23:26 Gözellik / hekaýa | |
GÖZELLIK
Hekaýalar
Men güneşli ülkämiziñ gözelligini hut şol ajaýyp keşpde gőz őñüne getirip, onuñ lezzetinden ganýarmykam őýdýärdim. Şonuñ üçinem gőzel ülke barada gep açylsa, hiç kime gezek bermän, türkmen topragynyñ ajaýyplygyny birme-bir sanap başlaýardym. Onsoñ gürrüñdeşlerim meniñ sőhbetimi hezil edip diñlärdiler. Meniñ bu gezekki myhmanlarym alys ýurtlardan Türkmenistan diýen ajaýyp ülkäniñ adyna aşyk bolup gelipdirler. Olary myhman alyp, ýurdumyzyñ gőzel ýerleri bilen tanyşdyrmagy haýyş eden jan ýaly joramdy. Ýaş gelin bilen adamsy maña Esentanyş ýaly gujak açdylar. Dogrusy, menem olardan kem oturmadym. Őz topragyñda, őz őýüñde myhman garşylarsyñ-da, heý-de, biparh bolup bolarmy. Biziñ gürrüñimiz bada-bat alşyp gitdi. Olary hakyky türkmençe hezzetlänimden soñ, olara sala zaldym. - Siz biraz dynç aljakmy ýa-da gezelenje çykarysmy. Olar biri-biriniñ ýüzüne seredip, ikisem birden dillendi. - Biz őz ýurdumyzda-da dynç alyp bilýäs. Siziñ «Gezmek őmürden, gőrmek lezzetden» diýen ýőrgünli sőzüñiz bar dälmi. Garşy bolmasañyz, gezeliñ, gőreliñ. - Men size őz ýurdumyzyñ iñ ajaýyp ýerlerini gőrkezmek isleýärin. Şonda siz türkmen diýen milletiñ diñe bir ýol – ýőrelgesine, őz topragyna hormatyny däl-de, onuñ ruhy dünýäsine hem düşünersiñiz. Biz ýola düşenimizde günorta ýakynlapdy. Ulagy ýuwaşjadan şa ýoldan sürüp ugradym. Ýoluñ iki gyrasyny jähekläp oturan güller tylla Günüñ őwüşgini bilen sazlaşyp, has-da gőzel gőrünýärdi. Belent belent ymaratlaryñ daş-tőweregi bolsa suw çüwdürimlerinden ýaña älemgoşarly asmany ýadyña salýardy. Bu ajaýyplygy synlap barýan myhmanlar gőýä bu gőrnüşi őz hakydasynda baky galdyrmak islýeän ýaly, aldygyna surata düşürýärdiler. Är-aýalyñ biriniñ eli kameralydy, beýlekisinde hem surat alynýan bardy. Olar «oña seret-de, oña seret» bolşup, nebserwerlik bilen tőwerek – daşy synlaýardylar. - Jemal, birneme haýalrak gideliñ-le. Bu gőzelligi synlap, lezzet alyp ýetişip bolanok. Ulagyñ badyny haýallatdym. Oña çenli Garaşsyzlyk seýilgähine ýetdik-de, ulagdan düşüp, iki tarapyñy heýkeller tutýan ýodadan ýokarlygyna galyp ugradyk. - Ine, bu bina biziñ Garaşsyzlygymyzyñ şanyana dikeldildi. Onuñ tőweregini bolsa, türkmeniñ belli şahsyýetleriniñ heýkelleri bezeýär. Binanyñ içinde-de türkmeniñ milli gymmatlyklarynyñ muzeýi ýerleşýär. Myhmanlar sőzümi aýaklaryma mähetdel ýaly sakka durdular-da, sol belentlikden aşakda ýaýylyp ýatan meýdany synladylar. Adam eli bilen dőredilen seýilgäh bu mahal gőýä başga bir lybasa giren ýalydy. Ýaýylyp ýatan baýyrlyklaryñ depeleri-de, eññitleri-de ylla türkmeniñ ajaýyp halysy kimin müñ dürli őwüşgin atýardy. Bu gőrnüşi synlamak, onuñ gőzelliginden ganmak asla mümkin däl ýaly duýulýardy. Şu ýerde, hut şu owadan lälereýhan meýdanda oturyp, onuñ jana ýakymly howasyndan dem almak hem eşretdi. Şonda bu ajaýyplyk tutuş kalbyña ornaýan ýalydy. Men dem salym myhmanlarymy unudyp, şol ajaýyplyga durkum-dünýäm bilen berildim. Şu pursatyñ, şu gőzelligiñ kalbymda baky galmagyny, hiç mahal meni terk etmezligini isledim. Men şu pursat myhmanlarymyñ hem şol gőzelligiñ yşkyna düşendigini, ondan ganyp bilmeýändiklerini añdym. Olara ýőrüñ diýmäge bognum ysmady. Çünki, bu gőzellik tutuşlygyna bedenimize-süññümize ornap, erkimizi elimizden alypdy... Birhaýukdan őzüme gelip, myhmanlaryñ ýanyna bardym. Olaryñ ýüzünden içki dühýäsini bilmek kyn däldi.Türkmen topragynyñ mähri olaryñ erkini őrklän bolarly. - Seretseñizläñ, tebigatyñ gőzelligine. Adam eli bilen dőrdilen ajaýyplyk gudrat derejesine çenli ýetipdir ahyry. Őz Watanyma bolan hyryç kalbymy heýjana getirdi. - Bu ýerler entäk diñe türkmen topragynyñ gőzelliginiñ başlangyjy. Ho-ol, ilerki baýyrlyklardaky arça tokaýlygyny, tanap ýolyñ täsinligini indi gýrersiñiz. Gün őýüne gaýtmanka, şol tarapa ýőräliñ. Türkmen topragynyñ täsinliginden ganyp bilmän oturan myhmanlar diñe ‘ajap,ajap’ diýip seslenýärdiler.Gőzýetimde ýaşyp barýan Günüñ őwüşginine gőm-gők bolup oturan arça tokaýlygy, olara düşek bolup ýazylan gül-gülälekler suratkeşiñ ussatlyk bilen çeken işini ýatladýardy.Biri-birine sepleşip gidýän baýyrlar biri-biriniñ üstüni ýetirip, sőz bilen beýan edip bolmajak müñ bir dürli reñkde őwüsýärdi. Myhmanlar her gezek baýra galanymyzda ulagy saklamagymy haýyş edýärdiler.Her gezegem ulagdan düşüp, türkmen topragynyñ gőzelligine syn edýärdiler. Myhmanlar şol gőzellikden ganyp bilmeýändiklerini gizlejegem bolmadylar. - Biz jahankeşde adamlar. Gaty kőp ýurtlarda bolduk. Dünýäñ bar gőzelligini gőrdükmikäk őýüdýärdik. Ýőne siziñ ýurduñyz, onuñ tebigaty, adamlary barada internetde okanlarymyz bizi halys erkimize goýmady. Onsoñ internet arkaly tanşymyz Dürdänä ýañzytdyk weli, olam bizi myhmançylyga çagyrdy. Dogrusy, biz ýőrite syýahata-da gelip bilerdik. Ýőne haýsydyr bir gyramañ üsti bilen syýahata geleñde, wagtyñam, gőrüp bilýän täsinligiñem çäkli. Onsoñ Dürdäneden türkmen tebigatynyñ ähli gőýzelligini, türkmen halkynyñ aýratynlygyny, onuñ milligini bize ýetirip biljek adam tapyp bermegini haýyş etdik. Seniñ bize aýdyp berýän zatlaryñ türkmeniñ őzboluşly üýtgeşik tebigaty deýin ýakymly. Dogrusy, tanap ýoluna gideliñ diýeniñde, beýle gőzelligi gőreris diýip gümanam etmändik. Tanap ýol, adatça, belent-belent daglaryñ garly başynda gurnalýar. Siziñ tanap ýoluñyzyñ gurnalyşam, onuñ tőwerek-daşam tutuşlygyna ýakymly aýdym ýaly bolup, jana lezzet berýär. Gőrsene, ho-ol, aşakdaky süri-süri bolup otlap ýőren keýikleri. Biziñ ilde beýle owadan jandary gőrmek çetin. Siziñ atlaryñyzam, itleriñizñm owadan. Olardan gőzüñi aýryp bolanok. Atlaryñyz diýsene. Dogrudanam olar behişti bedewler bolaýmasyn. Adam eli bilen dőredilen zada-ha meñzänok. Men onuñ sőzüni bőldüm. - Türkmen dünýäsiniñ aýratynlygy hem şonda-da. Seredip otursañ, biziñ ähli milli gymmatlyklarymyzda ata-babalarymyzyñ ryhy dünýäsiniñ bir bőlejigi jemlenendir. Ynha, men ilkinji baran ýerimizden başlaýyn. Myhman indi meniñ sőzümi bőldi. - Duruñ, duruñ... Olar barada men aýdaýyn. Ýañy aýtdym-a biz dünýäniñ gaty kőp ýurtlarynda bolduk diýip. Şonda Erem bagyna çalymdaş çeýilgählerem gýrdük. Ýőne siziñki ýaly tebigatyñ ajaýyplygy bilen adam zähmetiniñ őzboluşly sazlaşygyndan dőrän sungaty gőrmändik. Şol sazlaşyk siziñ halkyñyzyñ ruhynda bolmaly. Ýogsam ähli ýerde, ähli zatda ony şol ajaplygynda saklamak añsat däl. Ine, giden baýyrlyklarda adam eli bilen dőredilen tokaýlyk. Őzem ol ne tokaýlyk. Arassa, owadan arçalaryñ gőm-gők őwsüp oturan tokaýlygy diýsene. Olaryñ aşak etegini bolsa tutuşlygyna gyzyl gülälekler tutupdyr. Men bir zady gőz őñüne getirýän. Gyşyñ őrküjinde petde-petde bolup gaçýan akja garlara bürenende bu gőrnüş nähili gőrke gelýärkä. Megerem, gőrmäge gőz gerek diýilýän ajaýyplyk dőreýändir şonda. Siziñ ak mermere bürenen şäheriñizi, onuñ elwan güllerden jäheklenen kőçelerini gőrenimizden, eýýäm üýtgeşik bir dünýä düşendigimizi duýduk. Gőrüp otursak, ajapdan ajaby, gowudan gowusy bar eken. Biz siziñ ýurdyñyza-da, halkyñyza-da, üýtgeşik tebigatyñyza-da aşyk. Aşyk kalbyñ talabyny ődeýşiñizem, gőrýän weli, üýtgeşik ýaly... Men olaryñ degişmesine degişme bilen jogap gaýtardym. - Seresap boluñ, türkmeniñ ähli zadyna teşne bolan aşyk kalbyñyz sizi birden heläkläýmesin. Sebäbi henize çenli dünýäniñ syýahatçylarynyñ türkmene, onuñ dünýäsine aşyk bolmadygy az-azdyr. Onsoñ birden sizem bu mekana, by Watana, bu halka aşyk bolup, őz iliñizi unudaýmañ. Meniñ sőzlerim olaryñ ikisinem heýjana saldy őýüdýän, ikisi iki ýerden. - Haý-haý, Jemal, duraweri. Biz aşyk bolsagam, erkimizi elden berýänlerden däldiris. - Onda siz tüýs ýürekden sőýmäni başarmaýan bolmaly. - O näme didigiñ. - Eger siz türkmeniñ topragyna, tebigatyna, onuñ dünýäsine hakykatdanam aşyk bolsañyz, onda bu erde hemişelik galmaly bolarsyñyz. - O nähili galmalymyşyk, - Şeýle-dä. Biziñ däbimize gőrä, gőwün beren ýeriñde ýaşamak eşret hasap edilýär. Olaram menden kem galmadylar. - Geliñ, onda bir zady gürleşeliñ. Siz bize türkmen topragynyñ ähli ajaýyplyklaryny gőrkezýäñiz, ýurduñyzyñ ähli ýerine aýlaýañyz, şeýdibem biziñ mährimizi türkmen gőzelliginden gandyrýañyz. Soñunam gýrüberýäs-dä. Razymyñ. Men az salym oýlanyp durdum. - Näme, biz size agyr ýük urdukmy. - Ýok, ýok. Gep onuñ agyrlygynda – ýeñilliginde däl-de, elimiñ degjegine-degmejegine bagly. Zähmet rugsadym gutarýança, men siziñ ygtyýaryñyzda. Gaýta “hem daýymlara giderin, hemem taýyma baş őwredeýin” diýlişi ýaly, türkmen topragynyñ aýratynlygyny, gaýtalanmaz gőzelligini hem size gőrkezerin, hemem őzüm şol gudrata tagzym ederin. Ala baharyñ hoştap howasyny dag eteginiñ güneşli meýdanynyñ üstünden őwüsýän adaja şemal hasam ýumşadýan ýalydy. Gülleriñ ysyndan, guşlaryñ şadyýan sesinden kalba üýtgeşik mähir guýulýan ýalydy. Gőr-ä, enaýyja guş jagazlar bagry hijran oduna ýanan gälälekli meýdanyñ üstünde çar ýana ganat kakýarlar. Akly-gyzylly kebelekler, balarylar şol gülälekli meýdanyñ gőzelligini goşalandyryp, pyr-pyr pyrlanýarlar. Bu gőrnüşi synlap, mährini gandyryp bilmän duran myhmanlar meniñ ünsümi bőldüler. - Jemal, biz şu ýerden entekler gitmäliñ-le. Şu gőrnüşi synlamak, şu howadan dem almak juda ýakymly. Dogrusy, şu pursat őmrülla gutarmasady diýdirýä. Jana tenekar howañyz bar eken siziñ. Her gezek dem alañda tutuş gursagyñ giñäp gidýän ýaly. Gőwnüñe bolmasa, dem alýan howañ bilen türkmen topragynyñ mähri-de kalbyña ornaýan ýaly bolup dur. Őz mährem topragyñ barada őwgüli sőzleri eşitmek, ne ajap. Men şatlygymam, diýaryma buýsanjymam gizlejek bolmadym. - Şonuñ üçinem türkmeniñ dana ogly Magtymguly “Eşit adam, dogan ilden gaýry mähriban ýurt bolmaz” diýipdir. Bu diñe gőbek gabyñ daman topragy hakynda aýdylman, hut şu topragyñ mähri barada aýdylan bolmaly. Siz entek biziñ iliñ tebigatynyñ diñe bir kinniwanja, őrän ujypsyz bőlejegini, has dogrusy, diñe bir gyrajygyny gőrdüñiz. Őzem siziñ bu synlaýan lälezarlygyñyz adam eli bilen őzgerdilen ýerler. Hut tebigat tarapyndan eçilen gőzelliklerimiz sanardan kän. Meni howsala salýan zat - siz ol ajaýyplyklaryñ hemmesini gőrüp ýetişmezmikäñiz diýýän. - Biz saña ýap - ýañy aýtdy-ga, türkmen topragynyñ ähli ýerini aýlanýançak, gaýtjak däl diýip. Indi bar gürrüñ-gep sende. Sen bizi őz ülkäñe aýlap, onuñ ajaýyplygyny gýrkezmeli. Elbetde, bäş müñýyllyk taryhy bolan halkyñ gadymy ýadygärkikleriniñ kőpdügine-de ynanýarys. Men ilgezik jogap gaýtardym. - Men siz bilen gezelenje taýýar. Siziñ bahar tüýs gül açanda geleniñiz jüpüne düşüpdir. Sebäp şu dőwürde türkmen tebigaty hut gelin-gyzlarymyzyñ müñ bir hőwes bilen dőredýän sungaty - ajaýyp halylara meñzeýär. Ho-ol, baýyrlaryñ eññidini gőrýäñizmi. Nähili owadan. Dogrusy, deñeşdirme-de tapyp bilemok. Adaja şemalyñ ugruna yranýan gülälekler, jümjüme gatyşykly dürli güller ajaýyp bir mukam çalýana meñzeýär. Meniñ saz hakyndaky ýatlamam olary hasam gyzyklandyrdy. - O nähili mukam. Diñläp bolmazmyka. Men magnitafonyñ burmasyny towlap goýberdim weli, simfoniki orkestryñ çalmagynda “Goñurbaş mukamy” gümmürdäp başlady. Sazyñ şirin owazy belent baýyrlaryñ depesinden aýlanyp, zaw-zaw bolup ýatan jülgelere dolanda, jümjüme gatyşykly goñurbaşlar iki ýana çalaja yrañ atyp, üýtgeşik bir gőrnüşe girdi. Indi dogrudanam, hut şu pursatyñ kalbymda, nazarymda baky galmagyny isledim. Sazyñ bir peselip, bir beýgelip gidýän owazy tutuş älemi janlandyrýan ýalydy. Ygşyldap oturan goñurbaşlaryñ bu sazy hut őzleri çalýan ýalydy. Ho-ol, beýlede, gül-gülälekli sonarlykda süri-süri bolup agyp-dőnüp ýőren keýik sürüsi bu mykama jadylanan ýaly gőrünýärdi. Bir pursat men őz myhmanlarymy unydyp, tutuş durkum bilen sazyñ dünýäsine siñdim. Meň üçin bu mukam hut türkmen sährasynyñ müñ bir őwüşginli owazy bolup dünýä dolýardy. Derýalaryñ őz gőzbaşyny terk edip bilmeýşi ýaly, menem şu dem ne ýaýylyp ýatan gülzarlykdan nazarymy sowup bilýärdim, ne-de şirin mukamdan aýñalyp. Şol jadylanan ýaly bolup durşuma sazyñ gutaranyny-da, myhmanlaryñ ho-ol beýlede baýryñ eteginde gül ýygyp ýőrenini-de duýmandyryn. Dyzyña ýetip duran jümjümeleriñ, gülälekleriñ ygşyldysy sőýgüli ýaryñ pyşyrdysy kimin şirinlige őwrülip, tutuş dünýäñi gozgalaña salýardy. Bu gőrnüşe läle-reýhan baýyrlyklaryñ gőzelligi goşalanyp, kalbyñy heýjana getirýärdi. Hut şu dem çagalygyma dolanyp, gül-gunçalaryñ üstünden çar ýana yglasym, belent baýyrlaryñ depesinden ho-ol aşaklygyna gülälekli jülgelerden togalanasym geldi. Ýőne men bu hőwesimi bőkdäp, ygşyldap oturan gülleriñ gőwsüni ýaryp, myhmanlarymyñ ýanyna bardym. Bu meýdanlaryñ olary jadylaýşy-da, onuñ meñ őrkümi őrkleýşinden pes däldi. Ikisi őzara ümmüldeşip, aldygyna gül ýygýardylar. Sary, ak, gyzyl güller jümjümeleriñ enaýyja reñki bilen gatyşanda ajaýyp bir çemeni emele getirýän eken. Men olaryñ sähra güllerinden çemen baglaýşyna, biri-biriniñ başyna çemenli halka őtürişine syn etdim. Türkmen tebigatynyñ gudratyny gőrsene. Nirelerdendir bir alys ýerlerden gelen myhmanlary őz gőzelligi bilen őrkledi goýaýdy, bu toprak. Men őz ýanymdan olaryñ bagtyýarlygyna guwanyp durşuma bu iki juwany türkmen topragynyñ mähriniň jadylandygyna düşündim. Olar indi bu gőzellikden mähirlerini gandyrmak üçin şu lälezarlygyñ süññüne siñmek isleýärdiler. Joşup gelen baharlarda bu topragyñ őwüşginini synap, her gezek onuñ bir bőlejigini kalbynda alyp galýan türkmen üçinem gaýtalanmajak bu pursatyñ myhmanlaryma neneñsi täsiriniñ bolandygyny soraman biläýmelidi... Ogulgerek USSAÝEWA. | |
|
√ Kakamyň synaglary / hekaýa - 18.12.2024 |
√ Şahyr / hekaýa - 17.11.2024 |
√ Martyň bir güni / hekaýa - 20.07.2024 |
√ Durmuşyň kanuny / hekaýa - 09.10.2024 |
√ Ägä bolmaly / hekaýa - 15.09.2024 |
√ Halasgär barsyň hamy / hekaýa - 24.06.2024 |
√ Leýlanyň taryhy / hekaýa - 11.01.2024 |
√ Ýene haýwanam diýjeksiň... - 05.10.2024 |
√ Ýolbars / hekaýa - 17.12.2024 |
√ Gamyş köpri / hekaýa - 26.11.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |