19:31 Pygamber tebipçiligi: Pasyllara görä edilmeli işler | |
PASYLLARA GÖRÄ EDILMELI IŞLER
Medisina
Ýaz paslynda gan aldyrmak, ýeňlemek, hoşboý yslary sepinmek ýaly işler bilen meşgullanmaly, köp jynsy gatnaşykda bolmaly. Tomus paslynda holeranyň möwjemeginden saklaýan sowuk iýmitlere ýüzlenmeli, jynsy gatnaşygy azaltmaly, gan aldyrmakdan gaça durmaly, suwa köpräk düşünmeli. Güýz paslynda sowuk tagamlar bilen ertirlik, gyzgyn tagamlar bilen günortanlyk edinmeden häzir boluň. Melanholiýany (söwdaýylygy, sussypeslik, salygowşaklyk, göwniçökgünlik) döredibiljek islendik iýmitden gaça durmaly, hammama köpräk girmeli. Gyş paslynda galyň eşikler edinmeli, ýokumly we goýy iýmitler, çorba (çörek dogralan çorba - الثرائد) bilen nahar-lan¬syn. Buharynyň rowaýat etmegine görä, «Äşäniň zenanlaryň arasyndaky hormaty, çörek dogralan çorbanyň beýleki tagamlaryň arasyndaky beýikligi ýalydyr», «Çörek dogralan çorbada bereket bardyr». Bu pasylda eti we et önümlerini köp iýmeli. Içgeçme, gan aldyrma, gusma-gaýtarma ýaly halatlardan sakla¬nyp, hereketi we jynsy gatnaşygy köp etmeli. GAN ALDYRMAK. FASD[1] WE HYJAMAT[2] «Fasd» we «hyjamat» bu ikisi saglygy goraýan serişdeler bolsa-da, Buhary hyjamaty dertler bölümine goşupdyr. Pygamberimiz gan aldyrmak hakda emr edip: «Özüňizi iň oňat usul bolan gan aldyrma bilen bejerdiň» diýipdir. Başga bir rowaýatda aýdylyşyna görä, «Kelleagyry derdinden zeýrenip, Pygamberimize ýüz tutanlaryň ählisine «gan aldyr», aýagym agyrýar diýenleriň ählisine «hyna bilen bezen (hyna çalyn)» diýmekden başga sözi aýtmaýar eken. Gan aldyrma we onuň peýdalary hakda aýdylan hadyslar örän köp. Damardan gan aldyrmaklygyň ýaramazlygy hakda iki sany söz bar. Olaryň biri, Resulalla Übeýý ibn Kagbyň ýanyna tebip iberenligi, onuň hem hamyny ýakyp, gan alanlygy dogrusyndadyr. Ýene bir rowaýatda: «Dermanlaryň iň haýyrlysy gan aldyrmakdyr» diýilýär. Hyjamat bedeniň üstki, hama galtaşyp duran ganlaryny, fasd bolsa beden çuňluklaryndaky, damarlardaky gany aldyrmakdyr. Gan aldyrmagyň hyjamat görnüşi yssy ülkelerde, fasd hili bolsa sowuk ülkelerde ulanylýar. Goýy ganly adamlardan özgeler, hammamdan soňra (yzysüre) gan aldyrmakdan gaça durmaly. Beýleki adamlar hammamdan bir sagat çemesi soň gan aldyryp bilerler. Nahar-tagamdan doýgunkaň gan aldyrmak halanylmaýar. Pygamberimizden rowaýat etmeklerine görä: «Ajöze gan aldyrmak däri-dermandyr». Ibn Majeniň ýazgylarynda şeýle diýilýär: «Ibn Omar Nafyga garap: «Eý, Nafyg, meniň ganym joşup, heýjana gelipdir. Ýüzi-gözi nurana gan alýan tebibi ýanyma getir. Ol garry-goja ýa-da çaga bolmasyn. Men Resulallanyň «Ajöze gan aldyrmak şypa we bereketdir» diýýänini eşitdim» diýipdir. Gan aldyrmak ýatkeşligiň berkemegi, akyl-huşuň artmagy üçin peýdaly. Alkymdan gan aldyrmak diş agyrysyna, ýüzüň reňňi-roýunyň gowulanmagyna peýda berýär. Baldyrdan aldyrylan gan butda dörän çişleri (دماميل الفخذ) bitirýär, azy dişiň agyrysyny, babasyl (بواسير) derdini aýyrýar, gotur we gijilewük (حكة الظهر) ýaly dertleriň bitmegine örän peýda berýär. Hyjamatyň ähmiýetli taraplary ýokarda ýatlap geçen şypalarymyzdan birnäçe esse kändir. «Resulalla hem gan aldyrýardy we tebiplere onuň hakyny berýärdi» diýip, Ibn Apbas aýdypdyr. «Eger ol tebibiň ýaramaz, hapysalygyny eşitse, hakyny bermekden saklanardy». Pygamberimiziň gan aldyran ýerleri hakynda Ibn Apbas: «Resulalla kellesi agyranda başyndan gan aldyrardy» diýip aýtsa, ýene bir rowaýatda: «Çakyzasy tutanda hem şol ýerden /ýagny, başyndan/ gan aldyrýan eken» diýilýär. «Resulalla köplenç boýnuň iki gapdalyndaky uly damardan (الاخدعين) we ýeňse damaryndan (الكاهل) gan aldyrýardy», «Pygamberimiz aýa¬gynyň arka ýüzünden gan aldyrypdy» diýip, Enesiň gürrü-ňinde ýatlanylýar. Abu Harun bolsa «Abu Hint Pygamberimiziň süýr depesinden (اليافوخ) gan alypdy» diýýär. Gan aldyrmak üçin belli-belli günler has gowy görülýär. Abu Hüreýranyň aýtmagyna görä, «Aýyň 17, 19 we 21 günlerinde gan aldyrmak ähli derdiň şypasydyr » diýip, Pygamberimiz aýdypdyr. Onun hadysynda: «Aglaba derdiň sebäbi ganyň köplügi üçin» diýilýär. Abu Bükret öz maşgalasyna ýaşgüni gan aldyrmagy gadagan edipdir. Bu hakda Pygamberimiz: «Ýaşgününde bir pursat bolup, şol wagt gan aldyrmak bolmaýar» diýen eken. Meniň pikirimçe bu gadagan edilmeleriň ählisi janyň sagat wagty aldyrylýan gan hakda bolmaly. Emma syrkaw, dertli pursadyň ýa-da zerurlyk çykan wagty aýyň on ýedisimi ýa ýigrimisi bolsun, tapawudy ýok, gan aldyrybermelidir. Jelalyň aýtmagyna görä, Abu Abdylla: «Ahmet ibn Hanbal haýsy wagt, haýsy sagat bolaýsyn, tapawudy ýok, gany möwjän wagty gan aldyrar eken. Muny Hanbalyň özi Ysmat ibn Usama gürrüň beripdir». «Abu Musa bolsa diňe gijelerine gan aldyrar eken». Gan aldyrmagyň hyjamat hili ilki bilen Yspyhanda ýüze çykypdyr. Ökde tebipleriň aýtmagyna görä, hyjamaty aý dolmadyk wagty, fasdy bolsa aý dolan çaglary almaly. Ýene bir zady belläp goý. Fasd, ýagny, beden çuňluklaryndan, damar-lardan alynýan gan öz ýerine dogry gabat gelmese ýa-da zerurlyk ýok halaty gan aldyrmak ysgyn-mydardan gaçyp, güýçleriň ejizlemegine, sagdyn süňňüň bozulmagyna getirer. Içgeçme, mergi keseline duçar bolanlar we syrkawlykdan aýňalyp barýan adamlar, şyhypany /83 ýyl 4 aý ýaşan/, bagyr we aşgazan agyryly, göwreli, çaga dogran we aýbaşyly zenanlar gan aldyrmakdan gaça durmaly. Gan aldyrmak üçin iň amatly wagt gündiziň ikinji we üçünji sagatlarydyr. ________________________________ [1] Fasd – weneseksiýa. Gan goýbermek üçin wena damaryny kesip açma. [2] Hyjamat – wenepunksiýa. Gan goýbermek üçin içi deşik iňňe bilen wenany deşme, gan goýberme. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |