17:26 Rubagylar | |
RUBAGYLAR
Goşgular
Näzlim bilen galsam bir ymgyr çölde, Owsunýan saçlary bor maňa kölge, Söýgimizden asgyn geler beýewan, Sebäp bolarys biz bitewi göwre. *** Bossanlykda keýik deý oýna-böküp, Ýar janymy aljak, synamy söküp, Ol kalbyna nädip jogap bererkä, Meni yşk oduna kül edip, ýakyp. *** Sen – gunça, bägül deý açyljak haçan? Dünýäme nur bolup seçiljek haçan? Goýnuň – bir ajaýyp bagy-bossanlyk, Maňa miwesinden eçiljek haçan? *** Şol ýörşüňmi ýüz bermän sawçylara, Bu bolşuňa gyz, meňzärsiň çuwala, Aý sen, bu gijede saç nurly şuglaň, Men uklaman çykaýyn awçylyga. *** Söýenimde gara gözli şol ýary, Bolup gördüm el-aýagym şel ýaly. Söýgi, höwes garramaýan ekeni, Ýaşlyk welin geçýän eken ýel ýaly. *** Saçlaryňy orap meniň boýnumdan, Janym al, jesedim jaýla goýnuňda. Goý, utulan men bolaýyn, eý, dildar, Bu söýginiň aldyn-berdim oýnunda. *** Akýan ýaşy görsem dideleriňden, Hat-da ölem bolsam dirilerin men. Saňa meni unutdyrsa täleýiň, Seň bilen bakyda birigerin men. *** Köp örtendim ýanyňa ýetip bilmän, Soň kösendim, söz başyn çatyp bilmän. Alnyma ýazylan däldir-ä, näzlim, Şöwür çekmek, gijeler ýatyp bilmän. *** Yşk püre-pür bolan ýüregim päkdir, Gara gözlim, ol seni ezizläpdir. Saňa barça syryn aýdasy gelýär, Ýöne sen diýmäwer: “Ol ejizläpdir.” *** Duýgy gögär baharyň maýasynda. Ýaz hyjuw bar söýgiň pyýalasynda. Sowuk çalan ternelerem galmaýar, Güýzügen söýgüniň biýarasynda. *** Aşyga kyýamat meýli paşmasa, Birden hazan ýeli öwsüp başlasa. Maňa ýan bermesin, uçursyn göge, Razydyryn ýar goýnuna taşlasa. *** Men ýörşüme haýran özumi saklap, Ýola çykýan geljek pursatyň çaklap. Ýene geçip gitdiň meniň duşumdan, Nazarym ugratdy seni gujaklap. *** Kalp başarsa yşk ataşa dözmegi, Bir gün duşar onuň ýalňyz gözlegi. Dideler lezzetden ýumular şonda, Sebäbi açylýar kalbyň gözleri. *** Bu ajaýyp dünýä diýýärler “pelek”, Munda diňe söýmek, söýülmek gerek. Söýüp, köýüp,duýup bilmese eger, Adama derkaram bolmazdy ýürek. *** Köpler ir-imişi, nahary öwýär, Olaram köp iýseň mädäňe degýär. Gije iý, gündiz iý, säher, öýlän iý, Ýar lebiniň baly didäňe degýär. *** Şahyr açmaly bir täze eýýamy, Muny hemme kişi oňaraýýamy. Kä kalbym bynjalyk tapanda men-ä, Okasam ýeňleýän Omar Haýýamy. | |
|
√ Magtymguly Pyragynyñ 300 ýyllygyna / Goşgular - 16.06.2024 |
√ Adamlary görseň ählisi gowy / Goşgular - 09.08.2024 |
√ Блондинка / Goşgular - 25.07.2024 |
√ Goşa ýürek / Goşgular - 22.06.2024 |
√ Pöwrizä / Goşgular - 27.05.2024 |
√ Ak atly şazadam haçan gelersiñ / Goşgular - 11.09.2024 |
√ Ne ajaýyp hüý erer, eý şohy siminber saňa... / Goşgular - 12.09.2024 |
√ Söý meni / Goşgular - 01.08.2024 |
√ Ynanarmykan? / Goşgular - 30.01.2024 |
√ Ybraýym Ýusupdan goşgular / Goşgular - 09.10.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |