17:53 Ruhnamam - Baş Galam | |
RUHNAMAM – BAŞ GALAM
Publisistika
• Saparmyrat Türkmenbaşynyň Ruhy maksatnamasyna Garaşsyz, Baky Bitarap Türkmenistan Watanymyz Saparmyrat Türkmenbaşynyň parasatly ýolbaşçylygynda asyrlaryň hem müňýyllyklaryň taryhy sepgidinde özüniň ösüşiniň dynuwsyz täze döwrüni –Türkmenbaşy zamanasyny, adalatly Türkmen jemgyýetini berkarar etmäge gönükdirilen belent wezipeleriň üstünlikli çözgüdini başdan geçirýär. Beýik Serdarymyz türkmeniň Altyn asyrynyň bosagasynda halkymyzyň eşretli ýaşaýşyny üpjün etjek döwleti, adalatly jemgyýeti berkararlaşdyrmagy onuň durmuş ýörelgelerinitürkmen Ruhnamasyny işläp düzmek bilen utgaşykly amal etmegiň zerurdygyndan ugur apyp, maksat tutunýar. Ýurt baştutanymyz Saparmyrat Türkmenbaşy Garaşsyzlyk zamanasynyň iň kuwwatly iki sütünini dikeltdi. Olar mizemez we sarsmaz syýasy we ykdysady sütünlerdir. Beýik Serdarymyz, pederlerimiziň asyrlar boýy sünnäläp gelen döwlet gurluşynyň dünýewi däplerini gaýtaryp getirýär. Ol gojaman Zeminiň üstündäki iň gadymy halklaryň biri bolan türkmenleriň öz aslyny, hüý-häsiýetini, belent ruhuny, aňyny tapmaga giň mümkinçilikler açýar. Beýik Serdarymyz talanan ruhy sütünlerimizi ussa kimin sünnäläp dikeldýär, kalbymyzdaky baknalykdan galan kir-kimirleri ýuwup aýyrýar. Ol özüniň päkize kalby,täsin dünýesi bilen her bir raýatynyň aňyna Garaşsyzlyk, watançylyk ruhuny çaýýar. Şeýdibem Döwlet baştutanymyz asyrlaryň ýowuz synagyndan synman geçen türkmeniň aň gudratyny ýene-de täzeden şineledýär. Pederlerimiziň belentligini, ýedi yklyma aňk eden ruhuny dikeldýär. Ynha, belent serli, mertebeli Türkmenbaşymyzyň äleme ýaýjak ýene-de bir gudraty, türkmen Ruhunyň baş Maksatnamasynyň wezipesi sürlen Maksatnamamyzyň çözmeli wezipesi juda köp taraply hem-de uly bolmaly. Ol damarynda türkmen gany aýlanýan her bir ýaşaýja terbiýeçilik we taplanyş babatynda iň mukaddes we baş ýörelge bolmaly. Hudaý tarapyn paýhasly türkmen aga we onuňjemagaty Ruhnama bilen bir ykbala, bir ýola, sagdak ýaly agzybirlige, doganlyga, milli ösüşe gönükmeli. Hawa, ol gün meniň durmuşymda ýatdan çykmajak pursatlaryň biri bolupdy. Türkmen daýhanlary galla ugrundaky göreşiniň gyzgalaňly, ýurdumyzda bugdaý tabşyrygynyň gününi däl, sagadyny sanap ösýän pursatynda Beýik Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda geçirilýän Ruhnama boýunça maslahata gatnaşýanlar ir säher bilen Hökümet öýüniň mejlisler zalyna ýygnanypdylar. Eýýäm sünbülli meýdanlarymyzda bolsa, türkmeniň Agzybirligi bilen Rysgaly tapyşyp, 1 milliondan gowrak bugdaý hasyly taýýarlanypdy. Ýüzi tuwakly türkmen agalar-iniler, aýal doganlarymyz biri-birlerini babadaýhanlarymyzyň galkynyşly, begendiriji üstünlikleri bilen gutlaýardylar. Sagat 10 töweregi Kalby mähirden, ýüzi nurdan doly Türkmenbaşymyz Gün dek lowurdap mejlisler öýüniň törki gapysyndan peýda bolýar. Zaldaky bütin mähelle ör turup, joşgun bilen öz Serdaryny, Ruhy jygasyny garşylaýar. Türkmen mertebesi bilen öz ornuna geçen Türkmenbaşymyz jemagat bilen ýene-de bir Döwletli Maslahaty tutuş milletiň, jemgyýetiň bähbidini araýan meseläni orta atyp, päkize yhpasy bilen derdinişýärdi. Mertebeli Serdarymyz özüniň joşgunly, täsirli çykyşy, kalbyňa damyp duran gowzadyp barýan pähimleri, öwüt-ündewleri bilen ýene-de bir tutumly işiň başyna geçipdi. Giňişleýin, tutumly maslahata gatnaşyjylar bilen bilelikde Serdarymyzyň çykyşyny bir jan, bir tene, bir göwrä, bir gulaga öwrülip diňläp otyrkam, men öz ýanymdan «Türkmenbaşymyzyň ýugrumly sözleriniň, dogaýy häsiýetiniň, päkize kalbynyň özi türkmeniň Ruhnamasy ahyryn»diýenimi duýman, galdym. Şonda bütin barlygyň arasynda meniňem köňül pyýalama käbir pikirler, teklipler guýuldy. Dogrusy, häzir mukaddes Ruhnamanyň keşbi barada gürrüň edilýärkä ony her kim özüçe pikirlenýär. Ýüzugruna kanuny sowallaram ýüze çykýar. Mesele uly-umumy jemgyýet aladasy. Meniň pikirimçe, milli Ruhnamamyz ýazylanda türkmenleriň keramatly sanlary, jubütlikleri, reňkleri, yrymlary, ynançlary susulyp alynsa we şolar esasynda düzülse kem bolmazdy. – Ruhnamamyz Döwlet Baýdagymyzda orun tapan 5 ýyldyz, türkmen halysynyň 5 göli esasynda, uly 5 baba bölünse we ol hem nesil atamyz Oguz hanyň 24 agtygynyň hormatyna 24 bölüme bölünse diýen teklip bar. –Ruhnamanyň Baş babynda Beýik Prezidentimiz Saparmyrat Türkmenbaşynyň pähim-paýhaslary, onuň tutuş türkmen jemagatyna we raýatlaryna ýüzlenmesi, türkmen nesline pentleri, Watanyň hatyrasyna agzybirlige, halallyga watançylyk çagyryşlary ýazylsa ýerine düşerdi. – Ruhnamanyň ähli sahypalary Garaşsyz, Türkmenistan Watanymyzyň Döwlet Tugunda orun alan türkmen halylarynyň gölleri bilen jäheklense göze ýakymly hem gelüwli bolar. –Türkmenler ýedilik sany hem gowy görýär. Belki her sahypada ýedi tymsal orun alsa, diýen pikir bar. –Türkmeniň ruhy ýörelgelerini kesgitlejek milli Ruhnamamyzy düzmek we ony doly ýazmak işlerine Türkmenbaşymyzyň ýolbaşçylygynda baýry döredijilik işgärlerinden, ýazyjy, şahyrlardan ýörite topar döredilse göwnejaý bolar. – Ruhnama düzülende türkmeniň ahlak ýörelgeleri, däp-dessurlary, edim- gylymlary aýdylsa, türkmençilik barada giňişleýin düşünjeler berilse hem ýerine düşer. –Ruhnama düýp eser bolsa, onuň ýanynda ýaş nesil üçin has düşnükli bolar ýaly bezegli ýankitapçalar çykarylsa diýen teklip bar. –Ruhnamada türkmeniň nesil terbiýesi, bilim, sowat, harby ýoly, din, durmuş gurmak, maşgala gatnaşykpary, edep, jemgyýet, ylym, hukuk, borç, ata Watanyňa halal hyzmat, ähli umumadamzat gymmatlyklary türkmeniň iň belent ruhy, kalbyndaky söýgüsi bilen namalar-tymsallar arkaly ýazylsa maksada laýyk bolar. Milli Ruhnamamyzyň bezeg işlerinde suratçy-dizaýnerlerimiziň hyzmatyny, ussatlyklaryny ulanyp, onuň iň ýokary hilli çykmagyny hem gazanmak derwaýys. – Türkmeniň Ruhnamasy dünýä inenden soň ony tussaghanalarda hem goýmaly. Goý, Ruhnamany tutuşlygyna ýat beklän şol gün türmeden boşatmaly diýen şert goýulsyn. Umuman, Milli Ruhnamamyzy okan, oňa maňlaý dirän her bir kişi ondan türkmeniň gudratly aňyny, beýik ruhuny tapyp, özüniňZemin ýüzünde, türkmen topragynda kemala gelen beýik şahsyýetdigine ynanmaly, buýsanmaly. Hudaýyň rehnedi bilen synmaz türkmen ruhuna eýedigine şükür etmeli. Türkmenistan diýen ýurduň raýatydygyna, onuň azat şahsyýetdigine buýsanyp gezmeli. Türkiýe döwletiniň düýbüni tutujy Kemal Atatürküň zybanyndan çykan öz halkyna, geljekki nesline watançylyk, il-ýurt, toprak garaşsyzlyk barada aýdan pentleri, nesihatlary segsen ýyla golaý wagt bäri bu ýurduň her bir raýatynyň ruhunda, kalbynda buýsançly ýaňlanyp we ýatlanyp dur. Meniň pikirimçe, Ruhnamamyzyň dili Beýik Serdarymyzyň şirin dili bilen ýazylsa we Türkmenbaşymyz onuň ýeketäk awtory hökmünde dursa jüpüne düşerdi. Sebäbi Saparmyrat Türkmenbaşy türkmen halkynyň kalbyna öçmez Garaşsyzlyk ruhuny, Watana bolan söýgini çaýdy, öz milletine şöhratly aslyny tanamaga, olara buýsanmaga şert döretdi. Onuň şöhratly, ýeňişli ýollary, syýasaty türkmen halkyny dünýäde iň derejeli halk etdi. Düýbi berkden, halallykdan, akyl-paýhasdan tutulan döwlet bolsa, ýüzýyllyklaryň, müňýyllyklaryň içinde-de özüniň beýikdigini, synmaz ruhly, taplanan halkdygyny äşgär edýär. Dünýä ýüzünde diňe bir tehnologiki, elektroniki ösüşi bilen däl, eýsem, çäksiz intellektual baýlygy bilen tanalýan ýaponlara «Siz bu derejäňize nädip (haýsy ýol bilen) ýetdiňiz. Syryňyz nämede?!» diýip adaty sowallar köp berilýär. Olar bu sowala «Ýaponiýa diňe bir işjeň, aň-düşünjeli, beýik ruhly adamlaryň Watany däldir. Bu ýerde dogulýanlar tä gabrystana barýançalar hem özleriniň ýaponiýalydygyna buýsanýarlar we şol ýerde-de olaryň döredijilik ukyplary kiparlaýar. Kömil ruhly, gözel aň-paýhasly adamlar bolsa, ölmeýärler» diýip jogap berýärler. Hawa, ýokarda agzalan mysallar haýsydyr bir halkyň aň, ruhy üstünlikleri barada haýran galdyrmak hakda däldir. Olaryň esasy milli ösüşiniň gözbaşynda öz milletine, çäksiz söýgüsi, Ýer ýüzünde öz mekanlary ýaly gözel ýurduň ýokdugyna ynanyşlary, buýsançlary, baý ruhy ýatyr. Ýeri gelende aýtsak, dünýäde Türkmen aga ýaly watançy, halallyga çagyryşly halk ýokdur diýsem öte geçdigim bolmaz. Aslynda türkmen kalbyna Watana, ýurda, topraga, maşgalasyna söýgi diýen düşünjänýň özi Perwerdigär tarapyndan salnan ajaýyp peşgeşleriň biridir. Türkmen öz garagöz dogmasyny ala ýüpli sallançakdan başlap Watany, ýurdy üçin serden geçse-de, jany çyksa-da dönmezek, telpegini kakdyrmazak şahsyýet edip terbiýeläp ýetişdirýär. Ýaňy gözi açylmadyk çagasynyň gulagyna iň ýakymly azan sesini eşitdirýär. Şol günden başlap jigerbendiniň kalbyna söýgi, mähir, rehim, ýakym ýaly hoşniýetlikleri guýup başlaýar. Gözüne şerim-haýany guýýar. Şol ene-atanyň päkize duýgularynyň içinden türkmen perzendiniň kalbynda watan-söýüjilik, halallyk, ynsanperwerlik, sabyrlylyk şineläp başlaýar. Şol terbiýäni alan garagöz perzent bolsa, akylynyň goýalyşyp ugranyndan türkmen mertebesini belent saklamaga, türkmen ruhuny goramaga dyrjaşýar. Ol gahryman mertebeli ata-babalarymyzdan sünnälenip-sünnälenip asyrlar boýy aşyp gelen göwhere «gaýra dur» diýdirýän synmaz türkmen ruhuny ýaşadar. Türkmenbaşy zamanasyny, türkmen täsinligini dünýä jar eder. Şeýlelikde, Beýik Türkmenbaşymyzyň ýolbaşçylygynda türkmeniň ýeňilmez, baky synmaz ruhy, ynamy, birligi ýene-de bir göwrä öwrüler, türkmen Ruhnamasyna jemlener. Ruhybelent, ruhy synmaýan halk bolsa, bakydyr, ýeňilmezdir. Baýramgeldi ÇARYÝEW, TDP-niň Syýasy Geňeşiniň guramaçylyk we syýasy işler bölüminiň sektor müdiri. «Watan» gazeti, 22.07.1999 ý. №85 (9945) | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |