HOŞLAŞYK
…Toýa çenli bary-ýogy iki gün galypdy. Emma Güljemalyň elbukjasyny çatyşmaga-tikişmäge üýşen joralary bu gün hem ýarygijeden geçirip işi bes etseler-de ähli işlerini tamamlap ýetişmändiler. Gyzlar öýüň içki otagyna geçen dessine ýadaw bolandyklary zerarly düşeklerini ýazynan batlaryna uklap galdylar. Joralarynyňky ýaly başyny ýassyga goýanyndan uklap bilmese-de assa-ýuwaşdan Güljemal hem meýmiräp ugrady. Ýöne ýaňybir ymyzgananda gapdalyndaky eltelefonynyň sazy onuň ýarym ukuly melullygyny dyr-pytrak etdi. Argynlykdan ýaňa kiriş ýaly dartylyp duran beýnisi ýaňybir gowşap ugran gyzyň bimahal çak bimaza edilendigine ýeňsedamary gatady.
-Allo, kim gyz bu, ýarygijeden soň?!-diýip ol gahar bilen düwmesini basdy-da eltelefonyna gürledi. Emma eltelefonda oňa hiç kim jogap bermedi. Diňe kimdir biriniň agyr dem almasy eşidildi. Muňa gyzyň bolmajysy boldy:
-Oýnap galyň oýnap galmyşlar! Näme gijäniň içinde adamlara azar bermekden başga oýun tapmadyňyzmy?-diýip ol eltelefona gaharly gepledi-de, özüni biynjalyk edeniň telefon belgisini görmek üçin eltelefonynyň garaňkylykda ýagtylyp duran aýnasyna seretdi. Ol ýerde rus dilinde “telefon belgisi näbelli” diýen ýazgynyň bardygyny gören gyz jabjynmak üçin eltelefonyny gulagyna ýetirende aragatnaşygyň kesilendigine düşündi.
-Häý süwümsiz haýranlar! Adam ýaly ýatyp dynjyňyzy alman, şeýdiň-de adamlaryň rahatlygyny bozuň ýörüň, alkyş alarsyňyz!-diýip Güljemal göýä jaň gelenine şol günäkär ýaly eltelefonyny gapdalyna oklady-da, ýüzüni ýassyga berdi. Gözlerini mäkäm ýumup, uçan ukusyny gaýtadan tutmak üçin özüne zor salyp başlady. Emma wagty bilen süňňi gowşamady.
Şol pille-de ýene-de misli “durnanyň üstüne urna” etjek bolýan ýaly otagyň ümsümligini eltelefonyň gijelikde juda ýakymsyz eşidilýän sazy bozdy. Güljemalyň gany depesine urdy.
-Allo!-diýip eltelfonyny aldy-da, ol bada-badam azmly-azmly gepläp başlady:-Sen bar-a edep-terbiýäniň nämedigini bilmeýän akmak haýran, kimem bolsaň, meni diňle! Näme ýöne beýdip otyrsyň! Oýun bolarmy şondanam bir! Onsoňam ilki ody özüňe basyp gör, onsoň ötmese kesekä bas, häzir öz uýaňa ýarygijeden soň şeýdip bigäne biri jaň edip, telefonyny oýnap otursa halarsyňmy?! Eşidýärsiňmi, sen, näme geplemeýärsiň?!
Bu gezegem eltelefonynda hiç kim geplemedi-de, aňyrda kimdir biriniň agyr-agyr dem alýandygy eşidildi. Özüne jogap berilmeýändigine gahary ýetjek derejesine ýeten Güljemal gazap bilen eltelefonynyň düwmesine basdy-da, aragatnaşygy kesip goýberdi.
-Hany indem jaň edip gör, ertire çykan badyma seniň telefon belgiňi anyklamagyň ugruna çykaryn!-diýip jany ýanan gyz özüni bimaza edýäne gaýybana haýbat atdy-da, eltelefonyny eliniň tersi bilen özünden ep-esli daşlyga oklady. Emma eltelefony oklanan ýerine düşüp-düşmänkä ýene-de onuň ýiti, şaňňy sazy Güljemalyň gulagyny deşere getirdi.
Ol hum ýaly çişip, hasyrdap turdy-da, garbap eltelefonyny eline aldy:
-Sen kimem bolsaň, näme başga işiňi gutardyňmy, bisyrat haýran? Näme gerek diýýän saňa?!...-diýip gyz eltelefonyny agzyna tutup gygyryp ugrady. Birdenem niredendir bir ýerden aňynda dörän çaklama onuň gözüniň öňünde ýyldyrym çakan ýaly etdi. Öz çaklamasyndan ýaňa gyzyň on iki süňňi söküm-söküm söküldi. Ýaňkyja gahar-gazaby, ýadawlygy… bar zat huşundan uçdy. Ol özüni düşeginiň üstüne lampa goýberdi-de, jaň edýän bilen gepleşmäge gorkýan dek, eltelefony emaý bilen gulagyna tutdy. Geplände aljyran gyzyň sesi juda pessaý çykdy:
-Ýa bu…Berdi…senmi?!
Telefonda hiç kim jogap bermedi. Diňe şol ýaňky agyr dem alma eşidildi. Bu ýagdaý gyzy öz çaklamasynyň dogrudygyna has hem ynandyrdy. Ol çekinip-sakynyp sözüni dowam etdi:
-…Berdi!... Näme geplemeýärsiň?... Bu… sen ahyry, men bilýärin… Näme geplemeýärsiň ahyry… Aýt ahbetin…
Güljemala ýene-de hiç kim jogap bermedi. Birdenem aragatnaşyk kesildi. Doňňara-daşa öwrülen gyz hiç zat görmeýän gözleri bilen eltelefonyna dikildi. Az salymdan gyzyň owadan ala gözleriniň owasyny püre-pür eden ajy gözýaşyň birje damjasy eltelefonyň aýnasyna damdy. Şol pursat birhili ukudan açylan ýaly bolan gyz ary köýen dek eltelefony öçürip goýberdi-de, ony bir gyra zyňdy. Soňra tersine düňderilip ýüzüni ýassyga berdi. Sähel salymdan hem onuň agyly horkuldysy eşidilip başlady.
Kalby hasratdan doly gyz birsellem şeýle halda, ýüzüni ýassyga berip, sessiz-sessiz aglady. Emma bu agy onuň içini gowzatmady. Gaýta derdine dert goşdy. Birdenem ol aldyrany bar ýaly, laňňa galdy-da:
-Birden ýene-de jaň edäýmesin!-diýip pyşyrdap, hasyr-husur eltelefonyny eline aldy. Ony işletdi. Aýnasy ýagtylan badyna-da, göýä dessine jaň geläýjek ýaly oňa tiňkesini dikdi. Şeýle halda irikgä bolup esli oturdy. Emma jaň gelmedi. Ahbetin Güljemal göwnüni bire baglap, hakydasynyň iň ýaşyryn künjünde saklaýan telefon belgisini aýlady-da, eltelefonyny gulagyna tutdy. Jaň gitdi. Ýöne eltelefony üç gezek duguldady-da, gulaga ýakymly zenan sesi bilen:
-Abonentiň telefony öçürilendir ýa-da ol hyzmat ediş çäginden daşdadyr-diýip jogap berdi. Lapykeç bolan gyz:
-Alla jan, men indi onuň bilen nädip gepleşsemkäm?!-diýip pikirini nädip daşyna çykaranyny özem duýman galdy. Ol dagy näme etjegini bilmän ýene-de umytsyzlyk bilen eltelefonyna dikildi. Göz açyp-ýumasy salymdanam özüniň pyşyrdaýandygyny-da duýmaýan Güljemalyň:
-Jaň edäý-dä! Jaň edäý ahyry! Jaň edäýsene!-diýýän pessaý pyşyrdysy pisse dodaklaryň arasynda syzylyp çykyp, otagyň garaňkylygyna ýaýrap ugrady.
Şol pille-de göýä gyzyň nalyşyna delalat islän dek, eltelefonynyň sazy ýaňlanyp gitdi. Garaşyp duran hem bolsa duýdansyzlykdan ýaňa Güljemal allaniçigsi bolup, tisgindi. Onýança:
-Öçürsene gyz, şol haýranyňy, halys bizar etdi-le!-diýip joralarynyň biri ukuly yňranjyrady. Ogurlykda tutulan ýaly ýüzi gyzaran Güljemal, geplän badyna beýlesine dönüp uka giden jorasyny köşeşdirmäge howlukdy:
-Häzir, häzir, men daşaryk çykaýaryn.
Ol eltelefonynyň düwmesini basdy-da:
-Allo, Berdi, telefony öçürme, men häzir daşaryk çykaýyn, seniň bilen arkaýyn gepleşeýin, şol ýerde! Ýöne telefony öçürme, gaýrat et, Berdi! Beýtme!-diýip pyşyrdap barşyna pişik basyşyny edip, daşaryk çykdy.
-Allo, Berdi, meni eşidýärsiňmi? Näme geplemeýärsiň?! Seniň jaň edýändigiňi bilýärin ahyry, Berdi! Saňa näme bolýar, geplesene, Berdi jan!-diýip jaýlarynyň iň garaňky hem çola çüňküne aýlanan gyz eltelefonyna janygýardy. Emma eltelefony göwnübir ýaly, gyzyň gulagyna diňe kimdir biriniň agyr-agyr dem almasyny getirýärdi. Jaň edýäniň dymmagy öňem haly harap gyzy otdan alyp suwa zyňýardy. Ol jaň edýäniň düşnüksiz hereketine näme alaç tapjakdygyny bilmän, tamdyryň gapdalyndaky ýüzüni gyraw basan sekiniň üstüne çökdi-de, eltelefonyny gulagyna tutup durşuna hamsykdy:
-Meni… beýtme,… Berdi! Hemmesi ýadymda… On ýyl mundan ozal, mekdepde okap ýörkäk: “ölmesem seniňki, ölsem ýeriňki” diýenimem, “sensiz ýaşaýşymy göz öňüne-de getirip bilmeýärin” diýenimem ýadymda… Ýöne… meniň ýagdaýyma-da düşün ahyry, Berdi jan… Lukmanlar saňa: “indi ýatan ýeri bolaýmasa, ýerinden dikelip, ýörärinden ýöremezi ýakyn” diýenlerinden soňam, “çykmadyk janda umyt bar” diýlenine uýup, gelen sawçylara ýok diýdirip, bäş ýyl garaşdym… Seniň bolsa şol bir ýatyşyň… Ne bäri bakýarsyň, ne…
Gyzyň agyly pyşyrdysyna eltelefonyndan diňe käte bir kimdir biriniň agyr-agyr dem almasy bilen garyşyp gelýän dym-dyrslyk jogap berýärdi. Gyz bolsa misli jaň edýän ýanynda durup, her bir sözüne üns berip diňleýän ýaly, gözýaşlaryna garyp pyşyrdamasyny dowam etdirýärdi:
-…Düşün Berdi, meniňem il deňinde öýli-işikli, çagaly-çugaly bolasym gelýär… Maňa-da düşün ahyry, mähribanym! Duzlap-dograma ahyry meni, bagrymy paralama ahyry meniň! Öňem ýanyp-ýanyp, köýüp bilmän ýörün! Senden özge bilen ýaşaşmaly boljakdygym, geljekde çagalarymyň kakasynyň sen däl-de başga biriniň boljakdygy hakynda pikir zerarly günde müň ölüp-direlýärin… Ýöne nädeýin! Ýagty jahanda ýeke özüm ýaşamok, enem-atam, doganlarym hem bar! Olaram günüme goýmaýarlar… Özümi-de gün-günden ýalňyzlyk basmarlaýar… Nädeýin men, janyňa-gözüňe-başyňa döneýin, aýt ahyry, nädeýin! Öleýinmi, ýiteýinmi?!... Otuz ýaşa golaýladym, Berdi jan!... Çaga küýseýärin, maşgala küýseýärin, joralarymdan, il-günden kemsinýärin, Berdi jan…Waý meniň gara bagtym, waý saňa! Sen bir diriligime ýakma-da, gepläý ahyry, Berdi!
Tolgunjyndan ýaňa jaň edýäniň bir mahal aragatnaşygy kesendigini-de duýman gepläp oturan Güljemal birden eltelefonyny elinden gaçyrdy-da, iki eli bilen ýüzüni ýapdy. Bady-baran aglap başlady:
-Wah bolman geçen bolman geçmiş ulag heläkçiligi, sen bizi nä güne saldyň?! Ýeri sen şol gün ulagyňy assarak-seresabrak süren bolsaň, asla şol gün öýüňden çykmadyk bolsaň, biz şu günlere düşermidik?! Waý biziň küle çöken ykbalymyz, waý saňa!..
Güljemal köşeşip bilmän aglap, entegem köp oturjakdy. Emma ýene-de eltelefonyň sazynyň eşidilmegi onuň agyly jibrinmesiniň arasyny kesdi. Bu gezek eltelefonyň sazy misli Güljemalyň hünibirýan gözýaşlaryna sebäp bolandygyna ökünýän ýaly, pessaýdan müýnli çykdy. Köşeşip bilmän sojap oturşyna Güljemal eglip eltelefonyny ýerden göterdi. Düwmesini basyp gulagyna tutdy. Ol heniz gepläp ýetişmänkä-de aňyrdan kimdir biriniň gussaly rahatlykdan doly sesi eşidildi:
-Bagtly bol! Alnyň-bagtyň açyk bolsun!..
...Duk-duk-duk…
„Garagum“ žurnalynyň 2012-nji ýylyň VI sany
Hekaýalar