08:49 Şahyryñ ölümi | |
ŞAHYRYÑ ÖLÜMI
Goşgular
Patyşam, ar almak pursaty geldi! Almaly ganhordan şahyryñ hunun. Jellatlara sapak bolsun, ber temmi, Ulan, güýje giriz ähli kanunyñ. Seniñ hökmüñ seni götersin beýge, Aýagyña baş goýýan adyllyk eýle. Heläk boldy şahyr! - ar alyp bilmän - Ýanalmadan, töhmetlerden dyndy ol. Ol pidasy boldy gurşunly gülläñ, Ýöne uly buýsanç bilen syndy ol. Çekip-çydamady şahyryñ kalby Ownuk gybatlaryn barly gatlagyñ. Olañ garşysyna täk özi galdy, Öldürlip, gazandy öz rahatlygyn. Öldürildi!.. Peýdasy ýok aglanyñ. Nämä gerek gury öwgi hem delil. Çäre barmy ýazgydyna Allanyñ, Etjek işin edip dynansoñ Jelil?! Garşysyna gybat, şyltak üýşürip, Ylhamyny horlap kowalap ýören Kimdi onuñ ýüregini çişirip, Kalbyndaky sönjek ody ölçeren? Ine, indem, gülüñ, diýenñiz boldy! Soñky günler hesret geçensoñ çenden, Ajap geniý, ýagty şamçyrag söndi. Baky soldy dabaraly ter çemen. Ok atanda ganly eli sarsmandyr Giñ göwrümli, sowukganly jelladyñ. Hatda onuñ boş ýüregi ersmändir. Nätjek, indi peýdasy ýok perýadyñ. Haýran galaýmaly!.. Uzak ülkeden Gaçyp gelen ýüzläp gaçgagyñ biri, Takdyrdan biidin bagt gözläp gelen - Abraýyñ, şöhratyñ, çiniñ ýesiri, Şöhrat-şanymyza señrigin ýygryp, Däplermize göwni ýetmän ýylgyryp, Bize ýigrenjini saklap gursakda Hem äsgermän gaýry ýurduñ dilini, Ol bilenem däldir, ganly pursatda, Kime, nämä ýaraga çeneýänini!.. Aw bolup köre-kör gabanjañlyga, Öldi şahyr. Zemin gysdy gujagna. Gurban boldy ol mertlerçe söweşip. Ajaýyp güýç bilen sarp edip zehin, Öz wasp eden şol aýdymçysy kimin. Rahat günden, dostlardan aýra düşdi nämüçin, Ýaş başyndan akyllydy, huşy göçdi nämüçin, Ol nämüçin düşdükä arasyna barlylañ, Erkinlige göripleñ, çyn höwesden arlylañ. Ol nämüçin el berdi töhmetçi zalymlara, Ýa-da boş sözler bilen ýalan şelaýynlara? Başyndan öñki täjin aýryp, oña bakdylar, Deregne, lawr büräp, tikenli sim dakdylar. Täjiñ pynhan tikeni sümdi onuñ serinden, Şöhratly baş horlandy iññeleñ zäherinden. Iñ sonky deminde-de, şol hasratly pursatda, Awuly töhmetleri, hiläni-aly duýdy. Nadanlañ aldawyndan, dyñzap duran gursakda Haýyp boldy duşmandan ar almagyñ umydy. Ajaýyp aýdymlañ owazy diñdi. Ýok, olar gaýtadan ýañlanmaz ömür. Dar hem garañky jaý mekany indi Hem onuñ agzynda aýrylmaz möhür. A siz, nejislikde ýaka tanadan - Niçe azap berip, horlap gullary, Taýpalañ bagtyny baglap, agladan Atalañ ýalýagsy pis ogullary, Tagt ýanynyñ açgöz boş mähellesi - ERKINLIK hem GENIÝ, ŞÖHRAT ýagysy! Bukulýañyz kanun perdesine siz, Siziñ üçin sud hem hakykat dilsiz!.. Ýöne öñde Tañryñ sudy bar, Alla Bolan zatlañ bary owal aýandyr. O ýerde haýr etmez kümüşdir tylla, Orramsylar size sud garaşýandyr! Peýda bolmaz urnup, ylganñyz bilen, Başa jemläp haýynlygyñ höwesin. Dolmarsyñyz hapa ganyñyz bilen, Päk şahyryñ al ganynyñ öwezin. Mihail LERMONTOW. Terjime eden: Atamyrat ATABAÝEW. | |
|
√ Goşa ýürek / Goşgular - 22.06.2024 |
√ Yşk heseri / Goşgular - 21.06.2024 |
√ Puluň başarnygy barada agymtyl goşgy / Goşgular - 10.01.2024 |
√ Rubagylar / Goşgular - 18.06.2024 |
√ Ker bolar gulak / Goşgular - 12.06.2024 |
√ Arassadyr / Goşgular - 05.08.2024 |
√ Muhammet / Goşgular - 27.08.2024 |
√ Gökdepäm / Goşgular - 22.03.2024 |
√ Aýna / Goşgular - 01.08.2024 |
√ Päliýamanlar / Goşgular - 20.05.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |