KÖNE TANYŞ
Durmuş durşuna tötänlik diýilýäni çyn eken. Men oňa tötänden gabat geldim. Käte-käte ýatsaň, tursaň ýadyňa düşmejek, düýşüňe girmejek wakalar bolýar. Şol gün gerek – ýarak zatlarymy alaýyn diýip, jygyldyga gitdim. Asyl, indi hezillik. Jygyldykdan islän zadyňy pitikläp-pitilläp, elýeter bahadan alyp bolýar. Onuň üstesine-de Altyn asyr gündogar bazarynda harytlary synlamagam aňsat. Hemmesi me saňa diýip, ýüzüňe seredip dur. Täze çykan öýmeleri synlap durkam ýeňsämden biri gujaklap, özüne tarap öwürdi-de:
– Senem görmek bar eken, gyz, Sünbül. Hakyt eňsäňden tanaýdym. Ýöreýşiň, bolşuň birjigem üýtgemändir. “Ölme-de ýit” diýleni-dä. Birmahallar-a aramyzdan gyl geçenokdy. Soňam ýedi ýada öwrüldik galyberdik. Aý, näme durmuş-da bü. Her kimi bir ýerden çykarýa-da. Onsoň geçen günler ho-ol yzda galyderýä.
Gözüni ýaşdan dolduryp, meni gujagyndan sypdyrman gürläp duran zenanyň kimdigini biljek bolup, beýnime agram saldym. Eger - eger gümanam edemok. Ol weli durmuşyň tötänligine geň galýandygyny henizem ýanjap dur.
– A gyz, Sünbül, senem görmek bar eken. Şo-ol birmahallar obadan okuw diýip çykyp gaýdyşyň. Aşgabada şunça gelip – gitsegem şu çaka çenli saňa gabat gelemokdym. Şuwadam birbada gözüme ynanmadym. Hakyt sen-dä. Ýogsa-da name beýdip doňan ýaly bolup dursuň. Meni tanamadyňy name?
Men onuň özlelenip durşuna nebsim agyrdy.
– Meň huşum ýok-da.
– Goýsana gyz, nätdiň muny. Şetdat ýaly ýadyň bardy ahyry. Hany, obamyzy, bileje oýnan ýerlerimizi ýatla.
Şol dem göz öňümde gaýgy – gamsyz çagalyk janlandy. Ýöne henizem bu zehanyň şol dünýä bilen baglanyşygyny tapyp bilmedim.
– Näme oýa batdyň? Ýa henizem tanaňokmy?
– Ýok.
– A gyz, şäherliler üýtgeýär diýýäler weli çyn öýdýän. Meni tanamasaň-a bolmaz. Men Hajat, gurjak – gurjak oýnaýan döwrümiz ýadyňa sal hany.
Meni özüne gysyp duran zenanyň şo-ol, birmahalky gulpagyny tasadyp ýören Hajatdygyna bidbada ynanasym gelmedi. Ýüzi ýygyrtdan ýaňa mürşüp giden zenanyň öz ýaşytdaşymdygyna, onuň çagalygymyň bir bölegidigine-de ynanasym gelmedi. Bu zenan göwnüme bolmasa, segseni sermäp ýören garryja kempirdi. Meniň tykyrap duranymy gören Hajat ýadymy dörjelejek bolup henizem başagaýdy.
– Hany, ýadyňa agram ber. Baý, bahym tanarsyň-a.
Men onuň göwni üçin dillendim.
– Ýadyma düşdüň.
– Hä, şeý diýsene, gyz. Aý, näme, o döwürden oba göçdi. Ýaşlaram birçene bardy. Boýun alasymyz gelmese-de,garraýas. Asyl garradyk. Ýöne, tüweleme,sen özüňi bermänsiň. Men weli, görmedigi görde galdy diýleni. Şol görgüleriň yzam ýüregiňde-de galýa weli, ýüzňde-de galýan eken. Meň- ýüzümiň her ýygyrdynda durmyşyň öçmejek awusy bardyr...
Ol birdenem naçarlap başlady.
– Görülmedik gün galan däldir, boýdaş jan. Çagalarymyzyň aýny ýaşajak mahaly gerre diýip, bir bela çykdy. Oňa ýolukmadygam, onuň heserini çekmedigem galmady öýdýän. Ýa öýümden turansoň şeýle boldumu ýa-da il – günüň başyna apat bolup indimi, onçasyny biljaşek däl. Ýöne aşymyza awy gatyp, ömrümizi kül edeni-hä çyn onuň.
Hajatyň sözüni bölmäge het edip bilmän aňalyp durdum. Tötänden gabatlaşyp, derdini çagalyk syrdaşy bilen paýlaşasy gelýän Hajatyň damagynyň dolup, elenip durandygy onuň gözlerinden görünýärdi. Men oňa göwünlik bermäge synanyşdym.
– Hajat jan, ýeke seniň başyňda bolmady ahyry o bela. Indi, Hudaýa şükür, bala-çagalar ondan saplandy. Şo-da bir gowulyk.
– Wah, nebir- nebir oglanlaryň ömrüni kertdi-dä. Hernä Arkadagymyz bu belanyň soňuna sogan ekdi. Ynha indi gülala-güllük. Ýöne bagry çüýrän eneler enntek-entekler aglarlar.
Meň oňa nädibem bolsa göwünlik beresim, derdini paýlaşasym geldi.
– Jora jan, şo belanyň sowuldygy bolsun.
– Meň-ä bagrymy çüýretdi şo apat.
– Nätjek-da, ýeke sen däl, ondan kösenen. Näme diýsene, Hajat, ýör, öýe gideli, birsellem çagalyga dolanaly.
– Maňa öý diýme, Sünbül. Gyssagym özüm bilen. Şu gün yzymyza dolanmaly. Agtyjagym üçin guda bolduk-da, gelnim bilen halat almaga geldim.
Hajat sözüni soňlamanka, baýdak ýaly gelin gelip, maňa salam berdi.
– Sünbül jan, kiçi oglumyň gelni şü. Oguljygymyň öz-ä şo belanyň girdabyna düşüp, onuň gurbany boldy. Gelinjigem, tüweleme, çagajyklaryny gallap, yzyny salkap otyr ýüzi ak bolmuş.
Soň ol gelnine ýüzlendi.
– Balam, ine, çagalykda bileje oýnan, gumak köçäň kirşenine bileje çümen joram şü meň.
Hajatyň gelni gyssanýandygyny duýdurdy.
– Enesi, almaly zadymyz heniz kän, eglenmäliň, birden ulagdan galaýmaly.
Bu gezek men Hajatdan öňrütdim:
– Howlukmasaňyzlaň, gelin, aljak zadyňyzy alýançaňyz, size garaşaýyn. Soň bize gideliň. Bu gije meniň myhmanym bolyň. Çagalarym bilen tanyşarsyňyz. Ýüz ýyldan bir gezek gabat geldik. Onda-da beýdip bazardan gaýdaýmak bolmaz ahyry.
Gelin “nädýäs” diýen manyda gaýyn enesiniň ýüzüne seretdi. Hajat henizem elimi goýbermän durşuna:
– Gaty görme, Sünbül jan. Sen bü gezek bize salgyňy ber, indikli gezek öýüňize toýa çakylyga bararyn. Sähedimi alamsoň, ýörite myhmançylyga gelerin, hemem toý çakylygyny getirerin, şeýle dälmi, – diýdi.
Hajat bilen şu ýerde, şeýdip hoşlaşasym gelenokdy. Az wagtlyk bolsa-da onuň bilen şo-ol, birmahalky gaýgysyz-gamsyz dünýämize dolanasym gelip, ýüregim ýarylyp barýardy. Dogrusy, edil häzir şu günüň gadryny bilip, hut şonuň bilen ýaşamalydygyna düşünýän bolsamam, şu pursat çagalygyň dünýäsine dolanasym geldi-de öz pikirimi orta atdym:
– Onda geliň, bir zat edeliň. Gelin jan, sen kyn görme-de, ýeke özüň bazara aýlan. Oňa çenli biz gaýnyň bilen gümür – ýamyr ederis. Hon-ha, nebir çaýhana bar. Hem-ä bir käse çaý içeris, hemem şo ýerde saňa garaşarys.
Hajatyň gelni ilgeziklik bilen ylalaşdy.
– Oň ýaly bolsa, has oňat. Goşumyzy siziň ýanyňyzda goýup, bazara arkaýyn aýlanaýyn. Enesi, sizem oňa çenli dynjyňyzy alarsyňyz...
Çaý başynyň söhbetini Hajat gelninden başlady.
– Sünbül jan, könekileriň “oglum gowy bolandan, gelnim gowy bolsun” diýenleri-dä. Oglumyň ýurduny täzelänine esli wagt boldy. Ýöne gelnim öýüň ody bilen girip, küli bilen çykýar. Ýanýodaşdan ir galdym diýenok. Çagajyklaryna ata mährini küýsedenok. Enesi diýip, meň daşymda-da hozanak. Elbet, Hudaý bizem bir tarapdan ýalkamalydyr-da. Adamsy ýogalandan soň, öýüňi boşadyp giden bolsa, ana, şonda iki ölüm bolýa. Oňa çydam etmez bü sandan galan ýürek...
– Hajat, senem-ä ýanýoldaşdan ir galdym diýip otyrsyň. Türkmeniň ýar ojagyna wepaly gelinleriniň hatarynda senem. Her kime öz göwnüne görä ykbal diýleni çyn bolaýmasa. Seň ykbalyňy gelniň gaýtalaýa. Indi bir beýle ykbaly görkezmesin Hudaý. Onsoňam türkmen zenanynyň wepalylygyna älem haýran ahyry.
– Şeýledir şol. Onsoňam aslynda adamyň zandynda bolmasa, aýdyp-diýip etdirilýän zat däl o zatlar.
“Birim bar, müňim bar” diýipdirler. Ogluňdan galan ýadygärlige gywanmak saňa-da, gelniňe-de nesip etsin.
– Agzyňdan Hudaý eşitsin, Sünbül jan, seni gördüm weli, dünýäm giňedi. Çagalyga dolandym, derdim ýeňledi.
– Menem hezil etdim. Sähediňi alaňsoň, hökman gelgin. Toýuňyza bararys. Onda-da aýdym-sazly bararys.
Hajatyň ýüzi ýagtyldy. Göwnüme bolmasa, ol ýigdelen ýaly boldy.
– Enşalla, hökman habar ederin, asyl ýörite gelerin.
Meň bilen hoşlaşyp, gelni bilen tirkeşip barýan Hajatyň ökjesi ýere degmeýän ýalydy. Özümden daşlaşyp barýan gaýyn-gelni synlap, ýyly sözüň, birek – birege mähir – muhabbetiň güýjüniň çäksizdigine ýene bir gezek göz ýetirdim. Birki sagat mundan ozalam gözüni ýaşdan dolduryp, gepläp bilmän duran Hajatdan häzir nam – nyşan ýokdy. Ol indi hut şu günüň mähri bilen ýaşamalydygyna doly göz ýetiren oral zenandy.
Ogulgerek USSAÝEWA.
Hekaýalar