12:34 Keremli sähra / poema | |
KEREMLI SÄHRA
Poemalar
Alaň, alaň, seleň sähra. Gül-läleli kerem sähra. Eteginde belent gaýa Meňzäp otyr beýik gala. Egrem-egrem ýollar bilen, Säherden tä agşama çen, Hatar-hatar kerwen bilen, Kän täjir, bezirgen gelen, Kyrk dört derwezeli gala, Seleňläp otyr her saba. *** Gala derwezesi açyk, San-sajaksyz girip çykýan. Bu şähere gadam goýan, Bazara sowulýar hökman. Bu şäherde kän mähelle, Köçelerde gelýän-gidýän. Munda müňläp jahankeşde, Kerwen bilen sapar edýän. Bazar dürli zatdan doly, Mata-marlyk, pisse-narmy? Hem körügne ýel goýberen, Köp demirçi ussa bardy. Bazara gül ekilen deý, Synla sen haly-palasy. Şonuň bilen şöhratlanýar, Türkmeniň gadym galasy. Hem ýene bazar burçunda, Çal saçly gedaý otyrdy. Öňünde teňňe oklara, Toýundan gaby ýatyrdy. Ýüzün ýerden galdyranok, Otyrdy egnini gysyp. Meger gussa heläk edýär, Oň garyp göwnüni basyp. Köp adamly giň bazary Edil bir mesge deý bölüp, Bir beg ýigit gelýär. Oňa Hemme seredýär geň galyp. Gelýärdi synlap çar ýanyn, Bedew atyny säpjedip. Egnindäki ýüpek donuň Synyny her ýan ykjadyp. Gelip gedaýyň gaşynda, Bedewiň jylawyn çekdi. Nebsi agyrdy ol bendä, Hemem siňe-siňe bakdy. -Gulak as, Taňry bendesi, Bu ne ahwal, aýt, bu ne hal? Seni beýle güne saldy, Niçik ýagdaý, haýsy ykbal. Gedaý başyny galdyryp, Beg ýigide nazar saldy. Atyna-da, özüne-de, Bir zat bir zat diýjek boldy. Hor ýüzüni gussa büräp, Dodaklary müňküldedi. Gedaý beg ýigide garap, Başa inen müň külpedi, Müň derdi beýan eýledi, Sözledi uzyndan-uzyn, Biçäräň zeýrenjin diňläp, Dursa boljakdy günuzyn. -Goç ýigit geň görme meniň, Golum serip oturanym. Çekip ýörün ýalňyzlykda, Hakyň başa getirenin, Garyp däldim bir ýarlykly, Baýam däldim ilden artyk. Şu bazaryň ortasynda, Ederdim men söwda-satyk. Her gün gazanýan gazanjym, Özüme doly ýetýärdi. Ýöne günleriň bir güni, Meni bir guduz it ýardy. Itiň eýesi bazarda, Paç alýan bir zalym, gödek. Kömek bermekden-ä geçen, Gaýta heňkirdi biedep. Şol gün aýagymy süýräp, Zordan özüm öýe atdym. Maňlaýym ojaga diräp, Üç günläp üşüdip ýatdym... Gedaýyň berýän gürrüňin, Ýigit dymyp diňläp durdy. Zerbap donly bu ýigidi Sylap saklanýanam bardy. Gedaý öňündäki gabyň Eňregine ýaşyn döküp, Dowam edýär aýakdaky Ýara yzlaryna bakyp. -Üç gün ýatamdan soň ahyr, Ir-säher daňy atyryp, Nirdesiň çöl-beýewan diýp, Çykdym öýümden atylyp. Agzymdan ak köpük saçyp, Söküp dagy-düzleri men. Ilden-günden uzak gaçyp, Görünmedim gözlerine. Samradym men şol ýerlerde, Eňredim men şol ýerlerde, Goýar ýerde goýmadym men, Sermedim men dag-daşlaryn, Şam-u-säher hasrat bilen, Gözlerimden akdy durdy, Çogdam-çogdam gözýaşlarym, Çogdam-çogdam gözýaşlarym. Käse gözlerin tegeläp, Beg ýigit geň galyp bakýar. A gedaýyň gözlerinden, Henizem gözýaşy akýar. -Guduz itiň gazabyndan, Emgek çeken eý ýaşuly. Gam-gussaň geçdigi bolsun, Süpür hany gözýaşyňy. Beg ýigit düşüp atyndan, Ýakynlaşdy ýuwaş ädip... -Dert çekip zalym itinden, Ölmän galdyň aýt sen nädip? Guduz it dişlese hökman, Ölmeli sen, oňa em ýok. Ýüz ýyl bäri müňläp lukman, Onuň çäresin bilenok. Beg ýigidiň sowalyna, Oýurganyp oturdy kän. Gedaý belki hyýalyna, Bir zatlary getirdi kän. -Däliräp çykdym düzlere, Çykdym türkmen sährasyna. Geldi ýüregim üzlere, Müň dürli gülleň ysyna. Ömrüm tamam, taýyn ölme, Bilýän, soňky pelläm ýakyn. Ynha, görsem köne külbe, Külbede bar eken hekim. Özüň bilýäň halym harap, Guduz men, däli, telbe men... Birdenem ýuwaşja ýöräp, Şol tebip çykdy külbeden. Derdimi aňyp, dessine, Egnini goýdy egnime. Keramat, haýran kesbine, Gutardy meni em bile. Pirleriň deminden dörän, Hekim örän ökde eken. Meň ýowuz derdime ýaran, Gudrat otda-çöpde eken. Türkmen sährasynda biten, Ot-çöplere başym gurban. Agyr dertden halas eden, Her giýä ýüz derde derman. Beg ýigit başyn galdyryp, Seretdi oňa nägile. -Diňle meni eý byradar, Hem eýleme zerre kine. Dertden gutulanyň anyk, Ýöne sen hakyt diwana. Halasgär hekimi taşlap, Nämüçin geldiň bu ýana. Hawa, dertden gutulypsyň, Ony ýüz-gözüň dur aýdyp. Ah, ýöne sen utulypsyň, Hekimiň ýanyndan gaýdyp. Indi türkmen sährasynyň, Ýüze sylmaga ot-çöpün. Salgy ber, kalbyma melhem, Sähra gideýin at çapyp. Salgy bermeseňem gitjek, Ýolbelet bolar yhlasym. Hekimiň ýanyna ýetjek, Keşt edip türkmen sährasyn. Ak gülli, çygly ýodadan, Giň äleme aşyk deýin. Atym münmän, pyýadaja, Men seleň sähra gideýin. Sylapberdi MUHAMOW. | |
|
√ Jüneýit han / poema - 03.06.2024 |
√ Kyssa / poema - 12.06.2024 |
√ Kyssa -3: poemanyň dowamy - 20.06.2024 |
√ Jeñnama / poema - 03.08.2024 |
√ Rowiýa / liriki poema - 14.09.2024 |
√ Gözleg / sonetler çemeni - 14.09.2024 |
√ Daýanç nokady / publisistik poema - 14.09.2024 |
√ Aşyk Aýdyñ / poema - 22.06.2024 |
√ Kyssa -2: poemanyñ dowamy - 14.06.2024 |
√ Esger guýusy / poema - 19.08.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |