22:05 Mähriban kenar / powest | |
MÄHRIBAN KENAR
Powestler
Şäher bolup ol bir ullakan şäherem däl. Şäherçe. Onda-da, ýönekeý şäherçe. Şeýle-de bolsa, aýaklarynyň üstünde howalanyp duran agaç jaýlar ony ähli şäherlerden üýtgeşik görkezýär. Onuň gapdalynda edil özüne meňzeş, şeýle hem degşip duran iki sany oba-da bar. Şol obalaryňam, şäherçäniňem ýaşaýjylary diňe balykçylyk bilen meşgul bolýarlar. Eger-de şol ýerde bir wagtlar gahrymanlarça gark bolan balykçylara guruljak ýadygärligiň taslamasyny taýýarlap ýören heýkeltaraş Allanur Atalyk öz ýanyna gelip: “Ý-ýör, bile g-gideli, o ýeriniň a-adamlaram, tebigatam üýtgeşikmişin, a-apelsinler, limonlar da-agy kö-öçelerdäki agaçlardan sa-llanyşyp durmuşyn”, diýip sakawlamadyk bolsady, onda ýurtda dörän “Üýtgedip gurmak” atly täze syýasatyň badyna ileri tutulýan temalardan eser döretmek üçin, iki ýyl bäri öýden çykman, diňe döredijilik bilen meşgul bolup oturan, otuz ýaşandygyna garamazdan henizem ardurja elden gideren başky söýgüsiniň zaryny çekip, öýlenmän ýören şahyr Baýly Baýat bu şäherçäni ömürylla görmezdem. Barjak ýerleri serhet ýakasy bolansoň, iküç günüň içinde resminamalaryny düzetdiler-de, welaýat merkezine çenli-hä otly bilen on iki sagat, ol ýerden şäherçä çenlem awtobusly dört sagat çemesi ýol ýörediler. Olary öňi bilen geň galdyran zat, ýolda hiç ýerde ýagyna uçramadygam bolsalar, niredendir bir ýerlerden peýda bolan okgunly sil suwy welaýat merkezinden başlap, tä şäherçä çenli, ýoluň sag gapdalyny ýakalap gitdi oturdy. Pesräk ýerleriň suwy kölçe ýaly parahat görünse, erňeginden agan suw dilini ýalmandyryp, bulançak gözlerini agdar-düňder edip, esli aralyga çenli ýer bagyrtlap gidýärdi-de, öňünden çykan ilkinji pesligiň depesinden şaglap aşak inýärdi. Aýylganç şowwuldap, gürruldap, aç aždarha ýaly “hassyldap” öňünden çykan çöp-çalamlary, poh-yrryhlary ýalmap-ýuwdup barşyna üç-dört öwrümde onuňam hanasyny doldurýardy-da, başga bir pesligiň gözlegine tarap rowana bolýardy. Bir ýerde bolsa suw has çişipdir-de, bir ýarym metr belentlikdäki gara ýoluň üstünden agyp o ýüzüne geçipdir. Şonuň üçinem awtobus ýetmiş metr ýaly aralygy suwuň içi bilen yňranjyrap, geçmeli boldy. Awtobusyň äpişgesinden boýunlaryny süýndirişip oturan ýerli adamlar şondan soň şu etrapda üç günläp yzyny üzmän ýagyş ýagandygyny, beýle ýagynyň bu golaýlarda görlüp eşidilmändigini myhmanlara hopugyp-hopugyp gürrüň berdiler. Şäherçä on-on iki kilometr galanda ýerli halkyň atlandyrylyşy ýaly, “ala- taýaga” ýetdiler. Bu ýerde ýaşyl papakly, goňrumtyl harby eşikleriniň ýüzüne ýaşyl ýapraklaryň suraty çekilen, eginleri ýalpyldap duran awtomatly, hemmesem ors oglanlaryndan ybarat serhetçiler ýeke-ýekeden ýolagçylaryň hat-peteklerini barladylar. Barlag tas, gepsiz-gürrüňsiz tamamlanyberipdem welin, merkezde okaýan bir gyz öýüne gezelenje gaýdypdyr-da, “propusk” almany ýadyndan çykarypmy ýa alan “propuskasynyň” bir ýeri kemmi, garaz, serhetçiler onuň awtobusdan düşmegini talap edip ugradylar. Ol gyzam: ―Men näme iki günlük okuwa gitdim diýip obama-da gelmeli dälmi, ata-enemem görmeli dämi, - diýip aglamaga başlady. Ýolagçylaram ýerli-ýerden serhetçilere ýalbaryp ugradylar. Döşi ordenli bir ýaşuly bolsa gapynyň agzynda gadalyp duran serhetçiniň ýanyna bardy-da, barmagynyň ujuny ordenlerine degrip: ―Şynok men ine gyroý trud! Özümem şu ýerli. Şu gyzam şu ýerli. Men munuň ata-enesinem yznaýym, özünem yznaýym. Düregeý adamlar däl. Panymaýyş? Iki barmak kagyzy ýok diýip çagany heläk etmäň, atpuskaýym nada... ýa atwyçaýu milisge... – diýdi. Serhetçi welin o ýaşulyny diňlemegem islemedi. Gaýtam şu ýagdaýdan lezzet alýan ýaly: ―Bez propuska nelzýa, - diýdi-de, ýüzüni başga ýana sowdy. ―Ýesli ona ne soýdýot, awtobus ne tronetsýa s mesta. Şondan soň häliden bäri ruluň başynda pullaryny, biletlerini rejeleşdirip oturan sürüjem bärsine öwrüldi-de, gyza tarap gollaryny galgadyp ugrady. ―Düş diýýän bolsalar düş! Egleme! Meň wagtym çäkli. Grafikden çyksam işim pyrryk. Ýolagçylary wagtynda eltmesem gep eşitjek sen däl, men! ―Birdenem ol ýolagçylaryň üstüne heňkirmäge durdy. ―Haýsyňyzam bolsa biriň bile galaýyň! Galyň-da ertir bile baraýyň! Barybir şo ýeriň milisgesine elterler, başga ýere-hä äkitmezler. Sürüjiniň soňky sözleri hiç kime ýaramady. Hiç kim: bor onda men galaýaýyn, diýip ýerinden turubilmedi. Gaýtam özleriniň sag-aman sypandyklaryna şükür edýän ýaly ýüzlerini äpişgä tarap öwürdiler-de, “gümmi-sümmä” uraýdylar. Biriniň çagasy syrkaw bolup çykdy, ýene biriniň işi gyssag bolup çykdy, garaz, mugt ýerden duýgudaşlyk etmek bilen hakyky kömek etmekligiň aratapawudynyň iňňän uludygy mese-mälim bildirdi. Ahyram: “Düşäýsene bolmasa, uly ili egläp durmasana” diýip, hälki “gyroý trudyň” özem gyza töwella edip ugrady. Beýlekilerem şeý diýişdiler. Olara nebsi agyran ýaly gyz şondan soň goş-golamjyklaryny aldy-da, sessiz-üýnsiz gapa tarap ýöneldi. Ýöne düşjek wagty obadaşlaryna tarap gaňrylaga-da, hersiniň ýüzüne bir gezek şeýle bir gazaply garady welin, şahyr Baýly Baýat bilen hudožnik Allanuryň depe saçlary üýşüp gitdi. Şonuň üçinem “zöwwe” ýerlerinden galdylar-da, zatlaryny almanam unudyp, gapa tarap ylgadylar. Düşjek wagtlary serhetçiler olaryň öňlerini gabadylar. Özlerem it ýylgyrşyny edip: ―Tut pogranzona, nelzýa! – diýdiler-de, döşlerinden itip goýberdiler. Awtomatlaryny şakyrdadyp haýbat atdylar. Gyjyt berdiler. ―Idite, poka was samyh ne zaderžali. Şondan soň olar gürpüldedip gapyny ýapdylar. Awtobusyň öňüne geçdiler. “Sür çaltrak” diýen manyda sürüjä ellerini salgadylar. Ýeke galan naçaryň agysy awtobusyň tüsse gatyşykly ýognas hem nämährem arryldysyna goşuldy. Her hal ynsaplary gynan bolsa gerek, şondan soň tä, şäherçä barýançalar ýolagçylaryň hiç birindenem ses çykmady. Myhmanlar bolsa özlerini kemsidilen adam hökmünde duýdular. Çöl-beýewanyň içinde, bir bendäniň boý gyzynyň alnyp galynmagy, döşlerinden itilmegi, ata-babalarynyň aga-ýana ýaýnap ýaşan ýerlerinde, özleriniň ýat saýylmagy, oba bilen obanyň arasyna ala taýak atylmagy olaryň inçe duýgularyny oýnady. Gyjyklady. Gaharlaryny getirdi. Ýagyşyň aýdyşlaryndanam beter köp ýagandygyna şäherçä gelensoňlar hasam doly göz ýetirdiler. Jaýlaryň öňünden, yzyndan, gapdallaryndan, terslin-oňlyn gazylyp, biri-birine sapylan joýajyklardan zymdyrylyp akýan bulançak suw obadan çykmanka bir oka birikýärdi-de, baryp ho-ol, ilerdäki ullakan jaryň içine guýýardy. Jar bolsa aýdyşlaryna görä baryp deňze goşulýan ekeni. Munuň şeýledigini myhmanlar şäherçäniň ortarasynda aňalyşyp durkalar, agta ýaby ýaly abşanaklap barýan tagaşyksyz pyýada bir dem aýak çekdi-de, ýumruklaryny düwüp, agzyndan ak köpük saçyp düşündirmäge durdy. ―Sil suwuny ka-aýt, deňze guýýas şeýdip. Hä-ä! Ulular bilen gepleşip şuny şeýdeli diýişdik. Ek-geý! Şeýdip suwuny köpeltsek deňiz ka-ýt, bäri süýjek. Kenara golaýlajak. Düşdüňizmi? Öň-öňler kenar asylam şu ýerde bolan. Bildiňizmi? Ir döwürler şu oba tutuşlygyna suwuň içinde ekeni. Ek-geý! Jaýlaryň aýaklylygam şoň üçin. Ýöne, suw daşlaşandansoň köpler aýaklaryň daşyny ýapdy-da ka-aýt, jaý edinäýdi. Düşdüňmi? Intiriski ekenimi? Ek-geý! Käbir jaýlaryň näme üçin iki gat görünýändigine ýaňy düşünen Baýly Baýat her sözünde bir gezek dodagyny ýalap duran näsagrak kişiniň çorbasy akyp duran şully gözlerine seretmezlik üçin ýüzüni aşak sallady. ―Kenar golaýlasa gowumy? ―Beý, elbetde gowy. ―Nämesi gowy? Näsagrak kişi etegi eplem-büklem bolup duran, kä ýerleri şor baglan çalymtyl şlýapasyny maňlaýyna süýşürdi-de, birmeýdan ýeňsesini gaşap sessiz-üýnsiz durdy. Myhmanlary içgin-içgin synlady. Şol ikortada telim gezek dagy dodagyny ýalady. Çöwrülip duran gyzyl gözlerini bolşundanam beter dyzzartdy. Birdenem egnini gysyp ellerini serdi-de, ulyili bilen gygyrdy. ―Men näbileýin-aý!.. ―Birdenem, köp dursa bir bela sataşaýjak ýaly ur-tut bu ýerden daşlaşmak bilen boldy. Ganatlaryny gerip, öňe tarap müňedekläp barşyna agzyny-burnuny towlap kineli gürledi. ―Ýa hökman bilmelimi siz ony?! Ýa ilden artyk bilýän zadymyz bamy biziň?! Özüňiz nätseňiz şeýdiň! Toýda beýlekide çaý gaýnatdyrsalar bize-hä başga wezipe gerek-gä! Sygyr çopançylygyňyzam ka-aýt, kime berseňiz şoňa beriň! Düşündiňizmi?! Ek-geý!.. Myhmanlaryň aýaklarynyň aşagy leňňer atan ýaly boldy. Seretseler köwüşleri mazaly läbige batypdyr. Durduklary saýam çümüp barýan ýaly. Biri-birinden ýapyşyp bir gyra çekildiler. Geň galyp daş-töwereklerine garanjaklaşdylar. Entek arany onçakly açyp ýetişmedik näsag pyýada çalarak sägindi-de, bärsine bakdy. Süsüşjek öküz ýaly ýeňsesini düňreýdip göz astyndan garady. ―E-eý, bir ýerde uzak durmaň-eý! Düşündiňizmi? Dursaňyz ka-aýt, gidersiňiz ýeriň aşagyna. Öwülýa kessin! Ek-geý! Başlyga-da aýdyň, çekenesini syrtyna soksun! Şoňa zar adam ýok! Oglankalar suwly ýabyň gyrasynda öl çägäni şapbatlap “arykmy-semiz” oýnardylar. Şonda çäge suwjarardy-da, edil, semiz goýnuň guýrugy ýaly titrär durardy. Aýagyňy basdygyňam aşak sormak bilen bolardy. Myhmanlaryň ýaňky duran ýerem häzir edil şonuň ýaly boldy. Heýkeltaraş Allanur Atalyk dostunyň ýüzüne seretdi. Endigine görä dodagyny titredip sakawlady. ―D-d-düýnki ýa-a-aýagyşdanmyka bi? Ýeňseden başga biriniň sesi eşidildi. ―Ýok, ýagyşdan däl. Deňizden. Deňiz süýşýä. Ýeriň asty bilen bäri süýşýä. Oba golaýlaşýa... ―Oňa çenlem ötegçi ýetip geldi. Aýak çekdi. ―Häzir boluň. Lüýk iň bolmanda aýda bir adamyny alyp durandyr. Düýnki ýaly ýagyndan soň-a hasam işdäsi açylýa. Myhmanlar suwjaryp duran çägesöw ýere ýene bir gezek nazar aýladylar-da, salgysyny alyp arçynlyga, ýa-da şol döwürde atlandyrylyşy ýaly posýolok sowetine tarap ugradylar. Emma arçyn ýerinde ýok ekeni. Şonuň üçinem goltuklaryndaky proýektdir – taslama eskizlerini kabinetleriň birinde goýdular. Dälize çykyp diwaryň ýüzündäki diagrammalary, ýerli ykdysadyýetiň ösüşini, plan-borçnamalaryň doldurylyşyny, ýylyň-ýylyna artyp gidip barýan girdejileriň jemini görkezýän görkezme esbaplary synladylar. Dogrudanam baý etrap ekeni, diýen netijä geldiler. Başlygyň kabulhanasynda köneje maşynkasyny şakyrdadyp oturan gartaňrak, sag dulugynyň ýarysyna golaýy barmak galyňlygyndaky gyp-gyzyl meň bilen örtülgi, bigörk, ýöne, ýakymly sesi bilen ojagaz ýetmeziniň üstüni ýüzugra basyp, gürrüňdeşini özüne imrindirmäni başarýan zenan maşgaladan myhmanhananyň nirededigini soradylar. Ol aýal olara daşragam bolsa şäherçäniň gaýra çetindäki täze gurlan myhmanhana barmaklygy maslahat berdi. Çünki, köne myhmanhananyň aşagyndan suw çykyp ugranmyşyn. Ýüzi edil, el bilen sepilen ýaly aýaklarynyň aşagynda irginsiz gyjyrdaşýan ownukly-irili dürli reňkdäki owadanja balykgulajyklardan doly yzgar çägäniň üsti bilen ýaýkyldaşyp baryşlaryna ýigitler öňlerinden çykýanlardan myhmanhana dogry ýa-da nädogry barýandyklaryny soradylar. Emma nämüçindir olaryň hiç birem alçaklyk bilen jogap bermedi. Barysy birhili sus, aljyraňňy. Bir agyz “howwa”, ýa-da “ýok” diýýärler-de, ýüzlerini bir gyra sowup ötüberýärler. Iňňe ýitiren ýaly hemmesiniňem gözi aýaklarynyň aşagynda. Çekirtge ýaly “joňkda-joňk”, şo-ol, ondan-oňa böküşip gidip barýarlar. Özlerem şeýle bir hor, ýüzleri dagy edil oda gorsalan kartoşka ýaly gara ýanyk. Içi gorkudan doly, gözleriniň hereketi haýal. Dem alyşlary kadaly däl. Haýsyny görseň çapyşykdan gelen at ýaly aşak bakyp “has-has” edişip dur. Aşgazanlaryna köz gaçan ýaly her sözden soň uludan bir sowuk demlerini almasalar yzyny dowam etdiribilenoklar. Myhmanhanada nobatçylyk çekýän garaýagyz gelinem olar bilen gabaklaryny galdyrman, sesini sesindenem inçejik, gönümel burnunyň içine salybrak sowuk-sala salamlaşdy. Öňi bilenem propuskalaryny barlady. Näçe gün boljak bolsalar öňünden hasaplaşmaklaryny, tä, gidýänçäler pasportlaryny nobatçyda goýmaklaryny sypaýyçylyk bilen haýyş etdi. Hasaplaşansoňlar ellerine otlyçöp gabynyň ululygyndaky gögümtil, kagyz petek tutdurdy. Soňam çekerinden ýüzi hatly bir tagta kagyz çykaryp instruksiýa okady. ―Stolyň üstüne ruçka bilen çyzmaly däl, çakgy bilen kesmeli däl, üstüne tuş, syýa dökmeli däl, düşekleri tämiz saklamaly, çykanda düzedişdirip, açaram nobatça goýup gitmeli. Gije sagat ondan gijä galmaly däl. ―Gelin gabaklaryny çalarak galdyrdy. Ýöne, ýigitleriň ýüzüne seretmedi. ―Soragyňyz bamy? Myhmanlar ýylgyryşdylar. Olaryň kinaýasyna düşünen bolsa gerek, gelniň özem ýylgyrdy. Tahyly açyp instruksiýany öňki ýerinde goýdy.Ýapdy. Howlukman ýerinden turdy. “Ýörüň” diýip, myhmanlary dälize çykardy. Üsti birgiden gap-gaçlardan doly stoluň ýanyna eltdi-de, ýene öňküsi ýaly sowuklaç, birsydyrgyn gürläp başlady. ―Honha tok çäýnek, ynha-da daş çäýnek, ine-de käse, ystykan. Suwam daş işikdäki syrçaly ak bedrededir. Atara çaýyňyz bolsa gaýnadyň-da, içiberiň. Nahar-şor edinmekçi bolsaňyz honha tok plita, ynha-da piti... ―Ol stoluň gabat garşysyndaky sary gaçan, sarymtyl, aýnaly şkafy görkezdi. ―Jam, talerka, çemçe, wilka, pyçak gerek bolsa-da ynha, şuň içinde-dir. Ýene gülýän bolaýmasynlar diýýän ýaly, gelin assyrynlyk bilen myhmanlaryň ýüzüne seretdi. Ýanlarynda ne çaýyň, ne süýjüniň, ne-de çöregiň ýokdugy üçin, myhmanlar o gijäni öte geçirmeli boldular. *** Ertesi irden bir owurt suw içip ýene-de arçynlyga tarap ugradylar. Işgärleri bu günem onuň işe gelmejekdigini aýtdylar. Çünki, düýnki sil suwy gara ýoly ýolupdyr-da, indi ony düýbünden üýtgedip gurmak barada ýokardan görkezme gelipdir. Şonuň üçinem etrabyň ähli ýolbaşçylary şol aladanyň ugruna gidipdirler. Welaýat merkezi bilen awtobus aragatnaşygynyň ýoly doly dikeldýänçäler, olaryň gelmezliklerem mümkinmişin. Şonuň üçinem, myhmanlar häli-şindi gatnap durmaz ýaly, iýer-içerden ýüklerini tutmak üçin dükanlara sowuldylar. Emma gury çaý bilen çörekden başga ne et, ne ýag, ne süýji, ne-de gök önüm hiç hili huruşlyk hörek tapmadylar. Süýt önümleriniň – ä adam ýok. Has geň ýeri şäherçäniň deňiz ýakasydygyna, halkyňam diňe balykçylyk bilen meşgullanýandygyna garamazdan, dükanlarda-ha däl, hatda bazar diýlip atlandyrylýan köneje basyrmanyň aşagynda-da täze balyk ýok. Kakadylan balyk welin ýeke bir bazarda däl, islendik öýüň işiginde düzüm-düzüm sallanyşyp dur. Oňa ýerli halk “barak” diýýän ekeni. Jany ýanan şahyr dişlerini gyjyrdadyp gyjytly gürledi. ―Adamlaryň üýtgeşikdigin-ä aňdyk, ýöne, hany, ol diýýän üýtgeşik ýurduň? Limon-a berseňem iýjek däl welin, hany ol ýoluň ugrunda bol biten agaçlardan sallanyşyp duran apelsinler, mandarinler? Şolar ýaly howaýy sözlere aldanandygy üçin onsuzam jany ýanyp duran heýkeltaraş dodaklaryny her näçe titretse-de gepläp bilmedi. Ahyram “kilka” konserwasyndan bäş-üç sanysyny aldylar. Myhmanhana gelip garbandylar. Çaý içdiler. Şondan soň ikisem diwana geçip çiňarkan düşdüler. Studenkä öwrenen haýsydyr bir daşary ýurt aýdymyna hiňlenip esli mahal ýatandan soň, heýkeltaraş Allanur Atalyk tarsa ýerinden turdy-da, hüwüniňki ýaly göm-gök, ullakan gözlerini öňküdenem beter çerreldip dostunyň ýüzüne seretdi. ―S-sy-yn etdiňmi? Öz ýüzlerem b-bir-hili ka-akadylan balyga meňzäp dur. Baýly Baýadam dikeldi. Aýasy bilen ilk-ä pökgüje garnyny soňam bäbegiňki ýaly tep-ter dolmuş duluklaryny sypalady. Gyýajyk gözlerini gypyrjyklatdy. Birhili aýtmasyz zady aýdýan ýaly dostuna tarap eglip pessaý gürledi. ―Kakadylan balygy köp iýýandiklerinden şol. Hodožnik agzyny giň açyp arkan gaýyşdy. ―A-aý, e-dil beýle däldir-laý... ―Şeýle şol. Sebäbi adam haýsy jandaryň etini köp iýse, assa-ýuwaş şoňa meňzäberýä. ―A-aý, n-nä-ätdiň-aý?.. ―Şondan soň ol esli mahal dodagyny titredip oturdy-oturdy-da, birdenem öňe omzady. ―Ö-ö-züň bilýäňmi şuny ýa bir ýerde okadyňmy? ―Özüm bilýän. ―Şahyr ýene-de arkan düşdi. Sag aýagyny çep aýagynyň üstüne atdy. Gözlerini petige dikip ýatyşyna howlukman gürledi. ―Obamyzda ömrüni düýe bakyp geçiren biri bardy welin, ýöräp barýaka ýeňsesinden seretseň, “ýaýaň-ýaýaň” edip, edil, düýe barýan ýaly-da. Käte bir durup, howlukman daş-töweregine äňedişem, baran ýerinde güpür-tapyr çöküp, galanda patanaklap galyşam, gahary gelende adamçyl erkek ýaly agzyndan ak köpük saçyp, “bar-bar” bagyryberişem, gürlände “lagyr-lagyr” edişem, edil sanaberseň ýedi arka ýetmän aňyrsy düýä diräýjek ýalydy. Asyl ullakan, şar gara gözlerem köşegiňki ýaly balkyldap, aşaky dodagy bolsa sallanar durardy. Hükgeripjik otyrka gapdalyndan seretseň dagy edil, lagar düşen düýe çöküp oturan ýalydyr. Deň-duşlary degişip oňa: “Düýäň düşügi ýaly” diýerdiler. Başga biri bardy, hemişe goýun bakardy. Ana, ol welin edil, goýun ýaly ýuwaşdy. Märekä barsa-da bir çetde aşak bakyp irkiljirär oturardy. Gapdalynda sähelçe gatyrak gürleseňem ürkek goýun ýaly tisginerdi-de, turar gidibererdi. Boýnuny sallap märekäniň daşyndan bir aýlaw ederdi-de, ýene gelip öňküje ýerinde oturybererdi. Soň obamyzda doňuz perme açyldy-da, oňa-da orsmy, müjükmi, bilemok, Andreý diýip birini çopan edip getirdiler. Aýaly, çagalary bilen göçüp geldi. Olar öňem doňuz etini iýip ýören adamlar ekeni.Ine, lap edip aýtdygym däl, ynansaň şolaryň barysynyň boýunlar-a edil doňzuňky ýaly bokurdy. Gözleri kiçijik, ýüzleri hyştymgyzyldy. Burunlary ýap-ýasy. Göwreleri bolsa tos-togalak. Çagalary başda bir üýtgeşigräk bolaýjak ýalam edýädilerde, soň olaram şo şekile girýäler gidiberýäler. Özleri welin gowy adamlardy. Türkmençänem gowy bilýädiler. Çagalary dagy asyl biziň bilen bir mekdepde, türkmençe okadylar. Andreýiň özi welin toýlarda oturyp bagşam diňlärdi. Ýöne, käte artygrak içip guma, batga bulaşyp ýatanda welin, tüýs, “doňuz” diýdirýärdi. Ýene bir geň galan zadym, ir döwür towuk permämizde gaz köpeldip ugradylar. Ana, şondan soň bäş-on ýyl geçdi welin, towuk bakanyň özem, çagalaram, esasanam aýal-gyzlary, syrtlaryna ýag ýygnadylar-da, edil gaz ýaly moýmuldaşyberdiler. “Wark-wark” edişip asyl gepleýişlerem üýtgäberdi. Gaty kän wagtdan bäri synlaýan men şuny. Şulaňkam men-ä şolaňky ýaly iýýän iýmitlerindenmikä diýýän. Häliden bäri gözlerini dostuna dikip, ýapyrylyp oturan hudožnik zarp bilen dikelende oňurgasy “şakyrt” etdi. ―Şa-ahyr bolansoň k-köp ýerini ge-elişdiribem aýdýansyň welin, ýarysy çyn bolanda-da seň munyň u-u-ullakan açyş. Şahyr çynlakaý sypata girdi. ―Ol-a ol welin, ýöne bu gahatçylyk nämäň alamatyka? ―Ol ýene-de dikeldi. Zenanyňky ýaly ap-ak, tüýsüz injiklerini akjardyp aýaklaryny aşak sallady. Gollaryny göwsünde gowşuryp oturşyna gözlerini ýere dikdi. ―Onsoňam, häli-şindi adam alyp duran bolsa bular nämüçin bu ýerden göçmeýärkäler? Aslynda biz nämüçin bu ýeriň ýagdaýy barada öň hiç zat bilmändiris? Nämüçin bu hakda hiç ýerde, hiç zat ýazylmandyr, aýdylmandyr? Hemişe aşa tolgunanda boluşy ýaly, bu gezegem heýkeltaraşyň dodaklary titiir-titir etdi. Söze başlaýança hopugyp, demigip görgi baryny gördi. Soňam barysyny bir demde aýdyp goýberdi. ―Ö-öň a-aýdar ýaly boldumy? Ýa-azar ýaly boldumy? ―Öň gadagan ekeni, indi näme? ―I-indi sen ö-özüň ýa-azarsyň-da. Öň ýürekleri çakylan bolsa bularyň özleri hiç haçanam ýazyp bilmezler. ―Ýa gizlin dagymyka? ―Gizlin bolsa b-bizi b-bu ýere goýbermezdiler a-ahyry. ―Diýseň-diýmeseň ikimiz şu ýere täze öwüsginiň bady bilen düşen ilkinji garlawaçlar bolaýmasak. ―Öňem ge-elen-giden bo-olandyr-a? Gatnawsyz bolan däldir-ä şu ikara. Iň bolmanda komandirowka gelendirler. Ýa bu ýerdäkileriň ö-özleri merkeze gitmän o-oňan däldirler. Şolar ýalyň üsti bilen dagy b-bi-ilinäýjek ýaly we-elin... ―Bilinmesiz edilen bolsa bilinäýmez. Gelen-giden bolaýanda-da bilinmez. Senden öň gelip şertnama baglaşyp giden edara işgäriňiz näme, saňa dogrusyny aýtdymy? Allanur Atalyk ysgynsyz güldi. ―Wah, şo-da maňa kö-öçelerde a-apelsinler sallanyşyp durandyr, diýen. Asyl: “Bol ekeni-ow, diýýäge-de, soraşman ýolaýmaň, geň görerlerem”, diýdi-le. Ýa ka-akadylan balyklar gözüne a-apelsin bolup görünäýdimikä? ―Görünen däldir-de görkezendirler. Aşgabada baryp otludan düşüşi ýaly çagyrylýan ýere çagyraga-da, kakadylan balygy görkezip: Şu näme, diýendirler welin, o-da saňňyldap oturşyna: siz näme diýseňiz şo bor, diýendir. Olaram: Aý, onda apelsin diýäýeli, sebäbi seňňem çagaň bardyr, dogan-garyndaşyň bardyr, işiňde abraý alasyň gelýändir, diýendirler, şeýdibem ylalaşandyrlar. Bärik gaýtmazdan ozal gepleşen bolmaklaram mümkin. ―Ş-şeýdäýdilermikä? ―Elbetde şeýdendirler. Ondan öňkülerem şeýdendirler. Ýerli halkam şeýdendirler. Şeýdibem gizlin saklandyrlar. Heýkeltaraş ökdelik bilen timarlanan gyrçuw, goňur sakgalyny, uçlary erniniň iki tarapyndan aşak gaýdyp sakgalyna birikýän murtyny sag eliniň aýasy bilen owuçdyrdy. ―B-bi-izem ş-şeýdäýerlermikän-aý? ―Aý, ýok, bizi beýtmezler. Gaýtjak wagtymyz beýtmedik bolsalar baramyzdan soňam beýtmezler. Sebäbi indi döwür üýtgedi. ―Dö-öwrüň üýtgänine ynamyň bar-ow seň? ―Bar. Ýogsam bu ýerleri nire, biz nire? Bu, adamhor lüýk nire, äpet ýadygärlik nire? Şondan soň olar hem-ä aýaklaryny ýazmak üçin, hemem ýadygärligi diker ýaly ýer peýlemek üçin şäherçäniň içine aýlanmaga gitdiler. Emma, “şu ýerde goýaýsaň boljak ekeni” diýere ýer tapmadylar. Daryşganlyk. Bolaýjak ýerem “arykmy-semizden” ýaňa titräp dur.O zatlar barada pikirem eder ýaly däl. Aslynda ýagdaý şeýlekä ýerli häkimetleriň nämüçin ýadygärlik buýrandyklaram düşnüksiz. Şeýle-de bolsa tabşyrygy ýerine ýetirmeli. Iň bolmanda ýetirjek bolup çalyşmaly. Gazanjam gerek welin, abraýa-da çapmaly. Çet ýerde gurulsa-da dabarasy dag aşar ýaly etmeli. Aýlanyp ýörüşlerine olar şäherçäniň deňiz tarapyndan amatly bir ýer tapdylar. Ol ýer hem-ä giňişlik hemem belent, üstesine-de edil taslamada görkezilişi ýaly ýadygärligiň aňyrsyndan deňiz görnüp durjak. Ol bolsa eseriň kompozision çözgüdini güýçlendirjek. Temany has doly we aýdyň açyp görkezmäge ýardam etjek. Ýöne, ol ýeriň ýagdaýy şäherçäniň içindäkidenem beterdi. Üstesine deňiz gelse ýadygärligiň düýpgöter suwuň içinde ýa aşagynda galaýmagam mümkin. Şonuň üçinem olar uzak oýlanyp duranlaryndan soň o ýerdenem el çekdiler-de, şäherçäniň gündogar çetine çykdylar. Salnyp ýören täze jaýlary görüp diýseň haýran galdylar. Haýran galmaz ýalymy? Şäherçäniň ähli jaýlar-a agaçdan. Özlerem aýakly. Suw geldigi beklänlerem aýaklarynyň daşyny aýyraýmaly. Bu ýerde bolsa ýeriň asty bilen suwuň süýşüp gelýändigine garamazdan, aýak-aldyklaryna betondan binýat guýup, agyr-agyr selikat kerpiçlerden mähnet-mähnet jaýlar salyp ýörler, iki mertebeli jaýlaryň gurluşygyna başlanlaram bar. Özlerem agaç jaýdakylara garanda şadyýan. Badyhowa. Ýüz-gözlerem gülüp dur.. Gabadyna gelse degşiberýälerem. Heýkeltaraş olaryň birine sorag berdi. ―Siz n-näme deňziň geljeginden b-bihabarmy? Garynlak, burny paşşyk gurluşykçy mähnet kerpiji laý çyrşalan hataryň üstüne goýjak bolup durşuna uly hyjuw bilen “ýyrş-ýyrş” etdi. ―Deňiz indi gelmez. ―N-nämüçin? ―Üçini şol. Gelmez diýdim, gelmez. Hudožnik gurluşykçynyň üstüne abandy. ―Y-y...Y-ylmy taýdan subut e-edilenmi ýa ö-özüňiz çen bilen a-aýdaýýaňyzmy? ―Aýagyň aşagyna seret! Lüýge batandyryn öýden heýkeltaraş “ziňk” etdi-de özüni bir ädim beýläk zyňdy. Onuň badyna şahyram bökdi. Gurluşykçy hezil edip güldi. ―Gorkmaň, bu ýerde lüýge batmarsyňyz. Bu ýeri gurudyr. Ýerasty suwlaram obaň o çetindäkä garaňda has aşagrakdadyr. Şahyram gürrüňe goşuldy. ―Bu häzirlikçe şeýle. Ýöne, iru-giç suw bu ýere-de gelmän-ä goýmaz. Gurluşykçam ýeň bermedi. ―Gelmez! Obaň o çetine geler ýöne, bu ýere gelmez. ―Geläýse welin o-ol, aýakly jaýlardakylar-a aýaklarynyň daşyny açarlar-da, şol oturan ýerlerinde oturarlar, sizi bolsa suw basar. ―Bizem öň şo jaýlarda oturyp bizar bolduk. Oňa-muňa gidýäs, görýäs, iller köşk ýaly jaýlarda ýaşaýalar. Biz bolsak arkama-arka suw guşy ýaly şo-ol, suwdan boýnumyzy çykaryşyp otyrys. Öň-ä rugsat etmän içimizi ýakdylar. Indi welin iki günlügem bolsa şu ýerden şarňyldap duran jaý saljagam, içinde ýaşajagam. Soň onsoň deňiz gelýämi, doňuz gelýämi görübiris. Şu gürrüňçilik mahalam ho-ol aňyrrakda birtopar adam kimdir biri üçin täze jaýyň düýbüni tutmak bilen ber-başagaý bolşup ýördiler. Gurluşyk üçin ulanylýan kerpiçler ýüz kilometr daşlykdaky welaýat merkezinden getirilýändigini eşidip, myhmanlar hasam geň galdylar. Her kerpijiň näçe manada düşýändigini eşidenlerinde bolsa, başlaryny tutup aşak oturdylar. Şol wagtam kimdir biri ylgap geldi-de, ýap-ýaňyja bir aýal maşgalany lüýgüň ýuwudandygyny habar berdi. Myhman şondan soň gurluşykçylaryň hemmesi işlerini taşlap şäherçä tarap eňerler öýtdüler. Emma olar bir agyz: ―Hä, ol-a bolmandyr-ow, - diýişdiler-de, işli-işleri bilen bolşuberdiler. Ýigitler ertesi irden şäherçäniň arhitektorynyň ýanyna bardylar. Ol arçynlygyň içindäki jaýlaryň birinde oturýan ekeni. Asyl ony gelen günleri çalarak görenem ekenler-de, kän üns bermändirler. O-da bularyň kimdiklerini, näme üçin gelendiklerini bilmänsoň gaty bir içginsirejegem bolmandyr. Şonuň üçinem, täzeden tanyşdylar. Myhmanlar ur-tut şäherçäniň gündogar çetindäki howply gurluşykdan gürrüň açdylar. Näme üçin öňüniň alynmaýandygy bilen gyzyklandylar. Bir gözi gyparak, tegelek ýüzli, sarymeňiz arhitektor ine-dördül, agyr göwresine mahsus bolmadyk ýeňillik bilen ýerinden galdy-da: ―Aýdanyňa, diýeniňe gulak asanoklar-a! Gadagan etseňem hökmüň ýöränok. Ýokarrak gidýäler-de, jübülerine seň hökmüňi ýatyryjy hatyň kopiýasyny salýalar geläýýäler. Üstüňden gülüp ýörendirler, onsoň. Men bolsam olary gaýgy edip gijelerine ýatybilemok. Özlerine gabyr gazýandyklaryny düşündiribilemok. Göz monjugy ýaly çagajyklaryna dözemok. Emma peýdasy ýok. ―Arhitektor düňküldäp gitdi-de, goňşy kabinetleriň birinden goňrumtyl, daş-töweregi nanyň maňzy ýaly öýjük-öýjük bolup duran iki sany kerpiç şekilli material getirdi. ―Ine, iň bolmanda şuny ulanyň, diýdim. Sebäbini aýtsam bu material hem-ä kerpije görä berk, hemem ýeňil. Ýerasty suw geläýende-de, lübge batmak howpy az. Iň bolmanda çöküp ugranyny bilseň göçüp, gaçyp ýetişip boljak. ―Ol materialy myhmanlaryň öňüne süýşürdi. ―Alyň, elläp görüň. Özüm ýasadym. Heýkeltaraş materialy eline alyp eýlesine, beýlesine seretdi. ―N-näme, y-ylmy açyşmy? ―Howwa, ylmy açyş. Öz açyşym. Öz laborotoriýamda ýasadym. Ýerli materialdan. Sähelçe sement garsaň bolany. Şolaryň hemmesini ýeke-ýeke laborotoriýama getirip görkezdim. Bir kärhanajyk açyp şuny öndüribilsek, hem-ä özümizi üpjün ederis, hemem satyp pul gazanarys diýdim. Olar bolsa:Meni diňlemegem islemediler. Ýaňsyly ýylgyryşdylar-da, çykdylar gidiberdiler. ―Arhitektor goňşy otaglaryň birinden bir çäýnek çaý, üç käse, hemem içi gantly gantdan getirdi. Guýuşdyrdy. Öz kärini gowy görýän adamyň pikirdeşine duşan mahaly alýan ruhy lezzetine gark bolup oturşyna agzyny şapbyldadyp öňküsindenem hyjuwly gepledi. ―Düýn-öňňünlik ýerli häkimetlere täze bir jaýyň proýektini hödürledim. Ine, şu öz ýasan materiallarymyň esasynda. Siliň böwsen ýoluny üýtgedip gurjak bolsak indi bize öňki merkezden gelýän materiallar gymmat düşer, öz ýerli materiallarymyza daýansak welin ummasyz utuş gazanarys diýdim. ―Arhitektor arkan gaýyşdy-da uludan demini aldy. Çalaja ýylgyryp her elini bir tarapa serdi. ―Emma göwnemediler. Gaýtam: Sen how, munyňy oňa-muňa görkezen bolup dynç başymyzy depirjek äre beräýme, diýip gözüme barmaklaryny çommaltdylar. Çünki, şol täze salynýan jaýlaryň hemmesi ýa-ha ýerli emeldarlaryňky, söwda guramalarynyň işgärleriniňki, ýa-da şolaryň ilen-çalanlarynyňky. Sebäbini aýtsam olarda pul kän. Olar her zat etmeli welin şol pullary bir zatlara harçlamaly. Maşyn-a alanoklar. Daş-töwerek ýa suw, ýa çäge. Welaýat merkezine-de awtobusly ýa samolýotly gidýärler. Size aýdyşlary ýaly, öň olaram il ýaly agaç jaýlarda ýaşaýardylar. Merkezden, il-günden çekinip üýtgeşik jaý salyp bilenokdylar. Ine, indi gulaklaryna bir zat degipdir-de... ―Arhitektor azajyk dymdy-da, ajymtyk ýylgyrdy. ―...Nämemişin, döwür üýtgänmişin. Indi hiç kim, hiç kime öňki ýaly sen puly nireden aldyň, jaýy nädip saldyň, diýmeýärmişin. Bar, şeýle ekenem-dä? Ýöne, gürrüň adamyň ömri, ýaşaýşy barada barýar ahyry. Onsoňam bular ýaly özboluşly şäherçe hiç ýerde ýok. Bu bir asmanyň astyndaky açyk muzeý. Muny goramaly. Arhitektura taýdan özboluşlylygyny saklamaly. Men ine, şu teklibi etrap ýolbaşçylaryna-da aýtdym. Şäherçämizi zapowednige öwreliň diýdim. Täze jaýlarda-da köne jaýlaryň äheňini ulanalyň, diýdim. Onam etmediler. Gaýtam hemmeler täze ýere göçmeli, agaç jaýlary ýykmaly, diýip öz aralarynda karar çykardylar. Eýdip, beýdip o kararlaryn-a ýatyrtdym welin, zapowednikli meseläm başa barmady. Henizem gidişip ýörün, ýöne başarýan zadym ýok. Ýeke bolýan. ―Ol myhmanlaryň ýüzüne seredip ýylgyrdy. ―Belki siz kömek edersiňiz?.. ―Myhmanlary kyn ýagdaýda goýmazlyk üçin ol jogaba-da garaşman sözüni dowam etdirdi. ―Bir döwletli işiň başyny tutsaň begenäýerlermikä diýýäň welin, gaýtam ýigrenýän ekenler. Zapowednige öwrüp bolsa welin her ýyl döwlet tarapyndan bejergi işleri üçin pul goýberiljek, ugruna serediljek. Başga-da köp zat edip boljak. Muny bir üýtgeşik şäherçä öwrüp boljak. Kerpiçleriň birini elinde oýnap oturan Allanur Atalyk dodaklaryny titredip arhitektoryň ýüzüne seretdi. ―Hä-äzir d-deňiz şu ýerden daşdamy? Arhitektor abat gözünem ýumup aşak seretdi. ―Aý, ýok, gaty bir daşda-da däldir. Bolaýsa bäş-alty kilometrdir. Golaýrak bolaýmagam ahmal. ―Nä-äme, takyk bileňzokmy? Arhitektor ajymtyk ýylgyryp ýüzüni kese sowdy. ―Takyk biler ýaly bizi o ýere eltenoklar-a. Heýkeltaraşyň gözleri hasam ulaldy. ―O nämüçin? ―Serhet. ―O nähili serhet? Serhet b-bu ýerden d-daşdadyr-a? ―Elbetde. Ýöne, biziň üçin aýratyn serhet bar. Şol serhet zerarly ine, indi ençeme ýyldyr, biz öz mähriban kenarymyzy görüp bilemizok. ―Ol sesini kesdi-de, böwrüni diňledi. Soň gypyk gözün-ä has gypyp, abat gözüni bolsa has açyp hudožnige seretdi. ―Ýöne, täzeden bäri simi aýyrjakmyşlar diýen gürrüň-ä bar. Henizem aýagaldygyna bellik edip oturan şahyr Baýly Baýat bloknodyndan başyny galdyrdy-da, galamyny stoluň üstüne oklap goýberdi. ―Näme, o ýerde simem bamy? ―Serhet bor-da sim bolmazmy? ―Serhet däldir-de, ýöne, mal-gara geçmez ýaly germewdir-dä. ―Germew bolaýşyny! Her ädimden bir eli awtomatlamdur şo ýerde, biler bolsaňyz. Şahyryň ýüzi çytyldy. ―Näm-ä gerek bolduka o zatlar? ―Bizi öz kenarymyz tarapdan deňze goýbermezlik üçin. Bize öz ýerimizden balyk tutdurmazlyk üçin. Ýogsam iň gymmatbahaly gyzyl balyk biziň kenarymyzda gezýä. Soýuzyň ýolbaşçylary, biziň ýolbaşçylarymyza öz kenarymyzdan balyk tutmazlyk barada görkezme beripdirler. Nämemişin şo balyk şu kenarda işbil taşlaýamyşyn. Köpelýämişin. Biz tutsak onuň tohumynyň tükenäýmegi, ahmalmyşyn. Emma bu ýalan. ―Arhitektor heýkeltaraşyň ýüzüne seredip çalaja ýylgyrdy. ―Ylmy taýdan subut edilen däl. ―Ýöne, uly-uly aw gämileriniň biziň kenarymyzdan günüň-gününe gyzyl balykdan ýüklenip gidýänini welin göre-göre gelýäs. Aslynda tikenekli simem, ýaragly adamlaram, şolary bize görkezmezlik üçin goýlan. Şahyr Baýly Baýat täzeden galama ýapyşdy. ―Hiý, oň aladasyny eden bolmadymy? ―Boldy! Onda-da nähili boldy! Ýöne, şoň aladasyny eden adamlaryň hemmesi dereksiz ýitdi. ―O nähili? ―Şeýle-dä! Gel, düşünşeli diýip çagyrýarlar. Şondan soňam zym-zyýat. Ne gördüm bar, ne bildim. Ýa bolmasa-da halkara meselesine goşulýa, milletara oňşuksyzlygy döretjek bolýa diýäge-de, ýagyrnysyna bir ýarlyjak ýelmeýäler welin şondan soň o bende ýa-ha görnenok, görnäýse-de güň ýaly, gürrüňçilik görse gaçyp ýör. ―Ýerli häkimetler, welaýatdakylar goldamadymy olary? ―Şolar-da şolary şeýdip ýören. ―A merkezdäkiler näme? ―Şeýdiň diýip olara-da merkezdäkileriň özleri buýruk berýä-dä. Merkezdäkilere-de soýuzyň ýolbaşçylary buýurýalar. Sebäbini bolsa özüňiz bilýäňiz, biz olara elgarama. Şoň üçinem biziň ýolbaşçylarymyz özlerine azar berilmese, kürsülerinden düşürilmese kaýyl. Kenar üçin göreşe baş goşmak ýa baş goşanlary goldamag-a beýlede dursun, olar öz hususy bähbitleri üçin bu kenary kimdir birine başybitin bermäge-de, satmaga-da, halkyny açlyga, horluga, baky baknalyga sezewar etmäge-de taýýar. Ýerli häkimiýet diýýänleriniň bolsa, häki bir kesewi. Sebäbini aýtsam, bularyň eli bilen ýokardakylar oturan ýerlerinde ot gorsaýarlar. Ýöne, bularam o hyzmatlaryny eýesi haýryna edäýenoklar. Özlerine-de ýyljak ýer, ýumşak düşek edinmäniň, gowuja iýip-içmaniň ugrunda bolýalar. Iň bärkisi bular häzir ilerki jaryň ýüzüni başga tarapa öwürmegiň aladasynda gezip ýörler. Nämemişin, deňziň suwuny köpeltýän, täze salynýan jaýlaryň üstüne howp salýan şolmuşyn. ―Şahyryň bütin düýrmegi bilen ýazga berilenini görüp, arhitektor hasam gyzdy. ―Emma ol beýle däl. Deňziň suwy jar sebäpli däl-de, düýbüniň ýokary galýandygy üçin köpelýä. Şoň üçinem süýşýä. Hanasyndan daşýa. Gidende-de düýbüniň çökýändigi üçin çekilýä.Bu zatlar dünýäniň gurluşy bilen bagly. Bütin jümle-jahan edil adam ýaly dem alýa. Ol bize demini içine çekende bir hili, daşyna çykaranda bolsa düýbünden başga hili täsir edýä. Bu zatlara köp derejede Aý, Gün, ýyldyzlaram täsir edýä. Heýkeltaraş Allanur Atalyk göwresini dikeltdi-de, üzüm çokjak horaz ýaly arhitektora tarap boýnuny süýndürdi. ―D-do-ogry! O zatlar do-ogry. Y-ylmy taýdan subut edilen... ―Deňiz welin geler. Hökman geler. Gelerem, giderem. Ata-babalarymyz aýdypdyr muny. “Geler-gider, gider-geler” diýipdirler. Sebäbi olar muň şeýle bolanyny öňem telim gezek gözleri bilen görüpdirler. Şu jaýlaryň telperräk suwuň içinde duranyny özümem bilýän diýip, ejem pahyr gürrüň bererdi. Mamam pahyr bolsa: ir döwür goňşular biri-biriniňkä gaýykly gatnaýardylar, diýer ekeni. Şoň üçinem, deňiz häkimler isleselerem geler, islemeselerem geler. Şol gelse kenaram geler. Gaýdyp berselerem geler, bermeselerem geler. Ol şonda ine, biziň şu oturan ýerimizde bolar. Simem, serhedem suwuň aşagynda galar. Şondan soň bize hiç kim, hiç zady gadagan edip bilmez. Jary bolsa biz zeýkeş hökmünde ulanýas. Sil suwy oba arasynda uzak eglenmesin, baryp ýerasty suwlara goşulmasyn diýýäs. Onsoňam üstüne bir joýa suw guýduranyň bilen uly deňziň eselip ýa peselmejekdigini çaga-da biler. Ine, şolar ýaly adamlaram halkyň başyna hekem bolýalar. Ýeri, onsoň öljekmi, ýitjekmi... Bir zat diýseňem sen tersçil... ―Ol çilim otlandy. Yzly-yzyna sordy. Tüssäniň içinden çykyp gutararyna-da garaşman boguljyrap gürledi. ―Siz ine, gaýda heläk bolanlara ýadygärlik goýjak diýýäňiz. Olara-da goýmaly welin, öz kenary üçin göreşip heläk bolanlara-da goýmaly. Esasy gahrymanlar ana, şolar! Hak iş üçin tutuş sistema garşy göreşmek, ahyram halkyň parahat gününi bulajak bolýan adamlar hökmünde ýok edilmek.... Heýkeltaraş ýüzüni sypajaklatdy. ―Onyň-a d-do-ogry welin, o bize ba-agly däl-dä. Za-akaz bolmasa biz hiç zat edibilemizok-da... ―Düşünýän, düşünýän. Men ony ýöne, gepiň gerdişine görä aýdaýdym. ―Arhitektor çilimini iň soňky gezek sordy-da, küldana basyp öçürdi. Mynjyratdy. Myhmanlara tarap towlam-towlam bolup barýan çalymtyl, tüssäni eli bilen dargatdy. ―Horlanýan welin ýeke biz däl. Öz öri meýdanlarynda öz mallaryny bakybilmän, öz ýerinden önýän tebigy baýlyklaryna erk edibilmän kösenişip oturan etraplaram az däl. Öz içinden akyp geçýän derýadan bir gulak suw alybilmän oturanlaram bar. Ana, şo zatlaram öz ýerli emeldarlarymyzyň emri bilen bolýa. Özlerine ýüzden bir ülüş peýda galjagyny bildikleri olar ikirjiňlenmän seň damagyňa pyçak goýýalar. Sebäbini aýtsam biz gowşak. Esasy betbagtçylygymyz ana, şol. Aç ölsegem öz hakymyzy talap edibilemizok. Talap edäýjekleriň bolsa arkasynda durubilemizok. Iň ýanamam ýer, ýurt, Watan babatda halk bilen häkimleriň maksady, isleg-arzuwlary deň gelenok. Halk-a gulçulykdan çykjak bolýa, häkimleriň bolsa öz gullaryny ellerinden sypdyraslary gelenok. Sebäbi olaryň özlerem gul. Gul bolsa gadymkylaryň aýdyşlary ýaly, hemişe azat bolmagyň däl-de, özüne-de gul edinmäniň arzuwynda gezýä... Bu zatlary özüňiz bilýäňiz-ä... ―Y-ylmy e-e-esasdan alanyňda mu-unyňam dogry. ―Uly döwlete bolsa hemişe ezer ýaly, eýerläp müner ýaly biz kimin halky gowşak, häkimleri nadan, ejiz, hossarsyz ýurt gerek. Sen häzir şolardan bidin gyzyl balygyň gürrüňini orta at-da gör, derrew özüňi günäkär ederler. ―Basym soýuzyň dargamagy , oňa girýän respublikalaryň hersiniň özbaşdak döwletlere öwrülmekleri mümkin... Şonda-ha öz balyklarymyzyň ählisine özümiz erk edibileris. Şondan soň öz ýerli emeldarlarymyzam ýüreklenerler. ―Öwrülse öwrülibersin. Barybir peýdasy degmez. ―Näme üçin? ―Şu deňze dahylly uly döwletleriň ýolbaşçylary üýşerler-de, deňziň statusyny üýtgederler, wessalam! ―Düşünmedim. ―Aý, näme, öň köl diýen bolsalar soň deňiz diýerler, öň deňiz diýen bolsalar soň köl diýerler, garaz, haýsy özlerine amatly bolsa şo tarapa öwürerler. Çünki, deňiz bolmak üçin ol hem-ä okeana guýmaly, hemem suwy şor bolmaly. Biziň deňzimiz welin suwy şor bolsa-da okeana guýanok. Şoň üçinem ony islän tarapyňa öwrüp oturmaly. Gerek bolsa diňe suwunyň şordugy üçinem oňa deňiz diýip bolýa. Suwy şoram bolsa okeana guýmaýan ekeni, diýäge-de, köl statusyny beribem bolýa. Şoň hersinde-de seň hukugyň üýtgeýä. Mysal üçin, köl diýseler sen öz kenaryňdan takmynan ýetmiş iki kilometrden aňry daşlaşmaly däl. Deňiz bolsa, bolsanym iki ýüz kilometre çenli gidibilýäň. Galan ýerem ortalyk. Ýeri, onsoň sen pikir et, ortalyk ýerden balygy biz ýaly iki sany köne tory bilen bäş gaýygyndan başga enjamy ýoklar tutarmy ýa iň ýokary derejede abzallaşdyrylan äpet gämileri, deňziň niresinde, haýsy çuňlukda haýsy balyklaryň üýşýändigini, mukdarynyň näçedigini günüň-gününe asmandan garap aýdyp duran sputnikleri bolan uly döwletler? Başyny galdyrman ýazyp oturan şahyr işden ünsüni sowman, ýöne mähetdel dillendi. ―Elbetde uly döwletler. ―Deňziň içindäki uly enjamlary talap edýän nebiti kim alar? ―Onam uly döwletler alar. ―Wo-ot... Uly döwletler ýa-da ösen döwletler diýip aýtsagam bolýa. Şoň üçinem olar bir emel bilen seni gyrakladaga-da, deňzi öz aralarynda sektor boýunça bölüşibem bilýäler. Ana, şondan soň welin sen öňküje çapakdyr-kilkalaryňdanam dynarsyň. ―Halkara guramalary näme? Olaň kömegi degmezmi? ―Deger, eger-de döwlet hökmünde döşüňi gaýşardyp orta çykybilseň. Şol kenara hakykatdanam dahyllydygyňy subut edibilseň. Emma biz henize çenli bu deňiz üçin öweý ogul, ýa-da iliň kenarynda amanat oturan halk hökmünde tanalyp geldik. Şoň üçinem bizi mümkingadar öz kenarymyzdan daşlaşdyrjak bolýalar. Şu deňze dahylsyzdygymyzy hut özümiziň boýnumyza almagymyzy isleýärler. Şoň üçinem öňi bilen öz kenaryňa eýelik etmeli, özüňi halkara möçberinde ykrar etdirmeli, ondan soň halkara guramalaryna çykmaly. Häzir welin ho ýere-de çykybilemizok. Çyksak giribilemizok. Ugran ugruň “ala taýak”. Eli awtomatly sallat. Tikenekli sim. Bu zatlar üçin öz häkimlerimiziň janlarynyň agyrmaýandygyny bolsa ýaňy aýtdyk. Agyraýanda-da edip bilýän zatlary ýok. Iň ýamanam gerçek ýok. Gutardy. Kellelerini galdyrdyklary olary henizem gyrakladyp gidip otyrlar. Halk bolsa hiç haçan öz halasgäriniň arkasynda durup bilenok. Ony oka aldyrýa-da, ýene-de öňki öz başyny gemrip ýören aždarhanyň agzyna artýa. Onuň kysmaty şeýle. Ýöne, kenar gaýtarylyp berilenden soň şu günki şol ideýa garşy çykan, bu ugurdan göreşenleri hut öz elleri bilen ýok eden adamlaryň ilden öňürti orta çykaga-da: şo zatlar biziň tagallamyz bilen boldy, şony biz göreşip gazandyk, diýip gygyryşjakdyklary, kenaram ýene-de ut-tut öz bähbitleri üçin ulanyp başlajakdyklary welin çyn. ―Arhitektor ýüzüni kese sowdy-da, äpişgäniň aňyrsynda görünýän çal dünýä syn etdi. Birhili suslandy. Derrewem açyldy. Endigine görä ýylgyrdy. Şonda onuň ozaldanam gyparak çep gözi düýbünden ýumuldy. ―Häzir welin öz seýnerlerimiz iliň boldum edip taşlap giden ýerleriniň boş kaňkaşyp ýörendirler... ―Onda planlaryny nädip dolýalar? ―Planlarynymy? Planlaryny artygy bilen dolýalar. Girdejem alýalar. Ýöne, halka balyk iýdiribilenoklar. Iýdirýanjelerem öňler-ä ýa-ha arzan bahaly kilka konserwasy, ýa-da kakadylan baraklardy. Indi welin onuňam diňe “baragy” galdy. Kilka ýok. Onuňam näme üçindigini soňrak aýdaryn. ―Ol öňünde ýatan bir tagta kagyzyň gyrasyndan tutup ýokary göterdi. ―Ine, şuň ýüzünde.Welin hemme zat bar. Balygam, deňzem, derýa-da, okeanam, süri-süri malam, adamlara daşdan jaý galdyrtýan pulam şujagaz kagyzyň ýüzünde ýerleşýär. ―Ol ýerinden turdy-da, äpişgäniň öňüne bardy. Myhmanlaram ýanyna çagyrdy. Köçäniň gyrasyndaky yzgar çägäni ýalaşyp ýören bäş-üç sany goýundyr-geçilere, olaryň gapdalynda taýagyna söýenip duran çopana tarap barmagyny çommaltdy. ―Şo mallary görýäňizmi? Sany näçedir öýdýäňiz şolaryň? Ýa bäş diýersiňiz ýa alty. Şeýle dämi? Emma ýalňyşýaňyz. Şojagaz goýunlar bir süri. Onda-da geçileri hasap etmäniňde. Olaňňam sany goýunlaryňkyça bolmasa-da ýaryçarag-a bardyr. Ynanmasaňyz bugalteriň ýanyna baryň-da dokumentleri galdyraýyň. Berseler. Bolmasada maňa ynanyň. O-ol, irkiljiräp duranam bir gezip ýören keçe telpek çopandyr öýdäýmäň. Ýok. Ol her ýylda her ýüz ene goýundan ýüz elli guzy alyp, her ýylda bir gezegem dünýäň iň gowy kurortlaryna gidip gelýän tanymal çopan. ―Arhitektor bu gezek “şyg-şyg” edip sessiz güldi. ―Goýunlar bolsa hakykatdanam köpelip gidip otyr. Aýlanyberseňiz şäherçäniň gapdalyndaky obadan inkiwatoram, sygyr perme-de, süýt kombinatynam, et kombinatynam taparsyňyz. (dowamy bar).. | |
|
√ Oñat oglan / powest - 06.08.2024 |
√ Sary bagşy / powestiň dowamy: Toý - 05.03.2024 |
√ Sary bagşy / powest - 03.03.2024 |
√ Ene / powestiñ soñy - 15.01.2024 |
√ Baga bagşy -6: «Barylmadyk illerde, eşidilmedik gep ýatyr» - 07.03.2024 |
√ Sary bagşy / powestiň dowamy: Pürli - 06.03.2024 |
√ Sary bagşy / powestiň dowamy: Synag - 06.03.2024 |
√ Aýuwlaryň aýdymy -6: powestiň dowamy - 28.08.2024 |
√ Sary bagşy / powestiň dowamy: Atyň ürken ýeri... - 06.03.2024 |
√ Aýuwlaryň aýdymy -7: powestiň dowamy - 10.09.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |