýaly pasyrdaşyp göge galardylar. Ol mahal entek goşa deregiñ gözelligini duýup bilemzokdyk. Ine, ýer açylyp, töwerek tertibe salnyp, gözýetim giñäp başlady. Kolhoz posýologyndan Amyderýa çenli bolan bäş-alty kilometr giñişlikde ajaýyp bir görnüş ýaýylyp ýatyrdy, bir görseñ çalymtym igdeligiñ topbagy, bir ýerde giden erik bagy äpet toraññylar... Ýöne welin obanyñ gaýra eteginde ekiztaýy ýaly bolup ösen boýdaş, şabram goşe derek adamlara aýratyn täsir edýärdi. Görer göze şeýle yssy bolup görünýän (bu golaý-goltumda başga derek agajy hem ýokdy) goşa derek babatda Lebapda şeýle rowaýat bar eken: yzy kowguly iki aşyk menzil söke-söke Amyderýa ýakynlaşypdyr. Jeýhundan sag-aman ýüzüp, sag kenara geçip bilseler, ölüm howpundan halas boljak ekenler. Emma aldajy kowgy bigünä aşyklaryñ däli Jeýhunyñ tolkunlaryna aralaşmagyna maý bermändir. Gutulyp bilmejeklerine gözi ýeten aşyklar "diri ele düşürme" diýip haka nalyş edenmişler. Olar ölümden däl-de, bir-birekden aýra düşerlerinden gorkýan ekenler. Ine, şu aldym-berdimli pursatda-da bir gudrat bilen iki aşyk inçe ýodanyñ ýakasynda goşa derege öwrüläýipmiş. Elbetde, biz her bir rowaýaty hakykat diýip hasap edemzok. Emma il-gün her öñýeten zat hakynda rowaýat döretmeýär. Mukaddes zatlar rowaýatyñ döremegine sebäp bolýar. Ýuwaş-ýuwaşdan goşa deregiñ asty aý-aýdyñ gijeler ýaş-ýeleñleriñ üýşýän ýerine öwrüldi. Biz oglan-gyzlar bolup, naw agajy ýaly syrdam derekleriñ iññän ýokardaky süýt reñk ýapraklarynyñ şabyrdysyny diñlärdik, arzuwlara gark bolardyk, pikir alşardyk: oýnardyk, lezzetden ýüreklenip, ahyry öýli-öýümize dargardyk. On iki-on üç ýaşly oglan-gyzlar bolup, obanyñ alkymyndaky bu goşa deregiñ astyna üýşüp, arzuwlara gümra bolan aýly agşamlarymyzy ýatlanymda, meniñ on iki süññüm syzlap gidýär. Belki, bu - ýaşyñ bir çene baryp, indi ol günleriñ hiç haçan dolanup gelmejekdigini duýýanlygymyz üçindir. Belki-de, bir obada önüp-ösen şol oglanlyk ýoldaşlarymyzyñ ençemesinoñ eýýäm dünýäde ýoklugy hakynda pikir edýändigimiz üçindir. Her näme-de bolsa, bu duýgyny sentimentallykdan gelip çykmaýandygyna meniñ gözüm ýetip dur. Tebigatyñ bize biparh, duýgusyz ýürek bermändigine müñde bir minnetdardyrys! Täze ýurtda ilkinji ýylyñ ir-iýmişi ýetişip-ýetişmänkä uruş turdy. Kiçijik obamyzdan ýüzden-de köpräk adam yzly-yzyna fronta gitdi. Taryhy ykbal meniñ ýaşytdaşlarymy öz ýaşlaryndan has ulalmaga mejbur etdi. Kakabaş oglanlykdan görende garamat göterilýän döwre böküp geçmeli bolduk. Birinji smenada mekdepde okaýardym. Öýlän bolsa iki metrlik ölçeg agajymy egnime alyp goşa deregiñ üstünden geçýän inçe ýoda bilen däneçilik brigadamyzyñ işleýän ýerlerine giderdim. Bir gezek men derekleriñ deñesinde saklandym. Boýumy ölçejek ýaly, iki daragtyñ aralygyna girdim. Ine şonda birdenkä ak derege gara galam bilen ýazylan ýazga gözüm düşdi: "Ýeñiş bilen gaýdyp gelýänçäm hoş gal, goşa deregim! 4/X-1941". Bu tanyş poçerkdi. Birnäçe gün geçenden soñ ýokarky setirleriñ awtory, özümden iki ýaş uly, dostum Tegelek Nurmuhammedowdan hat aldym. Dargözenek okuwçy kagyzynyñ bir ýüzüne ýazylan salam haty şeýle sözler bilen gutarýardy: "Gardaş, gaýrasy goşa derekli obamyza dolanyp barmak nesip etsin-dä. Ýagşy dilegde bol! Goşa deregiñ gündogar taýdakysynyñ ýüzünde meniñ galam bilen ýazan hatym bolmaly. Şol bozulyp gidipmi ýa-da heniz barmy?" Goşa derek uly maşgalada iñ eý görülýän ekiz çaga meñzeýärdi, işe gidip barýarkak ýa-da agşam dolanyp gelýärkäk, hamala salamlaşýan ýaly olary elläp geçerdik. Bir sapar bir ýaşuly bilen Kerkiden gelýärdik. Otuz kilometr çemesi ýoluñ ýarymyndan gowragyny geçip, şorlukdan belent gerşe çykanymyzda, biziñ goşa deregimiz örän uzaklardan howalanyp göründi. - Goşa derek parlap şu taýdan görünýän bolsa, howanyñ gaty dury boldugydyr, ras howa dury bolsa - onda işimiziñ şowuna boldugydyr - diýip, ýaşuly pelsepe öwürdi. - Saglyk bolsa biziñkiler ýeñer... Şonda men goşa deregiñ diñe bir obanyñ ýeñsesinde paap oturan owadan agaç bolman, eýsem onuñ simwolika öwrülendigini duýup galdym. Emma beýik Magtymguly aýtmyşlaýyn "ýeriñ ýerden, äriñ ärden parhy köpdügini" entek şu günem boýun almaly bolýarys. Ýyl geldigiçe, biziñ obamyzyñ töwereginde miwesiz agaçlar seýrekläp başlady, toraññylaryñ-a soñuna sogan ekildi; özüniñ ter ýasy ýaprakly şatutlary bilen meşhurlyk gazanan Gyzylaýak topragynda alagururak tutlaryñ hem köki köwlenip ugraldy. Bir gezek iş üstünde biziñ däneçilik brigadamyzdan bir gelin guran mähnet erii agajyndan asylgy köne esgini howatyrlanmak bilen maña görkezdi. - Bu näme? - diýip, men geñ galdym. - Ozallar-a men bu esgini göremokdym. Bu asyl "öwlüýä agaç" eken - diýip, gelin allaniçigsi boldy. Soñ seredip otursak, obamyzda zatdan gözi doýmaýan ýaşuly bir adam miwelimi, miwesizmi, parhy ýok, garaz, gözi giden agaçlarynyñ şahasyna köne esgi dakyp ýören bolsa nätjek? Oba adamlarynyñ gowşak tarapyndan peýdalanyp ýören bu zandyýaman aksakgal özüniñ "belgilän" agaçlaryny il ýatyşansoñ, paltalap öýüne daşap ýören eken. Aradan aýlar, ýyllar geçdi. Meniñ söwer dostum Tegelek Beýik Watançylyk urşunyñ söweş meýdanlarynda wepat boldy. Oña owadan goka deregi görmek miýesser bolmady. Ýöne... ýöne ol sag-aman oba dolanyp geläýenem bolanda, oglanlyk syrymyzyñ sakçysy bolan söýgüli derekleri görüp bilmezdi. Günleriñ birinde Kerkide gazetiñ redaksiýasynda işläp ýörkäm, kimdir bir näkesiñ goşa deregimizi paltalandygyny eşidip galdym. Bu baryp ýatan wagşylykdy. Zalymlykdy. Goşa deregiñ çapylmagy bilen biziñ kiçijik obamyzyñ goşa buýnuz şahyndan jyda düşen jeren kimin görküni gaçyrandygyny göz öñüne getirmek, kalbynda ynsanlyk duýgusy bar adama kyn düşmez. Boljak iş bolupdyr. Goşa derek indi ýok. Men bolsa henizem aşyklar ýaly bolup, şelpelerini şybyrdadyp oturan şol derekleriñ düýbüne palta salmaga dözen adamyñ ýüregi hakynda pikir edýärin. Küren obanyñ göz-guwanky bolup duran zady paltalap bilýän adam başga ýezitliklere-de ukyplydyr! Goşa deregiñ oduna kimiñ çoýunandygyny ýa-da şol derekler bilen tamynyñ üstüni ýapandygyny öz wagtynda aýaga galynsa bolardy, şol näkesi it masgarasy etmegem bolardy. Haýp biz käte şeýle ýagdaýlarda juda parhsyzlyk edýäris. "Ýamanlyk ýagşylykdan has aktiw" diýen öñden gelýän filosofik kesgitleme bar. "Ýamanlyk edene ýagşylyk derkar" diýen gadymy setir hem bar. Emma beýdip ýagşy görünjek bolmak biziñ tebigatymyza mahsus häsiýet däldir. "Iñ lezzetli zat ýaşlykda gezen, ösüp-ulalan ýerleriñe soñ bir mahal syýahat etmekdir" diýip bir pähimdar aýdypdyr. Men Merkezi Garagumda, Bokurdagyñ eteginde doguldym, on üç ýaşa çenli şol ýerde ýaşadym. Düýe asaýmaly ojarly çöketleri indi Ýerbendiñ giñişliklerinden tapmak kyn. Maral towşanlaryñ, guba keýikleriñ yzlary Garagumda indi juda seýrek göze ilýär. Kyrkynjy ýyllarda Lebapda gören gözelliklerimiz: uly ýollaryñ ýakasynda seleñ söwütleriñ astynda, serhowzuñ başynda gurlan çaýhanalar, uzakdan görende uly şäherleriñ alleýasyny ýatladýan hataran derekler, peýwende erikleriñ, şatutlaryñ howalanyp görünýän gara baglygy köpelenok-da, azalmak bilen. Elbetde, çarwalaryñ baş borjy dowarçylygt ösdürmekdir, daýhanlaryñ esasy wezipesi ekerançylygy ýokary götermekdir. Emma daýhanam, çarwa-da, ilki bilen, tebigatyñ ogullarydyr. Daşyny gurşap alan tebigata hyýanat etmäge olaryñ haky ýokdur. Pöwrizede ýokary wezipeli bir işgäriñ daçasyny bezäp-bejeren, oña serenjam beren işçileriñ biri atanlykda bir üzüm nahalyny kerçäpdir. Ony gören daça eýesiniñ nähili gazaba münendigini, her ýerdenem bolsa hut şol sortly üzüm nahalyny tapyp getirmäge işçini mejbur edendigini maña gürrüñ berdiler. Talapkärçilik işgäriñ oñat sypaty hasaplanýar. Şol ýolbaşçy işgär diñe öz daçasynda zaýalanan bir düýp nahaly däl-de, raýonlara aýlanan ýerlerinde-de harlanan agaçlary, baglary, howuzlary görüp, ganyny gyzdyryp bilýän bolsa, biz ondan minnetdar bolardyk. Baryp 1930-njy ýyllarda rus ýazyjylarynyñ brigadasy bilen Türkmenistana syýahat eden belli ýazyjy N.S.Tihonow Garrygala, Etrek jülgelerinde ýabany baglaryñ, şol sanda hoz agajynyñ kändigini bir oçerkinde belläp, eger-de şu ýabany hozlara eýeçilikli seredip, onuñ hasykyny isripsiz ýygnap bolsa, onda biziñ ýurdumyzyñ Gresiýadan hoz satyn almak hajaty hem bolup durmazdy diýen netijä gelýär. Tebigatyñ mugt peşgeş beren şeýle baýlygyny jemgyýetiñ peýdasyna, döwletiñ bähbidine doly tabyn edip bilýändigimiz heniz juda ikuçlydyr. Daşhowuzdan gidip, Tagta raýonynyñ merkezine ýetäýmänkäñ Kalinin adyndaky kolhozyñ territoriýasynda, ýoluñ sag tarapynda hellewläp oturan gür baglyk bar. Ýalazy toprakda yhlas bilen şeýle uly bagy ýetişdiren adam - Gazak aga bilen (ol pakyr dünýäden ötdi) duşuşmak bir wagtlar maña miýesser bolupdy. Biz "öz kärine ussat adam", "janypkeş adam" we ş.m. diýýäris. Gazak aga ösdürip kemala getiren her düýp agajyny özüniñ bir perzendine deñärdi. Ol goja ömrüni bagçylyga bagyşlan adamdy. Bu - janypkeşlikdenem, ussatlykdanam ýokarrakdaky bir zat bolýar. Juda garran Gazak aganyñ öýi-öwzary-da, işleýän, dem-dynç alýan ýeri-de şol bagyñ içindedi. Ýanyna baran kişä öz eli bilen ýygyp, dürli naz-nygmat hödürleýärdi. Ahyrsoñy hem şol adam bagyñ içinde bir düýp agajyñ düýbüni bejerip durka aradan çykypdyr diýdiler. Ony tanaýan adamlar indi şol bagçylygyñ deñesinden geçenlerinde "Gazak aga pahyryñ bagy" diýip geçýärler. Bir adam, gör, özünden soñ il-güne nämeler galdyryp biljek eken. Bagyñ dünýäniñ diñe keşbini däl-de, eýsem klimatyny özgertmäge-de ukyplydygyny hemmämiz bilýäris. Aşgabadyñ öñündäki ýapgyt baýyrlygyñ haçan-da bolsa tokaý zolagyna öwrüljekdigine men ynanýaryn. Şäheriñ ýeñsesinde kanalyñ geçýän zonasynda biri-birine sepleşen gara baglaryñ keseligine ençeme kiometrlere uzap gitjekdigine-de şek-şübhe ýok. Şu gün biz bir düýp gowaçany ösdürmäge nähili üns berýän bolsak, ertir bir düýp daragty ýetişdirmäge-de şonçarak alada edip başlajakdygynyza ynanýaryn. Emma elimizi gowşuryp, ertire garaşyp dursak, köp zatlary ýitirmegimiz mümkin. Bag - gözellikdir. Gözelligi bolsa doñýürek kişilerden, gödek ellerden, ýaman gözlerden mäkäm goramagymyz gerek. Berdinazar HUDAÝNAZAROW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |