PURSATLAR
Ömrüňi böleklere bölüp, geçen ýoluňa ser salanyňda bir pursat ol ýyldyrym çaltlygynda geçen ýaly göňrünse, başga bir pursatda onuň aňyrsyna göz ýetenok. Şol pursata dolananyňda näme üçindir köňül ýumşaýar. Onsoň süňňüňe siňen süýjüligi dünýä ýetirmäge ymtylýaň. Ine, men häzir saňa sataşynyma, ikimiziň şol birmahalky dünýämize dolanyma iki bolup bilemok. Eýsem çagalykda bileje oýnan boýdaşyň bilen duşuşmakdan lezzetli pursat barmyka? Meň üçin-ä bü hut şeýle. Ýöne meniň saglyk-amanlykdan soňky soragym seni birneme geňirgendirdi öýdýän.
- Akmaýa, sen baharda ak baýyrlarda ülpüldäp oturan gök gyrtyçlaryň üstünden aýakýalaň ýöräp gördüňmi?
-Seň berýän soragyň geň-le, gyz. Heý-de gök otlaryň üstünde aýakýalaň ylgan günlerimizi ýatdan çykaryp bolarmy? Ýadyňdamy her gezek ysmanak ýygmaga gidenimizde Garadepeden togalanýanymyz. Gök gyrtyçlary baý basgylapdy-ga. Sen şonda her gezek olaryň duýýandygyny aýdyp, nebsiň agyrardy. Käte-käte bolsa “Otlaryň dem alyşyny duýýan” diýeňde biz seniň üstüňden gülerdik.
- Hawa-da, siz-ä gülerdiňiz, meňem olary basgylaýanlygymyza janym ýanardy. Olary durkuň-dünýäň bilen diňleseň, duýmak kynam däl ýaly. Meň göwnümä şeýle. Onsoňam men şu çak çagalygymyz barada aýdamok. Özüňi bileňden soňky döwür barada diýýän.
–Gök gyrtyçlar diýeniňden beýnimde çagalygymyz göz öňüme geldi. Dogrusy, o pursatlary hiç haýsymyzyň unutmaga hakymyz ýokdur. Nähili ajapdy çagalyk, ýöne duýmankak geçip gitdi.
- Wah, o diýeniň dogry-la, ýöne men başga zat diýjek boldum.
- Seň aýtjak zadyňy bilýän.
- Hä, näme?
- Şol birmahalkyň ýaly “topragyň mährini bilmeli, onuň demini duýamly” diýersiň-dä.
- Näme men ýalňyş zat diýýänmi?
- Ýok, men häzir başga zat diýjek bolýan. Sen şu çak gyrtyçlaň üstünden aýakýalaň ýörediňmi diýdiň weli, başga zat ýadyma düşdi. Arada çagalar bilen baýyrlara gezelenje çykanymyzda men seni ýatladym. Seniň aýdyşyň ýaly, şol pursat gül-gülälekli baýyrlarda otyrkam zeminiň göwsünden syzlyp çykýan owazyň bahar ýagyşlaryna siňişini duýdum. Ol çyn gudrat bolup sustumy basdy. Şonda wagt diýlen tutdurmaýan zat bahar arkaly özüni täzelaýän ýaly göründi maňa.
- Menem saňa şony diýjek bolýan-da. Biz Garadepeden togalanýarkak, dünýä özümiziňkimikä diýipdiris. Ýaşlygyň ýelgini tutuş ömre ýetýändir öýdüpdiris. Ak baharlary bolsa, on iki aýa ýetiripdiris. Görüp otursak, beýle-de däl eken, her zadyň öz wagty, pursaty bar eken.
- Sen bir zada üns berdiňmi? Men indi her gezek çagalar bilen ak baýyrlara baranymda baharlaryň öwüşgininiň, onuň mähriniň tutuş ýyla ýetişini duýýan. Edil ýaşlygyň ýelgininiň bütin ömre ýetişi ýaly.
- Şoň üçinem bize garrama ýok, Akmaýa.
–Näme, wagt biziň duşumyzadan sowa geçer öýdýärmiň?
- Ýok, wagt hiç kimi aýap goýmaz. Ýöne başga bir hakykat-- bu dünýäde adam üçin gerek bolan zatlaň ählisi bar. Şondan diňe özüňe geregiňi almagy başarmaly. Ýogsam gereginden artyk alnan zatlaň baryna ýetişjek bolup, adam ajap pursatlary ýitirýä diýjek bolýan. Birden bir zadyň ýitäýse-de, ýüregiň ýerinden gozganýar. Tisginen ýürek bolsa özüň bilýäň, nä hala düşýär.
- A gyz, şu çak bir lukmanlygyňy ýatdan çykaraýsana. Pelsepäňi azalt, ikimiz başga zat hakda gürleşeli.
- Gep pelsepede däl, Akmaýa. Şu pursatda birhili dünýä sygmajak boldum weli, göni seň ýanyňa gaýdyberdim. Çagalygymyzy, gök otlaryň üstünden togalanyşymyzy ýatlasak, senem birki sany mukamy ýaňlandyrsaň, göwnüm açylar. Seniň göwünlere ganat berýän mukamlaryň edil goja Hazaryň üstünden öwüsýän mymyk şemallar ýaly teselli berýär maňa. Sen ony bilýäň-ä. Seniň çalýan sazlaryňy diňlämde, sen olardan keşde çekýän ýaly görünýäň. Deňiz dek çyrpynyp duran sazlary şeýdip ile ýaýaňda hem-ä seň bilen bileje oýnap ösendigime begenýän, hemem şol pursatdan lezzet alýan.
- Nätdiň, gyz, muny. Menden başga-da sazanda kan ahyry. Olaryň çalýan mukamlaryny diňlän pursatyňda kalbyň çuň ýerlerinde joşgun paýda bolar-da, seni müň hyýala atarar. Onsoň onuň täsirinden çykma ýok. Meň özüm-ä saz diňlämde şeýle pursatlara dolanýan.
- Meň weli, her gezek seniň sazlaryňy diňlämde şol gudrat kalbymy gaplaýar.Onsoňam bilýäňmi näme, men bir zada göz ýetirdim. Adam öz ýanyndan “men bagtlymy, ýa dälmi” diýen soragy gaýtalaberse, onda onuň bu durmuşdan alýan lezzetini duýmadygy bolýar. Ana, men şu çak şo hala düşdüm. Onsoň özümi bolgusyz duýgulara aldyrmazlyk üçinem seň ýanyňa geldim.
- Özüň-ä adam bagt gözläp ýaşamaly däl, höwes edýän işiňe yhlas bilen ýapyşsaň, bagt şondan gelip çykýar diýýäň. Indem başga zatlar aýdyp dursuň.
- Bolýa-la, Akmaýa. Hany, eliňe goşa tarly gazmaňy al-da birki sany heň gaçyryp ber. Menem onuň jadyly dünýäsine bendi bolup, ýüregimi gandyraýyn.
Akmaýanyň barmaklarynyň astyndan joşup çykýan owaz meni duýgy dünýäsine alyp gitdi. Şonda göz öňümde ak baýyrlarda şemala ygşyldap oturan gülälekler janlandy. Olar maňa adam ömrüniň böleklere bölünýän pursatlarynyň haýsydyr bir gudrat arkaly birigýändigini duýdurdy. Şol pursatlar ynsan balasynyň bu ýagty jahanda bitirmeli işleriniň jemi ýaly bolup göründi. Diýmek, köňlüňde şinelän arzuwlaryň wysal bolmagy üçin pursat barka süýji durmuşyň gujagyna dolup, onuň bilen bileje deň urmagy başarmaly.
Ogulgerek Ussaýewa.
Hekaýalar