14:37 Maña mundan artykmaç zat gerek däl | |
MAÑA MUNDAN ARTYKMAÇ ZAT GEREK DÄL
Goşgular
Maña mundan artykmaç zat gerek däl, Maşgalam bar, ak bagtdan paý alan. Işikden gelene berip güler ÿüz, Işikden çykany ak ýola salan. Maña mundan artykmaç zat gerek däl, Dostlarym bar, il-içinde abraýly. Ejizlere tüýs ÿürekden gol geren, Göýä, gökden inen perişde ýaly. Maña mundan artykmaç zat gerek däl, Sadalyk bar ýaşlygymyñ bahrynda. Sadalykdan dogan Aý ýrym üçin, Bagtyñ köşgün gurdum sada şährimde. Maña mundan artykmaç zat gerek däl, Oñat päl bar, bu köñlümiñ töründe. Onuñ bilen ýugrulandyr duýgulam, Onuñ bilen päklenendir ömrüm-de. Maña mundan artykmaç zat gerek däl, Terbiÿäm bar atalardan ýadygär. Eger sizden alkyş alÿan bolaýsam, Onuñ añyrsynda şolañ ady bar. Hyýallarym telmurup dur başymda, Şänik ýok bolaýsa erik - erik däl. Pikirlerim sadalykdan dörese, Maña mundan artykmaç zat gerek däl. Isa HOJAMERDANOW. | |
|
√ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 |
√ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Ýaraly ýüregiň owazy / Goşgular - 22.01.2025 |
√ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |