19:52 Men dünýäniñ aşygy | |
MEN DÜNÝÄNIÑ AŞYGY
Men aşyk, Bu gözel dünýäň aşygy, Gözlerim hemişe barlyga teşne. Meniň magşugymyň bir gowy ýeri, Ýok onda artykmaç näz-u-kereşme. Aslynda söýginiň nämedigini, Maňa öwredenem dünýäniň özi. Hak syrdaşym – dostum dünýäň perzendi, Ýassykdaşym – söýgim dünýäniň gyzy. Aslynda, hyýaly pikirem däldir Perileriň, hüýr-melekleň barlygy. Ýöne dünýä maňa olary däl-de, Özüm ýaly öz perzendin baglady. Söýgi näme? Birje gyzmy aslynda? Ýok, ol müň gyzyňam çygryndan giňdir. Guşlar, Baglar, Çeşme, Siňňin ýagyşlar... Okuw, Işim, Köçe, Ýatlar-tanyşlar... ,,Salam!”, ,,Hoş geldiňiz!”, ,,Balam!..”, ,,Nemeler”... Dükan, Bazar... Hem köp sanly ş.m-ler – Bulaň bary dünýä bolan söýgimdir. Dünýäde ýaşamak üçin söýemok, Söýmek üçin ýaşaýaryn dünýäde. Her ädimde million sany sebäp bar Bu dünýäni söýmäge... Agageldi ITALMAZOW. | |
|
√ Walid ogly sen Halid / Goşgular - 29.05.2024 |
√ Ömrümiñ manysy bolmaly zenan / Goşgular - 05.02.2024 |
√ Sokrat / Goşgular - 16.05.2024 |
√ Barsam / Goşgular - 01.06.2024 |
√ "Ulag gidip barýar..." / Goşgular - 28.04.2024 |
√ Päliýamanlar / Goşgular - 20.05.2024 |
√ Tazy / Goşgular - 30.01.2024 |
√ Şemally gün / Goşgular - 27.01.2024 |
√ Ker bolar gulak / Goşgular - 12.06.2024 |
√ Ilim ajap / Goşgular - 31.05.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |