19:55 Mähriban ynsan / hekaýa | |
MÄHRIBAN YNSAN
Hekaýalar
Biziň obamyz şäherden ep-esli uzakda ýerleşýärdi. Oba ilaty ekerançylyk, maldarçylyk bilen meşgullanýardy. Okuwdan boş wagtlarymyz deň-duş oglan-gyzlar bolup, dürli oýunlar oýnardyk. Megerem, çagalygyň hezili-de şondadyr. Ol ýyllar bilen baglanyşykly gyzyklydan-gyzykly wakalary näçe ýatlasaň ýatlap oturmaly. Biziň okan ýyllarymyzdan has soň gurlanam bolsa, ak kerpiçden salnan iki gat mekdebimiziň deňinden geçenimde, häli-häzirlerem şol oglanlyk ýyllaryma dolanan ýaly, täsin duýgulary başdan geçirýärin. Onuňam sebäbi, ol biziň şol köneje mekdebimiziň ýerinde salnypdy. Oba barsam, hökman mekdebimiziň muzeýine baryp gaýdýaryn. Ol ýerde edil biziň okan döwrümizdäkä meňzeş edilip bir synp otagy döredilip, onda dürli ýyllarda okan oglan-gyzlaryň ýadygärlik galdyryp giden el işleri, sungat eserleri saklanylýar. Onsoň her gezek şol otaga baranymda, çagalyk ýyllarymyzyň ýatlamalaryna aralaşanymy duýman galýaryn. Bizi Tahyrbeg mugallym türkmen dili we edebiýaty sapaklaryndan okadypdy. Onuň okuwçylara sapak beriş usuly diýseň üýtgeşikdi. Esasanam, ol okuwyň süňňüni bir-birege mähir bermekden, hormat-sylagdan düzýärdi. Ol göýä biziň iň bir ýakyn garyndaşymyz ýaly, islendik mesele bilen baglanyşykly-da aladamyzy ederdi. Urşuň yz ýanlary bolansoň, adamlaryň hal-ýagdaýy ol diýen gowy däldi. Egin-eşik, iýmit bilen baglanyşyklylykda okuwçylaryň arasynda diýseň horluk çekýänleri bardy. Şonuň üçinem Tahyrbeg mugallym horluk çekýän okuwçylara mümkinçiliginiň boldugyndan kömek etmäge çalyşýardy. Bir gezek synpdaşymyz Aşyrgeldi okuwa düýbünden taýýarlyksyz geldi. Onuň asyl sapak bilenem işi ýokdy. Irkiljiräp oturansoň, okuwçylaryň arasyndan onuň üstünden güljek bolanlaram tapyldy. Bu ýagdaý, elbetde, Tahyrbeg mugallymyňam gözünden sypmady. Ol ýuwaşlyk bilen Aşyrgeldiden ýagdaýyny sorady. Soň bolsa oňa öýlerine gaýtmaga rugsat berdi. Özi hem Aşyrgeldi bilen bile daşaryk çykdy. Az wagtda Tahyrbeg mugallym yzyna dolanyp geldi. Bizi geň galdyran zat, şol gün sapaklar tamamlanmanka, Aşyrgeldi hem okuwa geldi. Özi-de, onuň ýüz-gözi-de gowulanypdy. Gözlerinde birhili uçgun dörän ýalydy. Ondaky üýtgeşiklige birbada üns bersegem, bu zatlar derrew ýadymyzdan çykdy gitdi. Çagalygyň gyzykly zatlary kän, sähel zady uzak wagtlap ýadyňda saklap gezmegiň zerurlygy-da ýok. Ýöne şolar ýaly tiz ýadyňdan çykýan zatlaryň ählisi, ulalanyňdan soň, gaty kän gezek ýatlanylýar. Ine, Aşyrgeldiniň şol gezek mekdepde bolup oturyşynyň näsaglyk sebäpli däl-de, açlyk zerarly ekendigini-de biz soň-soňlar bilip galdyk. Özi-de, ol zatlary bize Aşyrgeldiniň özi aýdyp beripdi. Tahyrbeg mugallym bolsa ol wakanyň, asyl şoňa meňzeş telim wakalaryň syryny özi bilen alyp gitdi. Aradan ýyllar geçdi. Men paýtagtda, ylmy edaralaryň birinde işläp ýördüm. Körpe inimiz ogul öýerip, şonuň toýuna oba barypdym. Zähmet rugsadyna çykandygym sebäpli, toý geçensoňam, birnäçe gün obada galdym. Bir günem säher bilen daşarda, sekiniň üstünde özümden kiçi inim Döwran bilen gümür-ýamyr edip otyrdyk. Şol wagtam onuň agtyjagy Maraljygyň mekdebe şaýlananyny görüp, oňa habar gatman oturyp bilmedim. — Gyzym, näçinji synpda okaýaň? — Bäş — diýip, gyzjagaz çekinjeň jogap berdi. Meniň ony gürledesim geldi. — Men senden näçelik aldyň diýip soramog-a, näçinjide okaýaň diýip soradym. Gyzjagaz öňküsindenem beter gyzardy. — Okaýan synpym bäş-dä meň. — Onsoň, näçelik alýaň sapaklaryňdan? Gyzjagaz ýene-de çekinjeň jogap berdi. — Bäş. Bu gezek ýanymda oturan inim Döwran bilen hezil edip güldük. — Gyzym, sen-ä bäşden başga sanam bileňok öýdýän! Döwran gyzarypjyk, özüne gysmyljyrap duran agtyjagynyň başyndan sypalap, onuň tarapyny çalan boldy. — Baý-ba, şu gyzymmy indi bäşden başga san bilmejek?! Bul-a uly doganlarynyň geçýän zatlarynam bilýär. Özem diňe bäşlik alýa. — Şeýledir-le, ökdeligi akyllyjalygyndanam bildirip dur-a. Mugallymyň kim onsoň? — Tahyrbeg mugallym — diýende, atasy tarapyndan arkasy tutulan gyzjagazyň sesi ynamly çykdy. Men bu ady eşidenimde, gulagyma ynanman, inime seretdim. — Tahyrbeg mugallym diýdimi? Şol... Inim başyny atdy. — Hawa, şol bizi okadan Tahyrbeg mugallymyň ady dakylan agtygy. Nurmuhammet mugallymyň ogly. Meniň birden damagym dolup gitdi. Bilmedim, ol duýgy meniň bir pursatda çagalyk ýyllaryma dolanmagymyň täsirindendir, belki-de, özüm üçin şeýle mähriban adyň şu obada ýene-de tutulyp ýörülendigine begenjimdendir. Bilemok. Bir zady welin anyk bilýän: bu obada diňe bir Tahyrbeg mugallymyň ady däl, eýsem, onuň ylymlar dünýäsine, çagalara bolan çäksiz söýgüsi heniz-henizlerem ýaşap ýör. Meretgylyç ATABAÝEW, Türkmenistanyň Mollanepes adyndaky talyplar teatrynyň işgäri. | |
|
√ Mert işi / hekaýa - 17.08.2024 |
√ Mähir ummany / hekaýa - 23.12.2024 |
√ Ýüz manady tygşytlan balyk / hekaýa - 27.11.2024 |
√ Arap hekaýatlary - 15.10.2024 |
√ Zenan bagty / hekaýa - 06.08.2024 |
√ Çöregiň ysy / hekaýa - 28.06.2024 |
√ Gurban garawul / hekaýa - 07.09.2024 |
√ Скрижали вечности - 24.07.2024 |
√ Gara gözli söýgi ýaşaýarka... / hekaýa - 17.01.2024 |
√ Ýuşka / hekaýa - 14.10.2024 |
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||