09:54 Käte düşünmeseñ bolýan zatlara... | |
"KÄTE DÜŞÜNMESEÑ BOLÝAN ZATLARA..."
Goşgular
"Öýke" goşgusyna wariasiýa Käte düşünmeseñ bolýan zatlara, Ynamsyzlyk aralaşsa kalbyña. Öýke aksa gözleriñden syrygyp Meni saldym diýip aldym-berdime Gynanyjy bolma, sebäbi seniñ Ýaz ýagyşy ýaly mylaýym kinäñ, Alyp barýar bizi gözümiz baglap, Süýji wysallaryñ pynhan ýurduna. Başyñdaky elwan seçekli öýmäñ Hyrujyñdan barha beleñläp, galgap Eginleñ üstünde pasyrdap dursa... Duýsañ meni şonda özüñki ýaly Çalymdaşlyk görseñ ruhy düñýäñde Ömürbaky melul edip taşlajak, Gysganyjy bolma, mähirden doly Howur çabyraýan pyşyrdylarñy. Ökünýänem bolsañ maña bildirmän, Häzir diñlemersiñ höre-köşämi Ahmyrdanmy, armandanmy horkuldap Çaga ýaly akdyrarsyñ ýaşyñy. Derdiñi deñ çekip bilmesem-de men Ejeñ señ daşyñda bolar perwana Wah, ol naçar nirden bilsin meñ üçin Galanyñy ýersiz ýere armana. Şire duşan jeren kimin galpyldap Uýalarsyñ aýdyp bilmän arzyñy. Garabagyr ene alnyñy sypap Doga-dileg bilen oña:r terziñi. Owarra urarsyñ şonda bar zady Unudarsyñ şübhe bilen jepañy. Meniñ az salymda är ömrüne deñ Gursagyña üfläp salan wepamy Arzyly güne çen saklasañ aýap, Men joşgunly derýa, tolkuny tereñ Boşan hanalarña dolaryn bada. Mämeleñde gaýmak mysaly uýap Süýt şekline giren muhabbetiñi Saña "Eje!" diýjek, Maña-da "Däde!", Naşyja perzendiñ sokjap alanda Göwüsleñ mazaly syzlar, eziler, Şonda maña bolan öýkäñ ýazylar... Surat: Salwador Dali. | |
|
√ Ýa Biribar / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 |
√ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Meýdan güli / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |