11:05 Pygamber tebipçiligi: Sebäpler hakynda garaýyşlar | |
SEBÄPLER HAKDA GARAÝYŞLAR
Medisina
Ynsan saglygyna täsir edýän alty sany esasy sebäp bar 1. Ruhuň kadaly we sagdyn bolmagyna täsir edýän ilkinji zatlaryň biri howadyr. Howa näçe arassa bolup, hapa we ýaramaz yslar garyşmadygyça, saglygyň has berk goragçysy bol-ýar. Howa üýtgän halaty, onuň ynsana ýetirýän täsiri, berýän peýdasy hem üýtgemek bilen bolýar. Her paslyň öz howasyna laýyk gelýän keselleri döredip, ters ýagdaýyndaky keselleri aýryp taşlaýanlygy belli zat. Tomus holeranyň möwjemegine sebäp bolýar we şoňa bagly keselleri ýüze çykarýar. Çünki holera gyzgyn-gurak tebigatlydyr. Şeýle hem, tomus sowuk täsirli dertlerden ýa-da sowuklama sebäpli ýüze çykan ýoňlardan saplaýar. Beýleki pasyllary hem edil şunuň ýaly edip kesgitläbermeli. Sowuk howa bedeni berkidýär we güýçlendirýär, iýmit siňdirişini gowulandyrýar. Yssy howa munuň tersinedir, pasyl çalşyp, howa üýtgän çaglary ýokanç keselleriň döremek mümkinçiligi artýar. Bu hakda, nesip bolsa, soň ýatlarys. 2. Her bir iýilýän we içilýän zat hem saglyga täsir edýär. Eger-de ol gyzgyn bolsa bedende gyzgynlyk, sowuk bolsa sowuklyk duýlup başlaýar, olaryň täsiri endama ýaýraýar. 3. Beden hereketi we beden asudalygy. Hereket etmek bedeni gyzdyrýar, ýagny onuň gyzmagyna, süňňüňde gyzgynlygyň döremegine getirýär. Beden asudalygy bolsa onuň tersinedir. 4. Ruhy hereketler we ruhy asudalyk. Ynsanda bolup geçýän ruhy ahwalatlar, mysal üçin, tukatlyk we şadyýanlyk, gaýgy-alada, çekinjeňlik ýaly häsiýetler şonuň netijesinde ýüze çykýar. Olar ruhuň bedeniň içine ýa-da daşyna tarap edýän hereketi netijesinde hasyl bolýar. Bu hakynda, nesip bolsa, soň ýatlarys. 5. Uky we oýalyk hem saglyga täsir edýär. Uky ynsan ruhuny bedeniň içine tarap çekýär we onuň netijesinde bedeniň daşy sowap galýar. Şonuň üçin hem ukuda ýatan adam üşegiç bolýar we üstüni ýorgan ýa-da şoňa meňzeş zatlar bilen örtmäge mätäçdir. Ynsanyň uka bolan mätäçligi onuň iýmite bolan mätäçligi ýalydyr. Uky ýadaw degnalaryň dynç alýan wagtydyr. Beýni durmuş külpetlerinden we kynçylyklardan ýaňa agras hala düşýär. Şeýle ýagdaýda uky indi boljak zerurlyklary tertibe salýar, onuň durnuklylygyny we ähli zady kabul etmäge ukyplylygyny gaýtadan dikeldýär. Eger-de ynsan ukyny göwnejaý almasa, ol akyl güýçleriniň ejizlemegine getirer, bedende ýadawlyk, beýnide we degnalarda dartgynlylyk ýüze çykar. Ukynyň dowamlylygy ynsanyň ýaşyna görädir. Az wagtlyk çuňňur uky uzaga çekýän alasarmyk ukudan has peýdalydyr. Çünki uky näçe çuň boldugyça, beden şonça-da oňat dynç alýar. Goh-galmagal, güwwüldi bilen gurşalan uky bedene my-nasyp rahatlygy bagyşlap bilmez. 6. Gusmak, gaýtarmak, içiňi boşatmak ýa-da içiň gatamagy ýaly ahwalatlar hem saglyga täsir edýär. Bularyň ählisi kadaly bolanda, saglygy goramak üçin örän peýdalydyr. ALAMATLAR HAKYNDA GARAÝYŞ Saçyň we bedeniň garalygy, şol ynsanyň süňňünde gyz-gynlygyň, tersine bolsa sowuklygyň agdykdygyny delillendirýär. Edil şonuň ýaly beden semizligi, göwresiniň gödeňsiligi, etli-ganlylygy şol adamda gyzgynlygyň we çyglylygyň köplügini bildirýär. Ukuçyllyk hem süňňüňde çyglylygyň ýoka-rylygy üçin ýüze çykýar, ýagny bedeniň düzüminde suw köp bolsa, adam ukuçyl bolýar. Eger-de bedende guraklyk agdyk bolsa, ol adamyň ukusy ýeňildir. Eger ikisi deň bolsa, uky kadalydyr. Beden agzalary hem şonuň ýaly görnüşde bolup, göwresiniň dolmuşlygy gyzgynlygyň, tersine bolsa süňňi sowuklygyň alamatydyr. Hatda görýän düýşüňe esaslanybam haýsy häsiýetiň özüňde agdyklyk edýändigini duýup bolýar. Düýşüňde köplenç gyzyl-sary reňkleri, ot uçgunlaryny görmek, onuň durkunda gyzgynlygyň köplügini bildirýär, tersine bolsa, onuň süňňi sowukdyr. Pulsuň tirpildeýşi çalt bolsa ol gyzgyn hyltly, haýal bolsa sowuk hyltly adamdyr. Peşewiň we tezegiň ýagdaýyna garasak, olaryň ysynyň ýitiligi we ot ýalylygy, şol adamyň häsiýet-hyltynyň gyzgynlygyny bildirýär. Ol ikisinde ysyň bolmagy gyzgynlygy, emma ysyň bolmazlygy bolsa süňňüň sowukdygyny bildirýär. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |