17:11 Nohur nagmalary | |
■ IKI KENAR ROWAÝATY
Goşgular
Sumbaryň sag kenarynda otyr mähriban obam, Sumbaryň sol kenarynda ýatyr eýran obasy. Sag kenarda bir dogan, sol kenarda bir dogan, Aýralykdan yza çekip, ýogalypdyr käbesi. Didara zar göreçler bir-birege garaýar, Ara bir garyş bolsa-da, serhet ýatyr arada. O kenarda oturan bu kenary halaýar, Ýarym asyr habar ýok, birek-birek barada. «Hal-ahwalyň niçik, dogan?» habar gatyp bilmersiň, Bilinäýse, dat günüňe! Bu-gün erte gülmersiň. Ýarym asyr geçipdir dogan dogana zar otyr, ... Bir gün obam ýas baglady, egne alyp tabydy. O kenarda aglady, dogan doganyň agysyn, Şo pursat bi pany jahan meniň üçin tamydy. Doganyň ýürek awusy baryp ýüregimi ýakdy, Sen niçik zalym ekeniň, ah, takdyr, takdyr, takdyr?! ■ NOHUR ODASY Gözlerimiň röwşeni Akar bulak-çaýyň men. Üstüňde nur dogupdyr, Gijelerne Aýyň men. Göwnüň baharystandyr, Goýnuň şähri-bossandyr. Ogluň mähri iständir, Hiç tapmadym taýyň men. Sen şeýle ejizmikäň? Kastyňda gezildi kän. Gözýaşlar ezildi kän, Gurup goýan ýaýyň men. Ýaşasam-da şäherde, Köküm meniň Nohurda. Giç agşam, ir säherde, Dünýäde bar küýüm sen. Istäp bagy Eremi Gezdim Rumy, Pereňi... Synlap birje peleňi Beýikligňe boýun men. Sada milletden obam, Jaýy jennetden obam. Daşda minnetden obam, Geçmez sensiz toýum meň. Gezip ýörkäm heserde, Ýazdym muny Kesirde. Ýeneki bir asyrda Oýansam, düýş-oýum meň. Dagyň dagdan üýtgeşik, Bagyň bagdan üýtgeşik. Barsam açykdyr işik, Her bir öýüň – öýüm meň. ■ DAGYM MENIŇ Süýt beren mährem ene deý, Hüwdüledi dagym meniň. Saklanypdyr oň goýnunda Gülkülerim, agym meniň. Ýaz gelip, siller joşanda, «Bulut oýnar, dag başynda»... Kümüşdaşa Gün düşende, Güllär solum-sagym meniň. Söwütliniň çeşmeleri Gandyr aran teşneleri. Göýä gyzyň keşdeleri Akar bal bulagym meniň. Baryp görsem Pirderäni, Gujaklap ýygsam teräni. Dag başynda bir jereni Görsem, göwün çagym meniň. Owaz berip belent-pesi, Goý, ýaňlansyn çalgy sesi. Eşidilse tüpeň sesi, Bolmaz başga ýagym meniň. Tomusda-da başynda gar, Dereleňde gaplaň gürlär. Arçalaryň müň ýaşy bar, Püdüneli – dagym meniň. Bir gün ýere ýetse ýanym, Gelsem, aram tapar janym. Damarda oýnar al ganym, Däri-derman, dogam meniň. Seredip gözüm doýanok, Ýürek joş urup goýanok. Üstüňde çarwadaryň ýok? Dillen Hatynagam meniň. Sygyndygym Pasan dagy, Istemerin erem bagy. Ykbal aýra salan çagy, Dünýäde, bil, ýogum meniň. ■ TAGAROWDADYR Küýsetmez jenneti, erem bagyny, Baryp görseň ak telpekli dagymy. Säher turup, synla säher çagyny, Kuwwat-medet nury Tagarowdadyr. Yzynda selpeden awlar munda bar, Aby-zemzem diýlen suwlar munda bar, Söwer ýar guçulan zawlar munda bar, Aýşy-eşret bary Tagarowdadyr. Çarwadary – mürçe, nohur ili bar, Üstünde şahandaz şahyr ili bar, Gök gürlände, däli-porhan sili bar, Gudrat bolsa, bary Tagarowdadyr. Gije. Salkyn şemal. Asmanyň Aýy, Melhem jana kerkaw közüniň çaýy. Dünýäde özünden başga ýok taýy! Jennetiň höziri Tagarowdadyr. At münüp, çar ýana ýeldigim daglar, Çeşmelerňi ýüze syldygym daglar, Sizde meniň aýak yzlarym galar, Durmuşyň humary Tagarowdadyr. Tebigatyň gudratynda köp many. Gel, gör, gözelligi görmek hökmany. Başga ilden gözleme sen lukmany, Jana perman – däri Tagarowdadyr. BIZ OBANYŇ Güne ýüzün sylyp, säher oýanar, Biz obanyň şeýle edähedi bar. Atyndan öň ilki atasyn görer, Ýigitlerniň şeýle edähedi bar. Daýandygy arkasynda dagy bar, Jülgesinde Gün düşmeýen bagy bar. Dolanmaz döwrany, ajap çagy bar, Biz obanyň şeýle edähedi bar. Şat bolar gapydan gelen myhmana, Gojalary sözlär danadan-dana. Çeşme bulagyndan eçiler gana, Biz obanyň şeýle edähedi bar. Waspyny sözlesem, dilden goýmanam, Nazarym eglense, asla goýmanam. «Jaýlaň munda, eger dolsa peýmanam!» Ogullarnyň şeýle ähti-pendi bar. ■ DAGDA Döwletgeldi Ökdürowa Oba bardym ýürek küýsäp arada, Bulutlara başyn diräp dag otyr. Çeşmäniň başynda aýagyn sallap, Garagözli, garaýagyz çaga otyr. Gudratyna oglanlykda sežde eden, Seleňläp görünýär bossan çynaryň. Ýazda däli jeýhun bolup çyrpynan Sumbar syryp-süpüripdir kenaryn. Kerkawyň ysyndan doýabilmedim, Men doýabilmedim roýundan dagyň, Otyr ana kibtin gysyp Şyhattar, Niçik bu ahwala tutmasyn agyň?! Oba bardym, bulutlardan ýol ýasap, Bir ýigitde gördüm gara gözüňi. Garagaja çykyp, bakdym Darzowa, Gören ýaly boldum seniň özüňi. Bu pany dünýäge sygmady göwün, Ynanmadym munda ýoklugňa seniň. Şonda göz ýetirdim iň soňky sapar, Bu illerde ýeke-täkligňe seniň! DAG BÜRGÜDI Agtygy men Hudaýberen serdaryň, Il-gün üçin jan berip-jan alan ol. Gyzylbaşlar kän gezipdir kastynda, Duşman üçin başa agyr talaň ol. Öz iliniň topragyna baş goýan Adam, heý-de halka duşman bolarmy? Onuň daglaryny, daşyny söýen Heý-de, halka duşman bolup bilermi? Otuz ýediň gara gijelerinde Duşman diýip baglapdyrlar goluny. Yzynda çarpaýa galyp bedewi Urupdyr ol gaýalara nalyny. Bu gün gözläp çykdym mazarma-mazar, Duşmadym men mazaryna babamyň. Birje gezek görsem onuň keşbini Melhem bolsam azaryna babamyň. Ölendir ol namartlaryň golundan Bilýän, eden däldir ýüregi çydam. Dikilmese-de oň ýadygärligi, Serdaryny mydam ýatlap ýör obam! ■ KÖNEKESIRIM Myhmana açykdyr mydam gujagy, Sahawatly iliň, Könekesirim, Naz-nygmatdan bereketli saçagy, Mähribandyr ogluň, Könekesirim. Gaýasyndan böwsüp çykar çynary, Ne ajap baharda Sumbar kenary. Duşuryp goýnuňda ýar bilen ýary, Saýraýar bilbiliň, Könekesirim. Daglaryň başynda garyň eremez, Ojagyňda kerkaw oduň köremez, Görmesin gözlerim halyň ýaramaz, Öwser saba ýeliň, Könekesirim. Jahyllaryň öz hakyna kaýyldyr, Gelin-gyzyň gözellige gaýymdyr. Barsam mydam ýyly mähir paýymdyr, Şirin-şeker diliň, Könekesirim. Gorasyn hudaýym iman gözlerden, Gorasyn awuly ýalan sözlerden. Bu nama ýadygär galsyn bizlerden, Aýra salmaz ýoluň, Könekesirim. NOHUR ÇAÝY Üstüňden düşüpdir ýolum, Duman aldy sagy-solum. Boýnum buruk, teňdir halym, Ýol ber, Nohur çaýy, ýol ber. Başyňdan aýrylman duman, Syrylsyn göwnüňden güman. Ýatlap öteýin her zaman, Ýol ber, Nohur çaýy, ýol ber. Ýat eýleýip goja Nuhy, Ýatyr gerçekleriň ruhy. Arzym bar gözellik şahy, Ýol ber, Nohur çaýy, ýol ber. Göwnüm karar tapmaz onda, Düldül atym çapmaz onda. Dünýä aklym çatmaz onda, Ýol ber, Nohur çaýy, ýol ber. Gözüňden uçan guşuň men, Öpeýin gara daşyň men. Ýow güni, bil, gardaşyň men, Ýol ber, Nohur çaýy, ýol ber. Men perzendiň, çekip zaryň, Geldim, ýalbararmen zaryn. Ýürekde kändir azarym, Ýol ber, Nohur çaýy, ýol ber. DAÝNA «Mürçe gözelleri şahandaz bolar...» Gyşam bolsa, barsaň kalbyň ýaz bolar. Daglaryň başyndan hoş owaz geler, Hoş owaza mydam teşne men, Daýna. Sorap bardym naçar obadaşymy, Dymdyň sen, birsellem egdim başymy. Akdyrdym gözümden damja ýaşymy, Dünýämi sarsdyrdy eşdenim, Daýna. Babagammar peşgeş bermiş dutary, Ýaňlandy Annahal bagşynyň tary. Nury Halmämmediň dogduk diýary, Ömür guramajak çeşme sen, Daýna. Horazlar oýarar daňdanlar munda, Atalar ýoluny oňlarlar munda. Ýagşymyň, ýamanmyň – aňlarlar munda, Dünýäme çekilen keşde sen, Daýna. Bulutlar daglaryň başyna çöker, Gyzlaryň tawus deý seýrana çykar, Ýürek bir gözeliň zaryny çeker, Bilbiliň men bagda, eşde sen, Daýna. ■ ARÇALYBAG Gadymýetden nyşana, Otyr ana, Arçalybag. Görseň göwnüň galkar gider, Ýaş gelin deý parçaly bag. Beýik daga direnipdir, Ýaşyl dona bürenipdir. Ak dumana bürelip dur, Haýran kylyp, barçany bag. Kerkaw közden ojaklary, Bereketden – saçaklary. Mähir doly gujaklary, Barsaň herdem, Arçalybag. Derde derman howasy bar, Görmedikleň höwäsi bar. Sumbaryň bir obasy bar – Jennet kysmy – Arçalybag. NOHUR DAGLARYM Jahyllykda çar ýana Atlar salan daglarym. Zawlaryňdan zawyňa Yzlar çalan daglarym. Goýnuň doly arçadan, Donuň haly, parçadan. Sen owadan barçadan, Ýürek halan daglarym. Gaplaň gezer, şir gezer, Awçylaryň nil gezer. Adyň dünýä il gezer, Hossar bolan daglarym. Erem bagy Pirderäň, Kalbymda Kerkawderäň, Derdime derman teräň Seniň bilen daglarym. Aman, aman, eý, aman! Gudraty kän Manaman. Bilýän, öwsem halamaň, Ýüzme sylan daglarym. Goş ýazdyrdym Keletde, Oýa batdym elbetde: Toba kylar erbet-de, Saňa gelen daglarym. Sen barkaň ýok hederim, Başym gurban ederin. Ýatyr sende pederim, Menem balaň daglarym. OBAMYZDAN URŞA GIDEN ÝIGITLER «Hoş gal, ene mekan» diýip gitdiler, Obamyzdan urşa giden ýigitler. Algyr laçyn bolup gözden ýitdiler, Obamyzdan urşa giden ýigitler. Halas etmek üçin Rumy, Pereňi, Baş goýdular bag-bossanly eremi, Daglayň arslany, şiri, peleňi, Obamyzdan urşa giden ýigitler. Garymlarda galdy kimçäň mazary, Gulakda ýaňlanýar olaryň zary, Düşek edip ýatdy aýazly gary, Obamyzdan urşa giden ýigitler. Gözlerinde galdy diýaryň keşbi, Sazlarynda galdy gül ýaryň yşgy, Yzlarynda galdy juwan ýaşlygy, Obamyzdan urşa giden ýigitler. Watanyň topragyn janyna deňäp, Enäň tamdyrdaky nanyna deňäp, At goýdular öňe duşmana çenäp, Obamyzdan urşa giden ýigitler. Biri ýatyr Orsyýediň düzünde, Biri ýandy faşistleriň közünde, Ojagy ýykyldy birniň yzynda Obamyzdan urşa giden ýigitleň. Biri golak, biri çolak, biri ker, Birden howp abansa Watana eger, Bir adam deý bolup ýene direler, Obamyzdan urşa giden ýigitler. NAÝBADAÝ «Naýbadaýdyr ýoluň seniň...» Magtymguly Pyragynyň ýolun yzlap, Ýollar söküp men, Naýbadaý. Sumbar, Etrek çaýlaryndan Guw deý akyp men, Naýbadaý. Direnip Soňudagyna Meňzärsen Erem bagyna. Seredip soly-sagyňa Keşbiň çekip men, Naýbadaý. Aýjemal çeşmäňe gurban, Içmän giden çeker arman. Howaň müň bir derde derman Gaýaň öpüp men, Naýbadaý. Üstüňden kerwen ötendir, Niçe gerçekler ýatandyr. Pyraga ata watandyr Nagra çekip sen, Naýbadaý. Goýnunda ol beýik ynsan Kän gezipdir messan-messan. Düzsem şygyr ýazsam dessan Gözýaş döküp men, Naýbadaý. Dumanlydyr başyň mydam, Misli bahar gyşyň mydam. Uzak bolsun ýaşyň mydam, Arzuw kylyp men, Naýbadaý. Gözüm eglendi gaýaňda, Saýgaklar gezer saýaňda. Sakladyň meni aýaňda, Dyza çöküp men, Naýbadaý. ■ NOHURLY GYZ Tez maral deý garanjaklap, Bakdyň doýman nohurly gyz. Bardym ýene obaňyza, Gördüm seni gaharly, gyz. Çytma gaşyň – gaş öýkelär, Gam çekme – gözýaş öýkelär. Çeşmede gözbaş öýkelär, Günden, Aýdan mähirli gyz. Aý dogupdyr gözleriňde, Bal gatylmyş sözleriňde. Müň kereşme näzleriňde Gülälekli baharmy, gyz? Waspyň etsem azdyr şonça, Sen bir dagda biten gunça, Gülgün dodak, bili inçe, Keşbiň nurly sähermi, gyz? Goýmanam adyňy dilden, Mejnunam, çykarma çölden, Barýan çemen bogup gülden, Gülden näzik nohurly gyz. DÜNÝÄ DÖRÄP DURAN DAG Şatlygym sen, gussam sen, Dünýä döräp duran dag! Ömrüm boýy kyssam sen, Dünýä döräp duran dag! Manaman, eý, Hasarym, Eşidýäň ahy-zarym. Özüň sen howandarym, Dünýä döräp duran dag! Küýsän çagym çeşme sen, Aýym, Günüm, ýaşma sen! Barsam ýene teşne men, Dünýä döräp duran dag! Ganat berdiň uçmaga, Dilden dürler saçmaga, Bir ýar berdiň guçmaga, Dünýä döräp duran dag! Çeşmäň deý gaýnap-gaýnap, Goýnuňda gezdim ýaýnap, Ýol berme, gelsem aýnap, Dünýä döräp duran dag! AÝRALYK GOŞGUSY Bagymyzda soldy gyzyl gülümiz, Säher bilen ýas baglady ilimiz. Göwsüň ýere berip, bagryň paralap, Gardaş, bu gün aglamaly günümiz. Owalbaşda halallygy öwreden Kakaň gitdi, syndy beýik döwletiň, Ýer bagyrtlap, gara ýeri köwlediň, Gardaş, bu gün aglamaly günümiz. Beýik dagyň onki süňňi bozuldy, Gaýalaryň kemerleri çözüldi. Jülgeleriň damarlary üzüldi, Gardaş, bu gün aglamaly günümiz. Köpeler daşyňda gözün alartjak, Doganlaryň iki sözün alartjak Çöpdüýbüler hemle atyp gabarjak, Gardaş, bu gün aglamaly günümiz. Gara ýer deňlikdir garyp, şahyňa, Daglar dözebilmez çeken ahyňa. Kakaň keşbi hemra bolsun ruhuňa, Gardaş, bu gün aglamaly günümiz. Könekesir. 7.04.1992. ŞYHATTARYŇ ÇYNARLARY On bir dogan çynar ösýär, Obamyzyň gaýrasynda. Beýle çynar ýokdur meger, Ülkämiň hiç ýaýlasynda. Saýasy bar gün düşmeýen, Sowukda-da üşemeýän, Gije baraý, üýşenmeýäň, Şyhattaryň çynarlary. Barsaň eger daňa golaý, Tut gulagňy oňa golaý. Aýdym aýdar müňe golaý, Şyhattaryň çynarlary. Her çak barsaň penakärdir, Göwünlere tenakärdir. Goşgularma «günäkärdir», Şyhattaryň çynarlary. Ýaza döner gara gyşyň, Ganatlanar göwün guşuň. Uzaldybiýr ýaşan ýaşyň, Şyhattaryň çynarlary. Göräýmeseň gözüň bilen, Wasp etmek kyn sözüň bilen. Owadandyr ýazym bilen Şyhattaryň çynarlary. ŞYHATTARYŇ MAWZOLEÝI Obamyzdan uzakda däl, Şyhattaryň mawzoleýi. Görünýär has uzaklardan, Şyhattaryň mawzoleýi. Ondan bäri niçe asyr, Çalyşypdyr niçe nesil. Üýtgemändir asyl-asyl, Şyhattaryň mawzoleýi. Barsaň ertir, barsaň agşam, Aýdym aýdar çynar bagşam. Daglarmyza çeker nagşam Şyhattaryň mawzoleýi. Dostum, bolsaň bize myhman, Görkezerin ony hökman. Diýýärler ol uly lukman, Şyhattaryň mawzoleýi. Gadymdan galan ýadygär, Asyrlarda oň ady bar. Täze müňýyllyga ädýär Şyhattaryň mawzoleýi. PIRDERE Obamyzda bar biziň Örän täsin bir dere. Gadymdan ýörgünlidir, Onuň ady – Pirdere. Erem bagy onça ýok, Diýsem ynan, ýanjamok, Entek hiç kim ynjanok, Her ädimi syr, dere. «Görüp bolsa Pirderäni, Gujaklap ýygsaň teräni. Awlap bolsa bir jereni, Mergençilik düşer ýada...» Diýip, arzuw eden kän, Arzuwyna ýeten kän. Muň üstünden öten kän – Şeýle biziň Pirdere. Zeminimde bossan ol, Bir ajaýyp dessan ol. Lukmanydyr hassaň ol, Gördüm gaplaň, şir dere. Bihasapdyr lezzeti, Bihasapdyr hezzeti. Çekeýin men ezýeti, Bol sen baky Pirdere. ■ GAPLAŇ ÖLÜMI Uçgundan ot tutaşypdyr ýaz güni, Ot alypdyr beýik daglaň degresin. (Ýoluň düşüp berseň eger Hasara, Görmersiň kä ýerde ýaşyl begresin.) Ýene, şonda ýuwdarhany bogmaga Galypdyr daň bilen iller aýaga. Bir günüň ýa üç günüňem işi däl, Alaw misli dönüp barýar keýige. Ýaşyl daglar garalypdyr kömürden Bugörnüşi gören gözler aglady. Ýöne weli bir ahwalat täsindi, Muny şonda janly-jandar aňlady. Agajyň astynda ýatyrdy gaplaň Çydam edip dowzah oduň howruna. Gapdalynda onuň goşa çagasy Ymranyp ýatyrlar ene höwrüne. Ene gaplaň halkasynda alawyň Balasyny kükregine geripdir. Çagalaryn halas edip ölümden Şum ajala öz janyny beripdir. Muny eşdip tapdy ýürek gozgalaň, Ýatyr indi tümmek – gaplaň mazary. Käte-käte aglaýarmyş diýýäler, Goşa gaplaň ýaňlandyryp Hasary. Bu wakany gören gözler gür berdi, Asyl-ha ol göz öňümden gidenok. Bu ne syr, ne gudrat – iň agyr günde Haýwanam balsyn taşlap bilenok... 1994, mart. AÝDERE Ýene geldim seň goýnuňa Aýdere, Ne ajaýyp çynar boýly hozlaryň. Nesip etsin bize seniň üstüňde Gyşyň gyşlap, ýazlamaklyk ýazlaryň. Sen bir gelin – alkymyňda garyň bar, Göwsüňde al-elwan goşa naryň bar. Sen bir dutar –ne ajaýyp taryň bar, Waspyň dilde, söwdügim sen, Aýdere. Saňa gelen ýatlar mydam serinde, Orun berer ömür ýürek töründe. Säher bilen ýara gülleň tiremde, Bagtymyzyň çüwdügi sen, Aýdere. Suwuň melhem, howaň hoştap bu jana, Günämi ötmegil bolsam bigäne. Men seniň şahyryň, bilmedim gana, Ömürboýy öwdügim sen, Aýdere. SUMBAR Waspyňy söýlesem seniň Synyk göwne seýik, Sumbar. Kenaryňda gördüm bu gün, Bir gyz, misli keýik, Sumbar. Ol gyz meniň bagtymmydy, Ömür täji-tagtymmydy. Oýa, uky wagtymmydy, Gitdi, boldum köýük, Sumbar. Owaz goşup çynaryňa, Akýaň sygman kenaryňa. Baş egdim bu hünäriňe, Ýokdur senden beýik, Sumbar. Ýaz gününiň ýagşy ýaly, Gyz-geliniň nagşy ýaly. Döwletgeldi bagşy ýaly, Taryplasam, laýyk, Sumbar. ARPAKLEN OÝLANMASY Eger Peleňzawy görmedik bolsaň, Aw etmedik bolsaň Şalçekilende. Eger-de Akgaýa barmadyk bolsaň, Dyz epmedik bolsaň Arpaklende, «Gördüm» diýme onda Sumbar jülgesin. Bu ýerlerde eglenmese nazaryň, Ne peýdasy öazyp ýören gazalyň. Bolsaň-da sen perzendi Çünt-Hasaryň, «Gördüm» diýme onda Sumbar jülgesin. Ýazda Erem baga diýer: «Gaýra dur», Bilbilleri müň owazy ýaýradar. Ynan onuň lezzeti has aýrydyr, «Gördüm!» diýgin şonda Sumbar jülgesin. Gözellikden serhoş seriň aýlanar, Munda diňe ýagşylykdan söýlener. Kalbyň tämizlener, ruhuň şaýlanar, «Gördüm!» diýgin şonda Sumbar jülgesin. «WASP EDELI GADYM GARRYNOHURY» Gel, şahyrym, al eliňe galamy, Wasp edeli gadym Garrynohury. Säher bilen Güne berip salamy, Wasp edeli gadym Garrynohury. Çykaly biz gaýasyna, dagyna, Ser salaly Gün düşmeýen bagyna. Gara birdem hem soluna, sagyna, Wasp edeli gadym Garrynohury. Dereleri dilkaw-dilkaw zawlydyr, Her aýtymy tükeniksiz awlydyr, Betpäl bolup gelseň başyň ýowludyr, Wasp edeli gadym Garrynohury. Ojagynda mydam kerkaw közi bar, Saçagynda bereketli duzy bar. Gujagynda är-pirleriň yzy bar, Wasp edeli gadym Garrynohury. «Goçmyrat ahuny bardyr Nohuryň...» Diýen sözi ýüregimde şahyryň. Ýer almaz hiç haçan sözi bahylyň, Wasp edeli gadym Garrynohury. Başyn göge tutup otyr Manaman, Diýýän ýaly, «Bedasyly halaman». Joş göwün, gör niçik otyr il aman, Wasp edeli gadym Garrynohury. Dagy-daşy gözlerime togabym, Bu topraga janym bersem – sogabym. Müň bir sowalyňa ýalňyz jogabym: «Wasp edeli gadym Garrynohury». GARA DAG Bilmedim men ýalanmy ýa çynmy dag, Beýik bolup ýaşamaklyk kynmy dag?! Eý, gara dag, gara dag, Synam doly ýara, dag. Halymy aýdaýyn diýdim, Dymyp durma, sora, dag. Eý, gara dag, gara dag, Synam içre ýara dag. Içimi kime dökeýin, Daşam bolsaň ere, dag. Eý, gara dag, gara dag, Synam içre ýara dag. Şeýtan kysmy adamlardan Gel-de meni gora dag. 17-22.08.94. KÖNEKESIR ODASY Gelip gören diýdi: «Näme kemi bar?» Munda gardaş, müň bir derdiň emi bar. Adamata, How enäniň demi bar, Güneşe baý, nurdan doly obamyň. Pyragyny gören daglara gurban, Jennet kysmy ýaşyl baglara gurban. Nuh döwründe gurlan çaglara gurban, Gadymýete uzar ýoly obamyň. Kerkawdere gözlerimiň garasy, Bir göreniň geler ýene göresi, Pirderedir jülgelerniň seresi, Ýönekeýden sada ili obamyň. Ýaýlyp ýatyr Könekesir obasy, Ýatyr munda şahyr ýigdiň käbesi. Çeşmäniň başynda durla nepesi, Kuwwat berer saba ýeli obamyň. Üstünde sonarly awlagy kändir, Niýetiň ýamanmy – ýowlugy kändir, Ýagşy bolup gelseň – gowlugy kändir, Bilbilden şirindir dili obamyň. Daglaryna bakyp, doýup bilemok, Waspyny dilimden goýup bilemok. Hiç zat meni munça çoýup bilenok, Aňzak gyşam, mähri ýyly obamyň. ŞAMY HOJANYŇ Diwar ata münen Şerip hojanyň Gudratyna kimler tagzym etmedi. Mämmet hoja, Gurbanmyrat hojanyň Çeken azaplary ýele gitmedi. Gördüm ony Garrynohur ilinde, Ady ähli ulus-iliň dilinde. Atasynyň gaýraty bar bilinde, Tarypyn eýlesem Şamy hojanyň. Arkasynda bardyr Manaman dagy, Göwünleň galkynar görüp çarbagy. Ýol söküp gelseler isteýen çagy, Gaşlary çytylmaz Şamy hojanyň. Eger agyr güne düşen halatyň, Barsaň galkyndyrar göwün ganatyň. Şähdiň açyk, görke geler zynatyň, Dilden düşmez ady Şamy hojanyň. Parhy bolmaz oňa gündiz-gijäniň, Agtygy ol Gurbanmyrat hojanyň. Halasgäri ýaş-ýeleň, gojanyň, Belentdir sarpasy Şamy hojanyň. Aglap gelen, gülüp çykar gapyňdan, Aklyna aýlanar birje gepiňden. Beýik eken keramaty çakyňdan, Tarypyn söýleseň Şamy hojanyň. Çynaryň astynda ýatan gerçekler, Başyňa iş düşse ýeten gerçekler. Şol gerçekleň gül keşbini görjekler Huzuryna barsyn Şamy hojanyň. 14.07.95. ■ GYZBIBI ÇYNARY Gyzbibi çynary gadymy çynar, Ol hakda ilimde bir rowaýat bar. Taý ýokmuş Gizbibä edep-ekramda, Hebeşde, Hindide, Çynma-Çyn, Şamda. Ýelmaýada açmak üçin göwnüni, Seýle çykanmyşyn günüň bir güni. Sowuk suwly çeşmeden suw owurtlap, Çynaryň astynda düşläpdir ýadap. Jülgäň içi şeýle gözel, owadan, Dem alypdyr jana hoştap howadan. Şonda kelpeň jahyllary obanyň Üýşüp diýen: «Şol gözeli gabalyň». Kalby bir zatlary syzypdyr gyzyň, Howsalasy artyp, gözläpdir yzyn. Görse, jahyllaryň tüýsi bozukmyş, Olaryň nazary gyza gözükmiş. Ýörişleri ýada salýar ýylany, Nädip gaýtarmaly beýle belany? Baş alyp çykmaly agyr pursatdan, Ýürek çykjak-çykjak bolýar gursakdan. Gyzbibi asmana bakyp ýalbardy, Beýik dag ýarylyp, gyza ýol berdi. Görseler Gyzbibi zym-zyýat bolan, Gözlerinden uçup, baky ýat bolan. Daşa öwrülipdir, diýýä, ýelmaýa, Gudratyň kän eken, bary Hudaýa! Akyllary çaşyp bu keramata, Jahyllar galypdyr bir melamata. Şondan soň bir bela olaň üstüne Inip, has gynapdyr çykyp kasdyna. Azalypdyr tohum-tiji ýyl-ýyldan, Eňkamlary agyp, düşüpdir haldan. Saçlary sap-sary, gözleri mawy, Iýen-içenleri bolupdyr awy. Ine, dost, gür berdim saňa rowaýat, Göwnüň galkar etseň gelip zyýarat. Ýol aşyp gelseňiz, eger ilime, Çykaraýyn Manamanyň biline. Şaýady borsuňyz muňa özüňiz, Düşer şonda gadymýete gözüňiz. Çynaram garaşýan ýaly bolup dur, Göýä gyzyň geljegini bilip dur. Ýelmýa gäwüşäp oturan ýaly, Gamgyn ol. Ezizin ýitiren ýaly. Manaman dagyna diräp arkamy, Bu görnüşi synlap, çekýärin gamy. Hem teselli tapýar heserli kalbym, Geçene, geljege siňýän birsalym. Daşdan ýelmaýaly kenara bakyp, Diýýärin içimden çynara bakyp: – Ýaşarsyň sen rowaýata öwrülip, Gitmese Manaman gum deý owrulyp. Seni apalapdyr bizden öňküler, Gadyr goýar saňa bizden soňkular. Ýürekden uýdugym mydam, Gyzbibi, Bakýaryn ýoluňa bir ýyldyz kibi. 17-18.07.95. «DAG OBASYN SARSDYRYP ÝER TiTREDI...» Dag obasyn sarsdyryp ýer titredi, Gorkaklaryň muňa gözi petredi. Bu görnüşi synlap hapa boldum men, Dökülen gözýaşlar katra-katrady. Kim telpegin, kimler taşlap selläni, Gaçýardylar ýitiripler kelläni. Nuraman bir kişi diýipdi şonda: – Alňasamaň, ýada salyň Allany! Daglar güwläp, ses etse-de şo pursat, Öýler ýykylmady, çekmedik hasrat. Emma weli bir zat aýandy-aýan, Ýöne ýere gopmandy bu harasat. Göz öňümde henizem şol ýaşuly, Il içinde at-abraýy has uly. Dag obasyn sarsdyryp ýer titredi, Adamlaň Hudaýy ýatlary ýaly... 21.07.95. Könekesir. ŞYHATTAR Gelenlerem armanly, gidenlerem armanly, Bu dünýä Hak permanly. Bizden öňem bu dünýäge gelen bar, Bizden soňam geljek bar. Hem aglajak, güljek bar. Şu zatlar hakda oýlandym, Şyhattaryň guburynyň başynda. Niçe-niçe mazar ýatyr daşynda. Nuh döwrüniň çynary Göge diräp başyny Bezäp töwerek-daşyny Bir dana goja kimin Otyr oýa batan ýaly, Dym-dyrslyk. Bu dünýä Gaflatda ýatan ýaly. Orta asyrlaryň çapgyn ýeline Döz gelen Şyhattar Bu gün, bilmedim Ýetim galan ata kimin Kibtini gysyp durdy. Öňki howalasy galmandy onuň Wagt birehim bolsa-da Ony guran ussanyň Barmagynyň yzyn gördüm diwarda. Şol gün çykylypdy Şyhattaryň kastyna, Salmakçy boldular ýeriň astyna. Päli azan biri buýruk beripdi: «Köne dünýäň kerpijini goparyň, Gözlerim görmesin, ony aparyň». Şonda men şaýady boldum gudratyň, Ýumrugyny düwüp, gürläp durka münberde, Dem-düýtsüz gitdi ol ýere serilip, Diýýärler häzirem ýatyr gerilip. O döwürem gördük bile Şyhattar, Külpet ýagdyrdylar başyňa seniň. Daýaw pyýadalar geçipdi daşyňa seniň. Bu hakykat. Indem şolaň özleri Bilmillany hetjikläp, Azan aýdyp metjitde, Il gözüne zyýarata gelýärler. Öňem-soňam işimizi görenler, Dälmidi şol tetelliler?! Olar Allanyň öňünde ýazykly, Maňlaýynda olaryň ýekeje söz ýazylgy. Olar iliň başyna inen musallat. Gürrüň kän gürrüň edere, Ýöne men bir zady bilýän, Şol daýaw pyýadalaň Üstlerinden mys-mys gülýäň. Uzak ýollar söküp geldim ýene men, Zyýarata gaşyňa. Görüp şonda daşyňda Çyn hossaryň Başymy gök diredi. Şondan soň şu setirler döredi. Şaýady men on edaraň On ýylda bitirip bilmedik işin Bir danyşment ýaşulyň Gördüm on günde bitirşin. Alty ýüz ýyldan soň ýene, Şyhattar, täzeden inipdiň dünýä! Bardyr munda ähli zadyň hasaby, Günäň üçin bardyr Hakyň gazaby. Çekersiň ir-u-giç agyr güzaby. Sen düşün bir zada, düşün bir zada, Ýele sowrulmaýar, otda ýanmaýar, Halkyň azaby! Etseň eger günäni Çekmelisiň günäňi. Saňa kast edenler, pes boldy indi Yra-daraň edişip, olar ýaşap ýör şindi. Ýaşasynlar dawamyz ýok ömrüne, Onuň üçin garaşamzok ölmüne. Başyňa düşen şol agyr günlerem, Gorkman gelerdim men saňa salama, Muny men magtanmak üçin aýdamok, Kimdir birinden aýyp agtarmak üçin aýdamok. Geçeni geçdi bileli, Bizi saklap ýören ene topraga Ýagşy günler diläli. Şyhattary saýalaýar, Nuh döwrüniň çynary. Hüwdüleýär Şyhattary Indi niçe asyr bäri Sumbaryň bir kenary. 23.07.95. Könekesir obasy. ŞAMY HOJA Ýagty ýadygärligine Göwünlere ylham bolduň, Dertlilere melhem bolduň, Dillermizde gül heň bolduň, Daň ýyldyzy Şamy hoja. Ataň Gurbanmyrat hoja, Şypa tapdy juwan-goja. Bu dünýäden ötdüň gije, Daň ýyldyzy Şamy hoja. Bagtyny gara bagladyň, Eneň ýüregin dagladyň. Eşidip gardaş agladym, Daň ýyldyzy Şamy hoja. Neçün bozulmyşdyr bazar? Baş egdi Manaman, Hasar. Niçik dözdi saňa mazar? Daň ýyldyzy Şamy hoja. Gözlerden akan silleri Gark etmiş türkmen illeri. Öwüsdi hazan ýelleri, Daň ýyldyzy Şamy hoja. Ile doldy hoja adyň, Gardaş boldy ýakyn-ýadyň. Agyr eken goýan oduň, Daň ýyldyzy Şamy hoja. Her gün çekmiş seniň zaryň Yzyňda kän dosty-ýaryň. Unutmaz seni diýaryň, Daň ýyldyzy Şamy hoja. Il içinde zor oguldyň, Il-günüň üçin doguldyň. Keramat bilen dogandyň, Daň ýyldyzy Şamy hoja. Ornuň boş dur, tutabilmen, Guburyňdan ötebilmen, Ýada düşseň ýatabilmen, Daň ýyldyzy Şamy hoja. Diliň süýji bal ýalydyň, Çölde ýörsek, köl ýalydyň. Azaşsak ak ýol ýalydyň, Daň ýyldyzy Şamy hoja. Hak nurundan paýy neriň, Jennet bolar jaýy neriň. Ýagty bolsun ýatan ýeriň, Daň ýyldyzy Şamy hoja. 29-njy iýul, 1996. KERKAWDERÄNIŇ Jülgesi bar jülgelerden zyýada, Ýadamarsyň ýol ýöreseň pyýada. Zawdan inseň hopukdyrar birbada, Keýikdir awlagy Kerkawderäniň. Bir gezek dem alsaň gül howasyndan Müň ýaşasyň geler ýene azyndan. Başga lukman bolmaz onuň özünden, Akar ter bulagy Kerkawderäniň. Käkiligi gezer gaýadan-gaýa, Ömür sürsün, uçsun, düşmesin ýaýa. Bardyr arzuwlary, bolmasyn zaýa, Melhemdir ýylagy Kerkawderäniň. Misli bu zeminiň nagşy ýalydyr, Bilbili bar – Sahy bagşy ýalydyr. Sergin şemal – bahar ýagşy ýalydyr, Bezegidir dagy Kerkawderäniň. Kerkawdere gözelligiň şahyry, Waspy kän, aňk eder garry, jahyly. Gulak goýsaň gadymydyr taryhy, Synla Erem bagyn Kerkawderäniň. 8.04.1999 ý. KÜMÜŞDAŞDA ÝAZYLAN GOŞGY Geldim ýene belent başly daglara, Özüm bilmeý gujagyna oklanym. Çagalygmyň geçen ýeri bu ýerler, Gözden akan ýaşy neneň saklaýyn?! Niçe ýollar, niçe ýyllar aşypdyr, Niçe günler, niçe Aýlar ýaşypdyr. Düýnki balaň bu gün elli ýaşapdyr, Küýsäp göwün niçe gözýaş dökmedim?! Az boldumy ýa-da ýagyş-ýagmyryň, Ýüzüň soluk, ýa barmydyr ahmyryň. Owal aýrylmazdy üstüňden garyň, Bu-da bir kanunyň diýip çakladym. 25.08.2000. PIRDEREDE Müň ýaşly arçanyň astynda uklap, Üwrelesim geldi dag şemalyna, Gözümi aýyryp bilmedim senden, Teşne boluşym deý ýar jemalyna. Diňşirgendim, gulagymda ýaňlandy Nury Halmämmediň simfoniýasy. Bir arzuwym – guramasyn hiç haçan Pirdereden akýan çeşmäň hanasy. ■ SEÝIT NEJEPI Polat ussa Hojagala. Sumbar derýaň kenary, Beýik Seýit Nejepiniň gubury. Orta asyrlardan galan ýadygär, Giden müňýyllykdan berýär habary. Il içinde uly onuň kyssasy, Zyýarata gelse – sagdyr hassasy. «Kim?» diýip, oýladym onuň ussasy, Asyrlarda haýyr-sahawaty bar. Asyrlaryň şatysyna döz gelip, Ýel-ýagmyra gitmedi ol toz alyp. Bir durkuny saklap bildi özgerip, Munda beýik hojaň keramaty bar. Beýiklige tagzym etmek lazymdyr, Baryp görmek kalbymdaky ýazymdyr. Dagdan öwsen şemal mukam-sazymdyr, Gudraty keremiň alamaty bar. Bir ýigit görmüşem «Ussa!» diýdiler, «Gaýraty bar dokuz esse» diýdiler, Serenjam berşi «gül desse» diýdiler, Gadymy senediň dowamaty bar. Oýlandym başynda pany hakynda, Gadymy geçmişim – köne hakynda, Gürleşesim geldi dana hakynda, Onuň dertlerime delalaty bar. Ynsan ýagşylygy bilen ynsandyr, Ýagşylygy bolmasa ol bir sandyr. «Ussa Polat» diýseň iller tanýandyr, Howandar ol hoja, hemaýaty bar. Baharlarda bahar ýagşy owadan, Sähralarda säher nagşy owadan. Diýdim: «Ussaň salan nagşy owadan!», Seýit Nejepide salamaty bar. 1.09.2000. ■ Obadaşlarym Daglylar biz, Ýaşaýarys beýikde. Mekan tutan jülgelerde Gaplaň, ýolbars, keýik-de... Baryňyzyň aňyrysy bir kökden, Bir ene, bir atadan. Taryhyňyz Nuhdandyr, Şahyryňyz ruhdandyr. Obada men, Geçenleri ýatlaýan. Obaly men, Göçenleri ýatlaýan. Onlap, ýüzläp, müňläp-müňläp, Geçilen ýoly ýatlaýan. Böwrümi diňläp, Eý-ho, Otyryn geňläp... Elli, altmyş ýyl mundan öň Gözümizden birçak gaýyp bolanlar Ýadymda. Olary men ýatlaýan her ädimde Diýsem borun ýalançy. Ýöne olar mahal-mahal Göz öňümden gitmeýär. Hakydamdan ýitmeýär. Mähriban obadaşlarym, Siz meniň gardaşlarym, Garyndaşlarym. Biriňiz agam, biriňiz daýym, Biriňiz derde ulaşsam, Janyňyz bermäge taýyn. Biriňiz atam, biriňiz babam, Biriňiz käbäm, Biriňiz dostum, Biriňiz dogandan golaý, Ynanyň rastym. Biliňizde oragyňyz, Pil iň uly ýaragyňyz. Çopan taýagyňyz – hümmet hasasy. Siziň üçin bu zatlar Suw, howa deý esasy. Soňky ýoly müň ädimdir, Müň adamyň egni deger tabyda. Muny synlap duran bir eziz dostum: -gördüm-diýip – şeýle ahwal Käbede. Toýuňyz toý şekillidir, Dutaryňyz çeküwlidir. Köpiňiziň dili zyban şerbetdir, Erbediňiz erbetdir. Dilleri şerebeli. Biriňizi diňläp-diňläp, Buzam bolsaň eremeli. Daglaryňyz keremli, Baglaryňyz erenli. Eý, eziz obadaşlarym, Gardaşlarym, Garyndaşlarym. Az däldir azabyňyz, Az däldir azaryňyz. Şonda-da “Sabyr – ömürden!” Diýip, ýaşaýarsyňyz. Açykdyr gapyňyz gelen myhmana, Myhman sorar ogluňyzy. Diýersiňiz: - Mekan tutdy şäherde. Myhman weli düşünmez Munyňyza sähel-de. Başyn ýaýkap diýer myhman: - Jenneti mekany taşlap, Tapdykan nä şäherde!? Daglylar, eziz daglylar, Siz meniň obadaşlarym. Ýaşym geçdi pygamberiň ýaşyndan, Razy men dünýäniň göwün hoşundan. Ýöne geçen ýola nazar aýlamda, Bir agyr zat basýan ýaly başymdan. Göz öňüme gelýär geçen ýaşlygym, Assyrynlyk bilen göçen ýaşlygym. Gün düşmeýen baga bürenen obam, Öňküden ýaýrawly, gürelen obam. Misli erem bagy dereleň obam. Gordumyň dört künjünde-de Eziz görülen obam. Ömrüňde bir gezek gadamyň uran Görsem diýip arzuw eder ýene-de. Goýnuňda ýatyr niçeme ärler, Niçeme pirler, Niçeme şirler, Ýatyr goýnuň ýassanyp, Nişapur pälwany Beýik dana Şyhattar. Taryhyň gatbar-gatbar. Gündogar Jemşidi – Alyşir Nowaýy Gelip saňa kyldy TAGZYM! Hem Seýit Nejedi – ol dana tagsyr! Sözüm däldir howaýy. Eziz obam, eziz Könekesirim, Sen meniň entek-entek Ýazylmadyk eserim. Şygra göwün berişim deý, Soňky deme çenli Sen bolarsyň heserim. Hem-de gutulmajak şanly keselim Eziz Könekesirim. Her dem eme zar bolşy deý hassanyň. Sensiň howandarym, sensiň hossarym, Eziz obadaşlarym, Siz meniň gardaşlarym, Garyndaşlarym... ■ Parhaý Gudrat görseň daglara bar... Senem şolaň biri Parhaý. Dadan diýer bal suwuňdan -Seň suwlaryň piri, Parhaý. Demi bardyr Beýik Hojaň, Emi bardyr sende gojaň. Ýeňil gopar başda sojaň, Açdyň keri, köri, Parhaý. Daş-töwerek gara daglar, Saňa gelen göwün çaglar. Senden göwnühoş näsaglar, Aýyrýaň azary, Parhaý. Em isteýip gelen çagy, Şipa tapandyr Pyragy. Sen bir misli jennet bagy, Bardyr jennet bary, Parhaý. Pyragynyň sözi melhem, Çeşme suwy jana melhem, Goşa melhem, goşa ylham, Iliň şypakäri, Parhaý. Tebigatyň keramaty – Tebigatyň sahawaty. Aman – esen, salamaty, Öz ilimiň nury, Parhaý. ■ ÝATLAMA GIJESI Guramsyn hanaň seniň, Gije-gündiz akyp derýam. Çalýan şirin mukamyňa Ýürek taryn kakyp derýam. Seň boýnuňda oýa batdym, Salkynjak güýz gijesinde. Sumbar derýam galkynýardy, Çykan ýaly bijesinde. Sumbar derýam aýdym aýdýar, Kä şadyýan, käte gamgyn. Diýsem ynan: “ Aby- köwser!” Myhman bolup gelsen gangyn. Köp zady ýatladym derýam, Asman-zemin arasynda. Geçene nazar aýlamak Mahsus ynsan balasyna. Suwa düşüp oýnanlarymyz Nirde galdy, aýt, derýam. Şo-ol görnüşi sakladyňmy? “Ýok” diýdiňmi, haýp, derýam! Egnimde atam possuny Göçdüm güýzüň howasyndan. Öwrülip men ýaş oglana, Tebigatyň dogasyndan. Tamdyra sallap aýagmyz, Oturanmyz ýaňy dälmi? Sapar, Rahym, Mäti, Begenç... Sanam nätjek? Olar kändi. Durna deýin uçup giden, Ýyllar geldi göz öňüme. Alyslarda galanlaryň Çykdym bu gün gözlegine. Köp zat ýatda galmasa-da, /Pursatlary ýatla mydam!/ Howlymyzda ösüp duran Hany, ýaşyl goja badam? Obadaş deň-duşlarymyň Birisi bar, birisi ýok. Gözledim partadaşymy, Şum habara ynanamok. Zar men olaň didaryna, Çärýek asyr, ýarym asyr. Otyr ine, daglar gurşap Eziz obam Könekesir. Daga ylgap çykanlaryň Bu gün başy çalarypdyr. Bu ahwaly görüp birden Dünýäm niçik daralypdyr?! Sumbara diň salyp birdem, Dolanypdym oglanlygma. Neneň onsoň razy bolmaň Şu obada doglanlygňa. Bu gijäniň ümsümligin Bozsa bozsun itleň sesi. Gijäň için parran geçdi, Eşekleriň aňyrdysy. Sumbar derýaň şaggyldaýan Mukamlary gulagymda. Dagly gyzyň nurly keşbin Görüp galdym bulagymda. Uzak gije oturdym men, Sumbar derýaň boýyn boýlap. Gözden gaýyp boldy birden Galdym deň-duşlarym boýnap. Ömrümiň mahmal bahary— Iň ajaýyp döwrüm bolar. Garratsyn goý, ýyllar meni, Oglanlygym höwrüm bolar. Ýatlamalar gijesinde Ýygnadym men deň-duşlarym. Hoşlaşamda säher bilen Buldyrady gözýaşlarym... 05--15.10.2008ý. ■“ŞEÝLE BIR DAGLAR BAR, HOŞUŇA GELSIN..” Başda dünýä bilen bile guralan, Gojaman daglary hoşuňa gelsin. Üsti dumana bürelen, Şeýle bir daglar bar, hoşuňa gelsin Gün düşmeýän baglary bar, Hoşuňa gelsin. Tomus, gyşda, bahar, güýzde, NE ajaýyp çaglary bar, Hoşuňa gelsin. Terçemenli çeşmeleri, Gandyr ençe teşneleri, Hoşuňa gelsin. Sanap nätjek gözelligin, Bular durmuş gönezligim. Ýaşyl dona bürenen, Ak dumana bürelen, Biz obanyň daglary bar gojaman, Eý, aman, aman! Isgender darkaş gurupdyr, Niçeme leşger görüpdir. Atyny suwa ýakypdyr Teýmirleň! Niçe – niçe serdarlaň. Niçe soltanlaň, niçe emirleň, Atlarynyň dükürdisi. Gylyçlarynyň şakyrdysy. Eşdilýär bu daglardan. Sollardan hem saglardan. Pyragy geçipdir mundan, Nowaýy geçipdir mundan. Mazary Şyhattar weliň Ýatyr ýassanyp dag ilin... Biz obanyň daglary bar gojaman, Gelip gören diýýär: --Eý, aman, aman!.. 01-02.08.2010ý. ■ JANYM NOHUR DAGLARY Beýik gördüm bir-birinden, Janym Nohur daglary. Herhal geçersiň serden, Barsaň bahar şaglary. Misli ataň—sorar halyň, Şonda aram tapar janyň. Derýa—deňizlerde salym, Salym Nohur daglary. Sergin şemal eşrepidir, Adam ata eşretidir. Jümle-jahan keşdesidir, Keşde Nohur daglary. Söýdüm çarwa illerini, Sökdüm niçe ýollaryny. Gördüm akan sillerini, “Aperin!” Nohur daglary. 09.11.2010ý. ■ NOHURDAN GELÝÄRDIM... Nohurdan gelýärdim, ýüküm almady, Bir gözele duşdum—nazar salmady. Içdim gana-gana çeşme suwundan, Ýöne weli gyzdan gözüm ganmady. Nohurdan gelýärdim, ýüküm enardan, Bir gyza sataşdym—boýy çynardan. Şol tez maral gaýyp boldy gözümden, Wah, tez maral meni ýakyp-ýandyran. Nohurdan gelýärdim, ýüküm üzümdi, Baglarynda üzüm düzüm-düzümdi. Alma ýaňak, çynar boýly enar gyz— Ýoluma garaýan gara gözümdi. 09.10—16.12.2010ý. | |
|
√ Sowuk söz / Goşgular - 31.01.2024 |
√ "Ýa suwa, ýa-da samana..." / Goşgular - 22.07.2024 |
√ Gul aga / Goşgular - 12.06.2024 |
√ Aýşy-eşret çagynda / Goşgular - 20.08.2024 |
√ Pyşyrdylar / Goşgular - 07.09.2024 |
√ Baky söz / Goşgular - 25.10.2024 |
√ Durmuş / Goşgular - 29.08.2024 |
√ Derdi-halym hezretiňde, Rebbena... / Goşgular - 03.08.2024 |
√ "Garrap ýörünmi ýa men..." / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Ajymdan öldüm / Goşgular - 11.06.2024 |
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |