11:01 Gyrmyzy bägüller -6/ romanyñ dowamy | |
24.
Romanlar
Lageriň düzgünine laýyklykda, wagtal-wagtal ýokardan dürli matlaply barlagçylar gelýän ekeni. Olary öňi bilenem agtatorlar, lektorlar, kinofilmler, hususanda KWÇ-niň öz geçirýän medeni çäreleri, onuň kitaphanasy arkaly her bir bendiniň öz günäsine görä terbiýelenişi we onuň näderejede maksadalaýyk, guramaçylykly alnyp barlyşy, ýerine ýetirilişi hem-de netijeleri gyzyklandyrýan ekeni. Mysal üçin, agyr ýa ýeňil, tapawudy ýok, jenaýat edip düşen bendi zonadan gidýänçä öz eden işiniň telekdigine, ogurlyk edip düşen bolsa özüniň nadan adam ekendigine, döwletiň hazynasyna el uran bolsa partiýa we hökümete hyýanat edendigine, dini wagyz etmek bilen bagly bolsa diniň adam üçin tirýekdigine, Hudaýyň ýokdugyna düşünen bolsa, şol zatlara düşünendigini öz agzy bilen aýdyp, özüni şeýle derejä ýetirendikleri üçin ýolbaşçylara minnetdarlyk bildirse, onda naçalnikleriň gowy işländikleri, KWÇ-niň öz borjuny berjaý edendigi bolýar ekeni. Egerde şolar ýaly dereje gazanylmadyk bolsa, onda naçalnikler gowy işlemändirler. Günäkärleri terbiýeläp gowy netije gazanyp bilmändirler. KWÇ terbiýeçilik işlerini gowy alyp barmandyr. Medeni çäreleri ýeterlik derejede geçirmändir. Umuman, iş bitirmändir. «Pylan bendi ýekeje gezegem KWÇ-ä barmandyr, gurnaklara gatnaşmandyr, kitap alyp okamandyr, gazet-žurnallara seretmändir, bir gezek kino barypdyr, onda-da žurnaly başlanandan uklap galypdyr, sen şu zatlary görmän, bilmän nirä seretdiň, ýa sen olary diňe urup-sögüp terbiýelejek bolduňmy...» diýen ýaly, aram-aram gaýtalanyp duran soraglaryň atam babatda öz öňünde-de keseräýmeginiň ahmaldygyndan howatyr eden Baçinskiý, atamy araky gynamalarynyň salan ýaralaryndan saplap, baraga ibereninden soň, günübirin Reşit agany ýanyna çagyrypdyr. «Nazarowy KWÇ-ä çekdiň, gowy etdiň, ýöne, barlap gördüm welin, ol okanok. Emma okamaly. Goý, okasyn! Düşünjesini arassalasyn. Okap bilmese-de okasyn. Iň bolmanda ýazylsyn. Ýa-da özüň kartoçkasyny ýöret. Özüne-de aýt, namazyny goýsun. Il deňinde işe çyksyn. Kommunizmiň ýeňjekdigine ynansyn. Howwa, şeýt, ýogsam ikimize-de gep geler...» diýipdir. Elbetde, Reşit aga atama Baçinskiniň ol sözlerini sypaýyçylyk bilen ýetiripdir. Mundan artyk naçalnikler bilen kejeleşmezligini haýyş edipdir. Hudaýam seň ýagdaýyňa düşünmän duran däldir. Ýagdaýa görä boluber...» diýipdir. Ýöne... Ertesi gün Reşit aga atam bilen bolan gepleşigiň netijesini aýtmak üçin ýanyna baranda Baçinskiý onuň ýüzüni sallap gelşinden berjek habarynyň manysyny aňypdyr. Reşit aga agzyny açyp-açmanka maşyk burnunyň ganatlaryny ýelledirip, gözlerinem çerreldipdir: «A çto? Opýat «Allahu akbar» da?» Reşit aga kynlyk bilen başyny atypdyr. Baçinskiý eşidiler-eşidilmez: «Nu, togda pust pinaýet na sebe...» diýipdir-de, indi bir edişime seret, diýýän manyda uludan demini alypdyr. *** Şol günüň ertesi, hemmeleriň işe giden, Reşit aganyňam haýsydyr bir tabşyryk bilen bir ýerlere ugralan wagty, barak naçalnigi Iwan Iňkowyň görkezmesi boýunça, ýene-de şol Saşok bilen Ýura ikisi baraga gelip, sen-men ýok, atamy südenekledip alyp gidipdirler. Atam ýene-de özüni çukura gömen, çelekde togalan ýerlerine alyp barýandyrlar, ýene-de öňküleri ýaly bir mojuk jeza berjekdirler öýdüpdir. «Gu-ut, Gu-urt...» diýip, töweregine delmurypdyr. Ýöne, konwoýlar ony näme üçindir KWÇ-ä eltipdirler. Şu ýerde KWÇ-niň ýerleşýän edarasy barada iki agyz söz. Gurt aga öz hakydasyna daýanyp KWÇ-ni şeýle suratlandyrdy: «...Biri-biriniň içinden geçýän iki otagdan ybarat kitaphanasy, sahnasyna türkmenlerde «göle çeýnän» diýlip atlandyrylýan galyň ýalpyldawuk, gyzyl, mahmal matadan perde tutulan, onçakly uly bolmadyk tomaşa zaly bar. Kitaphana otaglarynyň diwarlaryny içi her hili kitaplardan doly tekjeler tutýar. Ikisiniňem ortarasynda Baçinskiniň kabinetindäki ýaly üstüne ýaşyl begres ýapylan uzyn stol dur. Olaryň biri başynda oturyp kitap, gazet-žurnal okamak üçin, beýlekisi küşt, şaşka, domino oýnamak üçin niýetlenen. Tomaşa zalynyň we kitaphananyň girelgeleri aýratyn bolup, olaryň ikisem, jaýy deň ikä bölýän koridoryň töründe, garşylyklaýyn ýagdaýda ýerleşýärler. Tomaşa zaly elde ýasalan, uzyn-uzyn hersinde bäş-alty adam ýerleşjek tagta oturgyçlaryndan doly. Sahnasy pes. Şeýle hem giň däl. Onuň sag burçunda daşyna gyzyl elwan çekilen münber dur. Ol ― käte bir gelip-gidýän lektorlar üçin. Beýleki bir böwründe bolsa üstüne gara mata örtülgi pianino. Sahnada käte kino hem görkezilýär, ýöne, onuň üçin ýörite ekran ýok. Oňa derek gerek bolan wagty ak mata tutulaýýar. Käte, hususan-da döwlet baýramçylyklarynda, Reşidiň ýolbaşçylygynda, KWÇ-niň öz güýji bendiler üçin konsert taýýarlanylýar. Onda her kim öz başarnygyna görä goşgy okaýar, aýdym aýdýar, saz çalýar, hatda degişme sahnajyklary hem goýulýar. Oňa gatnaşýanlaryň tas, hemmesi diýen ýaly Reşidiň şägirtleri. Hut şol zatlar bilenem, olar öz üýşmeleňleriniň üstüni ýapýarlar. Şolaryň arasynda Mämmet ikimizem bar. Ýöne biz hiç zada goşulamzok. Hiç zat başaramzok. Ikimizem sungatdan daşdaky adam. Biz ol ýerde gury san. Reşidiň şägirtleri dürli milletlerden bolansoň, olaryň konsert programmaly hemişe gyzykly geçýär. KWÇ diňe agşamlaryna we dynç günleri işleýär. Egerde isleseler naçalnikler KWÇ-ni ýapdyryp, Reşidi gerek bolan başga bir işleri üçin ulanyp bilýäler...» *** ...Şol gün konwoýlar atamy eltenlerinde, Iňkow eýýäm KWÇ-niň öňünde çilim kükedip dur ekeni. Ýüzi-gözi gaharly, maňlaýy bäş büklüm diýýä. Nämäniň şanyna beýle bezenendigi belli däl, egninde-hä «halpy-solpurak» diýmeseň ak, ýakasy ondanam ak täzeje tulup, başynda-da şol kysmy ak telpek, bilem çigni üste aşyrym kemerli diýýä. Konwoýlara gözi düşenden ol ernindäki papirosyny eline alyp,bir gyra pitikläp goýberipdir-de, gapyny zarp bilen açyp, jaýyň içine girip gidipdir. Tomaşa zalyna baryp, onuňam sahnasyna çykypdyr. Yzysüre giren konwoýlara «üm» edip, atamam şol ýere çykardypdyr-da, ondan «tigir» ýasamaklygy buýrupdyr. Ýura-ha näme diýlenine düşünmändir welin, «Dawaý, Ýura, dawaý...» diýip, elbetde, öňden düşündir-dä, Saşa dessine işe girişipdir. Umuman şeýle: Atamy arkanlygyna ýatyrypdyrlar-da, iki elin-ä gapdallaryna, iki aýagynam jüpläp, topuklaryndan sarapdyrlar. Soňam göwresini iç tarapyna epläp, kellesinem ki dabanynyň arasyna sokupdyrlar-da, berk daňypdyrlar welin, özboluşly «tigir» emele gelipdir duruberipdir. Iňkow olara tabşyryk beripdir-de: «Ine, indi boldy. tigirläbermeli. Tema öňki: Tä toba gelýänçä eňteriberiň «Dada» geldigem ylgap baryp naçalnige habar edersiňiz, bolany...» Ýura ýaýdanjyrap: «Nirede tigirlemeli» diýip sorapdyr. Şeýle wajyp meseläni ýerine ýetirýändigi üçin, Saşokdanam beter begenýän, şular ýaly zada höwesek Iňkow aýagy bilen sahnanyň «jygyldap» duran agaç düşegine depipdir. «Ine, şu ýerde tigirläň! Dar görseňiz oturgyçlary aýryň-da, zalda tigirläň. Onda-da bolmasa koridora çykaryň! Ýöne, daşary çykarmaly däl. Hiç kime görkezmeli däl. Bu ýere bolsa bu gün hiç kim gelmez. Daşynda konwoý durar. Nahara-da gezekleşip gidersiňiz. Bendiler işden gelmänkä-de, baraga eltersiňiz» diýeninde dagy öz-özüne buýsanmakdan ýaňa gaňşyrawugy tütäp, gözlerine ýaş aýlanypdyr. Derrewem tabşyrygy ýerine ýetirendigini buşlamak üçin Baçinskiniň ýanyna ugrapdyr. 25. ...Tä, agşama çenli tigirleselerem, konwoýlar atamdan «gaýtmyşym» sözüni eşitmändirler. Günortan Saşok nahara gidende Ýura atamy «tigirlemändir». Özem gapdalynda oturyp garaçyny bilen: «Starik, dawaý soglaşaýsýa da... Zaçem tak muçuýeş sebýa» diýip, telim gezek dagy töwella edipdir. Eşiden jogaby welin bir: «Allahu akbar...» Ýaman dert olar kelleleriniň gyzgynyna agşamyň düşeninem, bendileriň işden gelşip ugrandyklarynam bilmändirler. Iňkow gelip: «Men size näme diýdim? Siz nämüçin henizem bärde?» diýeninden soň düşünip galypdyrlar, telek iş edendiklerine. Oňa çenli beýleki rotalaram, gelşip, «patda-pat» gara maşynlardan düşüpdirler. Zonanyň gündogar burçundan süýrenişip gelýän şahtaçylaram görnüpdirler. Olaryň hemmesi iki sany konwoýyň atamy germesatan edip alyp barýandyklaryny görüpdirler. Aýaklarynyň ädilmeýäninden, kellesini dik tutuş bilmeýändiginden, boýnunyň bir tarapa «şalkyldap» ýatandygyndan çen tutup, bendiler goja türkmene ýene bir agyr jezanyň berlendigini çaklapdyrlar. Olaryň arasynda «hyşy-wyşy» gürrüňler başlanypdyr. Birdenem duran-duran ýerlerinde doňup galypdyrlar. Ne öňe, ne yza, hiç hili hereket bolmandyr. Özlerini alyp gelýän konwoýlaryň «haý-küşlerine» dagy gulagam asmandyrlar. Atama duýgudaşlyk üçin Baçinskiniň adyny tutup gygyryşypdyrlar. Ony gepleşige çagyrypdyrlar. Käbirleri bolsa öňe çykyp: «Doganlar! Bu doňuzlar bizi adam hasap edenoklar. Bendi bolsaň eden-etdilik edip ýörmelimikä diýýäler. Biziň üçinem kada-kanun, çäk bar ahyry! Nazarowyň gününe ertir islendigimiziň düşmegimiz ahmal. Çydadygyň saýam beter edýäler...» diýip, köpçüligi herekete çagyrypdyrlar. Paýyş-paýyş sögünenlerem bolupdyr. Tihomirow bolsa Baçinskiden adalaty talap etmekligi, gerek bolsa iş taşlaýyş geçirmekligi teklip edipdir. «Ýöne, bidüzgünçilik etmeli däl, ähli zat kanun esasynda bolmaly» diýipdir. Muny köpler goldapdyrlar. Başlangyç hökmünde-de baraga girmekden, nahara barmakdan, sanawa durmakdan ýüz öwrüpdirler. Ondan başga-da, duran ýerlerinde aýaklary bilen «tarp-tarp» ýer depip, gaty ses bilen: «Nazarowy gynamaňyzy bes ediň!..», «Kanuny äsgermezçilik etmäň» diýen ýaly şygarlar aýdypdyrlar. Gurt aga-da ur-tut, baraga girip atamyň ýagdaýyny görüp çykypdyr. Halynyň harapdygyny, hatda gürleşmäge-de ýaramaýandygyny köpçülige aýdypdyr. Ondan-mundan ylgaşlaşyp gelen konwoýlaryň öňkülere goşulmagy, hemmesiniň bilelikde ýaraglaryna ok sürüp, haýbat atmaklary bilenem ýagdaý gowşamandyr. Gaýtam ýitileşipdir. Eýýäm-haçan ganyň ysyny alan «ugolownikleriň» kalplaryna konwoýlaryň üstlerine çozmak, ellerinden ýaraglaryny alyp, soň tutuş lageri eýelemek, ondan soň Sloweskiniň beýleki lagerlerine tarap ýöriş etmek olaram basyp almak, Sloweskide özleri üçin awtonom oblast döredip, sowet hökümetine garşy uruş yglan etmek, daşary ýurtlardan kömek soramak höwesi döräpdir. Başga biri bolsa: «Şol işi wezipeli adamlaryň barysyny zamun almakdan başlamaly ― diýipdir. «Ýöne, olaryň onsy gury höwesden başga hiç zat däldi ― diýip, Gurt aga dädeme şol wagtky ýagdaýy düşündirdi. ― Birinjiden-ä olaryň maksatlary Mämmediň arkasyny almakdan däl-de, başga-başga zatlardan, jenaýat üstüne ýene-de jenaýat etmekden ybaratdy. Ikinjidenem olar ýaly topalaňjagazlaryň bolaýmagy lagerde hemişe-de göz öňüne tutulýardy. Ony ýatyrarlyk güýjem, ok-ýaragam lagerde ýeterlik bardy. Gerek bolsa naçalnikler beýleki lagerlerden goşmaça kömegem sorap bilýärdiler. Galyberse-de, olaryň aňyrsynda ullakan döwlet durdy. Hökümet bardy. On-on bäş sany konwoýyň elinden ýaragyny alanyň bilen edibiljek zadyň ýok. Onam alybiljekmi sen ýa ýokmy?... çünki, bendileriň köpüsi «ugolownikler bilen razylaşmaýardylar. Olar Tihomirow ýaly akylly adamlaryň «Talap etmeli, ýöne, kanunyň çäklerinde» diýen ýörelgesini goldaýardylar. Şonuň üçinem, «ugolownikleriň» turuzjak bolýan «oýunlary» özüňe goşmaça garamat gazanmakdan başga hiç zat däldi. Şol wagt edilmesi dogry bolaýjak bir zat bardy, o-da üýşmeleňiň gozgalaňa däl-de, Tihomirowyň aýdyşy ýaly, «kanuny», talaba öwürmek. Ýolbaşçylary gepleşige çykarmak. Baçinskiý ýaly ýelýüregräk naçalnikler üçin şonuň özem az zat däldi. Şeýtmekligiň ýeke-täk ýoldugyny ir bilen nirädir bir ýana gidişinden ýaňyja dolanyp gelen, bolan iş bilen habardar edilen, emma şol işiň KWÇ-de bolandygyndan şol wagt edil biz ýaly bihabar, Reşidem, onuň şägirtlerem goldadylar. «Blatnoýlaram» olara goşuldylar. «Ugolownikleriň ekabyrraklary garşy çykjak boldular, emma, Tihomirow bilen Reşit ikisi olaram köşeşdirmekligi başardylar. Oňa çenlem ýigrimä golaý ýaragly konwoýy we wezipeli adamlaryny yzyna tirkäp, Baçinskiý ýetip geldi. Sähelçe zoňtarlyk etse, bar zadyň bulaşjakdygyna akyly ýeten bolsa gerek, ol şeýle bir aljyraňňy görünýärdi welin, öňki gazabyndan, haýbatlaryndan dagy nam-nyşan ýok. Bendileriň ýer sarsdyryp, uly ala-galmagal bolup duruşlary hasam howuny basan bolsa gerek, gelenden soňam telim demini dürsäbilmän iki baka owsun atyp kän durdy. Ýüzüniň duw-akdygy ümüş-tamyşlykdan öçügsi çyranyň ýagtysyna-da mese-mälim bildirdi. Ahyram «has-has» edip durşuna: «Bu nämäniň alamaty? Nämäniň üýşmeleňi? Näme üçin siz ýeriňizde däl?... Size näme gerek?..» diýip, öňkülerine görä kän öçügsi gygyrdy. Araçy hökmünde Reşit öňe çykdy. «Biz bendi Nazarowyň meselesi boýunça gürleşmekçi. Egerde ol düzgüni bozýan bolsa, kanuny esasda çäre görmäge siziň hakyňyz bar. Ýöne ony beýdip, gynamalara sezewar etmäge hakyňyz ýok. Ol telim gezek siz zerarly ajalyň agzyna bardy. Häzirem ölüm halynda ýatyr. Biz ony konwoýlaryň bir ýerlerden süýrekläp getirendiklerini gözümiz bilen gördük. Ony günuzyn gynapdyrlar. Şolar ýaly zulum görýän bendiler başga-da köp. Ýagdaý mundan buýana-da dowam etjek bolsa, onda lagerde hakykatdan-da topalaň turar, ýokaryk arzalar ýazylar, şikaýatlar gönderiler...» Atyşyk, ölüm-ýitim bolmasa galan zatlara müň mertebe kaýyl bolup gelen naçalnik herrelmekden geçen, gaýtam Reşit bilen bada-bat ylalaşdy. Öňi bilen-ä özüniň bu zatlardan bütinleý bihabardygyny aýdyp, göz-görtele ýalan sözledi. Soňam ertirden başlap ähli zady hut öz gözegçiligine aljakdygyny, Nazarowly mesele bilen bolsa hut şu pursadyň özünde gyzyklanyp başlajakdygyny, günäkäriň kimdigini bilip, günübirin çäre görjekdigini aýdyp, boş wada berdi. «Ýöne, häziriň özünde dargaň, ýerli-ýeriňize baryň. Şeýtseňiz bujagaz «üýşmeleň üçin hiç kim size azar bermez, hiç kime administratiw çäre görmez...» diýdi. Elbetde, onuň ýalan sözleýändiginem, berýän wadalarynyň boşdugynam, günäkäri daş ýerden gözlemeli däldiginem, näme çäre görülmeli bolsa onuň hut özüne berilmelidigini, çünki lagerde baş naçalniksiz çöp başynyň gymyldamaýandygynam hemmeler bilýärdiler. Ýöne, her niçik hem bolsa Reşit aganyň aýdyşy, Tihomirowyňam tassyklaýşy ýaly, ýagdaýa görä bolmalydy, «doňzuň tüýüni tersine däl-de, ugruna tarap sypalamalydy». Emma, iki-ýeke bolsa-da, «ugolownikleriň» arasynda iki-ýeke Reşitdir ― Tihomirow bilen doly ylalaşmadyklaram, entek gylyçlaryny gynlaryna salmadyklaram bardy. Ine, şolar, meniň hut özümiň aňlyşyma görä, ýagdaýy bulaşdyrmak üçin ýörite, Baçinskiniň üstüne sürnüp başladylar. Ondan bolmajak zatlary talap etdiler. Ýaňy bir düzelip barýan ýagdaý hakykatdanam bulaşarly göründi. Şondan soň Reşit olar bilen aýratynlykda gürleşdi. Ahyram ylalaşdylar. Şeýle-de bolsa olardan biri henizem ýumruklaryny düwüp, dişlerini gyjap durşuna: «Wah, birtopar «gorra» bigaýratlar zerarly agzymyza gelenje aşy aldyrdyg-ow...» diýmäge ýetişdi. Ýöne oňa indi üns berenem bolmady. Aýdan sözleri hiç bir jähtden aýgytlaýjy rol oýnamady. «Blatnoýlar» şu üýşmeleňde hiç kimiňem tarapyny tutmadylar. Bu ýagdaý olaryň Baçinskiniň garşysyna-da, Reşidiň garşysyna-da gidesleriniň gelmeýändiklerini, aralyk pozisiýany saklamak isleýändiklerini aňlatdy». 26. «Düşünişeris», «düzederis» diýip, köpçüligiň öňünde söz berenem bolsa, zonada ýa erkinlikde bolsun, tapawudy ýok, ähli naçalnikleriň bolşy ýaly Baçinskem ne şol günüň ertesi, ne birigüni wadasynda tapylmandyr. Asyl tapyljak bolup barmagynam gymyldatmandyr. Bar eden zady: zonanyň goragyny güýçlendiripdir. Bendiler welin, şonda-da çydamlylyk görkezipdirler. «Sen şeýtdiňmi, ine bizem beýdýäs» diýp, onuň üstüne sürnübermändirler. Ýöne, bu işi boş goýaslaram gelmändir. Reşit aga, Tihomirow ýaly ekabyrlar bilen maslahatlaşaga-da, iş taşlaýyş yglan edipdirler. Beýle zada garaşmadyk Baçinskiniň gonjuna gor guýlan ýaly bolupdyr. Şeýle-de bolsa: ylalaşyga gitsem ýeňildigim bolar diýen pikire uýup, gele-gelmäne olara haýbat atypdyr, gorkuzjak bolupdyr. Iş taşlaýyşyň guramaçylaryna sud edip, ýyllaryny köpeltjekdigini, katorga iberjekdigini aýdypdyr. Emma o hilesem başa barmandyr. Sebäbi bendileriň barysy: «Biziň hemmämizem guramaçy», «Hemmämizem süräýiň katorga», «Bolmanda-da katorgaçylaryňkydan gowy däl günümiz» diýşip gygyryşypdyrlar. ...Baçinskiý: «Düýn-öňňin-ä üýşmeleň, bu günem iş taşlaýyş, bu gidişine gitse gozgalaňam daş däl» diýip, oýlanypdyr-da, bu zatlaryň barmaly ýerine baryp ýeten güni öz donunyň bendileriniňkidenem öňürti biçiljekdigine göz ýetiripdir we ýene-de eglişige tarap bir ädim yza çekiläýenini, bu gezegem hilegärlige ýüz urýanyny kem görmändir. Şonuň üçinem, aýak üstünden egindeşleri bilen maslahat geçiripdir. Soňam bendilere ýüzlenip: «Siz nähak howlugypsyňyz. Men hiç zady ýadymdan çykaramok. Beren wadalarymyň üstünde işläp ýörün. Näme diýen bolsam şo-da bolar, ertire çenli sabyr ediň, häzir bolsa işe çykyň...» diýipdir. Bendiler bu gezegem onuň bilen ylalaşmaly bolupdyrlar. «Ýarym güne ýaryş ýok, garaşmaly bolsa garaşaýarys» diýipdir. Ertesi Baçinskiý hakykatdanam birtopar üýtgeşiklikler geçiripdir. Göz üçinem bolsa atamyň meselesi boýunça günäläp Iňkowy işinden aýrypdyr. Saşok bilen Ýuranam «samoohrankadan» boşadypdyr. Ýaraglaryny ellerinden alyp, özlerinem şahta iberipdir. Atamyň bolýan baragyndakylaryň nan kesýänlerinden başlap tä, dnewalnylaryna çenli täzeläpdir. Başky üçüsiniň işini suda berjekdigini aýdypdyr. Şeýdip, ýene bir gezek howpuň öňünden sowlupdyr, bir özi ak guş bolup galypdyr. Bendiler elbetde, onuň bu aýlawlaryna düşünmän durmandyrlar, ýöne, ylalaşaýmakdan başga alaçlaram galmandyr. Naçalnig-ä bendileriň talaplaryny berjaý edenden bolupdyr, bendilerem kanagatlanandan, ýeňiş gazanandan bolupdyrlar. Ýöne, her niçik hem bolsa, Saşogyň şol güne düşenine hemmeler begenipdirler. Şeýle hem şondan soň goja türkmene indi hiç kimiň agyr jeza bermejekdigine ynanaslary gelipdir. «Ýalanam bolsa hoş habar» diýlişi ýaly, şondan soň birbada lageriň tertip-düzgünleri hakykatdanam gowulaşan ýaly bolupdyr. Atama-da doly erkinlik berilmese-de, garaz, öňküleri ýaly her ädimde yzarlap, «blatnoýlary» küşgürip, urduryp-sökdürip ýörmelerini-hä bes edipdirler. Ýöne, bu zatlaryň wagtlaýynçadygyna, tupanyň öň ýanyndaky petişlikdigine hiç kim düşünmese-de Reşit aga, Tihomirow ýaly adamlar gaty gowy düşünýän ekenler. Her ädimlerinde öz adamlaryna: «Häzir boluň, gowy boluň, düzgüni bozmajak boluň» diýip, sargaýan ekenler. Atama-da: «Gözebaşa düşme. Namaz okaýanyňy bildirmejek bol. Bekine tutsa Baçinskiý bize eýgertmez» diýip sargaýan ekenler. Şeýle-de bolsa bar zat garaşylyşy ýaly bolupdyr. Ümsümlik uzaga gitmändir. Bendileri köşeşdirendirin, ynamlaryny doly gazanandyryn öýden Baçinskiý ýene-de gömülgen ýaly ýeriň asty bilen «müňňüldäp» başlapdyr. Iňkowyň ýerine başga bir Iňkow döräpdirm Saşogyň ýerine başga bir Saşok döräpdir, ýene biriniň ýerine ýene biri döräpdir, hemmesem biri-birinden beter, öňkülerdenem has zabun bolupdyr, garaz, hemme zat öňki-öňküligine baryberipdir. Çünki, birinjiden-ä şol orunlara Baçinskiý assyrynlyk bilen synaý-synlaý şolar ýaly bolaýjak adamlary goýupdyr, ikinjidenem bir wagtlar Tihomirowyň aýdyşy ýaly, şol orunlara baran adam islese-islemese şolar ýaly adamlara öwrülýän ekenler. Ýaňy bir ýagyrnysyna ýel çalyp ugran atamyňam güzerany ýene-de kynlaşypdyr. Ýöne, Baçinskiý näme etse-de öňküsi ýaly özi gyrasynda görünmezden, başga-başga adamlaryň üsti bilen edýän ekeni. Bir günem... 27. Şol gün ir bilen bendiler işe ugrajak bolup durkalar, bir konwoý ylgaşlap gelip, atamyň bolýan baragyna giripdir, sähelçe wagtdanam ony idenekledip alyp çykypdyr-da, zonanyň ileri çüňkündäki derwezä, şahta gidýänleriň üýşýän ýerine tarap alyp südenekledip ugrapdyr. Atam hatda köwşünem geýip ýetişmändir. Elinde ekeni. Sowuk ýere basybilmän üçürdikläp barşyna ol: «Gu-urt, Gu-urt, Redi-iş» diýip gygyrypdyr. Gitmejek bolup aşak çöküpdir, ýer bagyrtlapdyr, aslyşypdyr, konwoý bolsa ony tüpeňiniň gundagy bilen urup başlapdyr. Oňa gözi düşenden nyzama duran Gurt aga-da hatardan atylyp çykypdyr-da: «Nazarowy nirä alyp barýaň» diýip, konwoýyň yzyndan gygyrypdyr. Belli bir jogap alyp bilmänsoňam şol tarapa ylgapdyr. Geň ýeri, edil öň gepleşilip goýlan ýaly, beýleki bendilerem «alagüpürdi» bolşup, Gurt aganyň yzy bilen eňipdirler. Gitdikleriçe-de beýleki hatarlardan çykyp özlerine goşulýanlaryň hasabyna sanlary artypdyr. «Dur, ataryn!.. Budu sçitat za pobeg!..» diýip, başda Gurt aganyň yzyndan tüpeňini «şakyrdadyp» başlan ugradyjy konwoý indi tapeňiniň ujuny kime tarap çoçjaýtjagyny bilmän aňalyp galypdyr. Aljyraňňylyk beýleki konwoýlara-da ýetişipdir. Pytraşyp barýan bendileriň saklatmajakdyklaryna gözleri ýetensoň tüpeňlerini dik ýokary atyp başlapdyrlar. Şeýle zadyň ýüze çykaýmagynyň ahmaldygyny öňünden çaklandyr-da, şol wagt edil ýerden çykan ýaly bolup, ýap-ýaňyja ýeri gyratlap gelen çal dumanyň içinden yzynyň ona golaý konwoýy bilen Baçinskiý peýda bolupdyr. Ol bendileriň ýoluny kesipdir. Sag elini ýokary galdyryp: «Saklanyň!.. ― diýip, gygyrydyr. Teýlije ertirlik bilen, gyrjadanam ýüz gram ýelmän borly, howanyň sowukdygyna garamazdan onuň ýüzi derçiräp duran ekeni. ― Nirä barýaňyz?! Bu nä boluş? Hany, tertip?.. Hany, düzgün?..» diýeninde sesi hemişekilerinden has batly, dury çykypdyr. Iki aý şondan öňki tilkisiremelerinden dagy nam-nyşan ýok, diýýä. Gurt aga onuň alkymyna dykylyp: «Ýüzlenmäge rugsat ediň, Mark Lwowiç... ― diýipdir. Rugsat alandan soňam howlukmaç gürläpdir. ― Bizi Nazarowyň nirä alnyp barylýandygy gyzyklandyrýar...» Haýsydyr bir bendi bilen deň-derejede gepleşmäge, onuň talap şekilli ýüzlenmesine adam şekilli jogap bermäge hernäçe namys etse-de, Gurt aganyň ýeke däldigine gözi ýetip duran Baçinskiý bialaç sesini ýumşatmaly bolupdyr. «Nazarowy şahta iberjek. Tokaýa gitmek, agaç çapmak kyn bolýamy, goý, şahta girsin, kömür köwlesin... Hem-ä ol ýerde üşemez, hemem hak alar. Galanynam görüberis. Bu wagtlaýynça çäre... ― Onuň repide ýaly tes-tegelek ýüzünde rehimdarlyk röwüşleri peýda bolupdyr. ― Her bir bendä ata hökmünde garamak, ony goramak, aladasyny etmek, ýagdaýyna görä bolmak biziň borjumyz...» Elbetde, ol çäre kanuny zat. Oňa Baçinskiniň haky bar. Onsoňam bendi-bendi, naçalnik-naçalnik bolýar. Onuň bilen menjeşip ýa gepiňi gögertmek üçin gidişip bolanok. Şeýle-de bolsa, Gurt aga onuň ýakyn hossary hökmünde özüniňem atam bilen şahta iberilmegini haýyş edipdir. Hiç kim onuň bu haýyşy kanagatlandyrylar öýtmändir. Emma naçalnik hemmeleri geňler galdyryp, Gurt aganyň haýyşyny kanagatlandyrypdyr. *** «Zonanyň daşyna aýlanan tikenekli simiň Gündogar ganatyndan çykan ýeriňde-hä bir wgatlar şahta girmek üçin ýörite gazylypmy ýa tebigymy, girelge ― ullakan gowagyň agzy ýaly deşik bar ― diýip, Gurt aga täze iş ýerlerine barýan ýoly suratlandyryp başlady. ― Ana, şol girelge arkaly gaty bir belent bolmadyk baýryň içine girip gidýäň. Baýryň üsti gyşyn-ýazyn gök öwsüp oturan gür hem gyrymsy agaçlardan doly. Gowak gitdigiçe çuňlaşýar. Ýüz metr çemesi aşak ineniňden soň, hälki girelgeden düşýän ýagtylygyň röwşeni kem-kemden kemelip başlaýar we bütinleý ýitýär. Daş-töweregiňi elhenç tümlük we aýylganç ümsümlik gurşap alýar. Şondan aňryk sag tarapy agaç germewli, çep tarapy kert gaýa, köpri şekilli ýol bilen ýöremeli. Germewli tarapyň uçut. Ana, şol hem bir wagt baýlykly şahtalaryň biri bolan. Soň ýokardan gelipmi ýa aşagyndan çykypmy ony suw basypdyr. Çöküpdir. Köräpdir. Durup diň salsaň aşakdan suwuň «şildirdisinem» eşitmek bolýady. Käbir gazetlerde-žurnallarda çykýan maglumatlara, okumyşrak adamalara ynansaň-a o dagy hiç, ýeriň astyndan hatda içi balykly köllerem, buzluklaram tapylaýýamyşyn. Mahlasy, şondan soň şahtaçylar ýaňky howply ýoluň üsti bilen aňry süýşüpdirler. Köne şahtany bolsa ýokardan hünärmenler gelip partlatmak we başga-da dürli usullary ulanmak arkaly howpsuzlandyrypdyrlar...» Gurt aga sözüniň dowamynda uçut tarapyna agaç germelen şol ýoluň ýene bir howply tarapy hökmünde ininiň şeýle dardygyna garamazdan, onuň üstünden wagonetkajyklar ýörär ýaly demir ýoljagazyňam çekilendigini aýtdy. Her kim öz köwlänje kömrüni şol wagonetkajyklara ýükläp, öz güýji bilen ýeriň ýüzüne çykarmaly, girelgäniň demirgazyk tarapyndaky «Lesopilkäniň» ýa-da käbirleriniň aýdyşy ýaly «Lesozawodyň» gabat garşysyndaky, gadymy gala kimin, gara seňňer bolup ýatan kömür üýşmeginiň üstüne dökmeli ekeni. Soň ony şol ýerden maşyna ýükläp golaýdaky demir ýol duralgasyna, ol ýerdenem otly bilen soýuzyň dürli künjeklerine ugradýan ekenler. *** Şahta ikisiniňem ilkinji gezek gidişleri bolsa-da, Gurt aga barybir ýene-de ekabyrlygy öz üstüne almaly bolupdyr. Atamy her dem gözden salmazlyga çalşypdyr. Iň kyn ýeri, onuň köwlän kömürlerinem özi daşaryk çykarmaly bolupdyr. Atamyň welin bar derdi kyblanyň haýsy tarapdadygyny bilmek bolupdyr. Asgyryp-üsgürip kömür köwläp ýörşüne, namazyny okamak üçin wagtal-wagtal çyranyň düşmeýänräk, garaňkydan-garaňky ýerlere sümlüp gidýän ekeni-de, entegräkdenem: «Gu-urt, dogrudyr-la... Dogry bolandyr-la... Kybladyr-la şo...» diýip, symyljyrap gelýär ekeni. Gurt aga-da her gezek: «Dogry, şol, Mämmet. Ýogsa-da, nädip bildiň, seň oň şodugyny...» diýse dagy: «Aý, adam pahyr neme-dä, Gurt, öwrenişilýä-dä...» diýip, bolubilenini bolýan ekeni. Duýýalarmy ýa duýanoklarmy, belli däl, näme üçindir «namaz okaýaň» diýip, konwoýlaram gönüden-göni azar-a berenok ekenler. Şeýdip, bir aýa golaý dyrjaşypdyrlar. Özlerem şeýle bir ýadaýan ekenler welin, agşamlaryna Reşit aganyň ýanyna gürrüňçilige barmana-da gurbatlary çatmaýan ekeni. Şonuň üçinem, köplenç üç-dört sany sopusyny yzyna tirkäp Reşit aganyň özi geläýýän ekeni. Bir günem ol atama: «Seniň şol ýerde-de namaz okaýandygyň konwoýlaryň üsti bilen naçalnigiň gulagyna degýä. Şonuň üçinem häzir bol. Gözüne çöp atyp, gizlinräk etmeseň, öňkülerindenem beter bir aýylganç jeza oýlap tapar» ― diýip, sataşaly bäri gör indi näçinji gezekdir, atama töwella edipdir. Ýöne, Gurt aga ýaly bu gezegem öň eşide-eşide gulagy kamata gelen sözüni eşidip oňmaly bolupdyr. «Allahu akbar...» Halys çekgä-dartga gelmeýändigi üçin, şol gezek Reşit aga-da atamdan gaty görüp, çykyp gidipdir. Ýolboýam siltenjiräp gaýybanasyndan käýinipdir. Baraklaryna ýetmänkälerem sopularyna eşitdirip: «Elbetde onuňky dogry, ýöne ýalňyş...» diýipdir. «Baçinskiniň uzak garaşdyrmajakdygyny menem bilýädim, indi onuň häsiýetine öwrenişerçe bolan Mämmediň özem bilýärdi. Emma geň galmaly zat ― göwresiniň şeýle ejizdigine, enjarsyzdygyna garamazdan, jeza güýçlendigisaýy onuň çydamlylygy artýady, ejizlemekden geçen, gaýtam gaýraty artýady, kalbynyň töründe bir ýerde tükeniksiz güýç, kuwwat peýda bolýady, ezýet çekdigiçe joşguny güýçlenip, buýsanjy artýady, dini-yslama bolan höwesi köpelýärdi. Şu barada söz açanymda ol bir gezek: «Gurt! Hudaý özüniňiň gowy görýän bendilerine jebir ýollarmyşyn. Her bir işiň lezzetem onuň öz berýän jebriniň içinde bolarmyşyn. Seň berýän soragyň jogabam şol bolaýmasa...» diýipdi». Baçinskiniň atamy gününe goýmajakdyga bendileriňem gözleri ýetýän ekeni. Olary barysy, hatda «blatnoýlara» çenli goja türkmeniň başyndan injek indiki tupana demlerini alman diýen ýaly garaşypdyrlar. *** Gurt aganyň aýdyşy ýaly, aýylganç bir wakanyň gopjakdygyny öňünden habar bermekçi bolýan ýaly, şol gün Günem hemişekilerinden has uly, ganguýma gyzyl, şol sebäplem iňňän gorkunç görnüşde dogupdyr. Gyş aýaklap barýanam bolsa, howa juda sowuk ekeni. Demirgazykdan öwüsýän sörtük şemal hatda ýerde ýatan gyraw gatyşykly doň, gyrpa garlaram öwdäp alyp üstüňe sowurýa, syrap gelip ýüzüňi-gözüňi dalaýa diýýä. Ýüregi bir zat syzan ýaly, şol gün Gurt aga-da ýoluň uçutly bölegine ýetmänkäler, atamy kolonnanyň orta gürpüne salyp, özi yzdan ýöräpdir. Emma näme üçindir konwoýlar atamyň yzky hatara geçmegini, Gurt aganyň bolsa öňden ýöremegini talap edipdirler. Şeýlelikde, atam gözegçisiz galypdyr. Birdenem... Birdenem yzky hatarlaryň birinde «güpür-tapyr» bolupdyr-da, Gurt aganyň gulagyna atamyň: «Gu-urt!» diýen çirkin sesi eşidilipdir. Hemme zat öňünden ölçelip-biçilen bolmaly, konwoýlar iňňän çalt we takyk hereket edipdirler. Yzyna garaý-garaý, hernäçe hüşgär gelýänem bolsa, aýgytly pursatda, öz aýdyşy ýaly Gurt aga gapyl galypdyr. Hatda, ylgap baryp, konwoýlaryň gollaryndan ýapyşmaga-da ýetişmändir. Olaryň atamy tüme konwoýlaryň öz elleri bilen, goltugyndan tutup zyňandyklaryna welin söz ýok. Oňa Gurt aga-da ynanýar, bendileriň içinde-de gören kän, ony Saşogam tassyklapdyr, ençeme ýyldan soň atamyň özem aýtdy. Göz açyp-ýumasy salymyň içinde turan goh-galmagaldan ýaňa atamyň näçe wagtdan soň ýere baryp düşeninem, ýagny, tümüň nägadar çuňlugynam kesgitläp bilmändirler. Kolonnanyň öňündäkiler-ä birbada näme-nämeleriň bolup geçendigini aňmandyrlar. Diňe aşakdan bir ýerden atamyň: «Allahu akbar...» diýen içi ynjydan hem sanjydan doly garjaşyk sesi eşidilenden soň: «Goja türkmeni tüme taşladylar», «Namartlyk etdiler», «Ol indi öler» diýşip, gygyryşypdyrlar we gyssanan wagty öz beýnisinden çakýan sary içýanyň guýrugy ýaly jaýtarylyp, yza serpigipdirler. Oňa çenli Gurt aga-da ylgap baryp, özüni atamy tüme taşlan konwoýlaryň üstüne zyňypdyr. Olaryň ikisem çaltlyk bilen yza çekilipdirler. Tüpeňlerini gezäp: «Stoý, strelýat budu!..» diýşip, haýbat atypdyrlar. Gurt aga-da biriniň tüpeňiniň nilinden tutaga-da, silkipdir welin, o-da mäşesi gaýtarylgy ekeni, göçäýipdir. Ýöne, bir gowy zat hiç kime degmändir. Öňden jaýtarylyp gelýän «guýrugyň» üstaşyry tümüň depesi bilen «juw-w-juw» edip, allaowarralara bakan çawup gidipdir. Gurt aga tüpeňi bir gyra taşlapdyr-da, ýene-de ellerini serip konwoýlara topulypdyr. «Şol wagt men näme etjegimem, näme etmelidigimem bilemokdym. Mämmed-ä ýok! Ony halasam edip bolanok. Konwoýlara näme etsemem özüme zyýan boljakdygam aňyma gelenok. Egerde, şol wagt çemini tapyp, konwoýlaryň biri tüpeňiniň gundagy bilen çat maňlaýyma ýelmemedik bolsady, onda nämeleriň üstünden barjakdygym belli däldi» diýip, Gurt aganyň özi howpurgap oturyşyna aýtdy. Şol aralykda kolonnanyň öňünden barýan konwoýlaram gelip ýetişipdirler-de, tüpeňlerine ok sürşüp, ýokary atyp, käbirlerini gytyzraga-da ýaralap, bendileri saklapdyrlar. Şol wakadan soň bendiler işe tarap ädimlerinem ätmändirler. Hernäçe sürjek bolsalaram netije bolmandyr. Birnäçeleri götergiläp Gurt agany baraga alyp gidipdirler, käbirleri bolsa germewden ýapyşyp duruşlaryna tüme tarap ýapyrylyşyp, atamyň adyny tutup gygyryşypdyrlar. Wagty bilen ses bermänsoň ony ölendir öýdüpdirler. *** Gurt aga agşamaralar özüne gelipdir. Görse barakdaky narasynyň üstünde arkan düşüp ýatan ekeni. «Maňlaýym çat açyp ýarylyp barýa...» ― diýip, Gurt aga hamala şol wagt ýarylan ýaly ýüzüni çytyp, sag eliniň aýasy bilen maňlaýyny tutdy. ― Kim getiripdir, nädip getiripdirler, bilemok. Ýüzüm-gözüm ýuwlupdyr, maňlaýym saralypdyr. Näme däri-derman edilipdir, ýa hiç edilmänmi, onam bilemok. Daş-töweregime göz aýlasam her kim bir zada güýmenip otyr. Öler öýdüp «iman» okaýan bolsa gerek, Reşidiň şägirtlerinden biri agzynyň ýetişibildiginden samraýa. Özüme gelenimi görüp ol elini ýüzüne syldy-da, öňküsini goýup, megerem diriler üçindir başga bir doga okap başlady. Beýlekilerem «gürre» ördüler-de, daşyma üýşdüler. Eşidip otursam meni esasan, bir-ä orta boýly, diýseň daýanykly, murty gapak ýaly, asly ukrainaly Aleksandr Şerbakow, şeýle hem Omsk şäherinden, milleti gazak, tegelek ýüzli, gyýak gözli, ölemen çilimkeş, özem örän sowatly Bahyt ikisi gezek-gezegine götergiläp diýen ýaly getiripdirler. Elbetde arasynda beýlekilerem kömek edipdirler. Ganymy ýuwup, maňlaýymy daňanam şolar ekeni. Tebipçiligem edilipdir. Öz-ä görnenok welin, men ol işi bitiren Gaalbatyrdyr öýtdüm. Bendileriň gelişleri ýaly Baçinskiniň kontorasynyň agzyna ýygnanyşyp miting geçirendiklerinem şolardan eşitdim. Olar Baçinskini gepleşige çagyrypdyrlar. Emma ol çykmandyr. Oňa derek ähli konwoýlar üýşüp bendileriň ýerli-ýerlerine barmaklaryny talap edipdirler, güýç ulanmak arkaly üýşmeleňlerini dargadypdyrlar. Şolar ýaly maglumatlardan soň men ýene-de özümden gidipdirin». Gurt aga soňky gezek özüne gelende, gapdalynda Reşit aga-da otyr ekeni. Ol: «Hemmesini eşitdim. Bolmandyr. Egerde ölmän ýere düşen bolaýanlygynda-da, Baçinskiý ony diňe «dada» gelip, haýyş bilen gygyranynda çykarar, ondan bärde çykarmaz. O-da şol ýerde öler welin «dat» edip gygyrmaz. Baçinskä bolsa «gaçjak bolanda atyldy» diýäge-de, onuň ölümini resmileşdiräýmek galýa. Hut şol niýet bilenem ol ony şeýden bolmaly. Çünki, ol indi ondan ýadady. Üstesine, «konwoýlara topuldy, hüjüm etdi» diýen toslama bilen saňa-da azar bererler, iň bolmanda, «izolýatora» ýa «karsere» salarlar» diýipdir. *** Reşit aganyň aýdyşy ýaly, şondan soň köp wagt geçmänkä, aýaga galanyny bilip, Baçinskiý Gurt agany ýanyna çagyrypdyr. Gapydan girenindenem stolunyň aňyrsynda ýapyrylyp oturyşyna barmagyny çommaldyp, pessaý ses bilen, ýöne, diýseň, hökümli: «Kak ty posmel?.. ― diýipdir. ― Sen Nazarowy gaçyrmak üçin konwoýlara hüjüm edipsiň-ä... Men bolsam seni onuň ýanyna düzelmäge kömek edersiň öýdüp goşupdym... Aý, ýaý, ýaý... Aý, ýaý, ýaý...» Gurt aganyň: «Nazarow gaçanok, graždanin naçalnik, konwoýlar ony tüme taşladylar» diýenlerine dagy gulagam asmandyr. Asla, şondan artyk gepleşesem gelmändir. Ýerinden turup, gözlerinem Gurt aganyň sargyly maňlaýyna dikipdir-de: «Ohrana-a!..» ― diýip, gygyrypdyr. Eli ýaragly konwoý gapydan girenindenem: ― W izolýator ýego... ― diýip, gygyrypdyr. Endigine görä, aýagy bilen ýer depipdir. Ýöne, näçe wagtlykdygyny aýtmandyr. Onuňam sebäbi, Gurt aganyň öz çakyna görä, eden «etmişi» üçin Baçinskiý ony sud etdirmekligi we tä derňew gutaryp goşmaça ýyl kesilýänçä şol ýerde saklamaklygy ýüregine düwen bolmaly. *** «Izolýatora» düşen adamy içki eşiginde saklamak asylam lageriň içki düzgünleriniň biri ekeni welin, Gurt agany gijäniň bir wagtlary sülçiniň ýanyna soraga äkidenlerinde-de şol durşuna alyp gidiberýän ekenler. Üstesine, idili soragam etmän, derhal yzyna getirýän ekenler. Ýaňy bir ýerine geçip, ymyzganyberende ýene-de hiç zat soraman yzyna getirýän ekenler. Şeýdip, uzynly gije ukudan goýup, degnaňa degip, ýadadanlaryndan soň, adam pahyr halys surnugyp näme diýseler «howwa» diýip, nirä diýseler şol ýere gol çekip duran bolýan eken. «Sülçi diýeniň öz etrabyňky bolsun, Sibiriňkiler bolsun, tapawudy ýok, hemmesiniň heňi bir ekeni...» diýip, Gurt aga janyndan syzdyryp aýtdy. Ýöne, Gurt agany şol gezek geň galdyran zat ― «günäsi» üçin ony üç aý möhlet bilen, «Adatdan daşary kyn şertlerde, beden hem ruhy taýdan azap beriji zähmetlerde ulanmaly» diýip, gysga wagtlyk jeza üçin ýörite ulanylýan ýere ― «Ştafizo» ugratmaly edipdirler. Telim ýyly boýnuma goşmaga ýükleseler gerek, diýip, gara gaýga galyp oturan Gurt aga ojagaz üç aýy dagy uly höwes bilen kabul edipdir. Ýöne, «izolýatorda» soraga gatnap geçiren üç aýynam şonuň hasabyna goşupdyrlar-da, ony asyl «Ştafizo» äkitmän, izolýatordan çykyp, göni öz baragyna gidibermeli edäýipdirler. Gurt aganyň begenjiniň çägi bolmandyr. «Her näme diýselerem, nirede bolsa-da, sähelçejik hem bolsa, kanunyň adam üçin işleýän ýerlerem bar ekeni» diýip, Gurt aga şonda uly kanagatlanma bilen iki çigninden sowuk dem alyp oturyşyna aýtdy. «Ştafizo» sözüniň manysyny welin ol düşündiribilmedi. Sebäbi özem düşünmändir. Sorasa-da düşündirmändirler. «Ujyz gutuldyňmy, gidiber, nämäň-nämedigi bilen işiň bolmasyn» diýipdirler. Sözlük baryny agtaryp, şol sözüň manysyny menem bilip bilmedim. Şu wagtam bilemok. «Izolýatordan» çykyp, göni baragyna barybermeli edilenine Gurt aga edil öýüne goýberilen dek begenipdir. Barşy ýalam barakdadylardan atam barada sorapdyr. Olaram: «Şahtaçylar bir zat bilýän bolaýmasalar...» diýipdirler. Şondan soň ol KWÇ-ä, Reşit aganyň ýanyna ugrapdyr. Hal-ahwal soraşanlaryndan soň Gurt aga oňa-da şol soragy beripdir: «Biziň barakdakylar-a: «Ölen bolaýmasa» diýýäler, diýipdir. «Bizem başda şol pikirdedik ― diýip, Reşit aga giňgöwrümlilik bilen gepläpdir. ― Ýöne, on gün töweregi wagt geçenden soň göwnüme bir zat gelen ýaly boldy-da, şahta gatnaýanlaryň birinden deňine baranda adyny tutup gygyrmagyny haýyş etdim. Özüňem türkmençe gygyr, «Mämmet dirimisiň» diý. Şeý diýseň Gurtdur öýdüp ses berer, bolmasa direm bolsa bermez, diýdim. O-da agşamlyk ýanyma geldi-de, ýuwaşlyk bilen: «Ses berýä...» diýdi. «Hemmelerem eşitdilermi?» diýdim. «Howwa, hatda konwoýlaram eşitdiler. Özlerem onuň heniz bolup ölmändigine gaty geň galdylar» diýdi. Şondan soň men şahtaçylaryň ýene üçüsine ýüz tutdum. Kartoşkadyr ― şugundyr gabyklaryny, kelem ýapraklaryny, başga iýer ýaly zatlardan näme ellerine ilse jübülerine salyp gidip, şol ýere baranlarynda konwoýlara bildirmän aşak oklamaklaryny haýyş etdim. «Lezozawodyň» işgärleriniň arasyndaky tanyşlaryma-da şeý diýdim. Bir aý geçensoň adyny tutduranymyzda-da ses berdi. Düýn-öňňinlikde-de şoň şo ýere düşenine ylaýyk üç aý boldy. Oklanýan zatlar bilen mydar edýändir-dä, ol henizem ses berýä. O barada eýýäm bütin lager gürrüň edýä. Naçalnikler-ä şonuň adam çagasydygyna-da ynanmajak bolýarlar». *** Atamyň ölmändigine, iň bolmanda: «Waý, meni bu ýerden çykaryň, men namazdan ýüz öwürmäne razy» diýip, günübirin gygyrybermändigine hemmeden beter Baçinskiý geň galypdyr. Ynanmajak bolupdyr. Çünki, öňem telim jezalar çekip halys egbarlan, zandam bir ejiz, gowşajyk görünýän adam düýbi görünmeýän şol tümlük ummanynda üç aý-a däl, üç gün, üç sagat çydap oturybiler diýselerem ynanar ýaly däl diýýä. Şonuň üçinem, atamyň gaýtmyşym edip gygyranyna ol hut şol günüň, şol pursadyň özünde, iň bolmanda ertesi garaşypdyr. Asyl onuň atamy ol ýere taşlatmagynyň sebäbem, Reşit aganyň aýdyşy ýaly, atamdan öler ýaly basylandygyndan, ýadanlygyndan bolmaly. Ony terbiýelemekdenem, şoň üsti bilen özüne abraý gazanmakdanam elli bazar, dynsa kaýyl bolan bolmaly. Tümden gorkup toba gelse-hä geleni, gelmese-de şol ýerde ölüp galar, menem «gaçjak boldy, atyldy» diýäge-de resmileşdirerin, şeýdibem dynaryn öýden bolmaly. Çünki, şol döwür lagerlerde gaçany üçin bendä sudam edilmeýän ekeni, artykmaç ýylam kesilmeýän ekeni. Ýa-ha tutan, tapan ýerlerinde atyp gaýdýan ekenler, ýa-da zona getirip: «Izolýatora girjekmi ýa ýumruk iýjekmi» diýip özünden soraýan ekenler. Gaçgaklaryň aglabasy soňkusyny saýlap alýan ekenler. Atam welin indi gaçgagam däl, ölem däl, dirileriň arasynda-da ýok. Zonanyň sanawlarynda-da ady bar-da, özi ýok. Ýaman dert ol indi: «Çykaryň!» diýip, gygyrmakdan geçen, gaýtam çykmak hakda pikirem etmeýäne jeza diýlip berlen çäräni gaýtam, özüne pena saýýana meňzeýär. Baçinskiý öňküdenem beter kyn güne galypdyr. Ýagny, atamy bütinleý elinden sypdyrypdyr. Oňa hiç hili kär edibilmeýän, çäre görübilmeýän ýagdaýa düşüpdir. Egerde ol o ýerde bütinleý galsa, özem ölmese, onda Baçinskä nämeleriň garaşýandygyny öňünden aýtmak kyn. Şonuň üçinem ol Gurt agany ýanyna çagyrypdyr-da, ýene-de şahta gatnamalydygyny, egerde dilini tapyp obadaşyny ol ýerden çykarmaga kömek edibilse, gözden salmajagyny aýdypdyr. Gurt aga oňa atam bilen gürleşmekligiň peýdasyzdygyny, aýdyljak zatlaryň öň onsuzam aýdylandygyny naçalnige düşündirjek bolupdyr. «On fanat. Goworit s nim bespolezno...» diýipdir. «Ýene bir gezek gürleş. Radi menýa. Radi obşego delo» diýip, Baçinskem bir depen ýerini depip durupdyr. Gurt aga nälaç ylalaşmaly bolupdyr. Ertesi işe barýakalar, atamyň taşlanan ýerine ýetenlerinde, Gurt aga agaç germewden ýapyşyp, tümlüge tarap egilipdir-de: «Mäm-me-e-et...» diýip, ýuwaşja seslenipdir. Sebäbi, ol ýerde gaty gygyrmagyň geregi ýokmuşyn, daş-töwerek edil hammamdaky ýaly ýaňlanyp durmuşyn. Şol sebäplem, Gurt aga şeý diýenden, edil komanda berlen ýaly, şahtaçylaryň barysy birden sakga saklanypdyrlar-da, tiňkelerini tümlüge tarap dikipdirler. Gurt aga-da gulagyny garaňkylyga gerip, bütin durky bilen diňşirgäp durmuşyn. Onuň öz sözleri bilen beýan etsek, şol wagt onuň ýüregi tas, ýarylara gelen ekeni. Wagty bilen jogap bolmansoň-a hasam egbarlapdyr. «Germewden elim sypyp, özümem tümlüge tarap gidip barýan ýaly boldum» diýende, dogrusy oturan ýerimizde dädem ikimizem gorkup başladyk. Tamasyny tas üzeňkirläberendenem, tümüň düýbünden: «Gu-urt...» ― diýen, Gurt aganyň özüniňkidenem has ýuwaş owaz çykypdyr. ― Bu senmi-i...» Bütin kolonna bir pursadyň özünde ölä jan giren ýaly bolupdyr. Hemmeler birden: «has-s...» edişip uludan demlerini alypdyrlar. Gymyldy, hereket, «gowur» başlanypdyr. Milletine, dinine, ýaşyna garamazdan, atamyň diridigine hemmeler begenipdirler. Gurt aga ýene-de: «Taplar ýagşymy-y...» diýipdir. Atam: «Allaha şükür...» diýip, jogap beripdir. Gurt aga Baçinskiniň sargydyny iki agyz sözde atama ýetiripdir. «Tümden çyksaň bolýa, başga iş buýurjak däl» diýýä, diýipdir. Garaşýan jogabynam alypdyr: «Allah keremdir. Kimiň näme etjegini diňe şol biler». Onuň şol sözleriniň aňyrsynda nämeleriň ýatandygyna gaty gowy düşünýän Gurt aga germewden gaýra çekilipdir we göwünli-göwünsiz, eýýämhaçan ýöräp ugran kolonnanyň yzyna düşüpdir. *** Şol gün agşamlyk Baçinskiý ýene-de Gurt agany ýanyna çagyryp, atamyň näme jogap berendigi bilen gyzyklanypdyr. Gurt aga sessiz-üýnsüz başyny ýaýkapdyr. Baçinskiý onuň ýüzüne naýynjar garapdyr. «Beýdip, ölümine kaýyl bolup oturary ýaly ol ýerde onuň näme bähbidi barka?» Gurt aga eglenmän: «Erkinlik bolaýmasa...» diýipdir. Baçinskiý süýem barmagynyň ujuny stolunyň üstüne dikleýip diräpdir. «Erkinlik ine, şu ýerde Ýeriň üstünde. Aşagynda bolsa ölüm, ýokluk bar. ― Birdenem ol gözlerini «çerreldip» Gurt aga seredipdir. ― Ýogsa-da, ol şu çaka çenli näme iýip-içdikä? Aç-suwsuz nädip oňduka? Gurt aga-da ýüregindäkini aýdypdyr. «Dini-ygtykada bolan yhlasy, Hudaýa bolan söýgüsi saklan bolaýmasa...» «Egerde men seni o ýerde-hä däl, şu ýerde, şu kabinetiň içinde on gün aç saklasam Hudaýa bolan söýgiň bilen oňup bilermiň?..» «Gürrüň men hakda gidenok, Mark Lwowiç, men dindar däl. Nazarowyň başaranyny men başaryp bilmen...» Baçinskiý indi süýem barmagynyň ujuny gapa tarap çommaldypdyr. «Ma-arş!.. Siziň hiç biriňizem oň eşek däl!.. Ýöne, men sizden oň eşek ýasamaly borun. Ýasarynam! Seň ojagaz mollajygyňy men ol ýerden çykararynam, mugyra getirerinem!.. Nädersiň ýene-de üç aýdan soň KWÇ-äniň konsertinde «Kompartiýa hakynda kontata» aýdyp duran bolaýsa!..» Gurt aga iň soňky sözünem aýdyp galaýanyny kem görmändir. «Nazarow indi gelmez. Ol ýerden çykmaz. Ol hak jaýyna, hak eýesine gowuşdy». «Hak jaýyna, hak eýesine adam diňe ölüp gowuşýandyr. Men basym oňa onam görkezerin... Indi bolsa bar, ýok bol, gözümiň öňünden... *** Gurt aga ol ýerden çykyp göni öz bolýan baragyna barypdyr. Görse, Reşit aga özüne garaşyp otyr ekeni. Ol oňa atamyň ýagdaýlaryny, Baçinskiniň aýdanlaryny gürrüň beripdir. Reşit aga az-kem böwrüni diňläp, dymyp oturanyndan soň uludan demini alypdyr. «Sen ýaňy Baçinskä dogry jogap beripsiň. Mämmet indi ol ýerden çykmaz. Çykarjak bolsalaram çykmaz. Şol ýerde ölüp galar welin, çykmaz. Şahtanyň ötlem-ötlem damarlary indi ony hiç kime bermez. Baçinskiniň iň uly ýalňyşlygy şol. Jezanyň iň ulusyny berjek bolup, ol oňa kömek etdi. Maksadyna ýetirdi. Gözüni gorkuzjak bolup bagt guşuna atardy. Tüme taşlap ýagtylyga çykardy. Ine, Mämmediň gazanan zady...» Reşit aga bilen Gurt aga ikisi şondan soň öz dostlary bilen maslahatlaşyp, atamy tä ölýänçä iýmit bilen üpjün edip durmak barada maslahatlaşypdyrlar. Onuň haçanam bolsa öljekdigine, elbetde, hemmeler ynanýan ekenler, ýöne, haçandygyny welin... *** ― Şeýdip, aradan alty aý geçipdir ― diýip, ara düşen böwşeňlikden soň režissýor sözüni dowam etdirdi. ― Atam welin şonda-da onuň sesine ses berýän ekeni. Onuň iru-giç öljekdigine ynanýanlar indi onuň hiç haçan ölmejekdigine ynanyp başlapdyrlar. Baçinskiý bolsa öň atamy özüniň haraý islärine garaşan bolsa, indi ony nädip şahtadan çykarmagyň aladasyny edip ugrapdyr. «Şol deýýus bir ýerden yş tapyp, girip-çykyp ýören bolaýmasyn» diýip, bütin sebiti barladybam çykypdyr. Konwoýlary sallap şahtanyň içinem barladypdyr. Emma, hiç birindenem netije bolmandyr. Onuň indi iň bir ýaýdanýan zady ― diri adamy nädip «öldi» edip, resmileşdirip boljakdygy ekeni. Elbetde, ýokarda aýdyp geçişim ýaly ony «gaçjak boldy» edäge-de, tekizläp goýberibermeli, egerde ölenine gözüň ýetse. Ýöne, ol ölenok-da! Diri-dä! Büý-ä öldi etse, o-da ertir «zompuldaga-da» bir ýerden çyksa, ber habaryňy...» Tümüň içine gözlege iberilýän konwoýlar bolsa her gezek: «Tapmadyk...» diýşip gelýälermişin. Şolaryň agyzlaryndan sypdyrmaklaryna görä, öňä suw zerarly, soňam şahtany köretmek üçin geçirilen partlamalar sebäpli ber-bibat bolan şahtanyň öňüni-soňuny, başyny-aýagyny saýgarar ýaly bolmandyr. «Bir adamy dagy şol ýere leşger salanyňda-da tapyp bolmaz» diýip olaryň barysy biragyzdan aýdypdyr. Garaz, şol ýerden atamy gözländen, bededen iňňe gözläniň aňsatmyşyn. Öz gollaryny, jaýryk-diliklerini aýlawlaryny, öwrümlerini hasap etmäniňde-de, suwuň ýasan gor-gorlaram, hür-hürlerem darawlaram ýeterlik diýýä. Konwoýlaryň şol ýerden bar bilip gelen zatlary o-da atamyň aşak oklanan ýeriniň çuňlugy on mertden kän däl ekeni. Ýöne, birazajyk «şybyljagrak», suwlurak diýýämeseň, ýeri gatymyşyn. Gyýçak-gyýçak kömür daşlaryndan ybarat bolmagam ahmal. Şol çuňlugyň çyna golaýdygyny soň-soňlar, atamyň özem aýdardy. *** Baçinskiý başda atamyň açlykdan basymrak mugyra gelmegi üçin, bendileriň oňa hiç hili azyk oklamazlary ýaly, girelgäniň agzynda ýörite konwoý goýupdyr. Ýöne, o-da netije bermändir. Sebäbi, birinjiden-ä konwoýam bendilerden, olaryňam arasynda adamkärçiliklileri bar, ikinjidenem çemeni tapyp «Lezizawoddakylaram Reşit aganyň haýyşy boýunça tapdyklaryndan ony-muny oklaýan ekenler. Iň bolmanda: garaz, bir zada ulanarda, diýip, agaç ýonuşgasyny tokgalap zyňýan ekenler. Üçünjidenem, atamyň ol ýerden çykasynyň gelmeýändigine gözi ýetensoň Baçinskiý garawulyn-a bir aýrypdyr, üstesine oňa bir zatlar oklap durmaklaryny bendilerden özi talap edip başlapdyr. Şol ýerden sag-aman çykaryp, öňküsi ýaly sana goşubilse, galan derdeserlerine kaýyl bolupdyr. Bir, enjarsyz goja türkmen bilen bolan bu başabaş söweşde beýle çykgynsyz güne düşerin, diýip pikirem etmedik hökmürowan naçalnik öz etini özi iýip, gün-günden horlanyp başlapdyr. Bolýan zatlara hiç akyl ýetirip, düşünip bilmändir. *** Aradan iki ýyl geçipdir, ýagdaý welin üýtgemändir. Atam ölmändirem, ýokarygam çykmandyr. Gurt aga haçan seslense, o-da oňa jogap beripdir durupdyr. Şol wagtam ikinji jahan urşy turupdyr. Gurt aga çemini tapyp onam atama habar beripdir. Atam kimiň, kim bilen uruşýanynam soramandyr-da: «Alla keremdir. Her kim öz pälinden tapýandyr» diýipdir. Ýene üç ýyl geçipdir. Atamyň henizem Gurt aga «hä» berýänini edişip, gamça dönen Baçinskiý hut dälilik derejesine ýetipdir. Käte onuň ylgap baryp şahta giräýesi, agaç germewden ýapyşyp durşuna: «Nazarow! Men senden lüt basyldym! Ýeňildim! Ýöne, sen meniň halys öýümi ýykmajak, süňňümi gemirmejek bolsaň, gaýrat et-de çyk! Şeýtseň günübirin öýüňe ibererin!..» diýip, gygyraýarly görünýän ekeni. *** ...Bir günem Reşit aganyň kellesine: «Mämmede Kuran oklamaly» diýen pikir gelipdir. Şol pikiriň öň näme üçin gelmändigine welin özem düşünmändir. Onuň ol pikirini şägirtlerem, Gurt aga-da goldapdyr. Ýerli-ýerden begenişipdirler. «Eline Kuran düşse uly iliň içine baran ýaly bor» diýşipdirler. Kelamylla bilen birlikde çyra, otluçöp ýa çakmak, pelte, çyra üçin gapak, ýangyç ýaly zatlaryň gerek boljakdygam ýüze çykypdyr. Ýöne, köpçüligiň ýanynda bitmejek iş bamy? Hemmesem hasyl bolupdyr. Özleri ýasapdyrlar, ondan-mundan diläp alypdyrlar, garaz, sähel wagtyň içinde, gerek bolan zatlaryň barysyny taýyn edipdirler. Hünärli adamlardan haýyş edip, ýangyç salar ýaly tüňňür ýasadyp, içinem ýagdan doldurypdyrlar. «Lezozawoddakylara» agaç gapyrjak ýasatdyryp, ýagly tüňňürden başgasyny agaç ýonuşgasy bilen galaklap, şonuň içine ýerleşdiripdirler. Kurany Kerimiň daşyna arassaja, galyň mata orapdyrlar. Ähli hysyrdylardan dynanlaryndan soň, taýyn edilen zatlary «Lezozawoddakylara» eltip beripdirler we hiç kim ýokka, has gowusy gije, usullyk bilen aşak oklamaklaryny, oňarsalar-a ýüp bilen sallamaklaryny, ýere düşensoň ýüpem aşak taşlamaklaryny, «Mämmet al...» diýip, türkmençe gygyrmaklaryny haýyş edipdirler. Haýyş ýerine ýetirilipdir. Ertesi işe geçip barýakalar Gurt aga burnuna salybraga-da: «Aldyňmy-y...» diýip, hiňlenjirän bolupdyr. Atamam: «Hm-m...» etdiripdir. Ikisiniň näme hakda üýn alşandyklaryny töweregindäkiler aňmandyrlaram. Ýene bir gezek habarlaşanlarynda Gurt aga atama ikinji jahan urşunyň ýeňiş bilen tamamlanandygyny buşlapdyr. «Biz ýeňdik, gözüň aýdyň» diýipdir. Atam şonda-da biziň kimi ýeňendigimiz bilen gyzyklanmandyr. «Allahu akbar...» diýipdir bolany! *** Tüme düşenine jemi ýedi ýyl, diýlende atamyň sesi haýallap başlapdyr. Şahtaçylar şonda-da, şol bir eşidýän seslerini eşitmek üçin, her gün onuň deňinde aýak çekýän ekenler. Gurt aganyň sesine ses gelmese, hapa bolşup, aýaklaryny süýreşip sus halda ýollaryny dowam etdirýän ekenler. Ölendir öýdüp, öňden ýatanlar soňky gelenlere o hakda gussaly gürrüňler aýdyp berýän ekenler. Ses geläýse welin, uly bir şowhun turuzmasalaram «gümür-ýamyrlary» artýan, «hyşy-wyşylary» köpelýän ekeni. Ýörişleri batlanyp, şol günki işlerem has öndümli bolýan ekeni. Baçinskiniň welin, halys başy çaşypdyr. Aşaklyk bilen başga iş tapmanyň iş ýerini çalyşmanyň aladasyny edip başlapdyr. Şol ýerden sag-aman sypybilse, beýleki lagerleriň birinde «dnewalnyý» bolup işlemäne-de kaýyl bolupdyr. Ýöne, işiňi çalşaýanyňda-da, edil çopanyň sürini ýeke-ýeke sanap tabşyryşy ýaly, senem janly-jansyz, boýnuňdaky zatlaryň barysyny birin-birin tabşyrmaly ahyryn. Bendileriň sanam sanawdaka dogry gelmeli. Bar, sen-ä barlag wagty Nazarowyň ýerine başga birini durzup, ady çykanda «men» diýdirseňem, ýa-da: ol şu wagt syrkaw ýa ýene bir zat diýdirseňem bolar, ýöne, gideňsoň ýeriňe gelen adam biler-ä seň özüni aldandygyňy. Üsti açylar-a! Onsoň näme?.. Ine, şu oý-pikirler ony juda heläk edýär ekeni. Her gün agşam «Ertir-ä şu meseläni çürt-kesik çözerin» diýip, ýatýan ekeni-de ertir turan wagty ýene-de ertire goýýan ekeni. Ençeme ýyla çeken şu derseder onuň daşky keşbinem tanalmaz derejede özgerdipdir. Hatda lageriň içinde: «Naçalnik bejermesi kyn bolan erbet bir kesele sataşypdyr» diýen gürrüňem ýaýrapdyr. Horlanandygynyň üstesine boýam keltelipdir. Aýaklary dagy edil, döşünden gaýdýan bolaýypdyr-a! Adamçyl erkek ýaly dabanyny «pat-pat» ýere urup, «abyr-zabyrly» geplemesinden dagy derek galmandyr. Peträp duran gözleri dagy iki sany gyýajyk çyzyga öwrülipdir. Tes-tegelek ýüzi bolsa, kürede gowy bişmedik, jaýryk-jaýryk ak kerpije meňzäpdir. Onuň agyr syrkawdygy, belki, saglyk ýagdaýy zerarly ony wezipesinden boşatmaklygyň gerekdigi barada ýokarky edaralarda hem «hyşy-wyşy» gürrüňler başlanypdyr. Elbetde, bu zatlar onuň-munuň üsti bilen aýlanyp-öwrülip onuň öz gulagyna-da degipdir. Şony eşidip dagy ol halys nätjegini bilmän, bolmajysy bolupdyr. Kä säher sabadan turup, onuň goja türkmen Mämmet Nazar ogly bilen darkaşa giren gününe nälet okaýandygyny, ondan başda bir ok beräge-de dynmandygyna puşman edýändigini görenlerem, Hudaý bilen göreşip ýören halyna: «Eý, Hudaý-aý! Şol belaňdan dyndarsaň, galan ömrüme Seniň bardygyňa, beýikdigiňe şek ýetirmäýin» diýip, nalalar çekýändigini eşidenlerem bar. *** On ýyl diýlende atamyň sesi mahal-mahal ýitip ugrapdyr. On birinji ýylda asla ses almak kynlaşypdyr. Käte sese derek diňe «iňňildi» eşidilipdir. «Birnäçe gün ses alybilmän ýaýdanyp gezýädik... ― diýip, Gurt aga bokurdagyny dolduryp, dommarylyp oturyşyna zordan gepledi. ― Ind-ä ölen bolsa gerek, diýişýärdik. Käbirleri bolsa: «Hälem köp çydady bende. Ýöne, indi ony nädip adam şekilli jaýlap boljakdygy barada pikir etmek gerek» diýýärdi. Bu barada naçalnik bilen gürleşip görmekligiň aladasyny edýärdik. Şolar ýaly alasarmyk ýagdaýda gezip ýörkägem birden bir «iňňildi» eşidilýärdi welin, edil Mämmediň özüni gören ýaly bolýardyk. Begenýärdik. Haýalladygyça, onuň özem näme üçindir ses çykýan ýeri agaç germewe golaýlaşýady. Ýene bir golaýlaşýan zat bardy, o-da Mämmediň oturmaly möhletini dolduryp, öýüne gitmeli wagtydy...» Şonuň üçinem, Gurt aga bilen Reşit aga ikisi ahyrsoňy göwünlerini bire baglapdyrlar-da, atamyň soňky ahwalatlaryny Baçinskä birin-birin habar beripdirler. Ony ol ýerden çykarmaklygyň amatly pursadynyň gelendigini, asyl onuň özüniňem şol niýet bilen germewe golaýlan bolmagynyň ahmaldygyny, sanalgysynyň azalandygyny özüniňem duýan bolmagynyň mümkindigini, indi onuň gözlege baranlardan gaçmajakdygyny, bukulmajakdygyny, asla onuň indi eýdere ýagdaýynyňam ýokdugyny häzir ony diňe alyp gaýdybermekligiň galandygyny düşündiripdirler. Olaryň bu teklibini Baçinskiý ikelläp goldapdyr. Ýeke bir goldamagam däl, eýsem «garaçyny bilen begendipdir». Çünki, ol Mämmedi mugyra getirmek pikirinden bir wagtlar el çekipdi we öli bolsun, diri bolsun, tapawudy ýok, oňa indi Mämmet gerekdi. Ol onuň ýa özüni ýa maslygyny görmelidi. Diňe şondan soň ynjalyp biljekdi. «Bu onuň nijembir ýyl bäri ýetip bilmez arzuwy, alyp bilmez awudy» diýip, Gurt aga Baçinskiý bilen bolan şol gürrüňçiligi dädem ikimize aýratyn bir höwes bilen, nygtap-nygtap aýtdy. Şondan soň Baçinskiý şahta konwoýlaryň täze bir tapgyryny ýollamaklygyň aladasyny edip ugrapdyr. Ýöne, ol Gurt aga bilen Reşit aganyň özlerinem konwoýlar bilen bile gözlege ibermegini sorap eden haýyşlaryny welin kanagatlandyrmandyr. «Öň biriňizden agzym bişdi, besdir! Indi men ol oýny gaýtalap biljek däl ― diýipdir. Soňam şo-ol, gadymkyja endigi boýunça ysgynsyzlyk bilen ýer depipdir. ― Ma-arş! ― diýende sesi ondanam beter ysgynsyz çykypdyr. *** Gurt aganyň bize gürrüň berşi boýunça, bendileriň arasynda atamyň ykbaly bilen beýlekilere görä-de has içgin gyzyklanýan iki adam bar ekeni. Olaryň birä moskwaly, milleti jöhit, käri boýunça-da ýazyjymy, žurnalistmi, merkezi gazet-žurnallaryň redaksiýalarynda, neşirýatlarynda köp işlän, özüniň şapbat ýalyjak ilkinji kitaby üçin ýygnalyp, sekiz ýyl basylan, sakgally-murtly ýüzi-gözi, hatda syrdam boýam Isa pygamberiň gadymy, ýewropaly hudožnikler tarapyndan çekilen kartinalaryndaky keşbine meňzäp duran, haýaljakdan, ýöne, diýseň siňňitli gürleýän adamy ýa familiýasymy, Gurt aga ony ýadyna salyp bilmedi, hemmeler tarapyndan Arntols diýlip ýüzlenilýän kyrk bäş, elli ýaşlaryndaky kişi ekeni. Ikinjisi bolsa hünäri boýunça hakykatdanam wraç bolansoň, gelen gününden bäri Lazaretiň öňki wraç däl baş wrajynyň ornunda işläp ýören, kärine ökde bolsa-da, kimdir birine eden şowsuz operasiýasyndan soň, içigara kärdeşleri tarapyndan ýamanlanyp, sud edilen we on ýyl alyp gelen, atam dagy bilen deň-duşrak, arassa ors bora çemeli, jyrk sary, ýüzüne künji sepilen ýaly menek-menek, çypar adam ekeni. Ady Oleg, familiýasy Çumak. Odessada önüp ösendiginden şeýle hem familiýasyndan çen tutup, oňa ukraindir öýdýänlerem bar ekeni. Özünden sorasaň-a: «Aý, kakaýa raznisa...» diýip, elini silkip goýberäýýän ekeni. Ikisiniňem baranyna şol wagt ýaňy bir üç ýyl dolan ekeni. Geleli bärem atamly mesele bilen gyzyklanyp, günde-günaşa diýen ýaly Gurt aga bilen duşuşyp, pikir alşyp durýan ekenler. Asyl her günde bir maglumatjagaz almasalar ynjalybam bilmeýän ekenler. Sebäbi, Arntols-a atam bilen dirilikde duşuşyp, özi bilen ine-gana gürleşip, ol hakda gyzykly bir eser ýazmaklygy, Çumak bolsa şeýle geň ykbally adamyň beden taýdan beýle durnuklylygyny barlap, öwrenişip, medisina degişli ylmy bir iş ýazmaklygy arzuw edýän ekeni. Atamyň gözlegine konwoý iberjek bolýandygyny eşidip, atamyň şolar ýaly egbar ýagdaýda tapylyşyny onuň şol wagtky halyny gözi bilen görmek üçin, olaryň ikisem Baçinskiniň ýanyna ylgapdyrlar. Özlerinem konwoýlaryň ýanyna goşmagyny ondan haýyş edipdirler. Indi birneme jany ara girip ugran Baçinskiý Arntolsyň ýüzüne «hüžžerilip»: «Gapdalyňdak-a wraç, muňk-a düşnükli, galamyňy çoçjaýdyp saňa näme gerek? Onsoňam maňa goşmaça alada gerek däl. Kimi ibermeli, kimi ibermeli däl, onam özüm gowy bilerin, baryň, gaýdyberiň...» diýipdir. Umuman, ol ikisiniňem haýyşy ret bolupdyr. Şonda Çumak: «Isleseňiz, Mark Lwowiç, ýöne, wraç hökmünde meniň iki agyz aýtjak sözüm bar: «Konwoýlar ätiýaçdan ýanlary bilen köne-de bolsa, arassa mata-marlyk alyp gitsinler. Eger-de, Nazarow diri bolsa, her gatyny galyňdan tutup, ýedi gat mata bilen daňsynlar. Sebäbi, şonça ýyl şol ýerde Gün görmän ýatan bolsa, gözi gidendir. Birden ýagtylyga çyksa zaýalanar. Kör bolar. Soň bejerip bolmaz. Şeýdip getirsinler, galanynam görübereris...» diýipdir. Baçinskiý birmeýdan aşak bakyp, böwrüne diň salyp durupdyr-da, razylygyň alamaty hökmünde başyny atypdyr. | |
|
√ Ojak - 2-nji kitap -27: romanyň dowamy - 20.06.2024 |
√ Ojak - 1-nji kitap: roman - 24.05.2024 |
√ Bäşgyzyl -23: romanyň dowamy - 08.11.2024 |
√ Ak guwlary atmaň -9: romanyň dowamy - 05.06.2024 |
√ Jynlar bezmi ýa-da uly oýun -15: romanyň dowamy - 22.07.2024 |
√ Dirilik suwy -3: romanyň dowamy - 26.04.2024 |
√ Hakyň didary -6/ romanyň dowamy - 02.03.2024 |
√ Dirilik suwy -13: romanyň dowamy - 13.05.2024 |
√ Jynlar bezmi ýa-da uly oýun -4: romanyň dowamy - 08.07.2024 |
√ Derbi-dagyn: Meçik - 05.08.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |