16:50 Salam doganjygym / hekaýa | |
SALAM DOGANJYGYM
Hekaýalar
Ejegül öýleden soň ýygan pagtasyny agşamara kolhozyň pagta harmanyna tabşyryp, öýüne gelýärkä, ýolboýy serindäki aladaly pikirlerini, näçe dyrjaşsa-da dargadyp bilmedi. Ol goňşularynyň gabadyndaky ullakan balhy tuduň saralyp, ýere düşelen ýapraklarynyň aýagynyň astyndaky şygyrdysyna aýňaldy. “Çynmyka?” diýip, öz-özüne sorag berip, kesgitli jogap tapman, ikirjiňlenip, öýlerine ýetiberende, geçen gije Aşgabatda ýer titrändigi hakynda ejesiniň ýanynda dil ýarmazlygy makul bildi. Ol başyny sallap, oý-pikire batyp gelşine aşhanadan, ejesiniň: “Geldiňmi, gyzym?” diýen duýdansyz soragyna çala tisginip: — Hawa — diýip, gysgajyk jogap gaýtardy. — Bu gün hem oňatja ýygansyň-a!? — Hawa, eje, oňat, — diýip, ýene göwünli-göwünsiz jogap gaýtardy. Gyzynyň adatdaky ýaly, şadyýan jogabyna garaşýan Amangözel eje biynjalyk boldy, dymdy. Ejegül pagta äkidýän goşlaryny: haltasyny, partyklaryny, ejesiniň egninden çykan, köne, giň köýnegini, ýeňliklerini, kelegaý ýaglygyny rejeläpjik öňki goýýan ýerinde — aşhanada duran köne şkafyň içine saldy-da, ejesine söz gatman, üzüm teläriniň sütüniniň biriniň biline berkidilen elýuwgyja tarap ýöneldi. Ol ýuwnup durşuna: “Allajanlarym, Gulmyrat berin bir sag-salamat bolaýadyda...” diýip, özünden uly dogany Gulmyrady ýatlap, gözüne ýaş aýlady. (dogany Gulmyrat oba hojalyk institutynyň ikinji ýyl talybydy). “Jany sag, başy dik bolsun-da...” diýip, öýe girdi. Amangözel eje gyzynyň öňünde agşamlyk naharyny goýup: — Gyzym, bu gün näçeräk ýygdyň? — diýdi. — Hä? — Saňa näm boldy? Bu gün gaty ýadapsyň öýdýän — diýip, Amangözel eje, gyzynyň keýpiniň ýoklugyna düşünip, çäýnegiň çaýyny gaýtaryp durka, gyzyny gözastyndan synlap, onuň duý- gularyny okajak boldy, hiç zat aňşyrybilmänem, ýuwaşlyk bilen aladaly çykyp gitdi. Ejegül gijäň ýarymy geçenden soň, gara basyp, hopugyp oýandy. Alasarmyk ýagdaýda, uludan-uludan demini alyp gürsüldäp, çalt urýan ýüregini köşeşdirjek bolup, sag eliniň aýasyny ýüreginiň üstüne goýdy. Daş-töweregine göz aýlady: Aýyň şöhlesi äpişgäniň söýesi bilen tuty aralykdaky yşdan sahypalary açylan kitaplaryny, akja ýassygyny ýagtylandyryp, diwardan asylgy ýüz görülýän aýnadan serpigip, gapyň suduryny mese-mälim bildirip duransoň, birneme rahatlandyda, diwardaky radio nazaryny aýlady ol dymýardy... Ejegül ukusyndan doly açyldy. Ol saçyny düzedişdirip, ýaglygyny daňyndy, dulda duran kerosin çyranyň peltesine ot degirdi-de, täzeje depderi açyp, agasyna — Gulmyrada hat ýazmaga oturdy. Ol ýiti ýonulan galamy bilen birinji sahypanyň ýokarsyndan “Salam, doganjygym!” diýip ýazdy-da, kyssasyny-gussasyny haýsy sözden başlajygyny belli bir karara gelibilmän, birhowa oýlanyp oturdy-da, hatyny dowam etdirdi: “Biz oňat. Hudaýa şükür! Öýde diňe ejem ikimiz,kakam — çölde. Gulmyrat, janyň sagmy? Okuwyňy oňatja okap ýörmüň? Gideniňe ýaňy bir aý boldy welin, eýýäm seni göresimiz gelýär. Okuwyma-da ýetişýän, pagta ýygmaga-da, agşamlaryna zordan sapaklaryma taýynlanyp ýetişýän, uklap galýan. Ir bilen ejem gelip, iki-üç gezek yralap oýarýar. Bu gije hem ýatyp galardym welin, meni “gara basdy” — hopugyp turdum. Indi kirpiklerime çiş kakylan ýaly. Kerosin lampaň yşygyna saňa hat ýazyp otyryn... Şu gün agşam harmanda, gapanyň başynda “Aşgabatda ýer titräpdir, hatda, ýer ýarylyp, tutuş bir oba gorpa gapgarylypmyşyn” diýip, gürrüň edtiler. Al kakmyş, radio hem uzakly gün geplemedi. “Ýalan bolaýmasyn” diýip, ejeme-de bu barada dil ýarmadym. Bu, hakykatdanam, dogrumy? Seň bir janyň sagmy?” diýip, Ejegül galamynyň kütelen ujuny dişläp durşuna oýa batdy... Ertesi agşam (7-nji oktýabr), Ejegül öýe berlen işlerini howul-hala edişdirip, Gulmyrada ýazan hatynyň dowamyny ýazdy: “Salam, Gulmyrat jan! Şu gün mekdepde-de, pagta meýdanynda-da bar gürrüň — Aşgabatdaky ýer titreme barada. Ejem ikimiz howsala düşüp başladyk! Ejem her ädiminde “Hernä, jany bir sag bolaýady-da, Alla jan!” diýip dileg edýär we aglaman zordan saklanýar. Radio henizem geplänok. Poçtalýon Sary aga gazet getirip gitdi, ýöne olar geçen hepdäňki ekeni. Wiý, buşluk! Sygrymyz guzlady, gölejigi enaýyja, maňlaýy sakarja, enesindäki ýaly ak tegmil onuň hem sagrysynda bar. Ejem ikimiz, ir bilenjik, goňşulara owuz paýladyk. Ýadyňa düşýämi, her sapar gölejigmiz bolanda owzy ikimiz paýlardyk, ejem yrym üçin üstüne bir bölejik kömür goýardy?! Goňşularam: “Höwri köp bolsun!” diýip, okaramyzy boşadyp, içine bir bölejik sökjagaz ýa bir gysym igde salyp goýbererdiler... Men düýnki hatymy poçta atmakçydym, soň bolsa, “Aý, hatymy doly ýazyp gutaraýyn, onsoň ugradaýaryn” diýdim. Bolýar onda, şu günlükçe hoş sag bol! *** “Salam, Gulmyrat! Şu gün mekdepde ýygnak boldy, onda müdirimiz okuwçylaryň öňünde çykyş etdi. Ol altynjy oktýabra geçilýän gije Aşgabatda güýçli ýer titremesiniň bolandygyny, şol sebäpli, ýykylan jaýlaryň, binalaryň we adam pidalarynyň kändigini habar berdi. Howsala düşmeli däldigini, alňasamaly däldigini, dowul ýaýratmaly däldigini nygtady. Paýtagtyň ýaşaýjylaryna her kim elinden gelen kömegini bermeli, hemme tarapdan hemaýat etmeli diýip aýtdy. Haýyr-sahawat üçin mekdepde, mugallymlaryň ýolbaşçylygynda birnäçe işjeň toparlar düzüldi we ol toparlara uly synpyň okuwçylaryny hem goşdular. Men hem şol toparlaryň birinde. Radio işläp başlady: uzakly gün gaýgyly sazlary goýberýär. Bu gün okuw okaman, topar bilen oba aýlandyk. Her kim göwnünden çykaranyny berýär: kim keçehaly, kim ýorgan-düşek, kim gap-çanak... Ejem Aşgabada ýük ugradylýanyny eşidip, derrew ak ýaga bir tamdyr ýagly nan bişirdi-de, täzeje saçaga dolap, onuň daşyndan ýag syzmaz ýaly iki gat mütgele dolady. Saçagy şu tomus çykaran keçämiziň arasyna saldy-da: “Gulmyrat janyň toýuna, nesip bolsa, ýene birini çykararys. Diri bolaýadyda...” diýip, aglady... Öwezgeldi ussa saraýyndan bir goltuk pil bilen kätmen getirip, maşyna oklap durşuna: “Men o taýyk näme ibermelidigni bilýän... Belki, meň göwnüm aldanýan bolaýady-da. Goý, bu piller, bu kätmenler bilen doganlarymyz melleklerini agdaryp, ekin eksinler!” diýip, hamsykdy. Biz hem durup bilmedik... Hangeldi agalara ýakynlanymyzda, maşynymyz ýükden doldy, bir tümmek bolup, erňeginden geçdi. Sürüji ýogyn tanap bilen ýükli maşynyň burçundan atanak çekip, daňyp başlanda, ýolbaşçymyz ertirki etmeli işleriň meýilnamasy bilen tanyşdyryp bize öýe gaýtmaga rugsat berjek bolup durka, Hangeldi aga aňyrdan haýdap gelşine: “Haý, köşekler, hany biraz sabyr ediň! Birki minutdan taýyn bolýar” diýip, gygyrdy. Onuň “taýyn” diýýän zady altyganat ak öý ekeni. Ol şu ýyl pagsa jaý salnypdy. Çagalaryny täze jaýa göçürip, özi gelnejem bilen ak öýde galan ekeni. Aşgabada ýük gidýänini eşiden Hangeldi aga, aýalyny, gelnini kömekçi tutunyp öýüni söküpdir: tegelenip ýatan tüýnügiň ýanynda uklary rejeläp goýupdyrlar,tärimleri üç-üçden bir-biriniň üstüne goýup mäkäm daňypdyrlar, üzükleri, durluklary epleşdirip, öz ýüpleri bilen daňyşdyryp, göçe taýyn edip goýupdyrlar. Ýolbaşçymyz, Esenmyrat mugallym: “Hangeldi aga,öý maşyna ýerleşenok, ertirki maşyn bilen ugradaýmasaňyz” diýende, Hangeldi aga: “Näme, paýtagtdakylar saňaertire çenli garaşar oturarlar öýdýäňmi? Daň bilen sowuk çigregiň düşýäninden habaryň ýokmy?!” diýip jibrindi. Esenmyrat mugallym: “Wah, Hangeldi aga, düşünýän-le, şuň üstündäki ýükler hem edil seň öýüň ýaly örän wajyp. Olary düşürip, seň öýüňi ýüklesek, birinjiden, wagt gidýär, ikinjiden...” diýende, Hangeldi aga ony diňlemän, elini daldaladyp: “Ýok, inim, men ertire garaşyp bilmen, häziriň özünde ugraryn” diýip, hüňürdäp gitdi. Ol şol gidişine, söken öýüni arwanasy bilen bugurçysyna paýlap, ýanyna inisini ýoldaş edinip, eglenmän Aşgabada ýola düşüpdir. Bolýar onda, doganjygym,ertire çenli hoş! Ýagdaýlara şeýleräk...” 1948-ýylyň 8-nji oktýabry. *** Ejegül her gün hatyň dowamyny ýazýardy. Her gün hem ony iberip bilmeýärdi. Hat bolsa ýazyla-ýazyla gündelik ýaly bir zat bolup üýşüp gitdi... 23-nji oktýabr güni, öýlän mekdepden gelende, öýleriniň gabadynda bir at goşulan paýtuna gözi düşüp, ýüregi “süýşüp” gitdi, mejaly gaçdy... “Ýok, ýok, bu bolup bilmez... Ýok.” diýip, salgym atyp, öýe ýakynlaşanda ejesi ýadyna düşdi: “Ejem jan näderkä, indi? Kakamam bükü- ler...” diýip, paýtunça üns bermän, ysgynsyz ädimleri bilen öýe tarap ýöneldi. Onuň bar ünsi öýden çykýan adamlaryň seslerine gönükdirildi, ejesiniň, kakasynyň parahat seslerini eşiden Ejegül: “Hudaýa şükür, agy ses-ä gelenok” diýip, azajyk hem bolsa köşeşdi. Ýöne şonda-da ýüreginiň howsalasyny basyp bilmedi. Haçan-da, ol gapynyň tutawajyna elini uzadanda, öýden Gulmyrat çykdy. Duýdansyzlykdan ýaňa Ejegüliň essi aýylyp, elindäki matadan tikilen torbasyny gaçyryp, lampa özüni ýere goýberdi, Gulmyrat çalam-çaş bolan jigisiniň goltugyndan tutup ýetişdi. Ol Ejegüli bosagada duran gaty çemodanynda emaý bilen oturdyp: — Ejegül jan, saňa näme boldy? — diýdi. Ejegül agzy kepäp, dili ýelmeşip, geplemäge ýaraman, gözlerinden begenç ýaşlaryny paýradyp, ysgynsyz ýylgyryp, “Men oňat-la” diýen manyda elini salgady. Gulmyrat gorkuly zadyň ýokdugyna düşünip: — Men häzir gelýärin — diýip, paýtunçy bilen hasaplaşmaga gitdi. Ol yzyna dolanýança Ejegül birneme özüni dürsäp, öýe kürsäp girdi-de, ejesiniň boýnundan gujaklady-da, sojap-sojap aglamaga başlady. Amangözel eje gyzyny gujaklap, arkasyny sypalap durşuna ony köşeşdirip: — Goý, gyzym, aýp bor-a! Gulmyrat jan sag-aman geldi ahyryn — diýdi. — Begenjime aglaýan eje, goýup bilemok... Hawa, Aşgabat ýer titremesi müňlerçe adamy begenç gözýaşlary bilen, müňlerçe adamy bolsa gynanç gözýaşlary bilen agladypdy... Kakajan BALKANOW. Oktýabr 2020 ý. | |
|
√ Möjekler / hekaýa - 26.04.2024 |
√ Arap hekaýatlary - 15.10.2024 |
√ Goýunçy / bolan waka - 25.06.2024 |
√ Köprüler / hekaýa - 15.01.2024 |
√ Seniň baryňda / hekaýa - 11.10.2024 |
√ Ene keýik / hekaýa - 13.12.2024 |
√ Kakamyň synaglary / hekaýa - 18.12.2024 |
√ Toý sowgady / hekaýa - 12.01.2024 |
√ Gürp / hekaýa - 08.09.2024 |
√ Hoşlaşyk / hekaýa - 13.09.2024 |
Teswirleriň ählisi: 2 | |||
| |||