MAGTYMGULY PYRAGYNYÑ AKYLDARLYK ÇEŞMELERI
Magtymguly Pyragynyň äleme taýlanýan şygyrýerti dörän gününden şu güne çenli, onuň goşgularyny okanlaryň, diňlänleriň aklyny haýran edip gelýär. Hakykatdan hem, XYIII asyryň gahatçylyklardan, zulumdyr jebri-jepalardan doly ýowuz sähralarynda gün-güzeran dolamgyň, ynsan ýaly kadaly ýaşamgyň hupbatly zamanynda, adamlara güzeran dolamagyň, özüňy zulumlaryň, ýoksuzlygyň däli sillerine gark etmän, aman saklamagyň dert, azar mahaly, dowzah ýaly ýowuz tetäregiň zamanyndan bu beýik akyldaryň, onuň adamzat parasat hazynasyna taýlanýan akyldarlyk äleminiň parlap dünýä çykyşyna aklyň haýranlar galman nätsin?!
Beýik akyldaryň jöwzaly türkmen sahralaryň jepaly durmuşynda dünýä belli alym Ý.E.Bertelsiň belleýşi ýaly, Abulksym Ferdöwsiniň “Şanama” eserindäki Eýranyň beýik şalarynyň biri Jemşidiň gyrasyna kaksaň dünýä wakalaryny görkezip duran tylla jamy ýaly, juda köpgyraňly şygyrlary, ol goşgularyň özenindäk beýik pelsepe, beýik parasat, durmuşyň dürli ugurlarynyň heniz dünýä şahyrlary tarapyndan setire salnyp, dile alynmadyk pähim-parasat maňzynyň milli, halky ruhda, türkmen diliniň şirinliginiň iň gözel nagmalarynda aklyňy haýran ediji kämillikde dünýä ýaýylmagynyň syry nämedekä?!. Eýsem, şeýle beýik kämilligiň- türkmeniň öňde-soňda düýşüne-de girmejek beýik akyldarlygyň Alla tarapyndan biziň halkymyza berilmeginiň esaslary nämede?!
Belli ýazyjy Çingiz Aýtmatow “ XVIII asyr Magtymgulynyň asyry boldy…” diýende türkmen halky örän şat bolupdy. Emma Magtymgulynyň şygyrýeti döränden soň türkmeniň öňündäki asyrlaryň ählisiniň Beýik Magtymgulynyňky bolandygyyny biz bilmeli ahyryn. Sebäbi Magtymgulynyň şygyrýetiniň pähim-parasat esasy äleme ýaýrandan soň, türkmeniň han- begleri, tire-taýpalary, tutuş halky öz sözlerini, öz piker- parasatlaryny däl-de, Beýik Magtymgulynyň şygyrýetindäki beýik parasat bilen sözländirler. Bu häzirem şeýledir.
Beýik Magtymgulynyň şygyrýetiniň döremegi, türkmen halkynyň dünýä halklarynyň hiç birine meňzemeýän pähim-parasat aňyýetini emele getirdi.
Şol beýik parasat, ölmez-ýitmez beýik aňyýet indi türkmen halky ýaşasa ýaşar gider oturar.
Eýsem, Magtymguly Pyragy XYIII asyryň ýowuzdan jebri-jepaly zamanynda dünýä taýlaýmaly şeýle beýik akyldarlygy nireden alyp bildikä?! Magtymgulynyň beýik zehininiň, beýik genisiniň çeşmeleri niredekä?!.
Magtymguly Pyragynyň şahyrçylykdan has beýge göterilen akyldarlygynyň, ajaýyp genisiniň, şahyrana zehininiň çeşmeleri, beýik akyldara berlen ylahy zehiniň parlak ganatyny beren düýpsüz çeşmeleri şular bolaýmsyn:
Birinji akyldarlyk çeşmesi: türkmen halkynyň durmuş,, gün-güzeran, ruhy we ahlaky gymmtlyklar...
Beýik akyldar hakykatdan hem özüniň akyldarlygynyň göwher genjiniň esaslaryny türkmen halkynyň ykbalyndan, ýowuzdan gazaply durmyşyndan, agyr güzeranyndan alandyr. Ol türkmen hökmünde bu halkyň töründe doglup, sada türkmen näme iýse iýip, näme içse içip, näme geýse geýip, näme sözlese sözläp, türkmeniň toýuna begenip, ýasynda gynanyp, onuň ruhunyň, ahlagynyň hamyrmaýasyna ýugrulyp, öý-ojagynda kemala gelendir.Hakyky türkmen bolup, türkmen durmuşynyň hasratdan , jepadan, eşretden doly dünýäsinde ömrüni ötürendir. Şonuň üçin Magtymguly Pyraga türkmen durmuşy ýaly ýakyn we eziz başga bir durmuşy gözläbem tapyp bolmasa gerek. Ol:
Ýigitler tirme-şal guşar biline,
Ýorga münüp, tarlaň alar eline,
Ak göwsün bir jeren deňiz ýeline,
Mäleýän marally çöli Gürgeniň.
Magtymguly, ilden ile aralar,
Hijran tygy bilen bagryn paralar,
Golun sallap maral gabak periler,
Iner olumyndan däli Gürgeniň.
Ýa-da:
Köňüller, ýürekler bir bolup başlar,
Tartsa ýygyn, erär topraklar-daşlar,
Bir suprada taýýar kylynsa aşlar,
Göteriler ol ykbaly türkmeniň.—
diýende, özüniň şygyrýetindäki ýüzlerçe goşguda bolşy ýaly, bu göşgularyň setirlerine gör, nähilli milli, halky,özüne ýakyn,eziz duýgulary salyp bilipdir.
Magtymguly Pyragynyň ikinji akyldarlyk çeşmesi Gurhany Kerimdir.
Beýik akyldar gündogaryň beýik alym- pirleriniň biri Döwletmämmet Azadynyň ogly bolmak bilen birlikde, bu beýik alymyň şägirdi-talyby hem bolupdyr.
Döwletmämmet Azady , ilkinji nobatda, Beýik ýaradanyň ýoluna ömrüni goýan diwanadyr. Ol öz ogluna Gurhany Kerimi aýatma-aýat, süreme-süre öwredendigi bilen oňman, ol aýatlaryň, süreleriň keramatly ruhundan hem gandyrandyr.. Şonuň üçin-de ol:
Magtymguly, syrym çohdur,
Men neýläýin, açan ýokdur,
Ölmek –hak, direlmek hakdyr,
Okydym „Kuran“ içinde—
ýa-da ol:
Bismilla diýip okyp Kura:any- ýasyn,
Köňlüňden çykarma hakyň senasyn,
Magtymguly, hak geçirgeý günäsin,
Jennetil- mä:äwa dek jaýlary bardyr—
diýende, şol “açylmaýan” syrlarynyň şol okan Kitaby biln baglydygyny aňlamak bolýar. Çünki Magtymgulynyň Gurhany Kerimi okap, ondan alan akyl-parasadyny
oňa başga bir kesem, müňläp-müňläp kitabam, dünýäniň alym-pirlerem berip bilmezdi.
Beýik akyldar Gurhany Kerimi gaty gowy bilýändigi üçin yslamyň gyldan inçe, gylyçdan ýiti ýol-ýörelgesinden diýseň ezberlik bilen baş çykarmak bilen, özüniň şygyrýetinde Gurhany Kerimiň, din-şerigatyň ýol-ýörelgelerini juda eşretli, janlara derman boljak derejede wagyz edýär.
Magtymguly Pyragynyň üçünji akyldarlyk çeşmesi Gurhan edebiýtydyr.
Gurhan edebiýaty (ýa-da gündigary öwreniş ylmy-edebi dolanyşygynda bellenilişi ýaly: sopuçylyk edebiýaty, diwanaçylyk edebiýaty, yslam edebiýaty) Gurhany Kerim dünýä inenden soň gündogaryň adamzada belli pirleri, alymlary, sahyrlary tarapyndan Gurhany Kerimiiň aýatlaryny, sürelerini düşündirmek, wagyz etmek, onda ady agzalan pygamberleri, enbiýalary, hekaýatlary,Allatagalanyň Töwrat iberen Musa pygamberi, Injil iberen Isa pygamberi, Zebur iberen Dawut pygamberi, Gurhany Kerim iberen Muhammet aleýhsalam barada, olaryň durmuşy, ýkbaly, din-şerigatyň dürli ýollary, tarykat, hakykat, şerigat basgançaklary baradaky ulgamlary beýan edipdir. Şonuň bilen birlikde, bu ugur şerigatyň inçe ýollary, nebsiňi, gahar-gazabyňy jylawlap, köňlüňi mal-baýlykdan, bu dünýäniň eşretlerinden, sapaly durmuşyndan üzüp, aklyň, edebiň, düýgyň, ruhuň, janyň, jigeriň bilen ýaradana berlip, onuň alyna päk ahlak, päk umyt bilen barmak baradaky ajaýyp ylmy-çeper eserleriň dünýäsi bolupdyr.
Beýik akyldaryň göz öňünde tutup, ylham alyş dünýäsine gündogaryň beýleki beýik söz ussatlary bilen birlikde, „ol yklym eýesi Ahmet Ýasawy“ hem bolupdyr. „ Medinede Muhammet, Türküstanda Hoja Ahmet „ diýlip, dile düşen bu beýik pir:
Her göreniň Hydyr bilgil,
Her gijäni Gadyr bilgil.
Iller bugdaý, men saman,
Iller ýagşy, men ýaman—
diýmek bilen, Orta asyrlar dünýäsiniň köňlüne allahy ezizlik, hudawy mähribanlyk ruhuny çaýany üçin, onuň ady tutuş gündogara ýaýylyp gidendir. Bu beýik pir Muhammet pygamberiň ýaşyndan artyk ýaşamagy özüne peslik bilip, altmyş üç ýaşyndan , ýagny „pygamber ýaşyndan soň“ ýer astyna giripdir.
Ol özüniň „Hikmetlerinde“
Eýýa dostlar, gulak salyň aýdygym,
Ne sebäpden altmyş üçde ýere girdim.
Myraž üzre hak Mustafa gördi ruhum,
Ol sebäpden altmyş üçde ýere girdim.
Ýa-da:
Tarykatnyň ýollarynyň ykbasy köp,
Päk yşkyny gola almaý ýörmes tutup,
Didaryny görüp bolmas tün gün ýörüp,
Hiç uhlamaý, didaryny gördüm men-ä.
Hakykatnyň manysyga ýetgen kişi,
Beýhuş bolup köýüp ýanar taşy- içi,
Ganlar akar gözlerimden gara ýaşy,
Gözüm ýaşyn tohbe alyp bardym men-ä.
Şerigatdyr aşyklaryň efsanasy,
Kanda bolar jananadyr hemhanasy,
Aryf aşyk tarykatnyň diwanasy,
Bu sözleri arş üstünde bildim men-ä.—
diýip ýazýar.
XIII-XIY asyrlarda ýaşan Nasyretdin Rabguzynyň “Kasasyl-enbiýa” eseri Gurhany Kerimdäki, şeýle hem beýleki dini kitaplardaky pygamberleriň ömri, ykbaly baradaky ajaýyp kyssalara bagyşlanypdyr.
Beýik akyldar Magtymguly Pyragy bu ajaýyp eseri okandygy barada:
Depderler içinde bir kitap gördüm--
„Kasasyl-enbiýa“ atly ýaranlar.
Hezreti Ýusubny beýan eýläli,
Kyssasy şekerden datly ýaranlar.-
diýip, „ Ýusup“ kyssasyny, ýagny „Ýusup- Zylaýha“ dessanynyň baş gahrymanyny : “Ýaranlar“ „Arap tilli söwdügim“ ýaly ençeme şygryna salypdyr. Beýik akyldaryň:
Boýadylar köýnegiňi gan bilen,
Ady belli arap tilli söwdügim.-
diýip başlanýan goşgusy, bu kitapdan täsirlenip döreden beýleki ençeme eseri şirinden näzik duýgular bilen ýazylypdyr.
Beýik akyldaryň şygyrýetine ganat-kuwwat berenleriň ýene biri beýik akyldaryň:
Doga kylsam, jebri-jepa ekserdir,
Ylm öwreden ussat kyblam pederdir. --
diýip, býik akyldaryň buýsanç bilen aýdan beýik piri, şahyry, filosofy Döwletmämmet Azadynyň:
Käbe ýykmakdan müň mertebe,
Bir köňül ýykmak ýamandyr, eý dede[—
diýip, özboluşly ynsanperwerlik paýhasy bilen gündogarda ýagty ýol goýup:
Baby owal patyşalar waspyny,
Ýary berse wasp eder rebbi-gany.
Serweri älem Muhammet Mustafa,
Din üçin janyna berdi çoh jepa—
diýip başlanýan „Wagzy Azat“ eserini ýazdy. Bu eseriň çuňňur mazmyny din- şerigatyň ýoluny berk tutup, Allanyň alynda ýalkanmakdyr. Beýik alym bu poýemasynyň birinji babynda gündogaryň dünýä belli akyldar şahyry Alyşir Nowaýynyň „Hamsasyna“ girýän birinji eseri „Haýrat-al ebrardan“ ylham alyp „ýurtlaryň patyşalary öz halky üçin alada edip, ýollar, ýaplar çekip, ekinler, bag-bakjalar ekip. ýurdy bagy- bossanlyga öwürmeligir. Ýollaryň gyrasynda rabatlar gurup, guýular gazyp,ýolagçylaryň köňlüni şat etmelidirler. Ýurduň içinde medreseler, metjitler gürup, il-günüň rahat durmuşda Allatagala sükür-senada bolmagyny gazanmalydyrlar“ diýen ýaly gözel pikirleri wagyz edýär.
Akyldar şahyr Alişir Nowaýy bu poemasynda:
Goý halk üçin eşret döretsin , soltan,
Şonuň üçin alkyş aýtsyn bar ynsan.
Adalat kanunyn berkarar etsin,
Ol kanun zulumlaň köküni kessin.
Halk bagdyr, sen bolup pähimdar bagban,
Sak çopan bol, halk-süri,ýogsa dagar.
Çopan uka gitse, aç gurtlar çozar,
Harap eýlär tutuş süriňi olar.
Bagy idetmeseň bag bolup harap,
Agaçlary diňe oduna ýarar.
Edil bag deý, süriň bolar-da weýran,
Soň janyňa jebri-jepalar eýlär. (Terjimesi özümiziňki).—
- diýýän bolsa, Döwletmämmet Azadynyň “Wagzy- Azat” poýemasynda:
Bir ekin kim sakçy gözlemese,
Ýa habardar gözlerden gözlewmese,
Ole kin bolgaý der sagaty,
Sakçy bolganyň bolarmy rahaty.
Patyşasy bolmasa her ülkeniň,
Bolmaz imiş hairy-yhsany anyň.-
- diýip ýazýar.
"Wagzy-Azat" kitabyna redaktorlyk edip, oňa sözbaşy ýazan alym, dil we edebiýat ylymlarynyň kandidaty N. Meredow bu kitabyň sözbaşysynda „ Döwletmämmet Azady Alişyr Nowaýynyň, Nyzamy Genjewiniň, Abdyrahman Jamynyň eserlerinden köp bölekler alypdyr“ diýip belleýär..
Beýik akyldar Magtymguly Pyragy yslam edebiýatynyň ýokarda garalyp geçilen we beýleki onlarça, ýüzlerçe eserleri bilen öz ajaýyp şygyrlarynyň ruhuny gandyryp, külli türkmen halkyna ýaýypdyr.
Beýik şahyr yslam edebiýatyny okamak, ondan ruhuny gandyrmak bilen çäklenmän, ondan täsirlenip, onuň özi hem şol syrly älemiň bir bölegine öwrülipdir. Ol özüniň „Turgul diýdiler“ goşgusynda:
Bir gije ýtyrdym tünüň ýarynda,
Bir tört ally gelip „Turgul „ diýdiler.
Habar biýrmiz saňa pursat jaýynda
Şol ýerde ärler bar görgül“ diýdiler.
Daşdan çykdy altmyş atly gördüler,
„Muhammet“ diýp bary garşy ýördüler,
Saglyk, salamatlyk bir-bir sordular,
„Durmaň, ulug jaýa ýörgül“ diýdiler.
Şondan soň erenleriň, çiltenleriň, sahabalaryň, gündogarda belli pirleriniň alynda Resul Alla „Bu guluň maksadyn bergil“ diýýär. Oňa käseläp nähilidir bir gudrat içirýärler Şondan soň beýik akyldar: „Nägä hyýal etsem, gola getirdim,
Nägä baksam oňa nazar ýetirdim“ diýýär. Ol „Nazarym ýetişdi arşyň kemerne,
„Jebrut äleminde Jelil syryna „ diýip, beýik zehine, beýik keramata eýe bolandygynyň syryny açýar. Elbetde, Beýik akyldaryň şeýle beýik syra eýe bolandygy düşnüklidir. Allahy bir syra eýe bolmadyk ynsan dünýa taýlanýan, başga bir, deňeşdirere taýy bolmadyk şeýle şygyrýeti döredip bilmez..
Magtymguly Pyragynyň dördünji akyldarlyk çeşmesi -- gündogaryň beýik akyldar şahyrlary we olaryň ajaýyp eserleridir...
Şonuň üçinem ol „San bolsam“ goşgusynda:
Abu Seýit, Omar Haýýam, Hemedany,
Ferdowsy, Nyzamy, Hafiz perwany.
Jelaletdin Rumy, Jamy an-many,
Olaryň jaýynda menem kän bolsam.
Damengandan ýörgen ussat Nowaýy,
„Çar diwany“,“Perhat-Şirin“, rubaýy,
Zahyretdin Babur- mizan alowy,
Gaşlaryna baryp, men Mežnun bolsam...—
diýip, akyl-parasady, beýik zehini bilen tutuş gündogarda, soň-soňlar bolsa Günüň dogýan ýerinden, ýaşýan ýerine çenli akyldar hökmünde şöhraty çawan , gündogarda Tarykatyň soltany diýen şöhrata beslenip, iki sapar pygammerlik hyrkany egnine atan Abu Seýit-Mäne baba barada ilkinji bolup söz açýar.Mäne babanyň ömri- döredijiligi barada Alyşir Nowaýynyň“Mejalis un Nefaýys“ tezkiresinde, Abdyrahman Jamynyň ylmy eserlerinde degerli maglumatlar berilýär. Ol Mänede doglup, Sarags,Mary , Eýranyň dürli şäherlerindäki ady belli pirlerden düýpli bilim alypdyr. Soňra Allatagalanyň beren ömrüni şady-horram, ruhubelent, namarda zar bolman geçirmek barada täsin taglymatyny gündogarda wagz edýär. Şeýle hem Gurhany Keriniň sürelerine, aýatlaryna ylmy düşündirişleri, din-şerigatyň gyldan inçe, gylyçdan ýiti ýollary barada ylmy makalalary, bu dünýäde birek-birege hemaýat berip, arkalaşykly, bagtly ýaşamak barada hekaýatlary, tymsallary, hikmetleri, ýazypdyr. Öz döwründe juda uly zehine gaplanan hasap edilen goşgy- gazallaryny, rubagylaryny döredipdir .
Beýik akyldar Magtymguly bu şygrynda: Mäne babanyň şeýle ajaýyp eserlerini, Omar Haýýamyň sopuçylyk, diwanaçylyk, din-yslamyň dürli meselesi baradaky ylmy traktatlaryny, onuň aý-ýyllaryň, gije bilen gündiziň dolanyşygy baradaky kalendaryny, dünýäniň uzak- ýakyn aralyklary bardaky hasapnamalaryny, ajaýyp „Nowruznama“ eserini, özboluşly rubagylaryny,,Hoja Ýusup Hemedanynyň şerigatyň basgançaklary, Gurhany Kerimiň sürelerine düşundirişler baradaky ylmy eserlerini, ajaýyp goşgy-gazallaryny, Abul Kasym Ferdöwsiniň dünýä belli „Şanama“ eserini, Nyzamy Genjewiniň „Hamsa“ eserine giren “Leýli-Mežnun“, “Hosraw-Şirin“, “Perhat-Şirin“, “Ýedi peýker“, “Iskendernama“ eserlerini, onuň „Ýedi tagt“ kitabyna giren eserlerini ajaýyp şygyrýetini, Hafyz Şirazynyň tutuşlygyna şirin duýgulara, goýazy paýhasa ýugrulan şygyrýetini, Jelaletdin Rumynyň 6 jiltden ybarat mesnewi ummanyny, dürmuşyň dürli meselesi baradaky täsin tymsallaryny, Abdyrahman Jamynyň „Hamsasyny“, dürdäne şygyrýet mülküni, Alyşir Nowaýynyň, Nyzamy Genjewiden, öz halypasy, dosty Abdyrahman Jamydan täsirlenip ýazan „Hamsasyna“ girizilen „ Haýrat-al ebrar“, “Leýli-Mežnun“,“Şirin-Perhat“,“Sabaýy Saýýara“, „Sadyn Isgender“ eserlerini, rubaýydyr, goşuk-gazallaryny, Zahyretdin Baburyň döwleti dolandyrmak, döwletiň düzümindäki halklary, halkyýetleri agzybir saklmak hakyndaky eserlerini, özboluşly zehine ýugrulan goşgy- gazallaryny, Sady-Şirazynyň näzik duýgularyň, eşretli paýhsyň ýüpek nagmalaryndan düzülen „Bossanyny“, Çülüstanyny“, Hakanynyň dünýä taýlaýmaly agrasdan goýazy eserlerini birin-birin sanaýar.
Ol bu goşgusynda „Halyf Omar bilen Süleýman bolsam“ diýmek bilen, halyf Omaryň hem adyny uly hormat bilen tutýar. Muhammet pygamberiň beýleki sahawalary bilen birlikde, halyf Omar hem Gurhan edebiýatynda, yslam, sopuçylyk edebiýatynda ylaýta-da gündogar edebiýatynda halallygyň, döwleti adyl, adalatly dolandyrmagyň soltany hökmünde meşhurdyr. Ol barada durli tymsallar, hekaýtlar, rowaýatlar döräp, biziň günlerimize çenli gelip ýetipdir. Şolardan birinde şeýle gürrüň berilýär: Bir sapar bir adam bir iş bilen agşamara halyf Omaryň öýüne barypdyr. Içeri garaňky bolany üçin hezreti Omar çyranyň ýagtysyna bir zatlar ýazyp oturan eken. Ol myhman geleni üçin, öz işini boldum edipdir-de, ýanyp duran çyrany öçürip, beýleki bir çyrany ýakypdyr. Myhman halyfyň bir çyrany öçürip, beýlekisini ýakmagyny geň görüpdir. Muny aňan hezreti Omar şeýle diýipdir:
- Bu çyra döwletiňki. Men häzir döwlet işini edip otyrdym. Şonuň üçin döwlet çyrasyny ýakýardym. Indi, sen geldiň, men öz işim üçin döwletiň çyrasyny ulanman, öz çyramy ýakdym—diýipdir.
Süleýman pygamber hem gündogarda ýere-suwa, ynsa-jynsa häkim bolsa-da, gerek bolsa garynjany hem diňlän beýik pähimdar hökmünde meşhurdyr.
„Kasasyl-enbiýadaky“ bir rowaýata görä, bir sapar Süleýman agyr goşun bilen bir ýurda barýar eken. Şonda olaryň öňünden bir garynjajyk çykyp, Süleýmana ýüzlenipdir.
- Eý, Süleýman, seniň geçýän ýoluňda, Ýeriň astynda meniň halkym ýaşaýar. Eger sen goşunyň bilen şu barýan ýoluňdan sowulmasaň, meniň halkymyň başyna
uly jebri-jepa injek-- diýipdir.
Süleýmen pygamber garynjanyň bu sözüni diňläp, agyr goşunynyň geçmeli ýoluny üýtgedipdir.
Şonuň üçim Magtymguly Pyragy „Gul bolgul“ goşgusynda:
Süleýman, sen mura bir gulak goýgun,
Sözüni diňlegin, jogabyn aýgyn,
Häkim bolsaň halky Gün kibi çoýgun,
Akarda suw, ýa- öserde ýel bolgul.—
diýýär. Ol şu şygrynyň üsti bilen, Alyşir Nowaýynyň meşhur “Haýrat-al abrar” eserinden tä beýik Döwletmämmet Azadynyň “Wagzy-Azat” eserine çenli yslam
edebiýatynda, diwanaçylkyk, sopuçylyk, Gurhan edebiýatynda halkyny, il-günuni, gol astyndaky bendeleri gün kibi çoýýan adyl, adalatly häkim, han, soltan, baý-beg bardaky parasatly pikirler ulgamy bilen öz şygyrýetini gandyrypdyr.
Ol beýle eserleri ýüreginden, jan-jigerinden geçirip, derdine derman etmek bilen, ony öz dürdäne şygyrýetiniň hamyrmaýasy bilen eýläp, öz halkynyň depesine hiç haçan könelmejek almaz täç edip geýdiripdir. Diňe şondan soň şolar ýaly läheňleriň hatarynda“ menem san bolsam „ diýip arzuw edipdir.
Magtymguly Pyragynyň bäşinji akyldarlyk çeşmesi gündogar halkynyň, şeýle hem türkmeniň halk döredijilik eserleridir.
Beýik akyldar çagalygyndan başlap il içinde halk aňyýetine öwrülip giden „Görogly“ eposyny, „ Leýli-Mejnunyň“ halk wariantyny,“ Zöhre-Tahyr“,“Şasenem-Garyp“,“ Wamyk- Uzra“ ýaly dessanlary, ertekileri, rowýatlary, nakyllary, atalar sözlerini juda oňat bilipdir. Munuň şeýledigini akyldaryň şygyrlarynda türkmen halk döredijilik eserleriniň juda ýerlikli we jüpüne düşürilip ulanandygyny onuň ajaýyp şygyrýetinde görmek bolýar.
Ol goşgularynda Göroglyny özüne juda gyzgyn tutupdyr. Bu beýik türkmen merdanyna hemişe sygynypdyr. Ony rowaýaty eseriň derejesinden çykaryp,halk howandary, şol sanda özüniňen süňk hossary hasap edipdir. Ol „Maly dünýe, heý!“ goşgusynda:
Görogly dek gezsem daglaryň saýyn,
Görsem armanym ýok gülümiň roýyn.—
Diýse,Türkmeniň” goşgusynda:
Görogly gardaşy, serhoşdyr seri,
Dagda-düzde kowsa saýýatlar diri,
Ala bilmez ýolbars ogly türkmeniň.—
diýse,”Delalat ýagşy” goşgusynda:
Görogly Reýhana neneň ýalbardy,
Amandyr diýene diýanat ýagşy.—
diýip, aman soramgyň hem aýyp däldigini aýtsa , “Ýar, senden” goşgusynda:
Görogly dek dagdan daga ugrasam,
Ýa Reb, habar bilerinmi ýar senden! —
diýip, özüni Görogly ýaly batyr, ruhubelent, erkin alyp barmagyň yşgyna düşendigini beýan edýär we Göroglynyň dürli häsiýetlerini açyp görkezýär. Şeýle hem ol ”Zöhre-Tahyr”, ”Şasenem-Garyp” dessanlaryndan söz açyp:
Perhat Şirin bilen döwran sürmedi,
Seýpelmelek gaýra köňül bermedi,
Aşyk Tahyr Zöhre diýip durmady,
Mahyma bagş etmeý güli dünýä , heý.—
diýip, halkyň döreden eserleriniň maňzy bilen halkyna öwüt berýse, “Söýmüşem seni” goşgusynda:
1. Misli Ybraýym Sarany,
2. Aşyk Ýusup Süleýhany
3. Mejnun Leýli perizady…
4. Aşyk Perhat gül Şirini…
5. Seýpelmelek Mahjemaly
6. Ýemende Warka Gülşany,
7. Aşyk Nowruz gül Perhany…
8. Aryzda Ganbar Arzyny,
9. Misli Tahyr ol Zöhräni...
10. Aşyk Garyp şasenemi
Söýen dek söýmüşem seni…—
diýip bir şygyrda gündogaryň on aşygynyň şöýgi kyssasyny beýan edýär.
Şu ýerde beýik akyldaryň türkmen ertekilerini gaty gowy bilip, zerur bolanda olaryň tymsaly bilen türkmen akyl-parasadyny beýan etmegem juda oňat başarypdyr.
Belli bolşy ýaly, gadym zamanlarda bir aýy bir adam bilen dost bolupdyr-diýilip, şol ertekileriň birinde aýdylýar. Bu iki dost biri- birlerini şeýle bir sylapdyr, asyl olar birek-biregiň ýaňagyndan peşe çakmagyny hem islemändirler. Şonuň üçin olar gezip ýörenlerinde-hä däl, ýatanlarynda hem biri-biriniň ukusyna päsgel berilmez ýaly, ýatan turýança garawul durupdyrlar.
Şeýle günleriň birinde adam uklap galypdyr. Äpet aýy öz dostuny gorap başlapdyr. Içiňi ýakaýyn diýen ýaly, şol wagtam bir siňek ”wyz-wyz” edip, gaýta-gaýta ýatan adamyň ýüzüne gonupdyr. Muňa aýynyň gahary gelip, siňegi telim sapar kowupdyr, emma siňek bärden kowsa aňry gonupdyr. Muňa juda gahary gelen aýy gapdalda ýatan ullakan, agyr daşy alyp, siňekden salypdyr.
Agyr daş şiňege degmän, hiç zatdan habarsyz ýatan adamyň kellesini kül-uşak edipdir. Ol ”Daş döker” goşgusynda:
Bilgin, uzak gitmez aýy dostlugy,
Gahry gelse depäň üzre daş döker.—
diýmek bilen, belli türkmen ertekisiniň manysyny iki setirde beýik pähimiň pelsepesine öwürýär.
Beýik akyldar türkmen halkynyň nakyllaryny, atalar sözüni ýerlikli ulanmak bilen, onuň özem nakyllaryň, atalar sözüniň ençemesini döredipdir. Aslynda, türkmen halky beýik akyldaryň goşgularynyň setirlerini, hut olaryň dörän gününden bäri, nakyl, atalar sözi hökmünde ulanyp gelýär..
Magtymguly Pyragynyň altynjy akyldarlyk çeşmesi ykbalyň oňa bagş eden beýik hasratynyň ýangynly odudyr.
1.Beýik akyldaryň ýaşlykda köňül beren dildarynyň başga birine berilmegi; „Aýryldym“-;
2. Agalary Abdylla bilen Mämmetsapanyň öýden çykyp, „Gan aglap, atalarynyň bilini büküp“ gitmegi,“Abdylla“;
3. Atasy Döwletmämmet Azadynyň ýogalmagy- „Atamyň“;
4. Çagalarynyň aradan çykmagy-“Aýyrdy“, „Yzlamaýan bolarmy“;
5. Bäş ýylda eden işini-kitabyny gyzylbaşlaryň weýran eýlemegi- „Reýgan eýledi“;
6. Ýurduny taşlap başga nätanyş illere göçmegi- „Soňudagy“;
7. Gün dolamagyň, güzeran aýlamagyň jepa öwrülmegi; “Zerre döwlet ýagşydyr“.
8. Han-begleriň ikiýüzluligi, ýurdy ýykmagy-„Ýyka başlady“ —
ýaly dertler, alynyň ugur almazlygy, maňlaýynyň açylmazlygy, alaçsyzlyk, biçärelik, köňüldäki derdi-dagyň ýürekdäki beýik ýangyn bilen birigip, beýik akyldaryň dürmuşa, döwre, ömre, dünýä zehinli şahyr hökmünde däl-de, býik akyldar hökmünde seredip, bu ýagdaýlary parasatly ölçerip dökmäge, dünýäniň, gündogaryň, adamzadyň akyl, aň kämilligi bilen oňa baha berip, şol bahany kämil goşgy setirlerinde açmagyna şert döredipdir.
Sözümizi jemläp aýdanymyzda, dünýä akyldarlygynyň almaz täjini başyna geýen Magtymguly Pyragynyň ylham alyş babatynda beýleki akyldarlyk çeşmeleriniň hemmesini sanap geçmek mümkin däl. Ýone şu paýhas, parasat ulgamlary, ýowüz ykbal, dünýä sygmaýan beýik zehin bilen ýugrulyp, dünýä belli akyldaryň döremegine, onuň akyl- parasadynyň dünýä ýaýylyp, adamzat bilen baky galmagyna hemaýat edeni gümansyzdyr. Ol şeýde-şeýde biziň gözlerimiziň röwşeni, köňlümiziň buýsanjy--öz, ölmez-ýitmez, türkmen dursa baky durjak mähribandan eziz Magtymguly Pyragymyz bolup galypdyr.
Magtymgulyny öwreniş