17:28 Halasgäri şygryýet | |
HALASGÄRI ŞYGRYÝET
Ýatlamalar
● Birinji pursat Geçen asyryň segseninji ýyllarynyň başlarydy. Şol mahalky neşir edilýän «Ýaş kommunist» gazetiniň redaksiýasynda «Ýaş ýazyjynyň gününiň» geçirilýändigi baradaky habary eşidip, talyp ýoldaşym bilen oňa gatnaşyp görmegi makul bildik. Bellenilen wagty redaksiýa bardyk. Elleri goşgudyr hekaýaly oglan-gyzlar ikibir-ikibir söhbet edip durdylar. Olaryň köpüsi nätanyşdy. Bizden ýokarky kurslarda okaýan, eýýäm özlerini ýaş şahyr diýip tanadanlar hem bardy. Hemmeleriň kimdir biriniň gelerine garaşýandyklary zol-zol gapa, goşar sagatlaryna seredişlerinden hem bildirýärdi. Köp wagt geçmänkä eli gazetli, orta boýly, elli ýaş töweregindäki adam gelip, baş atyp salamlaşdy-da jaýa girip gitdi. Duranlar: «Mämmet aga-da, Mämmet aga» bolşanlaryndan soň, onuň meşhur şahyr Mämmet Seýidowdygyny bilip galdyk. Onuň yzysüre iki sany boýlary meňzeş, ýaşlary hem biri-birinden onçakly tapawutlanmaýan adamlar duranlar bilen salamlaşyp, jaýa girdiler. Olaryň biriniň Gurbannazardygyny tanadylar. Gapdalyndaky ýigide bolsa seretdiler-de oňaýdylar. Ol barada hiç kim dil ýarmady. Maslahat başlandy. Gurbannazar oturanlara birlaý gözüni aýlady-da, nazaryny jaýa bile giren adamsynda saklady. Soňam: — Bu ýigit dostumyz, gowy şahyr Çoluk Rejebow. Goşgular ýygyndysyny özbaşdak kitap edip çykartmak üçin neşirýata hödürledik — diýdi. «Çoluk Rejebow» diýlenden, ýaş şahyrlar onuň ýüzüne seredişip, ony gözügidijilik bilen synladylar. Sebäbi ol döwürler Çoluk eýýäm adygan şahyrdy. Goşgulary gazet-žurnallarda yzygiderli çap edilýärdi. Biz onuň özüni görmesegem, adyny eşidýärdik. «Ýaş ýazyjynyň gününe» gelenler bilen özara tanyşlyk uzaga çekmedi. Gurbannazar ýaşlara ýeke-ýeke söz berdi. Olar yzly-yzyna goşgy okadylar. Mämmet aga okalan goşgular hakynda: «Oglanlar, goşgy diýlen zada beýle ýeňil garamaň, pikiriňiz dürs, özboluşly bolsun, ili gaýtalamaň, täzelik gözläň» diýen ýaly sözleri aýdyp, birdenem dymyp oturýardy. Şonda onuň bolşy gahar edip turup gidiberjege-de çalym edýärdi. Emma ol beýdenokdy. Okalýan şygyrlaryň her setirine, her sözüne baha berýärdi. Gurbannazar kän geplänokdy. Mämmet aganyň aýdýanlary bilen ylalaşýandygyny bildirmek üçin, diňe başyny atyp oňýardy. Garaz, şeýdip maslahatyň jemleýji pursady geldi. Gowy goşgular seçilip alyndy. Ýaş galamdaşlary halypa şahyrlar M.Seýidowdan, G.Ezizowdan, şeýle hem Ç.Rejebowdan goşgy okap bermeklerini haýyş etdiler. Şonda Mämmet aga: — Biz sizi diňlemäge geldik ahyry — diýdi. Şeýle-de bolsa, ýaşlaryň haýyşyny bitirdi. Ol bir goşgy okady. Gurbannazardyr Çoluk hem halypanyň edenini gaýtaladylar. Meniň şahyr Ç.Rejebow bilen ilkinji tanyşlygym şondan başlandy. Onuň dürli ugurlara degişli çuň many-mazmunly goşgularyny döwürleýin neşirlerde yzygiderli okasam hem, onuň özüni soň kyrk ýyla golaý wagtlap görmedim. ◇ Terjimehaldan: «Men 1936-njy ýylda häzirki Babadaýhan etrabynda doguldym. Maňa atam-enem Amanmuhammet diýip at dakypdyrlar. Emma kakamyň: «Oglum ulalsa, ýa çopan, ýa çoluk bolar, çolujagym, çolugym» diýip gaýtalap ýörmesi bilen, adym Çoluk bolup galyberdi. Üç ýaşymdakam, garahassalyk meni göreçlerimden doly diýen ýaly mahrum etdi. Ýurtda dowam edýän kyncylyk, soňam uruş gözlerimi lukmana görkezmäge mümkinçilik bermedi. Maşgalamyz Aşgabada göçüp gelenden soň, meni göz lukmanlaryna görkezdiler. Diňe şondan soň basjak ýerimi aňlar ýaly ýagdaý döredi. Men mekdep görmedim. Özümden uly doganlarym kitap okamagy şeýle gowy görerdiler. Öýümizde adyny tutan dessanyň, nusgawy şahyrlarymyzyň hem, häzirki zaman şahyrlarymyzyň hem şygyr diwanlary bardy. Doganlarym maňa gezek-gezegine okap bererdiler. Diňläp ýadamazdym. Gaýtadan okadardym. Ýetişdigimden ýat beklärdim. Ertekileri, rowaýatlary, mataldyr nakyllary gowy görerdim. Okamagy, ýazmagy öwrenjek bolup jan çekerdim. Bir gözümiň gytagyndaky çala mydar yşyk bilen öýde öz-özüm ýazmagy öwrendim. Harplaryň ýazuw düzgünini bilmänim üçin, ýazuw harpy bilen basma harpyň tapawudy gaty kösedi. Onda-da çydadym. Şeýde-şeýde gaty köp ýylda, tagaşyksyzragam bolsa, ilki rus elipbiýinde, soň latynçada ýazmagy öwrendim». Ç.Rejebowyň halk döredijiligini ykjam öwrenmegi goşgy düzmeklige bolan höwesiniň ir oýanmagyna sebäp bolýar. Ilki-ilkiler öýkünme häsiýetli gysgajyk goşgulary düzen bolsa, soňa-baka kämilleşýär. Şeýlelikde, onuň ilkinji 4 goşgusy Gökdepäniň etrap gazetinde 1965-nji ýylda çap edilýär. Goşgularynyň gazet sahypalarynda görnüp başlamagy ýaş şahyry ganatlandyrýar. Gysga wagtyň içinde ol geljegine uly umyt bildirilýän ýaş şahyr hökmünde tanalyp başlaýar. ● Ikinji pursat On ýyl çemesi mundan ozal — «Edebiýat we sungat» gazetiniň redaksiýasynda işe başlaýan pursatlarym redaksiýa gelen şygyrlara ser salyp otyrkam, köne tanşymyň adyna gabat geldim. Onuň iberen goşgularyny okap görüp, bu şahyryň aman-esen gezip ýörenine juda begendim. Çoluk şahyr bilen didarlaşmak höwesine düşdüm. Iberen goşgularynyň soňunda öý salgysy bolmansoň, sorap, kime ýüz tutjagymy bilmedim. Bile işleýänlerimiň hem aglabasy ýaşlar bolansoň, «Öz-ä eşiden adymyz» diýip eginlerini gysdylar. Ine, bir günem redaksiýa egni uzyn donly, ýukarak sakgally, başy silkme telpekli, pesräk boýly bir ýaşuly geldi. Ýanyndaky bile gelen ýetginjek: — Çoluk kaka, men daşarda garaşaýjak — diýenden soň, men ony Ç.Rejebowdyr diýip güman etdim. Saglyk-amanlykdan soň, nämeden gepe başlajagymy bilmän, ep-esli oýlanyp oturdym. Hernä ýaşulynyň özi dillenäýdi: — Aý, howwa-da. Ikimiz bir ýiti tanyş däl. Bir gezek, ýarym gezek duşuşan bolmagymyz hem ahmal. Men Çoluk Rejep — diýdi. — Birbada tanamadym, Çoluk aga! Meniň mundan kyrk ýyl ozal gören Çoluk Rejebim-ä her egninde bir adam oturybermeli daýawdan syratly adamdy — diýdim. Çoluk aga ýylgyryp: — Magtymguly ussat aýdypdyr-a: «Pelle-pelle aşak düşer adamzat» diýip, şodur-da — diýdi. Şahyr bilen söhbedimiz uzaga çekdi. Ol ýaşynyň ýetmişden aşandygyny aýdyp gürrüňe başlady. Sözüniň bir ýerinde: «Meniň halasgärim şygryýet. Ol meniň durmuşa, ýaşaýşa bolan ynamymy, höwesimi artdyrdy — diýdi. Ýaşulynyň başyndan geçen wakalary tolgunman diňlemek mümkin däldi. Ol gürrüň berende hem birhili bozulýardy. — «Adam garradygyça» ýüregi ýukalýar diýýärler welin, şony tassyklajak bolýaňyz öýdýän, Çoluk aga! Meniň bu sözüm oňa täsir etdi öýdýän. Ol ozalky oturyşyny üýtgetdi. Birneme dikeldi. Soňam kese bakyp çalajadan güldi-de: — Ýok-la, zeýrenmek däl, gepiň gelşine görä aýdaýdym — diýdi. Şahyra bir käse çaý hödür etdim hem-de ony agyr pikirlerinden daşlaşdyrmak isledim. — Çoluk aga, ikimiz köne tanyş. Ýadyňa düşmeýän bolmagam ähtimal. 1973-nji ýyldy. Şol mahalky «Ýaş kommunist» gazetinde geçirilýän «Ýaş ýazyjynyň gününe» baranymyzda, siz ol ýere Gurbannazar Ezizow bilen tirkeşip barypdyňyz. Şonda ol siziň döredijiligiňiz hakynda aýdyp, goşgular ýygyndyňyzyň neşirýata hödürlenendigini aýdypdy. Şol kitabyň ykbaly nähili boldy? Çoluk aga sesini çykarman ep-esli oturdy. Soňam şeýle diýdi: — Bolsa-da, ýadyňda berk saklapsyň. Şol gezek men Türkmenistan Ýazyjylar soýuzyna ýörite şol mesele bilen barypdym. Gurbannazar neresse neşirýatyň başlygynyň adyna derrew hat ýazyp berdi. Soňam: Ýör, «Ýaşkoma», ol ýerde «Ýaş ýazyjynyň güni» geçirilýär» diýip, ýoguma-borum-a seretmän alyp gidipdi. Ana, şo gezek şeýle boldy — diýdi. Birdenem elindäki sary giden gaýyş torbanyň içindäki kagyzlary dörüp başlady. Onuň nämedir bir zat gözleýändigini duýup, oňa duýgudaşlyk bildirdim. — Näme gözleýäniňizi aýdyň, Çoluk aga, men kömek edeýin! — Ýok, oňa inim beletdir, şony çagyraýaýyn — diýip, ýerinden gobsundy. Açyk gapydan gürrüňi eşidip duran oglan içeri girdi-de, oňa ýüzlendi: — Näme tapmaly, Çoluk kaka? — Şol haty tap! Oglan haty derrew tapyp, agasyna uzatdy. Çoluk aga haty alyp, gözüne golaý tutup barlady. — Ine, şol hat. Asyl nusgasyny berk ýygnap goýdum. Gurbannazardan ýadygärlik. Göçürmesem ynha — diýip, haty maňa uzatdy. Ol hatyň mazmuny şeýledi: «Türkmenistan» neşirýatynyň direktory ýoldaş B.Halmyradowa Ýaş şahyr Çoluk Rejebowyň ady okyjylara eýýämden tanyşdyr. Onuň goşgulary «Sowet edebiýaty» žurnalynyň, «Edebiýat we sungat», «Ýaş kommunist» gazetleriniň sahypalarynda çap edildi. Ýaş şahyr soňky döwürde hasam öndümli işleýär. Onuň soňky döwürde ýazan goşgularyny biz üstümizdäki ýylyň iýun aýynda TSSR Ýazyjylar soýuzynyň ýaşlar seksiýasynda ara alyp maslahatlaşdyk. Maslahata gatnaşanlardan Nargylyç Hojageldiýew, Italmaz Nuryýew, Annaly Berdiýew, Atamyrat Atabaýew dagy Çolugyň elýazmasynda oňat goşgularynyň bardygyny, ýöne şonuň bilen birlikde, harsal ýazylan goşgularyňam köpdügini belläp geçdiler. Şonuň üçinem elýazmany şol durşuna neşirýata hödürlemekden saklandylar. Ýöne oňat diýip bellenen goşgulary hem-de «Gijigen ýaz» atly çaklanja liriki poemany täzeden işlän soň, aýratyn kitap edip neşirýata hödürlese boljakdygyny aýtdylar. Çoluk Rejebow edilen bellikleri nazara alyp, ýygyndyny täzeden gözden geçiripdir. Netijede, çaklanja, emma manyly goşgularyň ýygyndysy döräpdir. Men ýygyndy bilen tanyş boldum. Ol maňa ýarady. Akgynly setirler, durmuş, Watan, il-gün hakdaky çuňňur oýlanmalar, ine, Çolugyň goşgularyna mahsus zat. Men seksiýanyň adyndan Çoluk Rejebowyň «Gijigen ýaz» atlandyran ýygyndysyny «Türkmenistan» neşirýatynyň ýakyn ýyllardaky planyna goşmagyňyzy haýyş edýärin. Gurbannazar Ezizow, TSSR ýazyjylar soýuzynyň ýaşlar seksiýasynyň başlygy". — Maňa ilki döredijilik goldawyny eden Gurbannazar Ezizow boldy. Onuň bilen tanyşlygymyzdan iki ýyl geçenden soň — 1968-nji ýylyň güýzünde dörediji ýaşlaryň respublikan seminary geçirildi. Şol seminara gatnaşan ýaşlaryň döredijiligine bagyşlap Gurbannazar gazetde «Umydymyz» atly makala bilen çykyş etdi. Şonda meniň adymy geljegine umyt bildirilýän ýaşlaryň hatarynda tutupdy. Şondan soň köp wagt geçmänkä uly ýazyjylaryň plenumynda meşhur şahyr Kerim Gurbannepesow söz sözledi. Şonda hem meniň goşgularym barada ýakymly sözleri aýtdy — diýip, Çoluk aga ýatlaýar. Soňra Mämmet Seýidowyň, Baýram Jütdiýewiň, Nargylyç Hojageldiýewiň, Kakaly we Annaly Berdiýewleriň, Magtymguly Myşşyýewiň, Rejepmyrat Durdyýewiň özüne eden goldawlaryny hiç haçan unutmajakdygyny aýdyp, esli wagtlap oturandan soň, bir bent goşgy okady: Il içinde artdygyça şöhratyň, Elleriňi gysmak islär köp eller. Dostlaryňy juda köpelder şöhrat, Ýöne göribiňem şonça köpelder. — Hernäçe jan etsegem, kitaplarym tä Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüne çenli çykman galdy. Hudaýa şükür, indi iki kitabym neşir edildi, sag bolsun Gahryman Arkadagymyz! — diýdi. ■ Üçünji pursat Edebiýata aýratyn sarpa goýýan alym dostumyz Annageldi Kaşaňowy her gezek göremde, ondan Çoluk aganyň saglyk ýagdaýyny soramagy endik edinipdirin. Annageldi ýetişikli adam. Günde-günaşa goja şahyryň halyndan habar alyp dur. Biz bilen duşuşjak gün-ä ol şahyryň ýanyna baryp, täze ýazan goşgularyny alyp gelýär. Käte şahyryň özünem alyp geläýmesi bar. Bu gezek welin başgaça boldy. Ol bir aýçemesi mundan ozal redaksiýa geldi. Ýanynda-da Türkmenistanyň halk artisti, meşhur aýdymçy Kakadurdy Täjimow bardy. Saglyk-amanlykdan soň, ol maňa şeýle diýdi: — Nowruz aga, eger mümkin bolsa, Çoluk şahyryň ýanyna baryp gaýdaýsak,göwni biterdi. Şu günler ýarawlygynyňam ugry ýok. Kakadurda aýtdym welin, sizem alaýaly diýip dur. Gökdepäniň gadymy Gagşal obasyna baranymyzda, gün öýleden agypdy. Çoluk aganyň uly agasynyň ogly bizi goja şahyryň oturan otagyna alyp bardy. Ol ullakan tämiz otagyň içinde ýumşajyk düşekçäniň üstünde goşa ýassygy tirsekläp ýatan eken. Salam berip, özümizi tanadanymyzdan soň, şahyr gaty begendi. Ýatan ýerinden dikeldi. Gazetimiziň ähli döredijilik işgärleriniň ýeke-ýeke atlaryny tutup, saglyklaryny sorady, salam aýtmagymyzy haýyş etdi. Çaý başynyň gürrüňi gysga bolmady, şahyrlyk, şygryýet hakyndaky söhbediň arasynda ençeme halypalaryň atlary ýagşylykda ýatlandy. Biziň gürrüňimiz uzaga çekendir-dä. Şu wagta çenli sesini çykarman diňläp oturan Kakadurdy bagşy gürrüňe goşuldy. — Çoluk aga, siziň sözleriňize döredilen meşhur aýdymlaram bar. Saz guralym-a ýanymda däl welin, birine-ýarymyna şeýle hiňlenip beräýeýinmi ýa-da özüňiz dutarda hiňlenjekmi? Çoluk aga hezil edinip güldi. — Görýän welin, bagşy siz meniň ähli syrymy açdyrjag-ow. Hany, inim, dutary al, bolmady — diýip, inisine ýüzlendi. Dutary eline alansoň, şeýle diýdi: «Öz sözüme döredilen aýdymy aýtjak däl, ýaşlykda gulagymyň ganan dessanlardan oňardygymdan birki heň gaçyryp bereýin. Wah, ýöne gurbatam azalyp ýör-dä indi...» Çoluk aga mylaýym owaz bilen aýdym aýtdy, saz çaldy. Soňam dutary Kakadurda uzatdy: — Yhlas etse, adamyň öwrenmejek zady ýok eken. Ýaşlykda bu senedem azajyk oýnadym. — Azajyk dagy däl, Çoluk aga, men ozal bir gezek ýanyňa gelemde, nähili saz çalanyňy, aýdym aýdanyňy gözüm bilen görüp, gulagym bilen eşitdim ahyry. Bagşynyň sözüni Annageldi böldi. — Bagşy jan, Çoluk kakanyň sözlerine döredilen aýdymlary men-ä entek diňläp göremok. Ol aýdymlar näme barada? — Elbetde, söýgi barada. Annageldi geň galyjylyk bilen bagşyny gyssady: «Hany, olar ýaly bolsa aýtsana». Kakadurdy dutarda Çoluk şahyryň sözlerine döredilen «Aýna», «Öpeýin» atly aýdymlary ussatlyk bilen ýerine ýetirdi. Goja şahyryň ýüzi ýagtyldy. Ol aşak seredip oturyşyna, ýetişip bildiginden bagşa sagbolsun aýtdy hemem gözleriniň kemliginden zeýrendi. — Wah, gara gözüň bolmasa, ugran ugruň kösençlik. Şo sebäpli köp zat ýitirdik... Ýöne muňa-da şükür. Goja şahyr bilen hoşlaşyp ýola düşdük. Şonda A.Kaşaňow şahyryň durmuşy hakynda şeýle diýdi: — Ýaňy üns beren bolsaňyz şahyryň oturan jaýy agasynyňkydy. Agasy Mommy, gelnejesi Gurbangözel artykmaç adamlar eken. Oňa bütin ömrüne göz-gulak bolup, ak guş ýaly edip saklapdylar. Ynha, indem agasynyň ogullary gaşlaryny çytman onuň hyzmatynda. Şahyr: «Bir maşgalanyň garamatyny boýnuma alyp, ile meňzeş ekläp-saklap bilmejegime alkym çatansoň, öý-işik boljagam bolmadym» — diýip, bir gezek agzyndan sypdyrdy. Mertligem her hili bolýar. Segsen iki ýaşy arka atan goja şahyryň kem zady ýok. Il içinde — obada onuň adyny halallygyň, mertligiň, tutanýerliligiň nusgasy hökmünde tutýarlar. Il sylagly şahyryň döredijiligine, Gahryman Arkadagymyz hem uly sarpa goýup, ony Magtymguly medaly bilen sylaglady. Goja şahyryň göwni özüne goýulýan hormatdan hoşal. Ol eziz Watanymyzyň ösüşlerine guwanýar, ajaýyp döwrümiziň raýatlarymyza beren bagtyndan paýlydygyna buýsanýar. Nowruz GURBANMYRADOW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |