20:55 "Gyzyl gül" / hekaýa | |
«GYZYL GÜL»
Hekaýalar
“Miras” radioýaýlymynda ýene-de şol şirin aýdym, Rejep Gylylowyň aýtmagynda "Gyzyl gül” ýaňlanyp başlady. Bagşynyň mylaýym owazy birbaş ýürege ýetdi. Ol şeýle bir şirinlik bilen aýdýardy weli, tutuş süňňüňi elendirip barýardy. Men bu bagşyny näçe diňlesemem onuň owazyndan ganyp bilemokdym. Her gezegem bagşynyň bu ýadymy meni ýaşlygymyza dolaýardy... …Her gün günorta arakesme wagty biz gyzlar bolup, aýallardan aýry oturardyk. Sebäbi özbaşymyza diňe gyzlar bolup oturmak hezildi, degşip-gülşüp ähli ýadawlygyňy unudaýarsyň. Çeper ejäniň gaýnadan çaýyndan bir çäýnek içilensoň, radiodan berilýän aýdym-saza gulak asardyk. Bir gün şeýdip otyrkak Aýgözel garaşylmadyk teklibi orta atdy. — Gyzlar, geliň, aýdym belleşeliň! Men hemmeden öň dillendim. — Birinji meňki! Gyzlar derrew “men-de men” boluşdylar. Ýaňlanyp duran aýdym gutardy. Diktoryň tutuksy sesi ýaňlandy. “Indi Rejep Gylyjowyň ýerine ýetirmeginde “Gyzyl gül” diýen halk aýdymyny diňläliň!” Gyzlar gyzyl-gyran gülüşdiler. — Boldy-da saňa! — Tüýs ýürejigini biläýdi! — Öňräkden başlamaly ekeniň, Aýgözel! Hakyt şaplaşaýdy-da! Garaz, gyzlaryň her haýsy bir zat diýdi. Meň weli iki gulagym radiodady. Her bir kakuwyna çenli belet sazym töweregi ýaňlandyrdy. Soňam bagşynyň ýürekden çykýan mylaýym sesi dünýämi gaplady. Oňa maýyl bolup oturyşyma oýlarym alyslarda at salýardy... Heniz mekdepde okap ýörkäk, ýigitler joralaryma söýgi hatlaryny ýazyp ugrapdylar. Näme üçindir meň olara gözüm giderdi. Özüme-de kimiňdir biriniň hat ýazmagyny isleýärdim. Emma müçenek ýalyjak garaja gyz oglanlaryň gözüne ilmeýän ýalydy. Näçe garaşsamam “söýýän” diýen bolmady. Meniň joralaryma görübilmezçiligim ýokdy. Ýöne jübütleri göreniňde kalbyňda turýan düşnüksiz harasat azara goýýan eken. Ýyllar geçip barýardy. Ýöne boýdaşlaň durmuş toýunda böwrüňde bu ünji bardygyny aç-açan duýdurýardy-da! Şol pille bagtdan galyp barýan ýaly duýgular kalbyňy ezmerläýän eken. Aýgözele näme gerek diýsene. Oraz bilen duşuşygyny süýjüdip bir gürrüň berýär weli, kemsinmäbilseň, kemsinme onsoň. Wah, ganarymy göterişen oglanam bir gezekden soň gara bermedi-dä. Öz-ä sypaýy ýigit eken oň. Meňem aýdyp oturan zadymy. Şäher oglanlary oba gyzyny halarmy diýsene! Gyzylgül, göwün ýüwrüdýäň-ow! Şol günem säher bilen ak patrak bolup oruran katranyň bir gyrasyndan girip, ak hanalary nebsewürlik bilen ýygyp başladym. Bu kartanyň gowaçasy düme bolansoň, hanalary beýlekilere garanda ownugrakdy. Ine, häzirem şunça haýdaýarmykam diýýänem weli, önýän zat ýok. Boýnumdaky fartuklary ýeke-ýekeden dolduryp, yzyma gaýtmak üçin bilimi galdyrdym. Ap-ak kartanyň aňry çetinden galyp barýan Gün ylla tamdyrdan ýaňy çykan tegelek çöregi ýatladyp durdy. Fartuklarymy ýygnap, ganarlara tarap ugradym. Meň goşlarymyň gapdalynda ýene biriniň zatlary ýatyrdy.Bu ýere pagta ýygmaga geleniň kimdigini bilmek üçin töwerege ser saldym. Eger-eger yns-jyns ýok. Ýöne ho-ol aňyrky kartadan gyzlaryň sesi eşidilýärdi. Uzak durman fartuklarymy boşadyp, yzyma dolandym. Giň kartanyň içinde ýeke- täk özümdim. Isle hiňlen, söýle-de sesiň ýetdiginden aýdyma gygyr, eşitjek ýok. Şu hyýallar bilen ýene ak hanalara el urdum. Şol mahal nirelerdendir bir ýerden bagşynyň hoş owazy eşidildi. Eý bady-saba ýetir, ol ýara sala-a-mymny, Hurşydy kamar ýüzli dildara sala-a-mmymny... Dikelip, töwerege göz aýladym. Janly jemendä gözüm düşmedi. Säher howasy sesi alyslardan getiren borly. Ünsümi başga ýana bölmän, ýene haýdap ugradym. Çaňňalaklaryň täsin şytyrdysynyň, gowaçalaryň sazlaşykly şygyrdysynyň arasynda bagşynyň sesi üzlem-saplam bolup gulaga ýetýärdi. “Hijran oduna ýanyp, örtendim geda boldum... Bir täze hahal erdim, soldum-da pida boldum...” Kalba hoş ýakýan bu aýdymy diňlemäge wagt ýok. Küýüm-küçäm özüni güjeňläp oturan ak hanalarda, pagtany Aýgözelden köpräk ýygmakdady. Birdenem bagşynyň sesi golaýjygymdan eşidildi. Bir dem diň saldym. Indi edil dilli tüýdük saýraýan deý ajaýyp mukam bagryňy dilip barýardy. Dikelip, ýene eýläme-beýläme esewan etdim. Asyl onuň nireden gelýänini, kimiň çalýanyny aňşyryp bilmedim. Belki, kimdir biri meniň elimi işden sowatjak bolýandyr öýtdüm. Men şu hyýallary serimde aýlap, ýene haýdap ugradym. Tä günortana çenli şol mukamdyr aýdym gezekli-gezrgine ýaňlandy durdy. Aýdymlar şeýle bir üýtgeşikdi weli, bagşy ýüregi bilen aglaýn ýalydy. Men aýdym näçe şirinem bolsa, onuň nireden gelýändigine, ony kimiň aýdýandygyna üns bermedim. Gaýta bu ýürege ýakymly aýdym bilen garyşyp çykýan owazyň ýaňlanyp durmagyny isledim. Onuň has gatyrak çykmagyny küýsedim. Aýdym-saz bilen işlemek juda ýakymlydy. Şeýdip haýdap ýörşüme günortan bolanynam duýmandyryn. Bir seretsem, kartaň gyrasynda Aýgözel ýaglygyny bulap dur. — A gyz, Gyzylgül, bu gün günortana çykjak dälmi sen? Düşelgä gelenimizde gyzlaryň hemmesi jemdi. Aýgözel menden öňürtdi. -Gyzlar, Gyzylgülüň näme üçin eglenenini bilýäňizmi? Hakyt bu pagtany aýdym bilen ýygýan eken. Saz diňlejegiňiz öýlän şo karta eňäýiň. Gyzlar heşerlendiler. -O nä saz, gyz? -Gyzylgüle hiňlenip berýän kim? — Asyl çüpeje karta diýmesiniň emmasy bar eken-ow munuň. Kartanyň gyrasynda durun weli, şeýle bir owaz eşidilýär, ol birden-ä mukam ýaly, birdenem bagşynyň owazy ýaly . Onuň şirinligini, hakyt siz goýaýyň. Esli mahallap onuň täsirinden çykyp bilman durdum. Bu zalym hem pagta ýygýar, hem saz diňleýär. Ahyry gygyrdym-da weli, içini ýakyp... — Kimiň içi ýanjagy belli-le. Gyzlar meniň daşyma geçdiler. — Kim gyz saňa heňjagaz edip berýäň? — Hüwdüleýändir muny. — Men nä bileýin. — At oýnatmasana. — Çynym bilen aýdýan. Men-ä adam görmedim. Aýgözeldir-dä. Köçeden geçip barýana-da buýurjak bu. Ynanmasaňyz baryp göräýiň. — Hemedan daş bolsa, kädi ýakyn, keýgim, öýlän ýeke giderin öýtme. Dem-dynjymyzy alanymyzdan soň, ählimiz çüpe karta ugradyk. Gyzlary yzyma tirkäp gitsemem gitdim weli, bükgüldim özüme ýetikdi. Saz çalýanyň bu gezek gyzlardan sypmajagy aýandy. Ala wagyrdy bolup kartanyň gyrasyndan girdik. Gyzlardan çete çekilmäge hyýallananymy aňan Aýgözel meni sypdyrmady. — Nirä gitseňem, yzyňdan galman. Sypjak bolup durma. — Aýdýanyň näme? Meň köpçülik bilen pagta ýygyp bilmeýänimi bilýäň-ä. Ünsüm gyzlara gidäýýä. Şoň üçin azajyk beýleräk çekileýin diýdim. Gorkma, saz çalynsa, ähliňize eşidiler. Göze görünmeýän adam diňe meniň gulagymyň düýbünde durasy ýok ahyry. — Ýekeje men ýygaýaýyn ýanyňdan. — Diňe fartuklary äkidip barýarkak gepleşmäge razy bolsaň, ýyg. Ýogsam gaty görme. Bir öýkelesem, bäri-bärde durman. Gyzlar her näçe garaşsalaram hiç zat eşidip bilmediler. Ertesi men ýene olardan aýryldym. Ilkinji fartuklarymy dolduryp, yzyma dolandym. Ganarymyň ýanyna ýetiberenimde tanyş saz gulagyma ildi. Diňşirgendim. Hakyt düýnki bagşynyň sesi ýaňlanýardy. Töwerek-daşda adam-gara görünmänsoň, üns bermedim. Ganarlarymyň ýanyna gelenimde geň galmakdan ýaňa egnimdäki fartugymy ýere oklanymy duýman galypdyryn. Ylgap baryp haltany galdyrdym. Görsem magnitofon. Çaky açylanyna köp wagt geçmändir. Zaryn owaz gutaryp, bagşynyň mylaýym sesi eşidilip ugrady. Onuň ýanyna baryp çök düşdüm. Bu syry biljek bolup ýarylyp barýan ýüregim oňa elimden öň uzan ýaly duýuldy. Magnitafonyň eýlesine-beýlesine seredişdirdim. Aýratyn bir bellige gözüm düşmedi. Aýdymy çyny bilen aýdýan bagşynyň owazyna gulak salmazlyk mümkin däldi. Bat öwsende bolupsyňyz çar-para, Hijran çekipsiňiz-ow, bagryňyz gara. Siz hem aşyksyňyz, belki, bir ýara, Gel, habyryň bergil, bize, gyzyl gül! Esli salymlap ýerimden galman oturypdyryn. Beýdip magnitofonyny taşlap giden kimkä? Meniň bilesigelijiligim ýüregimi tüýt-müýt etdi. Magnitafonyň sesini ýatyryp, kassetasyny çykardym. Eýlesinde-beýlesinde hiç hili üýtgeşik bir zat görmedim. Gaýta onuň ahyryna çenli diňläsim geldi. Belki, aýdymlar arkaly bu ýere magnitofon goýanyň kimdigini bilerin diýip oýlandym. Ol ahyry magnitofonyny almaga geler. Ýa gyzlaň ýanyna äkidäýsemmikäm? Ýok-la. Ýok ýerden gürrüňe galaýmaýyn. Hany, göreli, seni kim yzarlap gelerkä?! Bagşynyň owazy ýüregimi ersdirip, tutuş bedenimi galpyldadýardy. Eý, bady saba ýetir, ol ýara sala-a-mymny, Hurşydy kamar ýüzli, dildara sala-a-mymny... Bagşynyň ýürek paralaýjy owazyna maýyl bolup otursam, agşam gapanyň başynda gep eşitjegim ýadyma düşdi-de, magnitofony ýanbaşymdan asyp, keşi syryp ugradym. Indi ünsümiň köpüsi bagşydady. “Salamymnyň” yzyndan «Gyzyl gül” soňam «Çoh derde goýan ýarym» ýaňlandy. Aýdym meni şeýle bir özüne dartýardy weli, göýä bagşynyň özi garşymda özelenip duran ýalydy. Bu bolşum bilen Aýgözelden galjagymyň ujy iki däldi. Aýdym diňlejek bolsaň, fartugyňa idili pagta düşenok. Her näçe islemesemem, magnitafony ýapdym. Ýöne munuň bilen gutaraýmady. Gaýta şeýdip öz-özmi kösedim, indi aýdym küýsäp, içimi it ýyrtyp barýardy. Tizräk günorta bolmagyny, bu matalyň üstüniň açylmagyny isleýärdim Göwnüme bolmasa, bir hoş habara garaşýan ýalydym. Tolgunýardym, begenýärdim. Bu nämedenkä? Näbelli oglana söýgümikä? Kämillige ýeten gyzyň bagt hakyndaky ilkinji oýlanmalaryna erkimi aldyrdym. Oňa ýüregim ersip gitdi. Kimdir biriniň özüňi söýýändigini bilmek juda ýakymy eken! Bu duýgyň süýjüdigini. Edil şuş-şu mahal bir göwnüm kartanyň gyrasyndaky alaňa çykaga-da, şatlygyňy ile buşla diýýärdi. Birdenem, «Gyzylgül, duraweri, belki, seni saldarlap görýändirler» diýen pikir beýnimde at çapýardy. Magnitofony haltanyň aşagyna atyp, çaýa çykdym. Alasarmyk oýlardan aýňalyp bilemokdym. Muny ilki Aýgözel duýdy. — Her gün bir zat bolýa gyz, saňa. Ýene nämä uçradyň? Ýa bu günem aýdym diňlediňmi? Ýuwaşjadan «hawa» diýen yşaraty etdim. Ol çyny bilen sorady. — Kim ekeni? Näme egniňi gysýaň! Sesini eşidip, özüni görmezmiň? Şun bir sypdyrmaly däl ekeniň. Men özümi sowuk-sala alyp barmaga çalyşdym: — Haýsy bir aýdym aýdany yzarlaýyn. Goý, sesi gyrylýança aýtsyn, maňa näme! — Şo-ol «Gyzyl güli» zowlatsyn ýörsünmi? — Senem eşitdiňmi? — Näme ýüregiňi eliňe alýaň. Düýnki nämedi dagy! «Gyzyl gül» şol gaýtalandy durdy ahyry. — Men-ä aňşyrmandyrynam, aý bolýa-la, gel, şu gürrüňi goýaly-la Iki gün bäri bar işiňiz men bolaýdym. — Ozüň başlaýaň, ýene gaty görýäň, bolşuň nähili gyz, seniň. Diýmedigimiz. Onsoňam agyryňa çydasaň müň ýaşa. Meniň iýip-içibem keýpim bolmady. Ahyry Aýgözelden haýyş etdim. — Ýör, pagtany bile ýygaly-la. — Sen nähili gyz, Gyzylgül, bir görseň-ä ýeke ýygjak diýýäň, indem çagyryp dursuň — Bir zat görkezjek. — Çynyňmy? Näme ol? Şu wagt aýdaýsana. Bilesim gelip ýüregim ýarylyp barýa-da. — Barýançak ýarylasy ýok. Her näçe özelense-de, näme görkezjekdigimi aýtmadym. Barşyma haltany galdyrdym. Onuň aşagy boşdy. Men birhili boldum. Aýgözel näme-nämedigine düşünmänsoň, aňalyp durdy. — Hany ol? — Näme? — Magnitofon. — Nämäň magnitofony? — Bilmedim. Irden biri şu haltaň aşagynda goýup gidipdir. Fartuklarymy boşatmaga gelenimde, aýdyp dur eken. Aýdymlary Rejep Gylyjow diýen bagşy aýdýar. Özem şeýle bir şirinlik bilen aýdýa weli, edil bagryňdan geçip barýa-da. Ilk-ä esli mahallap ýerimden butnap bilmedim, aýdymlar süňňüňe bir aralaşansoň, bir dem ýanyndan aýrylasyň gelenok-da. — Magnitafony gizlemeli ekeniň. — Wah, ýadyma düşmedik zat-da şol. Men-ä dogrusy şol aýdymlardan soň, jadylanan ýaly bolaýdym. Aýdym-saz dogrudanam adamy jadylaýarmyka? — Elbetde, jadylaýandyr-da, ýogsam “Gyzy goýberseň, tamdyraça gider” diýmezdiler. — Çynymy aýdýan. Sen bir şo bagşyny diňlesediň. Jadyň nirededigine düşünerdiň onnoň. — Günüňe ýanaýyn seniň, Gyzylgül! Jady aýdymda, sazda-da bar weli, esasy zat, ony saňa eşitdirýän ýigitde. Kimem bolsa ýeserje eken ol oglan. Ulugyzyň kalbyna neneňsi aralaşmalydygyny bilipdir. — Dogrudanam şeýlemikä, gyz! Şeýdip işe girişenem bolsam, wejim ýokdy. Magnitofony bu ýerde goýanyň kimdigini bilmäge howlugýardym. Tizräk ony göresim gelýärdi. Agşam gapanyň başynda çekimçi suwuma mazalyja degdi. — Gyzylgül, bu gün nä döw çaldy saňa? Aýgözelden 5 kilo, Güljerendenem 7 kilo az ýygypsyň. Saňa gelişjek zat däldir-le bi. Ýa eýýäm ýadaýdyňmy? Entejig-ä derlemeli bolarsyňyz. Ho-ol, baýdagy görýäňmi, şu mahal şol seň üçin pasyrdap durandyr. Hörpüňi ýokarlamasaň, aşak gaýdybir ol. Agşamlyk öýe gaýdyp barýarkak magnitofony, «Gyzyl güli» ýatlamajak bolýardym. Emma agşamyň sergin howasynda niredendir bir ýerlerden bagşynyň hoş owazy eşidildi. Ol Aýgözeliňem gulagyna ilen bolarly. Maňa seredip, enaýy ýylgyrdy. «Diňle» diýen yşaraty etdi. Gün dogmanka ganarymyň düýbüni ýapamsoň, bu gün ýüregim suwlujady. Düýnki ýitginiň öwezini doljakdygyma ynamym bardy. Ýene birden bagşynyň sesi elimi işden sowatdy. Indi men muny bäsleşikden edilýän oýuna ýordum. Ol şeýdip ýeňiş gazanmak isleýändir. Ýok, Gyzylgül özüňi oýnatmaz. Goý, «Gyzyl gülem», salamyny maňa ýerirmek isleýän ýigidiň “Salamymnysy-da” ýaňlanybersin. Barybir meň elimi işden sowadyp bilmersiniz. Aýdym-saz bilen aldardan agrasrakdyryn. Ýüregi söýgi küýsese-de, suwsan däldir Her ýata suwa eňek basaýar ýaly». Şulary küýüme getirip durşuma gaýtadan hyjuw bilen ak hanalara topuldym. Yhlas bilen aýdýan bagşynyň sesi kä ýarym gulagyma ilýärdi. Günorta arakesmede Aýgözel pyşyrdady. — Derek tapdyňmy? — Ýok. Meň-ä ýadyma-da düşenok. Ýöne bir zat, bilýäňmi näme, ony Güljereniň jigisi aýtdyrýan bolaýmasyn. Şoň haçan görseň oýnagy magnitofon. — Goýsana, senem ýok zady tapýaň, gyz. Oňa “Gyzyl gül” nämä gerek?! — Uýasyna kömek etjek bolýandyr-da... — Güljeren oň ýaly zat etmez. Ikimiziň pyşyrdaşyp oturanymyzy gören gyzlaryň her haýsysy bir zat diýdi. Şol günüň ertesi radioda öňde baryjy ýygymçylar üçin konsert gidip durdy. Diktoryň joşgunly sesi hemmäniň ünsüni çekdi. “Halk aýdymy “Gyzyl gül”. Bu aýdymy “Ýeňiş” kolhozynyň köpmüňçi ýygymçysy Gyzylgül Durdyýewa üçin eşitdirýäris. Gyzylgüliň her gün Watan harmanyna 120-130 kilogram “ak altyn” goşýandygyny olara kömege baran talyp ýaşlar uly höwes bilen habar berdiler. Diňläň, Gyzylgül, “Gyzyl gül” bu gezek siz üçin ýaňlanýar!” Ençeme günläp deň-duşlaryma gürrüň bolan aýdym ahyry ýatdan çykyşdy. Ýöne tä pagta ýygymyna kömek bermäge gelen talyplar gaýdýança ertir-agşam “Salamymny” bilen “Gyzyl gül” gulagymyza ildi durdy. Soňabaka ony gyzlaram eşitdiler. Indi aýdym ýaňlandygy meniň ýüregimde birhili düşnüksiz harasat gopýardy. Nähilidir bir ýakymly duýgy kalbymy heýjana salýardy. Göýä ak hanalar meniň fartugyma tarap akyp barýan ýaly örän ýeňillik bilen ýygylýardy. Belki, Aýgözeliň aýdyşy ýaly, kalbymy haýjana salan aýdym däl-de, ýüreginiň sesini çyny bilen maňa eşitdirjek bolýan ýigitde jady bardyr. Belki-de, bu söýgüdir. Ol şeýdip matal ýaly bolup gelýärmikä?! Göwnüme, bütin durkum, diriligim şoňa baglanan ýaly bolup dur. Niçikmi, aýdym birki gün kesiläýse, öz-özümi aldap ýören ýaly duýýardym. Pagta ýygybam, gyzlar bilen gürleşibem serim bolmazdy. Ine, birdenem arzyly aýdym kesildi. “Gyzyl güli” özüm magnitafona ýazdyrybam ony islän çagym diňläp biljekdim. Ýöne onuň gyzygy näme? Başga zady-- şo-ol nätanyş magnitofondaky jadyly aýdymy hem-de onuň eýesini küýseýärdim. Onuň kimdigini bilesim gelip, ýüregim üzüp barýardy. Bu duýgy bir pursatda azar ýaly duýulsa-da, başdan geçiren ejirlerim ýakymlydy. Ömürboýy şol ejiri çekmäge kaýyl kalbym ýene atygsap ugrady. Indi radiodan ýaňlanýan aýdym meniň üçin ýönekeý bir saz bilen sözüň utgaşmagynda döreýän zat däldi. Onuň üýtgeşikligi bütin durkumy bendi edipdi. Mahal-mahal kalbymdaky joşgun has möwjeýärdi. Şonda özümden bidin ýylgyryp durandygymy soň duýup galýardym. Özüme gahar edip, bu duýgyny basmarlamak isleýärdim. Emma içki joşgun bent tutdurardan belentdi. Käte oturyp oýlanýardym. Nätanyş ýigit üçin birden ot-elek bolşumy geňleýärdim. Öz-özümi kötekläp, dolanyp şol hakda pikirlenmezlige dyrjaşýardym. Ýöne ony unutmaga gezek gelende ejizdim. Ine, ýene “Gyzyl gül”! ...Gyzlaryň gülkülerine oýlarymdan aýňaldym. Aýdym gutardy. Göýä ol meniň ýüregimi sogrup giden ýaly boldy. Günortandan soň Aýgözel ikimiz ýanaşyk keşe düşdük. Ol maňa syrly seretdi. — Gyzylgül, bilýäňmi näme? — Nämäni bilmelimişim?! — Saňa Aşgabatdan üýtgeşik bir zat gelenmiş... — Kim aýtdy, gyz, ony? — Kim bolanda näme? Illere hat gelse, saňa başga zatjagaz gelýämiş... — Goýsana, il gürrüňidir. — At oýnatma-da, ojagaz kagyzjygyň içinde näme bardygyny aýdaý. Barybir bilerin. — Hiç kime, hatda Oraza-da aýtmasaň, agşam görkezerin. — Şeýle gowy zatmy, gyz, ol? — Gaty gowy. Şondan soň Aýgözel dil ýarmady. Meniň weli, ol hakda köpräk gürrüň edesim gelýärdi. Barysynyň aýyl-saýyl bolmagyna gyssanýardym. Düýn agşamky poçtalýonyň getiren el ýalyja zady eýýäm Aýgözele ýetipdir. Beýleki gyzlaryň bilýän bolmagam ahmal. Janymy barlap göräýsemmikäm? Ýok-la, biderek ýerden howsala düşmäýin. Bilýän bolsalar, bu çaka ýüz ýerde aýdardylar. Baý, assyrynlyk bilen çakardylar-a! — Gyzylgül, näme oýa batdyň, ýa görkezesiň gelenokmy? — Ýok-la, gep onda däl-le. Ýöne... — Elim ýaly gaty kagyzy alanym eýýäm oba dolupdyr. Aýam aýdyň boldy, içigar galan, bizem ogry bolduk. Ýeri, hat ýazylýan gyz ýokmy? Obaň ähli gyzy halaşyp-söýşüp durmuş gurýa. Maňa gezek gelende weli, şonam gürrüň etjek bolup durlar. Geçen pagta ýygymynda-da bar kişiň agzynda Gyzylgül bolaýdy. Indi bir bes edäýmeli ahyry. Adamlaňam başga işi gutaran ýaly... Agşam Aýgözel magnitofony alyp gelende, kassetany onuň eline tutdurdym. — Ine, düýnki gelen sowgat. Ol hasyr – husur magnitofony işletdi. Mylaýym ses içerini doldurdy. “Salam, Gyzylgül! Armaň, sag-gurgun işläp ýörsüňizmi? Gyzylgül, siz meni bagyşlaň! Men sizi azara goýdum. Siziň rahatlygyňyzy bozdum. Men beýtmeli däldim. Emma başga alajym bolmady. Oba oglanlary bizi siziň ýanyňyza eltmeýärdiler ahyry. Ýadyňyza düşýärmi, ýekeje gün ganaryňyzy göterip, köçä çykaryp beripdim. Şol gün oba oglanlaryndan hakymyzy aldyk. Beýle diýsem, gorkup, ýanyňyza baran däldir öýdäýmäň. Ýok, beýle däl. Aýgyt edibilmedim. Size päsgel bererin, alada, gepe goýaryn öýdüp çekindim. Siz üçin radio aýdym buýranam, özüňiz görmeseňizem, kölegäňiz ýaly bolup gezenem, ýüregimiň sesini eşitdirjek bolup, säher-säher “Salamymnyny”, “Gyzyl güli” diňledenem men. Siz meni ýene bir gezek bagyşlaň! Belki, nädogry hereket edendirin. Ýöne meniň başga çäräm ýokdy. Men her edip, hesip edip, size kalbymyň owazyny, onuň diňe siziň adyňyz bilen gürsüldeýändigini ýetirmelidim. Men öz duýgymy magnitofon ýazgysyna geçiirip hem size ýetiirip bilerdim, emma ýene size gep geler öýtdüm. Indi kalbymyň emrine boýun bolup, şulary ilkinji gezek dile getirdim. Meni geňlemegiňiz, söýgüsini ýüzbe-ýüz wagty aýtman, alysdan awlajak bolýan bu nä ýigit diýmegiňiz mümkin. Nähili pikir etseňizem öz ygtyýaryňyzda. Men Türkmen döwlet uniwersitetiniň taryh fakultetinde okaýaryn. Adym Allanazar, familiýam Ýagşyýew. Ýöne size bir zady aýtmakçy. Eger sabryňyz-takadyňyz ýetip diňlärin diýseňiz, şu sözleriň yzynda Rejep Gylyjyň aýdymlary bardyr. Men öz duýgymy şol bagşynyň dili bilen ýene bir gezek size ýetirmek isleýän. Çünki onuň ýürek paralaýjy owazyna imrinmezlik mümkin däl. Aýdymy meşhur bagşy aýdýanam bolsa, siziň oňa meň ýürek owazym diýip düşünmegiňizi soraýaryn. Gyzylgül, indiki pagta ýygymyna çenli nähili howlugýandygymy, siziň obaňyzy nähili göresimiň gelýändigini bir bilsediňiz. Sebäbi men geçen ýyldan bäri ýüreksiz ýaşap ýörün. Ony siz alyp galan ekeniňiz...” Bagşynyň şirin owazy otagy doldurdy. Bütin durkum bilen gulaga öwrülip, aýdyma berlip oturyşyma Aýgözeli nädip bagryma basanymy hem duýmandyryn...” ...Seredip otursam, ondan bäri är ömri geçipdir. Aýdym bilen awlanan ýüregim heniz-henizlerem şol bagşynyň owazyny eşidende gürsüldäp, agzymdan çykaýjak bolýar. Şonda agtyklary bilen güýmenip ýören Allanazaryň ýanyna barýan-da, aýdymy onuň bilen bileje diňleýän. Bu endigimize öz çagalarymyz-a däl, agtyklarymyzam düşüş bolupdyrlar. Aýdym gutardygy Allanazar ony alyp göterýär. Onsoň şol gün biziň öýümizde “Salammymny” bilen “Gyzyl gül” yzyny üzmän, ýaňlanyp dur, ýaňlanyp dur... Ogulgerek Ussaýewa. | |
|
√ Время для любви / рассказ - 02.12.2024 |
√ Diwana / hekaýa - 03.09.2024 |
√ Diriligiň derdi / hekaýa - 12.01.2024 |
√ Zenan bagty / hekaýa - 06.08.2024 |
√ Kaşgarly sözlügi ýa-da iki sürtük / nowella (18+) - 12.02.2024 |
√ Aýňalan adam / hekaýa - 28.08.2024 |
√ Aýakýalaňaç oglanjygyň janyndan syzdyryp aýdan sözleri / hekaýa - 15.10.2024 |
√ Nälerkerde / ajy hekaýat - 14.09.2024 |
√ Ýaşaýyş şol pursatlar / hekaýa - 15.10.2024 |
√ Arap hekaýatlary - 15.10.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |