RYSGAL
Gelniniň agraýakdygyna garamazdan, onuň öý-içerä yhlasyny, goňşular bilen içgin gatnaşygyny görýän Döwranyňam dünýäsi giňedi. Ol gelnini synlap: “Şükür Hudaýa, täze jaý Gözele ýarady. Öý-içerä höwesi başga indi munuň. Sag-aman ile birikse, aýagy ýeňlese, goňşy-golamlara, dogan-garyndaşlara gelde-bäri etmeli” diýen karara geldi.
“Ogluň boldy, buşluk!” diýenlerinde Döwranyň başy aýlanyp gitdi. Şol dem özüni dürsäp, buşlukçy geleniň ýektaýyna pul gysdyrdy-da:
– Uýam, gaýrat et-de, Gözeliň ýagdaýyny özüň elinjek görüp gaýt!
Buşluk alan gyz ýokarky gata tarap ýelk ýasady. Ara salym salmanam yzyna dolandy.
– Gelniňiziňem, ogluňyzyňym ýagdaýy gaty gowy. Ogluňyz 3 kilo bolupdyr. Eýýäm ol ejesiniň gujagynda, özem size meňzäpjik dur.
Döwran göbegenä minnetdarlyk bildirip, öýe howlukdy. Heniz öýüne girmänkä, towuklaryna iým berip ýören goňşusyna içki şatlygyny buşlady.
– Goňşy salawmaleýkim? Oglumyz boldy.
Ýaşy birneme durugşan Dursunjemal ilgezik gep urdy:
– Aleýkimessalam, tüweleme, bolaýypdyr. Berildigi bolsun, ýaşy uzyn bolsun. Alla berdim diýip berewersin.
Döwran edil duldegşir goňşusynyň towuklaryny şu gün gören ýaly boldy. Gyrymsy agaçlardan adam boýy gök haýatyň içinde erkana käkeleşip ýören towuklar oňa obany, ejesini ýatlatdy. Ol goňşusyna taňryýalkasyn aýdyp, öz howlusyna girip gitdi.
Iýer-içer ýaly zatlary taýýarlaşdyrdy-da, Döwran keselhana eňdi. Olary Gözele eltip bermegini nobatçydan haýyş etdi.
– Uýam, elinje görüp gaýdaweri. Oňa näme gerekdiginem kyn görmän soraşdyr. Ertir-ä ejemem geler weli, şu gün hor bolmasyn diýýän.
Ýaşajyk gyz ilgezik jogap berdi.
– Siz azajyk garaşyň. Men häzirjek baryp geläýerin. Durdyýewa diýdiňizmi?
– Hawa, häli irden oglumyz boldy.
Döwran nobatçy gelýänça aýagy bişen towuk ýaly bir ýerde durmaga kanagaty ýetmän, iki ýana zowzuldady. Göwnüne gaty köp garaşdyran gyz ahyry geldi.
– Gelniňiziňem, ogluňyzyňam ýagdaýy gaty gowy. Gürleşjek bolsaňyz, jaýyň arka ýüzüne aýlanyň-da, dördünji penjirä baraýyň. Ikinji gatdadyr.
Döwran nobatça sagbol aýdyp, jaýyň ýeňsesine öwrüldi. “Gözel” diýenine mähetden başga bir gelin penjirä geldi.
– Gözeliň ýagdaýy gowja. Ýöne bu gün ýerinden turmak bolanok.
– Oňa näme gerekdikä?
– Limon, bal, termos, çäýnek, käse getiriň.
– Nahardan näme isleýärkä?
– Näme getirseň getiräý diýýä Gözel.
Birküç gün keselhana gatnap Döwran ogly bilen gelnini öýe getirende, bar ýadawlygyny bir demde unutdy. Ejesidir gelnejeleriniň öý dolduryp şatlyk-şagalaň bilen pişme bişirip oturmaklary ony hasam begendirdi. Täze goňşular bilen içgin tanyşmaklyga ýol açdy. Duldegşir goňşusy Dursunjemal daýzanyň mähribanlygy Döwrany hasam geň galdyrdy. Öz içinden ata-babalarymyzyň “Öý alma, goňşy al” diýen sözüni ýatlap, goňşusynyň gowudygyna iki bolup bilmedi.
Ogluna azan aýtdyryp, oňa Tarhan diýip at dakdy. Şodan soň Döwran eli sypyndygy öýe ylgady. Gününi sanap ösüp barýan Tarhan indi onuň ýaşaýşynyň manysyna öwrülipdi. Tarhan boýnuny tutup, gülüş-gülüş edil başlanda, Döwran bagtyň çürdepesine çykandyryn öýtdi. Tarhanjygy eliňden düşürenokdy. Posalajak ýaňaklary, guşuň gatanlaryny ýatladyp duran eljagazlary, iň esasanam, onuň üýtgeşik ysy Döwranyň dünýäsine täze bir duýgyny aralaşdyrypdy. Gözel adamsynyň oglunyň üstünde kökenek bolşuna ýüredinden guwanýardy. Bar yhlasyny oguljygyna, adamsyna, içersine sarp etmäge çalyşýardy.
Her gün telim gezek oguljygy bilen daşarda gezmeleýän Gözel indi goňşulary bilenem mazaly ysnyşypdy. Ol hasam Dursunjemal daýzanyň towuklaryna seredip durmany halaýardy. Çünki, gözi gara düşen Tarhanjygam ap-akja towuklaryň iki ýana gaýkyldap, ýörşüne hezil edinýärdi.
Maşgala lukmanyTarhanjygyň sagdynjadygyny Gözeliň oňa seredişinden mährini, yhlasyny berşinden görýärdi. Her daýym gelip, Gözele çaganyň iýmit aýratynlygyny düşündirýärdi. Şol gezegem ol indi Tarhana ýumurtganyň sarysyny berip başlamalydygyny düşündirdi.
– Ýumurtgany 5-10 minut gaýnadyp, sarysyndan birje düwür al-da, süýt bilen ezip beriber, 4-5 günden öwrenişer weli, ýuwaş-ýuwaşdan köpeldip başla. Ýöne, Gözel çaga diňe elin ýumurtga bermelidir. Bazardan alaýmagyn. Täzeje diýen borlar weli, kim bilýär haçanyňkydygyny. Towuk saklaýan tanyş-bilşiň bar bolsa, günde bir ýumurtgany bererler-le. Wiý, sen-ä daşa gidip oturmalam däl. Duldegşir goňşyňda-da towuk bar-a.
Gözel goňşusy Dursunjemalyň towuklarynyň günde guzlaýandygyny bilýärdi. Şonuň üçinem ol irnip durman, bir gezek daşaryk çykanda oňa ýüzlendi:
– Daýza towuklaryňyz hezil berýändir.
– Aý, “Bar zadyň, bary ýagşy” diýleni goňşy. Garaz zyýana degenok, özümize ýetip dur.
– Daýza, Tarhan jana ýumurtga berip başlamaly diýdiler welin, biz üçin günde birjigini artdyryp bilmermisiňiz?
Hemişe ýüzleri gülüp duran Dursunjemal “wäh” diýlen ýaly boldy. Şonda-da ol syr bildirmezlige çalyşdy.
– Wah, Gözel jan, Tarhan jan üçin zadymy gaýgyrjak däl weli, özümizdenem artanok-da!
Çaga üçin soralanda beýdip bady gaýtarylar öýdüp asla pikirem etmedik Gözel goňşusynyň morta sözüne birhili boldy-da, “Wiý, heýlemi” diýip oňaýdy. Döwran ogly üçin ýumurtga gözläp, towuk saklaýan tanyşlaryna köp aýlanmaly bolmady. “Gatnamany kyn görmeseň, arkaýyn geliber” diýdiler. Bu waka bireýýäm unudyldy.
Howa salkynlap başlaly bäri, güýzüň altynsow ýapragyndan dolan howlyny eli degen mahaly syryp-süpürýän Gözel bu günem ony syryp ýördi. Birdenem onuň sübsesi ýaprakdan has agyrrak zada ildi. Gözel howla daşyň nireden düşüp biljekdigini birbada aňynda aýlady-da, ýapraklaryň aşagyna elini urdy. Daşa derek onuň eline has ýylmanak zatlar degdi. Gözel geň galyp, ýapraklary eýläk-beýläk syryşdyrdy. Görse ap-akja ýumurtgalar. Ol bir ýumurtgalara, birem goňşusynyň howlusynda käkeläp ýören towuklara seretdi. Ol towuklaryň öz howlusyna nireden girip, biläýjekdigini göz öňüne getirjek boldy. Baglaryň aşagyndan deşik gözledi. Emma hiç ýerde towuk sygaýjak sümelgä gözi düşmedi. Şonda-da ol ýumurtgalary emaý bilen eline aldy-da, goňşulara tarap ugrady.
– Dursunjemal daýza, aý daýza, häny bir bärik çykyň.
Dursunjemal Gözeliň sesini eşidip geň galdy. Gözel nire, daşdan durup gygyrma nire! Ol çalasyn daş çykdy. Onuň elindäki ýumurtgalara seredip hiç zada düşünmedi. Gözeliň salamynam aljyraňňy aldy.
– Saglykmy Gözel jan, Tarhan jan ýatyrmy?!
– Hawa, daýza. Şo ýatan mahaly howlynyň ýapraklaryny aýyryp ýördüm weli, ýumurtga bar eken. Siziň towuklaryňyzyňky bolaýmasa. Başga nireden düşsün diýip, sizi bimaza edäýdim.
– Wah, onuň zyýany ýok, Gözel jan! Asyl şu çaklarda towuklarym guzlanok diýýädim weli, gaçyp guzlaýan ekenler-dä bular.
– Ine, alyň, bular siziňki.
– Taňryýalkasyn, balam!
Goňşusy ýumurtgalary alyp, öýüne girdi. Hä diýmänem, daşaryk çykyp, towuklaryň gyrymsy agaçlaryň aşagyndan çykyp biläýjek ýerlerini berkitdi. Demir torlaryň ujuny biri-birine çatyşdyrdy.
Gözel göräýmäge adamçylygy köplere görelde bolup biljek goňşusynyň basga galyp ýörenini birhiliräk görse-de, sesini çykarman, öz işi bilen boluberdi. Gaýta olam towuklaryň girip biläýjek ýerlerini berkitdim edip, öýe girdi.
Bu wakadan gaty bir köp mahal geçmänkä, Gözel daşarda Dursunjemal daýzanyň towuklaryna gargynyp ýörenine gabat geldi.
– Häý, çommaltma degmişler. Sizden ýeke ýumurtga almak hyllalla bolaýdy-la soňky döwürde. Baryňyzy pyçakdan geçerin-dä weli.
Gözel oňa ünsem bermedi. Gaýta howa sowansoň, towuklaryň az guzlaýandygyny bu daýza bilenokmyka diýen pikirler onuň gülküsini getirdi. Tarhanjyk indi towuklara barmajygyny çommaldyp, hezil edinýärdi. Eljagazyny galgadyp, olary tutjak bolýardy. Ýöne näme üçindir, Dursunjemalyň howlusyndaky towuklar gün-günden azalýardy. Birdenem howluda gyzyl kekeç horazdan başgasy görünmän ugrady. Ogluna uly güýmenje bolýan towuklaryň zym-zyýat bolmagyndan ynjan Gözel onuň sebäbini soraman durup bilmedi. Dursunjemal daýza Gözeliň soragyny eşidenden tas aglapdy.
– Wah, olara beren iýmim haýp boldy, goşy jan! Asyl soňky döwürde bir ýumurtga-da bermedi bular. Onsoňam horazdan başgasynyň kekirdegine mündüm.
– Wiý, şeýlemi? Indi towuksyz oňuberjekmi, daýza?
– Gyş bir geçsin. Ýaz jüýje alyp, täzelemesem bolmady, bulary. Horazam uzak goýjak däl indi.
Gözel ýene endigine görä howlusyny arassalamaga durdy. Soňky aýazda sowuk uran ýapraklaryň bary ýere dökülensoň, gülli pelleriň içi halys dolup ýatyrdy. Sap-sary ýapraklar tylla Günüň tygyna hasam owadan görünýärdi. Gözel ýapraklary elleri bilen bir ýere üýşürmäge durdy. Bir düýp gülüň töweregindäkiýaprak üýşmeginiň has uludygyny görse-de, ol muny ýel üýşürendir öýtdi. Göwnüne zat getirmän,üýşüp ýatan ýapragy bat bilen penjeledi. Ellerine ilen üýtgeşik bir zady duýup, şol bada ýapragy durşy bilen beýläk zyňyp goýberdi. Birgiden ap-akja ýumurtga üýşüp ýatyrdy. Gözel gözlerine ynanmady. Soňam haýdap ýumurtganyň üstündäki ýapraklary eýläk-beýläk edişdirdi. Görse, dünýäň ýumurtgasy ýapraklar bilen garyşyp ýatyr. Ol bu bolýan zatlara düşünip bilmän, esli salymlap äm-säm bolup durdy. Onuň beýnisine dolan pikirler ýyldyrym çaltlygyna gelip geçdi. “Bu nädip beýle bolýarka? Towuklar näme üçin biziň howlymyzda guzlaýarka? Asla olar nireden, nädip biziň howlymyza girýärkäler? Dursunjemal daýza olary çykmaz ýaly edipdi ahyry. Ýa bu Hudaýyň gudratymyka? Ol bir ýumurtgasyny çaga bermekden gysgandy weli, towuklary olaryň barysyny bize getiräýipdir. Görsene, bu bolýan zatlary? Hudaýyň beren zadyny hiç zat gaýtaryp bilmejek eken...”
Ol duran ýerinden goňşusyna gygyrdy.
– Dursunjemal daýza, daşaryk çyksaňyzlaň!
Goňşy aýal birhaýykdan gapydan seretdi.
– Hä, goňşy, amanmy, aman-saglykmy?
– Hudaýa şükür. Daýza, bärik bize gelseňizläň, gapy açykdyr, giriberiň!
Dursunjemal özüne gelişmeýän çaltlyk bilen bärligine gaýtdy. Heniz Gözeliň ýanyna ýetmänkä ýapraklaryň aşagyndaky ýumurtgalary görüp haýykdy.
– Gözel, bu näme? Ýumurtga ýaly-la bular.
– Hawa, daýza, ýumurtga. Özem siziň guzlanok diýip öldüren towuklaryňyzyň ýumurtgasy bolmaly. Ýöne men olaryň nädip, nireden howla girip bilendiklerine hiç düşünemok-da.
– Waý, men olary öz howlymyzdanam çykar ýaly etmedim-ä. Bar ýere ownuk demir gözenek tutup çykdym. Bu nädip beýle boldu-ka? Bu nämäniň alamaty-ka? Bu Hudaýyň maňa göz görkezdigidir. Men her gün ýekeje ýumurtgany dözmedim Tarhan jana. Ýogsam iki bahasyna sataý diýibem ýalbardyň ahyry sen maňa. Indi bulary men alyp bilmen. Bular siziňki. Tarhan janyň rysgy.
– Ýok, daýza, bular siziňki alyň, äkidiň.
– Diýýäniň näme, Gözel jan, heý, men muňa el urup bilerinmi? Bu Hudaýyň bir nyşany ahyry. Onuň size beren rysgy bü. Ýumurtgalary maňa berjek bolsa, towuklar keteginde guzlardy, menem olary öldürmezdim. Bulary Alla size diýip beripdir. Allam , günämi ötüp geç, neresse çaga dözmedik ýumurtgalarym, hanha, indi çaşyp ýatyr. Gözel jan, bar Döwrany çagyr, çalsyn horazyň damagyny, Tarhan jana çorbajyk bermäge-de wagt bolandyr...
Ogulgerek Ussaýewa.
Hekaýalar