ŞAHYR BEGMYRAT USSAÝEWE
Iller köşk salynyp, haýdaşyp ýörkä,
Sen hütdük jaýlarda edýärdiň mydar.
Jäjekler alanda kitabyň ornun,
Sen kitabyň gamyn etdiň byradar.
Maşyn gatnadýarka çalasowady,
Ruhuň belent barýardyň sen pyýada.
Senem iller ýaly baýap bilýärkäň,
Setirleriň görünipdi zyýada.
Şagal mesligine aklyn aldyryp,
Al asmanda gaýyp ýörkä goňşulaň,
Başyňdady seniň dünýäniň gamy,
Ýadyňdamy, öz-özüňi ýonuşlaň.
Ýyllar geçip gitdi tagmasyn goýup,
Erkiň weli üýtgemedi görsene.
Çemeçiller ikiýana urunýar,
Seňki bolsa olaňkylaň tersine.
Döwür üýtgäp, ýene döwran dolanmyş,
Ýene şo-ol hütdükden tapyndyň myrat.
Rehimdarlyk hem adyllyk berlipdir,
Belki, şudur seniň bagtyň, Begmyrat!
31.01.1996.
Allaýar ÇÜRIÝEW.
Goşgular