MUKAMYÑ GUDRATY
Özümden kiçi jigim gyzamyk çykaranda, men eýýäm ese-boýa galyp barýan gyzdym. Onuň sallançakdan sallanyp duran aýaklary çym-gyzyldy, özem tamdyr ýaly gyzyp, ýanar ot bolup ýatyrdy. Onuň agzyna suw damdyrýan ejem janyňam ýadawlykdan hem aglamakdan ýaňa gözleri gyzaryp durdy. Goňşy-golamlar, garyndaşlar jigimi soramaga häli-şindi gelýärdiler. Jigim weli gaýralamasa, bäri bakyberenokdy. Bir gün irden Jahan gelnejem geldi:
— A gyz, Nurgözel, şol ilerki Hojalylar toý edýärmiş. Şoňa-da Aşgabatdan ýörite bagşy getirenmişler. Gyzyň ýanynda men oturaýyn welin, sen git-de, şol bagşydan gelip, birki sany heň edip bermegini haýyş et. Görýäňmi, Bibi janyň gyzamygy içine urupdyr, indem daşyna çykyp bilmän, çagany horlaýar. Aýdym-saz eşitse, gyzamygyň durary bolmazmyş. Onsoňam “Bendäm bendäme sebäp” diýipdirler.
Ejem:
— Biriniň toýuna gelen bagşa “Syrkaw çagama saz çalyp ber!” diýseň, birhili bolaýmasa. Aýdym-saza gutulýan bolsa, holha, radio aýdyp dur ahyry – diýdi.
Gelnejem öz diýenini tutdy:
— “Syrkaw çaga” diýseň bagşynyň ýüregem daşdan däldir ahbeti. Onsoňam Bibi jan mydamada sazy gowy görýär. Bagşyň özi gelip,iň bolmanda, ýekeje saz çalyp berse-de, Bibi jan gutulaýjak ýaly. Sen bir diýip gal, armanly bolmaly. Onsoňam radionyň çalýan sazy bir başga, bagşy ýanyňda oturyp çalanda-da bir başga.
Ejem bir-ä özüni bilmän ýatan jigime, birem maňa seretdi. Soňam:
— Sen bir gaty golaý barma jigiňe, ýokuşaýmasyn. Ikiňize bile degse, men näderin? – diýip seslendi.
— Maňa ýokuşmaz eje! Sen Bibä seretseň bor.
Oňa çenli Bibiden çala iňňildi eşidildi. Ejem yglap baryp, onuň maňlaýyndan, ellerinden ogşap ugrady. Onuň agynyň aňyrsynda “Balam, balajygym, ölme-dä” diýenini aňşyrdym. Ejemiň bolşuny görüp, gelnejem Bibiň aýaklaryny, ellerini elleşdirdi. Soňam ýüzüni ak tam ýaly edip:
— Nurgözel, bar Hojalylara tiz gitsene, şol bagşyny alyp gelsene, gyzyň gidip barýar ahyry – diýdi.
Ejem:
— Bu çaga ýola düşüp barýarka, seňki näme, Jahan! Indi muňa sazam, bagşam gerek däl. Ýöne Hudaýy çagyryp oturybermesek, başga alaç galmady. Gaýta, beýdip durman, bar git-de, gyzym tizräk goňşy-golama habar ber! Bar, kiçi gelnejeňe, uly agalaryňa aýt. Bibi janyň ýagdaýy agyr diý, ýet tiz git!
Gelnejem menden öňürti gitdi.
Menem ilki kiçi gelnejemlere, soňam uly agamlaryňka baryp, ejemiň sözlerini aýtdym. Olar duran-duran ýerlerinden bize tarap ylgadylar. Öýe gelsem, adam bary üýşüpdir. Bibini sallançakdan düşürip, ýerde süýndürdiler. Ol özüni bilmän, albaşym bolup ýatyrdy. Ejemiň horkuldysy ýüregiňi sarsdyryp barýardy.
Göwnüme bolmasa, sarsman ýatan jigimiň dem alşy kem-kemden haýallaýan ýalydy. Ama kakam Bibiniň başujunda oturyp, aldygyna doga okaýardy. Kiçi gelnejem onuň aýaklaryny, ellerini owkalap, bir zatlar diýýärdi. Edil şol wagtam Jahan gelnejem iki sany daýaw pyýada bilen öýe girdi. Olar öýdäki başagaýlygy görüp, bir dem kürtdürip durdular. Gelnejem olary töre, edil Bibiň gapdaljygyna geçirdi. Bagşy ornaşansoň, özbaşyna diýen ýaly çalaja mydyrdady.
— Birki sany saz çalaýmasam ...
Hiç kimden ses çykmansoň, bagşylar dutarlaryny düzüp, ýuwaşjadan ýapbyldak heňe başladylar. Sazyň mylaýym owazy içerik doldy-da, ähli galagoplugy öz şirinligi bilen bir tarapa sowdy oturyberdi. Ejemem sesini goýdy. Indi barymyz saz çalyp oturan bagşa gudrat hökmünde seredýärdik. Göwnüme bolmasa, saz çalnyp başlanyndan, Bibi özüne gelen ýaly boldy. Ol edil şu pursat dutaryň owazyna maýyl bolup, gözüni açyp bilmän ýatana meňzeýärdi. Sazyň sesi kesildigi, Bibi özüüne gelen ýalydy. Şonuň üçin bagşynyň dynman saz çalmagyny, dutaryň owazynyň has belent ýaňlanmagyny isleýärdim. Bolsa-da, bagşy oňat adam eken. Ol birki saz çalyp bereýin diýse-de, esli mahallap, dutaryň şirin gümmürdisi, şirin mukamlary ýaňlandy durdy. Dogrusy, men şol halat bagşynyň nähili sazy çalanyny aňşyryp bilmesemem, olaryň ýakymynyň, mähriniň kalbymy elendirip barýandygyny duýýardym.
Saz şirinligi bilen mazaly ýetjek derejesine ýetensoň, Bibiniň gözleri çalaja açyldy. Ejem hamraklyk bilen onuň ellerini, aýaklaryny ogşap başlady.
Öýdäkilerem indi birneme ynjalypdylar.
— Bibim, Bibi janym, gözüni açdy, bagşy jan, sazyňa döneýin, özüňe döneýin, çal ýene, çal! Balam seniň sazlaryňy eşidip, özüne geldi. Nowaýydan çal, şirwanydan çal, balamy gaýtaryp beren sazyňa gurban!
Heniz orallyga ýetmedik maşgalanyň öz adyna aýdýan sözleri bagşynyň ýüregini gozgan bolarly. Ol ýene-de birki sany saz gaçyrdy-da, özüne gelip başlan jigime seredip, çalajadan dillendi:
— Rugsat berseňiz, men toý ýerime baraýyn. Tüweleme, gyzjagazyňyz özüne gelen ýaly-la?!
Ejem hasanaklap ýerinden turdy-da, ylgap diýen ýaly bir düwünçegi alyp geldi.
— Al bagşy aga, şuny. Gyzymy yzyna gaýtaryp berdiň.
— Ýok, men munyňy alyp bilmen. Eger çalan sazym hassa derman bolan bolsa, ol Alladandyr. Biz bolsak, oňa diňe sebäp.
Jahan gelnejem ejemden öňürtdi:
— Bagşy siz toýa diýip geldiňiz. Bizem size agyr ýumuş buýurdyk. Allanyň adyny orta goýaňyzsoň, şonuň hatyrasyna aklyk alaýyň.
Bagşy:
— Ýeňňe, aklyk alyp, men tebipçilik edemok. Ýöne “Gyzamykly çagamyz agyr ýatyr” diýeňizsoň, geläýdim. Indem, tüweleme, gyzjagazyňyz gözüni açdy ... Howpuň sowuldygy bolsun! – diýdi.
Ejem onuň gürrüňini soňlatmady:
— Hudaýa şükür, onuň gyzgynam gaýdyp başlady.
— O-la has gowy, men bir zat diýeýin. Gyzymyz, nesip bolsa gutular. Wagt geçer, ol ulugyz çykar. Ana şonda durmuşa çykaranyňyzda, maňa habar ediň, hem-ä onuň toýunda saz çalaryn, hemem toý paýymy alaryn.
Gelnejem Bibiniň maňlaýyndan ogşady-da:
— Oň ýaly bolsa, bagşy, ynha, ýeter o günlerem, salgyňyzy goýup gitseňiz, toý çakylygy biz bilen – diýdi.
— Hojalylardan habar iberäýiň. Ol bir gatnaşyp ýören ýerimiz.
Bagşy şeýdip çykyp gitdi. Bibi janam elinden çekilen ýaly, bäri bakyp başlady. Üç-dört günden soň ol mazaly aýňaldy.
Ozalam sazy gowy görýärdim weli, şondan soň, goşa tardan çykýan şirin owazy gudrat saýdym. Kalbymy, ýüregimi onuň şirinligi bilen suwardym. Eýsem, türkmen mukamlarynyň dünýäniň iň naýbaşy sazlary bilen deňleşip bilýändigi gizlinmi näme? Goşa tara dil bitirip bilen bagşylaram kän türkmende. Hut şonuň üçinem onuň şirin mukamlary hassanyň derdini dep edip, onuň kalbyna dirilik suwuny berip bilýär. Hut, şeýle mukamlar meniň köňül köşgümde ömürlik orun alyp, onuň şa tagtyny eýeledi. Onsoň, şol gudrata, şol mähremlige boýun bolaýmakdan başga çäräň galanok. Ýöne iň esasy zat, kalbyň üçin tutan dostuň senden jyda düşmesin. Çünki, aýralyk – hijran agzalanda, ýüregiňi, bagryňy dilim-dilim edip barýan “Aýralyk mukamy” tutuş beýniňe, bedeniňe dolýar-da, goşa taryň gümmürdisini äleme ýaýýar. Onsoň, ne gepläp bolýa, ne-de aýtjak zadyň başyny jemläp. Şeýle pursatlarda saz soltanlygyndan haçan çykjakdygyň mukamlaryň gudratyna bagly...
Ogulgerek Ussaýewa.
Hekaýalar