SEN GELERSIÑ
Men sen gideliň bäri şu aýdymy näçinji gezek diňleýärkäm? Onuň hasabyny çykaryp bilerin öýdemok. Ýöne her gezek şu aýdymlary eşidenimde, şol bir pursat hakydamda janlanýar. Belki, bu saňa bolan söýgimiň heniz – henizlerem öçmeýänligindendir. Ýogsam seniň özüň ýaly bolanymda birmahal unudaýmaly ýaly weli, meňki hiç bolanok. Aslynda-da “Biwepanyň ahyrsoňy ýat bolar” diýýänleri çyn eken. Ýöne oňa seretmezden, şu aýdymlary eşitdigim, her gezek şol süýji pursatlar meni gujagyna gysýar…
…Sen keýpiň kök mahaly kaşaň diwanda outran ýeriňden ýuwaşjadan hiňlenip başlardyň.
Baş goýmuşam han Saýadyň ýoluna,
Gal, maralym, Selbinyýazym, gal indi.
Sonalar gark bolmuş tylla kölüne,
Gal, maralym, Selbinyýazym, gal indi…
Men seniň ýanyňa baryp, gapdalyňda nähili çökenimem duýmokdym. Onsoň seniň mylaýym owazyň birbaş ýüregime ýeterdi-de meni başga bir dünýä alyp giderdi. Onsoň şol dünýäniň ajaýyplygy birdemde bütin süňňümi gurşap alardy. Şonda men seniň jadyly owazyňa örklenerdim. Ýerimden galmaga-da rowgatym galmazdy şo pille. Belki, bü meniň ýüregimi ýerinden gozgan aýdymyň gudratly güýjüdir. Belki-de, seniň sönmez söýgüň jadysyna imrinenimdendir. Bu meniň seni janym-tenim bilen söýýänligimden bolmagam ahmal. Olaryň haýsysy bolanda-da edil şol pursat men bagtyň çürbaşyna çykyp, onuň lezzetinden ganýardym. Sen weli hiç zatdan habarsyz hiňlener otyrardyň. Şonda men ýuwaşlyk bilen seniň dyzyňa ýaplanmany eý görerdim. Şol dem seniň ýumşajyk elleriň meniň saçlarymy darap başlardy-da, ondanam gaýgyly aýdymlara hiňlenerdiň.
Ozaldan söýmüşem iki perini,
Tatarda Zöhre jan, Bagdatda seni.
Özüň köp agaýyp, aglatma meni
Aglama, Mahym jan, gitsem geler men.
Onsoň, onsoň… men seniň yssy gujagyňda edil çaga ýaly däli-porhan bolardym. Göwnüme bolmasa, senem şol pursatlaryň lezzetini az duýmaýan ýalydyň. Ýa ol meniň göwnümedimikä? Belki, şonda seň hakyky duýgyňy duýup bilen däldirin. Daşky ýylpylda ynandyryn. Ýöne beý diýsemem, seniň gözleriňden çykýan mähir meni eredip barýardy ahyry. Bize göz boldumy, dil boldumy bilmedim. Garaz, birden ýollar aýra düşdi oturyberdi. Birden diýýän weli, görüp otursam ol birdenem däl ýaly. Sen meni şol aýdymlaryň arkaly ýuwaş-ýuwaşdan aýralyga taýýarlan bolmaly. Ýöne men ony şo pursat duýmandyryn. Gaýta seniň şol şirin aýdymlaryňdan gulagym ganansoň, meniň durmuşa garaýşymam üýtgeti,. Indi men dünýäniň gözelligine, onuň mährine başgaça garaýardym. Tutuş dünýä, baky barlyk diňe özümiňki ýalydy.
Dogrusy, men şol mahal bagtyň güzerinde gulaçlaýarkam, başga zatlar hakda pikir etmeg-ä däl, hatda hyýalyma-da getirip bilemokdym. Sen kim, maňa biwepalyk etmek kim? Ýöne bu durmuşyň oýunlaryna duçar bolmasaň, oňa düşünip bolmaýan eken. Ynha, seniň meni taşlap, başga birini bagtly edip ýöreniňe aýlar ýalanyp, ýyllar dolandy. Men weli seniň ojagyň oduny öçürmän, çagajyklarymyza guwanyp otyryn. Haçandyr birwagt öz olagyňa dolanjagyňa ynanýan. Bir şahyryň ýanyp-ýanyp ýazyşy ýaly sen gelersiň, ýöne bagta mätäç däl wagtym. Onsoň giç bolar, juda giç bolar.
Hawa, men ýene-de seniň birmahalky aýdymlaryňy eşidip, şol süýji günlere dolandym. Görüp otursam, asyl, seniň biwepalygyň şol aýdymlardan başlanýan bolsa nätjek? “Gal maralym” diýip, “gitsem geler men” diýip, aýdymlaryň üsti bilen öz niýetiňi maňa duýdurýan ekeniň. Men bolsa, söýginiň çalaja ýylpyldysyna gözümi gamaşdyrypdyryn. Oňa indi-indi düşünýän. Eşidişime görä, sen ikinjiňe-de wepa bermeýän ýaly. Arada bir üýşmeleňde zeýrenipdir o görgüli. Biriniň bagtyny baglap, bagtly bolup bolmaýandygyna ol aýralyk dagyna çykandan soň düşünipdir öýdýän. Ýogsam men oňa şol mahal bagtymyza badak atmazlygyny, gözmonjugy ýaly çagajyklrymy ýetim goýmazlygy haýyş edip, kän ýalbarypdym. Şol mahal ol maňa pitwa etmändi. Biri – biriňizi tüýs ýürekden söýýändigiňizi, bir günem aýra ýaşap bilmejekdigiňizi aýdyp, azar bermezligimi sorapdy. Belki, olam şo mahal seniň şirin – şirin aýdymlaryňa imrinendir. Olaryň seniň ýüregiňden gözbaş alýandygyna ynandyr. Dogrymy aýtsam, olar ynanmazça däl. Seniň mylaýym owazyň, türkmeniň labyzly aýdymlary, uçganaklap duran nazaryň zenan maşgalanyň ýüreginde nähili orun alyp bilýändigine men belet. “Baga giren egri hasa edinmaz” diýlişi ýaly, seň henizem gelin – gyzlaryň owdandan owadanyna göz gyzdyryp, bal arysy ýaly ondan oňa loňkuldap ýörenligiňe aklym haýran. Indi bir bir ojakda togtaýmaly ýaly weli, o zatlar saňa buýrulmadyk bolarly. Dünýäde hasapsyz zadyň ýoklugy bir gowy zat. Zenan ýüregine ýara salyp ýörmäň ahyry bir jezasy bardyr. Men başga bir zada geň galýan. Erkek adamlar gulagy bilen eşidýär, gözi bilen görýär diýýäler weli, sen öz biwepalyk eden gelinleriň zaryny eşideňokmykaň? Olryň sen diýip, saralyp-solan meňizlerini göreňokmykaň? Ýa – da olary şeýdip yşk oduna köýdürýänligiňe begenýärmiň? Seredip otursam, bu häsiýet saňa gelişmänem duranok. Men muny bir zatdan çen tutup aýdýan. Seniň şol aýdym aýdaňdaky pursatlar ýadyňdamy? Men şonda durşum – düýrmagim bilen gulaga öwrülip, diňe seni diňleýärdim, gözlerim diňe seni görýärdi. Munuň seň ykbalyňy soňky baglan gelinleriň bilen hem şeýle bolandygyna ynanýan. Çünki olaram seni meniň söýşüm ýaly söýendirler. Sebäp zenan maşgala birine göwün berende hiç hili ýarpy – ýaltalyk ýok. Olar tutuş düýrmegi bilen berilýär. Ana, meniň janymyň ýanýan ýeri hem şonda. Sen ýaly biwepalaryň soňy puç bolýar. Şony bilýärmiň?
Hawa, sen gelersiň. Sebäbi ýer ýüzünde seni meniň ýaly jan – dilden söýýän başga bir ynsan ýokdur. Senem muny ýüregiň bilen duýýansyň. Şonuň üçinem irde-giçde gaýdyp geljegiňe ynanýan. Meň yhlasymyň, söýgimiň seni goýbermejekdigi hem hakykat. Ýöne sen meniň bagta mätäç däl wagtym gelersiň diýip gorkýan.
Şonda men seni bagyşlap bilermikäm? Ine, gepem şonda…
Ogulgerek Ussaýewa.
Hekaýalar