16:46 Remezan aýlary / powest | |
REMEZAN AÝLARY
Powestler
...Ýaremezan aýlary geler-de geçer, Atyny eýerläp, müner-de gaçar, Aýyň on dördüne ýalkymyn saçar, Muhammet ymmatyna: — Ýaremeza-a-a-an!!!... ...Öýüniň ortarasynda döşüni ýassyga berip ýatan Baýram Kulyýew barlap oturan depderlerinden başyny galdyrdy. Hamala şeýdende «Ýaremezançylar» gözüne görünäýjek ýaly, onluk çyranyň peltesini beýgeldip, kiçijik penjirä tarap tiňkesini dikdi. «Şeýdäýmäň» diýip, ýap-ýaňyja ýygnak geçirilendigine garamazdan, «şeýdişip» ýörendikleri üçin okuwçylaryna gahary geldi. Tirseginden ýokarsy somalyp duran çep eline daýanyp dikeldi. Gapdalynda ýatan temmäki haltasyny, gazet böleklerini öňüne süýşürdi. Ýeke eli bilen emgenmän çilim ýasandy. Otlandy. Çekdi. Bolandan soň konserwa gapyrjagyndan edilen küldana basyp söndürdi. Süňklerini şakyrdadyp ýerinden turdy. Çendenaşa uzyndygyndan ýaňa hemişe egilip duran göwresini ýaýkyldadyp, aňyrsy tüm garaňky bolup duran äpişgäniň öňüne bardy. Tommuk elini penjiräniň erňegine goýup egildi. Güberilip duran gözlerini süzüp, nazary bilen garaňky gijäniň göwsüni sermeledi. Örküçlenip duran burnuny çekmek üçin agzyny bir tarapa towlanda burnunyň ujam bir tarapa burlup gitdi. ...Biz-ä sizi baý gördük, Tüýnügňizden Aý gördük. Altyn bilen apardyk, Kümüş bilen gopardyk. Az bereniň gyzy bolsun, Köp bereniň ogly bolsun. Muhammet ymmatyna: — Ýaremeza-a-a-an!!!... ...Ilkinji setirleri oglanlaryň haýsam bolsa biri ýekelikde aýdýardy. Iň soňky: «Ýa remezan!» diýmeli ýerini bolsa hemmesi bilelikde «jaglaşyp» gygyrýardylar. Özlerem «ýa» bilen «remezanyň» arasyna dyngy bermän aýdýardylar welin, «ýa, remezan» däl-de, «ýaremezan» bolýar duruberýärdi. Şonuň üçinem «remezan» aýynyň ady hem halkyň aňyna «ýaremezan» görnüşinde giripdir. Şol döwrüň adamlaryny gepletseň: «...Pylankesiň ogly ýaremezan aýynda boldy», «...Öten agşam oglanlar ýaremezan gezdiler», «...ýene-de pylança günden ýaremezan aýy gutarýa» diýerdiler. Biziň bu gürrüňini edip oturan döwrümiz ellinji ýyllaryň başlary. Oba guramalary, mugallymlar tarapyndan okuwçylaryň mazaly gözleriniň ody alnyp, «ýaremezanyň» eýýäm galyşyp ugran uçurlary. Ýogsam küren obanyň içinde bary-ýogy baş sany oglan beýdişip, onda-da ogurlyk etjek ýaly bukdaklaşyp ýörmeli däl-ä! Asyl bularyňam sallary suw üstündedir şu wagt, haýsy öwrümde mugallymlaryň biri zompa öňümizden çykaýarka diýşip. Mysapyrdyrlar. Öz öýlerinde, öz obalarynda, öz toýlarynda özleri mysapyrdyrlar. Seredip otursaň welin, Baýram Kulyýew dagynyň mekdepde okap ýören ýyllaram (urşuň öň ýanlary) «ýaremezan» gezmeklik edil beýle bir «gorkuly» däldi. Ýogsam şo wagtlaram gadagandy ahyry, şu zatlar. Ýöne Sähetli mergeniň ogly Saparaly neresse oglanlary öz günlerine goýmazdy. «Biz aýtmasak bu zatlar ýiter gider oglanlar! Soň gözläbem tapyp bolmaz. Aýdalyň! Aýtma diýselerem aýdalyň! Ata-babalarymyz aýdypdyr, bizem aýdalyň. Aýtmak biziň borjumyz. Mugallymlaram öz ýalňyşlaryna soň düşünerler, şow-şowa çapýandyklaryny bilerler...» diýerdi. Diýşi ýalam ederdi. Gijelerine oglanlary alyp köçä çykardy. Hatda ýagty ýalança has giňräk, paýhaslyrak garaýan käbir mugallymlar bilen, «bilmediksireşmek», «görmediksireşmek» barada gepleşigem geçirerdi. «Köne aýdymlary aýdandygy üçin tutulyp giden bagşylarymyzyň ýasyny tutalyň. Çüli kakam ýaly düýn-ä «Alyny», «Jelili» aýdyp, bu günem: «...Kowduk ganym baýlary» diýşip dutarlarynyň tarlaryny gowşadyşyp oturan bagşylary diňlemäliň» diýerdi. Mekdepde basmaçylar barada gürrüň gidende-de ol juda, ýokuş görerdi. «Öz topragyny gorap ata çykan adam basmaçy däldir, seň topragyňa gylyç syryp, ot sowrup gelen adam basmaçydyr. Bu ýerde düşünişmezlik kän, wagt geler, bar zat belli bolar. Biz ýöne häzir elimizden gelenjesini bir edeliň» diýerdi. Ýaş başyndan onuň tapýan gürrüňlerine, edýän hereketlerine bütin oba haýran galardy. Saparaly bilen gezýän toplumyň, sylag-hormatam, alýan paýlaram üýtgeşikdi. Çünki o wagtlar bular ýaly ýekeje toplum bolup gezilmezdi-de, toplum-toplum bolup gezilerdi. Oba adamlaryna iki-üç gijeläp ýatuw bolmazdy. Emma hiç kim, hiç kimden kine etmezdi. «Indi gelseler-ä zat bermän kowaryn» diýşip, düýrügişip oturanlaram, «ýaremezançylar» gapysyna geläge-de, ýagşy niýetlerden doly sanawaçlaryny sanap, yzyndanam bir «jaglaşarlar» welin, zöwwe ýerlerinden galanlarynam, aýlykçy bolsalar-a jübülerini, günlükçi bolsalaram torbadyr çuwallaryny, kendirikdir un haltalaryny sermenişiberenlerinem duýman galardylar. ...Öz ýanyndan okuwçylary bilen «urşup» oturan Baýram Kulyýew şo zatlary ýatlap ýylgyrdy. Ýylgyrmaz ýalymy: Biri bir bölejik nan berer, biri bir okara bugdaý berer, ýene biri başga bir zat berer, iň soňunda-da biri gorladaga-da torbaňa bir goşawuç un guýar welin, uzynly gije unyň içinden bugdaý çöpläp oturansyň onsoň, ýüz-gözüňi çyr-çyrşak edip. O-da hiç beterinden-beteri bar! Kimdir biri bir gezek bilgeşländen etdimi ýa oýun eden boldugymy, hakyt Baýram Kulyýewiň zatdan doly torbasynyň içine bir susak suw guýdy oturyberdi. Yza çekiläge-de gapynam içinden şark-şurk ýapdy. Çyrasyny söndüribem ýatdy. Nätjek, uruşjakmy? Ýa sögüşjekmi? Hiç zadam etmediler. Bir çete çekildiler-de, «julkuldap» duran torbanyň içindäki «bulamagy» itiň ýalagyna dökdüler. Seslerini çykarmanam öýli-öýlerine dagaşdylar. Ýogsam oba aýlanyp bolansoňlar bir ýere üýşjekdiler, düşenje zatlaryny deň-derman paýlaşyp, bileje iýjekdiler. Wah, gep iýmekde-de däl, gep şo zatlaryň şagalaňynda, şüweleňinde. Şol şowhunyň adamlaryň başyny jemläp, agzyny birikdirip bilýänliginde!.. Şol bir susak suw torbasyna şu wagt guýulan ýaly «Şondanam bir oýun bormy...» diýip, Baýram Kulyýew ýüzüni sallady. Hemişe göwni galanda ýa birine gahary gelende edişi ýaly, agzyny towlap burnuny çekdi. Ozaldanam almalygyna zordan sygyp duran bäbenekleriniň ulalyp ugranyny bildirmejek bolýan ýaly gabaklaryny aşak goýberdi. Başga bir gezek, başga bir gapydan baranlarynda berilen soraga jogap tapybilmän ýaýdanyp durşy göz öňüne gelende ýene-de açyldy. Ýene-de ýylgyrdy. Çünki, ýoldaşlary kömege gelmedik bolsalar şol gezek şol gapydan bop-boşja gaýdybermelidiler. «Palçyk iýen ördek ýaly «wark-wark» edip öten agşam sesiň ýatmady» diýip, mugallymlaryň ala-böle Saparalyny okuwdan çykarjak bolup ýörüşleri, onuňam: «Howwa, diňe men gygyrdym, oglanlary alyp çykanam men, näme çäre görseňiz maňa görüň...» diýip, döşzni gaýşardyp durşy göz öňüne gelende bolsa, ýüregi sarsyp gitdi. Şu oglanlaryň içinde-de Saparaly ýaly bar zady öz boýnuna alyp ýören töwekgeliň bar bolaýmagynyň mümkindigi, özüniňem ertir şo-ol, Saparaly neressä çäre görjek bolup goltuldaşyp ýören mugallymlaryň ornunda görnäýmeginiň ahmaldygy barada oýlananda süňňi elenip gitdi. Ýüzi gyzdy. Şol, gaýduwsyz häsiýetine görä, uruşda-da ýoldaşlaryny halas etjek bolup, özüni oduň öňüne tutan (o neressäniň ýogaldy habary gelen hatda hut, şeýle diýlip ýazylypdyr) Saparalynyň ýüz-keşbini göz öňüne getirjek bolup dyrjaşdy. Ýene bir çilim otlap başyny galdyrandanam, penjirä tarap towlam-towlam bolup barýan tüssäniň aňyrsyndan Saparaly neressäniň ýylgyryp duran keşbi görünen ýaly boldy. «Beh!..» diýip, ýerinden turdam welin, o neressede tüssä garylyp gözden ýitmek bilen boluberdi. Ýöne ol şol aralykda-da: «...Oglanjyklarymyza azar berme, Baýryjan, miwejiklerimiz olar. Goý, aýtsynlar, goý, gezsinler, goý, oglanlygyň hözürini görsünler. Başga näme güýmenje bar olarda? Sen bir beýtme ahyry. Ýa aýdylmasa ýiter diýenlerimi ýadyňdan çykaraýdyňmy?..» diýmäge ýetişdi. Baýram Kulyýew: «Ýok, men hiç zadam ýadymdan çykaramok! Ýöne bolanok, dogan jan, bolanok! Biz täze döwür üçin, täze düşünjeli, täze adam taýýarlamaly. Partiýada, hökümedem, bizden häzir şony talap edýär. Men hökman öz borjumy berjaý edäýmeli!..» diýmek üçin, tasap ýerinden turdy. Dostunyň yzyndan ýetip düşünişjek bolýan ýaly, çep ganatyny kelteden galgadyp özüni tüssäniň içine urdy. Aňyrsyna geçibem saklandy. Yzyna döndi. Hyrçyny dişläbem başyny ýaýkady. Agzyny towlap burnuny çekdi. Ýene-de äpişgäniň öňüne baryp, bäbeneklerinden zogdurylyp çykýan ýiti nazary bilen tümlügi gorsap başlady... ...Ileriň ýylgynnyň köki uzyn, Tejeniň gawunnyň kaky uzyn, Hudaýym bir ogul bersin — Gaşy gara, çüki uzyn, Muhammet ymmatyna: — Ýaremeza-a-a-an!!!... Baýram Kulyýew indi oglanlaryň sesinem aýyl-saýyl edip ugrady. «Bi, aç öleni bar ýaly, her gezek ilden öňürti zowladýan-a, Padaryň ogly Çorşy. Oň bilen gezekleşýänem Kiçiýew Allaş. Şo dagy dek düýnüň özünde edebiýatdan ikilik ald-a, haramzada! Ondan-a öýüňde gömül-de, sapagyňy oka! Juda ýüregiň ýarylyp agzyňdan çykyp barýan bolsa, «Serdarymy» aýt, «Marşalymy» aýt, ak inişe çyk-da, «...deň hukukly halklarymyzyň dostlugy» diý-de gimn aýt — diýip hüňürdedi. Çyranyň başyna baryp, syýadan ýaňa gylla ýarysyndanam gowragy besse-besse bolup duran benewşe basgyjyň gyrak-bujaklaryna atlarynam belleşdirdi. Ertir mekdebe bir baryň bakaly. — Soň ýene-de äpişgäniň öňüne baryp oglanlary synlamagyny dowam etdirdi. — Gyroýlyk satjak bolýaňyz siz, aýdylany etmediksirän bolup...» Edil şol wagtam oglanlar ýalňyşdylarmy, ýa öýünde ýokdur öýtdülermi, ala-şakyrdy bolşup obanyň partorgy Muhammet agalaryň işigine bardylar. Her niçigem bolsa çekinendirler-dä, «sen gygyr-da, sen gygyr» bolşup biri-birlerini hürsekleşdiler, itenekleşdiler, öňe-yza hallan atyşdylar. Ahyram belli bir netijä gelibilmedilermi, nämemi, ýüzlerini dik asmana tutup, başly-barat gygyryşmaga başladylar. Ýöne olaryň munsy sanawaja däl-de, yzlaşyga, «haý-waý-a» meňzedi. Birdenem gapy şarkyldap açyldy-da, ýeňsesinden düşýän ölügsije çyranyň ýagtysyna depesi ýaldyrap duran partorg atylyp çykdy. Çykyşy ýalam: «Häý, oglaňňyzam bir ...ler diýsänim, bu ýerde nä haram ölen gul barmy, beýdip yzlaşarňyz ýaly?» diýdi-de, çemelije zat gözläp töweregine sermendi. Tamyň düýbünde ýatan pilmi, ýabakmy, uzyn saply bir belany garbap aldy-da, eýýämhaçan gyrgy gören serçe sürüsi ýaly güsürdeşip barýan oglanlaryň yzyndan eňdi. Gaty gidibermänem dolandy. Elindäkini alan ýerine oklap goýberdi. Onuň takyrdysy ýatmanka-da gapysyny şakyrdadyp açdy. Gürpüldedibem ýapdy. Temmeledi. Onuň bu hereketlerini synlap duran Baýram Kulyýew: «Oňardy. Şeýtmeli. Geläýseler menem şondan oň etmen...» diýip pyşyrdady. Abat eliniň ýumrugyny düwüp, dişlerini gyjady. Başyny bir silkende, maňlaýyna düşüp duran saçlaryny yzyna gaýtardy. Okuwçylar gapysyndan geldikleri etjek hereketlerini, diýjek sözlerini taýynlap goýdy. ...Oglanlar ala-wagyrdy bolşup gaýtdylar-da, Baýram Kulyýewiň çep tarapky goňşusy Myrat ýegenleriň işiginde aýak çekdiler. Pes boýluja, tos-togalajyk birini öňe iterdiler. Olam gazyň çagasy ýaly moýmuldap bardy-da, ýaş oglana gelişmeýän zorruk ses bilen zowladyp başlady. Ýaremezan aýlary, Geldi, geçer baýlary. Merediň on dördüne, Ýalkym saçar aýlary... Baýram Kulyýew lampa aşak oturdy. Çünki ojagaz oglanyň sesi şeýle bir Saparalynyňka meňzeşdi welin, onuň towsup çykaga-da: «E-eý, Saparaly-e-eý, bu senmi-e-eý!..» diýip gygyraýasy geldi. Ony diýseň, diň saldygysaýy beýlekileriňem hersiniň sesi öz deň-duşlaryndan biriniňkä çalym etdi durdy. Şuny şu çaka çenli bilmeýşine geň galdy. Hamala ýaňy şol ýere olaryň seslerini ýazyp alan ýaly, elindäki benewşe basgyjyň ýüzüne çiňerilip-çiňerilip seretdi. Soň ýene-de daşaryny diňledi. Şonda olaryň arasynda hut, öz sesem bar ýaly bolup duýuldy. Ol: «Beh!» diýip başyny ýaýkady-da, usullyk bilen içki jaýa tarap boýnuny uzatdy. Uluja oglunyň ýerinde ýokdugyny görüp düýrükjek boldy. Gapynyň agzyna baryp daşaryk boýnuny uzatdy. Düňderilen gazan ýaly garalyp görünýän beýik asmanyp düýbi bilen ýoluň bir o tarapyna, bir bu tarapyna ýelk ýasaýan oglanlary görende, özüni suwsap ýatan gök maýsaly meýdana nem bermek maksady bilen daglardan silip gaýdan sil suwuna meňzetjeginem bilmedi, şol siliň öňüne basyljak bolunýan emeli böwede meňzetjeginem bilmedi. Birdenem, Saparalynyň sargytlarynyň tersine gidip ýörendigi üçin özüni müýnli saýdy. Haçanam bolsa özünden hasabat soralaýjak ýaly, eýýämhaçan ýakasyndan tutulyp soraga äkidilip barylýan ýaly hopukdy. «Ýa azar bermesemmikäm, bilmediksiräp oturybersemmikäm» diýip, ýüzüni iki ýana sypajaklatdy. Edil häzirki pursatda beýleki mugallymlaryň nähili hereketler edip ýörendiklerini biljek bolup kösendi. «Ýa olaram näme etjeklerini bilmän ýaýdanyşyp otyrmykalar? Ýa Saparalynyň edişi ýaly, oglanlar olar bilen «gepleşik» geçiräýdilermikä?» Şeýle bolaýmagynyň mümkindigi ýadyna düşende özüne «ilçi» iberilmändigi üçin Baýram Kulyýew kemsinjek boldy. Bir özüm küren oba ýigrenji bolup ýören bolaýmaýyn diýen pikir beýnisine dolanda, öz-özüni ýigrendi. Eli bilen derini çalyp äpişgäniň öňüne bir bardy, bir gaýtdy, gapyny bir açdy, bir ýapdy. Elindäki benewşe basgyjy ýyrtjak bolup bir egildi, birem goýbolsun edip dikeldi. Tereziniň bir tarapyna Saparalynyň sargytlaryny, beýleki tarapyna-da özüniň hökümet öňündäki borjuny goýdy. Ahyram şu günki borç düýnki günüň, dost-ýaryň hatyrasyndan üstün çykdy. Okuwçylaryň kem-kemden öz öýlerine tarap golaýlaşyp gelýändiklerini görüb-ä hasam kejikdi. Özüni sylanmaýan, äsgerilmeýän, kärine hormat goýulmaýan hasap etdi. Ýöne bu ýagdaý uzaga çekmedi. Çünki Saparalynyň ýap-ýaňyja çal dumanyň içinde delmuryp duran keşbi ýene-de peýda boldy. Aýdan sözlerini ýene-de bolşy ýaly, birin-birin gaýtalady. «Gör-dä Baýryjan, soňky gün günäkär-ä özüň borsuň, töweregiňe ser salyp gör, başga ýerden gelib-ä oglanlary kowalap ýören ýokdur... Başyňdaky owsaryň ujy başga biriniň elindedir. Oýlan... Özümem şü iň soňky gelşimdir, sebäbi umydym azalyp barýa, tamam ýere siňip barýa...» diýip, üstüne-de goşdy. Şol wagt daşardan ýene-de oglanlaryň «jaggyldysy» eşidildi: ― ...Ýaremeza-a-an!!! Baýram Kulyýew towsup ýerinden turdy. Ýaraly ýolbars ýaly dar jaýyň içinde, iki ýana hars urup ýörşüne: «Howwa-da! Dogry-da! Şular biz-dä! Biziň dowamymyz-da, şular! Biziň şu günki güne getiren baýlyklarymyzy indikilere ýetirjekler-dä! Erte biziň şu dünýäde ýokdugymyzy bildirmejekler-dä! Biri Saparaly, biri Padar, beýlekisem meň özüm-dä! Ýeri, onsoň dogrudanam, şular aýtmasa kim aýtmalymyşyn, şol aýdymlary? Aslynda nämüçin aýtmaly dälmişin? Nämeden gorkmalymyşyn? Saparaly gorkanokdy, biz gorkamzokdyk, bular nämüçin gorkmalymyşyn? Biz nämüçin özümiz gorkmadyk halymyza bulary gorkuzmalymyşyk? Nämüçin öz elimiz bilen öz yzymyzy gömmelimişik? Goý, aýtsynlar! Degme aýtsynlar!» diýip pyşyrdady. Aýgytly netijä gelendiginiň alamaty hökmünde döşüni gaýşardyp hekgerdi. Başyny silkip saçyny gaýtardy. Ýaýkyldap bardy-da, burçdaky haçjadan asylgy duran jalbaryna elini ýetirdi. Çermegini jonnuk eliniň goltugyna gysyp, abat elini jübüsine sokdy. Könelip esgä dönen iki sany birligi gysymyna gysdy-da, jalbaryny ýerinden asdy. Munuň üçin ýüzünden sypalanmajagyny, kommunist hökmünde ertiriň özünde raýkompartiýanyň ideologiýa boýunça sekretary Ilçenkonyň öňünde sömelmeli bolaýmagynyňam ahmaldygyny aňsa-da, ötüp giden deň-duşlarynyň ruhuny şat etmekligiň hatyrasyna ýüregini bire baglady. Gaty gyssaberse: «Halkym şu zatlardan mahrum boljak bolsa, men saňa nöker däl...» diýäge-de partbiledini Ilçenkonyň öňüne zyňmaklygy ýüregine düwdi. Şondan soň birhili ýükem ýeňlän ýaly, beýnisem durlanan ýaly boldy. Nijembir wagtdan bäri özüni birinji gezek bagtyýar saýdy. Öz ynsabynyň garşysyna gitmekligiň ruhy ezýetinden aýňaldy. Kalbynda dörän süýjümtik duýgynyň lezzetine melul bolup durşuna Saparaly ýaly gaýduwsyz, goç ýigitleriň hernä, hiç bir nyşansyz ýitip gidibermändikleri üçin begendi. Azragam bolsalar, şolar ýaly ogullaryň janlary sagka halkyň synasyna şikest ýetmejekdigine ynandy. «Hemme-de biz ýaly herdemhyýal bolan bolsa-ha ýurduň enesi üwreljek ekeni...» diýip, içini çekende içiniň iç ýüzi juwlap-juwlap gitdi. Özüniň silem, emeli böwedem, asyl-ha hiç zadam däldigine gözi ýetdi. Saparalynyň häzir özünden köp-köp hoşal bolup gidendigini bütin süňňi bilen syzmakdan ýaňa heziller etdi. Hatda o neressäniň: «...Ýaremezan aýlary, geler-de geçer...» diýip, ulili bilen gygyryp barýan zorruk sesem eşidilen ýaly boldy. Şol pursat onuň özüniňem ylgap çykaga-da, oglanlara goşulyşyp ugrubir ylgaberesi geldi. ...Myrat ýegenleriň işiginde hümerlenişip duran oglanlaryň gowry, Myrat ýegeniň aýaly Amansoltanyň çasly gülküsi Baýram Kulyýewi agyr oýlardan açdy. Amansoltanyň: «Tapmaçany tapmasaňyz hiç zadam berjek-gä» diýenini, olaryňam: «Aýtda-aýt» bolşup öňe-yza omzaýyşlaryny görüp, ýarpy göwresindenem gowragyny äpişgeden çykardy. Ýaý ýaly eglip durşuna, häliden bäri syňragynda saklap duran benewşe basgyjynam «guýguç» edäge-de gulagyna tutdy. Şondan soň Amansoltanyň sesi edil ýanynda ýaly eşidildi. — Saçagy näm bilen açmaly? Saparalynyňka meňzeş zorruk ses tümlügi para-para kylyp geldi-de, benewşe basgyjyň içinden geçip, Baýram Kulyýewiň owaz perdelerini sandyratdy. — Bissimilla bilen. — Daşa gurt düşse näm bilen aýyrmaly? — Düýäň şahy bilen... — Düýäňem bir şahy bormy, ýer çeken? — Daşa-da bir gurt düşermi, daýza jan?.. — Alyň onda paýyňyzy... Amansoltan elindäki düwünçegi «ýaremezançylaryň» torbasyna silkip goýberdi. Baýram Kulyýew: «Maladis oglanlar» diýip pyşyrdady-da, gulagynyň «guýgujyny» aýyrdy. Dikeldi. Bir ädim yza süýşdi. Geldikleri gygyryşman zat etmän iki manady ellerine gysdyraýar ýaly, gapynyň arkasynda häzirlenip durdy. Emma oglanlar Baýram Kulyýewiň öýüniň ýeňsesi bilen aýlandylar-da, köçäniň aňry ýüzüne geçdiler. Ol ýerde-de ilk-ä ir wagtlardan bäri düýekeş bolup işläp ýören Muhammetguly agalaryňka, soňam obanyň öküz biçýänçisi Agabegleriňkä bardylar.. Ondan soňam esli wagt bäri gaýraky köwüň aňry ýüzünde kowçum bolup oturan Halyl Çulumlara tarap tutdurdylar. Iki manadyny mynçgap, gapynyň ýeňsesinde duran Baýram Kulyýewiň endam-jany buz ýaly boldy. Dodagy kemşerdi. Barmaklarynyň bogunlary gowşady. Gysymy öz-özünden açyldy-da, birlikler ýere gaçdy. Ol: «Häý, eşekden bolan doňuzlar diýsänim, aýlanyp geçer ýaly meň öýümi nä ýagy çapypmy? Ýa meň puluma mama çykypmy?» diýip dişlerini gyjady-da, gapynyň agzynda ýatan esgi köwşüni ýüzüniň ugruna aýagyna ildirip, daşaryk okduryldy. Gyssanjyna egilmänem undup, maňlaýyny işigiň erňegine gülçüldedip urdy. Gözünden ot çykdy. Ýekeje eli bilen maňlaýyny tutup arkan serpildi. Iç işikde ik ýaly pyrlandy-pyrlandy-da, ötük tapan suw ýaly gapydan suwulyp çykdy. Köwüň bäri gyrasyna ýetiberendenem, eýýämhaçan aňrybaşyna dyrmaşyp barýan oglanlaryň ýetdirmejekdiklerini bilip, yzlaryndan gygyrdy. — E-eý, duruň-e-eý!.. Oglandar ilk-ä bir her ýerde, her ýerräkde heşerlenişip durdular. Birdenem «ülker» ýaly bir ýere toplandylar-da hyşy-wyşy edişdiler. Köwüň aňyrky raýyşyndan atan-da-satan bolup aşaklygyna gaýdan uzyn göwrä çiňerilip-çiňerilip seredişdiler. Bir taý ýeňini galgadyp ýetip gelýäniň kimdigini bilensoňlaram biri-biriniň ýüzüne ýalt-ýult edişdiler-de, edil öňden dilleşip goýan ýaly, hersi bir tarapa bakan ökjäni göterdiler. Ýokarky raýyşa ýetip gelýän Baýram Kulyýew, muny görüp özüni ýere goýberdi. Demi-demine ýetmän, haşlap oturyşyna, elindäki benewşe reňkli basgyjy puldyr öýdüp öňe uzatdy. Yzgytsyz seslendi. — E-eý, alyň-a munam!.. Edil şol wagtam raýyşdan bir tokga ak zat togalanyp gaýtdy. Ýolboýy içinden bölek-büçek nan, üç-dört düwür gant, sök, kak, erik kişdesi, patrak ýaly birgiden ir-iýmişleri seçelendirip gelýän zadyň «ýaremezançylaryň» torbajyklarydygyny bilensoň, Baýram Kulyýewiň ýüregi jigläp gitdi. Öňküsindenem yzgytsyz ses bilen: «Wah, barja emgejiklerimi köýdürdim-ow...» diýende, gözlerine ýaş geldi. Bar zatdanam beter özüniň ynamdan gaçanyna, ýitip barýan dessury dowam etdirmek üçin başlaryny eteklerine salşyp, şeýdişip ýören çülpeje çagajyklaryň, edil ýarak itden gaçan dek özünden gaçyp gidendiklerine gynandy. Öz kesabatlygy zerarly ýere dökülen yrsgaly yrýa etmezlik üçin, gumy-sumy bilen gysymlap, yzyna guýup oturyşyna, hamala häzir hut öz ýaşlygyny ürküzip goýberen ýaly, hamala şu wagt hut Saparaly neresse dagy özünden gaçyp giden ýaly, ýeke bir ýaremezan baýramçylygy däl, nowruz baýramçylygynyňam ýitip gidendigi üçin täk özi günäkär ýaly göwni bozuldy-da, aglap goýberdi. Gowy içini egisensoňam, hiý, birinden-biri dolanyp geläýmezmikä diýen umyt bilen, ep-esli oturdy. Torbany raýyşa çykaryp, atam eýýämden bäri garalyp ýatan ullakan töňňä söýedi. Ýörite öýlerine gidip hälki iki manadam alyp geldi. Onam torbanyň içine dykdy. Şondan soňam bir çete çekilip, ep-esli garaşdy. Oturyp-turup diň saldy. Emma uzynly gije garaşsa-da, şondan soň obanyň hiç ýerindenem sanawaç sesi eşidilmedi. Juma HUDAÝGULY. 1985-1990. Aşgabat-Moskwa. | |
|
√ Sary bagşy / powestiň soñy: Bamyny agladan aýdym - 06.03.2024 |
√ Palindromaniýa: Çopanystanda gije - 02.07.2024 |
√ Sary bagşy / powestiň dowamy: Synag - 06.03.2024 |
√ Aýuwlaryň aýdymy -3: powestiň dowamy - 04.08.2024 |
√ Sary bagşy / powestiň dowamy: Pürli - 06.03.2024 |
√ Aýuwlaryň aýdymy -8: powestiñ soñy - 10.09.2024 |
√ Gün bize geňeşmän dogýar / powestiň soňy - 29.08.2024 |
√ Ene / powestiñ soñy - 15.01.2024 |
√ Sary bagşy / powestiň dowamy: Maşgala - 04.03.2024 |
√ Palindromaniýa: Çopan. Çopanystan ýaýlasynda agşam - 03.07.2024 |
Teswirleriň ählisi: 5 | |||
| |||