18:57 Kitap | |
KITAP
Pedagogika we edep-terbiýe
Ir döwürlerde bir dana ýaşapdyr. Ol ömründe köp şägirtleri ýetişdiripdir. Şeýle şägirtleriň biri onuň ýanyna gelýär: – Halypa, maňa kagyz bilen galam ber! Men indi kitap ýazmaga başlajak. – Eýsem sen näme ýazmak isleýärsiň? – Elbetde, men heniz pikirlenmedim, emma bir zat ýazmalydygyny ýüregim bilen duýýaryn. Onsoňam men durmuşy kän gördüm, gören zatlarym hakynda bir zat ýazmaly ahyryn. Bu zatlary ýazar diýip adamlar hem garaşýandyrlar. Men olaryň öňünde ryswa bolup bilmerin ahyryn. – Bar git, meniň wagtymy alma, öz wagtyňy hem bilmeýän zadyňa sarp etme! Ýene bir gün şägirt ruhubelent ýagdaýda işikden girdi, dessine söze başlady: – Halypa, şu gezek maňa kagyz, galam berseň gerek. Men näme ýazjakdygym hakynda çuňňur oýlandym. Bu eser meni dünýä meşhur eder, seni hem halypa hökmünde meşhurlyga ýetirer. Halypa bu gezek hem galam-kagyz bermedi. Bu wakadan günler geçdi, aýlar geçdi, şägirt halypanyň öýünde peýda boldy. Emma ýagşydan--ýamandan söz açmady, sesini çykarman oturdy. – Sen näme üçin habaryňy aýtmaýarsyň, eýsem, eser ýazmak pikirinden el çekdiňmi? – diýip, halypa geň galmak bilen sorady. – Hawa, men eýýäm kitaby ýazdym – diýip, şägirt jogap berdi. – Hany seniň kitabyň? – Meň kitabym hemme ýerde. Meň kitabym adamlara eden ýagşylygymda, eden işlerimde, bala-çagalarymda. Her kimiň durmuş kitaby onuň ýaşan durmuşynda, ömründe görünýär. Durmuşyň iň oňat kitaby bolsa, adamlara eden ýagşylygyňdyr — diýip, şägirt jogap beripdir. Halypa şägirdiniň ýeten ylmyna guwanyp, assa ýylgyrdy. Ol ýuwaşlyk bilen kagyz-galamy şägirdiniň öňünde goýdy. Terjime eden: Maýa NAZAROWA, Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň talyby. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |