RUBAGYLAR
“Onuň bolup ýörşi ýalňyş” diýdiler,
“Ýaňagyna şeýtan çalmyş” diýdiler,
“Ol öwüt-ündewe mätäçdi welin,
Emma gybat bilen başyn iýdiler.
***
Töwerek-daşymyz parahat, ümsüm,
Seniň gözleriňde meniň bar ünsüm,
Emma ýüregiňi bile-bilmedim
Perimiň, Arwahmyň? Aýt ahyr, kimsiň!?
***
Belent gaýalardan aşyp bolmaýar,
Bir erbet urgusyz çaşyp bolmaýar,
Kä aglap, kä gülüp menzil sökmedik,
Hiç haçan hiç zada aşyk bolmaýar,
***
Kelle gyzdy, gözün ýumup gürledi,
Töwerekde kim bar, kim ýok, görmedi,
Ýuwdunyp gözüni açan warsaky,
Gybatyn edýänni görüp derledi.
***
Oýanawer, gaflat ukuda ýatan,
Hor bolmaz topraga mährini gatan!
Her pursat ynsany bagtyýar etjek,
Şu mele toprakdyr – ol beýik Watan!
***
Ýaňy daň atypdy, Gün ýaşdy eýýäm,
“Muny görenme-de köp şükür” diýýän,
Wagtyň geçenine begenemok men,
Bu ajap dünýäni ýürekden söýýän!
***
Söýgi bardyr ýürekleriň ýagynda,
Ýürek ýagy erär yşkyň dagynda,
Ar-namysy goramaklyk hökmandyr,
Sebäp ol durandyr ýürek bagynda.
***
“Men neneň edeýin oňňut” diýýäň, dost,
“Öýümde iýmäge nan gyt” diýýäň, dost,
“Büreli törüňde düýrügip ýatma,
Ek, or!” diýsem, “Ol ýer eňňit” diýýäň, dost.
***
Dogry gardaş, aňsat däldir öýlenmek,
Ýöne nämä gerek saňa oýlanmak?!
Goňşy howludaky bagtyňy görmän,
Aýyp dälmi, uzaklarda aýlanmak?!
***
Kiçijek şöhratly men-menlik satdy,
Göwnün göge zyňyp, ýyldyzda gapdy.
Bir gün kelemenläp gaýdanda aşak,
Diýdiler: “Görgüli pälinden tapdy”.
***
Talaň salyp gyzyň bagy-bossanna,
Boş hyýalyň ýassyk edip ýassanma!
Bu durmuşda bihasap zat bolmaýar,
Haramlyk garagňy gapar, gyssanma.
***
Dana aýdar: “Dama-dama köl bolar”,
Şol damjalaň kesildigi nol bolar.
Bagryň ýere berip ýatmak howplydyr,
Çünki ýeriň özeninde öl bolar...
Azymberdi KAKAÝEW.
Goşgular