ÜÇ DILEGIŇ PUÇ BOLMAGY HAKYNDA HEKAÝAT
Habarlary rowaýat edijiler, eserleri gürrüň berijiler we durmuş wakalaryny beýan edijiler şeýle hekaýat we şeýle rowaýat edipdirler.
Beni Ysraýyl zamanynda bir salyh-ýagşyzada kişi bar eken. Ol kişi günlerde bir gün düýşünde: «Eý, gulum, näme myradyň, islegiň bar bolsa dile» diýen owaz eşidipdir. Onuň düýşünde bu owaz birküç gezek gaýtalanypdyr. Ol salyh kişi özüniň bu düýşüni hatynyna aýdyp beripdir. Onuň hatyny bu gürrüňi eşiden badyna gojasyna─ärine ýalbaryp:
– Eý, janymyň jany! Seniň doga-dilegiň kabul ediljekdir. Doga eýle, goý, ujydyň uly bolsun — diýdi.
Ol adam hem şeýle diýip doga edipdir. Şeýdir onuň ujydy ulalyp gidipdir. Onsoň ol hatyn ýene-de derrew adamsyna ýalbarypdyr we:
– Eý, janym gojam─ärim, ýene doga et, goý, ol birazrak kiçelsin — diýipdir.
Bu bende bolsa ýene-de hatynynyň sözüne gulak salyp, doga eýlär, ujydyny biraz kiçeldipdir. Emma eýýäm, doganyň ikisi gidipdi. Hatyn bu gezek hem lezzet tapman ýene-de:
– Eý, janym gojam─ärim, doga eýle, goý, ujydyň ýene-de öňküsi ýaly ullakan bolsun — diýipdir.
Şeýdip, ol doganyň üçüsi-de tamam bolupdyr. Emma ähli eden dogasynyň ýekejesi-de bir ýagşy zada ýaramandyr. Eý, meniň janym, diňle, gör, bak, görseň hatyn jynsynyň akyly kemdir. Arwatlaryň sözüne uýan kişileriň gör näçesi bela-beterlere uçrandyrlar. Indi munuň şeýledigini bileniňden soň berk sagyn, ägä bol, hatyn sözüne uýmaly däldir. Berk pähim etgin. Ine, şeýdip bu geň-taň hekaýat hem şu ýerde tamam boldy.
Taýýarlan: Gurbangül GUZUÇYÝEWA.
Hekaýalar