17:40 Özgäniñ bagty / hekaýa | |
ÖZGÄNIÑ BAGTY
Hekaýalar
Ol mekdepde arakesmä gabat geldi. Işdeş ýoldaşlary onuň daşyny galladylar. - Melike, gyzyň ýaşy uzyn bolsun. Uzak ýaşasyn. Jaýyňam gutly bolsun. – A gyz, täze jaýyňyzy tapmamyzsoň, gyzyňam, jaýyňam gutlamaga baryp bilemzok. -Iki şatlygy birikdirip, basym uly toý tutmakçy. Nesip bolsa, şonda bararsyňyz. Aýtmaga ýörite gelerin. Gyzym bir azajyk ele tutak bolsun. Häzir men gyzym üç ýaşaýança oňa seretmäge rusgat almaga geldim. Melike işdeş joralary bilen hoşlaşyp, arzasyny gowşurmak üçin müdiriň kabulhanasyna tarap ugranda dälizde Mahym bilen gabatlaşdy. Mahym içgin-içgin Melikäniň halyny sorady. Melike Mahymyň bu şelaýynlygyna düşünmän durka, ol garaşmadyk soragy orta atdy: - Melike, seň Otaga diýip joraň barmy? – Hawa, bar. Sen ony nireden tanaýaň? - Meň oňa beletçiligim ýok. Ýöne baýak mekdebmize iş sorap gelende gabatlaşdym. Şonda onuň özi aýtdy seň joraňdygyny.Seň Ahmet bilen aýrylyşandygyňy, onuň öýňüzden gidendigini hem şondan eşitdik. – O nähili aýrylyşypmyşym? Ahmet nirä gidipmişin, kim diýýä ony? Melike bu bolgusyz gürrüňe geň galdy. Otagadan beýle gep çykar diýip, ömür-ahyr pikirem edenokdy. Ýöne her näçe ynanasy gelmese-de bu gürrüňiň eýýäm mekdebe ýaýrandygyna düşündi. Çünki, Mahym bir zady eşitdigi, onda-da Melike barada bir zat bildigi şobada ol äleme aýandy. *** Melike uly köçäniň ýanýodasyndan ýüzüni galdyrman ýöräp barşyna ýaňky gürrüňi kellesinde aýlady. “Otaga bu gürrüňi nireden tapdyka? Mahymyň agzyna düşen bolsa, ony eýýäm uly il bilýändir. Agzyň ýelli bolany bilenem ugrynda -ygynda ýok zady dile getirip bolmaz ahyry. Aýdan gepiň yzynda durma-da gerekdir.” Pikir derýasyna gark bolan Melike bir ulagyň edil öz gapdalynda uly ses edip, zor bilen saklanandygyny eşitdi. Ýöne bu çak onuň küýi-küçesi şol bir zatdady. Bu bolgusyz gürrüňiň nireden gelip çykandygy baradaky oýlar ony aldym-berdime salýardy. Bu gürrüňiň anygyna ýetmak isläp, onuň ýüregi ýarylyp barýardy. Ol ulagdan düşeniň özüne tarap ylgandygyny duýdy. Şo demde hem garşysynda ýylgyryp duranyň Otagadygy ony aljyratdy. Ýaňky gürrüňden soň, indi hiç haçan Otaga bilen sataşmazlyga ant içenem bolsa, jorasynyň hiç zat bolmadyk ýaly ýylgyryp durmasy ony sägindirdi. Ol hut şu pursat ähli zady anyklamak isledi. Ýöne ol pikirini jemlemänkä, Otaga jorasyny bagryna basdy. -Senem görmek bar eken-ow, jora jan. Şähere gelenim bäri seniň soragyňda. Mekdebe-de telim gezek baryp gaýtdym. “Melike dynç alyşda” diýýäler-de, seniň salgyňy berenoklar. Ýogsam özelenibem ýalbardym-la, gyz, men olara. Melike jorasynyň bu gürrüňine nähili düşünjegini bilmese-de sypaýçylygy elden bermedi: -Biz ýaňyrak täze jaýa göçdük, şoň üçinem salgymyzy bilýän ýokdur, mekdepde. Otaganyň gujagyndan zordan sypsa-da, onuň edil şu pursat jorasyny darabermäge bogny ysmady. Onuň göwnüne bolmasa, Otaganyň hemişeki mähribanlygydy. Jorasynyň elini goýbermän durşuna ol: -Melike jan, ýör, bize gideli, birsalym gümür-ýamyr ederis. Görüşmänimize-de ýoňsuz mahal geçdi-diýdi. Melike näme etjegini bilmän ýaýdandy. Onuň Otagany göresi gelmäýäni çynydy. Ýöne göwnüne çiglik gideren gürrüňi anyklamak üçin şundan amatly pursatyň bolmajagyna-da ol gowy düşünýärdi. Sebäbi Otagalar şähere ýakynda göçüp gelensoňlar, Melike-de olaryň nirede ýaşaýanlygyndanam, nirede işleýändigindenem habarsyzdy. - Ýadanyp durma, ýör, gideli-le. Gyssagly işiň ýokdur ahyry. - Işim-ä ýok weli... gyzym aglaýmasa. - Gyzyňa gaýynyň sereder, tykyrap durmaň näme seň. - Onuň sebäbini özüň bilýänsiň-le. - Dur, hany, şu ýerini anyklaly. Sen menden bir zady gaty gören ýaly gürleýäň. Indi sebäbini aýtmasaň, men seni hiç ýere goýbermen. Melike gürrüňi nämeden başlajagyny bilmän ýaýdandy. Ahyram aýgyt etdi. -Otaga, sen biziň mekdebimize işe girdiňmi? -Ýok, men diňe seni idäp bardym. Salgyňy alyp bilmänem gaýtdym. - Sen mekdepde kim bilen gürleşdiň? Oňa men hakda nämeler diýdiň? - Dur-la, sen näme diýjek bolýaň? - Men hiç zadam diýjek bolamok-da, diýýän. Seň meniň durmuşyma goşulmaga hakyň barmy? Seň haçandan bäri menden habaryň ýok ahyry. Näme üçin Mahymyň ýanynda “Ahmet Melikäni taşlap gidipdir” diýipsiň? Otaganyň ýakasyndan ot atylana döndi: -Kim Mahym? Bu gep nireden çykdy? Men Mahymam tanamok, beýlekinem. Öňümden çykan gelinden seni soradym. Olam salgyňy bilmeýändigini aýtdy. Wessalam. Başga men adam göremok, gepem edemok. Onuň ýaly mojuk zatlar kelläme-de gelenok. Asyl häliden bäri ýüzüň salyk diýýän-le, seni soran gelnimiň ady Mahymdy öýdýän. Ol Ahmet bilen bir mekdepde okandygyny, onuň üýtgeşik gowy oglandygyny telim gezek ýanjady. Ol Ahmediň adyny şeýle bir ezizläp tutdy weli, haýran galdym. Soňam ol Ahmet bilen oňuşmaýandygyňy aýtdy. Men juda gynandym. Haýdan-haý seni tapmagyň ugruna çykdym. Hernä Hudaý diýen ýerim bar eken. Seni maňa duşuraýdy. Ýör hany, ýaýdanyp durma, bu saňa gelişjek zat däl. Ulagda Nejep garaşyp dur, ýör, hany. Melike jorasyna müňkürlik edenine gyýyldy. Ýöne Mahymyň özi barada ýalan gürrüň ýaýradanynyň sebäbine-de düşünip bilmedi. Dogrusy, Melike indi bu gürrüňi yzarlajagam bolmady. Agzy ýellileriň gybatyna gulak gabartsa, onça-da bolmajakdygyna, gep edeniň gepçi däl-de, gep yzarlanyň gybatçydanam beterdigine Melike aňry ýany bilen düşünýärdi. Şonuň üçinem ol jorasynyň sözüni iki gaýtalatmady... *** Mahym ýalan gepiň üsti açyljakdygyny bilse-de, beýle çalt ýüze çykar diýip, güman edenokdy. Ýöne mekdepde bileje tirkeşen ýigidininiň zaryny häzire çenli çekip ýören ýürek oňa başgaça hereket etmäge maý bermedi. Çünki ol şeýdip ahyry Melike bilen Ahmediň arasyna çöp ataryn, Ahmet özüne dolanar öýtdi. Sebäbi ol haçanam bolsa, birwagt Ahmediň öz söýgüsine söýgi bilen jogap berjekdigine ynanýardy. Ýöne kerwen gurap geçip barýan ýyllar Melike bilen Ahmedi ýakynlaşdyrdygyça, ol özüniň salgyma çapýandygyna düşündi. Işdeşleriniň Melikäniň goşa toýuna barýandygyny eşiden Mahym ykbaly üýtgedip bilmejegine, özgäniň bagtyna badak atyp, bagta ýetmejegine ymykly göz ýetirdi-de, eden işine ökünip, özüni lampa ýere goýberdi... Ogulgerek USSAÝEWA. | |
|
√ Bakylygyň bosagasynda / hekaýa - 21.06.2024 |
√ Ene / hekaýa - 10.10.2024 |
√ Mahmal köwüş / hekaýa - 23.08.2024 |
√ Самые страшные войска / рассказ - 28.07.2024 |
√ Men şu gün gyz boljak / hekaýa - 26.07.2024 |
√ Ahmyryň awusy / hekaýa - 13.01.2024 |
√ Başga tarapyndan seret... / hekaýa - 20.12.2024 |
√ Martyň bir güni / hekaýa - 20.07.2024 |
√ Aýakýalaňaç oglanjygyň janyndan syzdyryp aýdan sözleri / hekaýa - 15.10.2024 |
√ Sen aman bol bu dünýäde / hekaýa - 22.01.2024 |
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |