ÖÇMEJEK ALOW
Men bu zatlary şol gezek saňa aýtjakdym. Arman, gözüm gözüňe düşende diýjek zatlarymyň bary huşundan uçýar-da, sözläp bilmän durun onsoň. Ýogsam özümi ýitirer ýaly yşk oduna köýüp ýören ýaş-ýeleňem-ä däl men. Bu hijran odunyň köreýän közüniň alawy ýaly bir zat öýdýän.
Meni senden aýra salan ýyllar diňe kalbymda däl, ýüzümde hem öz möhrüni galdyrypdyr. Seniň bolsa, şol jahyllygyň, şol görmekliligiň. Göwnüme bolmasa, maňa mähir, söýgi bilen garap duran garamyk gözleriňdenem şol birmahalky ýaly mähir syçrap duran ýaly. Seniň “Ezizim ejizleme! Ejizlik namardyň işidir, her iş bolsun, Haka sygyngyn” diýen sözleriň togap edip ýaşadym.
Seni ýitiren günüm bu jahanda ahyrzaman gopup, ýer goduklandyr öýdüpdim. Ýöne seniň sözüňi kalbymda göterip, ejizlemän, Haka sygyndym, Haka ýalbardym. Ana, şonda kalbymda bir inçejik umyt döredi. Onuň ölügsije şuglasy birden güýjeýärdi-de, tutuş süňňüme ýeňillik aralaşýardy. Birdenem onuň ýylpyldysy has ölügsi duýulýardy. Şonda ýene-de seniň garamyk gözleriň göz öňümde peýda bolýardy-da, meni umyt atyna atarýardy. Onsoň süýjülik ýaşalýan günler hatar gurap, daşyma aýlanýardy.
“Sen otur, ezizim, men seniň hysyrdanyp, ýöreniňi görsem, hiç bolamok-da. Şonuň üçinem gel, gapdalymdajyk otur. Dyz degiripjik, gök çaý içeli. Çaýy seniň bilen içsem, mazasy başga bolýar”. Men hem şeýlemiş diýerdim-de ähli işlerimi taşlap, dylym-dylym edip, ýanyňa baryp oturardym. Onsoň gapdaly nohutly, kişmiş, kişdeli, nogul-nabatly gülli çäýnek aramyza gonardy. Birek-biregimiziň mährinden doýman guşdyrnak gök çaý süzerdik.
Şeýle pursatlarda il arasyndaky gürrüňler ýadyma düşerdi-de, özüm özümden gorkardym. “Deň etmen, duş etmen, deň etsem, duş etsem, ýaşatman” diýermiş diýip Taňryny gepledýär adamlar. Men Ýaradanyň öz bendesine beýle sütem etmejekdigimi bilsemem, her gezek şol sözler ýadyma düşende, inim tikenekläp giderdi. Soňam “Toba, toba” diýip, Biribara ýalbarardym. Eýsem, “Sen maňa tarap ýöreseň, men saňa tarap ylgaryn” diýýän. Alla gülleýän ynsan bagtyna badak atýarmyka?! Az-kem pikire batýanymy duýaýdygyň meni ol uçgyraksyz ummandan alyp çykmakçy bolýan ýaly herhili gürrüňler tapardyň. Ependi bilen aýaly hakyndaky gülküli gürrüňleriňi gör, näçinji gezek eşitýänem bolsam, heziller edinip diňlärdim. Meniň jakgyldym seni hasam joşdurýana meňzeýärdi. Sazandanyň elleri ýaly näzik hem mylaýym elleriň bilen meniň aýa maşgalanyňka meňzemeýän gödeksi ellerimi sypaladyň-da ýuwaşjadan “Akja ýaryma” diňlenerdiň. Onsoň men dünýäni unudyp,seniň dyzyň üstünde meýmiräp ýatardym.
“Öten agşam düýşümde gördüm Akja ýarymy, eliň bilen öldürgül, üýşürgil mazarymy...” Men bu mylaýym owazyň hiç wagt, ömür-ahyr soňlanmazlygyny küýseýärdim. Onuň yzyndanam “Galmanam”, “Selbinýaz” ýaňlanardy. Şol wagt men özümi bagtyň çür depesinde duýýardym. Seniň buýra-buýra bolup, arkan serpilen saçlaryňy mähir bilen sypalardym-da, şu pursat üçin beýik Biribara müň kerem Taňryýalkasyn aýdardym, oňa şükür ederdim. Sen ýanymdakaň, bu durmuşda hijran bardyr, ölüm bardyr öýtmezdim. Göwnüme dolýan gara pikirleri dyr-pytyr ederdim-de, ähli zady gowulyga ýormaga çalyşardym. Käteler bolsa, men özümizi bu dünýä baky gelen ýaly duýardym. Ölüm biz üçin däl ýalydy.
Seniň men hakdaky aladalaryň haýsy birini ýatlajagymy-da bilemok. Daşary ýurduň iň kämil kir ýuwýan, gap ýuwýan enjamlary elimi sowuk suwa urduranokdy. Kir ýuwýandan çykýan egin-eşikleri ütüklengijedi. Öý-içeriniň hysyrdylarynam maňa ýetirmejek bolup ýalyşýardyň. Meni ylla bir lälik çaga saklan ýaly elejiredýärdiň. Meniň bu dünýäde ýeke-täk aladam sendiň. Seniň mähriňe mährimi goşmakdy. Biziň mydama ýaňy tapyşan juwanlar ýaly bolup ýörşümizi ejeň gözden-dilden goramakçy bolýardy.
– Gelnim, jan balam, men siziň bagtyňyza guwanýan, ylahym baky bolsun bagtyňyz. Ýöne, göz bar, dil bar, azajyk çekeräk boluň. “Göz derýa” diýipdirler, göz geçirse-de, dil geçirmezmiş”. Dile düşmejek bolaweriň.
Işe gidemde-de, agşam üsti işden çykamda-da mydama gapdalymdan aýrylmazdyň. Işe nile gidip, bileje-de gelerdim. Ýogsa işleýän ýerimizem, ugrumyzam aýrady. Deň-duşlarymyň, işdeş-ýoldaşlarymyň maňa gözi gieýäni, ak bagtyma höwes edýäni kändi. Olaryň käbiri çyn ýürekden guwansa, käbiri “Ah-eý, ýiti gyzyl tiz solar” diýýärdi. “Näçe gün şeýdip jylkyldaşarkaňyz” diýýänler-de, “Bu zatlar il gözüne edilýändir” diýip, gümana gidýänleri-de bardy. Men welin, munuň hakyky zenan bagtydygyna tüýs ýüregim bilen uýardym. Oturyp-oturyp müň şükür kylýardym.
Iküç ýyl bäri şeýdip, goşa gumry ýaly bolup ýörsegem, mähir-muhabbet egsilerli däldi. Şunça wagt geçse-de, perzendem küýsäp duramzokdyk. Senem, menem bu barada dil ýaramzokdyk. Biziň bolşumyz iki göwre bir ýürek deň gopanda, durmuşyň başga tarapynyň asgyn gelýändigini subut edýäne meňzeýärdi. Bir gün ejeň ýuwaşjadan ýanyma geldi-de:
– Balam, ýüregiň üýtgeşik zat küýsänokmy? – diýdi.
Men üýtgeşik bir zady göwnüme getirmän, şol bada jogap gaýtardym.
– Ýok, daýza.
– Lukmana daga görünäýmeli ekeniň-dä. Indi maňa-da agtyk söýere mahal boldy.
Şonda menden öňürti sen dillendiň:
– Eje, agtygam söýer ýörersiň-dä, näme howlugýaň. Entek biziň özümiz çaga ahyry.
– Özümjik serederin, balam, onuň azaryny size ýetirmerin ahyry.
Sen ejeňe-de öz häsiýetine görä jogap gaýtardyň.
– Çaganyň bir azary bormy, eje jan! Azar däl olar, mähir ahyry, ýöne, azajyk soňrak, ýene birki ýyldan...
Ejeň saňa ýylgyryp bakdy:
– Wah, balam, “Eklegeniň gadyryny ekläniňde bilersiň” diýipdir ata-babalar. Çaga seretmek gelniň bilen mähriň gatyşdyrmakdan has kynrakdyr.
Sen ýene öz diýeniňe tutdurdyň:
– Şonuň üçinem entek biz bir-biregiň mährinden bir ganaly.
Ýöne, Hudaý bizi birek-biregiň mährinden ganmaga goýmady. Şol gün irden işe ugrajak bolup durkak her ýaňagymdan taýly gezek öpdüň-de:
– Sen çaga diýip özüňi horlamagyn. Her iş bolsun, Alla diýgin – diýdiň.
Men seniň bu sözleriňa düşünmän, ýüzüňe köp manyly garadym.
– Meň diýýänimi geň görme, ezizim. Bu bir durmuş-da, her zat bolup bilýär.
Men saňa ömrümde ilkinji gezek gatyrgandym.
– Samahyllap durmaň näme, säher bilen.
Sen meniň ellerimi eliňe aldyň-da, dodaklaryňa eltdiň.
– Gatyrganma, ezizim. Bu saňa gelişjek zat däl.
Soňam gepiň yzyny oýna ýazdyrdyň.
– Seniň gyýlyp duran gaşlaryň hiç mahal çytylmasyn. Ýogsam howalara, bulaşyberýär.
Meni işde maşynyňdan düşürip gideniňde, näme üçindir, ýüregim sogrulan ýaly boldy.
Bu duýgynyň nämedigini bilmän, asyl-ha oňa ünsem bermän, işe bardym. Ýöne, kalbyma birhili sussupeslik aralaşdy-da, uzakly gün garjaşyk pikirlerden saplanyp bilmedim.
Iş wagty gutaryberende seniň: “Ezizim, daşaryk çykyber, häzir barýan” diýen sözleriňe garaşdym. Emma telefon ses-selemsiz durdy. Ýüregim howlap duransoň, özüm saňa jaň etdim. Seniň öýleden soň edaranyň işi bilen bir ýana gidendigini aýtdylar. Men näme pikir etjegimi bilmän durkam, telefon jyňňyrdady. Trubkany galdyranymda nätanyş ses eşidildi.
– Alo, Sülgün barmyka?
Meň üstümden gaýnag suw guýlanýaly boldy:
– Men diňleýän.
– Sizi “Tiz kömegiň” lukmany bimaza edýär.
– Hä, näme?! – diýenimi duýman galypdyryn.
– Siz biziň hassahanamyza tiz gelmeli.
Indi has beter dowla düşdüm:
– Näme boldy? Eýgilikmi beri?
– Hawa, hawa, ýöne size gyssagly gelmeli diýdiler. Men trubkany taşlap, keselhana ylgadym.
Barýançam kelläme müň dürli oýlar gelip geçdi. Ýöne men beýle-beýle bolandyr öýdemokdym. Keselhana ýetiberenimde hossarlarymyzyň üýşüp durandygyny görüp, olaryň içinden seni gözledim. Gözm hiç ýerde eglenmedi. Oňa çenli ejeň aglap duranyna gözüm düşdi. Inileriň, agalaryň gözi ýaşlydy. Ýüregim ýarylan ýaly bolup, ejeň ýanyna bardym. Ol meni göreninden bar-bar bagyrdy.
– Gelin jan, bagtymyz ýatdy. Çyragymyz söndi.
Men henizem hiç zada düşünemokdym:
– Näme boldy daýza, hany Sanjar?
– Wah, Sanjar jany aldyrdyk, balam!
Şol dem gözüm garaňkyrap, dünýä daşymda pyrlandy. Aýagymyň astyndaky ýer goduklandyr öýtdüm. Beýniňi ýaryp barýan ýiti ysa gözümi açanymda eýýäm öýde ýatan ekenim. Men elewräp, seni çagyrdym, seni gözledim.
– Sanjar, Sanjar!
Töweregimdäkiler göz ýaşlaryny saçalandyryp:
– Mert bol, Sülgün, Allaň edenine bendesiniň kaýyl bolmakdan başga alajy ýok – diýip, ýerli-ýerden göwünlik berýärdiler. Seni iň soňky ýoluňa ugradyp bilmändigime ökünip, özümi öldürjek boldum.
Arman, ajalyň ýetmese, oňa el bulanyň haýry ýok eken...
Aglamakdan ýaňa surnugan gelnejeň maňa dözmedi öýdýän:
– Sülgün, bar tur-da, ýüzüňi ýuw, özüňi dürse, indi aglasaň, oňa zyýan edersiň. Seniň göz ýaşlaryň ony derýa ýaly boýlar.
Ýerimden galasym gelmese-de wanna bardym-da krany açdym. Buz ýaly suwa süňňüm gowşap gitdi. “Köpçülikde biri suw ýyladýanyň toguny öçürendir” diýip, gümän etdim. Görsem öçürilen zat ýok. Men oňa üns beribem durmadym.
Üçüň berlen güni gap ýuwýan enjamyň hem işlemeýändigini aýtdylar. Aşgam – üsti tozan sorýan hem işlemesini bes etdi. Ýediň geçýänçä, seniň eliň degen, seniň mähriň siňen zatlaryň bary işlemeden galdy. Men muny nämä ýorjagymy bilmedim. Şonda oturanlaryň biri şeýle gudratlaryň bolýandygyny aýtdy. Hakyky bagban ýogalanda onuň eken bakja-baglary guraýan eken. Hakyky maljanly adam dünýäden gaýdanda, onuň düýesiniň, atynyň gözýaş edýändigin gürrüň berdiler. Bu enjamlaryň ýeke-ýekeden hatardan çykmagam ýöne ýerden däldi. Ýeke maňa däl, olara-da seniň yhlasyň, seniň mähriň ömür berýärdi ahyry. Seniň söýgiň siňen enjamlar, seniň eliň, kalbyň ýylysyny duýan zatlar meniň bilen deň hasrat çekdi. Hawa, sözüň doly manysynda, olar hasrat çekdi. Şol hasrata çydaman, demirler döwülse, men nätmelidim? Ýeri, indi men nähili ýaşamaly? Seniň munda goýup giden ýadygärligiň hiç haçan sönmejek söýgiňdi. Hany, indi men şol ömür-ahyr soňlanmajak söýgüni nireden tapaýyn?
Seniň bakyýa gideniň bäri pasyllar öz gezegini onlarça gezek çalyşdylar. Seniň ýoklugyň welin, ara açyldygyça beter duýulýar. Könekiler ähli zadyň dermany wagt diýýärler welin, men-ä heniz ondan em tapamok.
Sensiz dünýäniň gyzygy-da, mähri-de, yssysy-da ýok. Ýöne ýekeje zat meni munda köşeşdirýär. Heniz meniň ýüregim urýarka seniň şol sönmez söýgiň ýaşar.
Ogulgerek Ussaýewa.
Hekaýalar