MAGTYMGULY - DÜNÝÄ AKYLDARLYGYNYÑ ALMAZ TÄJI
Bu gün, «Magtymguly Pyragy dünýä akyldarlygynyň almaz täji» diýip, beýik ynam bilen öz garaýşymyzy, öz sözümizi aýtmaga hakymyz bar. Bu söz, bu baha türkmen halkynyň beýik akyldar ogluna irde-giçde berilmeli mynasyp bahasydyr. Bu meselede başga bir howaýylyk, galdyr-basdyrlyk bolup bilmez.
Beýle bahany Magtymgulynyň özi mundan baryp-ha üç asyra golaý öň gazanyp gidipdi.Türkmen halky indi telim ýüz ýyllyk bäri bu beýik akyldaryň öz halkyna goýup giden şol akyldarlyk keramatynyň saýasynda ýaşaýan-da bolsa, dürli sebäplere görä öz akyldaryna onuň mynasyp bolan bahasyny şu güne çenli berip bilmän geldi.
Şu ýerde Beýik akyldaryň türkmen üçin nähili gadyr- gymmatynyň bolandygyny Maşatdan Buhara ýörite tabşyryk bilen derwiş eşiginde syýahat edip, ep-esli wagtlap Etrek-Gürgen boýlaryndaky türkmenleriň arasynda bolan wender alymy Armeniý Wamberiniň özüniň „Orta Azyýa syýahat“ diýen belli işindäki: „Türkmen üçin baryp ýatan lezzet- bagşynyň gelmegidir we onuň tamdyra çalyp, Göroglynyň, ýa elýetmez şaha hasaplanylýan Magtymgulynyň aýdymlaryny aýtmagydyr.
Magtymgula öwlüýä ýaly garalýar...“—diýen sözleri bilen beýan edip bolar. Ine, şol keramatly öwlüýä deňelen Beýik akyldaryň mertebesini öz derejesine galdyrmakda mundan aňryk gitmek bolmaz. Çünki, beýik akyldaryň jandan eziz gören halky bu gün dünýä ýüzünde beýik mertebelere ýetdi. Onuň şirin janyny orta goýup söýen, goran, buýsanan watany bu gün dünýä ýüzünde deňli-derejeli ýurt boldy. Dünýä ony indi Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan diýip tanaýar. Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň halky bu gün ajaýyp eşretler içinde ömür sürýär. Türkmen ýaşlary bu gün dünýäniň internet, kibernet, beýleki tilsimatlaryny ellerine alyp, özleriniň merdana halkyna, eşretli ýurduna ogullyk howandarlygyny bagş edýär.
Türkmen halkynyň ruhy we ahlak gymmatlyklarynyň, filosofik, durmuş, geçmiş, şu gün, geljek baradaky dürdäne paýhas taglymatlar hazynasy bolan Mukaddes Ruhnama milli aňyýet hökmünde nesilleriň, ylaýtada ýaş nesil bilen ýaşuly nesliň, geçmiş bilen geljegiň, halk ruhunyň, edep, terbiýe, watan, ene toprak, däp-dessur, namys-ar, haýyr-şer ýaly taglymatlar esaslarynyň görlüp-eşidilmedik paýhas-parasat hazynasy hökmünde dünýä halklarynyň aklyny haýran edýär. Bu gün bu keramatly kitaby dünýä döwletleriniň onlarçasy özüniň edep mekdebiniň esasy pelsepe taglymaty hökmünde ykrar edip, ony öz dillerine terjime etdiler. Bu gün Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň ykdysady, syýasy, pelsepe, durmuş derejesi dünýä halklaryny ozüne imrindirýär.Dünýä halklary beýik Magtymgulynyň söýen, buýsanan, guwanan, janyny orta goýan eziz Watanyna telwas edýär.
Ine, şeýle zamanda “Magtymguly Pyragy dünýä akyldarlygynyň almaz täjidir” diýip durmagymyzyň sebäbi nämekä?!.
Bu meselede,”Nädýäňiz-äý, gaýa ýok, gopuz ýok ýerden Magtymgulyny gaty beýige galdyraýan bolaýmalyň. Sebäbi, dünýä akyldarlygynyň almaz täji başyna geýdirilen beýik-beýik läheňler az däldir. Olaryň ýanynda Magtymguly dagy nämejik” diýilmegem mümkin.
Eýsem, biz name üçin Magtymguly Pyragynyň Beýik akyldarlyk älemini , onuň beýik akyldarlyk zehinini dünýä ýaýyp bilemizok?!
Biz bu meselede aýdyljak her bir teýeneli, igençli söze boýun. Şonuň üçinem bu makalamyzy, hut, şu mesele baradaky söhbetdeşlige bagyşlaýarys.
* * *
Magtymguly Pyragy Orta asyrlar zamanasynda Orta we Alynky azyýanyň
halklarynyň arasyndan Beýik Ýaradanyň keramaty bilen orta çykan, görülip-eşidilmedik beýiak akyldar boldy.
Dünýä belli ýazyjy Çingiz Aýtmatowyň sözi bilen aýdanyňda .”…Tutuş XYIII asyr Magtymgulynyň asyrydyr“ .Emma turkmen üçin welin Magtymgulynyň şygyrlary dünýä inip, halkyň ýüregine ornandan soň, türkmeniň ähli asyry Magtymgulynyňky boldy. Şol döwürden bäri turkmeniň durmuşyny, däbini, dessuryny, ynsan bolup, hakyky türkmen bolup ýaşamagyň ähli ýol-ýörelgesini Magtymgulynyň şygyrlarynyň özeninden susup alyp, şol ýol -ýörelgäni öz durmuşy, dessury, dini, şerigaty ýöretmegin keramtly ýörelgesine öwren sada, halk-a däl, ýurduň begi, hany, soltany hem diňe Magtymgulynyň paýhas-parasady bilen söz açyp, şonuň bilenem pikir-paýhas ýöredendir.
Eýsem, Beýik akyldar Magtymguly Pyragy, onuň şygyrýet ummany nähili Allahy keramata eýe bolupdy?!
Şu ýerde biz Magtymguly Pyragynyň şahyrlyk derejesi barda durup geçeliň. Magtymguly diňe şahyrmyka?!
Türkmen halky öňden bäri Magtymgulyny şahyr hökmünde tanaýar. Bu ýerde Magtymgulyny öwrenijiler hem, şol sahda Ý.E. Bertls, W.W.Bartold, A.Samoýlowiç ýaly dünýä belli türkolog alymlar hem ,akademikler G.O.Çaryýew, B.A.Garryýew.., professor M,Kösäýew... ýaly magtymgulyny öwrenijiler, bu däbi şu güne çenli dowam etdirijiler hem beýik akyldara, onuň döredijiligine , ilkinji nobatda, şahyr hökmünde baha berip gelipdirler.
Biz Ý.E.Bertelsiň, beýleki türkmen alymlarynyň güwä geçmeginde öz halkyna 18-20 müň setirlik şygry miras galdyran Magtymguly Pyragyny beýik şahyr hökmünde mahabatlandyrsak-da, onuň şahyryň derejasinden has beýikdigini indi bir boýun almalydyrys.
Magtymguly Pyragy, sözüň doly manysynda, dünýä akyldarlyrynyň müň öwüşginli almaz täjini başyna geýen beýik akyldardyr.
Dogry, Magtymgulynyň beýik akyldar şahyrlygyny hem hiç babatda inkär etmek mümkin däldir. Şeýle-de bolsa, biz bu meselede bir zady boýun almalydyrys. Beýik akyldar Magtymguly özüniň şahyrlyk zehinini edil gündogaryň Abu Seýit Mähneýi, Sady Şirazy, Hoja Ýusup Hemedany, Hoja Ahmet Ýasawy, Hafyz Şirazy,Abdyrahman Jamy, Nyzamy Genjewi, Alyşir Nowaýy, Omar Haýýam, Jelaletdin Rumy, Döwletmämmet Azady ýaly beýik akyldarlarynyň däbine eýerip, äleme sygmaýan akyldarlyk taglymatlaryny goşuk bilen, şygyr bilen äleme ýaýmak üçin goşgyny beýan ediş täri hökmünde ulanan akyldardyr. Emma biziň Magtymgulynyň şahyr hökmünde-de, taýsyz, görlüp-eşidilmedik zehine eýe bolandygyna-da buýsanmaga hakymyz bardyr.
Bu barada belli gündogarşynas Ý.E.Bertelsiň: “Magtymgulynyň goşgularynyň mazmuny dürli-dürli bolup, ýakyn gündogar poýeziýasynyň adaty kanunyndan daşary çykýar“—diýip, aýratyn nygtamagy ýöne ýere däldir.
Ine, beýik akyldaryň keramatlylygynyň birinji syryny şu ýerden gözlemek gerek. Ol gündogar poýeziýasynyň özüniň adaty kanunyna sygmaýany üçin, beýik akyldar bu poýeziýanyň zynjyrlaryny, galyplaryny, däplerini üzüm-üzüm edip taşlapdyr.Onuň belent daglaryň baş bermeýän däli silleri ýaly akyldarlyk älemini, parlak ruhuny, keramatdan dolyp daşýan täzeçillik dünýäsini türkmen halky, onuň röwşen geljegi, rürkmen bolup ýaşamagyň gözel ulgamlaryna garyp, ony ölmez-ýitmezlige öwrüpdir.
Beýik akyldaryň şygyrýetiniň tutuş şüňňüne, özenine, oňa garan beýik akyldarlyk genjine düşünmek üçin hökman türkmen bolmak gerek. Sebäbi Beýik akyldar özüniň göşgularynyň paýhas äleminde türkmen halkynyň dürli ýagdayny nazara alandyr. Ol öz şygyrýetinde türkmeniň asman- ýer aralygyndaky ruhy, ahlak durmuşyny, aňyýetini, durmuş,hal-ahwalyny, gün-güzeran ýagdaýyny çekýän derdi-dagyny, umyt-arzuwyny, ah-armanyny birin-birin juda dözmezlik bilen, özüni her bir türkmeniň ornunda goýup, seljerýär. Oňa baha berýär.
Şonuň üçin, Magtymguly Pyragynyň her şygryndaky, her bir setirindäki hikmetde türkmen hem özüni Magtymguly Pyragynyň ornunda goýup görýär. Şol setirdäki, şol bentdäki pikir-duýgyny , hut öi, öz derdi, öz ykbaly barada ýazylan hökmünde kabul edýär. Şonuň üçin her bir türkmen Türkmen Magtymgulynyň şygyrlaryny okanda ýa-da diňlände , hökman özüni beýik Magtymgulynyň ornunda goýup, onuň şygyrlarynyň begenjini, gynanjyny, onuň derdini öz derdim diýip, öz gününe aglaýandyr.. Mysal üçin,
Magtymguly Pyragy:
Gan aglap atamyň bili büküldi,
Nirde mesgen tutduň gardaş Abdylla...
—
diýip öz doganynyň derdine aglanda, türkmen ony Magtymgulynyň atasynyň bili bükülmän, dünüäden gözüni açyp armanly giden aga-inisi üçin öz atsynyň bili büküldi hasap edip, ah çekýär.Magtymgulynyň derdi onuň öz derdine, öz hasratyna öwrülýär.Eger Magtymguly Pyragy:
Garaw bardyr ýersiz urlan taýakda,
Garyp sen ýyglama, şir dek bolar sen—
diýende, ary-namysy depelenip, arzyny, derdini bölüşmäge syrdaş tapman ýören biçäre bende, hökman ony özüne çekip, Magtymguly onuň üçin süňk hossara öwrülýär-de, bu şygyr tamam bolýança gözleriniň ganly ýaşyny saklabam bilmeýär.
Diňe bular däl, Il-bendä ulukçyn berip, gözi mal- baýlykdan, meslikden gyzarara gelen orramsylar üçinem beýik akyldaryň:
Şirin-şirin salar hasaba dünýä,
Ajy-ajy goýar azaba dünýä,
Ne ýetdir, ne tutdyr bu gabha dünýä,
Tutdum-tutdum diýseň gaçyp baradyr—
diýende, her näçe baý, beg bolanda-da, „gulagyna urlan har“ ýaly pyrlanyberendir.
Bir söz bilen aýdylanda, Magtymgulynyň şygyrlarynyň göbegi türkmeniň ruhy dünýäsinde, aňyýet bossanynda gömlemdir. Magtymgylynyň goşgularynyň many-mazmunyna ýetmek üçin türkmeniň ruhunyň, aňyýet äleminiň pähim-parasat ýetmez çuňluguna garylmak gerek. Eger şony başarmasaň, beýik akyldaryň şygyrýetine düşünmegem, oňa aralaşmagam mümkin däldir Bu barada dünýä belli alym Ý.E.Bertels şeýle bir ýagdaýy:“Magtymgulynyň goşgularynyň birnäçesini M.Tarkowskiý terjime edenden soň, rus okyjysy onuň döredijiligi bilen ilkinji gezek tanyş boldy. Ýöne welkin ol terjime her näçe şowly çykan hem bolsa, Magtymgulynyň goşgularynyň asyl nusgasy bilen , köplenç dogry gelmeýär we onuň goşgularynyň güýçlüligini, ýitiligini we güýçli duýgularyny ýeterlik berip bilmeýär“—diýip belläpdir.
Ine, Magtymguly Pyragy bilen türkmeniň ruhy gatnaşyklarynyň syrlylygy barada bu alym dogry güman edýär. Eýsem, Magtymgulyny okap her bir türkmen öz derdine aglap otyrka, ruslar näme üçin M.Tarkowskiniň terjime eden „Magtymgulusyny“: “ ýeri, bu ýerde aglar ýaly nähili üýtgeşik zat bar eken“ diýip, beýlä süýşürip goýberýärmiş?!
Gepem şonda! Magtymgulynyň goşgularynyň ruhy älemine düşünmek üçin türkmeniň ruhuna düşünmeli. Eger şeýle bolmasa, onda Magtymgulynyň şygyrýetini başga bir dile terjime etjek bolup azap çekmegiňem, ony beýleki bir halkyň okyjysynyň „türkmeniň görüşi ýaly görer, oňa türkmeniň düşünişi ýaly düşüner“ diýip umyt etmegiňem zerurlygy ýokdyr.
Şu ýerde ýene bir zady aýratyn nygtasymyz gelýär. Matymgulyny şahyr hökmünde terjime etjek bolmak ýalňyşdyr. Biz ýene bir sapar nygtaýarys: Magtymguly şahyrdan has beýikdir.
Gezendeleriň, syýahatçylaryň, ýurtbasarlaryň , talaňçylaryň gözi bilen
Garanyňda, dowzah ýaly aldajy, ýalazy çöl bolup ýatan türkmen ilinde, bu gazaply, gyňyr sähralarda önüp, ösen, heniz uýan, eýer, gamçy garasyny görmedik sarç bedew ýaly kakabaş türkmeniň ýagdaýyny seljerýär. Oňa baha berýär.
Beýik akyldaryň şygyrýetinde bolsa:I.Ilki bilen türkmeniň bu dünýä geleni onuň boýnuna goýulýar. Özünem, bir zady bek bellemeli, türkmen diýen kakabaş halk hele-müçik boýna goýulmany hasaba aljaklardan däl. Şonuň üçin Magtymguly öz sözüni, pikir -paýhasyny hiç wagt, hiç ýerde, hiç kimde hiç hili ikirjiňlenme, güman, şübhe galmaz ýaly, öz pikir-paýhasyny, sözüni şeýle bir delillendiripdir, asyl ony akyldaryň döwürdeşi, şol kakabaş türkmen-ä däl, üstünden telim asyr geçenden soň, adamzadyň, iň öňdebaryjy nesilleriiniň paýhasy bilen döredilen çylşyrymly ylym hem onuň öňünde, telpegini çykaryp, ýalaňaç başyny egýär.Mysal hökmünde onuň:“Dahana geldiň“ goşgusyndan iki oýnam setirini alyp göräýiň.
Bu nakyldyr, adamzat, sen bu mekana geldiň,
Owal ataň bilinden syzyp nahana geldiň,
Atadan enä baryp, bir katra gana geldiň,
Eneden surat bolup, bu şirin jana gldiň,
Dokuz aýy ötürip, inip jahana geldiň,
Emip enäň şüýdüni, gundalyp, dona geldiň...
Ýa-da:
Çyplak dogduň, adamzat,
Hem geýmäge don gerek...
Ine, mundan iki ýüz elli ýyl öň, şol aldajy „dowzah“ ýaly beýewan sähralarda garaja öýüň dulunda ýazylan bu setirleri dünýä siwilizasiýasynyň iň ösen zamanynyň ylym-bilimi inkär edip bilermikä?!
II.Soňra akyldar türkmeniň baý-u garyp, aju-dok, bagtyýar-u- bagtly ýaşap ýörenini onuň boýnuna goýýar. Soňra her bir türkmene bagtly, betbagt, şat, gamgyn, baý-garyp, jahyl- goja, bidert-dertli, aç-dok mahaly, toý toýlaýan ýa-da, ýasly çaglary syrdaş bolýar. Onuň wepaly syrdaşyna , eziz doganyna öwrülýär. Şol döwürde onuň ýagşylygyny, ýamanlygyny , haram-halallygyny, mert-namartlygyny boýnuna goýýar.
I. Iň esasy zat beýik akyldar türkmeniň bu dünýä baky gelmändigini, onuň halal-haram ýygnanlaryny bu ýalançy dünýäde taşlap, „gidejekdigini“ ol heniz dirikä, jany sag, başy dik, deminiň dag sarsdyrýan wagty onuň boýnuna goýýar.
Gara ganlar ýuwtup, hasratlar çekip,
Mala meşgul bola-bola gider sen.
Dodagyň tebredip, ýüregiň ýakyp,
Gümanyň bar, alyp bile gider sen.
Munça jepa ogul, gyz-u, zen bilen,
Munça aşret häk bolajak ten bilen,
Gitmez garamaty iki gün bilen,
Neçin boýna ala-ala gider sen.
Magrur bolma senjabyňa, samryňa,
Ajal Dawut elin çekmiş demrine,
Gylça jana bu bäş günlük ömrüňe,
Ne tetärik kyla-kyla gider sen...
Ýa-da:
Müň günlük tetärik bäş günlük ömre,
Pikir ediň, niçik işdir ýaranlar...
Görüp geçişimiz ýaly, Beýik akyldaryň mundan üç asyra golaý öň welilik bilen türkmeniň beýle boýnuna goýmasy, hut şu günem ol goşgulary okan türkmeniň süňňüni syzladyp, ölümini ýada salyp dur.
II. Şondan soň Magtymguly Pyragynyň şygyrýeti türkmene“ boýnuňa goýdum, indi bar, nirä gitseň gidiber, alan galaň özüňki“ diýäýenok. Ol tä Beýik ýaradanyň alyna çenli türkmene ýoldaş bolup gidýär. Zerur hasap etse oňa
kepilem bolýar. Bu ýagdaý öň, beýik akyldaryň döwründe-de şeýledi, hut şu günem şeýle.
III. Ine, şonuň üçin, bu gazaply, gyňyr sähralarda önüp, ösen heniz uýan, eýer, gamçy garasyny görmedik, syçyrap duran sarç at ýaly , sähelçe gepe gury däri ýaly partlap,elden-aýakdan çykyp barýan kakabaş türkmeni diňe we diňe beýik akyldar Magtymguly Pyragynyň keramatly şygyrýeti jylawlap, ýola getirip bilipdir.
Ine, iki eliňizi ýüregiňiziň üstüne goýuň-da, pikir ediň, tutuş gündogar diýmäli, Magrupdan Maşryga çenli, şeýle halky, öz halkyna ömür-baky çyn howandar bolan şahyr ýa-da akyldar barmyka?! Megerem, ýokdur. Bu beýik Magtymguly Pyragynyň dünýä akyldarlygy baradaky paýhasyň birinji ulgamy.
Ikinjiden: Biz Magtymguly Pyraga hakdan içen, weli şahyr hökmünde seretmäge öwrenişipdiris. Şol gaty öwrenişme biziň ganymyza, janymyza ornap gideni üçin Magtymguly Pyragynyň şygyrýetindäki dünýä taýlaýmaly akyldarlygy hem şol şygyrýetiň bir bölegi hökmünde kabul edýäris.
Magtymguly Pyragy özüniň şahyrlygyň derejesinden kän ýokary galandygyna doly göz ýetiripdir. Şonuň üçinem ol „San bolsam“ goşgusynda:
Abu Seýit, Omar Haýýam, Hemedany,
Ferdöwsi, Nyzamy, Hafiz perwany.
Jelaletdin Rumy, Jamy an-many,
Olaryň jaýynda menem kän bolsam.
Damengandan ýörgen ussat Nowaýy,
„Çar diwany“,“Perhat-Şirin“, rubaýy,
Zahyretdin Babur- mizan alowy,
Gaşlaryna baryp, men Mežnun bolsam...
—
diýip, akyl-parasady, beýik zehini bilen tutuş gündogarda, soň-soňlar bolsa Günüň dogýan ýerinden, ýaşýan ýerine çenli akyldar hökmünde şöhraty çawan Mäne baba- Abu Seýit, Omar Haýýam, Hoja Ýusup Hemedany, Abul Kasym Ferdöwsi, Nyzamy Genjewi, Hafyz, Jelaletdin Rumy, Abdyrahman Jamy, Alyşir Nowaýy, Zahyretdin Babur, Sady ,Hakany ýaly läheňleriň hatarynda menem san bolsam „ diýip jan çekipdir.
Türkmenler: “Özüni bilen, weli“ diýýär. Magtymguly Pyragy hem özüniň akyl-parasat, ussatlyk, zehin kuwwatyny bilmän: „Men şol beýikleň--Abu Seýidiň., Omar Haýýamyň,Hoja Ýusup Hemedanynyň, Abul Kasym Ferdöwsiniň, Nyzamy Genjewiniň, Hafyzyň, Jelaletdin Rumynyň,Abdyrahman Jamynyň, Alyşir Nowaýynyň,Zahyretdin Baburyň, Sadynyň,Hakanynyň,halyf Omaryň, Süleýman pygamberiň derejesinde bolsadym“ diýmezdi.
Ýöne Magtymguly Pyragynyň şygyrýet älemini boýlan her bir parasatly adam ony ýokarda atlary tutulan beýik akyldarlar bilen sähelçe deňeşdirip görse, Magtymgulynyň näme üçin şol ussatlaryň ýanynda „san bolsam“ diýmegine düşüner.
Hormatly okyjy, enşalla, aşakda baryp on şekizinji asyryň akyldarlygyny depesine täç edinip geýen Magtymguly Pyragynyň näme üçin dünýä akyldarlygynyň almaz täjine deňeýandigimizi beýan ederis. Munuň üçin biz ilki bilen ýokarda Magtymguly Pyragynyň „San bolsam“ sygrynda adyny agzap geçen akyldarlarynyň adamzada, öz halkyna, onuň jemgyýetçilik gurluşyna näme getirip, adamzat paýhas-parasadyna näme goşant goşandygyny seljerip geçmegimiz gerek.Soň ony Magtymgulynyň akyldarlyk älemi bilen deňeşdirip göräýmeli!...
Geliň, ilki bilen Mäne babadan başlalyň!,
Mäne baba-Abulsagyt Abulhaýyr- „Taryktyň- soltany“, "Tasawwufyň merdany“ diýilip, tutuş gündogara çawy ýaýran beýik türkmen piri 967-nji ýylyň güýzünde Mänede dünýä inýär. Ol barada Alyşir Nowaýynyň „Mejalis un nefaýys“ tezkiresinde, Abdyrahman Jamynyň işlerinde gymmatly maglumatlar berilýär. Şol maglumatlardan görnüşi ýaly, ol öz obasynda, Saragsda, Maryda, Eýranyň Nişapur we beýleki şäherlerinde dürli pirlerden düýpli bilim alýar. Şerigatyň tafawwuf basgançaklaryndan ynamly gadam goýmak bilen, bu ugurda beýik pirlik derejesine ýetýär. Munuň üçin Hyrka serpaýyna mynasyp bolýar.
Ol “Ýaradanyň her bir ynsana bagşeden ömrüni arassa, halal, ruhubelent ýaşap geçirmeli“ diýen ýörelgäni dessur edip alyp, ol ýörelgäni yslam äleminde özboluşly ýola öwürýär. Öz döwründe juda zehinli hasap edilen serigatyň ýollaryny düşündirýän ylmy işleri, özüniň din-yslam, şerigat, ynsançylyk, durmuş gatnaşyklary, yşk-söýgi baradaky goşgy-gazallaryny, rubagylaryny, tymsallaryny, rowaýatlaryny, hekaýatlaryny arap-pars dilinde düzüp, öz beýik pähimdarlyk ýörelgelerini wagz edip gelipdir. Onuň erkin, bagtly, ruhubelent ýaşamak baradaky özboluşly taglymatlary tutuş gündogara jar bolupdyr.
Megerem, Magtymguly Pyragy hem hyrka geýen bu beýik türkmen piriniň adynyň jahana ýaýylmagynyň buýsanjyna gark bolup, „Meniň hem adym şeýle buýsançly belentlige galsady!“ diýen höwes bilen bu beýik piriň „etegine ýapyşan“ bolmagy mümkin.
Beýik akyldaryň göwün beren pirleriniň birem Hoja Ýusup Hemedany hezretleri bolup, ol 1048-1049-njy ýyllarda Eýranyň Hemedan şäheriniň bir salkynlyk golaýynda ýerleşýän Büzendjirli diýen ýerde dünýä inýär. Allatagala oňa adamzada maksus bolmadyk ýiti zehin, ýatkeşlik, duýgurlyk beripdir. Ol bir sapar eşiden goşgy-gazalyny, dogalaryny şol bada ýat bekläp, olar pars dilinde aýdylan bolsa, arap diline, arap dilinde aýdylan bolsa pars diline, asyl görnüşinde geçirip bilipdir.Ol ömründe Gurhany 10 müň sapar okap çykypdyr, Muhammet pygammer hakdaky kyssalaryň, hekaýatlaryň 700-sini, ýatdan bilipdir. Parasatly pirleriň 213-si bilen din-şerigat barada söhbetdeş bolup, butparazlaryň 800-sini yslam dinine salypdyr. Hoja Ahmet Ýasawy, Hoja Abdylla Barakany, Hoja Abdylhasan Andaky, Hoja Abdylhalyk Gijduwany yaly pir çykan şägirtleriň ençemesini ýetişdiripdir. Özüniň: 1.Allanyň birligi,2. dünýäniň geldi-geçerdigi,3. Öz alyn deriň bilen halal ýaşamak, 4.Allanyň ýoluny berk tutmak baradaky mukaddes pikir- paýhsyny gözel goşgy-gazallarynda beýan edipdir. Onuň özi hem 95 ýaşyny şu gözel paýhasyna uýup, ýaşap geçipdir. Ondan ençeme şygyrlar ,din-şerigat ýollaryny teswürleýän gymmatly taglymatlar biziň günlerimize gelip ýetipdir. Ol Eýrandan Mara gelýärkä, ýogalmazyndan ozal, eger kazasy dolaýsa özüni Maryda, Bureýda babalaryň golaýynda jaýlamaklaryny wesýet edipdir.
Beýik akyldar Magtymguly Pyragy häzir Soltansanjaryň mowzaleýiniň günortasýnda uly öwlüýä bolup ýatan gündogaryň uly pirleriniň biri Hoja Ýusup Hemadanynyň ruhy we ahlak dünýäsyne hemişelik tagzym edeni üçin, oňa köňül bereni ahmaldyr.
Magtymguly Pyragynyň köňül beren akyldarlarynyň ýene biri Jelaletdin Rumydyr.
Jelaletdin Rumy owganystanly türkmenlerden bolup, Balh şäherinde dünýä inýär. Onuň ata-enesi soň Rum türkmen döwletiniň hökümdary soltan Alawetdin Keýkubadyň çagyrmagy bilen Koniýa şäherine göçýär. Rumy şol ýerde düýpli bilim alyp, soň medrese açyp, talyplara sapak berýär. Ol pir derejesne ýetensoň Rum döwletiniň soltany ony ýanyna çagyryp: “Eý, beýik pir, döwleti alymlar dolandyrmalydyr. Geçiň, tagta, döwleti siz dolandyryň!“ diýipdir. Şonda beýik Rumy: “Ýok, alymlar ýlym bilen meşgullansyn. Döwleti dolandyrmak özüňize nesip etsin!“—diýip aýdypdyr. Bu ýöne ýere däldir. Jelaletdin ene tarapyndan beýik şalaryň neslindendir. Onuň enesi Könürgenç döwletiniň patyşasy Muhammediň gyzydyr. Şonuň üçin oglana babasyna ýanap Muhammet dakylandyr. Onuň Jelaletdin ady bolsa Muhammet şanyň ogly Jelaletdine ýanalyp dakylandyr.
Jelaletdin Rumy din-şerigat ýollaryny juda berk tutmak, bu ugurdan düýpli taglymatlaryny dünýä ýäymak bilen çäklenmän, goşgy-gazallary, tymsaly hekaýatlary bilen hem külli adamzady Allany bir bilmäge,din-yslam ýolunda ynsaply, halal, pähim-parasatly ýaşamaga, mal-baýlyga,göwün ýüwürtmän, dünýäniň geldi-geçerligine aldanman, ynsan diýen ady belent saklap ýaşamga çagyrypdyr.Ol ikiýüzlüligi, görüpligi, bahyllygy, ejize ganym bolup, birek-birege zulum edilmegine garşy göreşipdir.
Ol adamzada alty jiltlik „Mesnewiler“ diwanyn peşgeş goýup gidipdir.Beýik Rumynyň adamkärçilikli ýaşamak, adamyň mertebesini belende galdyrmak taglymaty özüne ýakyn bolany üçin Beýik akyldar Magtymguly ony özüne juda mährem tutupdyr.
Beýik akyldar özüniň “San bolsam“ şygrynda nişapurly Omar Haýýamyň adyny hem agzaýar.
Kyýasetdin Abulfath ibn Ybraýym—Omar Haýýam 08.05.1048-nji ýylda Eýranyň Nişapur şäherinde eneden bolýar. Ol gündogaryň belli matematigi, filosofy, şahyry.Gündogaryň uly-uly pirlerinden düýpli bilim-pata alandan soň, Mälik şanyň Ispihanda gurdurýan abserwatoriýasyna gelip, şanyň tabşyrmagy boýunça oňa ýolbaşçylyk edýär. Ol şol absarwotoriýada işlän mahaly gije bilen gündiziň, Aý-Güniň hereketi, onuň Ýere gatnaşygy barada takyk kalendar düzýär.Şalaryň, ulamalaryň tabşyrmagy boýunça Nowruzyň taryhy, sopuçylygyň borçlary, yslamyň, şerigatyň kadalary, barada külli yslam dünýäsine belli ylmy işleri ýazan beýik pirdir. Ol bütin ömründe adamyň ruhy we ahlak päkligi, dünýäde mynasyp ömür sürüp, ynsan adyňy belent saklamak , Allany bir bilmek, onuň ýoluna janyň bilen berilmek baradaky şygyrlaryny ýazan beýik alymdyr.
Aýtmaklaryna görä, Omar Haýýamdan soň onuň rubagylaryna ters gelýän rubagylary düzmek ýoň bolupdyr. Emma käbir alymlar beýik akyldaryň özi:“Eger ahyryndan gorkmaýan bolsaňyz, başyňyza turşy çykýança içiň, islän erbetligiňizi ediň, ýöne olaryň baryna özüňiz Ýaradanyň alynda jogap bermeli bolarsyzyň!“ diýen gaharly kine bilen rubagylaryny ýazan bolmaly“ diýip, pikir ýöredýär.Bu meselede emele gelen jedelli pikirler henize-bu güne çenli dowam edip dur.
Magtymguly Pyragy Omar Haýýamyň Gündogara belli beýik pirligine, onuň sopuçylyk taglymatlaryna köňül goýup, dünýäniň geldi-geçerliginiň ynsana edýän täsirleri, olardan öz başyňy aman-esen alyp çykmak baradaky özboluşly, juda batyrgaý rubaglylaryny okan bolmagy mümkin. Ol şol jähtden bu beýik pire gol bersem diýip yhlas eden bolmagy mümkin.
Gündogaryň beýik akyldar şahyry Abulkasym Ferdöwsy hem Magtymguly Pyragynyň ýürek üzüpler arzuwlan beýik şahsyýetidir.Beýik akyldar bütin ömrüne:“Istär men „Şahnama“... diýip, Abulkasym Ferdöwsiniňaki ýaly dünýä belli eser ýazmagy arzuw edip ötüpdir.
Ferdöwsi („Jennet güli“ diýmegy aňladýar) 935-6 ýylda daýhan maşgalasynda dünýä inipdir. Ol 25-30 ýaşlaryna ýetende Gaznanyň soltany Mahmyt Abulkasym Ferdöwsini ýanyna çagyryp, Eýran şalarynyň taryhy barada bir poýema ýazmagy tabşyrýar. Şonda ol poema tamam bolandan soň, onuň her iki setirine bir dinar-altyn pul bermegi wada beripdir.
Abulkasym Ferdöwsi şondan soň 30 ýyllap basa oturyp, 999-njy ýylda „Şanama“ eserini tamam edýär. Eser jemi 60 müň goşa setir bolupdyr. Ol bu eserini Mahmyt Gaznawa iberipdir. Gaznawy bu eser baradaky gybatly sözlere gulak asyp, eseri okaman, Ferdöwsä her setiri üçin bir derhem (mis pul) bermegi buýrupdyr.
Soltanyň wekili şahyryň ýaşaýan obasyna baranda, Ferdöwsi hammamda eken. Ol özüne getirilip berlen pully halta elini sokup, bir gysym pul çykaryp, onuň mis puldugyny, soltanyň beren wadasynda durmandygyna düşünýär. Ol bu puly üçe bolüp, bir bölegini içip oturan piwosy üçin, bir bölegini hammamça, bir bölegini puly getiren adama beripdir. Soň lebzi haram soltan barada juda ýiti satirik goşgy ýazyp, özüni köşeşdiruipdir.
Aradan ep-esli wagt geçenden soň , bir gün Soltan Mahmydyň weziri iki setirlik goşgy aýdypdyr. Ony diňlän soldan bu goşgynyň çuňňur pikirine, çeperçilik derejesine haýran galyp, ol goşgyny kimiň ýazandygyny sorapdyr. Wezir bu iki setiriň Abulkasym Ferdöwsiniň „Şanama“ eserindendigini, bu eseriň durşuna şeýle pikirler, düýgular bilen ýokary çeperçilikde ýazylandygyny aýdypdyr.Bu eser bilen gaýtadan taşandan soň, soltan beren sözünde durmandygyny ýatlap, wada beren altyn puluny şahyra iberipdir. Arman, onça puluň hözirini görmek beýik şahyra miýesser etmändir. Sebäbi pully kerwen şäheriň bir derwezesinden girende, beýleki derwezesinden Ferdöwsiniň jesedini alyp çykypdyrlar.
Eýran şalarynyň taryhynyertekiçilik-romantiki äheňde haýran galdyryjy täzeçillik bilenwasp edýän bu eser grek sahyry goja Gomeriň goşgy bilen ýazylan „Ilýadasyndan“, “Odisseýasyndan“ soň dünýäde-de, gündogarda-da taýy bolmadyk beýik eserdir.
Dünýä belli alym Ý.E.Bertels ýöne ýere, Magtymgulynyň döredijiligini Abulkasym Ferdowsiniň „Şanama“ eserindäki eýran şalarynyň iň gadymylarynyň biri bolan Jemşidiň gyrasyna kaksaň dünýäniň dört künjündäki wakalary görkezip duran tylla jamyna deňemeýär. Bu ýerde bir ýagdaý barada durup geçsek, ýagny, Ý.E.Bertels-de, beýleki dünýä belli alymlar-da başga bir şahyryň döredijiligini bu ajaýyp mysal bilen deňeşdirip bilmez. Beýle juda uly many-mazmuny bolan mysaly diňe Magtymguly Pyragynyň şygyrýet älemi göterip biler diýip biz şu ýerde çekinmän, aýdyp bileris.
Bu ajaýyp eserde gündogaryň gadymdan gelýän ertekiçilik däplerini romantiki öwüşginde durmuş, gadymy halk däp-dessury bilen batyrgaý utgaşdyryp, döwrüň täzeçil çeperçilik, beýan ediş usullaryny çuňňur mazmun bilen sazlaşdyryp, juda täsirli beýan edýändigi bilen aklyňy haýran edýär. Hut şonuň üçin Magtymguly Pyragy Abulkasym Ferdöwsini özüne halypa tutunyp, şonuňky ýaly ölmez-ýitmez eser ýazmagy arzuw edip gezipdir.
Magtymgulynyň köňül beslänleriniň arasynda beýik azerbaýjan şahyry Nyzamy Genjewi hem uly orny eýeleýär. Nyzamy azerbaýjanyň Genç şäherinde dünýä inýär. Şonuň üçin ol Genjewi lakamyny alypdyr. Bu beýik şahyr yslam dünýäsiniň beýik piri hökmünde gündogarda bellidir. Ol tassawuf ýollarynda belent basgançaklara galan pir bolupdyr.Onuň özi hemişe diýen ýaly köşge bagly bolsa-da, köşge göwün bermän, erkin döredijiligiň tarapynda bolupdyr. Ol Gündogarda ilkinjil bolup “Hamsasyny“— „Hamsa“- arapça bäş-diýmegi aňladýar. - döredipdir. Oňä bäş eseri-:Şirin-Perhat“,“Şirin –Hysrow“,“ Leýli-Mejnun“,“Ýedi peýker“,“Isgendernama“ poýemalary giripdir. Onuň bu „hamsaçylyk“ ýodasy soň-soňlar uly ýoia öwrülipdir.
Beýik akyldar Magtymguly, megerem, bu däbiň aşygy bolup, hyýalynda şeýle eserler döretmge göwün ýüwürdipdir.
Magtymguly Pyragynyň ýene-de bir beýik halypa diýip guwananlarynyň biri Alyşir Nowaýy bolupdyr. Nowaýy 1441-nji ýylda Hyrat şäherinde Kyýasetdin Kiçginäniň maşgalasynda dünýä inýär. Onuň bütin ömri öz dosty, medresedeşi soltan Hüseýin Baýkaranyň köşgi bilen bagly bolupdyr. Ol ilki Hüseýin Baýkaranyň möhürdary, şoňra weziri bolupdyr.
1487-nji ýylda Hüseýin Baýkara ony Astrabadyň häkimligine belleýär. Ol bu ýerde özüniň „Hamsasynyň üstüni ýetirip, ähli şygyrlaryny jemleýär we tertibe salýar.
Alyşir Nowaýynyň hem „Hamsasyny „Haýrat-al ebrar“(Howsalaly takwalyk“),“ Şirin-Perhat“,“Şirin –Hysrow“,“ Leýli-Mejnun“,“Isgendernama“ poýemalary giripdir. Sebäbi ol belli azerbaýjan şahyry Nyzamy-Genjewiniň, belli pars, hindi şahyry Emir Hysraw Dehlewiniň „hamsaçylyk“ däbini dowam etdiripdir. Bulardan başga-da gazallaryň, mesnewileriň, rubaýylaryň ýuzlerçesini, edebiýat, onuň taryhy bardaky ylmy-filosofiki eserlerini döredýär.ol Alyşir Nowaýyny belli turkmen akyldary, şahyry, filosofy Döwletmämmet Azady hem özüne halypa tutunypdyr.Ol bu beýik akyldar şahyryň eserlerini ürç edip öwrenip, onuň „ Haýrut-al ebrar“ eseriniň täsiri esasynda billi „Wagzy-azat“ poýemasyny döredipdir. Şol poýemasynda Alyşir Nowaýynyň ady agzalan eserinden täsirlenip poýemasynda:
Baby owwal patyşalar waspy
Bary berse wasp eder men, rebi gany—
- diýip, patyşalaryň halk bilen adalatly, gadyrly gatnaşyklary barada söz açypdyr.
Alyşir Nowaýynyň bütin ömri köşk bilen bagly bolany üçin, ol öz eserlerinde ähli adalatsyzlygyň öüi bolan köşk hem-de patyşalar barada ýiti maňyzly pikirleri aýdyp bilmändir.
Alyşir Nowaýyny „adamzadyň söwer dosty“ diýip wasp edip, ony ilik-düwme öwrenen Ý.E.Bertels onuň döredijiligine şeýle baha berýär:
“Nowaýy hemişe özbek halkynyň belli derejede progressiw böleginiň elindäki baýdagy boldy.Häkimlik ediji gatlak, feodal hökümdarlar, baýlar, onuň döredijiligini özlerine hyzmat etdirmäge çalyşýardylar, ýöne bu hiç babatda mümkin bolmady. Halk hemişe onda özüniň dostuny we arkasynda durýan howandaryny görýärdi, olar şahyryň paýhasa öwrülen setirlerini gaýtalaýardy, näzik gazallaryny aýdyma öwrüp aýdýardy, onuň eserleriniň gahrymanlary gaýduwsyz Perhat, betbgt Mežnun barada, Şiriniň, Leýliniň wepaly, päkize söýgüsi barada täze legendalary döredýärdiler...“- diýip belleýär.
Dogrudan hem, Alyşir Nowaýyda halka garşy adalatsyzlygy, sütemi ret edýän akyldaryny görýärdi.
Beýik akyldar Magtymguly bolsa Nowaýynyň „Çar diwanyna“ rubaýylaryna, gazallaryna aşykdy.
Beýik akyldaryň belent mertebe bilen adyny diline alyp,özüniň şirin dilli dessanlaryna goşan beýik şahyrlarynyň biri Abdyrahman Jamydyr.
Abdyrahman Jamy 1414-nji ýylda Horasanyň Jam diýen ýerinde Nyzametdin Deştiniň mşgalasynda dünýä inýär. Ol ýşlygyndan nagyşbendi meslegine göwün berip, soň ol meslegiň Piri bolýar. Ol bu meslegiň şypaly ýollary barada, diwanaçylyk, sopuçylyk baradaky ajaýyp işleri ýazan pirdir. Ol şahyrçylygy bilen bütin gündogara belli bolupdyr. Şonuň üçin Alyşir Nowaýy ony özüne halyp tutunypdyr. Ony maddy we ruhy týdan goldap gelipdir. Abdyrahman Jamynyň ýedi sany poýemany-„Leýli-Mežnuny“,“Ýusup-Zyleýhany“, „Salman we Ebsaly“,“Silsiletsiz Zehepi“,“Sabhatyl ebrary“,“Hyrednamaýy-Isgenderi“,“Töbhfetil-ahrary“ öz içine alýan“Heft öwreng“ „Ýedi tagt“diwanynyň äleme ýaýylmagyna hemaýat edipdir.Molla Jamynyň „Baharystan“ eseri bolsa tutuş gündogarda aýratyn meşhurlyga eýe bolupdyr.
Magtymgulynyň ýene bir döredijiligini ilik-düwme öwrenen şahyrlarynyň biri Sady Şirazydyr.Bu beýik, dünýä belli şahyryň haçan, doglany, atsynyň,enesiniň kimler bolandygy barada maglumat galmasa-da, onuň ajaýyp „Gülüstany we „Bossany“ adamzada şirin serpaý bolup galypdyr. Häzirki wagtda Sadynyň asly mekany Eýran Yslam Respublikasynyň Şiraz şäheri hasap edilýär. Ol ýerde bu ajaýyp şahyryň öý muzeýi döredilipdir.
Beýik akyldar Magtymguly Pyragy Sady Şirazynyň adamzat paýhasynyň genji-hazynasyna goşant bolan „Bossan“ eserini okandygyny buýsanç bilen habar berýär. Ol bu şahyryň edep, ynsap, adamkärçilik gözellikleriniň dünýä paýhas bossanyndan seçilen ter çemene meňzeşligi üçin „Bossana“ köňül berip, ondan köp şygrynda täsirlenen bolmaly.
Beýik akyldar „San bolsam“ şygrynda Zahyretdin Babury hem öz halypalarynyň biri hasap edipdir. Baburyň Beýik akyldary özüne imrindiren ýeri, bu özbek, hindi hökümdarynyň 1526-njy ýylda Beýik mogollar döwletini esaslandyrandygy we ajaýyp goşgy-gazallary ýazandygy üçin bolsa gerek. Ol beýik döwlet döreden, hakdan içen şahyr hökmünde Magtymgulynyň öz ruhy matlaplaryna ýakyn bolupdyr. Döwleti dolandyrmakda, öz duşmanlaryna nähili gazaply bolsa-da, Baburyň sygyrlary bägül günçasynyň ysy ýaly juda näzik bolupdyr...
Ine, Beýik akyldaryň göwün berip, özüne beýik halyp saýan beýik şahyrlaryny has bellileriwe dünýä bellileri!Biz olaryň ömri, döredijiligi, bitiren işleri barada ýöne ýere tymsal getirmedik. Bular gündogaryň juda uly läheňlerinden bolup, baryp, X asyrdan bäry gündogaryň edebiýat parasadynyň ýüküni eginlerinde cekip gelýärler.Magtymguly bu akyldarlary ýöne ýere özüne ýakyn tutmaýar. Ol özüne şeýle gyzgyn tutjak bolsa, gündogarda başga-da beýik şahyrlar gyt däldir.Biz ýokarda agzalan beýik şahyrlary gözden geçirenimizde bir ýagdaýa syn saldyk. Magtymguly bu sanawda öz ynanjyna wepaly bolup galypdyr. Onuň düzümine girmek üçin:
Birinjiden, adamzada heniz deňi-taýy bolmadyk ajaýyp eseri bagş eden bolmaly:
Ikinjiden, Abraýyň, mertebäň, zehiniň tutuş gündogara çaýylan bolmaly:
Üçünjiden, ähli betbagtçylygyň ojagy bolan köşkden, baýlykdan, mal-mülkden ýüz dönderen bolmaly:
Dördünjiden, Yslamyň, şerigatyň iň ýokary basgançaklaryna çykan, beýik pirlige ýetişen ynsan bolmaly.
Bäşinjiden, Bu dünýäniň eşretlerinden - öý-öwzar, aýal, bala-çaga, mal-mülk pişelerinden ýüz öwrüp, öz şygyrýetinde mülk guran akylgar bolmaly.
Biziň ýokarda garap geçen akyldarlarymyzyň ählisi şu bäş basgançagyň belentligine çykandyrlar.
Munuň özi Beýik akyldar Magtymguly Pyragynyň özüniň hem şu agzalan belentlige galandygyndan habar berýär. Emma Magtymgylynyň dünýä akyldarlygynyň almaz täjini geýenligi, ýagny onuň ýokarda ady agzalyp geçen beýik ärlerden artykmaçlygy, ýagny,Beýik akyldar olaryň derejesinde dursa-da, olaryň köp meselede Magtymgulynyň derejesinde durup bilmeýänligindedir. Geliň, biz aşakda Magtymguly Pyragynyň öz halypalaryndan artykmçlygyny we beýikligini görüp geçeliň:
Onuň birinji sebäbi: Magtymguly Pyragy öz dürdäne şygyrýetinde külli türkmen halkynyň bir bitewi döwlet, bitewi halk bolmagy üçin jan-jigeri bilen alada edipdir.
Ol öz beýik pähim-parasada ýugrulan şygyrlary arkaly türkmen halkyny azat, rahat, erkin döwlet gurup, bagtly, eşretli durmuşda ýaşamaga kömek etmäge çalşypdyr.Emma Ýokarda ady agzalan beýik akyldarlr beýle meseläni özleriniň döredijiliginde goýup bilmändirler.
Ikinji sebäbi, ol türkmen halkynyň ahlak, din, adat, ynsap, däp-desur, borç, hukuk,adamkärçilik ýörelgelerini , türkmençilik, türkmen bolup ýaşamak dessuryny işläp düzüpdir we ony öz goşgulary arkaly öz halkynyň aňyna ýetiripdir.
Emma Gündogaryň Ferdöwsi, Sady,Hoja Ýusup Hemedany, Hoja Ahmet Ýasawy, Hafyz, Abdyrahman Jamy, Abu Seýit Mähneýi,Alyşir Nowaýy,Nyzamy Genjewi, Omar Haýýam,Jelaletdin Rumy ýaly beýik akyldarlarynyň döwri, ömri, ykbaly patyşaly döwlet, köşk, patyşa bilen baglanyşykly bolany üçin , olar bu ahlak, ruhy gymmatlyklary taýýar görnüşinde ulanyp, Magtymgulynyň ýeten belentligine çykyp bilmändirler.
Üçünji sebäbi, beýik akyldar gündogaryň ýokarda görüp geçilen , şeýle hen beýleki akyldarlaryň dürdäne parasat ulgamlaryny özüniň goşgulary arkaly türkmen halkynyň aňyna, ýuregine ýetirmegi başarypdyr.
Dördünji sebäbi, ol Gurhanyň dünýä taýlanýan keramatly many-mazmunyny,
Gurhan edebiýatynyň, din-şerigatyň gyldan inçe, gülden näzik manysyny ilkinji bolup, öz halkynyň dessuryna öwürmäge çalşypdyr.
Bäşinji sebäbi, Magtymguly Pyragy gündogar akyldarlarynyň pähim-parasady bilen dörän „Görogly“, „Leýli- Mežnun“, „ Ýusup-Zylaýha“,“ Şirin-Perhat“ ,“Şirin-Hysrow“ ýaly ençeme ajaýyp eserleriň many-mazmunyny öz şygyrlaryna salyp, sada türkmen halkyna elýeterli edipdir.
Altynjy sebäbi, ol türkmen diliniň külli türkmen halkynyň bitewi edebi diline öwrülip,näzikden kerem –keramatly şirinligi , gözelligi, duýgudan şahyrana nagmalardan doly eşreti bilen, her näçe elýetmez, çylşyrymly pikir –parasat, obrazlylyk bolsa-da göterip bilýän güýji bilen öz halkynyň ruhuny gandyryp biljek derejä çenli işläpdir. Emma ýokarda agzalan akyldarlar bu meselede-de Magtymgulynyň deňine ýetip bilmändirler.
Ýedinji sebäbi, Beýik akyldaryň gündogar akyldarlaryndan artykmaçlygy, ol özüniň ajaýyp şygyrlary arkaly türkmen halkynda öz ýurduna, öz halkyna, öz halkynyň ruhy we tebigy gözelligine şöýgi, çäksiz buýsanç döretmegi başarypdyr.
Sekizinji sebäbi, Beýik akyldaryň olardan kän artykmaçlygy, ol her bir türkmeniň kalbynda eziz watana söýgi düşünjesini kemala getirmäge çalşypdyr.Türkmn halky beýik akyldaryň şygyrlarynyň parlak ruhuna garylyp, hemişe öz halkyny, watanyny şirin jany bilen goramaga, gerek bolsa onuň üçin şirein janyny :wah“ diýmän gurban etmäge taýýar bolupdyr.
Beýik akyldar:
Ýa jan alar, ýa jan berer,
Goç ýigit meýdan içinde.
-diýende, ilki bilen watan namysyny göz öňünde tutandyr.
Dokuzynjy sebäbi, beýik akyldar özüniň dürdäne şygyrýetiniň paýhas-parasat genji-hazynasy arkaly öz halkynyň, şeýle hem türki halklaryň ençemesiniň ruhy we ahlak aňyýetine öwrülip, ölmez-ýitmez bolup galypdyr...
Biz şu ýerde türkmen halkynyň beýik akyldar ogly Magtymguly Pyragynyň Orta asyrlaryň feodal-paterýahal derejesine-de ýetmedik halkynyň içinden çykyp, tutuş gündogaryň akyldarlarynyň derejesine göterilip,olaryň döredijilik genisiniň ulgamlaryny ösdürmek bilen, öz halky, öz watany üçin, halkynyň azat, bagtly ýaşamgy üçin heniz göz öňüne getirip bolmajak belent işleri bitirendigini görüp geçdik. Şu we beýleki meselelerde Magtymguly Pyragynyň ýeten belent derejesine ondan öň ýaşap geçen gündogar akyldarlarynyň hiç biriniň hem ýetip bilmändigini, hut şonuň üçin-de Magtymguly Pyragynyň bu ugurda ýeke-täk beýik akyldar şahyrdygyny indi berin boýun almagymyz gerek.
Hawa, Magtymguly Pyragy şahyrlyk derejesinden has belentdir. Ol hakykatdan hem dünýä akyldarlygynyň almaz täjini başyna geýen beýik Türkmen akyldarydyr.
Öwezdurdy NEPESOW.
Magtymgulyny öwreniş