08:17 Göwün hoşy / hekaýa | |
GÖWÜN HOŞY
Hekaýalar
Aýmyrat ogul bäbege garaşýardy. Ol düýşünde gyzjagazyny gujagyna alýardy, ýaňaklaryndan ogşaýardy. Diýmek, düýş tersine ýorlup, olaryň ogly bolmalydy. Doganlarynyň içinde kakasynyň kesbini ýöredip, suratkeş bolup ýören bir özüdi. Şonuň üçinem ol oglunyň surat çekip durşuny göz öňüne getirip göwün ýüwürdýärdi. Oguljygyny ýany bilen tebigata alyp gidip, bile surat çekip ýören düýşleriniň dagy sany gutaryp gidipdi. Esasanam, aýaly hamyla döwürleri şeýle düýşleri kän görerdi. Dört gyzdan soň ýene-de «Gyzyň boldy!» diýen habary şo taýda bir eşitmäýin diýip, bu gezek bäbekhana-da gitmedi. Bäşinji gyzynyň dünýä inenini ol uluja gyzyndan eşitdi. Daýzalary bilen bäbekhanadan gelen gyzynyň bu habary aýtjagyny-aýtmajagyny bilmän, ýaýdanyp durşuny görüp, ol gyzy bolandanam beter gyýyldy. Şonuň üçinem ol gyzyna syr bildirmän, onuň göwnüni göteräýjek sözleri gözledi. Gyzlary bilen tirkeşip bäbekhana, aýalynyň yzyndan gitdi. Barybam, hamana, şunça wagtlap bäşinji gyzynyň bolaryna garaşyp ýören ýaly, il gözüne gara çyny bilen begenensirän boldy. Hakykatdanam, Aýmyrat şu çaka çenli bäşinji gyzynyň — Gülleriň bolaryna garaşyp ýörene dönäýdi. Ony beýleki gyzlaryndanam gowy gördi. Ýanýoldaşy Sonatäçdir beýlekiler: «Aý, körpeligindendir-le» diýselerem, soňabaka olaryň bu çaklamalaram bäş gyzdan soň köp garaşdyran ogluň dünýä inmegi bilen puja çykdy oturyberdi. Ilki-ilkiler Aýmyradyň, surat çekip durka ýa başga bir işe güýmenende: «Oguldyr döwletiň başy, Gyz hem bolsa göwün hoşy» diýip hiňlenmesi-de Gülleriň dünýä inmegi bilen galdy gitdi. Özi-de ogly Bagtyýar dogulmazdanam has öň galdy. Ýöne Güllere «Göwün hoşum» diýip ýüzlenmesi welin galmady. Aý-gün diýeniň salymy ýok. Güllerjigiň göýä özüne däl-de, oguljyga garaşyp, dokuz aýlap ýoluna göz diken kakasynyň göwnüni tapmak üçin edýän ýaly, entek aýak bitmänkä-de, dürli oýunlar edip, argyn göwnünde alaýazlyk döredip ýörenje wagtlary ýaňy ýalydy, eýýäm orta mekdebiň orta gürpünde okap ýör. Arada ejesi Sonatäjiň gelip: «Kakasy, gyz maşgalanyň reňke bulaşyp ýörmegini özüm-ä oňlamok, şony ussahanaňa kän öwrenişdirmesene, birden çagalyk höwesi çynyrgap gidibermesin» diýen sözlerine birbada ýylgyryp, geldi-geçer garasa-da, soňabaka ony pikirlendirip ugrady. Hamana aýalynyň şol aýdanlary gözüni açan ýaly, ol şondan soň Güllerjigiň çeken suratlaryna aýratyn üns berip ugrady. Gülleriň surat çekişinde özboluşly aýratynlygyň, çynlakaýlygyň bardygynam ol şondan soň duýup ugrady. Birbada ol, hakykatdanam, Sonatäjiň aýdyşy ýaly, gyzynyň bu höwesiniň çynyrgamagyndan ätiýaç edip, onuň ünsüni sowmak pikirine gelmänem durmady. Ýöne gyzjagazynyň yhlasy, şeýle-de, sungatyň jadylaýjy güýji onuň bu pikirlerinden has güýçli geldi. Şeýlelikde, ol soňabaka Gülleriň yhlasynyň garşysyna gitmeg-ä beýlede dursun, gaýtam oňa çyn halypa bolup, bu sungatyň inçe syrlaryny öwredip başlady. Bu ýagdaýy daşyndan synlap ýören Sonatäç ýene bir ýola «janyny barlap» görmäge ýaltanmady. Ussahanada Gülleriň ýokdugyny peýläp ol ýene-de adamsynyň ýanyna geldi. Onuň näme üçin gelenini aňyp oturan hem bolsa, Aýmyrat aýalynyň ilki bolup söze başlaryna garaşyp, çekip oturan suratyndan ünsüni bölmedi. Sonatäç ahyrsoňy söze başlady: — Neme, kakasy, onymyz-a, birhili, gitdigiçe ökdeläp barýamy?! Aýmyrat hiç zat diýmän, diňe başyny atyp oňdy. Sonatäç adamsynyň bolşuna geň galyp, gözlerini tegeledi. — Weý, bolýamy onsoň şol?! — Näme bolman. Çekip ýör-ä hana. Özem, seň aýdyşyň ýaly, gitdigiçe ökdeleýä. — Waý, soň ulalyp: «Suratkeş boljak, şo ugurdan okuwa gitjek» diýse näme?! Aýmyrat seňrigini ýygyrdy. — Diýse, gider-dä. Çagalarymyň biri bolmasa, ikisi suratkeş boljak eken-dä. Ine, nesip bolsa, Bagtyýara surat çekmegi öwretmek üçinem gowy bolar. Dogany öwretse, çaltam alar. Şondan soň Sonatäç bu meseläniň üstünden barmady. Aýmyradam indi Güllere garaçyny bilen halypalyk edýärdi. Özi-de oňa gaty talapkär çemeleşýärdi. Bu bolsa özüniň iň oňat miwelerini berýärdi. Indi Güllerem, ene-atasam onuň orta mekdebi tamamlap, haýsy ugurdan okuwa gitjekdigi barada başga pikir etjegem bolanokdylar. Şu öýden zenan suratkeşiň çykmagyna indi hemme boýnalykdy. Gyzynyň öz ýoluny dowam etjegine öz ýanyndan begense-de, Aýmyradyň ýüreginde bir ünji bardy. Ol hem ogly Bagtyýarda surata bolan höwesiň döräbermeýänligidi. Ilki-ilkiler, çaga bilesigelijiligi bilen, dürli reňkli galamlary daşyna üýşürip, emelsizje suratlary çeken bolsa-da, soňlugy bilen olam galdy. Aýmyrat arasynda gara çyny bilen oňa zoraýakdan surat çekdirjek bolubam gördi. Ýöne onuň ojagaz haýbatam netije bermedi. Özüniň hasap-hesip bolsa duran ýeridigine garamazdan, oglunyň bu sapaklardan diňe bäşlik alyp gelmegine bolsa Aýmyrat diňe başyny ýaýkap oňaýýardy. Şeýde-şeýde, ahyrsoňy Aýmyrad-a oglunyň suratkeş bolmajagyna kaýyl boldy, şol wagtlar Güllerem çeperçilik akademiýasyny tamamlandygy baradaky diplomyny alyp geldi. Gülleriň gelmegi mynasybetli üýşmeleň uly tutuma öwrüldi gidiberdi. Göwni göterilen Aýmyrat tutuş obany çagyryp, aýdym-sazam etdi. Göýä, çagalygyndaky ýaly, mähirlije ýylgyryp ýanyna gelen Gülleri atalyk mähri bilen söýgülän Aýmyradyň damagy doldy. Ol: — Kakasynyň kesbini ýöreder diýip, ogla kän garaşypdym. Sen dogmadyk bolsaň, oglumam bu ýoly ýöretjek däl eken — diýip, gyzyna mähirli garady. Meretgylyç ATABAÝEW. | |
|
√ Gurban garawul / hekaýa - 07.09.2024 |
√ Agageldi garawul / hekaýa - 20.11.2024 |
√ Jan / hekaýa - 08.03.2024 |
√ Çöldäki jaň sesleri / hekaýa - 06.03.2024 |
√ Gara menek / hekaýa - 11.06.2024 |
√ Togsan dört ýylyñ derdi / nowella - 27.08.2024 |
√ Ýazyjynyň durmuşyndan bir parça / hekaýa - 25.11.2024 |
√ Ägä bolmaly / hekaýa - 15.09.2024 |
√ Martyň bir güni / hekaýa - 20.07.2024 |
√ Gijeki gapydanyň ýazgylary / hekaýa - 25.01.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |