ÖÝLÄNÇI
Ynha, ýene-de birden öýlänçi geldi-de, dünýäni sil-suw etdi. Bahar ýagşy, onda-da öýlänçi göwünleri ýuwýar diýenleri çyn eken. Agras pikirlerden ýaňa dyňzap duran kalbym birden gül-gül açyldy. Hut şu pursat töwerek-daşdaky güllerem täzelenen ýaly boldy. Sähel salymyň içinde gelen çabga ýap-ýaňyja açylan güllere aýratyn bir öwüşgin çaýdy. Göwnüme bolmasa, ýagşyň her damjasy bir güle öwrülen ýaly göründi. Wagtyň ak baharlar arkaly öz-özüni täzeleýşi ýaly, güllerem sähelçe ýagyşa görküni üýtgetdi. Indi olaryň reňkem başgady, görnüşem. Olary ýeke-ýekeden ysgasym, asla, baryny birden bagryma basasym geldi. Ýöne dünýäni bir gujaga sygdyryp bolýarmy näme?
Näçe owsunsam-da, höwesimi örklemeli boldum. Çünki bu gözelligi göwnüň törüne geçiirip, şol ýerde apalap saklaýmasaň, başga alaç ýokdy. Şonuň üçinem höwesime böwet basdym-da, ajaýyp gülleriň arasyndan ýuwaşjadan ädimläp ugradym. Töwerek-daşda par bolup açylan gyzyl gülälekleriň arasyndan jyklaýan gelinçeklerde gözüm eglendi. Olaryň ak damjalardan doly perleri bulutdan çykan Günüň şöhlesine bulduraşýardy.
Başlaryny bahar şemalyna çalaja yrap oturan gülleriň şu çakky gözelligini söz bilen beýan eder ýaly däldi. Şoňa haýran bolup durkam gyzyl gülälekli meýdana älemgoşaryň ähli reňki çaýyldy. Men öz gözlerime ynanmadym. Älemgoşar al-asmanda bolýar ahyry. Ýeri, bu çemenzarlygyň üstünde älemgoşar nädip döredi diýsene! Şol dem çagajyk mahalymyz deň-duşlar bolup, älemgoşaryň reňklerini paýlaşýanymyz hakyda doldy. Şonda men hemişe ýaşyl reňki saýlardym. Eneşem menden galmajak bolup, jan ederdi. Käte-de menden öňürdip, “ýaşyl” diýip gygyrdygy, Şonda men çynym bilen gaharlanardym-da, öýkelän bolardym. Men öýkelesem, onuň durary bolmazdy.
- Boýa-la, ýaşyl seňki bolaýsyn-diýeredi. Onsoň ikimiz ýene-de äbede-jübedik.
Hut şu pursat meň wagty yzyna dolasym, şo-ol birmahalky çagalyk dünýäsine dolasym geldi. Birdenem ýazlaga çykan döwrümizde alaňlyklaryň arasynda kömelek gözleýänimiz, çomuç ýygyp, ony otda gorsap iýýänimiz beýnä doldy. Biziň çopan guşumyzda ýazlaga çykan hojalyk köp bolmasa-da, deň-duşlar az däldi. Biz maý tapdygymyz ak çägeli alaňlaryň arasynda oýnardyk. Kömelek gözlärdik.
Şol günem kömelek gözlemäge gidenimizde şeýdip, dünýäni sil-suw edip öýlänçi gelipdi. Ýagyş kiparlansoň, ürgün çägeleriň üstünde hezil edip, ortadurmak oýnadyk. Bir seretsek, Gün öýleden agypdyr. Biz dyr-pytyr bolup, kömelek gözläp başladyk. Men kömelege gümra bolup,
deň-duşlarymdan ara açanymam duýmandyryn. Bir seretsem aňňat-aňňat gum depeleriniň arasynda ýekeje özüm. Ylgap gapdalymdaky depä çykdym. Gara-çyra görnenok. Onsoň ylgawymy ýazdyrman, ýene bir depä, onsoň ýene birine çykdym. Eger-eger ynys-jynys ýok. Nätjegimi bilmän, sägindim-de, sesimiň ýetdiginden gygyryp başladym. Maňa hä berýän ýokdy. Halys aljyradym. Ýöne ylgawymy ýazdyrmadym. Azaşandygyma düşündim. Indi bar aladam garaňky düşmänkä, düşelgä dolanmakdy. Depeden depä, alaňdan alaňa dyrmyşyp, halys ysgyndan gaçdym. Ýap-ýaňja ýagan çabgadan soň, heniz çygy gitmedik al-elwan güller başyny adaja şemala yrap otyrdylar. Bu çak meni dünýäniň gözelligi imrindirenokdy. Basymrak yzyma dolanmak isleýärdim. Ýöne bolmajak bolmasa, bolmaz eken.
Alňasap, aljyrap ters tarapa gitsem näme? Şol ylgap ýörşüme Gün gözýetimde gizlendi. Aglap başladym. Ýöne halymdan habar alan, näme üçin aglaýaň diýýän ýokdy. Agap- aglap halys usurgap, töweregime naýynjar garadym. Gorkujygymdan ýaňa ýüregim agzymdan çykyp barýardy. Indi men ýitendigime, tizara gözlegime çykjakdyklaryna ynandym. Ýuwaş-ýuwaşdan iňrik garalyp başlady. Şagallaryň gykylygy, möjekleriň uwwuldysy edil golaýjagymdan eşidilýärdi. Men gijämi şu ýerde geçirmeli boljakdygyma, garaňkynyň içinde meni tapmajakdyklaryna düşündim-de, ullakan sazagyň aşagyny az-kem köwdüm-de, ýatar ýaly ýer edindim. Oňa ýuwaşlyk bilen girdim. Ykjamlanyp, bir gapdala gyşardym. Gaty ýadapdyryn öýdýän, şobada gözüm ýumulyp başlady.
Oýadygymy- ukudadygymy aňşydyp ýetişmänkäm, edil ýanjagazymda oturan ak eşikli adama gözüm düşdi. Men tisginip gitdim. Özünden heder edenimi bildimi, namemi ol usullyk bilen meniň kellämi sypalady. Men birneme ekezlendim. Gorky ýadymdan çykdy. Özümiň ýeke däldigime begendim. Arkaýnlaşamsoň, uka gidipdirin. Agajyň aşagynda näçe ýatanymy, ol adamyň haçan ýanymdan gidenini bilemok. Şo ýatyşyma dünýäni duýmandyryn.
Gün dogup, al asmana galanda, itiň sesine oýandym. Ol şeýle bir gaty üýrýärdi weli, göýä birini kömege çagyrýan ýalydy. Men her näçe “ýit” diýsemem barybir ýanymdan gidenokdy, üýrmesinem kesenokdy. Men gorkujygyma gymyldaman ýatdym. Ahyry ho-hol, aňyrdan, bir ýerden “alabaý, gaýt” diýen ses eşidildi. Men begenjime böküp turmakçy boldum, ýöne alabaý meni gymyldadarly däldi. Meniň “öýüjagazymyň” agzynda öň aýagyny ýassanyp ýatyşyna sesini kesenokdy. Itini çagyrýan adamyň barha ýakynlaşýandygyny sesinden aňmak bolýardy. It weli, şonda-da ýerinden gozganman ýatyşyna barha batly üýrýärdi. Ol adam ýakynlaşandan meni gördi-de itine haý-küş edip, beýläk aýyrdy. Soňam meni ýuwaşlyk bilen agajyň aşagyndan çykardy. Ol menden birzatlar soraşdyrdy. Meniň weli, bu çak geplemäge mejalym ýokdy. Ol meni goltugyna aldy-da:
--Gyzym jan, gorkma, guzym. Sen nädip düşdüň ,bu ýerlere. Haçandan bäry ýatyrsyň? Kimiň çagasy, haýsy goşdan?-diýdi.
Onuň soraglaryna jogap bermäge ýaramdym. Asla şo pursat hiç zat ýadyma düşenokdy. Zordan Goşa takyrdandygymy aýtdym-da, kellämi ol daýynyň egnine goýdym. Soňam ejemiň gözýaşlary ýaňagyma damanda gözümi açdym. Oňa hemmeler begendiler. Ejem maňlaýymdan ogşady.
-Balam, nätdiň sen bizi. Gözlemedik ýerimiz galmady. Çöl içini elek edip eledik, tapmadyk. Gije gorkmadyňmy? Ýeri Soltanderşiň düzlüginden nädip aşdyň, şunça aralygy nädip geçdiň, balam. Seni hakyt Alla gorapdyr, ýogsa şagallara şam bolardyň, eziz çagam.
Şo pursat ak eşikli daýyny ýatladym.
- Eje, bir daýy maňa “Ýatyber arkaýyn, ertir ejeňe gowşarsyň” diýdi. Ýanymda oturdy. Men gorkmadym.
Oturanlar meň sözüme haýran galdylar. Ymgyr çölde Hydyr atanyň meni ýeke goýmandygyny öwran-öwran ýanjadylar.
Soňam sorag baryny ýagdyrdylar.
Ejem meni gujagyna gysyp oturyşyna:
- Bu çaga nä bilsin gyz, Hydyr ata goragladymy ýa-da başga bir gudratmy. Garaz, Alla balamy ýalňyz goýmandyr, şoňa şükür. Bu Allanyň gudraty- diýdi.
Şol günden soň , tä ýazlagdan gaýdýançak, sähra çykmaga het edip bilmedim. Goşdan arany açdygym, ak çägeli depeler daşymy gallaýjak ýaly boldy durdy. Oba gelenimizden ol waka ýuwaş-ýuwaşdan ýatdan çykyşdy.
Ynha, indi aradan är ömri geçenden soň, duýdansyz gelen öýlänçi meni şol güne dolady. Eýsem, ymgyr çölüň içinde ýalňyz galan alty ýaşly çaga hossar çykan ak eşikli daýy illeriň aýdyşy ýaly Hydyr atamydyka? Ýa-da ol gorkudan ýaňa galpyldap duran ýüregiň öz-özüne tesellisimidikä? Bu soraglaryma heniz-ä jogap tapamok. Belki, ak baýyrlara gezelenje gelemde ýagan öýlänçi, töwerek-daşyň gözelligi, ülpüldäp oturan gyzyl gülli meýdanlar birmahal geçip giden dünýäme dolanmagymdyr. Çünki ak baharlar, ak çabgalar arkaly wagt öz-özüni täzeleýär diýýänleriniň çyn bolaýmagy hem ahmal...
Ogulgerek Ussaýewa.
Hekaýalar